01:36 Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -16: romanyň dowamy | |
* * * Ertesi molla Fitrat: – Abdylla jan, ine, sen ýazyjy. Onda-da nähili ýazyjy, Çolpan aýtmyşlaýyn, sen ýaly ýazyjyny özbek zenany ýene ýüz ýyldanam dogurmaz. Nämüçin sen bu zatlar barada ýazmaýarsyň? – diýip gyzyklandy. – Nämeler barada? – diýip, Abdylla sorady. Aslynda ol “Nämüçin ýüz ýyldanam dogurmaz?” diýip soramakçydy. Ýöne “Nämeler barada?” diýen sowalyň agzyndan nädip çykanyny özi-de duýman galdy. Molla Fitrat geňirgendi-de: – Ine, şular barada! – diýip, töweregine elini salgap goýberdi. Abdylla birazdan pikirini jemledi. – Bular barada nädip ýazaýyn? Men bu ýere döredijilik sapary bilen gelmedim-ä... – Hawa, dogry aýdýarsyň – diýip, molla ylalaşdy. – Ýöne mümkinçilik bolsa ýazarmydyň? – Kim bilýär-dä. Bu zatlary başyndan geçiren adam hemmesini özi bilen gabra äkidýär. Başyndan geçirmedikler bolsa, “Hudaý saklawersin!” diýip otyr. Bu ýerde ýazar ýaly zat göremok... – Sen muňa professional jähtden garaýaň. Men bolsa, ýönekeý adamyň nukdaýnazary barada soraýan. Molla Fitrat bilen gepleşen wagtyň adaty söhbetdeşligem çylşyrymlaşýar. Sözleriň manysy artýar, edil arifmetikadaky ýaly köpelýär, bölünýär, goşulýar, aýrylýar. Ahyr netijede bolsa, hasap – nol! – Ýönekeý adamyň nukdaýnazaryndan garasaň, bu ýerde ölüm bar, ýöne söýgi ýok. Diňe bir ölüm bilen edebiýat döretmek kyn. Ölüm söýgi bilen gatyşmasa, edil samansyz suwag ýaly bolýar... Şo sebäbe görä-de, ýazmazdym. Abdylla bu sözleri aýdansoň, öz kitaplaryny birme-bir serden geçirdi. Asyl görüp otursa, “Öten günlerem”, “Mährapdan çykan içýanam”, hatda ir döwürde ýazan “Jynlar bezmi” diýen hekaýasy hem ölüm bilen söýgiň gatyşmagyndan döräpdir. Ölümi teswir edeniň bilen edebiýat döredip bolanok eken. Ölümi ýaşaýyş bilen baglamak gerek ekeni. Ýaşaýyşda bolsa, söýgüden uly zat ýok. Ýaşaýyşa badalga berýän zat söýgiň güýji dälmi näme? Abdylla muny ilik-düwme edip, molla Fitrata düşündirse-hä kem bolmazdy. Çünki molla Fitrat mantyga laýyk takyklygy oňat görýär. “Ýok, geregi ýok, üme düşünýän adam gepiň aňyrsynda ýatan manyny özi alar” diýip, Abdylla bu pikirini goýbolsun etdi. – Diýmek, munda üýtgeşik bir syr ýok diýýäň-dä? – Bolsa bardyram. Diňe ajala garaşmak syry bilen ýaşaýyşy terk etmek syry özara baglanyşykly bolmadyk ýagdaýynda... Molla: – Ylalaşýan – diýdi. – Men Täzeden döreýiş döwrüni ýatlaýan. Italýan suratkeşligini. Leonardo da Winçi diýen suratkeş hakynda eşiden bolsaň gerek? – Ol ýeke bir suratkeşem däl, oýlaptapyjy, inžener, arhitektor hem bolan... – Saňa söz ýok, Abdylla jan. Gündogardanam, Günbatardanam habarly. Beýlekiler ýaly, bilýäniňi mazamlap ýöreňok... Ýeri, bolýa, gepiň gerdişine görä aýdaýdym... Ana, şol Leonardanyň bir stili bolupdyr. Aslynda ol stil Eflatundan, Aristotelden gaýdýar... – “Altyn ortalykmy?” – Berekella, Abdylla jan. Men aýdýan-a, saňa söz ýok. “Altyn ortalyk!” Bu usul hadysdaky “Iň oňat ýaşaýyş ortalyk ýoldur” diýen söze hem gabat gelýär. Leonardonyň “Jokonda” atly meşhur suraty bar. O suratda bir aýalyň şekili çekilipdir. Şeýle bir owadanam däl, ýöne betgelşigem diýip bolanok. Saçlary ne-hä tar-tar, ne-de buýra, ýüzünde bir görseň-ä ýylgyryş bar ýaly, bir görseňem gussa bar ýaly. Gözlerinde söýgi barmy ýa ýigrenç, o gözler seni özüne imrindirýärmi ýa tersine, biljek gümanyň ýok. Synasy açyk diýer ýaly däl, ýöne ýapygam däl. Gowşurylgy duran ellerine näzik diýjeklerem tapylar, gödeňsi diýjeklerem. Bir söz bilen, edebiýatymyzyň klassyklarynyň aýdyşy ýaly, zemindäki söýgi bilen arşdaky söýgiň gatyşmasy! Eger dünýäde bir surat galmaly bolsa, iň mynasyby, iň kämili hökmünde şo surat galsa gerek. Sungatyňam, edebiýatyňam bar syry şunda, seň aýdyşyň ýaly, gapma-garşylyklaryň garym-gatymlygynda... Molla Fitrat münberde durup leksiýa okamaýanlygyna häzir göz ýetiren ýaly, töweregine garady-da, dymdy. – Edebiýatda-da şeýle. Sözler manyny diňe aýan edenok, eýsem, gizleýärem... – diýip, Abdylla onuň pikirine at goşdy. – Elbetde! – diýip, molla ýene janlandy. – Şu aýanlyk, gizlinlik usuly diňe sözüň çäginde däl, tutuş eseriň içki gurluşynda, gahrymanlaryň hereketlerinde, awtoryň beýan ediş stilinde... ulanylýar. – Hawa – diýip, Abdylla ylalaşdy. Ylalaşsa-da, ençe wagt bäri ýüreginde göterip ýören bir sahnasy üçin bu usuly ulanmagyň zerurlygyny görmedi... Şenbe güni ertir namazynyň öňüsyrasynda hanlaryň we şazadalaryň bendi edilen otagyna ýasy ýüzli jellat girdi. Ol atlaryny tutmazdan, Mädaly hany, Soltan Mahmyt hany hem-de Soltan Mädemin hany südenekledip, daşaryk çykardy. Daşary hem edil içeri ýaly garaňky, gara ýüpi ak ýüpden tapawutlandyrmag-a däl, ýüpüň özüni-de saýgarjak gümanyň ýok. Şonuň üçin bendiler ýykylyp-sürşüp, jellatlaryň arasyndaky eli çyraly guşbeginiň yzy bilen kerpiçden gurlan howlynyň üstünden geçip, baga garşy ýörediler. Gijäniň sowuk şemaly eginleri ýuka donly bendileriň etinden ötüp, süňňüni gagşatdy. Garaňkylyga basyrynyp oturan bagda ümsümlikden başga zat ýokdy. Guşbeginiň elindäki çyra diýäýmeseň, bu zulmat bulary garasöýmezlik bilen garşylaýan ýalydy. Baglaryň şahalary nähilidir bir betbagtçylyga garaşýan ýaly, hiç hili şygyrdy eşidilmeýärdi. Çyranyň ýagtysy bolsa, diňe howlukmaç ýöreýän aýaklaryň astyna düşýärdi, ýerden asmana çenli gap-gara diwar galdyrylan ýalydy. Bendiler howzuň başyna gelendiklerini aňşyrdylar. Birdenkä ýyldyzlar aýaklarynyň astyna dökülen ýaly boldy, asman tüýnük kimin açyldy. Şu ýerde guşbegi çyrasyny ýerde goýdy-da, gysgajyk: “Höküm!” diýdi. Iki sany daýaw jellat Mädaly hana topuldy, goýnuň damagyny çalan ýaly edip, bir demde onuň başyny kesip, göwresinden aýyrdylar. Zogdurylyp akýan gan topraga siňdi. Soltan Mahmyt han agasynyň ölümini görmedigem bolsa, onuň göwresiniň ýerde urnup-silkinişinden çen tutup, näme bolandygyny syzdy-da, kelemesini öwrüp başlady. Onuň yzynda duran ýetginjek Soltan Mädemin han dat edip, uly ili bilen gygyrdy. Beýleki iki jellat şo bada onuň sesini sem etdi. Entek on gülünden biri-de açylmadyk şazada şehit boldy. Soltan Mahmyt han kelemesini çalt-çaltdan okap ugrady. Jellatlaryň hemmesi aýaklarynyň astyndaky ganly topraga bulaşyp ýatan başsyz göwrelere bakman, Soltan Mahmyt hana hüjüm etdiler. Başagaýlykda kimiň tutup, kimiň damak çalmalydygyny bulaşdyrdylar, ahyry göwresinden jyda düşen gara kelle togalanyp bardy-da, çyrany ýykdy. Yşyk öçdi. Bütin dünýe garaňkylyga gaplandy. Daňdanyň ümüş-tamşynda jellatlaryň wagşyýana haşlamasyndan gaýry hiç zat eşidilmeýärdi. Dym-dyrslykdy. Şol wagt kimdir biriniň jan guşunyň dady-perýady ýaly bolup, uzakda horaz gygyrdy. *** Türmede saç-sakgalyň ösmesi hem haýallaýan ýaly, ösýänem bolsa, şinelän kartoşkanyň ösüntgileri ýaly agaryp ösýär. Abdylla muňa nobatdaky gezek dellek Moşe ekäniň ýanyna baranda göz ýetirdi. Moşe eke edil damak çalmaga taýynlyk görýän ýaly, myşlap, päkisiniň ýüzüni çaldy. Dodagyny müňküldedip, bir zatlar aýtmakçy bolýan ýalydy. Arasynda “Sen näme sömelip dursuň!” diýýän deý gapynyň agzynda duran garawul esgere göz gytagyny aýlady. Onuň Abdylla ýetirmeli möhüm bir habary bar bolmaly, ýöne esgerden çekinip, dilini ýaryp bilýän däldir. Edil şuny duýan ýaly, esger garaşylmadyk ýerden: “Men buşugyp geljek” diýip, Abdyllany Moşe ekä ynanyp, çykyp gitdi. Abdylla: “Ynha, indi näme aýtjak bolsa, aýtsyn!” diýip, gulak gerdi. Emma Moşe eke adatdakysy ýaly haş-haş edip, agyr dem alyp, öz işi bilen boluberdi. Dellegiň bu bolşy zat aýtjaga meňzänokdy. Onsoň amatly pursaty sypdyrmazlyk üçin ol howlukmaçlyk bilen: – Bagyşlaň, siz merhum Mübäregi tanaýardyňyzmy? – diýip sorady. Moşe eke tisginip gitdi. Kesesinden seretseň, ol tussaglar barada hiç zat bilmeýän ýaly görünýärdi. Şonuň üçin ilki-hä “Bu nämeler samrap otyr!” diýýän ýaly, gaşlaryny çytdy, soňundanam düşünip jogap ýerine sowal berdi: – Nämüçin? Abdylla geňirgendi: – Näme nämüçin? – Nämüçin merhum? – Düşünmedim – diýip, Abdylla aljyrajak boldy. – Nämüçin oňa merhum diýýäň? O nämüçin men ony bilmeli dälmişim, ol meniň ýegenim-ä... Şo pursat garawul esgeriň aýak sesleri eşidildi. Dellek agzyny ýumup, öňküsi ýaly haşlap, işi bilen boldy. Abdylla bolsa, çuňňur oýa çümdi. Moşe eke bilen garyndaşlygynyň bardygyny Mübäregiň özi aýdypdy. Eger ýegeni boljak bolsa, Moşe eke nä sebäbe görä onuň merhumlugyny bilmeýärkä? Özi şu ýerde işläp ýör ahyryn. Ýa ýegenini dellekden ýaşyryn atyp öldüräýdilermikä? Ony diýseňem, Moşe ekäniň gep salgysy ýegenini hut bir sagat mundan öň görene çalym edýär. Bu bolsa oňa merhum diýip otyr. Bu nämäniň alamaty? Eýse, Mübärek diri bolmasyn! Beýle bolsa, ony atmaga alyp gidişlerine näme diýjek? Wah, muny häzir Moşe ekeden sorap, bilip bolýan bolsady! Dellek bolsa “Entegem sömelip dursuňmy?” diýýän dek, käte esgere göz gytagyny aýlap, haş-haş edip, öz işi bilen başagaý. Moşe eke işini dynansoňam Abdyllanyň pikirleri aýdyňlaşybermedi. Winokurow diri bolan bolsa, sorap magadyna ýeterdi. “Diri wagty oňa müňkür bolup, indem ynanýaňmy?” diýip, öz-özüne gyjalat berdi. Kamera gaýdyp gelenden soňam ol bu ahwaldan many çykaryp bilmedi. Molla Fitrata aýdyp görse nähili bolar? Ýöne molla Fitrat Mübärek bilen o diýen gadyrly däldi. Ilkibaşda Abdylla muňa gabanjaňlykdyr öýdüpdi. Soň görüp otursa, molla Fitratyň Mübäregi sulhy almazlygy gabanjaňlykdan has aňyrdaky bir zat eken. Bu barada Abdylla ýagşydan-ýamandan hiç zat soramady. Şonuň üçinem ol häzir öz pikirlerine gümra bolup oturyberdi. Ýöne syzgyr molla bir zatlary aňan bolarly, Abdyllanyň ýanyna gelip, degişme bilen: – Päki hakyny tölediňmi? Ýigdelen ýaly bolupsyň. Emma gynansak-da, bu ýerde seniň teoriýaňa bap gelýän zenan ýok. Sen-ä gaýtadan öýeribermeli ýaş ýigit bolaýypsyň. Abdylla birbada nähili teoriýa barada gürrüň gidýändigine düşünmedi. Soň mollanyň eger söýgi bolmasa, diňe ölüm barada roman ýazmagyň mümkin däldigi barada aýdýandygyna göz ýetirdi. Onuň pikirleri garjaşdy, muny aňan molla Fitratyň özi gürrüňi dowam etdirdi: – Seniň düýnki gürrüňleriň barada oýlandym. Sen mamla. Ölümiň, başgaça aýtsak, ajalyň bir özi pajyga döretmeýär. Elbetde, seniň aýdyşyň ýaly, onuň söýgi bilen, ýaşaýyş bilen garyşmagy derwaýys. Emir Nasrulla hanyň Mädaly hany we Soltan Mahmyt hany öldürdendigi barada köp pikir etdim. Eger-de emir diňe hanlary öldürip giden bolsa, bu üýtgeşik bir taryhy waka bolmazdy. Emma bu ýerde Nodiranyň taryhy hem bar-a. Ibratyň “Fergananyň taryhy” atly kitabynda ýazmagyna görä, jellatlar ilki Mädaly hanyň damagyny çalyp, soňra onuň ogly Mädemin hany öldürmekçi bolýarlar. Şonda ýetginjek oglan enesi bilen razylaşyp, hoşlaşmakçy bolýar, ahy-pygan edip aglaýar. Nodira muňa çydam edip durup bilmeýär. Ol emir Nasrulla hana garap: “Eý zalym, atasy seň öňüňde günäkär bolsa-da, bu bigünä oglan saňa näme etdi? Birehim jellat, sen Kokandy gyrmyzy gana boýadyň. Hudaýyň öňünde saňa gargyş edýän, iki gözüň kör bolup, köşgüň başyňa ýumrulaýady-da! Gyzyl ganyňa boýalyp, ýer sermäp, görkezeniňi göräýediň-dä!” diýip, agzyna gelenini gargaýar. Şonda emir Nasrulla han olaryň hemmesiniň, şol sanda hamyla gelinleriniň hem başyny kesdirýär... Abdylla kyssasyny hut şu sahna bilen başlamak pikirindedi. Şonuň üçin molla Fitratyň gürrüňini gabanjaňlyk duýgusy bilen diňledi. Neden: “Saklanyň! Bu pajygaly sahnany, ynha, şeýleräk beýan etmeli!” diýipdi. Birazdan: “Bu hekaýat, näme, diňe saňa degişlimi? Her kim bilenjesini aýdar” diýip, özüni köşeşdirdi. Molla Fitratyň pikire çümenini görüp, oňa gep atdy: – Gyzykly ýeri, şo döwürde bu pajygaly taryh barada Fitrat diýen şahyr hem gyzyklanypdyr: Fitrat diýen bir alym şanyň ölümi hakda Bilmek isläp barypdyr taryhçynyň ýanyna. Serhoş taryhçy oňa diýipdir: “Indi bolmaz Şatlyk, şagalaň, şowhun Fergana diýarynda”. – Biziň bu ýerdäki taryhymyzy kim ýazarka? – diýip, molla Fitrat ajy ýylgyrdy. *** Şährihandan çykyp, gijesi bilen arabany çapdyryp ýol ýörän Aýhanpaşşa ertir namazy üçin azana gygyrylanda Kokandyň bir çetinden girdi. Ol: “Bolan işleň baryna men günäkär” diýip, Kokant hanynyň maşgalasyny ölümden halas etmek üçin emiriň huzuryna barýardy. Ýüreginde welin nämüçindir düşnüksiz bir howsala bardy. Göwresinden jyda düşen we gana boýalan başa meňzäp, bulutly asmanyň bir çetinden Gün dogup gelýärdi. Onuň göge uzaýan şöhleleri bolsa, tygyna gan degen gylyç dek lowurdaýardy. “Tizräk! Tizräk!” diýip, Aýhanpaşşa arabakeşi gyssaýardy. Ynha, atasynyň ýaşan Şeýhan mähellesiniň gabadyndan hem geçdiler. Köşge golaýlaşdygy saýy Gün şöhleleri derekleriň diwarlaryň aňyrsynda gizlendi. Tizräk! Tizräk! Ilkibaşda ony köşge goýbermediler. Şonda Aýhanpaşşa barmagyndaky ýüzüklerini çykaryp, serbazlara paýlady. “Diňe haremhanaňa barmaga rugsat berýäs!” diýip, ony içeri goýberdiler. Köşgüň içinde Aýhanpaşşanyň näbelet ýeri ýok. Ol Gülsüm kenizi töwerekden habar almak üçin iberdi-de, özi bagyň içi bilen mawy köşge tarap haýdady. Bagdaky üljeler ýetişip, miwesi gana boýalan deý gyzarypdyr. Uruş zerarly baglara ideg edilmändigi bes-belli bolup dur. Ýodalaryň ýakasyndaky gülleriň solup-süllerenleri-de, guranlary-da bar... “Hossarsyz galsa, şeýle-de bolmaly-da!” diýip, Aýhanpaşşa gussaly iç gepletdi, agaçlaryň arasy bilen howza tarap ýöredi. Ine-de, howuz! Baglaryň arasynda görünmedik gyrmyzy Gün howzuň içinde ýalpyldap göründi. Aýhanpaşşanyň gözleri gamaşdy. Bir seretse, howzuň aňry tarapynda birnäçe adam serlişip, uklap ýatyr. “Ýalýagy bagbanlar diýsänim! Baga seretmäge derek uzakly gije keýp çekip, indem uklap ýatyrlar! “Süleýman öldi, döwlerem onuň gazabyndan gutuldy” etjek bolýaňyzmy?!” diýip, olaryň üstüne gygyrmakçy boldy. Golaý baryp görse, howzuň başynda gara gana bulanan erkek we aýal jesetleri ýatan eken. Ol jynssyz gygyryp, huşundan gitdi... Abdylla molla Fitrata gürrüň bermedik bu sahnasyny ýatlap oturyşyna bir zada – özüniň Aýhanpaşşany şu ýagdaýdan aman-esen, başbitin çykarasynyň gelýändigine, ony beýhuş ýagdaýda Gülsümiň ýa guşbeginiň tapyp, emiriň ýanyna äkitmezligini isleýändigine göz ýetirdi. “Nämüçin men olaryň işlerine burnumy sokup başladym? – diýip, ol özüni kötekledi. – Meniň etmeli işim, taryhda ýazylyşy ýaly, bolup geçen wakalary suratlandyrmak dälmi näme?!” Ýöne ýüregi aňynyň garşysyna gidip, Aýhanpaşşany ganhor emir Nasrulla hana görkezmek islemeýärdi. Şonuň üçin ol bahana gözläp başlady. “Haýran galaýmaly! – diýip, ol uzak oýlanmalardan soň içini gepletdi. – Romany ýazmaga girişenimde emir Nasrulla hanyň “Owlakgapdy” oýnuny gowy görýändigini beýan edipdim. Ynha, indi ahyrynda çekelenen owlak läşi kime ýetdi? Emir Nasrulla hana! Onda nämüçin ýalan sözläp, sypjyklyk etjek bolýan? Bu ikarada üýtgän zarmy nä? Taryhmy, öwrenen-bilen zatlarymmy, gahrymanlarymmy ýa meniň özümmi? Nä sebäbe görä men Aýhanpaşşany gabanyp başladym?” *** Ýaşlygynda Töwriziň häkimi Muhammet Aly Mürze Abdusamadyň bir gulagyny kesip taşlady. Şondan soň ol “gaçan – gutular” pähimine eýerdi. Jahankeşdelik etdi. Hindistanda iňlisleriň döwlete degişli puluny ogurlady. Tussag etmekçi bolanlarynda şo gije o ýerden sumat boldy. Kabulda Dostmuhammet hanyň hyzmatynda gezip ýörkä haýynlygy üçin onuň gözüni oýmakçy boldular. Bu habary eşiden dessine Abdusamat ähli emlägini taşlap, aýal geýiminde ilki-hä Hyrada, ondanam Buhara gaçdy. Ynha, indem öz Rahili üçin topuň nilini altyn-kümüşden dolduryp, Kokant söweşinde Buhara emirligine ýigrimi sany topy olja alyp beren wagty agzyna köwüş bilen urlansoň, onuň köňlüne gulgula aralaşdy. Gaçmaly müddeti geläýdimikä? Abdusamadyň elinde giden baýlygy bar. Emir bolsa, Kokandyň müňler silsilesini derbi-dagyn edip, gyrgyna berensoň, ynha, indi on gündür, şerapdan mes bolup, Fergananyň gözüne ýaran ýaş ýetginjekleri bilen keýp çekip ýatyr. Häzir Kaşgaryň üsti bilen gaçmaga aýny pille bolmasyn? Ýöne ol bu baýlyklary diňe bir özi üçin ýygnamady ahyryn. Buharadaky söýgüli ýary Rahili taşlap, nirä gaçsyn? Ýok! Buhara dolanmaly! O ýerde ilki bilen Rahiliň atasy Ezra bilen dil birikdirmeli, soňra bar emlägini kerwene urup, emiriň ýüreginde dag goýup, ýola düşmeli... A belki-de, öýünde tussag ýatan iňlisleri hem alyp gaçar? Abdusamat biraz oýlanansoň, gartaşan iňlisiň gaçmaga ýaramajakdygyna göz ýetirdi. Iň gowusy, bir emel edip, ony emiriň gazabyna duçar bolar ýaly etmeli! Şonda Hanaly derwüşi gaçmaga yrmak aňsat düşer... Abdylla kyssasynda Abdusamat naýyp bilen Aýhanpaşşany duşurmalymy ýa ýok diýen sowala jogap gözledi. Abdusamat Hanaly derwüşi uzak wagtlap sorag edipdi, onuň her bir alan we ýazan hatyny okapdy. Onsoň emiriň aňan zadyny hilegär Abdusamat bilen däldir öýdýäňmi? Bilendir. Bilmezlik mümkin däl ahyryn. Ýöne barybir Abdylla mantyga görä däl-de, başgaça pikir ýüwürtdi. Has dogrusy, ol Aýhanpaşşany Abdusamat naýypdan gabandy-da, bularyň Kokantdan tä Buhara çenli ýolda başdan geçirenleriniň üstünden ätledi. Bir hepde çemesi mundan öň Abdylla Hanaly derwüşiň Jyzak sähralarynyň üstünden ötüp barýarka Aýhanpaşşa barada eden pikirlerini aňynda aýlapdy. Onuň pikirlerini kyssanyň soňunda Aýhanpaşşanyň oý-hyýallary bilen kybapdaş teswir etmekligi ýüregine düwüpdi. Emma häzir onuň bu etsem-petsemleri düýbünden ters tarapa üýtgedi. Indi Jyzak sähralary hakynda-da, Aýhanpaşşanyň oý-hyýallarydyr Abdusamat şeýtan barada-da ýazmagyň geregi ýok. Gaty gitse: “Kokandy zabt edip alanyna on ýedi gün diýlende emir Nasrulla han Fergana topragynyň iň bir akylly, asylly we görk-görmekli adamlaryny toplap, olary öýi-öwzary bilen Buhara göçürip äkitdi. Kokant tagtynda bolsa elinden hiç zat gelmeýän Ybraýym Haýal diýen adamyny oturtdy” diýip ýazar. Indi Abdyllany iki adam gyzykdyrýardy, olaryň biri emir Nasrulla han, beýlekisi bolsa Mübärek... *** Abdylla maý dörän mahaly jübüsinden Mübäregiň könelişen kagyzlaryny çykaryp okaýardy, olaryň arasyndan öz sowallaryna jogap ýa yşarat beräýjek hatlary gözleýärdi. Kagyzlaryň birinde Artur Konolliniň bendilikde ýazan hatyndan göçürme bar ekeni. O hatda şeýle diýilýärdi: “Özbekler ylalaşyk baglaşýanam bolsalar, ony berjaý etmek adatyna eýe däldirler. Şonuň üçin olaryň öz boýun alan borçlaryna jogapkärçilikli çemeleşjekdigine ynam ýok...” Şu sözlerde bir yşarat bar bolaýmasyn? Özbekler lebzinde durup bilmeýän bolsa, beýlekilerem ýalany ýarag edinýärmikä? Eger özbeklere ynanyp bolmaýan bolsa, nämüçin Hanaly derwüşiň ýurdunyň şa aýaly Wiktoriýa emir Nasrulla hana nama ýazyp ýollapdyr? A belki, Mübäregiň syry şu namada – emir Nasrulla hanyň eline gowuşmadyk hatda gizlenip ýatandyr? “Onuň alyhezreti şa aýalyndan Buhara emirine. Hudaýyň merhemeti bilen Beýik Britaniýanyň we Irlandiýanyň Birleşen Korollygynyň şa aýaly, din goragçysy Wiktoriýa onuň alyhezretleri Buhara emirine salam gönderýär. Size mälim bolsun ki, Siziň biz bilen dostana gatnaşyklary açmakçy bolýandygyňyzy öz ynamdar wekilimiz polkownik Ştoddartyň kömegi arkaly bildik we uly şatlyk bilen kabul etdik. Siziň bu barada ýazan hatyňyzy alanymyzdan soň begenjimiz has-da artdy. Şoňa görä, Hindistana ýakyn we paýtagtymyzdan uzakda ýerleşen döwletleriň hanlary we şazadalary bilen gatnaşyk açmak wezipesi boýnuna ýüklenen biziň Hindistandaky general Gubernatorymyza Siziň islegiňize laýyklykda, iki döwletiň arasynda ylalaşyk baglaşmak tabşyryldy. Mundan başga-da ol biziň hoşniýetli maksatlarymyzy Size ýetirmäge we ynandyrmaga borçludyr. Ýöne bize gelip ýeten habarlara görä, ýaman niýetli kişiler Ştoddartyň hakykatdan-da biziň ynamdar wekilimizdigine Sizde şübhe döredipdir we onuň dostana hereketlerini ýoýup görkezipdirler. Şol sebäpli Ştoddartyň hakykatdan-da biziň wekilimizdigini Size ynandyrýarys. Ol biziň görkezmämiz boýunça Size bolan hormatymyzy we bähbitlerimizi aýan etmek hem-de biziň Hindistandaky wekillerimiz bilen Siziň döwletiňiziň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ýola goýmak üçin iberildi. Biziň dostana gatnaşyklarymyza ynanyp, wekilimiz Ştoddarty biziň huzurymyza ugradarsyňyz diýip umyt edýäris. Ol siziň maksatlaryňyzy bize ýetirer we geljekde Siziň hökümdarlyk edýän döwletiňiz bilen biziň ýurdumyzyň arasyndaky gatnaşyklar hemişelik dostluga öwrüler. Bize mälim bolşuna görä, wekillerimizden ýene biri – Konolli hem Siziň teklibiňiz bilen paýtagtyňyza barypdyr. Biziň maksatlarymyza dogry düşünip, ony-da biziň huzurymyza iberersiňiz diýip ynanýarys. Ştoddart bilen Konolli ikisiniň howpsuzlygyny üpjün edip, dostlukly goňşy döwletiň çäklerine çenli ugradarsyňyz diýip tama edýäris. Olar huzurymyza gelip, siziň sag-salamatlygyňyz we abadançylygyňyz baradaky habary bize ýetiren ýagdaýynda doly kanagatlanarys. Şunlukda Siziň bilen açyk ýürekden hoşlaşýarys. 1842-nji milady ýylynyň dekabr aýynyň üçüne biziň Londondaky köşgümizde ýazyldy. (Goly) Şa aýaly Wiktoriýa”. Mübärek näme sebäpli bu hatlary Abdylla görkezmäge ilgezik bolduka? Bir zad-a belli: Mübärege duşmadyk bolsa, belkäm, romanyna bu hudaýuran iňlisleri girizmezdi. Aslynda kyssany nähili jemlejegini ol başda doly göz öňüne getiripdi. Töweregindäkiler ony iňlis içalysy hasap edýän-ä däldirler-dä? Ana, ölümine garaşyp oturan molla Fitratyň boýnuna goýlan aýyplaryň arasynda “Britaniýa içalysy” diýen bent hem bar eken-ä! Ol ýöne ýere “Ölüm möwsümi” geldi diýdimi! Şu pursatda onuň pikirleri garjaşdy. Edil gaýnap duran gara gazandan çykan ýaly, nähilidir bir sahnalar Abdyllanyň özünden biygtyýar halda hyýalynda peýda boldy. Bir ýygyndyda Dilşat atly şahyr zenanyň şeýleräk mazmunly hekaýasyny okapdy: Emir Omar han Uratepäni zor bilen boýun egdirenden soň, garşylyk görkezendikleri üçin 1213 adamy dara çekdirýär, 13 müň kişini başy açyk, aýakýalaň halda Fergana sürgün edýär. Bularyň arasynda seýit Gazy hojanyň pukara hojalygy, kämillik ýaşyna ýetmedik gyzy Aýhanpaşşa hem bar. Olar “ak öýli” diýlip, çöle kowulýar. Bu bolsa, olaryň ýedi ýyllap öý gurmaga ygtyýarynyň ýokdugyny, diňe külbede ýaşamaga rugsat berilýändigini aňladýar. Şonça ýylyň dowamynda olar külbede mydar edýärler. Soňabaka bu külbelik ýuwaş-ýuwaşdan Şährihana öwrülýär. Şahyr zenan Dilşadyň özüni bolsa, üç sany näzenin bilen bile Omar han haremhanasyna eltýärler. Olary ýuwundyryp, geýindirip, bezäp-besläp ýeke-ýekeden emiriň huzuryna getirýärler. Han Dilşadyň şahyralygyndan bihabar, ony synap görmekçi bolýar. Hantagtanayň üstünde duran nary görkezip: – Muňa näme diýersiň? – diýip soraýar. Gany gaýnap duran Dilşat oňa: – Içini gandan doldurypsyň – diýip jogap berýär. Han jellat çagyrmakçy bolýar. Şol pursat perdäniň aňyrsynda oturan Mahlar aýym gelip, ony hanyň gazabyndan gutarýar. Han Dilşady köşkden çykaryp kowup goýberýär. Şonda şahyr zenan şu setiri aýdypdyr: Zalym Omar han, özi-de şahyr, Gözelligmi görüp, boldy sütemkär... Abdylla bu sahnany kyssasynyň niresine ýerleşdirende jüpüne düşjekdigi barada oýlanyp otyrka, başga bir waka bar pikirini bulaşdyrdy. Nasrulla han Kokandy zabt edip alansoň, emir Omar han bilen Mahlar aýymyň telim ýyllaryň dowamynda ýygnan kitaplarynyň baryny ýakmagy buýrupdyr. Köşgüň kitaphanasyndaky ähli kitaplary otlamak üçin üýşüripdirler. Bir çetde bu ýagdaýa başyny ýaýkap seredip duran Buharanyň uly köşk şahyry Junaýdulla Hazyk emir Nasrulla hanyň ýanyna gelip, tagzym edipdir-de, kitaplaryň birine ümläp: – Şahy älem, bir çemçe ganymy geçiň, ana, hol “Syrly diwan” gaty seýrek, hatda ýeke-täk nusga bolmagy-da mümkin. O kitaby otlamazlyga emr etseňiz... – diýipdir. Emir Hazyga gözlerini alardyp: – Poh-püsür! – diýipdir we kitaplary otlamagy ümläpdir. Hazyk jyňkyny çykarman, çete çekilipdir. Agşam, Kokandyň zabt edilip alynmagy mynasybetli berlen zyýapatda emir özüniň iň uly köşk şahyryna ýüzlenip: – Gazanan ýeňşimizi wasp edip, bir beýt aýt! – diýipdir. Şonda Hazyk şeýle beýdi okapdyr: Egne atyp melamatyň lybasyn Çykarmarsyň ony kyýamata çen... Nasrulla hanyň ýüzüniň reňki üýtgäpdir, neden “Höküm!” diýip gygyran eken. Muny duýan Hazyk öz janyny gutarmak üçin bada-bat şu beýdi aýdypdyr: Hudaý diwanany günäkär etmez, Şa, Hudanyň saýasy, sen hem degmegil... Mundan soň emir gazap edip durmandyr. Hazyk bolsa şo gijäniň özünde dostlarynyň ýardamy bilen Şährisabza gaçyp gidipdir. Emma hunhor emir Buhara dolanyp gelensoň, dört sany ganhory Şährisabza iberipdir. Bu birehim jellatlar tüm gijede öýüň üçegini deşip giripdirler. Hazygy gylyç bilen çapyp öldürip, gara başyny kesip getirip, emir Nasrulla hanyň öňünde goýupdyrlar... Ölüm möwsümi... *** Abdyllanyň hyýalynda ahyrlap barýan kyssasy soňabaka oňa ýaraman ugrady. Adatça eseriň dartgynlylygy ýitileşip, ýetjek derejesine ýetensoň, düwünler çözülip başlanýardy, müşgil işleriň bitmesi aňsatlaşýardy. Emma töweregindäki durmuşyň (käşgä muňa durmuş diýip bolsady!) täsiri zerarly romanyň çolaşyk düwünleri gitdigiçe çigişdi, syrly hem ýaşyryn wakalaryň sany artdy. Gyşda, tussag ediläýen wagtlary hemmesi aýyl-saýyldy, dost haýsy, duşman haýsy, bes-bellidi... Hapyz aýtmyşlaýyn: Owal yşgyň işi asan göründi, haýrana galdy müşgiller... Kumlakly Sünnet gara berenok, Winokurow özüni atdy, Mübärek gümürtik ýagdaýda ýitirim boldy, Trigulow ahyry ýaryldy. Aýhanpaşşanyň durmuşynda emir Nasrulla han, Abdusamat naýyp, Rahil hem Hanaly derwüş peýda boldy. Geçen güýzde aňynda taslan eseri nirelerde galdy, häzirki hyýalynda bişirip ýören romany nirelere bardy?.. Abdyllanyň ýanyna molla Fitrat geldi. Ol Abdyllanyň edip oturan pikirlerini okap oturan ýaly: – Abdylla jan, men seniň üçin bir hekaýat saklap ýörün – diýdi. – Meniň tasdanam iňlis içalysy bolşum barada. Hiç kime aýtman ýördüm. Indi syr saklap ýörmegiň manysy ýok. Ertirmi, birigünmi ýa bir hepdedenmi, gaty gitse, bir aýdan barymyzy atyp taşlarlar... Molla Fitrat ýaşlygyndan kişiniň pikirlerini ýüzünden aňlamaga endik edipdi. Aslynda Türküstana täze edebiýaty getirenem şu adamdy. Onuň “Saýha” atly goşgular ýygyndysynyň döreden şowhunyny soňky çykan kitaplaryň birem döredip bilmändi. “Saýhanyň” goşgularyny Abdylla baryp-ha ýetginjek döwri göçürip, ýat bekläpdi... Ynha, indem molla duýdansyz ýerden ölüm baradaky ýaşyryn pikirlerini açyp başlady. Syr aýan edildi: ertirmi, birigünmi ýa bir hepdedenmi, gaty gitse, bir aýdan baryny atyp taşlarlar... Ýöne bu gutulgysyz ýagdaýa her kim bir hili garaýar. Ankabaý garasöýmez, hiç kime goşulanok, diňe öz pikirleri bilen mübtela, aňynda özüniň “Ylahy pajygasyny” taslaýar. Molla Fitrat bolsa, söhbetdeşlige ilgezik, kellä gelmejek pikirleri aýtmaga howlugýana meňzeýär. Abdylla göwnüne hyýalyndaky romanyny gutarmasa, ony hiç kim bu dünýäden goýbermejek ýaly bolup dur... Molla Fitrat pikire batan Abdyllanyň ýüzüne seredip, “Aýtsammykam ýa aýtmasammykam?” diýip ýaýdandy. Soňundan Abdylla üçin bolmasa-da, iň bolmanda özi üçin aýtmagy karar etdi. – 1919-njy ýylyň giçki güýzünde men Daşkentde “Hurriýat” (“Azatlyk”) gazetini çykarýardym. Birhili-birhili boldy-da, men ýaşyryn ýagdaýda Buhara gidip gelmeli boldum. Owgan söwdagärleriniň arasyna olaryň biri ýaly bolup goşuldym. Buharada biziň ynamdar adamlarymyzdan Haýdar hoja Mirbadalow diýen bir tatar bardy. Ol öz wagtynda rus goşunlary bilen Buhara terjimeçi hökmünde gelipdir, buharaly gyza öýlenip, şäherde galypdyr. Onuň Germaniýada bilim alyp gelen ogly Isgender bolsa biziň guramamyzyň agzasydy. Öz oýlaryna gümra bolup oturan Abdylla mollany gyzyklanma bilen diňläp başlady. Ynha, indi bu hekaýatyň hem bir ýany Trigulowyň hekaýatyna baryp direse-hä tüýs bolaýjak! – Kerwensaraýda düşlänimden soň men bir maýyny tapyp, hiç kime duýdurman, olaryň ýaşaýan öýüne bardym. Görsem, olaryň öýünde sypaýy bir myhman bar eken. Isgenderden onuň kimdigini sorasam, iňlis içalysy Frederik Beýli diýdi. “Onuň içalydygyny nireden bilýäň?” diýsem, “Aý, bilýän-dä” diýip jogap berdi. Gepiň gysgasy, şo gije Mirbadalowlaryň öýünde, palaw başynda o iňlis bilen tanyşdyk. Dogry, ol özüni Awstriýa-Wengriýa patyşalygynyň arnautlaryndan jenap Kastamuni diýip tanyşdyrdy. Menem oňa jogap hökmünde özümi owganly täjir Şeragahan diýip tanatdym. Ondan-mundan gep atyşyp oturdyk. Şol wagt men, biler bolsaň, “Hurriýatda” “Iňlisler we Türküstan”, “Gündogar syýasaty” diýen makalalarymy çap etdiripdim, özümem iňlis syýasatyna düýpden garşydym. Ol arnaut hökmünde nämüçindir iňlisleriň Owganystandaky we Hindistandaky syýasatyna meniň nähili garaýandygym bilen gyzyklandy. Arasynda meniň ýalňyşan ýerlerimi düzedişdirdi. Men ýüregimde näme bolsa, baryny aýtdym. Şo döwürler hindi gozgalaňçylarynyň hereketlerini tüýs ýüregimden goldap ýören wagtymdy, onsoň ýaňky diktumşuk jenaba garap, Hindistanyň, Owganystanyň we Türküstanyň öz takdyrlaryny özleriniň çözmegi gerek diýen pikiri orta atdym. Baý, jedelleşendiris-ä! Daşymyzdan seredip oturanlar bu arnaut bilen owganly nämüçin Buharanyň üstünde beýle uzak çekeleşýärkä diýip geň galan bolsalar gerek... Bu oturylyşykdan soň jenap Kastamuni bilen ýene duşuşmagy karar etdik. Indiki sapar ol meni Awwal Nur diýilýän owganystanly baý bilen tanyşdyrmakçy boldy. Menem mekirlik etdim-de: – Buharada asly siziň ildeşiňiz Hoja Kadary diýen arnauty tanaýan, ony siz bilen duşuraýyn – diýdim. Beýli aç-açan boýun towlamasa-da, dürli bahanalary tapyp, arnaut bilen duşuşmaga göwünjeň däldigini syzdyrdy. Meniň diýýän arnautym birmahallar Türkiýeden Buhara gelen goja derwüşdi. Ondan soň Nazarow passažynda ikiçäk duşuşanymyzda ol gönüsinden geldi. – Men Britan ofiseri, Maşadyň üsti bilen öz ýurduma gaýtmakçy bolýaryn – diýdi. – Siz akylly-paýhasly adama meňzeýärsiňiz. Buharany hem bäş barmagyňyz ýaly bilýän ekeniňiz. Käbir işlerde maňa az-owlak kömek etseňiz, meňem size Owganystanda ýardamym degerdi. “Hany, göreli, bu nähili kömek tamakin bolýarka!” diýip gulak asdym. – Birinjisi, meni emir bilen duşuryp bilersiňizmi? – diýip, ol sorady. Men syrymy açyp, emiriň iň ganym duşmanydygymy, bu ýerdeligimi bilse, el-aýagymy daňyp, minaraň çür depesinden aşak taşlajakdygyny aýdyp oturmadym-da, gysgajyk: – Emir nirede, men nirede? Men-ä bir ownuk söwdagär – diýdim. Onsoň ol: – Emir fransuzça bilýärmi? – diýip sorady. – Hawa. Aýdyşlaryna görä, ol rus patyşasynyň pažlar korpusynda okapdyr. O ýerde bolsa, fransuzçany hem öwredýärmişler. – Ýeri, bolýa-da, onuň bir ýoluny taparys. Beýleki işim, emir Nasrulla han döwründe biziň iki sany ofiserimiz Buhara gelipdir. Biriniň ady Ştoddart, beýlekisiniň ady Konolli bolmaly... – Hanaly derwüşmi? – diýip, men onuň sözüni bölüp soradym. – Sen muny nireden bilýärsiň? – diýip, ol duýdansyz “sene” geçdi. Ilki gaharym geljek boldy, soň pikir edip görsem, Stambul türkleri ýaly, ýewropalylar hem bir adama ynansa, derrew “sizden” “sene” geçýär eken. Özüme basalyk berip: – Kitaplardan okapdym – diýdim. – Men bu ýerde belli jöhitler bilen gepleşip gördüm. Biriniň ady Şir, beýlekisi Galperan. Olaryň aýtmagyna görä, emir Nasrulla han iňlisleri öldürmändir. Ştoddart-a keselläp, endamyna bir zatlar örüp, öz ajalyna ölüpdir. Konolli bolsa, emiriň iň ynamdar adamsyna öwrülip, musulmançylygy kabul edipdir. Emir ony kokantly owadan näzenine öýerip, özüniň gizlin geňeşçisi hökmünde ýanynda saklapdyr. Şo jöhitleriň aýtmagyna görä, onuň nebereleri Hanalyýew diýen familiýa bilen häzirem Buharada ýaşap ýörmüşler. Men haýran galdym, çünki meniň bilşimçe, emir Nasrulla han Kokandy zabt edip alansoň, taryhy ýazgylara görä, 1842-nji milady ýylynyň iýun aýynda Ştoddart bilen Konollini köşgüň öňünde ölüme höküm edip, başyny kesdiripdir. Dogry, ol çeşmeleriň hiç birem bu hökümi öz gözi bilen gören adamlaryňky däl, diňe ondan-mundan eşidilen sözler... Şol wagt: – Kadyry, çyk! – diýip, şol wagt edil dowzahdan gelýän ýaly hökümli ses bilen gygyrdylar. *** Bu gezek ony türmäniň sorag edilýän jaýyna däl-de, ýokarky gata, aýyplaýyş hatynyň okalan otagyna – ermeni maýory Apresýanyň kabinetine alyp gitdiler. Kabinetde maýor Apresýan bilen Nurlin Trigulowdan başga, ermenimi, türkmenmi, ýene bir ofiser oturan eken. Bu gyzylýaňak daýaw ofiser Abdylla kimdir birini ýatlatdy, ýöne kime meňzeşdigi ýadyna düşmedi. Apresýan Abdylla oturar ýaly ýer görkezdi-de, ýanyndaky nätanyş epeý pyýada ümledi. Ermeni diýseň ermeni däl, türkmen diýseň türkmen däl, ol kişi ýerinden turup, radio meňzeş bir tilsimatyň ýanyna bardy-da, onuň düwmesine basdy. Kabinetiň içinde tanyş äheň ýaňlandy: “Ondan soň Nazarow passažynda ikiçäk duşuşanymyzda ol gönüsinden geldi. “Men Britan ofiseri, Maşadyň üsti bilen öz ýurduma gaýtmakçy bolýaryn – diýdi. – Siz akylly-paýhasly adama meňzeýärsiňiz. Buharany hem bäş barmagyňyz ýaly bilýän ekeniňiz. Käbir işlerde maňa az-owlak kömek etseňiz...” Şu ýerde gyzylýaňak epeý kişi Apresýanyň yşarat etmegi bilen ýene bir düwmäni basdy. Tanyş ses tapba kesildi. Kabinete dymyşlyk aralaşdy. Jokrama tomus güni. Günüň ýiti şöhlesinden goranmak üçin aýnanyň öňüne tuty tutulanam bolsa, penjire açykdy. Uzakdaky radiodan sowet halkyna we onuň serdary ýoldaş Staline aýdylýan alkyşlar eşidilýärdi. Soňundan bolsa “Ölüm! Ölüm!” diýen sesler ýaňlandy. Abdylla grammofondyr radiony kän görüpdi. Ýöne türmäň içinde sesiňi ýazyp alýan bu tilsimatdan bihabardy. Bu şeýtanlar näme eder diýseler ynanaýmaly. Apresýan hondanbärsi nazar bilen Abdylla garady. Onuň garaýyşynda: “Hemmäňiz biziň elimizde – çeňňekde!” diýen many bardy. – Düşündiňmi? – diýip, Apresýan sorady. – Biz bar zatdan habarly. Iňlis içalysy Beýliniň Daşkentde, Ferganada, Çyrçykda, Buharada eden işleriniň bary dokumentleşdirildi. – Ol öňünde ýatan galyň papkany kakyp goýberdi. – Onuň basmaçylardyr jeditçiler bilen, kontrrewolýusiýaçylardyr eserler bilen duşuşandygy bize mälim. Ynha, indi, ýoldaş Kadyry, size gelsek... – diýip, ol birdenkä gürrüňiň ugruny üýtgedip başlady. – Siz milletçi hökmünde özüňize buýsanýarsyňyz. Biz bilen işleşmekden boýun gaçyrýarmyşyňyz. – Ol köpmanyly garaýyş bilen Trigulowa seretdi. – Ýöne graždanin däl-de, ýazyjy hökmünde göz öňüne getirip görüň, ýaňky sözleri bu gutaran garry Fitratyň boýnuna goýarys-da, o sözleri bize özbek milli edebiýatynyň buýsanjy Abdylla Kadyry, ýaýyň içinde Julkunbaý, aýtdy diýeris. Dogrudan-da, ýaňky gürrüňi ol sizden başga hiç kime aýtmandyr. Dogrumy? Diňle, başynda näme diýýär! – Apresýan ýene-de gyzylýaňak epeý kişä ümledi. O-da ýene bir düwmä basdy: “Abdylla jan, men seniň üçin bir hekaýat saklap ýörün. Meniň tasdanam iňlis içalysy bolşum barada. Hiç kime aýtman ýördüm...” Tanyş ses ýene-de kesildi. – Siziň munyňyz prowokasiýa bolýar! – diýip, Abdylla gaharlandy. – Men Fitrata düşündirerin... – Siz entegem bize kembaha garaýarsyňyz. Indi sizi Fitrat bilen görüşdirmesek näme! Müň bir gije diňe ertekide tükeniksiz dowam edýär. Biz bolsa, hekaýaň nokadyny, ine, şu ýerde goýýas. Başy çaşan Fitratyň aňynda bolsa, özbek milli edebiýatynyň buýsanjy Abdylla Kadyry, ýaý içinde Julkunbaý, adam satyp ýören dönük, satlyk haýyn bolup galar. Bu habaryň örüsini giňeltmek üçin o gutaran garryny bir ýyl azatlyga goýberibem bilýäs. Haçan tutup alsagam öz elimizdäki zat, çeňňekden sypyp gitjek ýeri ýok... Abdylla bu melgunlaryň elinden her jüre işleriň gelýändigine belet, ýöne häzirki ýagdaý ony birneme aljyratdy, bar ysgyny gaçdy. Dünýäde onuň iň gymmatly zady erkeklik mertebesidi, ar-namysdy. Mertebesini gorap, ilkinji gezek tussag edilende-de ölüm jezasyny sorapdy. Emma häzir bular onuň elini daňyp, aýagyny duşaklap, özüni ile ryswa etmegiň kül-külüne düşüpdirler. Näme etmeli? – Siz özüňizi ykbala emr ediji, ynsan ruhyýetiniň inženeri hasap edýärsiňiz – diýip, adam geýmine giren bu melgun sap özbek dilinde dowam etdi. – Biziň işimiz welin siziňkiden has güýçli çykdy. Ol ýene-de köpmanyly garaýyş bilen Trigulowa seretdi. – Adatça biz bular ýaly işde ýowuzlyga hem zorluga daýanýarys. Emma size, Julkunbaý, ýaý içinde Abdylla Kadyry, hormatymyz uly bolansoň, ýaňky aýdanlarymyz barada ýekelikde oňatja oýlanyp görmäge puryja berýäs. Ýeri, siz näme diýýäňiz, ýoldaşlar? Apresýan Trigulow bilen gyzylýaňak epeý kişä ýüzlendi. Olar razylyk alamaty bilen baş atdylar. – Onda näme, gepleşdikmi? Ýalňyşmaýan bolsam, sizi ýene bir kiçijik mesele biynjalyk edýär öýdýän. “Bu adam kimkä?” diýip pikir edýänsiňiz! – Apresýan epeý kişä seretdi. – Tanyş boluň, buharaly kärdeşimiz ýoldaş Hanalyýew... | |
|
√ Köne mülk -13: romanyň dowamy - 18.06.2024 |
√ Duman daganda: Gara garga bolsaňam, akja kepderi bolup görün - 24.05.2024 |
√ Hakyň didary -3/ romanyň dowamy - 29.02.2024 |
√ Dirilik suwy -23: romanyň dowamy - 23.05.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun / roman - 03.07.2024 |
√ Duman daganda: Serçe-de bolsa, piliň gözüni çokaýan serçe - 06.06.2024 |
√ Janserek -8: romanyñ dowamy - 13.04.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Türkmen aty - 16.08.2024 |
√ Janserek -10: romanyñ dowamy - 24.04.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -9: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |