22:58 Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -11: romanyň dowamy | |
“KIM URDY”
Romanlar
“Buhara, Ýasawulbaşynyň öýi, Köşk 1841-nji ýylyň 26-njy ýanwary, sişenbe. Gadyrly Todd! Özümiň we şu haty eltip berýän adamyň bihuda ölümine sebäp bolmak gorkusy bilen häzire çenli dymmaga mejbur boldum. Häzirki batyrlygym bolsa, emir bilen aramyň sazlygy üçindir. Bu ýagdaýyň wagtlaýyn bolmagy mümkin. Şol sebäpli haýyş edýän, howply ýagdaýa düşmezligim üçin maňa gizlin hat-habar ýollamaň. Emiriň emrine görä, 25-nji oktýabrda men öz hökümetimize Buhara bilen Ylalaşyk talabyny ýazdym. Bu Ylalaşyk hatynyň Britaniýanyň bu ýerdäki bähbitlerini araýan ilkinji ädimdigine ynanýaryn. (...) Meni 8-nji oktýabrda azat etdiler. Ýöne Ýasawulbaşynyň öýünde, şugulçylaryň arasynda sakladylar. 17-nji ýanwarda ýaşaýan ýerimi üýtgetdiler. Ozalky wezir Nur Muhammet bekiň kaşaň jaýyna göçürdiler. Häzir ol Çärjewe häkim edilip bellenildi. Meniň şindiki edýän işim, ýanymdaky kitaplary bularyň diline terjime edýän. Ondan daşary Ýewropa goşunlary hakda emir üçin hasabat taýynlaýaryn. 15-nji ýanwarda emir üşükli bir adamy maňa kömekçi edip belledi. Häzir iýsem – öňümde, iýmesem – ardymda. Işim üçin hazynadan isledigimçe pul alyp bilýärin. 4 günüň dowamynda ýüz görülýän aýna ýasadym, ony geçen ýekşenbede, 24-nji ýanwarda emir hezretlerine iberdim. Ol muňa köp şat boldy. Sebäbi bular ýüz görülýän aýnany kümüş çaýmak usuly arkaly ýasap bolýanyny bilmeýär eken. Emiriň özi bolsa nije mahal bäri şeýle aýnanyň arzuwynda eken. Bu ýagdaý birneme gülküli görünse-de, şojagaz aýna emiriň iň bir seýrek hem täsin zatlarynyň hatarynda görülýär. Muňa menem çäksiz begenýärin. Umuman, kitaplarym maňa uly kömek edýär. Eger ýagdaýy bolsa, maňa mümkingadar köpräk kitap, biraz derman-däri hem-de minerallary anyklar ýaly enjamlary iberseňiz, çuňňur minnetdar bolardym. Aslynda iki daňy etseňiz, birinjä Ridiň “Himiýa”, Koplandyň “Tebipçiligiň sözlügi”, balaryçylyga, magdançylyga we şulara meňzeş kitaplary, ikinjä bolsa, hatlary, gazetleri ýerleşdirip iberseňiz gowy bolardy. Birinji daňyny dogry emiriň öz eline gowşurmaly, ikinjini bolsa, biraz gijikdirip, maňa getirip bersinler. Elbetde, birnäçe galam, syýa, brendi (Fransuz konýagy) iberseňiz, oňa ýetesi zat ýok. Ýene bir närse barada aýdasym gelýär, emiriň göwnüni awlamak üçin oňa biziň paýtunlarymyzdan birini ugratsaňyz, maksada laýyk boljak. Paýtun altyn-kümüş bilen bezelen bolmaly däldir. Çünki emir sopuçylyga uýýar. Emma paýtunçynyň oturgyjynyň emiriň oturgyjyndan pes bolmagy hökmanydyr. Arabanyň arşy iki ýa dört ata niýetlenmelidir. Jylawy hindi gaýyşyndan, kejebäniň içi ýüpekden tikilen, tekerleri hem beýigräk bolmalydyr. Maňa-da kiçiräk araba iberilse, kem bolmazdy. Uzak arakesmeden soň ýazan hatymyň äheňi birneme geňräk görünmegi mümkin. Ýöne men Hökümetimiziň bähbitlerini arap, esasan ruslary bu ýerden çetleşdirip, emiri bolsa öz tarapymyza çekmek niýeti bilen elimden gelenini edýärin. Bu ýerde diňe bir adamyň aýdany aýdan, diýeni diýen. Ol adam emirdir. Burbonlaryň biriniň aýdyşy ýaly: “Döwletmi? Şol Döwlet – men!” Muhammet Hüseýin han Kaşyý bu ýerden 31-nji oktýabrda gidip, elli günden siziň habaryňyzy getirerin diýip wada berdi. Biz bilen emiriň Ylalaşyk talabynyň ýerine ýetirilmegi üçin 90 gün möhlet berildi. Eýýäm onuň 85 güni geçdi. Sizden bolsa henize çenli bir agyz jogap gelenok. Emir ynandyryjy delillere sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Öňki hatyňyzda maslahat beren adamyňyz Abdusamat meni 4-5 gezek ölümiň bäri ýanyna eltdi. Oňat ýeri, emiriň özi maňa ynanyp, azat etdi. Hudaýa şükür, men azat, Hudaý ugruna etse, bu ýerde Hökümetimiz we iň ýakyn dostlarym näçe islese, şonça-da hyzmat ederin. Gadyrly Todd, seniň päk ýürekli dostuň Çarlz Ştoddart”. Abdylla haty okap gutaransoň, Mübärek: – Mende şular ýaly kagyz köp – diýip pyşyrdady. – Dellek Moşe eke öz adamymyzdyr. Soraberiň... Abdylla näme diýjegini bilmedi. Bular ýaly kagyzlar gerekmi özi? Dogry, emirligiň taryhyna degişli zatlary öwrense boljak. Ýöne olary “Haremhana gyzy” atly kyssasynda ulanyp bolarmy? Eger Aýhanpaşşa bilen baglanyşygy ýok bolsa, nämä derkar? Birdenkä Abdyllanyň kellesine täze hyýal geldi. Bularyň bary – Uly Oýnuň şöhlelenmesi bolmasyn! Häzire çenli kyssanyň agramly bölegini haremhana gyzyna bagyşlan bolsa, belki, indi Uly Oýna dahylly ähli zatlary hasaba almagy gerekdir. Eýsem, ol özüni milli ýazyjy hasap etmeýärmi näme? Milli ýazyjy bolýan bolsaň, halkyň taryhynyň haýsy degirmen daşynda üwelip, neneňsi un çykarandygyny bilmeseň, bahaň ikilik! Ýeri, bolýar, häzirlikçe Mübäregiň bir ýerlerden tapyp getiren dokumentleri bilen tanşybersin. Oňa çenli bolsa, Ependi aýtmyşlaýyn, ýa şa öler, ýa eşek... Şu ýerde başga bir hat Abdyllanyň ýadyna düşüp, gözüne ýaş aýlandy. Moskwada okaýan döwri ejesi Josiýat bibi agtyklarynyň birine ýazdyryp, hat iberipdir: “Abdylla, balam, Orsýetde entäp ýörmän, tizräk dolan! Ötegçi dünýedir, meňem näçe günüm galany belli däl. Soň hoşlaşybam ýetişmedim diýme...” Ejesiniň mekirlik edýändigine düşünen Abdylla onuň hatyna degişme bilen jogap ýazdy: “Eje, hatyňda “ölmänkäm tizräk gel!” diýipsiň. Gorkma. Sen entekler ölmersiň. Senden uly daýzalarym Ubaýda, Buwma, Rokiýa dagy heniz diri. Nädip olaryň nobatyny aljak? Hany seniň özüňden ululara sylag-hormatyň?..” Şo gezek ejesine göwünlik berjek bolup, Abdylla daýzalarynyň göwnüne degen eken. Ejesiniň aýdyp bermegine görä, şo hat sebäpli daýzalary Abdylladan öler ýaly gaty görüpdir. Bir gezek bir üýşmeleňde Rokiýa daýzasy Abdyllanyň ejesine garap: – Josiýat, janyň bir sagmy? Halyň teň görünýär-le? – diýipdir. – Hawa, birazajyk demim gysjak bolýar. Şonda uýalaryň iň ulusy Ubaýda kinaýa bilen: – Demi gyssa-da, Josiýat entekler ölmez, Rokiýa. Sebäbi ölmek nobaty ilki meniňki, soň Buwmanyňky, ondan soň seňki, iň soňunda Josiýatyňky. Ogly Abdylla şeý diýip ýazypmyş... – diýipdir. *** Şu ýerde Abdyllanyň ýatlamalarynyň arasy bölündi. Gena Taşkentskiniň Solýarka diýen ýarany gelip, hojaýynynyň Mübäregi çagyrýandygyny habar berdi. – Bir tarapdan siziň keselläniňiz bähbide çekdi, size degmezler. Siziň keseliňiz maňa-da ýokuşmazmyka? – diýip, Mübärek ogrularyň baştutanynyň ýanyna howlukdy. Ogrular her gün birhili oýun tapyp, Mübäregiň üstünden gülýärdiler. Köýneginiň ýeňini ýüzüne tutup: “Ýyldyz görjekmi?” diýip, ýokarsyndan bir kürüşge suw guýardylar. Ýa-da gözüni daňyp, oňa sürüjiniň roluny bererdiler. “Çepe öwrül!”, “Köçeden kempir geçip barýar!”, “Saklan!”, “Öňüňden pişik geçdi!”, “Ana, milisiýa!” diýip, yzyndan gygyryp, ber-başagaý ederdiler. Dagy başga iş tapmasalar, gözüni ýumduryp, “Kim urdy?” oýnardylar. Özi-de bu ýigrenijiler bar güýji bilen urardylar. Görgüli Mübärek bularyň urgusyndan käte togalanyp gidýär. Kimiň uranyny dogry biläýse-de, ogrular karamlyk edip, ony gynamagyny dowam etdirýärdiler. Abdyllanyň bolsa, bu işe goşulmaga halys ýagdaýy ýokdy. Hassalyk bilen tükeniksiz soraga çagyrmalar ony tapdan düşüripdi. Ol-a kişiniň arkasyny tutmak eken, özüni-de gorap biljek däldi. Bu gezek ogrular Mübäregiň hekaýatyny diňlemek üçin çagyrypdyrlar. Ysgynsyz göwresini kese taşlap, ýanbaşyna ýatan Abdyllanyň ýanyna molla Kosoniý geldi. – Birki gün bäri ideýän ýok welin, ýokarkylar senlik işini dynaýdylar öýdýän, gadyrdan! – diýip, goja gyzyklandy. – Kim bilýä, ýüregimdäki dilimde, aýtmaly zatlaryň hemmesini aýdyp berdim. Indi eşiden zatlaryny elekden geçirip oturan bolsalar gerek – diýip, Abdylla ýatan ýerinden egnini gysdy. Onuň dik oturmaga mejaly ýokdy. Birazdan bir zat ýadyna düşüp, onuň anygyna ýetmäge howlugýan ýaly: – Molla, Buhara emiri Nasrulla han çyndanam Britan korolewasy Wiktoriýa hat ýazypmy? – diýip sorady. – Diňe ol däl, emir Temur Kuragan hem Britan korolyna hat ýollapdyr. Emma seni gyzykdyrýan emir Nasrulla han 1257-nji hijri ýylynyň muharram aýynyň 14-ne, Nowruzdan bir hepde öň, iňlis içalysy Ştoddartyň adamlarynyň üsti bilen korolewa Wiktoriýa Ylalaşyk hatyny iberipdir. Bir döwürler men ol haty ýat tutdum. “Ýokary wezipeli, belent mertebeli, bagtyýarlyk güneşiniň nury, paýhas deňziniň päk düri, dünýä bossanynyň soltanlyk gülüni adalat derýasy bilen gandyran, ony bagtyýarlyga we abadançylyga ýetiren, Jemşit ýaly beýik, Peridun kimin adyl, mesihiler soltanlygynyň şasy, Isanyň döwletli köşgüniň hökümdary, külli Ýewropanyň howandary, Size mälim bolsun! Ykbalyň emrine görä, Allatagalanyň merhemeti bilen häkimligiň berkarar tagtynda oturan we ony dolandyrýan, Siziň sadyk guluňyz bolan biz bu haty ýazmak bilen umumy maksatlarymyzyň hakykat ýüzünde şöhlelenjekdigine umyt baglaýarys.” – Gadyrdan, sen pallap başladyň, kelläňi agyrtmaýyn, gowusy, hatyň gysgaça manysyny aýdyp bereýin. – Ýok, ýok, pallamok. Gaýtam, bu haty eşidip, gözüme ýaş aýlandy... Gulagy agyr bolansoň, molla Kosoniý ony eşitmedi, ýa eşitse-de, eşitmezlige saldy. – Gepiň gysgasy, emir hemmelere deň göz bilen garaýandygyny, rus bolsun ýa başga ýurduň söwdagärleri bolsun, parhy ýok, öz başlaryna özleri belany satyn almasalar bolany, olary hormat bilen myhman alýandygyny we kabul edýändigini ýazypdyr. Ştoddartyň ilki gelende ýerli urp-adatlary bilmeýändigi, indi ähli däp-dessurlara eýerip belent derejä eýe bolandygy barada habar beripdir. Emir hatynyň soňunda korolewa ýüzlenip: “Biziň dostlukly ylalaşygymyz halkymyzyň abadançylygy üçin bähbitli bolar diýen umyda bil baglaýas. – diýipdir. – Eger beýik soltanlyk bu işe hoşamaýlyk bildirse, ähli mesele oňyn çözülip, hoşniýetli gatnaşyklar rowaç bolar. Tersine bolan halatynda-da gelnen netije barada bizi habardar etmegiňiz gerekdir”. Bir dokumentiň şaýatlyk etmegine görä, bu hatyň ýazylmagyna Abdusamat topçy hem gatnaşypdyr. O wagtlar Abdusamat eýýäm topçulykdan naýyplyk derejesine ýeten eken. Şonuň üçin ol köp meselä baş goşup bilipdir. Başga ýazgylarda onuň örän hilegär, kezzap hem sypjyk adam bolandygy barada agzalýar. Ýogsa, bir ýerlerden peýda bolan gelmişek iki-üç ýylyň içinde Buhara emiriniň weziri derejesine ýetermi? Käbir dokumentlerde onuň iňlisleriň dikmesi bolandygy aýdylýar. Hakykatdan hem ol Töwrizde bolanda-da, Hindistana göçende-de, Owganystana baranda-da, garaz, ýigrimi ýyllap iňlisler bilen gatnaşyk saklapdyr. Ahyry emir Ştoddarty Abdusamat naýybyň öýüne göçüripdir. Abdusamat bu ýagdaýdan peýdalanypdyr. Bir tarapdan, Ştoddarty ynandyryp, onuň pul bermek baradaky wadasyny kagyza ýazdyryp alypdyr. Ikinji tarapdan bolsa, ynanjaň emiri yrmak üçin owadan gepler tapypdyr: “Britaniýa Siziň dostuňyzdyr! Men muny diňe Siz barada aýdamok, Sizden soňky nebereleriňizi hem göz öňünde tutup aýdýaryn. Britaniýa ruslary Türküstandan kowup çykarmakçy, Siz bolsa özbek hanlarynyň içinde iň ulusy we iň edenlisi! Şo sebäpli olar özleriniň iň ýokary mertebeli ilçisini Siziň huzuryňyza iberdi. Ruslar Hywa hanynyň ýesir alan adamlary üçin ar almagy bahana edinip, Türküstana ýöriş etmekçi bolýarlar. Munuň öňüni almagyň ýeke-täk ýoly Britaniýa bilen dostlaşmakdyr...” Emiriň: “Ýeri, beýle bolsa, näme etmeli?” diýen soragyna ähli zady öňünden biçip goýan Abdusamat naýyp goltugyndan bir kagyzy çykaryp: “Ine, şuňa serediň!” diýip uzadypdyr. Ertesi emiriň ynamdar adamy Aşyrbek Abdusamat naýybyň öýüne gelipdir. Ol altyn möhür basylan zerli kagyzy Ştoddartyň eline tutduryp: “Muny iň wepaly adamyň bilen korolewa iber!” diýip buýrupdyr... *** Gije, hemmeler ýatansoň, demir gapy açylyp: – Kadyry, çyk! – diýen buýruk ýaňlandy. Abdylla donuny egnine çekip, gapa ýöneldi. Yzyndan Sadygyň: “Allaň özi gorawersin!” diýen dilegi eşidildi. Bu dilegi Sadyk Abdylla üçin aýtdymy ýa özi üçin, belli bolman galdy. Ýöne adaty adamyň adaty sesi gapydan çykyp barýan Abdyllanyň göwnüne teselli berdi. Nobatçy esger ony däliziň ugry bilen ikinji gata däl-de, ters tarapa alyp gitdi. Diýmek, bu gezek ýüzleşdirmäge ýa sorag etmäge çagyrmandyrlar. Atmajaklary hem belli zat. Atmak üçin daşaryk çykmaly. Ýa daşarygam çykarman, türmäň içinde gümlama iberäýýärlermikä? Ony diýseňem, tüpeň sesleri eşidiläýjek ýaly. Günüň öňüni etek bilen ýapyp bolanok, derrew gep-gürrüň ýaýraýar. Ana, 42-nji kameradaky şumluklary hemmeler eşidýär ahyryn... Ýok, esger ony ilki sorag edilen otagyna alyp bardy. Gapydan içerik ätlese, stoluň aňry çetinde deýýus Trigulowyň özi otyr. Öňünde-de Abdylla üçin gozgalan işiň galyň papkasy. Trigulow özbekçeläp: – Otur! – diýdi. Garawula bolsa “Häzirlikçe sen boş!” diýen yşaraty etdi. Esger dälize çykdy. Trigulow papiros otlandy-da, portsigaryny Abdylla tarap uzatdy: – Çekýäňmi? Al, çekiber... Türmede beýleki tussaglar bilen temmäki dolap çekip ýören Abdylla Trigulowyň hödürinden ýüz öwürmedi, papirosyň birini sogrup aldy. Papirosy otlamak üçin sülçi oňa otluçöp däl-de, öz papirosyny uzatdy. Abdylla papirosyny işdämen sordy, ýumşak we ýyly tütün içine doldy, bada-bat başy aýlandy. – Sen güýçli ýazyjy ekeniň, okadym... Berdi tatary gowy suratlandyrypsyň! Haýriniň çola ýerde töweregine garanjaklap, özüni öpdürişi, gujakladyşy... “Gulajyn gözün süzmän, buga ýüpün üzmez” diýdiňmi? Tüýs ýerine düşüpdir. Şadyman baý gyzyny başga birine berip, Berdini 15 ýyl mugt işledýär. Berdi palta bilen ony çapyp taşlaýar, ä? Edil Dostoýewskidäki ýaly... – diýip, Trigulow “Abid kätmeni” okandygyny, umuman edebiýatdan bihabar däldigini görkezmäge çalyşdy. – Bilýäňmi näme, menem käte oduk-buduk ýazýan... Dogry, soňky döwür ýazmaga wagt ýok – diýip, sülçi açyk gürrüň edip başlady. Abdylla papirosyň keýpini görüp oturyşyna: “Näme diýjek bolýarka?” diýip oýlandy. – Seniň işleriň öwerlik däl! – diýip, Trigulow dowam etdi. – Soňky günler men seň kärdeşleriň köpüsini sorag etdim. Olaryň sen barada aýdan zatlaryny... Sülçi sözüni doly gutarman, sakyndy, kellesine täze pikir gelen bolarly. – Sen – ýazyjy. Hany, göreli, adam tanap bilýärmikäň? Men okaýan, senem kimiň sözüdigini aýdýaň, gepleşdikmi – diýip, ol okap başlady: – Abdylla Kadyry hakyky milletçi hasap edilýär. Ozallar ol baý söwdagär bolan, öz hojalygynda adamlary ezip işlederdi. Mundan başga-da Zahiriddin Aglam Şahydow ýaly kontrrewolýusion ruhly musulman ruhanylary bilen hemişe ýakyn gatnaşyk saklap gezdi. Dogan-garyndaşlary kontrrewolýusion hereketleri üçin jenaýat jogapkärçiligine çekilen. 1936-njy ýylda özbek ýazyjylarynyň bir topary Kazan şäherine sapara gitdi. Kazan şäheriniň “Sowetskaýa” myhmanhanasynda ýaşan wagtymyz Kadyry maňa şeýle diýdi: “Tatarystanda we Wolga boýundaky nemesleriň awtonomiýasynda azyk-owkat ýetmezçilik edýär. Sowetler muny ýöriteläp şeýdýärler. Germaniýada bolsa, Tatarystana we Wolga boýundaky nemes awtonomiýasyna haýyr-yhsan kömegini bermek üçin taýýarlyk görülýär. Sowet Soýuzy Germaniýadan asgyn. Eger uruş tursa, Sowetler ýeňiler...” – Gafurmy? – diýip, Abdylla basyk ses bilen sorady. Trigulow jogap bermedi. Başga sahypalara göz aýlady. 30-njy ýyl bolsa gerek, bir gün Abdylla howlusynda kerpiç örmek bilen başagaý bolup ýördi. Gijara göz edýän ýaly, täp-täzeje welosipedini münüp Gafur gelipdi. Gözünde-de Çolpanyňky ýaly äýnek. Ýöne Çolpan äýnegiň aňyrsyndan dogry gözüňe garardy, bu bolsa, göni seredip bilmän nazaryny sowýardy. “Gowy welosiped-ä edinipsiň, Gafur!” diýip, Abdylla işinden ünsüni bölmän, ony öwdi. “Daýym Rigadan getirip berdi” diýip, şahyr ýigit dillendi. Abdylla: “Mekdep nähili?” diýip gyzyklandy. Gafur göni seredip bilmän, zeýrendi: “Çagalary okatmak durşy bilen güzap. Gar tozgajyklary barada şunça öwretjek bolýan welin, hiç düşünenoklar”. “Tomus çagalar gary näbilsin?! – diýip, Abdylla elindäki guralyň sapy bilen kerpiji kakdy. – Sen biraz aňyrrak süýş, üstüňe laý syçraýmasyn”. “Ýok, gaýtam, menem elimi degireýin, kömekleşeýin...” diýip, Gafur bir eli bilen welosipedini saklap, beýleki eli bilen kerpiç uzatmakçy boldy. Ýöne gözüne Gün şöhlesi düşdümi ýa seretmen okladymy, onuň kerpiji Abdyllanyň eline ýetmedi, gülçüldäp, aşakdaky laýa gaçdy. Gafuryň soňky biçüwli eginbaşyna hem täzeje welosipedine laý syçrap, görer ýaly bolmady. “Wah, aýtmadymmy ýaňy...” diýip, Abdylla gynanyp baş ýaýkady... Trigulow başga kagyzdan okap başlady: – “Edebiýatymyza sokulyp giren kontrrewolýusion milletçileriň içalylary özbek edebiýatyny bölüp...” Ýok... bolýa, bu däl... – Trigulow kagyzlary agdaryşdyryp başlady. – Hawa, ine: “Buržuaz milletçiler tarapyndan götergilenen we olaryň öwgüsinden başy aýlanan ýazyjysumaklaryň birinjisi Abdylla Kadyrydyr. Buržuaz milletçiler tä derbi-dagyn edilýänçä Abdylla Kadyry buržuaz synpyna wepaly hyzmat etdi...” Trigulow göz gytagyny Abdylla tarap aýlady. Ondan jogap bolmansoň, başga kagyza geçdi: – “Abdylla Kadyry özüniň göýä Sowetleriň tarapyna geçendiginiň delili hökmünde “Abid kätmen” eserini görkezýär. Gynansak-da, bu ýazyjy Sowetleriň tarapyna geçenok we Sowetlere garşy göreşmek üçin ýüzüne nikap çekýär...” Pikir kölüne batan Abdylladan ýene jogap bolmady. Trigulow yzyndaky sahypa geçip, sesini durlady. – “Romanyň stili geçmiş edebiýatymyzyň çylşyrymly hem aýlawly, emma wagty geçen, köne stiline meňzeýär... Atabek diňe yşk ýolunda göreşýär, durmuşda özüni görkezmeli ýerde, halkyň başyna agyr gün düşende ol ýorganyň aşagynda busup ýatyr...” – Aýbek. Bu makala geçen ýyl çap bolupdy – diýip, Abdylla papirosyny işdämen sordy. – Özi oňat ýigit. Leningradda okady, SAGU-ny gutardy, sowatly edebiýatşynas. Üssesine-de şahyr, ýaşlygyna garamazdan, uniwersitetde bilim berýär, aýaly hem alym... – Hawa – diýip, Trigulow ylalaşýan manyda baş atdy-da, gazet bölegini çykardy. – “Aýbek Atajan Haşym bilen bile edebiýat dersi üçin programma düzdi. Bu programmada diňe Baty, Çolpan, Abdylla Kadyry ýaly kontrrewolýusion milletçileriň döredijiligine orun berlipdir. Emma olaryň edebiýatdaky bidüzgünçilikleri açylmandyr.” “Aýbeki nähak öwäýdim öýdýän – diýip, Abdylla oýa batdy. – Munuň üçin ony süýremän dursalaram ýagşydyr!” Trigulow galyň papkany ýapyp, pat-pat edip kakdy, kanagat bilen: – Bularyň bar şu ýerde! – diýdi. – Kurbanow, Ahundy, Kahhar, Nazirin, Hüseýinow... Ikisi-de papirosyny soňky gezek çuňňur sorup, sessiz oturdylar. Dymyşlygy ilki bolup Trigulow bozdy: – Mundan beýläk näme ederis? – diýip sorady. Abdylla: “Haýsy manyda?” diýýän dek soragly garaýyş bilen sülçini dikanlady. – Seniň bilen çekistleriň durmuşyndan oňat detektiw ýazyp bilerdik. Gel, ilki giçki sene bolsa-da, şuňa goluňy çek! Ol 15-nji mart diýlip bellenen kagyzy Abdylla garşy uzatdy. Bu kagyz derňewiň gutaranlygyny aňladýan delil. Onda: “Derňewiň tamamlanandygy barada maňa habar berildi. Derňew materiallary bilen tanyşdym. Derňewe degişli arz-şikaýatym ýok” diýlip ýazylgydy. Abdylla galamy eline alyp: “Men hiç hili antisowet gurama agza bolmadym” diýip ýazdy-da, aşagyna gol çekdi. *** Ertirlik nahar wagty Mübärek Abdylla ýüzlenip: – Molla eke, temmäki dolamak üçin täze kagyz bar” diýip habar berdi. Ertirlikden soň ogrular özara oýna güýmendiler. Mübärek bolsa, pursatdan peýdalanyp, hamana temmäki dolamak üçin berýän ýaly, dört eplenen kagyzy uzatdy. “Buhara, 1841-nji ýyl, 29-njy mart. Gadyrdan Konolli! Seniň Ürgençden Kokanda ugramak niýetiňi bilip, emiriň buýrugy bilen meniň adymdan ýazylan hatyň iňlisçesini hem parsçasyny iýerýärin. Elbetde, Ürgenç we Kokant Buhara emiriniň tabynlygynda däl. Ýöne özbek hanlarynyň özara ýyly gatnaşyklary, olaryň goňşy döwletler bilen ylalaşykly dostlugy Britaniýa üçin bähbitlidir. Bu haty okap, seniň geňirgenmegiň mümkin. Sen Britan hökümetiniň tabşyryklaryny ýerine ýetirýärsiň, şol bir wagtda onuň emire zyýany degmez diýip umyt edýärin. 2. Seniň Kokanda gitmegiň Ürgenç hanyny gynandyryp, onuň bilen gatnaşyklaryň üzülmegine getirmegi mümkin. Onsoňam Kokantda bir özüň gysga wagtyň içinde köp zada ýetişmezligiň mümkin. 3. Kokant hany öz goşunyny Ýewropanyň berk nyzamly harby düzgünlerine laýyk taýynlaýar. Olar türgenleşik işlerini dürli ýerlerde 10-20 adam bolup, Kabuldan gelen ofiserleriň we emiriň golastyndan gaçyp giden eýranlylaryň ýolbaşçylygynda geçirýär. Gadoi Muhammet Bek bolsa, Uratepäniň häkimligine göterildi. 4. Men saňa emiriň Britan hökümetine ýazan hatynyň göçürmesini iberýärin. Ol hatyň mazmunyndan many çykaryp, sen özbek hanlarynyň özara gatnaşyklary barada emire habar bermelisiň. Çünki emir özbek hanlarynyň arasynda iň ulusydyr. Şonuň üçin ähli täzelikleri maňa iberip dur. 5. Hywa hany hezretlerine ilçi iberendigi üçin meniň minnetdarlygymy ýetir! 6. Eger saňa pul gerek bolsa, iberip bilerin ýa-da amatly bolar öýtseň, hasabyňy meniň adyma iber. Çuňňur hormat bilen Çarlz Ştoddart.” – Tizräk temmäki dolaň! – diýip, Mübärek pyşyrdady. – Ana, gelýärler. Abdylla hatyň aşagyna seretmän, howul-hara temmäki dolandy. Görse, iki molla – Kosoniý bilen Şybyrgany ýetip gelýär. Salam-helikden soň, molla Şybyrgany siňekden goranýan ýaly elini galgadyp, temmäki tüssesini dagadyp, dillendi: – Biz Bedil barada söhbet edeli diýen maslahata geldik. Ol uly şahyr. Onuň “Aýna” diýen gazaly iki-üç sany wajyp meseläni gozgaýar. Bu şahyr siziň ýurduňyzda-da halanmaýandyr öýtmeýärin. Gaýtam gowy görülýär diýip eşidýäs. Aýna baradaky gazaly okap, her kim pikirini aýtsa, niçik bolar? Temmäkini basymrak çekip gutarmak üçin başagaý bolup oturan Abdylla bilen Mübäregiň jogabyna-da garaşman, ol gazaly okap başlady: – Haýran bolup bakýan gözüň kirpik bilen işi ýok, Aýna tümlükde ýatandyr, diwary, işigi ýok. – Beýdiň düşündirişine seredeliň. Bu ýerde göz köňlüň aýnasydyr. Köňül haýrana galanda onuň kapasasy açylýar – diýip, Molla Şybyrgany molla Kosoniniň ýüzüne köpmanyly bakdy. Molla Kosoniý onuň okan beýdine ilki goşmaça düşündiriş bermekçi boldy, soň goýbolsun edip, özi Bedilden beýt okady: – Aýşy-eşretiň jadysy gam-gussany dep etmez, Alan demiň aýnanyň otagyna hiç ýetmez. Molla Kosoniý okan beýdine düşündiriş bermäge durdy: – Bu ýerde Bedil aýdýar, aýna demiň düşse, onuň ýüzüniň lowurdysy gidip, tutuksy görner diýýär. Aýşy-eşretiň jadysy biziň gaýgymyzyň, derdimiziň ýüzüni örtüp biler, ýöne ony ýom-ýok edip bilmez. Molla Kosoniý nobaty Abdylla berip: – Bu oýunda Çolpan has ezber, ýöne senem ondan kem dälsiň! – diýdi. Abdylla temmäki tüssesini gapdala üfläp, çilimini Mübäregiň eline tutdurdy. Esasy gürrüňden uzaklaşman, şahyryň iki setirini okady: – Nebsiňe haý diýmeseň, syndyrar ol erkiňi, Şonda aýdyň görkezer aýna seniň durkuňy. – Dogrumy, molla? – diýip, Abdylla gojalara soragly seretdi. Olar baş atyp, tassykladylar. – Şahyryň aýtmakçy bolýan zady, nebsewürlik edip, sähelçe isleg-höwese boýun bolsaňam, aýna seret diýýär, şo mahal ol seniň kimdigiňi ýüze çykarar diýýär. Meniň bu düşündirişim telper bolmagam mümkin. Göçme manyda bu beýdiň üsti bilen çuň pikir aýdylýarmyka diýýän... Şol wagt çlimini kükedip, Mübärek hem gürrüňe goşuldy: – Ýar gamynyň hylwaty ýürekde bolar, görüň, Bu aýnanyň işleri aklyňy alar, görüň... – Bu ýerde aýna kime hyzmat edýär, ýaramy, gamamy, hylwatamy ýa şahyryň özünemi, näbelli... Abdylla haýran galyp, jöhit Mübäregi synlady. Munuň bilmeýän zady ýok. Iňlis içalysy, dünýäniň o künjegi, Buhara taryhy, Bediliň şygyrlary, tüweleme, hemmesinden habarly. – Berekella! – diýip, ol Mübäregiň arkasyna kakdy. *** “Her kim öz ýitigini gözlär” diýlişi ýaly, ýazyjynyň bileni-biteni öz eseri üçin material toplamak. “Ine, bir bölüm-ä taýýar! – diýip, Abdylla öz ýanyndan oýlandy. – Romanda Bediliň gazalyndan peýdalanmak gerek! Ýöne oňa kim teswir bermeli? Mahlar aýymmy ýa Aýhanpaşşa? Belki, Uwaýsiý? Belki-de, üçüsiniň başyny bir ýere jemlese, has oňat bolar? Aýal we aýna! Beýle şowly temany ýörite pikir edibem tapyp bilmersiň!” Başynda Uwaýsiý öz goşgusyny okasa! Köňül aýnasynda men gamdan gaýry zat görmedim, Gördüm ahy-nalany, zerre ýaly şat görmedim... Yzyndan Nodira hem oňa goşulsa! Husnuňy taryp edip, ýazsam gözel kyssany, Köňül aýnasy açar bar syrymy – gussamy... Ondan soň Aýhanpaşşa bulary haýrana goýsa! Sensiz öten günlerim halym agyr, teň boldy, Aýna keşbim görkezmän, ýüzi tozan, çaň boldy... Aýna bahana boldumy ýa şygryýet ylhamy sebäplimi, Abdyllanyň pikir örüsi giňedi. “Kyssamyň şu ýerine iňlisleri hem goşsam, niçik bolar?” diýip, ol oýa çümdi. Professor Zasypkiniň öz-özi bilen ýatdan küşt oýnaýşy kimin, hyýalynda kyssasyny dowam etdirdi... *** Kapitan Artur Konolli, öz aýdyşy boýunça Hanaly derwüş Hywadan Kokanda geldi. Gopbamsy Mädaly han: “Görüň, Iňlisistanyň şa aýaly gadyr edip, ýörite öz ilçisini meniň ýanyma iberipdir!” diýip gabaryldy. Myhmanyň hormatyna zyýapat berdi, kepderilerini we depreklerini görkezdi. “Ine, bu iňlis derwüşi Deliden gelipdir, serediň, maňa Täçmahalyň suraty bilen şu ullakan aýnany sowgat getiripdir!” diýip, Hindistantyň ölemen aşygy Mahlar aýymyň we aýallarynyň ýanynda öwündi. Aýallara esasan özleri bilen boýdaş, uly aýna ýarady. Onuň täsiri “Aýna” şygyr agşamynda-da duýuldy. Pars dilini suwara bilýän Hanaly derwüşem Bedilden we beýleki şahyrlardan habarly eken. Ol şygyr agşamyna goşulyp, Bedilden ilki pars dilinde beýt okady, yzyndan ony türkiçe düşündirdi. Ýalňyşan ýerlerini düzedip bermegini haýyş edýän ýaly, birki ýola Aýhanpaşşa tarap garady. Onuň bilen nazary çaknyşan Aýhanpaşşa muňa derrew düşündi, bada-bat nädogry sözleri düzedip berdi. Bu gök göz ýewropalynyň irimçikligi, syratlylygy, dilewarlygy oňa jana-jan dogany saýan Muhammet Şarif Gulhanyny ýatlatdy. Aýhanpaşşanyň kalbyna gam-gussa aralaşdy. Üssesine-de ol äriniň ýerliksiz gabanjaňlygyndan wehim etdi. Ýöne özbekleriň ýewropalylara ýat göz bilen garaýandyklary ýadyna düşüp, hanyň bolsa, oňa biperwaýlygyny görüp, Aýhanpaşşa az-kem ynjaldy. Şonuň üçinem Gulhanynyň mährem keşbine bakýan deý, bu keseki ýurtly şähdaçyk adama gyzyklanma bilen seretmäge dogum tapdy. Hanaly Beýik Mogollaryň döwründe Hindistanda ýaşap geçen şahyr Zebunissanyň aýna hakyndaky beýdini hem bilýär eken. Ýöne onuň asyl nusgasyny däl-de, iňlis diline terjime edilen görnüşini öwrenipdir. Ol ilki bilen beýdiň iňlisçesini okady, soňundan ony özüçe türkiçä geçirdi: Säher ahy-efgan bilen gözýaş döksem ýürekden, Görünmez aýnada keşbim, duman örter ýüzüni... Ýene-de bilmedik sözlerine ýardam sorap, ol Aýhanpaşşa garady. Aýhanpaşşa hem garaşdyrman, onuň ýalňyş sözlerini dogrulap berdi. Şygyr agşamyna gatnaşýanlar Zebunissanyň gazallaryny ýatlap, bu beýdiň haýsy goşga degişlidigini anyklamaga girişdiler. Her kim bir zat diýdi, emma takyk bilen bolmady. Ahyry Aýhanpaşşa Gülsüm kenizini köşgüň kitaphanasyna iberdi. Ol o ýerden Zebunissanyň “Pynhan diwanyny” alyp geldi. Aýhanpaşşa kitabyň sahypalaryny waraklap oturyşyna göçgünli ses bilen: “Tapdym! Tapdym!” diýip gygyryp, ýanyndakylara gazaly görkezdi. Munuň bilen şygyr agşamy gutarmady. Hanaly derwüş mejlisdäkilere elindäki “Babyrnama” kitabyndan birnäçe surat çykardy. “Ine, bu gyzyl gala Awrangzeb patyşanyň öz dogany Doro Şukuhy öldürip, atasy Şahjahany tussag eden ýeri! Ine, bu ýer Awrangzebiň öz gyzy Zebunissany öý tussaglygynda saklan ýeri! Doro Şukuh öz ogluny we ýegeni Süleýman Şukuhy zyndana taşlaýar, ynha, onuň suraty!” diýip, ýarygijä çenli Babyrlar silsilesiniň soňky ganly günlerinden söhbet açýan suratlary görkezip, gürrüň berdi. “Şalyk täjini başyna geýip, tagta çykmak üçin öz doganlaryny öldüren, atasy bilen gyzyny zyndana taşlan Awrangzeb ömrüniň ahyrynda eden işlerine ökünip, wesýetnama ýazypdyr” diýip, Hanaly derwüş şol wesýetnamanyň göçürilen nusgasyny Mahlaraýyma berdi. Soňra Hindistandan getirilen suratlary paýlady. Aýhanpaşşa bolsa, ol iňlis korolewasynyň paýtuna münüp barýan suratyny berdi we hiç kime bildirmän, oňa çalaja gözüni gypdy... *** – Konolli diýdiňizmi? Bizde o barada-da köp zat bar – diýip, Mübärek Abdylla ýüzlendi. – Bizde hemmesi hakynda bar. Biziň özümiz Iňlisistandan alyp geldik. Men, molla eke, size bir zady aýdaýyn, bu taryh gaty gyzykly! Az-kem wagt berseňiz, görersiňiz, entek dellek Moşe ekäniň işi köp... Londona baranymyzda “Buharaýy Şarifden gelipdirler” diýip, bizi şowhun bilen garşy aldylar. Bir gün Ýusuf Wud diýen iňlis mollasynyň nebereleri bizi myhmançylyga çagyrdy. Ana, şol molla Ýusuf diýýänim ýüz ýyl ozal Buhara gelipdir. Ştoddart bilen Konollini gözläpdir. Buharadan gaýdyp baranyndan soň bir kitap ýazypdyr, kerpiç galyňlygyndaky uly kitap. O kitaby biziň hemmämiz okadyk. Mübärek okan kitaplaryndan biriniň mazmunyny gürrüň berdi. Abdylla bolsa, onuň iňlis hekaýatlaryny romanda neneňsi peýdalanyp biljekdigini bilip bilmedi. Käbir wakalar welin, oňa gyzyk berdi, çuňňur oýa batyrdy. Meselem, Abdusamat topçynyň Buhara gelmegi bilen baglanyşykly pitneler. Hekim guşbegi ony emir Nasrulla hanyň huzuryna eltipdir, onuň ýokary wezipäni eýelemegi üçin goldaw beripdir. Emma muňa garamazdan, Abdusamat topçy ilki bilen Hekim guşbeginiň ýoguna ýanmagyň ugruna çykypdyr. Guşbeginiň iňlisler bilen arasynyň bardygyny aýdyp, emiri ynandyrypdyr. Şol wagtam bir iňlis ofiseriniň Hywa tarap ýola düşendiginiň habary emiriň gulagyna ýetýär. Ol serbazlaryny iberip, iňlisi ele salypdyr. Iňlis leýtenantynyň ady Waýberd eken. Ony içaly hasap edip, garaňky çukura taşlapdyrlar. Soňra Abdusamat topçy: “Seň hakyňdan özüm çykaryn!” diýip, gorkuzyp, ony zyndana geçiripdir. Bu hadysa Ştoddartyň gelmezinden bir ýyl çemesi öň bolupdyr. Emir: “Eger musulmançylygy kabul etse, men ony hormatlap, öz hyzmatyma aljak!” diýipdir. Ýöne Waýberd: “Men – iňlis! Şonuň üçin dinimem üýtgetmerin, zalym emiriň hyzmatynda-da durmaryn!” diýip jogap beripdir. Bu sözlerden soň Abdusamat topçy leýtenantyň damagyny çalypdyr. Emire bolsa: “Iňlis maňa guşbegi bilen gatnaşyk saklamakçy bolandygyny aýtdy” diýip, galp hatlary görkezipdir, onuň ýüregine howsala salypdyr. Hekim guşbegi emiriň ýanynda özüniň abraýdan gaçyp barýandygyny duýupdyr. Ol emiriň huzuryna barypdyr, üç ýola onuň aýagyna baş goýup, Gurhanyň fatyha süresini okapdyr. “Nähili arz-şikaýatyň bar?” diýip, emir sorapdyr. Şonda Hekim guşbegi şeýle diýipdir: “Eý, beýik hökümdar! Siziň ata-babalaryňyzyň hyzmatynda meniň saçym agardy, ne mal-baýlyk topladym, ne-de wezipä topuldym. Diňe Siziň mertebäňiziň beýgelmegi üçin alada etdim. Siziň Emir Temire, Isgender Zülkarnaýna meňzemegiňiz üçin elimden gelenini gaýgyrmadym... Indi meniň näme günäm bar? Nä sebäbe görä, menden maslahat soramaýarsyňyz?” Jogap ýerine emir ýene öňki sowalyny gaýtalapdyr: “Nähili arz-şikaýatyň bar?” Onda guşbegi: “Nämüçin hökümdar öz eli bilen guran binalaryny ýykyp-ýumurýar? – diýipdir. – Nämüçin kese ýurtly iňlis mysapyry tutulyp, Buhara getirildi? Iňlisistan – kuwwatly döwlet! Hindistan hem onuň golastynda. Iki owgan hökümdary – Şujo-ul Mulk şa hem-de Zaman şa iňlisiň ganatynyň astynda pena tapdy. Häzir kapyr Ranjit Sing Owganystana howp salýar. Eger ol Owganystany eýeläýse, Buharany-da basyp aljakdygy köre hasa. Beýleki tarapdan Russiýa bilen Hywa hem bize göz gyzdyrýar. Buharany almak üçin gyzylbaşlar hem birleşmäge taýyn. Hudaý saklasyn! Bu bela-apatlardan gutulmak üçin iňlislere gol ýapmagymyz gerek...” Emir baş atyp: “Bar maslahatyň şumy? Düşündim! Gidiber!” diýip elini salgapdyr. Ak saç Hekim guşbegi başyny aşak salyp, emiriň ýanyndan çykyp gaýdypdyr. – Şondan soň emir birmahallar özüni tagta göteren Hekim guşbegini öldüripdir – diýip, Mübärek hekaýasyny tamamlady. *** Nowruz hem geçip gitdi. Mundan beýläk Günüň howry artar. Eýýäm erikdir alça gülläp, dowça düwüp başlandyr. Hä diýmän, klubnikalar hem gyzaryp başlar. Häzie Çorsu bazary gökden doly bolsa gerek. Ýaş sogan, turşuja, ukrop... Çagalar Jar aryga gidip, atgulakdyr narpyz getirýändirler. Rahbaryň her ýyl ýaz çykanda ýapýan gökli somsasyna Abdyllanyň dişi degermikä?.. Bahar hanym ýola çykdy. Bahar hanym oýandy. Ýaşyl begres geýmegine uzak mahal galmandyr. Bahar hanymyň ýüpeksi köýneginiň etegi Gara ýeriň başyny sypap, söýüp gelýändir, Sypap, söýüp gelmesinden kuwwat alyp, güýç alyp, Gara ýer hem göwsündäki tylla humun berýändir. Bahar bilen ülkäme-de bir janlanyş gelsedi, Köňüller hem howalar dek bahar ysyn bersedi, Ýüreklere howalar dek bahar ruhy girsedi!.. Şular ýaly ýakymly hyýallara çümüp, ýaňy uka giden Abdyllanyň adyny tutup, oýardylar. Turzup, ýene Winokurowyň gaşyna eltdiler. – Kadyrow! – diýip, ol esgeri gapydan çykaryp goýberensoň, Abdylla ýüzlendi. – Geçen gezekki eden haýyşlaryňy hemmesini bitirdim. Gazy Alym seniň bilen ýüzleşdirilen eken, ol-a aglady. Gurban Beregin hiç zat diýmedi. Çolpan bolsa, saňa, ine, şu kagyzy iberdi. Al, gorkma, okaber! Winokurow oňa bir bölek kagyzy uzatdy: – Özüňde durubersin, soň temmäki dolap çekersiň. Abdylla kagyzy açdy, Çolpanyň tanyş hatyna gözi düşdi: “Gadyrdan, Abdylla! Ne ynsan, ne tolkun, ne tupan, ne ot! Gözümde elhenç bir teslim nury bar. Eý, otly geçmişim, ýüzüňi gizle, Sende melgunlaryň goýan yzy bar...” Aşagynda arap elipbiýinde “Çolpan” diýlip gol çekilipdir. Abdylla Winokurowa ýüzlenip: – Menem oňa dört setirjik ýazsam bolarmy? – diýip sorady. Winokurow hoşniýetli äheň bilen: – Ýöne antisowet zat bolmasyn, gardaş! – diýdi. – Ýok, bir bent goşgy. Öz goşgusy, göwnüni göterer ýaly... – Onda arapça ýazma, özümem okap göreýin. Abdylla Winokurowyň uzadan kagyzyna: Aldaw-kezzapçylyk örç alan çagy Gaflat ukusyndan oýanarys biz. Wagty geler, gylyç çykar gynyndan, Şonda gök ýüzünde ganat ýaýarys – diýip ýazdy-da, ony yzyna gaýtardy. – Kamerada saňa azar berýän ýokdur-a? – diýip, Winokurow gyzyklandy. – Ýok. Ýöne Gena Taşkentskiniň oglanlary Mübärege gün berenoklar, onuň gäbini azdyrýarlar... – Men sen barada soraýan. Beýlekiler bilen işiň bolmasyn! Degseler aýdarsyň! – diýdi-de, Winokurow kagyzy içki jübüsinde gizledi. Iki sany papirosy owkalap, temmäkisini boşadyp, Abdyllanyň eline guýdy. – Papirosyň özüni bermäýin, kamerada görseler, başga bela gerek däl! – diýip düşündirdi. Abdylla temmäkini kisesinde gizlänsoň, ol gapynyň aňyrsynda duran esgeri çagyrdy. *** Ertesi Mübärek: – Temmäki dolarsyň – diýip, wada beren kagyzyny Abdylla uzatdy. “Eger-de men Hywa ýetsem, ondan aňyrky maksadym Kokanda barmakdyr. Biziň Hywa bilen gatnaşyklarymyz kapitan Abbotyň we leýtenant Şekspiriň tagallasy netijesinde has berkedi. Şu jähtden biziň bu sahnada galmagymyz maksada laýykdyr. Russiýa bu ýurt bilen gowgaly meselelerini çözlüşýänçä biz Hywa hanyna bolan gatnaşygymyzy üýtgetmeris we diňe öz bähbidimizi gözläris. Ýöne eger ruslar Hywany gabawa alsalar, onda biz Kokanda başga ýol bilen (Kunduz ýa Kaşgar tarapdan) gitmeli bolarys we Fergana tarapdan Buhara emiriniň ugruny tapyp, özbaşdak Türküstanda asuda özbek hanlyklaryny birleşdirmek baradaky pikiri gozgamagymyz gerek. Artur Konolli.” Abdylla bu kagyza Winokurowyň düýnki beren temmäkisini dolady-da, otlandy. Ony birki gezek demine çuňňur sorup, Mübärege uzatdy. “Bu nädip islän kagyzyny beýle aňsatlyk bilen bärik geçirdip bilýärkä?” diýip, Abdylla oýlandy. Onuň özi kumlakly Sünnetden bary-ýogy üç sany haty iberende nähili howatyr edipdi?! Elbetde, öýündäkileri howp astynda goýasy gelmändi. Emma Mübäregiň hem bu kagyzlary saklap oturan maşgalasy bar bolmaly. “Bulary öýdäkiler göçürip berýär, şoň üçin gorkma, arkaýyn çekiber!” diýip özi aýtdy ahyryn. Abdyllanyň entek Winokurowa hem doly ynamy ýok. Ýalan sözlemedigi belli, Çolpanyň hatyny getirip berdi. Mübärek temmäkiniň üýtgändigini aňan bolarly: – Molla eke, temmäkini nireden aldyňyz, gaty oňat ekeni! – Iňlis hatyna dolananlygy üçindir! – diýip, Abdylla degişdi. Mübärek ýene bir zatlary soramaga çemlenen wagty ony Gena Taşkentskiniň Solýarka diýen nökeri çagyrdy. Mübärek çilimini Abdylla berip, özi ogrularyň ýanyna ugrady. Abdylla çilim çekip oturyşyna Hanaly iňlis hakynda oýa çümüp, birbada kamerada galmagal-gowurdynyň güýçleneni-de duýmady. Bir seretse, ogrularyň edip duran işi akyla sygar ýaly däl. “Gizlenpeçek” oýnaýan dek olar Mübäregiň gözüni daňypdyrlar. Ýigreniji Solýarka bolsa, özi ýaly biriniň egnine münüpdir-de, jalbarynyň ilik ötürilýän ýerini açyp, ujydyny Mübäregiň ýüzüne tutup otyr. Ýanyndakylaryň gykuwy bolsa asmana galýar... Abdyllanyň gany depesine urdy. Ol syçrap ýerinden turdy-da, dogumly ýöräp, ogrularyň ýanyna bardy. Barşyna-da, ýumrugyny aýlap, Solýarkanyň ýüzüne urdy. Solýarka şalkyldap, oturan ýerinden aşak gaýtdy. Ogrular gykylyk edip, Abdyllanyň üstüne topuldylar. Uruş başlandy. Ýarawsyzlykdan aýňalyp, indi biraz özüni tutup başlan Abdylla bar güýjüni jemläp, gaýtawul berdi. Garma-gürmelikde birki depgi iýse-de, gürzi ýaly agyr ýumrugy bilen iki ogryny urup ýykmaga ýetişdi. Galmagal kiparlap, kameranyň içine sähel wagtlyk ümsümlik aralaşdy. Birdenkä duýdansyz ýerden Sadyk peýda boldy-da: “Çozuň üstlerine!” diýip gygyrdy. Şol aralykda Abdyllanyň urgudan ýaňa gyzyp duran gulagyna Mübäregiň iňleýän sesi eşidildi. Şondan soň tussaglaryň bary ogrularyň üstüne döküldi, birki sanysy bolsa, gapyny ýumruklap, garawullary çagyrdy. Esgerler tapyrdaşyp gelýänçä ogrularyň bary aýak astyna düşdi. Şol gün Gena Taşkentskini ýanynyň ýaranlary bilen birlikde başga kamera geçirdiler. Molla Kosonini bolsa, aksakal edip bellediler. *** Mädaly hanyň bozuk pygly gyş howasy ýaly üýtgäp durdy. Kepderilerini uçuryp, depregini kakyp, şowhun edip ýören patyşa birdenkä hiç zat ýok ýerden gygy ajap, öňünden çykan adama paýyş sögünýärdi. Soňundan bolsa, şerap içip, ýa-ha haremhana – aýallarynyň ýanyna, ýa-da Hoşhal we Aşula atly bozuk aýallaryň oba-şäherlerden saýlap getiren gyzlarynyň ýanyna barýardy. Bir günem agyr goşun ýygnap, “Jyzagy basyp aljak!” diýip, ýola düşdi. Ençeme menzil geçip, orta ýolda goş ýazdyrdy. Gije şerapdan mes bolup, ýüz müň leşgerini şo ýerde goýdy-da, ýanyna ýüz atlyny alyp, ýoluny dowam etdi. Bu ýagdaýy görüp wezirler aňk-taňk boldular. Laşkar guşbegi bilen Bahadyr perwanaçy hanyň yzyndan ýetip: “Şahy älem, bir bölejik goşun bilen nirä ugradyňyz?” diýip sorady. Şerapdan seri sämäp duran han: “Men din üçin söweşe çykdym. Jyzak goşuny bilen uruşjak! Olary ýer bilen ýegsan etjek!” diýip, at üstünde oturan ýerinden olara jogap berdi. Wezirler: “Şahy älem, Siz uly bir ülkäň soltany. Jyzak galasynda üç müň goşun bar. Iň gowusy, bize rugsat beriň, ýüz müň goşun bilen Jyzagyň daşyny gabaly. Ondan soň Siz bir gyrada durup tomaşa kylyň!” diýdiler. Han elini salgap, atyndan düşdi. Suw içim salym geçmänkä gaýtadan atlandy, ähli goşuny taşlap, ýanyna iki sany ynamdar nökerini alyp, Uratepä garşy gitdi. Yzyndan baranlara agzyndan gelenini aýdyp, paýyş sögdi. Şonda-da ýakyn adamlarynyň birnäçesi onuň yzyndan galmady. Bular şeýdip, öňli-yzly bolşup, ilki Hojanda, soňam Kokanda geldiler. Baştutansyz galan agyr goşun bolsa, şol düşlän ýerlerinde ýatyp, bir hepdeden soň yzyna dolandy. Ine, Mädaly hanyň keýpiniň şular ýaly üýtgäp duran ýagdaýyna Hanaly derwüş hem gabat geldi. Dek düýnem Hanaly derwüşe kepderilerini we depreklerini görkezip, öwünip ýören Mädaly han gazap atyna atlanyp, Hanaly derwüşiň ýanyna geldi. “Eý, sen iňlis! Emir Nasrulla hanyň içalysy sen! Sen Buharadan Kokanda gelýän ýollaryň haýsynyň amatlydygyny öwrenip, oňa görkezmek üçin iberilen jansyz!” diýip, haýbat atyp, ony zyndana taşlamakçy boldy. – Eger Türküstanda iňlislere garşy biri bar bolsa, ol Nasrulla handyr! – diýip, Hanaly derwüş arassa pars dilinde ähli hile-pirimini ulanyp başlady. – Ol özbek hanlarynyň arasyna agzalalyk salyp, ilki bilen-ä ruslaryň Türküstany ap-aňsatja eýelemegine şert döredýär, onsoňam biziň ofiserimiz Ştoddarty iki ýyl bäri bendilikde saklap, Britaniýanyň ýüzüne tüýkürýär. Ýeri, onsoň nämüçin men onuň bähbidini aramaly, şahym? Içgiň humary başyna uran Mädaly han: – Onda nämüçin sen bu ýerden Buhara gitmekçi bolýaň? – diýip mydyrdady. – Sebäbi men nädibem bolsa, Ştoddarty halas etmeli... – Eý, akmak işigaýdan! O seni garaňky çukura taşlar. Onuň zyndanynda çüýräp, öljek bolup ýatyrkaň meniň sözlerimi ýatlarsyň... – Patyşahym, eger meniň takdyrymyň şum bolmazlygyny isleýän bolsaňyz, bir haýyşym bar. Hoja-seýitlerden bolan aýalyňyzyň atasyndan goldaw hökmünde tumar ýazdyryp alsam... Ýeňse damary gatan Mädaly han elini salgap: – Aý, näme etseň, şony et! – diýip, kepderileriniň ýanyna gitdi. Şeýdip, Hanaly derwüşe ýene bir gezek Aýhanpaşşa bilen görüşmäge bahana tapyldy... *** Bezelen şa araba köşgüň derwezesinden çykyp, Kokant köçeleri bilen Şeýhan kwartalyna tarap ýola düşdi. Arabanyň ýapyk kejebesinde oturan Aýhanpaşşa ýüpek perdäni galdyrdy. Arabakeşiň ýanynda oturan Hanaly derwüşiň ýasy gerdenlerine gözi düşüp, ýüregi jigläp gitdi. Bu ahwal oňa geçmişde galan başga bir arabaly gezelenji ýatlatdy. Ir baharda açylan dürli gülleriň ysy bolsa, burk urup, onuň kalbyny heýjana getirdi. Aýhanpaşşanyň ýadyna çagalyk döwri düşdi. Uratepäniň şaglap akýan suwly ýaplarynyň ýakasyndan narpyzdyr atgulak ýygardylar. Ejesi pahyr bolsa, öýde gökli somsa ýapyp bererdi. Ol häzir bir pursatlyk gözüni ýumsa, geçmişde galan uzyn derekler görünýär. Göm-gök asman bolsa, derekleriň üstüne ýapylan çäksiz atlaz mata ýaly birsyhly öwşün atýar. Iňrik garalyp başlady. Atlar salkyn howany parran böwsüp, öňe okdurylyp barýar. Ýöne häzir bu iňrik gorkuly däl, salkyn howada bolsa hasrat ýok. Asudalyk hem rahatlyk! Aýhanpaşşa birmahallar ýazan bir beýdini ýatlady: Meniň hem jahanda yşky zarym bar, Meniň hem şapak deý ýüzüm gyzarýar... Nämüçindir onuň hyýallary, ýüreginiň gürs-gürs edip urmasy we demini tiz-tizden almasy perdäniň aňyrsynda oturan pälwansypat pyýada bilen baglanyşykly ýaly bolup göründi. “Hawa-da – diýip, Aýhanpaşşa özüçe oýlandy. – Ol maňa Muhammet Şarif Gulhany agamy ýatladýar. Ýöne “Hoja-seýitlerden hat we tumar gerek” diýeni bilen men ony nämüçin atam seýit Gazy hojanyň ýanyna alyp barýaryn? Atam dili dogaly öwlatlaryň iň ulusy däl ahyryn. “Han hezretleri iberdi” diýip, bärden barsam, “Hanyňam bilemok, beýlekiňem, jähennem boluň!” diýip, kowup goýbermezmi? Men nämäniň hatyrasyna atamyň ýanyna barýaryn? Hanaly derwüşiň sowgat eden suratyna taňryýalkasyn bermek üçinmi? Iňlis korolewasynyň paýtuna münüp barýan şekili çekilen suratyň öwezine men bu adamy şa arabasyna mündürip, atamyň gaşyna eltmelimi?” Aýhanpaşşa bu sowallara jogap agtaryp, kelle döwýärdi. Ýüpek perdäni gaýtadan galdyryp seredende Hanaly derwüşiň başgabynyň astyndan çogup çykyp, boýnunyň ýüzüne dökülen sarymtyl saçlaryna gözi düşdi. Birde Gulhanyny, birde seýit Kasymy, birde-de atasyny ýatlady. Araba köşkden daşlaşdygyça töwerek çolardy, soňabaka ýolda-yzda adam görünmedi. Hanaly derwüş arkasyndan Aýhanpaşşanyň seredip oturanyny aňdymy ýa ýol kesmek üçinmi, ýuwaş ses bilen aýdyma hiňlenip başlady. Bu aýdymyň dili saýry, bir sözüne-de düşünip bolanok. Ýöne birgeňsi äheňi bar, bu jelegaýlarda süýkdürilip aýdylýan aýdymlaryň hilinden däl. Onuň gussaly ýerlerinde-de nähilidir bir bälçiklik bar ýaly bolup dur. Hanalynyň owazy gitdigiçe ýokary galdy, ony diňläniňde möwç urýan deňziň sesi eşidilýärdi, giň çemenzarlyklar, ýaşyl tokaýlar göz öňüne gelýärdi, we esasan tukatlyk, ýüregiň iň bir çuň ýerinden çykýan tukatlyk duýulýardy. Aýra saldy çarhy pelek meni söwer ýarymdan, Bihabar sen, eý köňül, meniň ahy-zarymdan. Aýhanpaşşa bu aýdymdan öz günüsi Nodiranyň sözlerini eşiden ýaly boldy. “Hanalynyň öz ýurdunda onuň ýoluna göz dikip garaşyp oturan aýaly ýa magşuk gyzy barmyka? Zyýapatda, şygyr agşamynda bu barada onuň özünden soramak kellä gelmändir... Nämüçin günimiň sözleri aýlap-dolap bu sowala getirdi? Ýene özüňe güni gözleýäňmi, gyz? Samsyjak Aýhanpaşşa!” diýip, oýa batyp oturyşyna ol birdenkä hahaýlap gülüp goýberdi. Şo pursatda hem aýdymyň arasy üzüldi... *** “Ýagşy!” diýip, Abdylla öz ýanyndan pikire çümdi. Munuňam tankyt ediljegi göze görnüp dur. “Nädip Atabek ene-atasyndan birugsat Margilanda öýlenip, toý tutup bilýär? Özbekçilikde beýle zat bolmaýar!” diýip, “Öten günler” romany üçin ýerliksiz daş oklanlar az bolmandy. Muňa-da “Özbekçilige mahsus däl!” diýiljegi ap-aýdyň. Ýeri, bolýar-da!.. Ýogsa-da, muňa molla Kosoniý näme diýerkä? Kameranyň aksakaly edilip bellenensoň, ol ilki bilen Jurat aksakalyň edişi ýaly, hekaýat gürrüň bermek ýörelgesini girizdi. Indi Mübärek hem içalylar baradaky hekaýatlaryny öňküsi ýaly zora çydaman däl-de, nobatyna garaşyp, öz meýline gürrüň berýär. Giçlik, ýatylmazyndan öň şol hekaýatlardan birini diňläýin diýip durka, Abdyllany gapa çagyrdylar. “Derňew diýilýän masgarabazçylyk gutaran bolsa, ýene Winokurow ideýändir” diýip çyksa, sülçi Trigulow çagyran eken. Türmäniň sorag edilýän otagynda, stoluň üstünde ýene öňki galyň papka! Ýöne bu gezek Trigulow galyň papkany açmady, Abdylla oturgyja geçip oturan badyna oňa papiros hödür etdi: – Al, Kadyry, çilim çek! Abdylla bir papirosy sogrup aldy. Trigulow: – Al ýene, ýöne temmäkisini jübiňe boşat, kamerada papirosyňy görseler, başga bela gerek däl!.. “Nähili bela? – diýip Abdylla oýlandy. – Bularyň bary edil dilleşen ýaly-la! Winokurow hem edil şu sözleri diýipdi...” “Mübärek bilen Sadyga bererin” diýip, Abdylla ýene iki sany papirosy aldy, barmaklary bilen owkalap, temmäkisini jübüsine boşatdy. Onsoň öz papirosyny otlap, “Näme hyzmat?” diýýän deý Trigulowa garady. – Meniň romanymdaky wakalar türmede bolup geçýär – diýip, Trigulow söze başlady. – Baş gahrymanym – tussag. Ol üýtgeşik bir adam. Töweregindäkileriň hiç birine hä diýenok. Ol režissýor, dramaturg. Hemmäni öz agzyna bakdyrmaga endik eden adam. Abdylla çiliminiň tüssesini demine çuňňur sorup, uludan dem aldy. “Toslap tapan gahrymany ýazyjy däl eken, şoňa-da şükür!” Trigulow dowam etdi: – Tussag ölüm jezasyna höküm edilýär. Dogry, entek kazyýet işi gutaranok, ýöne sülçi tussaga pyşyrdap, ölüm jezasy barada habar berýär. Şonuň üçin tussag dünýeden elini ýuwup, umytdan düşýär. Ol indi kamerada geçmişdäki wakalary ýatlap ýaşaýar, geljegine hiç hili umydy ýok, galan durmuşy onuň üçin bimany... ownuk-uşak wakalar, goşmaça soraga çagyrmaklary, kagyz doldurmak üçin ýüzleşdirmeler, ýa kamera täze tussagyň getirilmegi diýäýmeseň, üýtgeşik zat ýok. Üýtgeşik adam öz-özi bilen ölümiň öň ýanynda ikiçäk galýar. Yzynda aýaly, çagalary bar. Wagt geçirmek üçin olary ýatlaýar. Ýanyndaky tussaglar bilen gümür-ýamyr edişýär. Şu zatlardan başga işi ýok. “Bu ýerlerin-ä gowy oýlap tapypdyr myrryh – diýip, Abdylla boýun aldy. – Mundan beýlesini nähili alyp gitjekkä?” – Bir günem ýaňky tussag ýeke adamlyk kamerada otyrka gulagyna ses eşidilýär. Hamana diýersiň, kimdir biri külüň bilen ýer gazýan ýaly. Bu ýagdaý ertesi gije hem gaýtalanýar. Özi-de ilkibaşda sagat diliniň sesi ýaly uzakdan eşidilen bolsa, soňabaka günsaýyn ýakynlaşýar. “Kimdir biri ýerasty ötük gazýar” diýip, tussag öz ýanyndan netijä gelýär. Bir gije bolsa, garaşylmadyk ýerden onuň oturan kamerasynyň bir burçy opurylyp açylýar-da, çukurdan türmäň başlygy bilen sülçi çykýar. Aňk-taňk bolup oturan tussaga seredip, ol ikisi hahaýlaşyp gülüşýärler. Trigulow gürrüň berýän wakasynyň neneňsi täsir edýändigini görjek bolýan deý, bir pursat sözüne dyngy berdi. Abdylla çiliminiň tüssesine boglup oturyşyna, bu hilegär tilkiniň sözleriniň asyl manysyna ýetmek üçin beýnisine agram salýardy. Trigulow Abdyllanyň pikirini edil ýüzünden okaýan ýaly: – Muňa bolan wakadyr öýdüp oturma, Kadyry! Bu häki bir toslama! – diýdi. Diýibersin, Abdylla “toslamanyň” çyn durmuşdaky güýjüne belet! Ylham joşan pillesi ynanyp bolmajak, heňe gelmez zatlary ýazarsyň welin, bäş-on ýyldan şo “toslama” hakykata öwrülip durandyr... – Bu zatlaryň saňa-da dahylly ýeri ýok. Başda aýdyşym ýaly, ol üýtgeşik bir adam, režissýor, dramaturg, Şekspir ýaly biri. Umuman, real durmuş bilen baglanyşykly däldigini aýtjak bolýan. Ine, seret, araňyzda şahyr bar, filosof bar, alym bar, ýöne Mannon Uýgur ýokdur! Bu sözleri diňläp, Abdyllanyň ini tikenekläp gitdi. Häzir bir zat diýäýse, bu deýýus Halk Gahrymany Mannon Uýgury hem getirip, şu ýere dykaýjak ýaly bolup göründi... Trigulow dowam etdi: – Onsoň ýaňky sülçi bilen türmäň başlygy: “Ýör, göwnüňde arman galmasyn!” diýip, oňa çukura girmegi teklip edýärler. Bu çukurdan düşdüşiň kerebi ýaly ýerasty ötükler dürli taraplara uzap, hersi bir kamera alyp barýar eken. Ötükleriň birinde ýaňky türme ýolbaşçylary gepe güýmenen wagty, režissýor olaryň ýanyndan duýdansyz ýitirim bolýar. Aýlanyp-aýlanyp, ahyry ýeriň üstüne çykýar. Görse, uzakdan şäher yşyklary lowurdaşyp dur. Serine erkinlik şemaly uran režissýor batyrgaý ädip, şähere tarap ýönelýär. Emma bäş ädim ädensoň, maňlaýy kagyz diwara urulýar. Ol kagyz diwary ýyrtýar. Görse, öňünde türme ýolbaşçysynyň kabineti, içinde-de kabinet eýesi bilen sülçi režissýora garaşyp otyr! Ýene hahaýlaşyp gülüşýärler... Ine, roman şular ýaly sahnalardan ybarat. Ýagny, bu üýtgeşik režissýor: “Men – oýun goýujy! Beýlekiler ýerine ýetirýär!” diýen ýörelge bilen ýaşap ýören. Aslyýetinde welin, onuň özi oýunjak gurjak... Esasy pikir, ine, şu!.. “Sen, myrryh, meniň pikir edişimden hem bäş beter ekeniň!” diýip, Abdylla içinden ýigrenç bilen oýlandy. – Ýeri, muňa näme diýersiň, ýazyjy? – diýip, Trigulow sorady. Abdylla çilimini soňuna çenli sordy, eli bilen tüssesini kowup: – Oýlanyp görmeli – diýdi. *** Polkownik Ştoddart töwereginde ber-başagaý hysyrdanyp, timisgenip, sümsünip ýören adamlara seredip, öz mertebesiniň neneňsi ýokarydygyna oňat düşünýärdi. Ýöne nä sebäbe bularyň akylsyz hem bimany işlerine goşuldy, nädip batga batdy. Emiriň buýrugy bilen ol 1841-nji ýylyň 22-nji fewralyndan bäri Abdysamat naýybyň öýünde ýaşaýar. 57 ýaşly bu tagaşyksyz, irimçik, şeraphor we aýýar adam ömrüniň kyrk ýylyny iňlislere ýalynjaňlyk edip geçirdi. Bu ýerde bolsa, Ştoddart haýsy işiň başyny tutaýsyn, Abdusamat naýyp duýdansyz ýerden gelip, gazanyň gapagy ýaly onuň üstüni basýar. Ştoddart emiriň leşgerini gözden geçirensoň, zorluk bilen däl-de, meýletinleriň hasabyna goşun düzmeli diýen pikiri öňe sürdi. Abdusamat naýyp bu pikiri özi oýlap tapan adam hökmünde emire ýetirdi. Polkownigiň Balhdaky hökümeti topalaňdan uzagrak ýere, asuda Şerabada göçürmek gerek diýen pikirini hem Abdusamat naýyp öz adyna geçirdi. Samarkandyň golaýynda magdan käni tapylanda-da, Ştoddart nähili gazuw geçirmelidigini kagyza çyzyp beripdi. Abdusamat naýyp bolsa, o kagyzlary emire görkezip, ýene taýyn aşyň eýesi boldy. Munuň üçin emir oňa alkyş baryny berdi, egnine zerli don atdy. Bolýa, şular ýaly maýda-çüýde zatlara gyzygyp, muny öz gününe goýsa-da boljak weli, ol onam edenok. At münen paç ýygnaýjy kimin bir ýerden çykyp, Ştoddarty gorkuzyp başlar: “Bilýäňmi, Ştoddart! Seni zyndandan men çykarandyryn. Fethulla bilen ýasawulbaşy meniň öz adamlarym. Islesem, seni ýene çukura taşlap, mör-möjege ýal edip bilýän. Bular entek sada bolýar, bular iňlisi tananok. Men iňlisiň içinde näçe tezek baryna çenli bilýän. Meni aldap bilmersiň! Hany, başlygyňa hat ýaz, saňa beren kömegim üçin Hindistanda meniň adyma hasap açyp, iki müň funt pul geçirsin! Pul geçýänçä şu ýerden çykjak gümanyň ýok!” Ýene bir gün Ştoddarta haýbat atyp şeýle diýdi: “Meniň öwredişim ýaly, başlygyňa ýaz: 7-nji martda Abdusamat naýyp emiriň huzuryna baryp: “Şahy älem, meniň bilşime görä, Ştoddart öz wekilçiligi barada Size Britan hökümetiniň adyndan hiç hili hat bermedi. Dogrumy?” diýip sorady. Emir muny tassyklansoň, Abdusamat naýyp: “Meniň ol hatlardan habarym bar” diýdi. “O hatlarda näme ýazylypdyr?” diýip emir sorady. “O hatlarda Britan hökümeti Size hoşniýetliligini bildirip, ruslaryň we parslaryň özbek hanlyklaryna garşy iş geçirmekçi bolýandyklary barada duýdurylýar. Iňlisleriň maslahaty – ruslara uruş etmäge bahana bolmaz ýaly, olaryň ýesirlerini boşatmaly...” Ol Ştoddartyň üstüne abandy. – Ýazdyňmy? Meniň aýdanlarymy sözme-söz ýaz! Mekirlik edäýiji bolmagyn! Aldasaň, hamyňy soýaryn! – diýip dowam etdi: “Ruslary özbek hanlyklaryndan çetleşdirmek Buharanyň hem-de Britaniýanyň bähbidinedir. Olaryň Size ýüz tutmasy, şahy älem, Özbek hanlarynyň içinde Siziň mertebäňiziň beýlekileriňkiden has ýokarydygyny aňladýar. Britaniýa özbek hanlyklarynyň birleşmegine ýardam etmek üçin Ştoddarty bu ýere iberipdir...” – Ýazdyňmy? – diýip, Abdusamat naýyp Ştoddarty gyssady. – Indi siziň hökümetiňiz bilen Buharanyň arasynda dostluk ylalaşygynyň gerekdigi barada ýaz. “Muňa hem Abdusamat naýyp kepil geçýär, şonuň üçin oňa şunça pul, şunça-da şeýtel bermeli” diýip ýaz... Ştoddart bu adamyň elinde oýunjaga öwrülip barýanyna düşünse-de, onuň garşysyna edibilýän zady ýokdy. Abdusamat naýyp Ştoddartyň üstünden aňtawçylary goýdy, onuň ähli hyzmatkärini zyndana saldy. Ştoddart Abdusamada tabyn boldugysaýyn erk-ygtyýaryny ýitirýärdi. Näme-de bolsa, bir zatlar etmelidi... | |
|
√ Dirilik suwy -14: romanyň dowamy - 13.05.2024 |
√ Duman daganda: Öküziň namardy gassabyň pyçagyny ýalar - 27.05.2024 |
√ Duman daganda: Pikir gytçylygy ýumuk gözleri açýar - 06.06.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Sowgatlyk - 20.10.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -6: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -29: romanyň dowamy - 12.12.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -9: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -29: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Dirilik suwy -9: romanyň dowamy - 05.05.2024 |
√ Duman daganda: Agyr hassalyklaryň biri - wezipeparazlykdyr - 22.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |