16:22 Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -10: romanyň dowamy | |
* * *
Romanlar
Birinji gezek tussag edilip, kazyýet işine seredilende Abdylladan soňky sözüni aýtmagyny sorapdylar. Şonda ol şeýle diýipdi: “Sözümiň ahyrynda adyl kazylara ýüzlenýän, dürli hili nähak töhmetleri atyp, günä baryny ýöňkäp, meni aklap bolmaz derejede garaladylar. Etmedik günämi etdi diýip, gara sürtenleriň köňli aram tapyp, şat bolar ýaly, maňa iň ýokary jezany beriň! Kalbynda al-hile bolmadyk sada hem päk wyždanly ýigit üçin beýle ezýet-horlukdan ölüm ýagşyrakdyr. Meniň kastyma çykan garaýüreklileriň gökdäki dilegi ýerde gowuşdy, men ruhy taýdan ölüme sezewar boldum. Indi meniň üçin fiziki ölüm gorkuly däl. Men adyl kazylardan şuny soraýan we ýokary jeza berilmegine garaşýan”. Häzir ol ähli zada perwaýsyz garaýan adamyň sypatynda şu sözleri ýatlap otyrka Haýran beg Inoýatowy äkidenlerini we onuň ýerine molla Gazy Alym Ýunusowy getirenlerini hem duýman galdy. Bir görse, Trigulow molla Gazy Alymy görkezip: – Kadyry! Bu adamy tanaýaňmy? Kim şu adam? – diýip, gaýta-gaýta soraýar. Abdylla tisginip gitdi, molla bilen el berip görüşmek üçin ýerinden turdy. Trigulow zähresi ýarylan ýaly bolup: – Yza çekil! – diýip gygyrdy. Abdylla ýerine geçip oturdy. – Gaýtalap soraýan, Kadyry! Bu adamy tanaýaňmy? Kim şu adam? – diýip, biraz rahatlyk tapan sülçi sorady. – Hawa, tanaýan. Essalawmaleýkim, molla! Bu adam – molla Gazy Alym Ýunusow. – A sen, Ýunusow, bu adamy tanaýaňmy? – Hawa, tanaýan. Bu adam ýazyjy Abdylla Kadyry. Molla Abdyllanyň salamyny jogapsyz galdyrdy. Mollanyň ýüzünde reňk-pet galman, solupdyr. Ol hemmelerden öň tussag edilipdi. “Bir ýyl-a bolup ýörendir” diýip, Abdylla çak urdy. Bu ýigrenji nejisler alçak, şadyýan adamy, gör, nähili ýagdaýa salypdyrlar! 30-njy ýyl bolsa gerek, bu ikisi bile Samarkanda we Buhara sapara gidipdiler. Abdylla gözel keniz baradaky kyssasy üçin maglumat toplaýardy. Gazy Ýunus molla bolsa, halk içinden Ependi baradaky şorta sözleri ýazyp alýardy. Ýolugra bulara Elbek bilen Çolpan hem goşulyp, arman-irmän, şäherme-şäher, obama-oba aýlanypdylar. Bir gün molla paýtun tutup, bulary Ýoksul diýen şahyryň öýüne eltipdi. Ýoksul myhmanlary daş işikde garşylap, görüşmekçi bolanynda Gazy Ýunus elini bermändi. “Heý, öýde bal-salyň barmydyr? Ýogsa, ýoksullar bilen görüşsem, içim bozulýar” diýip, ýanyndakylary güldüripdi. Soňundan: “Bolýa, paýtunçy bilen hasaplaşsaň, balyň bolmasa-da, bir çemçe ganyňy geçäýerin” diýip, kireý puluny hem öý eýesine töledipdi. Şol gije Ýoksulyň bagjagazynda bal ýerine üzümden ýasalan meýi içip oturyşlaryna Gazy Ýunus hatar ýatan çüýşeleri görkezip: “Ýoksulyň öýünde ýatmakdan bez bolan bu görgüsiýamanlara serediň, asyl bular biziň gelerimize garaşyp ýatan ekenler!” diýip, gyzyl-gyran gülüşdiripdi. Şol şadyýan, wäşi Gazy Ýunus molla, ine, şu oturan, gabaklary ary çakan dek çişgin adam diýseň kim ynanar?.. Abdyllanyň pikir ýumagy bulam-bujar boldy... – Ýunusow, sen halk duşmanlary Akmal Ikramow we Faýzulla Hojaýewiň ýolbaşçylygyndaky... “Ýene şol öňki grammofon, şol bir plastinka, şol bir heň. Bu melgun bu sowaly, ynha, indi gör, näçenji gezek gaýtalap otyr! Şol bir sowal zol-zol gaýtalanyp dursa, oňa nädip ynanyp başlanyňy özüňem duýman galýarsyň. Halwa diýeniň bilen agzyň süýjänok, ýöne halwa sözüni yzyny üzmän, ýüzlerçe gezek gaýtalaberseň, çekgäň gymyldap, äňiň tapyşjagy anyk. – Kadyry! Kadyry! Sen Ýunusowyň sözüni tassyklaýarmyň? – Hawa, tassyklaýan. Haýsy sözüni?.. Hawa, men milli äheňde ýazýan, ýöne hiç guramanyň agzasy däl. 1932-nji ýylda ýazyp başlan “Abid kätmen” diýen kyssam Sowet ruhunda... – Ýalan sözleýäň! “Abid kätmeni” 1935-nji ýylda ýazyp gutaryp, şo ýylam neşir etdirdiň. Ýöne onda hem sen milletçilikli ideýalary öňe sürýäň. Muny boýun alýaňmy, jogap ber! – Meniň 1935-nji ýylda ýazyp gutaran “Abid kätmen” romanymda milletçilikli ýa antisowet ideýalar ýok. – Ýunusow, jogap ber, Kadyry milletçileriň haýsy antisowet guramasyna agza boldy? – Abdylla Kadyry meniň bilen bile 1919-njy ýylda “Turan” jemgyýetine agza bolupdy. Ol şo guramanyň ýygnaklaryna gatnaşypdy. – Kadyry, sen muny boýnuňa alýaňmy? – Ýok, boýnuma alamok... Abdylla molla Gazy Alymyň mejalsyz göwresine we biparh garaýan gözlerine seredip oturyşyna: “Ýok, meniň aýdan sözümi Winokurow muňa ýetirmändir, ýetirenem bolsa, molla bu dünýeden doýgun görünýär” diýip pikir etdi. Yzyndan bolsa “Molla Gazy Alym molla Kosoniý bilen gaty meňzeş!” diýip netije çykardy-da, sülçiniň uzadan kagyzyna seretmän, gol çekdi. *** Soraga çagyrylyp, nahardan gijä galsaň, kamerada seniň gara bokurdagyň aladasyny etjek ýok. Abdylla hem sülçiniň ýanyndan gaýdyp gelensoň, indiki nahara çenli dişiniň suwuny sorup garaşmaly boldy. Ol molla Kosoniý bilen pikir alyşmak üçin onuň ýanyna bardy: – Molla, sowalym zoňtar görünse, aýyplaşmarsyňyz-da! Siz adam satyp gördüňizmi? Molla ilki bir aljyrajak ýaly etdi-de, derrew özüni ele alyp, soraga sorag bilen jogap gaýtardy: – Haýsy manyda? Gul satmak manysyndamy? – Ýok-la! Töhmet, myjabat manysynda... – Onda, köşek, gürrüňiň örüsini biraz giňeltmek gerek – diýip, molla söze başlady. Muhammet Gazalynyň “Ihýa ulum ad-din” diýen kitaby bar. Şo kitabyň “Rub ul-muhlikat” diýlip atlandyrylýan üçünji jildiniň “Ofatil-lisan” diýen bölüminde dil bilen ediýän günäleriň ýigrimisi sanalýar. Olaryň arasynda boş ýaňramak, duşmançylyk, gybatkeşlik, sögünmek, gargynmak, şygyr okamak, ýalan sözlemek, töhmet atmak ýaly günäler bar. Şulaň içinden seni gyzyklandyrýan zadyň gürrüňini edeli. Adam satmak diýeňde sen ilki bilen duşmançylyk etmegi göz öňünde tutýan bolsaň gerek. Gazalynyň pikirine görä, duşmançylyk çapraz garaýyşlardan, biderek jedellerden döreýär. Resulallah salallahi aleýhi wessellem aýdypdyr: “Duşmançylykda nadanlyga gol beren kişi tä toba edýänçä ýa ölýänçä Allanyň gazabyna duçar bolar”. Seniň soragyňa dahylly ýene bir ýagdaý bar, ol syr saklap bilmezlikdir. Pygamberimiz hadyslarynda aýdypdyr: “Bir adamyň bir mejlisde daş-töweregine garanjaklap aýdan sözi ony diňläp oturanlar üçin aýdylmasyz syrdyr”. Şeýle bir rowaýat bar, Muawiýa bir gün Utbanyň ogly Walyda bir närsäni gürrüň beripdir. Walyd atasynyň ýanyna baryp: “Möminleriň emiri maňa bir syr aýtdy, şo syry saňa aýdaýyn” diýipdir. Atasy: “Zynhar maňa aýtmaweri! Syr syrlygyna galmalydyr. Kişiniň syryny açyp, hata goýberme!” diýipdir. Ýene bir bela bar, ol ýalan sözlemekdir. Resuly ekrem: “Ýalan sözlemekden saklanyň, ol azgynçylyk bilen deňdir we ikisem jähennemidir” diýipdir. Ýene bir hadysynda: “Ýalan – dawa-jenjeliň bir gapysydyr” diýipdir. Lukman Hekim öz ogluna: “Oglum, ýalan sözden gaça dur, ol çebiş etindenem datlydyr. Ondan gutulýan azdyr” diýip öwüt beripdir. Emma şerigatda ýalan söze rugsat berilýän ýerleri-de bar. Resuly ekrem aýdypdyr: “Ýalan söz bilen iki adamy ýaraşdyran ýa haýyr işe ýol açan adam ýalançy däldir”. Ata ibn Ýasar gürrüň beripdir: “Bir kişi Resuly ekremden: – Eý, Allanyň resuly, maşgalama ýalan sözläp bilerinmi? – diýip sorapdyr. Resuly ekrem: – Ýalan sözden haýyr ýok – diýip jogap beripdir. Onda o kişi: – Aýalyma käbir zatlary wada etsem bolarmy? – diýse, resuly ekrem: – Onuň zyýany ýok – diýipdir. Maşgala ylalaşygy diýilýän zat, köşegim, görýäňmi, nirelerden gaýdýar. Ýöne bu hemmesi däl. Gybat diýibem bir bela bar, seniň soraýan meseläňe muny hem goşmagymyz gerek. Allatagala Kurany Kerimiň “Hüjreler” süresinde şeýle buýrupdyr: “Bismillahy er-Rahman er-Rahim, ...we lä ýegteb bagzüküm bagzan, e-ýühibbü ahadüküm en ýe küle lahme ahyýhi meýten...” Ýagny, “Bir-biriňiziň gybatyny etmäň, haýsy biriňiz ölen doganyňyzyň etini iýmek isleýärsiňiz?” diýýär. Resuly ekremimiz aýdypdyr: “Magraja çykan gijäm dyrnaklary bilen öz ýüzlerini dynaçaklap, hamyny soýýan adamlaryň toparyny gördüm. Jebraýyldan: – Bular kim? – diýip soradym. Jebraýyl: – Bular adamlaryň gybatyny edip, syryny açanlar – diýdi. Gazaly gybatyň sekiz sany sebäbini belläpdir: duşmançylyk, birine ýaramsaklyk etmek, bir işden peýda görmek, öz aýbyny ýapmak üçin başga birini günälemek, gopbamlyk, göriplik, kişiniň üstünden gülmek, kemsitmek... Muhammet Gazalynyň edebiýat toslamalary, şygyrlar barada aýdanlaryny gaýtalap oturmaýyn, göwnüň ynjamagy mümkin. Iň gowusy, Husaýyn Wagyz Käşifiniň “Ahlaky-Muhsuny” kitabyndan bir rowaýat gürrüň bereýin. Hajjaç ibn Ýusup diýen zalym emir halkyň başyna zulum baryny salypdyr, telim adamy ölüme höküm edipdir. Nobat bir işana gelende, işan oňa: “Eý, emir, meni öldürme, çünki men saňa wepaly hyzmat edip ýörün” diýipdir. Onda Hajjaç: “Meň üçin nähili iş etdiň?” diýip sorapdyr. “Duşman gybatyňy edip, seni ahlaksyzlykda aýyplanda, men oňa garşy çykdym. Seniň adyňa gelişmejek biabraýçylykly gürrüňleriň öňüni aldym” diýip, işan jogap beripdir. “Şaýadyň barmy?” diýip, Hajjaç sorapdyr. “Bar” diýip, işan duranlaryň birini görkezipdir. Ol adam: “Hawa, işanyň aýdýany dogry, ol bir adamy gybat edip, günä gazanmakdan halas etdi” diýip, şaýatlyk edipdir. Hajjaç bolsa: “Onda nämüçin sen duşmana garşylyk görkezmekde işana şärik bolmadyň?” diýip sorapdyr. Şaýat bolan kişi: “Sebäbi menem seniň duşmanyň. Seniň tarapyňy tutmak maňa gelişjek zat däl!” diýip jogap beripdir. Şondan soň Hajjaç olaryň ikisini hem azat edipdir. Birini wepalylygy üçin, beýlekisini bolsa dogry sözlüligi sebäpli. “Rastyny aýdan gutular, ýalan sözlän tutular” diýen nakyl hem bar. Aýdylmadyk söz ýok... *** Gije açlygyndan buruljyrap ýatyşyna Abdylla gündizki wakalary birlaý hyýalyndan geçirdi. Uzak wagtlap “Molla Kosoniý meniň soragyma jogap berdimi ýa bermedimi?” diýen pikire mübtela boldy. Ýuwaş-ýuwaşdan oý-hyýaly molla Kosoniýden molla Gazy Alyma geçdi. Öz ene dilinde ýazýan ýazyjyda milli buýsanjyň agdyklyk etmegi tebigy ýagdaý. Öz halkyny söýmese, ene dilini ezizlemese, ýazyjylykda nä köri bar? Emma bu dünýäde diňe meniň halkym, ýeke-täk meniň dilim bar diýmek däl. Bazarda her satygçy öz harydyny taryp edýär. Munuň nämesi aýyp, nämesi günä? Ýöne, ine, bularyň gurama diýýänleri näme? Dogry, bir döwür Fitret molla “Çagataý söhbetleri” diýip bir ýygynçak düzüpdi. Ýöne onda diňe edebiýatyň gürrüňi edilýärdi. Eger ýazyjylaryň özara oturylyşyklaryny “gurama” diýip atlandyryp bolýan bolsa, Özbegistanda “guramalardan” ýaňa ýer-ýurt galmazdy. Onda her çaýhana – ştab, her kwartal – harby bölüm... Abdylla türmede dereksiz ýitip giden dosty Gulam Zafarynyň howlusyndaky oturylyşyklary ýatlady. Gulam köçede Abdyllanyň uly ogly Habybyllany saklap, oňa: “Bar, dädeňe aýt! Puly baryň işi oň, puly ýoguň haly teň diý. Özi düşüner!” diýerdi. Habybylla gelip bu sözleri kakasyna ýetirerdi. Abdylla işini taşlap, Işangüzer kwartalyna tarap ýola düşerdi. Çünki Habybylla ýaňky sözleri getirdimi, diýmek, Gulam özi bilen teatrda işleýän Çolpany alyp, oňa öýünde garaşýandyr. Çolpanyň ýany bilen köplenç aýdymçylar Şajelil, Şarahym, dutarçy Saat, Kerim wäşi dagylar hem barardy. Bir gezek onuňka ýaşy bir çene baran, teatr işgäri Molla Toýçy hem myhmançylyga barypdy. Abdylla özüniň Gulamyň howlusyna girip gelşini hyýalynda göz öňüne getirdi. Howlyň ortasynda howuz, howzuň gyrasynda leýlisaç, leýlisaçyň astynda açylyp oturan dürli güller, gülleriň arasynda bolsa belent seki! Abdylla oturanlar bilen görşüp çykýar. Molla Toýçy bolsa eline tanburyny alýar. Guşagyny çekdirip, aýdyma başlaýar: Arzym aýtsam, bady saba... Arzym aýtsam, bady saba, Gözleri ýyldyz-eý, zülpi perişan. Serwi boýly, dad-eý, gaşlary gara... Oturanlaryň ýüregi ezim-ezim... muňa özbekden gaýry düşünjek barmy?! Abdyllanyň gözüne biygtyýar ýaş indi. Ýogsa-da, Abdylla bu aýdymy ýene nirede eşidipdi? Hä, öz kyssasynda seýit Kasym aýdýardy... Sülçiniň bor-bolgusyz ýüzleşdirmelerinden ýaňa Abdylla kyssasyny unudyp ýören bolsa, nätjek? Kyssanyň haýsy ýerlerini taslap, nirelerini timarlapdy? Düýn-öňňinlikde Mahlar aýymyň çekýän ezýeti barada oýlanypdy. Köşge gelin bolup düşen gününden başlap oňa ýat göz bilen garadylar. Bassaş üç çaga doguransoň, äri emir Omar han onuň üstüne üç aýal aldy. Söýgi, umyt bilen gülşüp, uzagyndan döwran sürseler boljagam welin, äri otuzdan geçip, ony dul galdyryp, dünýäden ötdi. Äri bilen bar göreni on sany toý bilen on bäş sany myhmançylyk boldy. Ajal onuň göwün galasyny ýykyp-ýumrup, ärini elinden alyp gitdi. Äri eýle boldy diýseň, çagalaryndanam dişi ýyrşarjaga meňzänok. Ogullary biri-birini görse, edil ganym duşmanyna sataşan ýaly, gözlerinde oky bolsa, urjaklar. Hersini bir ýere ugradyp, Mahlar aýym olary biri-birinden üzňe saklanyny kem görmedi. Ulusy Muhammet Alynyň, il arasynda aýdylyşy ýaly, Mädaly hanyň gözi ýer görmedi, ýakynlaryny ýanyndan kowdy. Ýagşylaryň pendini almady, “Goşulmaň! Özüm gowy bilýän!” diýip, öý ýykyp ýören gybatkeşlere, ýoldan çykan azgynlara gulak asdy. Ylym-bilimiň, goşgy-gazalyň bahasy gara şaýy boldy. Bu zatlaram hiç diýseň, nebis atly ýylanyň jadysyna düşüp, gitdigiçe gözi gyzardy, gowulykdan başga näme diýseň etdi. Çakyr içdi, neşe çekdi, humar oýnady, kepderi uçurdy, zyna etdi. Gelip-gelip, çagaka öz göwsünden süýt berip ulaldan aýala we ölen atasynyň aýalyna öýlendi... Mundan ýaňa Mahlar aýymyň içi tütäp dur. Ýöne kime arzyny aýtsyn, kim bilen derdini paýlaşsyn? Uwaýsimi? O görgüsiýamanyň öz derdi özüne ýetik. Ogly Muhammet Kaşgara sürgün edildi. Gyzy çaga üstünden öldi. Onsoň Mahlar aýyma içki hesretini setire salyp, Kokant kagyzyna geçirmekden başga ýol galanokdy. Eý-a, çarhy pelek, kastyma çykyp, Aýralyk dagyny başyma saldyň. Tir-keman göterip, ok-ýaýyň çekip, Iň ejiz ýerimi nyşana aldyň. Eý, köňül, panydan görmediň wepa, Döz geldiň tükenmez jebirdir jepa, Ýaraňa melhem ýok, derdiňe şypa, Gamdan bitap bolup, bu hala geldiň. Hijran, aýra saldyň wysaldan meni, Hazan urdy baharymny, gülümni, Ýürek dagy, baglap seniň goluňny, Eý Nodira, bu gün gamhana geldiň... *** Ertesi ýene soraga çagyrylyp, ýüzleşdirilmegine garaşyp oturan Abdylla Nodiranyň gazalynyň manysy barada oýlanyp otyrka kellesine bir pikir gelip, tisginip gitdi. Bu ýerde bolan iki ýarym aýynyň dowamynda dürli hyýallaryň başyny agyrtdy, telim adam bilen söhbet etdi, soraga çagyrylyp, ýüzleşdirildi, emma bir zady welin, diline almag-a däl, hatda oýuna-da getirmändir. Özbek halkynda şeýle ýörelge bar: içýany hiç kim içýan diýip atlandyrmaýar, atsyz diýýärler. Emir Nasrulla han, emir Omar han, emir Mädaly han, Dostmuhammet şa, hatda şa zenany Wiktoriýa hakynda näçe gürrüňler edildi, Ol barada welin, eger-eger bir sözem ýok. “Abid kätmeniň” iki-üç ýerinde Onuň adyny mejbury agzamaly bolupdy. Sülçülerem Akmal Ikram bilen Faýzulla Hojaýewiň atlaryny şunça tutsalar-da, Onuň adyny bir gezegem agzamadylar. Aslynda welin, bolup geçýän bu işleriň köki-damary Onuň özünden gaýdýar. Ol zerarly Abdylla, ine, şu ýerde otyr, Ol sebäpli Kadyry sorag edilip, dostlary duşmana öwrüldi. Onuň syry nämede? Abdylla Buharada Hasrulla hanyň taryhyny yzlap ýörkä ýazyjy Sadriddin Aýni bir wakany gürrüň beripdi: Bir gezek Moskwada dabaraly ýygnak geçirilipdir. Yzyndan oňa gatnaşyjylara Kremlde zyýapat berilýär. Şonda Ol ýerinden turup, tost aýdypdyr: – Beýik täjik halky, onuň ajaýyp sungaty we edebiýaty, Haýýamyň, Rudakynyň, Ferdöwsiniň... Bu sözlere çaga ýaly begenen Aýni çalgyrt rus dilinde: – Бираф! Старий литературовед капут! – diýip gygyrypdyr. Hemmeler doňup galypdyr, Ol bolsa, hiç zat bolmadyk deý tostuny jemläpdir: – ...Haýýamyň, Rudakynyň, Ferdöwsiniň, Jamynyň döreden edebiýaty üçin... Aýni hem bada-bat: – Бираф! Старий литературовед капут! – diýip, öňki sözlerini gaýtalapdyr. Hiç kimden ses çykmandyr. Aýni bolsa, dogumly ädimler bilen Oňa tarap ugrapdyr. Şu ýerde Ol biraz aljyrapdyr, çemçesini gaçyran kişi bolup, aşak eglipdir, stoluň aşagynda gizlenipdir. Emma iki sany ýaş goragçy haýdaşlap geläge-de, Aýniniň goluny gaňryp, ýoluny kesipdirler. Şondan soň Ol hem çemçesini tapandan bolup, stoluň aşagyndan çykypdyr. Yzyndan Täjigistan kompartiýasynyň sekretaryndan: – Kim ol garry? Näme diýip gygyrýar? – diýip sorapdyr. Sekretar: – Bu aksakal – hormatly ýazyjy Aýni. Häzire çenli köne döwrüň şahyrlaryna feodal-reaksion diýilýärdi. Siziň ýaňky sözleriňize begenip, “Brawo!” diýip, alkyş edýär! – diýip düşündiripdir. Şonda Ol ýerinden turup, Aýniniň ýanyna gelipdir, ýazyjynyň golundan tutup duran goragçylara: “Goýberiň!” diýen manyda ümläpdir-de: “Siz kim bolarsyňyz?” diýip sorapdyr. Aýni Oňa tagzym edip: – Pakyr Sadriddin Aýni men – diýipdir. – Aýni siziň edebi lakamyňyzdyr. Hakyky adyňyz näme? – Sadriddin Seýit Muradzada – diýip, ýazyjy jogap beripdir. Şu ýerde Ol ýazyja elini berip: – Tanyş bolalyň! Jugaşwili! – diýipdir... Şo gezek Aýni täze açyş eden ýaly: – Onyňyz-a ýüzi gotur, pöwhe bir zat ekeni – diýipdi. Sadriddin Aýni başga ýazyjylara biperwaý garasa-da, Abdylla bolan hormat-sylagy uludy. Beýlekilere bir käse çaý hödür etmeýän halyna, Abdylla Buhara gelse, öýüne çagyryp, saçagy giňden ýazardy. Ýaşynyň esli uludygyna garamazdan, ony belli bir derejede halypasy saýardy. Çünki Abdylla onuň “Dohunda” we “Köne mekdep” romanlaryny redaktirläp beripdi, degerli bellikler edip, kämilleşdiripdi... Aýniniň dag-daşlaryň arasyna, Stalinabada göçüp gideni ýene ýagşy, ýogsa, onuň hem bu ýere getirilip, sülçiniň öňünde, gör, kimler bilen ýüzleşdiriljekdigi tüýs bolaýjak zat. Abdylla Sadriddin Aýniniň buharalylara mahsus şiwesini ýatlap otyrka duýdansyz ýagdaýda ýanyna Mübärek geldi. Ikisi esli mahal bäri oňly habarlaşybam bilenokdy. Jurat aksakal gideli bäri kamerada hojaýynçylyk satyp ýören ogrularyň baştutany Gena Taşkentskiý Mübäregi ýanynda saklaýardy, onuň ertekidir degişmelerini diňleýärdi. – Molla eke, bu nä ses-üýnüňiz çykanok-la? – diýip, Mübärek buharalylaryň şiwesinde habar gatdy. – Men size emir Nasrulla barada bir hekaýat aýdyp bermekçi. Ony biziňkilerden biri ýazypdyr. “Emir syratly, gara gaşly, orta boýly, tanymal adam bolupdyr. Ýaňagy käte tirsildäp çeker durar eken. Sesi pessaý, gülküsi çasly çykypdyr. Eginbaşyna oňat seredipdir. Mollalaryň ygtyýaryny elinden alyp, özüne boýun egdiripdir. Tagta çykansoň, doganlarynyň ählisini öldüripdir. Ýeke özi gaçyp gidipdir. Ol: “Emir çopandyr, halk bolsa goýundyr. Çopan islän zadyny eder, aýaly äriniň elinden alyp biler, çünki çopan urkaçy goýunlaryň hem çopanydyr” diýen ýörelgä eýeripdir. Emiriň dört sany nikaly aýaly hem dört ýüz sany oýnaşy bolupdyr. Aýdyşlaryna görä, emiriň özi hem kakasy emir Haýdaryň pars oýnaşyndan bolanmyş. Türkmenlerde şeýle söz bar: “At bilen eşekden gatyr dörär, özbek bilen parsdan emir”. Emir dürli halklardan oýnaş tutunypdyr. Ýöne musaýy zenanlara batyrynyp bilmändir. Özi-de ýygy-ýygydan ruhanynyň ýanyna gatnap Isa mesih barada gyzyklanypdyr... Emir çäksiz häkimligiň eýesi bolupdyr. Emirlige gelýän we gidýän hatlar, hatda äriniň aýalyna ýa aýalyň ärine ýazan hatlaryna çenli hemmesi gözden geçirilipdir. Mundan başga-da çagalary bazarlara we köçelere aýlanmaga ýörite iberipdir. Çagalar gören-eşiden zatlarynyň hemmesini emire habar beripdirler. Aýalyň ärine, äriniň hem aýalyna aýdan gürrüňleri, hojaýynyň öz hyzmatkärine nämeleri etmelidigini buýrýandygy, hemmesi emire günibirin ýetirilipdir... Adamlar bir-biriniň yzynda içalylyk edipdirler. Emma welin emiriň özüni yzarlap ýören içaly hem bar eken... Şu pursatda Gena Taşkentskiniň iň ýaramaz ýaranlarynyň biri: – Eý, Mübärek, derrew gel bärik – diýip gygyrdy. Hekaýat gap bilinden üzüldi. Abdylla hekaýaty diňläp otyrka ini jümşüldäp gitdi. Mübäregiň beýan eden wakalaryny öz düşen güni bilen deňeşdirip gördi. Aýalyna ýazyp iberen hatlaryny ýatlap ynjalykdan gaçdy. Mübärek Gena Taşkentskiniň ýanyna baryp, “Müň bir gijedäki” Şährizadanyň ornuna geçensoňam Abdyllanyň endişesi azalmady, gaýtam, gitdigiçe bükgüldisi artdy. Soňabaka el-aýagynda üşüdýän adamyňky ýaly saňňyldama peýda boldy. Birdenem endamy gijäp, gyzdyryp başlady. Abdylla köne keseliniň gozgandygyny aňdy. Balarysyny idedýän döwründe ýolugan derdi bardy. Ilki endamy gijiläp, gyzarýardy. Yzyndan bolsa, mäş ýalyjak düwürtikler çykýardy. Düwürtikler gabaryp, suw ýygnaýardy. – Baly köp iýenligiň üçin! – diýip, şo wagtlar tebip munuň sebäbini düşündiripdi. “Köne keselim gozgar ýaly, bu ýerde men nähili bal iýipdirin?” diýip, Abdylla geň galdy. Onuň gyzgyny galyp, bütin durky saňňyldama gaplandy... *** Abdylla uzak gije ýanar oduň içinde galan ýaly gyzdyryp çykdy. Ne aksakaly diňledi, ne-de Sadyk bilen Mübäregiň özi üçin eden aladasyny duýdy. Tussaglaryň biri gapyny kakyp, lukman çagyrdy. Lukman sanjym edensoň, daňdanlar özüne geldi. Gözüni açsa, gapdalynda lukman ýürek urgusyny barlap otyr. – Ýazyjy halky gowşak bolar eken. Biriňiz süýji keselli, beýlekiňiz öýkenden dat edýär. Saňa dagyn itjanlyraksyň öýdüp ýördüm, Togtabaý Kadyry... Ynha, indi basym gutularsyň. Ine, saňa zelýonka, ýaraňa çalarsyň. Ýöne suw degirmeli däldir! – diýip, lukman Sadygyň gulagyna pyşyrdap,käbir zatlary tabşyransoň, çykyp gitdi. Abdylla “Lukmanyň süýji keselli diýýäni Çolpan bolmaly, onuň ýagdaýlary nähilikä?” diýip, oýa batdy. Ukudan oýanan adamyň ýatmazyndan öň näme barada pikir edenini ýadyna salmakçy bolşy deý, Abdylla hem düýnki arasy üzülen hyýallarynyň uşlybyny çözlemäge çytraşdy. Özbek edebiýatynda şygryýetiň orny barada pikir edipdi öýdýän. Eger özbek edebiýaty şygryýete esaslanýan bolsa, onda Abdyllanyň öz kyssasynda goşgy-gazaldan köpräk peýdalanmagy ýerliksiz däl... Soňra onuň hyýaly başga tarapa uçdy. “Beýleki şahyrlara şygryýetde ýol görkezen kim? Bularyň şygarlaryny, öwgülerini setire salyp, täzeçe öwüşgin beren Çolpan!” diýip oýlandy. Millionlaryň dilmajy – täze synpyň şahyry Täze döwrüň şanyna Her ýyl täze-täze goşgy döredýär, Ony her bir ýerde her bir kolhozçy, Her sowhoz işgäri okaýar, bilýär, Goşgy olaň ýüreginde ýer edýär. Her bir işçi iş ýerinde özüçe Okap, oňa ýuwaşjadan hiňlenýär, O goşgy şahyryň özün görmedik Pionerleriň dillerinde ýaňlanýar... “Kawkaz hatyrasy” diýen goşgusynda Oňa kakdyryp, diýýän zadyna seret! Bu ülkäniň eýesi – bütinleý täze adam, Öz diýenin gögerder, dilemez gökden ýardam. Seniň gök asmanyňy öz emrine aljak ol. Gahar-gazaba münseň, alawyňy belent ýak, Seniň ýakan alawyňdan bol hasyly aljak ol, Seni hem ýuwaş-ýuwaş öz ýoluna saljak ol! “Bol hasyl” alyndy. Ana, ýurduň bihasap türmelerinde ýatyr. Ah, Çolpanbaý, soňky setiriňi: “Seni hem ýuwaş-ýuwaş zyndanyna saljak ol” diýip ýazsaňam boljak ekeni. Abdylla Çolpan barada kyssa ýazmagy niýet edinenini ahmyr bilen ýatlady. Bu ýetişikli gyzylsözlüler ony Moskwadan Özbegistana gaýdyp gelensoňam öz gününe goýmadylar. Geçen ýyl baharda ýazyjylaryň mejlisi geçirilipdi. Şonda biçäre şahyry it alan sanaja dönderipdiler. Çolpanyň çykyş edende aýdan sözleri Abdyllanyň henizem ýadynda: “Ýoldaşlar, meni bagyşlaň, özüme bagly bolmadyk sebäplere görä, men hemişe kellagyryly halda çykyş etmäge mejbur bolýan. Belki, şonuň üçindir, diýjek bolýan sözümi hem doly düşündirip bilemok. Ozaly bilen, men ýoldaş Bereginiň üç sowalyna jogap bermekçi. Ýoldaş Beregin meniň kemçiliklerimi görkezip, gaty gowy iş etdi. Men ol kemçilikleri düzetmegi şu mejlisde öz üstüme alýan... Gulam Zafary dogrusynda-da aýtmaga borçludyryn. Ýazyjylar soýuzynyň bagyna baran wagtym bu adam meniň yzymdan geldi. Onuň nä sebäbe görä meniň ýanyma gelendigini düşündireýin. Meniň süýji keselim bar. Saglygymy dikeltmek üçin men Moskwanyň we beýleki ýerleriň keselhanalarynda ýatdym. Emma şu derdime derman tapylmady. Onsoň tebipler tudana iýmegi maslahat berdiler. Men özümi intelligent kişi hasaplaýandygyma garamazdan, olaryň maslahatyny aldym. Zafarydan maňa tudana getirip bermegini soradym. Ol giç, ýagny, men ýatamsoň gelipdir we meni oýarman, Sufizadäniň ýanyna giripdir... Ertesi meni Sufizade çagyrdy. Biz gürrüňleşip oturdyk. Şol wagt ýoldaş Şams bu işiň ýaramazdygyny, zyýanlydygyny duýdurdy. Onuň duýduryşy gaty ýerliklidi. Şondan soň men Sufizade we Zafary bilen gabatlaşmadym. Soň meni ýoldaş Şams ýanyna çagyryp, gaýtadan duýduryş berdi. Men özümde bar bolan kemçilikleri düzetmek üçin ýoldaşlarymyň tankydyna we ýardamyna mätäçdigimi ýoldaş Şamsa aýtdym. Şeýlelikde, özüňi düzetmek meselesi ikinji gezek örboýuna galýar. Eger biziň köne hatalarymyzy iki-üç günüň içinde düzedip, adam sanyna salarys diýýän bolsaňyz, ýalňyşýarsyňyz. Siz bizi çagyryň, düşündiriň, köpçülik bilen maslahatlaşyp düzediň. Durmuş ýoly dowam edýär. Şu ýolda kemçilikdir hatamyz bolsa, siz jogapkärsiňiz!” Şonda Çolpanyň kinaýasyna düşünen Abdylla öz ýanyndan ýylgyrypdy. Bu şahyryň ýiti zehininden dörän eserler ýazyjylaryň mejlisinde oturanlaryň ählisiniň döredijiliginden agramly bolsa-da, olar atanyň öz çagasyna öwredişi ýaly, Çolpana sapak bermekçi bolýarlar. Ýigriminji ýyllaryň ortalarynda Abdylla degişme häsiýetli bir makala ýazypdy. Makalada Çolpana sözüň edebi manysynda heserli dälilik arzuw edilýärdi. Ana, indi Çolpan şo heserli dälilige ýetiberipdir: “Indi 21 ýyl bäri maňa nähili terbiýe berdiňiz? Men henize çenli ýazyjylar Soýuzynyň agzasy däl. Munuň sebäbine hem düşünmeýärin. Arza berenime telim wagt geçdi. Meniň eserlerime düýpli seljeriş derwaýys diýýärler. Moskwadan gelenimden bir aý soň “Soýuz” diýen goşgym çap boldy. Men milletçi bolsam, erbet bolsam, näme üçin bu goşgyny giriş sözüni ýazman çykardyňyz? Giriş sözüni ýazyp, maňa käýinç bermeli, ýaşlara bolsa, Çolpanyň eserini nähili okamalydygyny düşündirmeli ekeniňiz. Meniň özüm giriş sözüni ýazyp çykarsam bolarmy? Elbetde, bolmaz. Näme sebäbe görä bu milletçiniň, ýagny meniň eserim barada ýazýan ýok? Mundan başga meniň romanym hem çap boldy. Roman satylybam gutardy. Häzir hiç ýerde ýok. Bu hem giriş sözsüz çykdy. Ýarym ýyl geçenem bolsa, bu barada hiç ýerde bir agyz aýdylmaýar. “Ýaş leninçide” bir makalajyk okadym, olam durşuna öwgi bolup dur. Munuň üçin makalanyň awtoryna sag bolsun aýdamok, çünki makalada maňa peýdaly zat ýok. Moskwadan gelemsoň, şu romany Soýuzda ara alyp maslahatlaşmakçy bolduk. Birinji ýygnaga 11 adam, ikinjä 7 adam, üçünjä bolsa 4 adam geldi. Soýuzyň ýolbaşçylarynyň birem ýok. Diňe ýoldaş Aýdyň geldi. Indi şu köne milletçini terbiýelemekmi? Onsoň nädip ýalňyşsyz, hatasyz işlärsiň? Meniň kemçiliklerimi düzetmäge ýardam bermegiňiz gerek”. Käbir sada adamlar: “Çolpan Sowetleriň tarapyna geçipdir!” diýip, onuň “Hor” diýen kitabyndan bir goşgyny mysal getirdiler. Ony okap, Abdyllanyň depe saçy syh-syh dikeldi. Çolpan bu goşgyny partiýanyň 16-njy gurultaýyna bagyşlapdyr. Partiýa baradaky şama-şaýyrdy on setirden soň şeýle diýilýärdi: On altynjy gezek jemlenip munda Jan berdik durmuşyň damarlaryna, Ýaşaýyşyň kuwwaty biz, güýji biz! Diriler gaňrylyp bakjak däl indi, Şapaklar gyzaryp akjak däl indi. Ajal gol göterip alkyş ýagdyrjak, Tümlük gol gowşuryp salam ýollajak. Durmuşyň ýalançy emirlerine! Şo gezek Abdyllanyň oňa: “Gardaş, gylyň üstünde dursuň!” diýip duýdurasy geldi. Ýöne “Berekella, şahyr!” diýmek bilen oňdy. Bul-a çap edileni. Çap edilmediklerindenem Abdyllanyň ýadynda galanlary bar: Munda Moskwanyň ülke talaňy, Göz ýetmeýär aňyrsyna-bärsine. Moskwa merkezdir diýip gabarýan Paýtagtyň hileli ýylan haýbaty Senden lukma almasa hiç köşeşmez, Onuň ähli düşünjesi almakdyr, Ýygyp-düýrüp kisesine salmakdyr, Saňa zäher, zakgun berer bal diýip, Bilseň, seniň ýeriň däldir Moskwa, Eý, “pagtystan” ülkesiniň teşnesi! Eý, Moskwaň 60 ýyllyk aşnasy, Şol öňki Moskwa, alar-da, bermez. Ikramowdan Aglamowa gelen hat Düýp-teýkary bilen ýitirim boldy. Şoň üçin ömrüňem püçege çykdy. Aglamowyň özünde-de yllat bar! Täze synp özbege ýer-suw berdiler, Hemmesini şatlandyrdy “Täze ýol”. Ýöne welin saňa gezek gelende Aňyrsyna bakdy... Ölýän bolsaň, öl! Kim özbege aýak asty bol diýdi? Betbagtlykmy özbekleriň hemdemi?.. *** 20-nji martda ýarawsyzlykdan ýaňa halys tapdan düşen Abdyllany ýene Trigulowyň kabinetine alyp gitdiler. Bu gezek ony Gazagystanda suw hojalygy ugrunda işläp ýören Sadylla Turgunhojaýew diýen adam bilen ýüzleşdirdiler. Abdylla bu adama rewolýusiýanyň yzýanlary Daşkentde tanyş-bilişleriniň öýünde duş gelýärdi. Şonuň üçinem onuň sözlerine kän bir ähmiýet berjegem bolmady. Şol öňki owaz, öňki heň: “Men Abdylla Kadyryny 1919-njy ýyldan bäri aşa milletçi hökmünde tanaýan. Onuň bilen bile ilki “Milli birlik”, soňundan “Milli garaşsyzlyk” gurmalaryna agza bolduk...” “Hany “Turan”? Ony agzamak ýadyňdan çykdymy?” diýip, Abdylla öz ýanyndan kinaýaly oýlandy. “Men hiç bir gurama agza bolmadym! Men hiç bir guramanyň agzasy däl!” diýip, gaýta-gaýta janygýany Abdyllanyň ýadynda. Şondan soň başynyň aýlanyp, ysgynyndan gaçanyny çalarak bilýär. Gözüni açsa, kamerada ýatyr, gapdalynda Sadyk maňlaýyna öl süpürgiç goýup otyr... Ýene huşundan gitdi, basyrgandy, bulaşyk düýş gördi. Birde köşkde, birde-de türmede otyrmyş. Töweregi tanyşu-nätanyş adamlar. Berentegini haçandyr bir ýerde gören ýaly bolup dur. Sazandalaryň çalýan mukamy, goh-gowurdy. Bir seretse, zalyň ortasynda kakasy bilen ejesi tans oýnap ýör. Ejesi: “Kakaň maňa on alty ýaşly gyzjagazkam öýlendi. Şo wagtam sakgaly göbegine düşüp durdy” diýip, adatdakysy ýaly zeýrenýär. “Bular näme köpüň öňünde beýdişip masgara bolup ýörler?” diýip, Abdyllanyň gahary gelýär. Ýerinden turup, ejesi bilen kakasyna gatyrganmakçy bolýar. Turmasyna turýar-da, sazandalaryň mukamyna aýak goşup, tans oýnap başlaýar. Pyrlanyp-pyrlanyp, bir görmegeý gyz bilen tans edýär. gyzyň adyny welin bilenok. Yzyna gaňrylyp, hol burçda oturan aýaly Rahbardan soramakçy bolýar. Şo pursat aýalam, ýaňky näzenin gyzam nirädir ýitirim bolýar. Abdylla şonda-da tansy dowam edýär. Ýöne aýaklary çolaşýar. Görse, topugyndan ýüpek tasma dyňylgy. Kimdir biri ony üznüksiz çekýär, özem sykylyk atyp çekýär... Abdylla gara suw bolup oýandy. Başynda Sadyk, aýagujunda Mübärek, biraz aňyrrakda bolsa, molla Kosoniý doga okap, dem salyp otyr. Sadyk: – Sizi ysytma tutdy – diýdi. Şol günden başlap Abdyllanyň paýhasy durlandy, pikirleri aýdyňlaşdy. Ertesi ýene Trigulowyň ýanyna çagyranlarynda entirekläp ýörese-de, aňy çapgyr at kimin söweşe taýyndy. – Men özümiň milli garaýyşlarymy ýaşyryp duramok – diýip, ol sülçiniň gaşynda pert-pert gepledi. – Meniň milli garaýyşlarym Oktýabr rewolýusiýasynyň ilkinji günlerinde, hatda ondanam öň kemala gelip başlady. Bu ruhda maňa jeditçilik ylham berdi. Men Sowet hökümetiniň ideýalaryny özleşdirip bilmedim. Men özümi milli ýazyjy hasap edýän. 1919-njy ýylda “Öten günler” romanymy ýazyp başladym. Ony 1925-nji ýylda çap etdim. Bu Sowetlere garşy milli roman. Men onda Sowetlerden öňki taryhy wakalary beýan etdim. Dogry, bu romanda aç-açan “Ýok bolsun Sowet hökümeti!” diýilmese-de, onuň içki mazmunyndan gelip çykýan özeni şol pikiri ündeýärdi. Abdylla bir pursat demini dürsedi-de, kepän dodaklaryny ýalap, dowam etdi: – 1926-1928-nji ýyllarda men “Mährapdan çykan içýan” atly ýene bir taryhy roman ýazdym. Munda milli ideýalardan biraz daşlaşdym, şonuň üçin bu romana syýasy nukdaý nazardan kämil diýip bolmaz. Dogry, munda-da köne urp-adatlar bilen bir hatarda milli ideýalar ýok däl. 1932-1935-nji ýyllarda men özümiň soňky eserim bolan “Abid kätmen” kyssamy ýazdym. Mazmuny boýunça ol Sowetlere ýakyn diýse bolar. Ýagny, kyssa kolhoz gurluşygy barada. Ýöne bu eserde men kolhoz gurluşygyna ynanmaýanlygymy görkezdim. Munda-da milli düşünjelerime laýyk pikir ýöretdim. Eger bu jenaýat bolsa, onda men jenaýatkärdigimi boýun alýan. Abdyllanyň bokurdagy doldy. Ol şu ýerde gepine dyngy berdi. Nämüçindir Çolpanyň: “Eý, “pagtystan” ülkesiniň teşnesi” diýen setiri ýadyna düşdi. Ysgyndan gaçyp, agzy kepäp duran-da bolsa, ol ýaňky aýdan sözlerini kagyza geçirip oturan sülçüden suw soramady. – Sen aýny haýsy antisowet guramasynyň peýdasyna işlediň? – diýip, Trigulow kagyzdan başyny galdyrdy. – Milletçi hökmünde men Sowet hökümetini ýumurmakçy bolan özbek halkynyň peýdasyna işledim. Meniň edebiýatdaky we metbugatdaky işim Sowet hökümetine garşy. Akmal Ikram we Faýzulla Hojaýew bilen bagly ýöňkelen günäler delilli. Olaryň kararlary bilen meniň eserlerim köpçülikleýin çap edildi we ýaýradyldy. – Haçan, kim tarapyndan we haýsy antisowet, buržuaz-milletçilikli gurama çekildiň? – Men özümi iň köne we iň işjeň milletçi hasap edýänem bolsa, hiç hili gurama agza bolmadym. – Sen ýalan sözleýäň, Kadyry! – diýip, Trigulow stoly ýumruklady. – Derňew seniň “Milli birlik” we “Milli garaşsyzlyk” guramalaryna agza bolandygyňy ýeterlik deliller bilen subut etdi. Muny nädip inkär etjek? – Men gaýtalap aýdýan. Hiç hili gurama agza bolmadym we meni hiç kim haýsydyr bir gurama çekjek bolmady. Suwsuzlykdan ýaňa Abdyllanyň dili kentlewügine ýelmeşdi, şonuň üçin kynlyk bilen haýal gepleýärdi. – Ýalan sözleýäň! Tussag edilen Ganihan Hamidhanow seni “Milli garaşsyzlyk” guramasyna özüniň çekendigi hakynda görkezme berdi. Ine, okap gör! – diýip, Trigulow bir bölek kagyzy Abdylla uzatdy. Abdylla haýran galyp, kagyza seredip durşuna: – Hamidhanow diýýäniň kim? – diýip sorady. – Inoýatow Nazrullany-ha tanaýaň, “Milli garaşsyzlyk” guramasyna agza bolandygyňy ýüzüňe aýtdy. Tursunhojaýew Sadylla hem muny tassyklady... – Menem olaryň aýdýanyny gözüň öňünde inkär etdim. Hawa, men milletçi. Edebiýatda we metbugatda milli ideýalary işjeň wagyz etdim. Emma gaýtalap-gaýtalap aýdýan, men hiç hili “Milli birlik” ýa “Milli garaşsyzlyk” guramalaryny bilemok we olara agza hem bolamok. Dogry, 1917-nji ýylda men ömrümde ilkinji gezek “Turan” diýen gurama girmekçi boldum. Ýöne düşnüksiz sebäplere görä, meni oňa kabul etmediler. Akmal Ikramow bilen Faýzulla Hojaýewiň guramalaryna meniň dahylym ýok. “Partiýanyň hem agzasy däl, ministrliklerde-de işlemedim” diýip, Abdylla oýlandy. Emma bu pikiri dile getirmedi, sülçini öjükdirmäýin diýdi. – Bes et ýalan patarrakyňy! – diýip, Trigulow sabyr käsesiniň dolup barýandygyny ýanynda duran seržanta görkezmekçi bolýan deý gahar bilen galamyny gapdala zyňyp goýberdi. – Geçen ýüzleşdirmeler wagtynda Akmal Ikramow bilen Faýzulla Hojaýewiň baştutanlygyndaky antisowet, buržuaz-milletçilikli guramalara agza bolandygyň doly suratda subut edildi. Indi beri dogryňy aýtjakmy? – Ýüzleşdirmelerde maňa milletçi diýdiler. Muny boýun alýaryn we tassyklaýaryn. Emma hiç bir gurama agza bolan däldirin. Muny ýüzleşdiren wagtyňyz hem aýdypdym. Häzir olaryň bu barada beren görkezmeleriniň esassyzdygyny we adalatsyzlyk edilýändigini anyk bilýän. Meniň Akmal Ikramow we Faýzulla Hojaýew bilen hiç hili gatnaşygym ýok. Abdyllanyň gözleri garaňkyrap, başy aýlandy. “Kelläm ýarylmasa-da biridir!” diýip oýlandy. Özüni ele almaga çalyşdy. “Bu zatlar düýşmi ýa huş? Mundan başga-da dünýä barmy?” Şu pursat sülçiniň zyňan galamyny almak üçin seržant penjiräniň öňüne bardy. Aýnanyň aňyrsynda gugurdaşyp oturan iki kepderi güsürdäp uçdy. Ara düşen dymyşlykda olaryň ganat kakyşy hem eşidildi. “Ine, şu kepderilerem erkin!” diýip, Abdylla oýa batdy. *** Ýarygijeler sorag etmeklik gaýtadan başlandy. – Faýzulla Hojaýewiň öz eli bilen ýazan hatyny saňa görkezdik. O hatdan görnüşi ýaly, Gurban Beregine seniň kitaplaryňy gaýtadan çap edip, çet ýurtlara ibermeklik tabşyrylypdyr. Sen muny boýun alýaňmy? – Hawa, boýun alýan. 1932-nji ýylyň ýazynda Faýzulla Hojaýewiň tabşyrygy boýunça meniň “Öten günler” eserim arap elipbiýinde taýýarlanyp, Kaşgara iberilmelidi. Bu iş Gurban Beregine tabşyrylypdy. Men muňa garşy bolmadym, çünki Kaşgarda “Öten günler” bilen gyzyklanýandyklary barada öňden habarlydym. O ýerde meniň kitabym giňden ýaýradyldy. Bu tabşyryk bir uly söwdagäriň öz işi bilen Kaşgardan Daşkende gelen döwrüne gabat gelipdi. Bu täjiriň iş sapary barada Faýzulla Hojaýew hem bilýär eken. Ol edebiýatymyzyň çet ýurtlara ýaýradylmagyna ymtylýardy. Kaşgarly söwdagär barada men “Sary humdan” kwartalynda ýaşaýan, tahýa tikýän ussa Alymjan Faziljanowdan eşidipdim. Alymjanyň aýtmagyna görä, kaşgarly myhmanyň “Öten günler” romanym barada meniň bilen gepleşmek niýeti bar eken. Ol söwdagäriň gelendigi baradaky habary ÖzGIZ-de işleýän Kyýas Hojaýewe ýetirmegi maňa haýyş etdi. Men ol söwdagär bilen ýüzbe-ýüz görüşmedim, ýöne onuň Daşkende gelendigi baradaky habary Kyýas Hojaýewe ýetirdim. Kyýas Hojaýew: “Bolýa, galanyny özümiz oňararys” diýdi. Men bu meselä şondan soň goşulmadym. – Sen çet ýurtly içalylar bilen eden gatnaşyklaryňy gizleýäň! “Al saňa gerek bolsa! – diýip, Abdylla oýlandy. – Bir kemiň içalylykdy!” – Şol kaşgarly “myhmanyň” adyny aýt! Onuň tabşyryklary boýunça neneňsi içalylyk işlerine baş goşanyň barada hem göniňden gel! Abdyllanyň ini tikenekläp gitdi. Çaga wagty ýerli-rus mekdebinde rus dili we edebiýatyndan okadýan Georgiý Ýewstigneýewiç okuwçylaryň söz baýlygyny artdyrmak üçin bir oýun oýlap tapypdy. Birinji okuwçy özüçe bir sözlem düzüp, onuň ýaryny aýtmaly. Ikinjisi jümläniň manysyna görä ony dowam etmeli. Ýöne sözlemi gutarman goýmaly. Soň üçünji dowam edýär, jümläni gutarman, yzyndaka geçirýär. Sözlemiň manysy bolsa, ýuwaş-ýuwaş üýtgäp, asyl durkundan daşlaşyp gidip otyr. Ahyrky okuwçy sözlemiň soňuna nokat goýanda jümle uzyn, manysyz bir zada öwrülýär. Häzir Abdyllanyň ýadyna şol oýun düşdi. Egni pogonly bu resmi adam öz aýdýan sözlerine özi bir ynanýarmyka? Ýa bu-da Jurat aksakalyň yglan eden erteki ýaryşy ýaly bir zatmyka? Çyn bilen ýalany garym-gatym edip, niresiniň hakykat, haýsy ýeriniň aldawdygyny saýgaryp bolmaýan toslama oýunmyka?.. – Kadyry, men senden soraýan. Dymyp, wagt utýandyryn diýip pikir etme! – Men nähilidir bir hili içalylyk hereketlerine gatnaşandygym baradaky pikirleri büs-bütinleý inkär edýän. Hiç hili içalylyk bilen dahylly ýerim ýok. Hiç kimiň hiç hili tabşyrygyny hem berjaý edemok. Kaşgarly söwdagäriň adynam bilemok, zadynam. Alymjan o zatlary maňa aýtmady. – Çet ýurt içalylary bilen baglanyşygyňyz baradaky meselä soň gaýdyp geleris. “Edil küştdäki ýaly, wagtlaýyn yza çekilip, amatly orny eýeleýär” diýip, Abdylla sülçiniň maksadyna düşündi. – Häzir Alymjan Faziljanow bilen gatnaşygyň barada gürrüň ber. – Alymjan Faziljanowy men 1931-nji ýyldan bäri tanaýan. Ol tahýa tikýän ussa. Men oňa ýylda bäş-alty gezek duş gelýän. Onuň bilen ähli gatnaşygym şundan ybarat. – Sen belli din hadymy Zahriddin Alam bilen gatnaşykda bolupsyň. Ol iňlis içalyçylyk hereketiniň jansyzy. “Ýalan sözläňde ýapa bir degirsediň! – diýip, Abdylla uludan dem aldy. – Ýeri, şeýle ýagdaýda nädip düşünişersiň?!” – Indi aýt, ikiňizi nähili gatnaşyklar baglanyşdyrýar? – Zahriddin Alam görnükli din işgäri. Meni onuň bilen baganyşdyrýan ýeke-täk ýagdaý – meniň hudaýhonlugym. Emma dini meselede onuň bilen pikirlerimiz çapraz düşýär. Din babatda meniň hususy garaýyşlarym bar. Iş ýüzünde welin, o kişi bilen hiç hili bagly zadym ýok. Onuň içalydygyndan hem habarym ýok. – Din babatda hususy garaýyşlaryň nämelerden ybarat? – Zahriddin Alam köne düşünjeli adam, men – jeditçi. Musulmançylykda meniň esasy ýörelgäm – Hudaýa ynanmak. Galan zatlar dindarlaň soň tapan toslamasy... – Sen ýene ýalan sözleýäň. Bize mälim bolşuna görä, sen bahaýylardan. Seni olaryň toparyna çeken kim? – Men belli bahaýy Wadud Mahmydy tanaýaryn. Onuň bilen ýakyn gatnaşyk sakladym. 1936-njy ýylda ol maňa öz jemgyýetine girmegimi teklip etdi. Men bu teklibi çürt-kesik ret etdim. “Bularyň bilmeýän zady ýog-aý! – diýip, Abdylla oýlandy. – Nirede iki adamyň başy çatylsa, bular üçünji, üç adam üýşse, bular dördünji, dört adam jem bolsa, bular bäşinji bolup goşulýan bolmaly-da...” Onuň pikirini tassyk edýän deý Trigulow ýene bir soragy öňündäki kagyza belläp, okady: – 1936-njy ýylda sen dindarlaryň ýygnanyşyklaryna işjeň gatnaşypsyň. O ýerde Sowet hökümetiniň syýasaty barada kontrrewolýusion ruhda maslahatlary edipsiňiz. Sen muny tassyklaýarmyň? – Hawa, tassyklaýaryn. 1936-njy ýylyň ýazynda Zahriddin Alamyň dindar dostunyň öýünde salgyt we zaým barada gürrüň boldy. Men olaryň gürrüňine goşulmadygam bolsa, Alamyň aýdan sözleriniň baryna goşulýaryn. Eger bu günä iş bolsa, onda men günäkär... Abdyllanyň gulagynda ýene-de öňküsi ýaly yzy gelmeýän güwwüldi peýda boldy. “Lä hawle lä kuwwaty illo-billo” diýip, ol içinden doga okady. Bu näme boldugy? Hassalygyň alamatymy? Ol özüni dürsemäge çalyşdy. Özbeklerde bir täsin gylyk bar. Hamyla aýal goňşy-golamlaryndan ýa garyndaş-hossarlaryndan birine aşa ýakym bilen garasa, dünýä inen bäbegi hem şoňa meňzeýär diýýärler. Abdyllalaryň Dursun daýza atly bir goňşusy bardy. Ol mahal-mahal Abdyllanyň ejesi Josiýat bibiniň ýanyna gelerdi: – Josiýat daýza, tüweleme, göz degmesin, kemally perzendiň bar! Abdyllanyň ýazýan zatlaryny okap-okap doýup bilemok. Hut meniň göwnümdäki zatlary ýazypdyr. Beýle sözleri nireden oýlap tapyp, nädip ýazýarka? Atasynda-ha sowat ýokdy. Kime çekip beýle zehinli bolduka? Dursun daýzanyň bu öwgüleri Josiýat bibiniň janyna ýakmazdy. Goňşusy giden dessine ol: “Ogluma göz degrip oturybermesin şu gözi guramyş!” diýip, käýinip, ýüzärlik tüteterdi. Ana, şol Dursun daýza ýaşy kyrkdan geçensoň, altmyş ýaşly ärinden ogul perzent dogurdy. Gyzykly ýeri, onuň ogly agynjak Abdylla meňzäp dur. Hatda çep gulajygynda dogabitdi deşijek hem bar. Aýhanpaşşanyň uly ogly Muzaffar ösüp ulaldygyça gara saçlary, gaşy gyzaryp, gözleri gögümtil öwsüp başlady. Hereketlerinde çalasynlyk hem dogum güýjedi. Daşyndan görenler ot ýaly oglan bolup ýetişer diýip baha berýärdiler. Öň çagalaryna bigäne göz bilen garan Aýhanpaşşanyň hem ýüreginde enelik mähri oýandy. Mädaly hanyň kiçi oglunyň-da asla kakasyna meňzemeýändigi gün geçdigisaýy ýiti duýulýardy. Aýhanpaşşanyň hamraklygy artyp, uzynly gün çagalarynyň ýanyndan aýrylmaýardy. Olara tapmaçadyr ertekileri aýdýardy, “Müň bir gijäni” okap berýärdi. Mädaly hanyň bolsa, köňlünde müňkürlik ody tutaşyp başlady. Ol ilki assyrynlyk bilen çagalaryna syn edýärdi, soňam aýnada özüne seredip, gözüni, gaşyny, burnuny çagalarynyňky bilen deňeşdirip görýärdi. Bir gün gylyçlaşmak oýnuny bahanalap, iki ogluny kepderileriniň ýanyna getirdi. Çagalarynyň biri pallap, beýlekisi: “Püff, porsy” diýip, hiç zat bilen seri ýok. Başga bir gün olaryň hersiniň eline bir deprek tutdurdy. Biri ony tigirläp oýnady, beýlekisi bolsa kellesine geýdi. Mädaly hanyň ukusy bozuldy. Düýşünde Aýhanpaşşany ozalkylaryndan hem beter urýardy. Ýöne munuň bilen ýüregi aram tapmaýardy. Köňle düşen şübhe ýylana, aždarha öwrülip, gitdigiçe ulalýardy. Bir gezek ol arpa suwundan edilen serhoş ediji içgiden keýpini kökläp, Aýhanpaşşanyň bosagasyndan ätledi. Çagalaryny ýatyrmak üçin hüwdüdir gazal aýdyp oturan Aýhanpaşşa gözi gyzaran hany görüp, içini çekdi, gorkup: “Gülsüm!” dýip gygyrdy. Eýwanda ýatan Gülsüm uky arasynda onuň sesini eşitmedi. Ejize ganym han tirsegi bilen Aýhanpaşşanyň ýüzüne urup, onuň dat-bidat edip gygyraryna garaşdy. Ýöne ýap-ýaňy uka giden çagalarynyň gorkup oýanaryndan ätiýaç eden Aýhanpaşşa eli bilen agzyny tutup, jyňkyny-da çykarmady. – Geple, jelep, kimiň döli bular? – diýip, han hemle urdy. Abhanpaşşanyň gözlerine gorky gatyşykly geňirgenme indi. – Kellesini alaryn haramdan bolanlaryň! – Han gylyjyny ýalaňaçlady. Aýhanpaşşa çalaja başyny ýaýkady-da, “Meniň başymy al!” diýýän dek boýnuny aşak egdi. Bu Mädaly hany öňküden-de beter öjükdirdi. – Kime guýrugyňy buladyň, ganjyk? – diýip, ol aýalynyň saçyndan tutup, eline orady. Aýhanpaşşadan ses çykmady. – Gulhany bilen çörňeşdiňmi, kemçin? – diýip, Mädaly han ahyry ýüregindäki şübhäni diline getirdi. Aýhanpaşşa ýene sessiz baş ýaýkady. Han bar güýjüni jemläp, dyzy bilen aýalynyň ýüzüne urdy. Körpeçä damja-damja gan seçelendi. Ýöne Aýhanpaşşa lal-jim bolup otyrdy. – Me, ine, ol it ogluna ýazan hatyň! – diýip, Mädaly han jübüsinde epin-epin bolup giden kagyzy Aýhanpaşşanyň öňüne oklady-da, gylyjynyň dessesi bilen onuň ýeňsesine urdy. – Ikisiniň janyny jähenneme iberdim, indi siziň ýoguňyza ýanaryn! Şol wagt Gülsüm dady-perýat edip, atylyp geldi. Onuň galmagalyna ukuda ýatan iki çaga zähresi ýarylan deý oýandy. Yzlaşykdan ýaňa öýüň içinde durar ýaly bolmady. Han gylyjyny taşlap, ätmer-sätmer edip, çykyp gitdi... | |
|
√ Dirilik suwy -12: romanyň dowamy - 12.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -8: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -2: romanyň dowamy - 28.05.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -11: romanyň dowamy - 06.06.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Türkmen aty - 16.08.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap - 22: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Duman daganda: Hakykat nirede, hakykatçy nirede?! - 13.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -16: romanyň dowamy - 22.07.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -7: romanyň dowamy - 02.06.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -6: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |