16:20 Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -9: romanyň dowamy | |
KEPDERIBAZ
Romanlar
Mädaly hanyň kesbi-käri kepderi uçuryp oýnamak boldy. Mälim bolşy ýaly, bu oýun ir döwürlerde Fergana hanlarynyň arasynda ýoň bolupdyr. Babyr şa “Babyrnamasynda” özüniň merhemetli atasy Omar şeýh mürzäniň ölümi hakynda şeýle ýazypdyr: “...Şol wagt çuň jary jähekläp oturan Ahsi diýen küren obada hasratly waka ýüz berdi. Remezan aýynyň dördüne, duşenbe güni Omar şeýh mürze kepderileri we kepderi ketegi bilen bile jardan uçup, özi şuňkar guşa öwrüldi. Ol otuz dokuz ýaşyndady”. Mädaly han Kaşgarmy, Buharamy, Şährisabzmy, haýsy welaýatda gowy kepderiler bar bolsa, getirdip, olary uçuryp oýnamak bilen meşgul boldy. Bu oýna gyzygyp, ol hatda döwlet işlerini hem Hakkuly diwanbegä ynandy. Özi üstünde durup, farfordan kepderi ketegini gurdurdy, öýjagazlaryny mermerdir syrça bölejikleri bilen bezetdi, myhlaryny kümüşden ýasatdy. Ol aýaklary mymyk per bilen örtülen iki sany oýunçy kepderini aýratyn gowy görýärdi. Kepderileriň biri ak, beýlekisi gara reňklidi. Beýlekilere her günde kyrk man (şu sözi awtordan soramaly) däne berilse, bu kepderileri hanyň özi çakylan çigitdir owradylan badam bilen iýmleýärdi. Şol sebäpli olaryň perleri ýalpyldap, howada aşyr atyp oýnaýyşlary gözüňi dokundyrýardy. Ol gara kepderini özüne deňärdi, ak kepderä bolsa “Aýhanpaşşa” diýip at dakdy. Olaryň biri-birine höwrügip oýun edişlerine, gugurdylaryna öz ýanyndan guwanardy. Hyzmatkärlerine buýrup, dokuz nagarasynyň birini getirderdi. Gurşawy üzüm şahasy bilen piliň süňkünden ýasalyp, balyk derisi örtülen, tylla halkaly nagarany eline alardy-da, ony kepderileriň edýän oýunlary bilen sazlaşdyryp, kakmaga başlardy. Han bu iki kepderä az wagt sarp etmedi. Ilki bilen aýaklaryna ýüpek bag daňyp, jaýyň üçegine gonmagy endik etdirdi. Ýüpüni dartyp, sykylyk atyp, keteklerine girmegi öwretdi. Soň aňyrrakdaky jaýlara ýeter ýaly ýüpüni uzaltdy, beýik garagajyň ýokarky şahasynda iýmli gaby daňyp goýdy-da, kepderileri şo tarapa uçurdy. Sykylyk atylyp, ýüpünden çekilensoň, kepderiler ýene keteklerine girdi. Soňabaka kepderiler näçe ýokary galdygyça, han ýüpüni uzaltdy. Ýene sykylyk çalyp, olary keteklerine – çakylan çigit bilen owradylan badam maňzyna çagyrdy. Han kepderileri özüne şeýle bir imrindirdi, hatda olary Şährihandan, Kosondan ýa Ahsiden uçuryp goýberseňem, Kokanda, hanyň köşgüne geljekdigine şübhe ýokdy. Emma hiç ýere çykman, köşkde oturan Aýhanpaşşany welin ol özüne imrindirip bilmedi. Mädaly handan iki ogul dogran hem bolsa, Aýhanpaşşada enelik mähri oýanmady. Birki gezek şerapdyr beýleki serhoş ediji içgileri içip, Mahlar aýyma: “Bu ýigrenjilere seret!” diýip heňkiren wagty Mädaly han ony ýençdi, saçyndan tutup süýredi. Her gezegem Aýhanpaşşany oglunyň elinden Mahlar aýymyň özi aldy. Şo sebäpli Mädaly hany diňe kepderiler köşeşdirýärdi. Ol öz ruhuny az salymlyk bolsa-da, kepderiler bilen açyk asmana – erkinlige uçuryp goýberýän ýaly ahwala düşerdi, öz söýýän, ýöne özüni söýmeýän aýaly bir pursatlyk unudardy... *** Gyş sowulyp, bahar geldi. Martyň başlary. Abdylla aýyň-günüň hasabyny ýitirdi. Mart gelenini-de beýlekilerden eşitdi. Şu güne çenli näme bilen ýaşady, kimler bilen ýoldaş boldy, neneňsi oý-hyýallaryň başyny agyrtdy, bulary diňe Hudaý bilýär. Ine, şeýle günleriň birinde agşamlyk nahardan soň ony duýdansyz çagyrdylar. Iki aýyň dowamynda hiç kime gerek däldigi baradaky pikirlere öwrenişip ugran Abdylla birbada aljyrajak boldy. “Nämüçin çagyrýarlarka? Sanalgym dolup ýörmükä? Ýa boşatjakmykalar?” Abdyllanyň ýüregi agzyndan çykaýjak boldy. Haýdaşlap, gapynyň agzyna nädip baranyny-da duýmady. – Eliňi arkaňa tut! Yzymdan galma! – diýip, ýaş esger buýruk berdi. “Ýok, bular boşatjaga meňzänok...” diýip, Abdylla öz ýanyndan oýlandy. Yzynda şakyrdap gapy ýapyldy. Abdylla iki aýyň dowamynda birinji gezek kameradan çykyp gördi. Esger ony öňe geçirip, özi yzyndan ýöredi. Kamera garanyňda däliz birneme ýagty ekeni. Abdyllanyň gözleri gamaşdy. Däliziň beýle uzynlygyny şo gezek Winokurowyň ýenjenligi üçin aňşyrmandyr. Onuň ýumruklary biygtyýar düwüldi. Esger muny aňan ýaly tüpeňi bilen tussagyň eline kakyp: – Saga ýa çepe bir ädim ätdigiň ataryn! – diýip duýdurdy. Däliziň ugrunda, her ýerde-her ýerde ýaragly gözegçiler durdy. Olaryň içinde özbege çalym edýäni ýok. Däliziň aýagujuna ýetenlerinde esger çakganlyk bilen gapdaldaky gapyny itip açdy-da: – Gir! – diýdi. Otagda bir stol bilen iki sany oturgyçdan başga zat ýokdy. Abdyllanyň birahat ýüreginiň gürsüldisi güýçlendi. – Burçda dur! – diýip, esger buýruk berdi. Abdylla boýun sunup, otagyň künjegine geçdi. “Burçda dur!” diýen sözi ilkinji gezek ýerli-rus mekdebinde okaýarka eşidendigi ýadyna düşüp, zordan gülmän saklandy. Şular ýaly pursatlarda wagt diýilýän zat özüniň hakyky ýüzüni görkezýär. Onuň eýmenç ýylanyňky ýaly kölegesi petikden asylgy çyradan başlap diwaryň ýüzi bilen aşaklygyna süýşýär, beton poluň üstüne düşübem açyk duran gapydan çykyp gidýär. “Wagt edil aždarha ýaly bir zat” diýip, Abdylla oýlandy. Şol wagt ökjesine nal kakylan ädikleriň sesi eşidildi. Ädikler beton poly tarkyldadyp kakyp, barha golaýlaşdylar. Ahyry onuň arkasyndan tanyş ses çykdy: – Abdylla Kadyry? Tussag Kadyry, oturyň! Abdylla ýuwaşlyk bilen yzyna öwrülende eli ýaragly garawul bilen sülçi Trigulowy gördi. Abdylla köne tanşy kimin oňa baş atyp, oturgyja geçip oturdy. Trigulow hem stoluň daşyndan aýlanyp, tördäki oturgyja çökdi, “Uf!” edip, uludan demini aldy-da: – Ýeri, boýun alýasmy? – diýip sorady. – Nämäni? – Abdylla haýranlar galdy. Sülçi: – Samsyklyga salma! – diýdi. Ýany bilen getiren galyň papkanyň ýüzüne kakyp, sesini gataltdy. – Elimizde näçe diýseň, delil bar. Kontrrewolýusion antisowet milletçilikli hereketleriň hakynda aýt! Abdylla düşünmedi. – Nähili kontrrewolýusion? Nähili antisowet? – Bu ýerde sowaly men berýän. Sen däl! – diýip, sülçi dübledi. – Sen jogap berýäň, milletçi haramzada! Abdylla onuň äheňini ýumşatmaga çalyşdy: – Sögünmän aýdyberiň! Kada bar, kanun bar... – Bu ýerde men – kanun! Düşündiňmi, kontra? Men entek seň gözüňe görkezerin! Sen ýalylaryň myžžygyny çykaryp, uzyn dilini niresine sokýanymy bilýäňmi? Abdylla bu ýerde akyl-düşünje bilen, ynsap-iman bilen hiç bir işiň bitmejegine çalt düşündi. Kemsidiji sözler janyna batyp duran-da bolsa, bialaç dişini gysdy. Gamçynyň diýeni tokmaga kär etmez! Sülçi gitdigiçe gyzyşdy, sögdi, haýbat atdy. Abdylla bolsa, hyýal derýasyna çümdi. Azgyn Mädaly han Aýhanpaşşanyň saçyndan tutup, ýaňagyna iki öwre şarpyk çalansoň: “Toba etdim diý! Toba etdim diý!” diýip, enesi Mahlar aýymyň öňünde dyzyna çökerdi. Aýhanpaşşa bihuş halda: “Ýigrenji... ýigrenji...” diýip pyşyrdady. Mädaly hanyň içine ot düşüp, aýalyny gaýtadan depgiläp başlady. “Ýum agzyňy! Sesiň çykmasyn!” diýip hemle urdy. Şar gara saçlary buýr-bulaşyk bolan Aýhanpaşşa bolsa, ýatan ýerinden: “Kapyr!.. Orramsy...” diýip pyşyrdady. – Sen akylly-paýhasly adam. Görnükli ýazyjy. Öýüňe, çagajyklaň arasyna barasyň gelýändir. Maňa gulak assaň, o zatlaryň alajyny özüm taparyn. Ine, 1926-njy ýylda tussag edilipsiň. Sag-aman boşap çykypsyň. Bu gezegem şeýle bolar. Ýöne maňa hä diý. Gel, şol 1926-njy ýyldan başlaly. Şo gezek näme sebäpli tussag edildiňiz? Abdylla sülçiniň sowallaryna gysga we anyk jogap berip başlady. *** Şondan soň birnäçe günläp Abdyllany çagyrmadylar. Soraga äkidilip getirilensoň, kameradaş dostlary ýeke-ýekeden ýanyna gelip, onuň hal-ýagdaýyndan habar aldylar, göwnüni götermäge çalyşdylar. Abdylla olaryň ýanynda dil ýarmady. Ol indiki soraga äkidilerine garaşyp kejigýärdi, melgunyň sowallaryna gaýtarjak jogaplary barada oýlanýardy. Trigulowyň görkezen galyň papkasynda nämeler barka? Abdyllanyň üstünden kim ýazyp biler? Nähili aýyp ýöňkeýärler? Tussag edimezinden öň “Gyzyl Özbegistanda” we “Gündogar hakykatynda” Çolpandyr Fitratyň üstünden ýazylan makalalary okapdy. “Özbek halkynyň duşmanlary!”, “Haýynlara ölüm!” diýen sözbaşyly makalalar... Abdyllanyň özi hakda-da öňki galamdaş şägirtleri 1936-njy ýyldan bäri ýazyp ýör. Aslynda bu zatlar has irräk başlan bolmasyn? Ol ady özüne şaplaşyp duran Satdy Hüseýiniň: “Öten günler” hakynda uly makala ýazmakçy” diýip öýüne gelşini ýada saldy. Şol wagt 30-njy ýylmydy? Şonda Satdy Hüseýin Abdyllanyň agzyndan çykan sözleri kesä çekip, serpmeden gaýdan ýaly bolupdy. Ol Abdyllany halkyň durmuşyna düşünmeýän, edebiýatyň “soňky tärlerini” bilmeýän, gahrymanlary proletar däl-de, maýda buržuaz wekilleri bolan ýazyjy diýip aýyplapdy. Bu-da hiç, has beteri, ol Abdylla edebiýat ogurlygyny ýöňkäpdi. Hamana, Abdylla öz romanyny arap ýazyjysy Jorji Zaýdonyň “Armanus” we “On ýedinji remezan” diýen kitaplaryndan göçürenmiş... Herki zadyň çeni-çaky bar ahyry, özbegiň garagöz balasy Satdybaý! Töweregiňde şular ýaly alyp-satar Satdylar köpelensoň, nämä garaşjak? Abdylla şeýle pikirleriň başyny agyrdyp otyrka ýarawsyzlyk zerarly türme hassahanasynda ýatyp çykan molla Kosoniý aýagyny süýräp, onuň ýanyna geldi: – Ýeri, gardaş, ýüzüň soluk görünýär-le?.. Abdyllanyň utançdan ýaňa ýüzi gyzaryp gitdi. Ýaşulynyň ýanyna ilki onuň özi barmalydy, hal-ýagdaýyny soramalydy. Ýigrenji sülçi sebäpli adamçylygyňy ýitirseň bolmaz ahyryn... Ol molladan halys ýüregi bilen ötünç sorady. – Bir çemçe ganyňy ötdük – diýip, molla ýylgyrdy. – Hany, biraz gümür-ýamyr edeli, ýogsa, sen-ä bärde ýygrylyp otyrsyň, menem o ýerde ýüregimi tutup ýatyryn... Öňki gezek iňlis içalylary hakda gyzyklanypdyň. Hanaly ýa Konolli diýilýän adam barada aýdyp bereýin. Horezm taryhçylary wakalaryň iň bir ownuk-uşak ýerlerinem gözden salman ýazypdyrlar. Ştoddart Buharada birde boşadylyp, birde-de tussag edilip gezibersin. Iňlisler Hindistandan özleriniň iň ugurtapyjy içalylaryndan birini – kapitan Artur Konollini ýa Hanalyny Buhara ibermegi karar edipdirler. Ýöne bu gezek olar ätiýajy elden bermändirler. Ilki bilen-ä Hanalynyň ýanyna Şuja şanyň ilçisini goşupdyrlar. Onsoňam Osmanly döwletiniň soltanynyň, rus patyşasynyň, galyberse-de, Hywadyr Kokant hanlyklarynyň Buhara garşy basyş görkezýändiklerini nazara alypdyrlar. Hanaly Kabuldan Hyrada, Hyratdan Meýmenä we Şybyrgana, o ýerden Merwe, soň çölüň içi bilen ýol aşyp, derýadan geçip, Muhammetrahym han Allakuly şanyň huzuryna barypdyr. Han ony weziri Mähter aga bilen garşy alypdyr. Söhbet alyşmagyň ýerine sorag baryny ýagdyrypdyr. Ozaly bilen, han Hywa gelip giden Abbot we Şekspir, ýagny Abid we Şeýh Pir hakynda sorapdyr. Hanaly: “Olaryň biri Iňlisistanda, beýlekisi Russiýada” diýip jogap beripdir. Şonda Allakuly han garaşylmadyk sowal beripdir: – Hany, aýt, iňlisler güýçlümi ýa ruslar? – Ikisem ýokary derejedäki millet. Iňlisistan has gadymy we baý. Ýöne Russiýa hem beýik döwlet, gitdigiçe kuwwaty artýar. – Bularyň özara gatnaşygy nähili? – Dostlukly gatnaşýas. Söwda-satyk edýäs. Dostlukly gatnaşyk iki döwlet üçinem bähbitlidir. – Onda aýt, Russiýanyň bize gatnaşygy nähili? – diýip, han sorapdyr. – Soňky eşiden habaryma görä, siz ruslary ýesir alan ekeniňiz. Munuň üçin Russiýa gahar edýär. Bu ýyl düýeleriniň azlyk edýändigi üçin ýöriş etmezler. Ýöne amatly pursat döredigi eglenmän, hüjüme geçer. – Eýranda ýagdaý nähili? – Biz gajarlaň köşgüne ilçimizi iberdik. – Şeýh Piriňiz kyrk günden gelerin diýip gitdi. Heniz bolup gelenok. Haçan dolanar? – Ol beren sözünde tapylýan adam. Ýöne rus imperatory ony siziň ilçiňiz hökmünde kabul etmezligi mümkin. Şeýle bolsa, ol dogry Iňlisistana gider. – Ony Orenburg galasynda biziň ilçimiz hökmünde kabul etdiler ahyryn. Nämüçin Peterburgda kabul etmesinler? – diýip, Allakuly han geň galdy. – Ol Orenburga ençeme ýesirleri boşadyp eltdi. Ýanynda siziň öz ilçiňiz hem bar. Onsoňam Peterburgda patyşaň huzuryna girmek aňsat däl... – Biz rus ýesirleriniň tas hemmesini diýen ýaly boşatdyk. Şonda-da ruslar bize hüjüm etmekçimi? – Meniň bilşimçe, ýesirleri boşatmak olaryň köp talabynyň biri. Başga näme talaplary bar, bilmedim. – Näme talaplarynyň baryny Hudaý bilsin! – diýip, han eginlerini gysypdyr. Molla Kosoniý oýa çümüp biraz oturansoň: – Näme talaplarynyň baryny Hudaý bilsin! – diýip, Abdylla garady. – Indi senem diňläli, gardaş! Abdylla mollanyň raýyny gaýtarmady. Bir pursat pikire batyp, hekaýatyna başlady: – Bir wakany aýdyp bereýin. O barada birnäçe kitapda ýazylypdyr. Muny Namanganda Duhoba töre hem gürrüň beripdi. Waka Mädaly hanyň döwründe bolan. Habaryňyz bardyr, şol wagtlar Kaşgar şäheriniň aksakallary Hytaý hökümdarlarynyň zulmuna çydaman, Kokant hanyna nama ýollapdyrlar. Namada hytaýlylara garşy musulmanlaryň başyny birikdirer ýaly Ofok hojanyň neberelerinden birini Garşa ibermegini towakga edipdirler. Mädaly han egindeşleri bilen geňeşipdir, Kokant bilen Hytaýyň arasynda parahatçylyk baradaky ylalaşygyň hem-de dostana gatnaşygyň bardygyny nygtap, bu namany jogapsyz galdyrypdyr. Şonda Kaşgaryň aksakallary assyrynlyk bilen Ofok hojanyň neberesinden bolan Jahangir hoja ýüz tutup, ony öz ýanlaryna çagyrypdyrlar. Jahangir hoja öz wepaly adamlary bilen gizlinlikde Kokantdan çykypdyr. Olar Daşkurgan diýen ýerde düşläpdirler. Golaý-goltumdaky musulmanlary kapyrlara garşy gazawat söweşine çagyrypdyr. Tiz wagtyň içinde onuň töweregine müňlerçe musulman ýygnanypdyr. Jahangir hoja olaryň öňüne düşüp, Garşa tarap ýola düşüpdir. Köp kynçylyklara döz gelip, soltan Sotuk Bugra han öwlüýäsine golaýlapdyrlar. Bu ýagdaýdan habarly Hytaý hökümdary olaryň garşysyna öz goşunyny iberipdir. Şol ýerde-de söweş bolupdyr. Jahangir hojanyň goşuny asgyn gelipdir. Köpüsi şehit bolup, galanlary-da yzan-çuwan gaçypdyrlar. Jahangir hojanyň özi bolsa, kyrk sany wepaly nökeri bilen gabrystanlykda gizlenipdir. Ine, şu ýerde-de Babyr şanyň gözüne hoja Ahror Weli piriň görnüşi deý, Jahangir hojanyň öňünde şeýh Ofok hoja peýda bolupdyr we ony köşeşdiripdir. Bu ýerde gep başga zatda, söweşden öň Jahangir hoja öz nökeri Hasan hojany kömek sorap, jumbagyş taýpasyna iberipdir. Ana, şolar çakylyga göwünjeň seslenip, gijrägem bolsa, ýetip gelipdirler. Gelip, ýap-ýaňy söweşden çykan Hytaý leşgerini derbi-dagyn edipdirler. Jahangir hojanyň ýoklugy üçin gama batypdyrlar, ony gözläp tapmak üçin çar tarapa adam ugradypdyrlar. Olaryň biri gabrystanlygyň golaýyna baryp, Jahangir hojanyň adyny tutup gygyrypdyr. Emma Jahangir hoja muňa gaýry dinlileriň hilesi hökmünde düşünip, kyrk çiltenler ýaly kyrk nökeri bilen ýatan ýerinden çykman garaşypdyr. Gijäniň bir çaky ol bir nökerini gedaý geýimine salyp, töweregi barlap gelmegi tabşyrypdyr. Nökeri baryp görse, hakykatdan hem musulmanlar ýeňiş toýuny toýlap oturan eken. Ol begenjinden boýur-boýur ýaş döküp aglapdyr. Adamlar: “Sen nämä şatlanman, aglaýaň, eý musulman bendesi?” diýseler-de, ol wagty bilen köşeşip bilmändir. Ahyry özüni dürsäp, bar zady aýdyp beripdir. Şonda Jahangir hojany gabrystandan alyp çykyp, tagta göteripdirler. Şeýdip, Kaşgarda hytaýlylaryň zulmundan dynyp, musulman häkimligini berkarar edipdirler... Az-kem dymyşlykdan soň molla Kosoniý ýuwaş ses bilen şeýle diýdi: – Kyrk çiltenler ýaly diýsene... Häzir gazawat yglan etjek kişi bardyr öýdýäňmi?.. Tapmarsyň... Öz-özüne “Gazy” adyny dakanyň kimdigini bilýäňmi? Mädaly han. O barada-da okansyň-a? *** Ertesi, 1938-nji ýylyň 10-njy mart güni Abdyllany ýene sülçi çagyrdy. Bu gezek ony öňki eltilen otagyna däl-de, basgançaklar bilen ýokary galyp, NKWD-niň otaglarynyň birine alyp bardylar. Penjireleriň öňüne perde tutulandygyna garamazdan, daşarda ýagtylygyň höküm sürýänligi mese-mälim. NKWD-niň howlusyndan kepderileriň gugurdysy, adamlaryň gowurdysy, maşynlaryň güwwüldisi eşidilýärdi. Tebigata bahar gelipdir. Ýaş mahallary bahar gelende Abdylla hyjuw bilen ýazmaga girişerdi. Maýlap başlan howa, dürterip çykan gök otlar, açylyp başlan pyntyklar, patrak kimin güllän erikler... ylhamyny joşdurardy. Ýyllar geçip, ýazuw-pozuw işlerini ol gyşyň uzyn gijelerinde edip başlady. Baharda bolsa bag-bakja işleri bilen meşgul bolardy, bal arysyny idederdi. Häzir üzüm şahalary pyntyklar başlandyr. Nowbahar ogly Habybylla sagaldymyka? Üzümlere esewan edýärmikä? Abdylla bir pursatlyk üzüm dalbaryny, göm-gök asmany, ýene-de ýüregini gozgaýan nämedir bir zatlary göz öňüne getirdi. Birdenem tisginip, ýap-ýaňy giren otagynyň içine göz aýlady. Otagda Trigulowdan başga-da Abdyllanyň öýüni döken adamlaryň ýene biri oturan eken. Trigulow öňündäki kagyzlardan gözüni aýyrman, oturgyja ümledi. Abdylla geçip oturdy. – Sen boş! – diýip, Trigulow Abdyllany getiren esgere ýüzlendi. Esger ças berip, çykyp gitdi. Ara dymyşlyk düşdi. Abdylla otagyň içindäki zatlary synlap, kabinet eýesiniň hüý-häsiýetini aňlamaga synanyşdy. Az salymdan gapy kakyldy-da, otaga başga bir esger Merkezi komitetiň agitasiýa we propaganda bölüminiň müdiri Mumin Usmanowy alyp girdi. Öňem gysga boýly, etli-ganly bu adam horlanyp, boýy has-da gysgalan ýalydy. “Biçäräň haýy gidip, waýy galypdyr-ow...” diýip, Abdyllanyň oňa haýpy geldi. Trigulow oturgyjy ümläp, muny-da oturdansoň, esgere: – Sen gapyň daş ýüzünde garaş! – diýip buýurdy. Soň tussaglaryň ikisine birlikde ýüzlendi: – Bir-biriňizi tanaýaňyzmy? Tussaglar baş atyp, tanyşdyklaryny tassykladylar. Trigulow barmagy bilen Abdyllany görkezdi: – Kim bu? – Ýazyjy Abdylla Kadyro... bagyşlaň, Kadyry... – diýip, Usmanow aljyrady. “Görgüliň gäbini azdyrypdyrlar” diýip, Abdylla oýlandy. Trigulow Abdylladan sorady: – Bu kim? – Ýoldaş Mumin Usmanow, Merkezi komitetiň agitasiýa we propaganda bölüminiň müdiri... – Öňki müdiri! – diýip, Trigulow ýüzüni kürşertdi. – Indi bolsa, troskist-opportunist! Şeýle dälmi, graždanin Usmanow?! – Hut şeýle, ýoldaş sülçi – diýip, Usmanow garaşdyrman jogap berdi. – Diýmek, şeýle, graždanin Usmanow, Abdylla Kadyrow... Kadyryny oňat tanaýaňmy? – Men, ýoldaş sülçi, Abdylla Kadyryny kontrrewolýusion meýilli, barypýatan milletçi hökmünde tanaýan. Ol özüniň buržuaz milletçiligini gizläp, ikiýüzlülik edip, Sowet hökümetini aldap geldi... Usmanow bu sözleri Abdylla tarap seretmän, Trigulowa hasabat berýän şekilli bir demde aýtdy. Trigulow ýazyp oturan kagyzyndan başyny galdyrman, Abdylladan sorady: – Jogap ber, Kadyry, graždanin Usmanow dogry aýdýarmy? – Käbir aýdýan zatlary dogry. Mümkin, birmahallar milletçi bolandyrynam. Emma hiç haçan ikiýüzlülik etmedim we hiç haçan Sowet hökümetini aldamadym... – Usmanow, Kadyrynyň bu sözleri seni kanagatlandyrýarmy? – Ýok, düýbünden, bütinleý kanagatlandyrmaýar. Kadyry ýalan sözleýär... – Ýeri, Kadyry, günäňi boýun alýaňmy? Şu pursat Usmanow gursagyny tutup, iňledi. Ony şagga der basdy. Trigulow gapynyň aňyrsynda duran esgere gygyrdy-da, ýazyp oturan kagyzyny Usmanowa uzadyp, derrew gol çekdirdi. – Äkit muny! Ýolda ölüp galaýmasyn, esewan bol! – diýip, Usmanowy esgere tabşyryp, çykaryp goýberdi. Soňra ýüzleşdirme kagyzyny Abdylla görkezdi: – Ine, şu ýere “Okadym, dogry ýazylypdyr” diý-de, goluňy çek! Abdylla: – Munuň nämesine gol çekeýin? Bu aldawçylyk ahyryn! – diýdi. Trigulow sesini gataltdy: – Sen hetdiňden aşýaň. Şu sözleri diýdiňmi? Diýdiň! Çek indi goluňy! Sen meň bilen oýun etme! Gaharym gelse, heleýiňi getirip, gözüň alnynda balagyny çykardaryn! Abdylla dodagyny ganjarýança dişläp, kagyza gol çekdi. – Bu entek diňe başy! – diýip, melgun Trigulow aýtdy. Abdylla onuň sakgalsyz üçburç ýüzüne seretdi. Onuň ahlak taýdan ýaramazlygy, haýa-şerim diýilýän zady bilmeýänligi ýüzünden mälim bolup durdy. Ol radionyňka meňzeş bir düwmäni basyp: – Indiki! – diýip gygyrdy. Az wagtdan ýene gapy kakyldy. Otaga Gurban Beregin girdi. Bu adam soňky döwürde Merkezi komitetde işleýärdi, ondan öň bolsa, Abdyllanyň tas ähli kitabyny çap eden neşirçidi. Abdyllanyň özüniň hem goçak gözli, giň maňlaýly sypaýy hem mylakatly bu türkmen adamsyna hormaty çäksizdi. – Bir-biriňizi tanaýaňyzmy? – diýip, Trigulow ýüzleşdirme işine başlady. Entek oturmaga-da ýetişmedik Beregin bilen salamlaşmak üçin ýerinden turan Abdylla ony tanaýandygyny tassyklady. – Bu kim? – diýip, sülçi Abdylladan sorady. – Gurban Beregin. Merkezi komitetiň medeni aň-bilim bölüminiň ozalky müdiri. – Dogry, aýyplanýan Kadyr... – diýip, Trigulow sakyndy-da, Beregine ýüzlendi: – Bu kim? – Meniň öňümde ýazyjy Kadyry otyr. Onuň edebi lakamy “Julkunbaý”. Beregin az wagtlyk dymdy. Abdylla onuň öçügsi gözlerine seredip: “Gurban maňa haýynlyk etmese gerek. Gaýratly ýigit bolmaly öz-ä!” diýip oýlandy. Ýöne Gurban Abdylla tarapa seretmezden, sözüni göwnübir dowam etdi: – Men ony özbek edebiýatynyň buržuaz-milletçilik akymynyň görnükli wekili hökmünde tanaýan. Ol antisowet, milletçilikli ruhda iri romanlar ýazdy we milletçi kadrlary ýetişdirmekde biziň guramamyza ýardam berdi. Özi bolsa, hiç wagt milletçilikli hereketlerden çetde durmady... Abdylla bu sözleri diňläp durka gark bolup barýan adamyň sypaldan ýapyşyşyny göz öňüne getirdi. Nämüçindir Çolpanyň “Uzan gol” diýen goşgusyny ýatlady. Golumdan çekjek boldumy? Düýpsüz girdapdan çykaryp, Kenara atjak boldumy? Kim ol, ýolun urdurana, Azaşana ýardam berýän, Hem maňa nebsi agyrýan? Trigulow onuň hyýal ýumagyny ýürt-kesik üzdi. – Aýyplanýan Kadyry, sen Bereginiň görkezmesiniň şu bölegini tassyklaýaňmy? – diýip, ol galamyny Abdylla tarap süýşürdi. Abdylla birdenkä bu goşgy üçin, öz ene dili üçin, bu biçäre il üçin, özüniň arassa ömür ýoly üçin buýsanç duýgularyna maýyl boldy-da, başyny dik tutup: – Hawa, tassyklaýan! – diýdi. Men oňa geçmişden gamly Erteki aýdyp bereýin. Gaýgyly hem ganygyzgyn Dessançyň ruhuna gireýin. Beýle kesgin jogaby eşidip, sülçiniň ýüzi ýagtylyp gitdi. Gurban Bereginiň bolsa, öçügsi gözlerine uçgun düşen ýaly boldy. Trigulow Abdyllanyň sözlerini howlukmaçlyk bilen kagyza geçirdi-de, esasy soragyna geçdi: – Ýoldaş Beregin, jogap beriň, aýyplanýan Kadyry siziň antisowet, milletçilikli guramaňyza agza boldumy? Sülçiniň talap edijilikli äheňinden sussy basylan Beregin gowşak ses bilen: – Hawa, ol Akmal Ikramow bilen Faýzulla Hojaýewiň ýolbaşçylyk edýän antisowet buržuaz-milletçilikli guramamyzyň agzasy... – diýip jogap berdi. Öňküsi ýyl kimiňdir biriniň Moskwadan ýegeni gelende Çolpan, Gulam Zafariý, Usman Nasyr dagy bilen şahyr Elbekiň Durmandaky bagyna palaw başyna ýygnanypdylar. Şol zyýapatda Gurban Beregin hem bardy. Çolpanyň: “Sen meniň buýsanjym!” diýip, Usman Nasyry gujaklap öpeni Abdyllanyň ýadynda. Elbekiň degşip: – Abdylla, Hasan bilen Garabaý dostlaryň aman-esenmidir? – diýip sorany hem ýadynda. Hasan diwana bilen Garabaý jynly diýilýän adamlar Abdylla ýaly Köne Şäherde ýaşaýardy. Hasan rusça kitaplary başaşak tutup durşuna, Ýasawydyr Meşrebiň goşgularyny ýatdan okap: “Hiç ýerine düşünmedim” diýýärdi. Garabaý bolsa, haýsydyr bir sözi gaýtalap, yzyndan hem: “Görýäňmi diýýän zadyny!” diýýärdi. Adamlar muny keramat hasaplap, öz ýanlaryndan pal atardylar. Şo gezek Abdylla Elbekiň degişmesine degişme bilen jogap beripdi: – Hawa, şolardan mes adam ýok, saňa-da köp dogaý salam iberdiler! Şuňa antisowet, buržuaz-milletçilikli gurama diýýän bolsa, onda işler pyrryk... Abdylla bulary hyýalyndan geçirip, esassyz aýyplamalara garşy çykdy: – Bereginiň görkezmesiniň şu bölegini men inkär edýän. Men şu ömrüme hiç hili gurama agza bolmadym... – Beregin, Kadyry muny inkär edýär-le? Onuň antisowet, buržuaz-milletçilikli gurama agza bolanlygy barada delil barmy? Belki, ýazgy görnüşde bardyr? Bar bolsa, sen ol ýazgylary getirip bilermiň? – diýip, Trigulow aýtdy. – 1932-nji ýylda Faýzulla Hojaýew maňa Abdylla Kadyrynyň antisowet, buržuaz-milletçilik ruhundaky eserlerini gaýtadan neşir etmegi tabşyrdy. Hususan-da, “Öten günler” romany hakynda aýtdy. Ol Abdylla Kadyry bilen şertnama baglaşyp, eserlerini çet ýurda ibermek meselesini meniň boýnuma ýükledi. Guramamyza agza bolmadyk keseki biri üçin Faýzulla Hojaýew bular ýaly alada etmez. Mende şu barada ýazmaça delil bar. – Ýeri, muňa näme diýersiň, aýyplanýan Kadyry? – Men hiç haçan hiç hili guramanyň, şol sanda antisowet, buržuaz-milletçilikli guramanyň hem agzasy däl. Men – ýeke. Men – ýazyjy, bir özüm işleýän... – Şeý diý-ä! – diýip, Trigulow başyny göterip, ýaňsyly ýylgyrdy. Burçda çugtduryp duran esgere: – Getiren adamyňy äkit! – diýip buýurdy. Beregine gol çekdirip, ony çykaryp goýberdi. *** Abdyllany kamera getirenlerinde hemmeler ýatan eken. “Iki sany gysgajyk ýüzleşdirme şular ýaly uzak wagta çekäýdimikä?” diýip, ol geň galdy. Sülçiniň ýanynda bolan gürrüňi başdan-aýaga aňynda aýlady. Birdenem ini jümşüldäp gitdi. Bu ýerde, gör, nähili adamlary urup, ýenjip, neneňsi güne salypdyrlar! Ýaňky deýýusyň agzyny sala goýberip: “Heleýiňi getirerin!” diýmesi nämäniň alamaty? Aýda bir gezek hat äkidip berýän Kumlakly Sünnetiň yzyna düşäýdilermikä? Aýalyna: “Oba – Gökderege göç!” diýip ýazmalymy? Hudaý saklasyn, bularyň elinden gelmeýän zat ýok. Tussaglar 42-nji otag hakynda pyşyrdaşyp, gorkuly gürrüň edýärdiler. Winokurowyň Abdyllany ilkinji gezek ýenjip, möçükdiren otagy şol bolmasyn! Aýalyny getirip, degnasyna degseler, Abdylla çydap durup bilermikä? Nädip garşylyk görkezsin? Hawa, biriniň hötdesinden gelip biler, ýöne beýlekileri nätjek? Ony diýseň, ana Winokurowy hem öldürerin diýip ýördi, ýöne şondan bäri ol garasyny görkezmän oňýar. Abdyllanyň kalbyndaky ar almak islegi bolsa, gyş gary kimin eräp gitdi. – Hudaý saklawersin! Alla sowsun! – diýip, Abdylla dileg etdi. Iň gowusy, Rahbary oba göçürmek gerek. Ýogsa, Abdyllany hem soka salyp, owum-döwüm ederler... Ýöne ol bularyň şatysyna çydarmyka? Şu pursat Abdyllanyň göz öňüne gaýry dinli polkownik Ştoddart geldi. Ony ilki “Ýanyň bilen gelen hyzmatkärleriň Rejep bekiň hem Muhammet Tähranynyň kellesini alarys!” diýip gorkuzypdyrlar. Soň “Musulman bolarsyň!” diýip, mejbury kelemesini öwürdipdirler. Munuň bilenem oňman, kazy kelanyň öňünde sünnete ýatyrypdyrlar. Ellini sermeläp ýören polkownik ýasawulbaşynyň öýünde tä ýarasy bitýänçä bir aýlap düşekden galman ýatypdyr. Soňra ony Nurmuhammet bek guşbegä tabşyrypdyrlar. Guşbegi Ştoddarty köşkdäki myhman otagyna ýerleşdirse-de, ony teý jyny almandyr. Onsoň ol: “Mundanam bir musulman bolarmy? Dik durup buşugýar” diýip, emire arz edipdir. Bu gezek ony “Abhana” diýilýän sowuk, çygly hem dymyk, üssesine-de tüm garaňky zyndana taşlapdyrlar. Ştoddartyň bagtyna, zyndanyň gözegçisi Fathulla bek oňat adam eken. Ol Ştoddartyň ýazan hatlaryny polkownigiň hyzmatkäri Rejep beke eltip beripdir. Rejep bek bolsa, hatlary alyp, Buharadan Owganystana gidýän kerweniň sandyklarynyň birinde gizlenip, gaçypdyr... “Meň başyma düşen gün onça-da ýok – diýip, Abdylla oýlandy. – Ştoddartyň arkasynda onuň ynanýan döwleti dur, meň arkamda bolsa hiç kim ýok...” Ol Beregin barada oýa batdy. Abdylla Usmanowy o diýen oňat tananokdy. Şonuň üçinem onuň töhmete ýugrulan sözlerine onçakly jany agyrmady. Wagtynda Abdyllanyň ähli kitabyny çap edendigi üçin welin Beregine hormaty çäksizdi. Şol sebäpli Bereginiň şu günki bolşy Abdylla agyr degdi. Dogry, Faýzulla Hojaýew Abdylla bilen Çolpany beýlekilerden ileri tutýardy, “Ikiňiz edebiýatymyzyň, dilimiziň görki!” diýip, her görende pul-püçegem berýärdi. 1932-nji ýylda ol hakykatdan hem “Öten günleri” Kaşgarda arap elipbiýinde çap etsek oňat boljak!” diýipdi. Ýöne bular nähili guramanyň gürrüňini edýärler? Ýa indi özbek bolmak, özbekçilik etmek gurama agza bolmak bilen deň görlüp başlandymy? Abdyllanyň ähli pikiri ýene uzaklara uçdy. Içgä özüni aldyran Aýhanpaşşanyň bolşy Mahlar aýymyň etinden ötüp, süňňüne ýetdi. “Hapysa heleýiňi näme-de bolsa, bir zat et, ýogsa-da, men başymy alyp gidýän!” diýip, ol oglunyň öňünde şert goýdy. Gününi kepderi uçuryp ýa humar oýnap geçirýän Mädaly hana bu sözler artykmaç degdi. Çünki hanyň kepderi oýunlaryndan bizar bolan wezirlerem günaşa ýygnanyp: “Biz Uratepä goşun ibermesek boljak däl! Ýurtda baş-başdaklyk, pyssy-pyjurlyk köpeldi!” diýşip, onuň başyny agyrdýardy. Ahyry Mädaly han gazaba mündi. Uratepä ýöriş edýändiklerini yglan etdi. Ýola düşmezinden öň Aýhanpaşşany bir otaga salyp, oraza ýok, remezan ýok, “Muňa hiç zat bermeli däl! Bereniň kellesini alaryn!” diýip, gapysyna gulp urdy. Açaryny jübüsine salyp, Uratepä gitdi. Söweşden gaýdyp gelse, ähli zatdan eý görýän ak we gara kepderileri ölüpdir, Aýhanpaşşa bolsa diri! Özi-de görküne görk goşulyp, öňküsinden has ýaş görünýär, ýüzünden nur dökülýär, gözleri hanjar kimin ötgür. Ýöne bir agyz gepläýse, nädersiň! Diňe pyşyrdy bilen doga okaýar... *** Ertesi Abdylla: “Gurbany gurban berdik!” diýip, agyr oýa batyp otyrdy. Indi kim bilen ýüzleşdirerkäler? Ýöňkelýän aýyp anyk – antisowet, buržuaz-milletçilikli guramanyň agzasy! Bu nähili gurama? Ýa Abdyllanyň özi bilmezden ony bu gurama agza edip alaýdylarmyka? Ýazyjy halky telbe bolýar, olary bir-birleri bilen ýüzleşdirmezler. Düýnki edişleri ýaly, wezipeli kişiler bilen ýüzleşdirerler. Abdylla olardan başga kimleri tanaýar? Bir zat welin belli. Sünnetiň üsti bilen Rahbara habar ýollamaly, tizräk oba göç diýmeli... Şeýle oýlara gark bolup otyrka gapy açylyp, ýene Abdyllanyň adyny tutup gygyrdylar. Ol hyýalyny bir ýere jemledi-de, elini arkasyna tutup gapa bardy. Görse, sülçiniň ýanyna soraga däl-de, saç-sakgalyny syrdyrmak üçin dellegiň ýanyna çagyrýan ekenler. Abdylla tanyş jöhit dellek bilen görşüp, oturgyja geçip oturdy. “Ýüzleşdirip ýörkäler arasynda saç-sakgalyny nämüçin syrdyrýarlarka? – diýip, pikire çümdi. – Sebäbi nämekä? Atuwa çekäýjeklermikä? Atjak bolsalar, saç-sakgala seredip oturmazlar-a? Ýa-da bularyň uluraklarynyň biriniň ýanyna äkitjeklermikä? Kimkä ol?” Türmede her bir ownuk zada-da uly ähmiýet beriljek eken. Kim, haçan, nirede, nämüçin? Sowal yzyna sowal. Pikirler aňyňda at çapyp, dürli sowallara jogap agtarýar. Jöhit dellek ýanynda garawul esgeriň duranlygy üçin geplemäge höwesek däl. Dellegiň dyngysyz myşlap, dodaklaryny büzüp-ýazyp ýörşünden Abdylla: “Munuňam içi hüjre-hüjre bolup gidendir” diýip oýlandy. Türmede Abdyllanyň saç-sakgalyny syrdyrmak kimdir biriniň ujypsyz ýagşylygy bolmasyn? Dellegiň ýyly we gaba elleri onuň gulagyna, burnuna degende çagaka suwa düşürip, kellesini ýuwup beren ejesi Josiýat bibiniň ýumşak elleri Abdyllanyň ýadyna düşdi. Onuň gözlerinden biygtyýar ýaş döküldi. Dellek muny aňan bolarly, Abdyllanyň ýüzündäki sabyn köpürjigini süpüren wagty ak süpürgiç bilen onuň gözýaşlaryny hem syldy. – Taňryýalkasyn! – diýip, Abdylla oturgyçdan turdy. Dellek: – Bile ýalkasyn!.. – diýip, agzyny açandan, esger onuň sözüni kesdi: – Lakgyldamaň! Soňra ol Abdyllany kamerasyna däl-de, ters tarapa alyp ugrady. “Bu garawul meni nirä äkitjekkä?” diýip, Abdylla gaýga gitdi. Wagty-sagady ýetäýdimikä? Şular ýaly bigerek ýagdaýdamy? Esger çep tarapdaky gapyny açyp: – Ýoldaş kapitan, getirdim! – diýip, ças berdi. Otaga giren Abdyllanyň nejis Winokurowa gözi düşdi. Ýumruklary düwüldi. Ýüregi gürsüldedi. “Urar! Ýenjer” diýip, öz ýanyndan galagoply ýagdaýa düşdi. – Otur! – diýip, Winokurow höküm bilen oturgyjy görkezdi-de, esgere ýüzlendi: – Häzirlikçe boş! Esger gapyny daşyndan ýapyp, dälize çykdy. Abdyllanyň daşky dünýä bilen iň soňky baglanyşygy üzüldi. “Bokurdagyna ýapyşaryn! Alkymyndan alaryn!” diýip, ol ganguýma gözlerinden ot syçradyp, oturgyja çökdi. Garaşylmadyk ýerden Winokurow oňa tarap gödeňsi elini uzadyp: – Sen meni bagyşla, Abdylla! – diýdi. Abdylla özüni ýitirip, aljyraňňy ýagdaýa düşdi. Bu düýşmi ýa huş? Huş bolsa, nähili şeýtan hilesini gurjak bolýar bu melgun... – Meniň günämi öt, Abdylla! – diýip, ol gaýtalady. – Men seni erbet urdum... Düşünýän, sen meni bagyşlamarsyň. – Winokurow pessaý ses bilen dowam etdi. – Ýöne, näme, bizem adam. Şo gün köp içipdirin, ine şuňa çenli – diýip, ol bokurdagyny görkezdi. Bazarymyzy-baýramymyz ýok, günde tutha-tutluk, günde ur-dep... Birdenkä bu geň mahlugyň gözlerinde ýaş göründi. – Geçen bazar güni üzümlere timar berip, hiç kime görünmän, buthana gitdim. 6-njy mart güni günä geçilýän ýekşenbedi. Şo ýerde bir tanşyma duşdum. Ýazyjy. Seni tanaýar eken. Seniň bilen Moskwada bile okapdyr. Gaty ökde ýazyjy diýip, seni öwdi. Rus mekdebinde okan ekeniň... O nädip bular seni milletçi diýip bärik getirdi? Winokurowy diňläp durşuna Abdylla gowşady, ýöne “Bu gürrüňleriň aňyrsynda nähili hile ýatyrka?” diýen pikir kellesinden çykmady. Winokurow bolsa, sowalynyň jogabyna-da garaşman, dowam etdi: – Sen biz hakda ýaz, Abdylla! Kalbymyzdaky gorky barada ýaz. Bu gün seni tussag etdiler, ertir meni getirip dykarlar... Winokurow patladyp döşüni ýumruklady. “Içgilimikä?” diýip, Abdylla pikir etdi. Ýöne temmäkiniň ysyndan başga ys almady. – Sen barybir maňa ynanmarsyň, Abdylla! Gözüňe seredip, içiňi okap otyryn... Bolýa, ynanma. Emma günämi ýuwmak üçin saňa elimden gelen kömegi etjek. Dogry düşün, seni boşatdyrmaga-ha güýjüm ýetenok. Bu ýerde meniň küşdüň pyýadasyndan parhym ýok. Ýöne tanyşlaryňa aýtmaly zat bar bolsa, aýt, ýetireýin. Şu pursatda Abdylla bu dünýäniň çyndygyna-da, ýalandygyna-da akyl ýetirip bilmedi. – Bolýa – diýip, ol arassa rus dilinde gepledi. – Rus ertekilerinde bir däl-de, üç sany dileg haýyş edilýär. Meňem üç sany kiçijik haýyşym bar. Birinjisi, Gurban Beregine ondan hiç zady gaty görmeýändigimi aýtsaň! Ikinjisi, Gazy Alym Ýunusowa onuň altyn sagadynyň mendedigini habar berseň! Üçünjisi, iň möhümi, Çolpana onuň aýaly Ýekaterinanyň ýolbaşçylara hat ýazmagymy menden haýyş edendigini, ýöne o ýolbaşçylaryň indi ýokdugyny aýtsaň. Alekseý Tolstoýa ýazdym, ondanam, ne hawa, ne-de ýok, hiç hili jogap gelmedi. – Şondan soň meniň günämi ötersiňmi? – diýip, Winokurow sorady we Abdylla garşy uzadan elini ýuwaşlyk bilen yzyna çekdi... *** Bu hadysany pikir eleginden geçirip, Abdylla şol gün uzak wagtlap uklap bilmedi. Winokurowyň bu hereketlerine nähili düşünmeli? Eger oýun edýän bolsa, maksady näme? Ştoddarta ýardam eden Fathulla bekiň niýeti düşnükli. A munuň nähili niýeti bolup biler? Abdyllanyň gömüp goýan humy ýa arkasynda duran şa zenany ýok... Onsoňam tamakinçilik alamatlaryndan nyşan görnenok. Diňe günäsiniň geçilmegini soraýar. Onuň günäsini geçmelimi? Ten ýarasy bitse-de, ýüreginde düwün galypdy. Belki, Winokurowy öz peýdasyna ulanmalydyr? Eger Beregin, Gazy Ýunus ýa Çolpan bilen görüşmegine kömek etse, Winokurowa näderejede ynam edip boljakdygy belli bolardy. “Buthanada bir ýazyjyny gördüm, seni gaty öwdi!” diýdi. Ol rus ýazyjysy kimkä? Borodinmikä? Ýok, ol tatar, buthana barmaz. Nikitinmikä? Ýok, ol-a barypýatan kommunist, boýnuna ýüp salsaňam, buthana barjak adam däl. Şewerdinmikä? Hä, ana, şo bolmagy mümkin... Ol samarkantly ýigit, Moskwada okapdy. Abdylla ony moskwaly şahyrlaryňka myhmançylyga baranda birki gezek görüpdi. 1921-nji ýylda ol “Öten günlere” mynasyp resenziýa beripdi. “Abid kätmeniň” rusça terjimesine bolsa, sözbaşy ýazypdy. Bir gezek terjimeçi Lidiýa Soserdotowa bilen Abdyllanyň öýüne hem barypdy... O-da partiýa giren ýigit bolmaly. Onda-da buthana barypdyr... Winokurow ýaly hudaýsyzlar günä geçilýän ýekşenbe barada gürrüň edýän bolsa, bir ýazyjynyň buthana baryp çokunmagynda geň zat ýok. Onuň Şewerdin däl-de, başga biri bolmagy hem mümkin... Şol wagt kameranyň öňki aksakalynyň kömekçileriniň biri: “Çepiňize agdarylyň!” diýip buýruk berdi. Hemmeler çepine öwrülip ýatdylar. Abdylla mundan ýarym aý öň soraga çagyrylyp, habar-hatyrsyz ýiten gyzyl sakgal Juraty ýatlady. Käşgä, oňa näme bolanyny Winokurowdan sorap bolsady! Onuň ýerine ogrularyň baştutany Gena Taşkentskini getirdiler. Oňa özi ýaly bäş-alty sany ogry ýaran boldy-da, bular beýleki syýasy tussaglaryň üstünden höküm ýöredip başladylar. “Biz size zonadaky durmuşyň nämedigini öwrederis!” diýip, özleriniň ýaramaz, ýigrenji düzgünlerini girizip ugradylar. Şeýdip, türmedäki “Çagataý söhbediniň” soňuna sogan ekdiler. Jurat aksakal bolan bolsa, bu ýagdaýa: “Garga gagyldap gaz bolmaz, kempir bezenip – gyz” diýerdi. Kimdir biriniň yzyndan temmäki ýa başga bir zat gelse, ogrulara ýal boldy. Olar syýasy tussaglaryň naharynyň içini süzdüler, çaýyň gapdaly bilen berilýän şekeri ellerinden aldylar. Syýasy tussaglaryň köpüsi gartaşan intelligentler bolandygy sebäpli buýtar-suýtar etmän, ogrulara boýun bolupdylar. Abdyllany soraga çagyranlarynda olar professor Zasypkiniň altyn çaýylan äýnegini hem elinden alan ekenler. “Bu işiň soňy näme bilen gutardyka?” diýip Abdylla oýlandy. Sadykmy, Mübärekmi, bir-ä: “Nanyň maňzyny eýläp kart ýasadylar, äýnegiň buýnuzy bilen kartyň ýüzündäki güllerini çekdiler” diýipdi. Soragdyr ýüzleşdirmeler bilen munuň anygyna ýetmäge-de maý bolmady. Bu meselä özi gatyşsa neneň bolarka? Bu nejis ogrulara hötde gelip bilermikä? Ýa Winokurowyň kömegine daýanmalymy? “Gaty sada bolýaň, Abdylla! Iti aldap uran ýaly edäýmesinler! Syýasy tussaglaryň gözünde ot ýakmak üçin bu zatlaryň başynda Winokurowyň özi duran bolsa näme?” Ýene bagtygara aýaly ýadyna düşdi. Belkäm, onuň bilen duşuşmaga Winokurow ýardam eder? Ygtyýary ýetermikä? “Küşdüň pyýadasyndan parhym ýok” diýipdi öz-ä. Onsoňam bu ýere aýalyňy getirmäniňden gowusy bolmaz. Gaýtam, uzagrak oba ibermeli... *** 13-nji martda Abdyllany ýene Trigulowyň kabinetine äkitdiler. Penjirä tutulan perdäniň yşyndan düşýän Gün şöhlesi iki ýarym aý bäri bir gezegem güneşe çykyp görmedik Abdyllanyň gözlerini gamaşdyrdy. Onuň endamy jümşüldäp, kalbyna düşnüksiz şatlyk aralaşdy. Bu gezek oňa Trigulow bilen seržantdan başga süýrikelle biri-de garaşyp oturan eken. Abdylla otaga gireninden ol adam bärsine öwrüldi. Abdylla öz ýanyndan oňa näme üçindir “Haýran beg” diýip lakam dakdy. Ýylmanak, tegelek ýüzli, ýalpyldap duran giň maňlaýly, ýiti gözli bu adamy nirede görenini birbada hakydasyna getirip bilmedi. Trigulowyň görkezen oturgyjyna geçip oturansoň, Abdylla ony ýadyna saldy: pedagogika institutynyň mugallymy. Edebiýatdan okadýardy. 1935-nji ýylda ýazyjylaryň bir topary bu institutyň açylyş dabarasyna gatnaşyp, studentler bilen duşuşypdylar. Dabarany şu mugallym gurnapdy, ady Nasrullamydy ýa Nazrillamydy... Trigulow Abdyllany görkezip: – Sen bu adamy tanaýaňmy? – diýip sorady. – Hawa, bu meşhur ýazyjy Abdylla Kadyry. Abdylla oňaýsyz ýagdaýa düşdi. Häzir özünden soralsa, garşysyndakynyň adyny näme diýip tutmaly?.. Trigulow edil Abdyllanyň içki pikirini okap oturan ýaly: – Sen Nazrulla Inoýatowy tanaýaňmy? – diýip, sorady. – Hawa – diýip, Abdylla howlukmaç jogap berdi. – Pedagogika institutynyň edebiýat mugallymy... Inoýatowyň ýylmanak ýüzündäki ýylgyryş bilen tutyň yşyndan düşýän Gün şöhlesi Abdyllanyň kalbyna ýeňillik berdi. – Inoýatow, halk duşmanlary Akmal Ikramow we Faýzulla Hojaýewiň ýolbaşçylygyndaky antisowet buržuaz-milletçilikli gurama agza bolandygyň barada ozalky beren görkezmäňi tassyklaýaňmy? Nazrulla ýüzüniň persini bozman: – Hawa, büs-bütinleý, dolulygyna tassyklaýaryn – diýdi. – Sen aýyplanýan Abdylla Kadyry barada näme aýdyp biljek? – Men Abdylla Kadyryny aşa milletçi hökmünde tanaýan. Biziň guramamyz ony özbek buržuaz-milletçilik akymynyň iň uly wekili diýip hasap edýärdi. Çünki onuň eserleri guramamyzyň maksatlaryna laýyk gelýärdi... Abdylla Kadyrynyň häzirem şol ynanja gulluk edýändigine ynanýaryn... “Oh-ho, Haýran beg! Senem täzeden eýläp ýasapdyrlar-ow!” Ýüzüne “Gaýnadylan sygyr eti” diýlip ýazylan, Täjigistanda öndürilen konserwa Abdyllanyň ýadyna düşdi. Ony iýeninden soň sarysy gaýnapdy. Häzir şoňa meňzeş ahwala düşüp, Abdylla: “Heý, adam çagasy, dört setiriň başyny çatyp bileňok welin, biriniň ýazan eserine “O taýy eýle, bu taýy beýle” diýip at dakan bolýaň” diýip gaharlandy. “Şeýtanyň alyna gitmäýin” diýip, ýene özüne basalyk berdi. – Aýyplanýan Kadyry, sen muny boýun alýaňmy? – Milli ruhda ýazýanymy boýun alýan. 1932-nji ýyla çenli ýazan eserlerim milli ruha ýugrulan. Sowetlere garşy zatlaryň bolandygyny hem inkär edemok. Emma 1932-nji ýylda ýazan romanymda men Sowetleriň tarapyna doly geçdim... – Inoýatow, sen “Milli garaşsyzlyk” diýen milletçilikli kontrrewolýusion guramanyň agzasy bolduňmy? Inoýatow şol bir durkuny üýtgetmän oturyşyna: – Hawa, agza bolupdym – diýdi. – Abdylla Kadyry hem “Milli garaşsyzlyk” guramasynyň agzasy boldumy? – Şol guramanyň agzasy şahyr Batynyň sözlerine görä, Abdylla Kadyry “Milli garaşsyzlyk” guramasynyň agzasy bolupdyr. – Ýeri, Kadyry, kontrrewolýusion gurama agza bolandygyňy indi boýun alýaňmy? – Ýok, boýun alamok. Men hiç hili guramanyň agzasy däl. Dogry, Baty bilen tanyşlygym bar. Ýöne hiç hili “Milli garaşsyzlyk” diýen guramadan habarym ýok we agza-da bolmadym, ol gurama iş bilenem bagly zadym ýok. “Ýerliginde bar gurama agza bolmak mümkin, emma ýerliginde ýok bolsa, oňa nädip agza bolarsyň? Baty bolsa, baryp 30-njy ýylda tussag edildi ahyryn” diýip, Abdylla oýlandy. Onuň aýak depip, öz diýenine tutup oturmagy sülçiniň ynjalygyny aldy. Ol Inoýatowyň üsti bilen hüjümi dowam etdirdi: – Görýäňmi, Inoýatow, Kadyry seniň görkezmeleriňi inkär edýär. Bu ýagdaýy nähili düşündirersiň? – Abdylla Kadyry ýalan sözleýär. Baty onuň agzadygy barada aç-açan gürrüň berdi. Abdylla Kadyry Baty bilen iş boýunça baglanyşygym ýok diýdi. Bu-da ýalan. Batynyň Abdylla Kadyry bilen gatnaşygynyň bolandygyny men anyk bilýän. Käte Batynyň özi hem gadyrdan dosty hökmünde Abdylla Kadyry barada aýdýardy... Inoýatowyň ýüzünde düşnüksiz gülümsireme bardy. Abdyllanyň bolsa, ýüzi agaryp, ýüregine aram berýän bahar duýgulary gaýyp bolupdy. Ol antisowet, milletçilikli we şuňa meňzeş ýöňkelýän günäleri boýun alsa-da alardy. Emma Haýran begiň göz-görtele ýalan-ýaşryk sözläp, gülümsiräp oturmasy oňa beýtmäge rugsat bermeýärdi. | |
|
√ Gala -10: Höküm / romanyň soňy - 16.02.2024 |
√ Bäşgyzyl -29: romanyň dowamy - 12.12.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -9: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Dirilik suwy -9: romanyň dowamy - 05.05.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -6: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Dirilik suwy -15: romanyň dowamy - 15.05.2024 |
√ Köne mülk -2: romanyň dowamy - 10.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -13: romanyň dowamy - 19.07.2024 |
√ Hakyň didary -2/ romanyň dowamy - 28.02.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Ýola taýýarlyk - 23.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |