01:33 Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -15: romanyň dowamy | |
RUS RULETKASY
Romanlar
Tomsuň başynda türmä şum habar ýaýrady. 42-nji kamerada Winokurow özüni atypdyr! Bu habara kimse ynandy, kimse ynanmady, käbiri, hamana gözi bilen gören ýaly, Winokurowyň serhoş bolup, “rus ruletkasy” diýen oýundan heläk bolandygyny aýtsa, ýene biri onuň tussaglary urup, gynanlygy paş edilipdir diýip, bu ölümi özüçe gowulyga ýordy. Diňe Abdylla ýüreginiň çuňundan gynandy, hatda gije gözünden ýaş döküp agladam. Ol bu döwsypat adama hiç ynanmandy. Tussag edilen gününden dörän ýigrenç häzire çenli ýüreginden çykmandy. Araky “rus ruletkasy” diýen oýun ony gorkuzan bolsa-da, Winokurowyň sap ýürekli adamdygyna ynanyp bilmändi. Ýok, aýaly Rahbar aýtmyşlaýyn, Abdylla adam tanaman geçjek, ol diňe adamlary toslap tapmaga ökde. Ölüm hiç haçan ýeke gelmeýär. Winokurowyň pajygaly ölüminden bir hepde geçensoň, daňdanlar Mübäregiň adyny tutup, çagyrdylar. Kameradakylaryň hemmesi oýandy. Biçäre jöhit kimdir biriniň arkasynda gizlenmekçi bolýan deý ondan-oňa urundy. Özüni bagryna basan Abdyllanyň egnini gözýaşy bilen ezip durşuna: – Molla eke, olara aýdyň, men haramzada deýýus däl – diýip, jübülerinden bir desse kagyz çykaryp, ýatýan ýerine taşlady. – Bular diňe taryh ahyryn, başga hiç zat däl... Esgerleriň zar-zar aglaýan Mübäregiň yzyndan gelýändigini gören dessine Abdylla donuny çykaryp, kagyzlaryň üstüne atdy. Bu ýagdaý esgerleriň gözüne iläýse, eýgilik boljak däl, ýöne, Hudaýa şükür, görmediler. Horkuldap, ses edip aglaýan Mübäregiň iki golundan tutup, südenekledip alyp gitdiler... “Jöwzaly tomsuň gelmegi bilen ölüm möwsümi-de başlandy” diýip, Abdylla oýlandy. Ölüm möwsümi onuň hyýalyndaky dünýäde has irräk başlapdy. Kyssasyny şunça jylawlasa-da, güýçli akymda girdabyň köwlenmesiniň artyşy ýaly, wakalar pajygaly sahnalara garşy ümzük atýardy. Mübärek özüniň äkidiljegini öňünden duýan ýaly, Aýhanpaşşa barada bilýänleriniň baryny aýdyp beripdi. Deýýus Trigulow bolsa, ähli zady bulam-bujar edip, Aýhanpaşşa bilen Mädaly pälazanyň arasyndaky hat hakynda gürrüň beripdi. Ynha, indi bu hekaýaty hem bolşy ýaly ýatlamagyň wagty geldi. *** “Kokant zabt edilip alyndy!” diýen habar gelen dessine Mädaly han hazynada bar zatlaryň hemmesini ýygyp-düýrüp, ýigrimi-otuz nökeri bilen Fergana jülgesindäki iň bir berk hem ygtybarly ýere – Uzgan galasyna tarap at goýdy. Söweş bilen başyna gaý bolup ýören Soltan Mahmyt han hem mundan buýana garşylyk görkezmegiň peýdasyzdygyna göz ýetirip, ýakynlary bilen şäheri terk etdi. Eýesiz galan şäher şeýle bir talandy, öýlerde möýüň kerebinden başga hiç bir zat galmady. Uýat ýerlerini ýapara esgisi bolaýmasa, kokantlylaryň eginlerindäki geýimlerine çenli sypyryp aldylar. Buharaly derrendeler ahu gözli gözelleriň namysyna degdiler, zorladylar. Gülbeden gyzlary edil owlakgapdy oýnundaky ýaly başy açyk, aýak ýalaň halda atyň sagrysyna çekip, islän ýerlerine alyp gitdiler. Olaryň ganydyr gözýaşy derýa bolup akdy. Mädaly han bolsa, nökerleri bilen Uzgan tarapa dag-düz diýmän gaçyp gitdi. Basym olaryň atlary-da, ýük urlan beýleki mallary-da daljygyp, ysgyn-mejaldan gaçdy. Margilandan geçensoňlar, olar Ýazýawanda düşlemäge mejbur boldular. Ýazýawanyň aksakaly Muhammet Resul-mirşab bulary öz howlusyna saldy. Atlara we düýelere dynç berip, öňlerinde ot-suw goýdular. Myhmanlar üçin bäş-alty sany goýun soýuldy. Ertesi ir bilen ýene ýola düşdüler. Şol wagt asly buharaly, ýöne Fergananyň duzuny iýip ulalan Mahmythoja Margilany diýen bir ýaramaz kişi Mädaly han bilen Soltan Mahmyt hany emir Nasrulla hana tutup getirip bermäge ilgezik boldy. Ol bir bölek atlyny Oş tarapa – Alaý ýoluny saklamaga, ýene bir topar atlyny bolsa, Andijan tarapa ýollady. Öz jansyzlarynyň üsti bilen bolsa: “Mahmythoja Margilany Buhara garşy gazawat urşuny yglan edipdir, şonuň üçin Mädaly han bilen Soltan Mahmyt hany gözleýär” diýen gürrüňi ýaýratdy. Şol wagt ýolda atly nökerleriniň ençemesini ýitiren Mädaly han Andijanyň Butakar obasyna ýetipdi. Ol obanyň aksakaly Muýdinjan ahunyň öýünde düşledi. Iki nökerini söwdagär geýimine salyp, Andijan bazaryna atdyr düýe satyn almak üçin ugratdy. Ynamdar adamlarynyň ýene biriniň eline hat ýazyp berdi-de, Şährihana – öz uýasynyňkyda gizlenen Aýhanpaşşanyň ýanyna iberdi. Şährihana giden adamyň alan jogaby bize mälim. Gepi söwdagär geýiminde Andijanyň at bazaryna giden iki nökerden eşideliň. Bular atdyr düýe satyn alyp, Butakara dolanyp gelýärkäler ýolda Mahmythoja Margilanynyň çaparlarynyň birine sataşdylar. Hal-ahwal soraşyp, gürrüňleşenlerinden soň düşbi jansyz bularyň kimdigine, atdyr-düýäni kim üçin satyn alandygyna derrew göz ýetirdi. “Mahmythoja gazawat yglan etdi, ol Mädaly hany gözleýär” diýen gepi bahana edinip, Mädaly pälazanyň nirede, kimiňkide düşländigini takyk bildi. Çapar bu habary derhal Mahmythoja Margilana ýetirdi. Iýeni haram bolmuş Mahmythoja şo bada öz atlylary bilen tozan turzup, Butakara garşy at goýdy. Bazarlap gelen iki nöker bolsa, Muýdinjan ahunyň öýüne gireninden gören-eşidenlerini agzyny köpürjikledip gürrüň berdi. Mädaly han bularyň getiren habaryny diňläp, nämäniň nämedigine gaty basym düşündi, titräp-sandyrap, ýola düşmek üçin derrew atlaryny eýerlemek bilen boldy. Oňa çenli zannyýaman Mahmythoja Margilany on bäş atlysy bilen ahunyň öýüniň daşyny gabady. Bir görse, Mädaly han on sany nökeri bilen garşylyk görkezjek bolup dur. Uruş etseler, hanyň diri ele düşmejegi görnüp duran zat. Ony öldürmek barada entek emirden buýruk ýok. Muňa öz wagtynda akyl ýetiren mekgär Mahmythoja atyndan düşüp, Mädaly hanyň öňünde epilip, tagzym etdi, başyny aşak egip: “Şahy älem, men Buhara emirine garşy gazawat yglan edip, külli Fergana iline jar çekdirdim. Ýöne Kokantdan çapar gelip, emir Nasrulla hanyň siz bilen ähdi-peýman baglaşyp, iki ülkäniň parahatlygy üçin sizi öňki tagtyňyzda galdyrjakdygyny, özüniň hem yzyna – Buhara dolanmakçydygyny habar berdi!” diýip, ant içip, awy ýalady. Başy çaşan Mädaly han onuň öwlatlyk mertebesine ynanyp, atynyň başyny Kokanda tarap öwürdi. Şährihana golaýlanlarynda Mädaly han hiç kime syr bermän, ynamdar adamsynyň üsti bilen söýgüli aýaly Aýhanpaşşa hat ýollady. Ol hatynda özüniň Buhara emiri tarapyndan tagtynda galdyrylýandygy barada habar berip, “Eý, biwepa, nika ähdinde durman, nä hyýallara baş goşup ýörsüň? Derrew haremhana dolan!” diýip, haýbat hem atdy. Çapar atynyň aýagyna nal kakdyrmak bahanasy bilen Şährihana sowuldy-da, Aýhanpaşşanyň gizlenen öýüni tapyp, haty gowşurdy. Şonda bu birehim gözel zenan şeýle jogap berdi: – Bar-da, ol Mädaly pälazana aýt, näzenin gözelden wepa garaşýan bolsa, yşk oduna dözüp, takat etmegi gerekdir. Ol näme, Hapyzyň “Her näçe ynanýan-da bolsaň, aý jemally näzeninlerden wepa tamakin bolma” diýen sözüni eşitmedimikä? Çapar Asaka diýen ýerde özüniňkileriň yzyndan ýetip, Aýhanpaşşanyň sözlerini Mädaly hana pyşyrdap aýtdy. Ol atyndan düşüp, gara ýeri bagyrtlap, hünübirýan aglamaga başlady. Gözýaşlaryna çaň-tozan siňdi gitdi. Ah çekip, dady-perýat edip oturyşyna Babyr şanyň bir bendini dile getirdi: Hijranyňda bu gün köňlüm gaýgyly, Derdim köpdür, gowuşmadym wysala. Gijelem garaňky. Gözde ýaşymdan Ýolum batga, düşdüm bu agyr hala... *** Mübäregiň atylmazyndan öň goýup giden kagyzlary taryhy nukdaý nazardan garasaň, bahasyna ýetip bolmajak dokumentlerdi. Olary birin-birin okap çykandan soň, Abdylla hersine bir çümmük temmäki dolap, baryny tüssä öwürdi. Molla Fitrat bilen söhbet eden wagty kagyzlardaky maglumatlary sepini bildirmän gürrüň bereninde bilmeýän zady ýok diýilýän molla hem: “Bulary nireden okap öwrendiň?” diýip, haýranlar galdy. Wah, bu dokumentler Abdyllanyň eline erkinlikde mahaly düşen bolsady, romany şeýle bir baýlaşdyrardy, şondan soň Alawiýa aýtmyşlaýyn, “Öten günler” bilen “Mährapdan çykan içýany” hiç kimem okamazdy. Ony diýseň, şum täleýiň oýnuna bak-a, baýak Trigulow “Uzglawlitiň” başlygy Lopuhowyň hatyny görkezipdi. Indiden beýläk “Öten günleri-de”, “Mährapdan çykan içýany-da”, “Abid kätmeni-de” okajak adam bolmaz. Köne-küşül çöpleýän doýmaz-dolmaz garagurumçy deý ähli kitabyny ýygnandyrlar. Indi hemmesini üýşürip otlasalar gerek. “Atly ýazyjy däl-de, otly ýazyjy bolduň sen, Abdylla!” diýip, ol öz-özüne kinaýa etdi. Mübäregiň goýup giden kagyzlarynyň arasynda diňe bir iňlisler ýa özbek hanlary barada däl, eýsem, ruslar hakynda-da dokumentler bar eken. Hususan-da Abdylla ozaldan mälim bolan Iwan Witkewiç baradaky ýazgylar onuň ünsüni özüne çekdi. Romany ýazmaga girişmezden öň öz dosty Alekseý Tolstoýyň ýardamy bilen Abdylla Russiýanyň taryhy arhiwlerinden şo döwre degişli dokumentleriň göçürmesini alypdy. Olaryň içinde Iwan Witkewiçiň 1836-njy ýylda Buhara eden saparynyň hasabaty hem bardy. Ýaşlygynda Polşanyň garaşsyzlygy üçin göreşen Ýan Witkewiçiň Orenburga sürgün edilendigi, ol ýerde pars dilini hem türkiçäni oňat öwrenendigi, soňra Orenburgyň häkimi general Perowskiniň ony Hywadyr Buhara jansyz edip iberendigi barada Abdylla ýörite bir bölüm hem ýazypdy. Ol Buhara özüniň tanşy – Şapolat atly merdana ýigit bilen kerwene daklyşyp barýar. Buharaly söwdagärlerden bolan Şapoladyň atasy gazak, enesi bolsa buharaly özbeklerden. Ýolda ähli ýeri gar basan ekeni. Ýapa çykylanda garyň basgylanan ýerinden ýöremek üçin bularyň barýan kerweni bilen buharalylaryň kerweniniň arasynda dawa bolýar. Şonda Şapolat atyny çapdyryp barýar-da, buharalylaryň ençemesini urup-ýykyp, öz kerwenlerini öňe salýar. “Wah, senjagazmy? Seň bilen entek Buharada gepleşeris!” diýip, buharalylar bialaç gaharyny ýuwutmaly bolýar. Özüni Ybraýym bek diýip atlandyran Witkewiçiň kerweniniň Buhara gelşini hem Abdylla garalamada ýazyp goýupdy. Ýöne Buharada Rejep bek Diwanbeginiň kerwensaraýynda düşlän Ybraýym bekiň Buharada başdan geçirenlerini ýazmaga entek girişmändi. Ýazan bolsa, Ybraýym bekiň Hekim bek guşbeginiň ynamyna nähili girendigini hökman suratlandyrardy. Olaryň gatnaşyklary barada maglumat näçe diýseň bar. Witkewiç hasabatynda Hekim bek barada: “Gözi çaşy, hilegär, betnebis garry, depseň yranmaz baý, buharalylaryň hemmesinden, hatda emiriň özündenem gurply. Aşhana, athana, emiriň köşgüni edara etmek onuň ygtyýarynda. Ol hem kazy, hem ýasawulbaşy, bir söz bilen, ähli ugurda emiriň sag eli. Ýokarda aýdylşy ýaly, gümrükhana hem tutuşlygyna onuň tabynlygynda” diýip belläpdir. Witkewiç guşbeginiň huzuryna sekiz gezek barypdyr. Buharanyň uzakdaky iňlislere gol ýapman, golaýyndaky ruslar bilen söwda-satyg etmeginiň gerekdigini oňa düşündirmäge çalşypdyr, ýesir düşen ruslary boşatdyryp, ýany bilen äkitmäge synanyşyk edipdir. Emma mekir Hekim bek boş oturmandyr. “Sen ol ruslary äkidip näme etjek? Olar bärde-de öz dinlerinden çykanoklar, gaýtam, her baýramda öler ýaly içip, mes bolup ýörler” diýip, ýeser gürrüň edipdir. Abdylla şular ýaly sahnalaryň birki sanysyny ýazsa, soň Witkewiçiň emir Nasrulla hanyň huzuryna çagyrylyşyny beýan edibermeli. Gyş pasly bolansoň, köşge çagyrylan Witkewiç egnine possun, kellesine telpek geýip barypdyr. Emir penjiräniň öňünde ýektaýynyň üstünden ýukajyk don atynyp, başy gültahýaly oturan eken. Köşk gullukçysy Witkewiçi alyp emiriň ýanyna gelipdir. On ädim çemesi galanda myhmany saklapdyr, özi bolsa tagzym bilen hana salam beripdir. Emir agaç darak bilen sakgalyny darap oturan eken. Onuň arkasynda bolsa eli gaýçyly ýaş hyzmatkär oglan durupdyr. Witkewiç agaç ýuwdan ýaly duruberipdir. Köşk gullukçysy: “Tagzym et!” diýip, onuň ýeňinden dartypdyr. Emir myhmana göz gytagyny aýlap, köşk gullukçysyndan: – Özbekçe bilýärmi? – diýip sorapdyr. Witkewiç: – Hawa, özbekçe-de bilýän, parsça-da – diýip jogap beripdir. – Rusmy sen? – diýip emir sorapdyr. Witkewiç: – Hawa, rus men – diýipdir. – Haçan geldiň? Nämüçin? – Bir aý bäri şu ýerde men. Çöllük ýerlere iberdiler. Ýolugra Buhara hem degip geçeýin diýdim. – Entek köp eglenmekçimi? – Rugsat berseňiz, näçe ir gaýtsam, şonça gowy. – Öz ygtyýaryň – diýip, han aýdypdyr. – Şäheri synladyňmy? – Synladym. – Ýaradymy? – Ýarady. – Haýsy gullukda? – Pyýada. – Tabynlygyňda näçe esger bar? – Ýetmiş bäş. – Ýüzbaşy hem däl ekeniň. Top atmakdan başyň çykýarmy? – Ýok. – Şony biläýeýin diýip çagyrypdym. Bolýar, gaýtmazyňdan öň guşbeginiň ýanyna girip çyk! Köşk gullukçysy ýene-de Witkewiçiň ýeňinden çekipdir. Witkewiç tagzym edip, kerwensaraýa dolanypdyr. “Bu-da gowuja sahna – diýip, Abdylla oýlandy. – Emiriň gylyk-häsiýetini has aýdyň görkezýär. Emiriň arkasynda duran ýaş hyzmatkär oglan barada giňişräk ýazsa-da bolardy. Çünki Ahmet Danyş “Mangit hanlarynyň taryhy” atly kitabynda emir Nasrulla hanyň ýaş oglanlara köpräk meýil edendigi, has dogrusy, beçebazlygy hakynda aýdypdyr. Ýöne bu barada romanyň başyraklarynda aýdylsa kem bolmaz. Bulary ýatlamakdan ötri maksat – Witkewiçiň ýa Ybraýym bekiň Buharada wagty ermeni Barhudory, owganystanly Hüseýin Alyny we esasan hem Şapolaty ulanyp, içalylyk maglumatlaryny ýygnaýşyny beýan etmek. Olar Buharanyň tanymal adamlary bilen oňat gatnaşykda bolanlygy sebäpli emirligiň syýasy ýörelgelerinden, harby goşunyň ýagdaýyndan, gorag berkitmeleriniň nä zeýilliliginden, maliýe meselelerinden habarlydylar. Ol üçüsiniň içinde iň ezberi we işbaşarjaňy Şapolatdy. Ýeterlik maglumat ýygnansoň, Witkewiç Orenburga gaýtmakçy bolup ýördi. Kerwenleriň biri bilen gepleşibem goýupdy. Bir gije Döwletbegi kerwensaraýyna Şapolat gelip: “Guşbeginiň iň ýakyn dosty Mirza Zikirden seresap bol, ol seni zäherläp öldürmekçi bolýar” diýip habar berdi. Witkewiç: “Muny nireden eşitdiň?” diýip sorasa, Şapolat hemişekisi deý: “Miwesini iý, haýsy bagdandygyny sorama!” diýip jogap berdi. Ol Witkewiçe bir gezegem ýalan sözlemändi, hiç mahal nädogry ýol salgy bermändi. Gazak sähralyklaryndan geçip gelýärkäler kerweniň üstüne garakçylar dökülende ony ölümdenem halas edipdi. Ertesi Witkewiç tamam ýarag-esbabyny dakynyp, Hekim bek guşbeginiň ýanyna barypdyr. “Siziň adamlaryňyz meni zäherläp öldürmekçi bolýar. Garşyma çykanyň bir ok haky bardyr” diýip, ol gykylyklap, haýbat atypdyr... Witkewiç Wobkentde ätiýaçdan kerwenini çalşypdyr. Öz dosty hem ýakyn kömekçisi owganly Hüseýin Aly bilen sag-aman Orenburga aşypdyr. Emma Abdylla Mübäregiň goýup giden kagyzlarynyň birinde muňa degişli ýene bir wakany okapdy. Bu waka 1838-nji ýylyň maý aýynyň başlarynda (“Tes-tegelek ýüz ýyl mundan öň” diýip Abdylla oýlandy) Sankt-Peterburgyň Malaýa Morskaýa köçesiniň ugrunda ýerleşýän “Pariž” myhmanhanasynda boldy. Bu gezek Ýan Witkewiç patyşanyň hut özi bilen duşuşyp, oňa Buhara we Owganystan baradaky hasabatyny bermelidi. 8-nji maý güni gijara onuň otagynyň gapysy kakyldy. Witkewiç işigi açyp seretse, ine, öňünde syratly bir adam dur. – Konstantin, bu senmi? – diýip, ol haýran galyp sorady. – Hawa, graf Konstantin Tyşkewiç, seniň ýaşlyk dostuň! – diýip, gelen adam jogap berdi. Bular gujaklaşyp görüşdiler. Witkewiç dostuna içeri girmegi teklip etdi. Olaryň bile gimnaziýada okan döwründen bäri ýigrimi ýyla golaý wagt geçen eken. Munça wagtyň dowamynda, gör, nähili wakalar bolup geçdi! Gyzyl fransuz çakyrynyň başynda iki dost öz durmuşlary barada bir-birine gürrüň berdiler. Witkewiçi diňledigiçe Tyşkewiçiň ýüzi gyzaryp başlady. Ýöne bu çakyryň täsiri däldi. Ol Witkewiçi dikarynlap: – Diýmek, indi patyşa bilen duşuşyp, onuň elinden sylag nyşanyny almaly diýýäň-dä? – diýip gaýtalap sorady. Witkewiç birdenkä tisginip gitdi. Jogap bermän, diňe baş atmak bilen oňdy. – Ýadyňdamy? – diýip, Tyşkewiç oňa ýüzlendi. – Ikimiz on alty ýaşymyzdakak näme diýip kasam içipdik? Öz ýurdumyzy rus patyşasynyň gulçulygyndan halas ederis diýmänmidik? Gerek bolsa, janymyzy bermäge-de taýýar diýen kim, Ýan? Witkewiç çekgesindäki düwürtigi sypalap oturyşyna dymdy. – Otuzynjy-otuz birinji ýyllarda gozgalaň turup, seniň Watanyň her bir erkek kişä mätäçlik çeken wagty niredediň? – Orenburg çöllerinde – diýip, Ýan ýuwaş sesde mydyrdady. – Adyňa çenli üýtgedipsiňdä! Iwan! Saňa ne döw çaldy? Men golaýda Buharada boldum, gazuw-agtaryş işlerini geçirdik. O ýerde seňem gulagyňy şyňlatdyk. Şapolat diýen adamy tanaýaňmy? – Sen ony gördüňmi? Ýagdaýlary nähili eken? – diýip, Witkewiç birdenkä janlandy. – Ol seni zäherlenip ölmekden halas etdimi? – O deýýus saňa bu zatlaram gürrüň berdimi? – diýip, Witkewiç sögündi. – Senem biliňden sapança asyp, guşbeginiň ýanyna bardyňmy? – Men özüme içaly diýip ýörün welin, sen mendenem bäş beter ekeniň, dost! – Bu habary guşbegä kimden eşideniňem aýtdyňmy? Bilip goý, sen gaýdaňsoň, olar Şapolady tutup, minaranyň çür depesinden aşak oklapdyrlar... – Ýok! – diýip, Witkewiç kellesini tutup, gygyrdy. Tyşkewiç elligi bilen şlýapasyny aldy-da: – Satlyk dönük! – diýip, otagdan çykyp gitdi. Ertesi “Pariž” myhmanhanasynyň 42-nji otagyndan poruçik Ýan Witkewiçiň jesedini tapdylar. Onuň elinde guşbegä haýbat atandaky şol sapançasy bar eken... *** Abdylla bu waka barada oýlanyp, ony Winokurowyň 42-nji kabinetde özüni atyp öldürişi bilen deňeşdirdi. Ol Witkewiçi we Winokurowy bu gymmatly dokumenti goýup giden biçäre Mübäregiň atuwa äkidilmegi bilen bir düwünçege düwdi. “Ölüm möwsüminiň” başlanmagyndan daşary, Witkewiçiň pajygaly ölümi zerarly başga-da bir pikir Abdyllanyň beýnisinden çykmady. Özüni atyp öldürmezden öň ol megerem şeýleräk pikire bendiwan bolan bolsa gerek: “Ynha, men bu yzagalak aziýalylaryň bagty üçin patyşa hökümetiniň daşarky aňtaw gullugynyň jansyzy boldum. Netijede näme boldy? Patyşa hökümeti Gündogarda başga ülkeleri – Türkiýäni we Eýrany syýasy taýdan ileri tutdy. Buhara hem Owganystan hem hiç kime gerek däl. Bu ikarada bolsa, men sebäpli Şapolat ölüp gitdi. Meniňem janymy orta goýup, çöldür sähra diýmän, eden azaplarym puja çykdy... On alty ýaşymda ene topragymy Russiýanyň gulçulygyndan azat ederin diýip, ant içipdim, indem başga halklaryň başyna şol syrtmagy ildirmekçi bolýan. Bu ikarada bolsa, men sebäpli Şapolat ölüp gitdi... Bütin dünýäni bagtly ederin diýen ham-hyýala münüp, öz wepaly dostumyň ölümine sebäp boldum. Bu ikarada bolsa, men sebäpli Şapolat ölüp gitdi... Meni bir däl, birnäçe gezek ölümden halas eden Şapolat...” Abdylla molla Fitrat bilen hem bu barada uzakdan-uzak pikir alyşdy. Başga halky bagtly etjek diýip, olaryň başyna gulçulygy salan halklar barada çekeleşdiler. Ruslardyr Winokurowy ýatladylar, hindi gozgalaňçylary barada gürrüň etdiler. Bir gezegem molla Fitrat şeýle diýdi: – Abdylla jan, bir ýagdaýy hiç hili inkär edip bolanok, biz hakykatdan hem batga batdyk. Bilýänsiň, bu hakda men köp ýazdym. Ýok, Şura hökümeti döwründe däl, gyzyllar entek dünýä gelmänkä – Buhara emirligi zamanynda ýazdym. “Nämüçin Günbatar döwletleri ösüp, biziň musulman Gündogarymyz yzagalak bolup galdy” diýip, köp pikir etdim. – Ýeri, nämüçin eken? – diýip, Abdylla garaçyny bilen gyzyklanyp sorady. – Munuň telim sebäbini tapdym – diýip, molla aýtdy. – Birinjiden, olar “Ylym-bilim döwri” diýilýän zamanda hudaýtarapyn zatlary Hudaýa, adamyňkyny adamzada degişli görnüşde kabul etdiler. Aslynda bizde-de şuňa meňzeşräk ýagdaýlar bolupdyr. Bahaweddin Nagyşbendi hezretleri muny “Dil ba ýor, dast ba kor” diýen şygarynda açyk aýdypdyr. Halk arasynda-da: “Senden – hereket, Menden – bereket!” diýen söz bardyr. – Bolýa, onda nämüçin bu olarda oňuna boldy-da, bizde bolmady? – Sebäbi olar bu şygara öz taglymatlaryny berkidip, hereket etdiler. Uniwersitetleri gurdular, gumanitar ylymlar bilen meşgullandylar, köp zatlary oýlap tapdylar, açyş etdiler. Biz bolsa tä jeditçe mekdepler gelýänçä diňe ahyret ylmy bilen mübtela bolduk ýördük. Özüm on bäş ýyl okadym, bäş barmagym ýaly belet boldum – diýip, molla Fitrat jogap berdi. Bir zatlar ýadyna düşen dek az salym dymansoň, pikirini dowam etdi: – Olarda şahsyýet ilki bilen bilim almakda erkinlige eýe boldy, soňra jemgyýetde öz azatlygyny gazandy. Şahsy görelde görkezmek diýen närse örboýuna galdy. Kimsi gahrymançylyk görkezip, Amerikany açdy, kimsi polýusa çenli baryp gördi, beýlekisi dagyň depesine çykdy, ýene biri deňziň çuňlugyny barlady. Kärhana açyp, önüm öndürdiler, mal bakdylar, süýt sagdylar. Esasy zat, önümçilikde bäsdeşlik başlandy. Bilimden başlanan ýol ykdysadyýetiň esasyny goýdy. – Bu ýagdaý bize mahsusdyr öýdýäňizmi? Biz, her hal, Yslama uýýan millet. Öý-hojalyk diýýäs, oba-şäher, ene toprak... – Abdylla, bar gepem şonda-da – diýip, molla Fitrat takaty elden berip aýtdy. – Bolýa, meniň pikirim saňa ters görünýän bolsa, ine, özüňe seredip gör, ýazan kitaplaryňa seredip gör. Atabeki Atabek edýän zat näme? Onuň içki erkinligi dälmi näme?! Onuň umumy pikirlere garşy gürrüňlerini bir gyrada goýup, hereketlerine dykgat et. Ol ene-atasy bilen geňeşmän, Kümüşe öýlenýär ahyryn. Hany, onsoň şu ýagdaý biziň jemgyýetimize – millilige, özbekçilige gabat gelýärmi? Molla Fitrat giň maňlaýynyň astyndaky ýiti nazaryny Abdyllanyň ýüzüne dikdi. – Dostum, seni Abdylla Kadyry diýip tanadan hem hut şu içki erkinlikden, şahsy azatlykdan başga zat däl... Emma Günbataryň öňegidişliginiň başga-da bir sebäbi bar. – O nähili sebäp? – diýip, Abdylla gyzyklandy. – Kanunyň güýji. Başganyň erkinliginiň seniň erkinligiňe päsgel bermezligi üçin her tarapyň kanun öňünde deňligi zerur. Seniň bilen meniň häzirki kanunymyz däl – diýip, molla kinaýaly ýylgyrdy. – Kazy-kelanlaryň eden-etdilik bilen iş gören döwründäki şerigat düzgüni hem däl. Bilýäňmi, seni gyzyklandyrýan emir Nasrulla hanyň döwründe kazy-kelanlar şerigatyň beçebazlyga rugsat berýändigi barada özleriçe düzgün çykarypdyrlar. – Kokantda pälazgynlygy, ýagny Mädaly hanyň öz enesine öýlenendigini aklaýan düzgüniň ýanynda bu nämejik?! – diýip, Abdylla degişdi. – Kanunyň öňündäki deňlik mümkinçilikleriň deňliginiň binýadydyr. Munuň özi ýaňky şahsy görelde diýen düşünjämiz bilen birleşip, düýnki betbagtlygy ertirki gülläp ösüşe öwrüp biljek güýçdür. Abdylla öz eserlerindäki gahrymanlary Abid kätmen we Berdi tatar barada bir zatlar diýmekçi boldy. Ýöne pikirini dile getirmedi, içinde saklady. *** Abdyllany ýaşamaga mejbur edýän zat entek ýazylyp gutarylmadyk romanydy. Ýogsa, onuň ýagdaýy “Pariž” myhmanhanasynyň 42-nji otagynda öz ömri hakynda oýa çümüp oturan Iwan Witkewiçiňkiden ýa NKWD-niň 42-nji kabinetinde sapançasynyň nagarasyndaky ýeke-täk gülläni bedeniniň niresinden çüýlemelidigi barada pikir edýän Winokurowyňkydan (Abdylla onuň adyny hem soramandy) erbet bolmasa, gowy däldi. Dogry, Abdyllanyň elinde özüni atyp öldürer ýaly ýaragy-ha ýok, ýöne adam janyndan iren bolsa, özüni heläklemek üçin sapançadan başga-da zat tapyp biler. Käşgä, ölüme erk-islegi ýetýän bolsady... Professor Zasypkiniň oýnap oturan küşdüni soňuna çenli tamamlaman turmaýyşy dek, Abdylla hem kyssasyny ýazyp gutarmasa-da, ahyryna çenli oýlanmagy zerurdy. Sebäbimi? Sebäbi her bir başlan işiňi soňuna çenli alyp gitseň, öz bilmeýän zatlaryň üstünden barýarsyň, şonda ony gaýypdan inen eser hökmünde kabul edýärsiň. “Eýse, muny dogrudanam men ýazdymmykam?” diýip, öz-özüňe haýran galýarsyň. Mahmythoja Margilany Mädaly hany aldap, Kokanda tarap alyp gaýdansoň, ýolda onuň nökerleriniň ýeke-ýekeden ýoguna ýandy. Margilana ýetensoňlar bolsa, ilki-hä hanyň münüp gelýän atyny, soňra-da egninden zerli donuny sypyryp aldy. Öz athanasynda müňläp çapgyr at saklan Mädaly hana indi eşegem bermediler. Ol adaty alaça dony bilen araba münmäge mejbur boldy. Diňe şondan soň başyna düşen betbagtlygy on iki süňňi bilen syzdy. Kokanda golaýlanlarynda Mädaly han aman diläp, ýalbardy: “Meni Kokanda gündiz alyp barmaň, hojam! Gije garaňkyda eltiň!” Emma Mahmythoja onuň özelenip ýalbarmasyna gulak asjakmy? Fergananyň düýnki hanyny gündiziň günortany göz-gülban halda görene göz edip, Kokanda girdi. Mädaly hanyň zulmundan düýn gan ýuwudan kokantlylar ony beýle halda görüp, gözlerine ýaş aýladylar. Hilegär Mahmythoja Margilany bolsa, şowhun turzup, Mädaly hany onuň öz gurduran mawy köşgüne, emir Nasrulla hanyň huzuryna alyp bardy. Iki patyşanyň bir-birine gözi düşenden, emir Nasrulla han elini salgap: “Zyndana!” diýip buýurdy. Mädaly hany Hojaguly perwanaçynyň eline tabşyrdylar. Öz köşgünde goly bagly bendi bolan han sesini-üýnüni çykarman, agyr oýlara çümüp oturmaly boldy. Agşam ol başyny galdyryp, ýanynda garawulçylyk çekip oturan Hojaguly perwanaça ýüzlenip: – Üç günden bäri duz dadamok. Iýer ýaly bir zatlar beriň... – diýip haýyş etdi. Garawullaryň biri: – Bärde eneň öýi ýok! – diýip, onuň üstüne heňkirdi. Soň içi suwly küýzäni getirip, uzatdy. – Al, ine, diňe sowuk suwumyz bar! Han lal-jim bolup oturyberdi. Gözlerinden düwme-düwme ýaş akdy. Agysyna bäs gelip bilmän, silkinip-silkinip eňredi. Soň garawullaryň gözastynda küýzäni göterip, täret almak üçin daş çykdy. Ýaňy bir çermenip oturan wagty garaňkyda iki sany epeý jellat peýda boldy. Olar hanyň garşylygyna bakmazdan, iki golundan tutup, bitäret halda nirädir südenekledip alyp gitdiler... *** Giçden soň ýene Abdyllanyň adyny tutup çagyrdylar. “Moskwadan höküm geldimikä? Şony aýtmak üçin çagyrýarlarmyka?” diýip, ol gapydan çykyp barýarka oýlandy. Ony ýene-de türmäniň sorag edilýän otagyna eltdiler. Ol ýerde hemişekisi ýaly leýtenant çininde bili sapançaly arwah Trigulow otyrdy. Sapançanyň üsti bilen “Ýene bir gezek meň üstüme dyzasaň, oturan ýeriňde atyp öldürerin” diýen yşarat duýulýardy. Galan zatlar öňki-öňkülik: öňünde jenaýat işi gozgalan galyň papka, stoluň gapdalynda betona doňdurylan oturgyç. Abdylla pikirlenip görse, ýüreginde Trigulowa ne-hä ýigrenç bar, ne-de öýke-kine. Ol görkezilen ýere geçip oturansoň, “Aýdyber, näme hyzmat?” diýýän şekilde sülçä garady. Trigulow çilimini kükedip, kagyzlary waraklady. Moskwadan höküm gelene meňzänok. Gelen bolsa, bu deýýus içinde saklap bilmezdi, şo bada aýdardy. Ýene özüniň ýazuw-pozuwy barada öwünip gürrüň etjekmikä? – Winokurowa näme bolanyny bilýän bolsaň gerek? – diýip, ol sorady. Abdylla baş atdy. – Seň bilen hymy-symy edişýärdi diýip gürrüň edýärler. Dogrumy? – Türme gözegçisi bilen tussagyň arasyndaky gatnaşyk – diýip, Abdylla çürt-kesik etdi. – Onuň saňa papiros berenini esgerler gören eken... Abdylla neden “Senem beripdiň” diýipdi. Zordan saklandy. Oňa derek: – Onuň meni urup, depip, ölmez-gülmez edenini görmändirlermi? – diýip sorady. Trigulow heşelle kakýan äheňde jogap berdi: – Onuň käri şeýledi-dä... Ýogsa-da, kesp-kär barada gürrüň edilende... Ýazyjylyk käri hakynda... “Ýene şo öňki köne heňine tutdurjag-ow!” diýip, Abdylla oýlandy. Emma bu gezek sabyr-takaty elden bermän, “Gel, şuny ahyryna çenli diňläýin, näme diýjek bolýar, göreýin” diýip, sülçiniň sözüni bölmezden, gulak asyp oturdy. – Sülçülik bilen ýazyjylygyň umumy taraplarynyň köplügi barada pikir edip gördüňmi? “Ýöne biz – ýazyjylar adamlary türmä basamzok” diýip, Abdylla pikir etdi. Soň öz pikirine özi şübhelendi: “Eger toslamany ýa eseriň özüni türme diýip hasap etmeseň...” Trigulow onuň içki pikirini okap oturan dek, dowam etdi: – Bu hünärleriň ikisem adamyň içki dünýäsindäki, basyrylgy ýatan ruhundaky niýetini, maksadyny äşgär etmeýärmi näme? Nämüçin Berdi tatar paltasy bilen Şadyman baýyň kellesini çapyp, iki bölek edip taşlaýar. Ýa nämüçin Abid kätmen kolhoza girse-de, ondan nägile bolup ýör? Ine, şu zatlaram sülçülik işiniň bir görnüşi-dä... Abdyllanyň pikiriçe, bu leýtenanta erk-ygtyýar berseň, kitabyň içine girip, duş geleni, Berdi tataram, Abid kätmenem türmä basyp çykjak. – Elbetde, bu hünärleriň bir-birinden tapawutly taraplary hem kän. Emma adamyň ruhy dünýäsi, adamyň öz durmuşyndaky esasy ýörelgesi bu iki hünäriň başky we esasy ýapyşalgasy. Şeýle dälmi, molla Abdylla? Bu süçiniň soragy däl. Jogap bermezlige-de hakyň bar. Men saňa bir hekaýat aýdyp bereýin, netijäni özüň çykar. Hawa, çekseň, ine, papiros, ine-de otluçöp, çekinmän alyber... Eger bu ýeri türme bolmadyk bolsa, stoluň başynda oturanlaram sülçi bilen tussag däl bolsa, kesesinden seredene bu görnüş iki sany medeniýetli dostuň özara ýürekdeş gürrüň edýän pursatlary hökmünde görünerdi. Birisi jellat, beýlekisi bolsa onuň pidasy diýen pikir dagyn daşyndan tomaşa edýäniň kellesine geljek zat däl. Abdylla temmäki otlanyp, tüssesini kükedip, sülçä gulak asdy. Trigulow ýuwaş ses bilen hekaýatyna başlady: – Penza oblastynda Delino diýen oba bar. O ýerde esasan tatarlar ýaşaýar. Ýöne çokundyrylan tatarlar. Bularyň çokundyrylyş taryhy on dokuzynjy asyryň ortalaryndan, hatda ondan-da aňyrdaky wakalardan baş alyp gaýdýar. On dokuzynjy asyryň 30-njy ýyllarynda bu oba Luka diýen pop iberilýär. Ol musulman tatarlaryň hemmesini çokunmaga, ýagny hristian dinine çagyrýar. Kimsine puljagaz berýär, kimsine buthana degişli ýerden mellek berýär, käbirlerini Sibire sürgün ederin diýip gorkuzýar. Obanyň aksakaly gorkupmy ýa tamakinçilikdenmi, ilki bolup çokunýar. Oňa dogan-garyndaşlaryndan hem birki sanysy goşulýar. Bular birleşip, beýlekileri azdyrmaga girişýärler. Ilki bilen oba metjidini ýykyp, ýerinden buthana gurýarlar. Soňra musulmanlaryň mazarlaryna yrsarap, olary tekizläp başlaýarlar. Ahyry adamlaryň sabyr käsesi dolup, bir gün gije pop Lukanyň hem oba aksakalynyň öýüni otlaýarlar, özlerinem dogan-garyndaşlary bilen bile tutup, öldürýärler. Ana, şondan soň bu oba Penzadan atly kazaklar atylyp gelýär. Uly gyrgynçylyk bolýar. Oba gana dolýar. Diri galanlar gaçyp, özlerini tokaýa atýar. Ýöne gyş bolansoň, köpüsi açlyga we sowuga çydaman ölýär. Ele düşenleri bolsa, Sibire sürgün edilýär. Bulara baştutanlyk eden Törekul atly bir ýigit tokaýyň içi bilen gaçyp, uly ýola çykýar. Ýol ugrunda gabat gelen ýüregi ýumşak adamlaryň öýünde düşläp, ahyry Orenburga barýar. O ýerdenem kerwene daklyşyp, Witkewiç diýen bir polýak bilen Buhara gelýär. Witkewiç diýen adam bir çemesi wagtdan yzyna gaýdýar, Törekul tatar bolsa, Buharada galyberýär. Bu ýerde ol köpi gören we musulmançylygy kabul eden jöhit Rahil diýen aýala öýlenýär, çaga-çugaly bolýar. Jöhit Rahil hem ölýär. Ruslar Türküstany eýeländen soň Russiýa tarap ýollar açylýar. Ol ömrüniň ahyrynda uly ogly Ishaky alyp, köp-köp kynçylyklara döz gelip, dogduk iline – Delino obasyna barýar. Hristiançylygy kabul eden bu obada birki sany garry bolaýmasa, Törekuly hiç kim tanamaýar. Ol hem hiç kime goşulman, öýünde ogly bilen namazyny okap, geziberýär. Wagt geçýär. Obada deň-duşlary tarapyndan Ishak ady Isaka öwrülen ogly çokundyrylan gyzlaryň birine öýlenmekçi bolýar. Muňa gahary gelen Törekul ogluny öýden kowýar. Isak çokundyrylanlaryň öýünde köreken bolup ýaşaberýär. Basym niredendir bir ýerden şol gozgalaňda öldürilen oba aksakalynyň uly wezipeli ogly Delinoda peýda bolýar. Törekuly gören dessine tanaýar, ony polisiýa tabşyryp, Sibire sürgün etdirýär... Muny eşiden Isak aýaly bilen ýeke ogly Nurlini alyp, Buhara gaçyp gaýdýar... Gürrüň şu ýere ýetende Abdylla bu hekaýatyň kime degişlidigine düşündi: “Hawa, indi bildim, garşymda oturan Döwlet Howpsuzlyk gullugynyň leýtenanty Nurlin Ishakowiç Trigulow...” *** Abdylla sülçiniň ýanyndan ilkinji gezek ýüregi gyýlyp gaýtdy. Kimdigine garamazdan, agyry-yza çekýän adamlaryň hemmesiniň hesreti birmeňzeş bolýar. Ana, adam däl-de, wagşy döw hasaplan ýören Winokurowy hem özüni atyp öldürdi. Indi bolsa ahyrzaman deçjaly Trigulow göýä Abdylla ýüzlenip: “Seniň üçin toslama bolup görünýän wakalar meniň hut özümiň başymdan geçen zatlar” diýýän deý, poruçik Witkewiçdir buharaly jöhit aýal Rahi barada gürrüň berýär... Ýa bu-da onuň bir oýnumyka? Toslamany hakykatdyr öýtdürýän oýnuňam aňrybaşy oýny! Maýakowskiniň aýdan sözi bar-a! “Biz ertekini hakykata öwürmek üçin doguldyk!” diýýär. Trigulow bu hekaýaty näme üçin aýdyp berdikä? Özüni ýazyjylyga dahylly hasap edýänligi üçinmikä? Ýa teýene eden bolýarmyka? Abdyllanyň oý-hyýallary çalam-çaş boldy, ýene kelebiň ujuny ýitirdi. Bu hyýallary başyna goýberdigiň bes, soň jylawlamak başardanok. Iň gowusy, özüňi sakla, gazygyňdan daşlaşma... Soltan Mahmyt han enesi Mahlar aýymy taşlap, täji-tagtyndan geçip, Kokantdan gaçyp gidişine öz adamlary bilen Şährihana bardy. Ol ýerden Andijan we Uzgan galasyna gidip, gaýtadan goşun ýygnamagyň, Alaý gyrgyzlaryny buharalylaryň garşysyna galdyrmagyň aladasyny edip başlady. Ýöne Aýhanpaşşanyň Kokantdan Şährihana kowlany üçin dergazap bolup ýören ýerli halk Soltan Mahmyt hanyň şähere gelenini eşidip, ony emir Nasrulla hana tutup bermegi äht etdiler. Olar gije ukuda ýatan hanyň we onuň adamlarynyň üstüne dökülip, el-aýaklaryny bagladylar. Hanyň zerli eginbaşyny egninden çykaryp alyp, oňa köne jul geýdirdiler. Ony araba mündürip, atlaryň başyny Kokanda garşy öwürdiler. Şähere girenlerinde Kokant halky düýn tagta çykan ýaş hanyň bu günki perişan halyny görüp, ýakalaryny tutdular, biwepa dünýäden, şum pelekden dat etdiler. Ony tutup getirenler bolsa, tizräk köşge baryp, emiriň sylag-serpaýyny almaga howlukdylar. Emir Nasrulla han ony uzakdan görüp, gapdala tüýkürdi-de: “Zyndana!” diýip, buýurdy. Soltan Mahmyt hany hem öz ýakynlarynyň ýanyna – bendileriň oturan ýerine eltdiler... Bulary serinden geçirip oturan Abdylla töweregine göz aýlady. Oňa garaňkylykdan Mädaly han, Soltan Mahmyt han, ýaş şazadalar, Mahlar aýym, Aýhanpaşşa dagy seredip oturan ýaly bolup duýuldy. Barynyň gözünde bir sowal: “Bizi nä günlere saldyň? Nämüçin beýtdiň?” Abdyllanyň “Menem edil siz ýaly. Meniňem sizden parhym ýok!” diýip gygyrasy geldi. Ýöne dili diýen etmedi. “Entek bu görýäniňiz nämejik!” diýýän ýaly, olardan ýüzüni sowdy. Çünki Abdylla olara ertir nämeleriň garaşýanyny bilýärdi. A olar näme? Olar Abdyllanyň ertirki gününi, oňa näme garaşýanyny bilýärlermi? Bilýän bolsalar, nämüçin dymyşyp otyrlar? *** Soltan Mahmyt hany Nasrulla hana tutup beren şährihanlylar emirden alan serpaýlaryna monça bolup, Şährihana dolandylar. Olar Kokantda kimleriň zyndana taşlananlygynyň habaryny-da alyp geldiler. Muny eşidip, Aýhanpaşşa oýa çümdi. Ärinden öç alyp, ol dogry etdimi? Soltan Mahmyt hany şährihanlylaryň elinden boşadyp alyp galmazlygy dogrumy? Öz günüsi hem gaýynenesi Mahlar aýymy öz ýany bilen alyp gaýtmazlygy dürsmi? Bularyň barynyň zyndanda oturmagyna Aýhanpaşşanyň özi sebäp bolan-a däldir-dä hernä? Ýa Hapyzyň aýdyşy ýalymy? Kalbym hazyna sakçysy, içinde ýüz-müň syr bar, Gapysyny ýapdy-da, açaryn dildara berdi... “Kasas Kyýamata galmaz” diýlişi ýaly, indi ol bulardan ýeke-ýeke ar alýarmy? Sowal köpeldigiçe Aýhanpaşşanyň ýüregi ezildi. Aslynda dünýä ineňde maňlaýyň şor bolmasyn diý! Şu çaka çenli onuň eden işi tersine boldy, baran ýeri betbagtlyk. Ol Uratepäniň sergin sähralaryny halaýardy. Emma atasynyň elinden ähli zadyny alyp, Şährihana sürgün etdiler. Ol seýit Kasymy söýüpdi! Emma emir Omar han zora daýanyp, ony öz nikasyna aldy. Ýöne Aýhanpaşşany zorlan ol derrende uzak ýaşamady, ýaş gelniň gargyşy sebäp boldumy ýa başga zatmy, otuz ýaşynda dünýäden ötdi. Ýaňy bir: “Dynaýdym” diýip, arkasyna şemal çalan wagty bolsa, ölen derrendäniň özündenem wagşy ogly Mädaly pälazan ähli dini düzgünleri basgylap, ymmata sygmajak iş etdi – öweý enesine öýlendi. Bar, muňa-da jähennem diýseň, bigünä Muhammet Şarifi derýa gark etdirip, hiç bir ýazygy bolmadyk seýit Kasym ýigdekçäni daşlap öldürtdi. Ana, indi onuň öz başy-da jellat gylyjynyň astynda! Olaryň günäsi Aýhanpaşşanyň boýnunda galmasa-da biri. Onuň Mädaly pälazandan iki ogly bar. Olara ýaňy bir mähri oýanyp başlan çagy ol gyrpa gyzyl şagal perzentleriniň birini emir Nasrulla hana girew hökmünde berdi, beýlekisini bolsa köşge gabap goýdy. Ynha, indem bigünä şazadalaryň ikisi-de Kokant zyndanynda öz ölümlerine garaşyp otyrlar. Olaryň ölüminiň günäsi ahyret gününde Aýhanpaşşanyň boýnuna bir düşmän dursa... Aýtmaklaryna görä, emir Nasrulla han Hanaly derwüşi hem zyndana taşlapdyr... Indi gijäniň ýarymynda ukusyz oturan Aýhanpaşşa näme etmeli? Bimöçber günälerinden ýaňa edýän doga-dileglerini Hudaý eşidýärmikä bir? Emir Nasrulla hanyň huzuryna barsa, nähili bolar? “Sen ärim Mädaly hanyň bimessepliginiň garşysyna uruş etdiň, aslynda bimmesseplige sebäp bolan ärim däl, asyl sebäpkär men. Beýlekileri boşadyp, meni öldür!” diýse näder? Hawa, bolar, şeýtse, dogry bolar. Şeýtse, Hudaýyň rehimi inip, doga-dileglerini kabul eder, günälerini bagyşlar, ahyretini abat eýlär! Abdylla ýarygijeler gara dere batyp, ukudan oýandy. Nämeden gorkdy? Düýşüne näme girdi? Nämüçin basyrganyp turdy. Her näçe jan etse-de, ol özüni şular ýaly ahwala salan düýşüni ýada salyp bilmedi. Uzakda bir ýerde enesi Josiýat bibiniň sudury görnüp giden dek boldy. Bir gezek gyş aýlary Abdylla öz gahrymany Kümüşi “öldürip”, eýwanda aglap otyrka enesi gelip: “Sen, oglum, däliräpsiň!” diýipdi. Ýöne häzir ol hiç kimi öldürmedi, hiç kimiň kastyna çykmady ahyryn. Ol töweregine garady. Edil beýleki tussaglar ýaly, öz ölümine garaşyp ýatyr. Ýa şu ölüme garaşmak duýgusy ukudan oýardymyka? Hawa, indi näme etmeli? Gygyrsynmy, uwlasynmy, dady-perýat etsinmi? Peýdasy ýok... Ol türmä gelen ilkinji gününi – dişini gyjap, Winokurowy öldürmek hyýalyna münen pursatyny ýatlady. Hany indi Winokurow? Nirede?.. Bu zatlaryň bary Hudaýyň elinde! Häzir ýer titräp, şäherde erkinlikde ýatan ähli sülçüleriň, garawullaryň şo ýatan ýerlerinde ölüp galmaklary bolmajak zat däl. Betondan bina edilen bu türme bolsa, abat galjak ýeke-täk ymarat bolmagy mümkin... Syçanyň hini müň tylla! Abdyllanyň gorkup basyrganmasy ajala garaşyp ýatanlygy zerarly däl. Onda nämeden? Beýlekileri ölümi üçinmi? Winokurowyňmy, Jurat aksakalyňmy, professor Zasypkiniňmi, molla Kosoniý bilen Mübäregiňmi?.. Bularyň ölüminde Abdyllanyň näme günäsi bar? Ýa olara-da onuň maňlaýynyň garalygyndan ýokdumyka? Trigulow şolar üçin bir yşarat eden-ä däldir-dä? Ölenler özleri üçin däl, beýlekiler sebäpli öldüler. Şonuň üçin ir ölenlere aňsat düşýär. Beýlekiler ir ölüp, Abdylla gijä galaýdy öýdýän? Onda näme etmeli? Deçjal Trigulowyň ýanyna baryp, edenu-etmedik günäleriniň baryny boýnuna alyp, özüniň tizräk atylyp öldürilmegini soramalymy? Ýöne onuň ölümi bilen düzeljek zat barmy? At basgylap geçen yzgarly ýerde, Torç edilen otlaň üstünde yz bar, Garaňky sözlerden sokur içimde Ömür garaşmadyk närselerim bar. Maddanyň atsyz hem üýtgewsiz durky, Daragtyň saýasy, saýanyň şekli, Şekiliň ýalkymy, ýalkymyň ady Ot kimin, suw kimin çagyrar belki. Toprakdan hem daşdan öň bina bolan Çaň-toty tozadan perwana kimin, Tümde ýyldyz nurun tapmadyk deýin Ähli zada garşy aýaga galan Birahatlyk, saňa at gözleýäris, Bir owurt suwmy sen, ýeke döwüm nan? Ýa derwüşe berlen ajal deý engam, Tapylsa nogsanly, ýitse gerekli?.. | |
|
√ Janserek -2: romanyñ dowamy - 13.03.2024 |
√ Janserek -13: romanyñ soñy - 20.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -8: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap: roman - 06.06.2024 |
√ Hakyň didary -4/ romanyň dowamy - 29.02.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -7: romanyň dowamy - 02.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -11: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Hakyň didary -7/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Dirilik suwy -8: romanyň dowamy - 03.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -16: romanyň dowamy - 22.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |