00:40 Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -13: romanyň dowamy | |
ÇEKIŞME
Romanlar
Ertesi Abdylla oýanyp seretse, ozalkylar ýaly Mübäregiň ýanynda ýatan eken. Ýöne daş-töwereginde başga-başga, nätanyş adamlar ýatyr. Diýmek, ýene başga kamera getirip dykypdyrlar. Her gün säher bilen ukudan turansoň, adam täze güni nähili başlajagyny, özüniň niredeligini, düýn nämeleriň bolandygyny birlaý ýatlap çykýar. Edil keşde çekýäniň keşdesini düýnki galdyran ýerinden dowam edişi ýaly. Abdylla ýerzeminde agyr-agyr hyýallara başyny berip, ölüm jezasyna garaşyşyny ýatlady. Soňra düýnki başyndan geçenleri ýeke-ýekeden hakydasyna getirdi... Iňlisler nirä ýitirim bolduka? Ýa olary düýşünde gördümikä? Şonça wakanyň şeýle aýdyňlygy bilen düýşüne girmegi boljak zatmy? Abdylla elini jübüsine sokdy. Hawa, ine, ýaş iňlisiň düýnki beren haty! Beýleki jübüsini sermeläp görse, o ýerde-de dört eplengi, atyr ysly elýaglyk ýatyr... Ertir namazyny kaza edendigine gynanyp, Abdylla ýuwaşlyk bilen ýerinden turdy. Suw gözläp töweregine äňedişdirdi. Hawa, anha burçda hemişekisi ýaly iki sany suwly çelek dur. Kameranyň diwarlary hem betondan guýulan. Ol ýokarsyna seretdi. Petikde gapy ýok, daşyna demir gözenek tutulan öçügsi çyra bar. Abdylla çyranyň yşygyna arkan ýatan on-on bäş sany tussagyň ýüzüne seredip çykdy. Ynha, Ankabaý, ine, molla Fitrat. Bu kim? Abdylla ony tanamady. Çolpan hem şu ýerdemikä? Onuň ýüregi gürs-gürs etdi... Ýok, görnenok. Aňyrky burçda ýatyrmyka? Hemişe ir bilen ukudan turlan çagy kameranyň içi kapas bolýardy. Häzir bolsa, kameranyň howasy tämiz, özi-de giňiş görünýär. Ýok, bu öňki kameradan iki esse dagy kiçi. Adam sany az bolansoň, ol uly görünýär. Abdylla el-ýüzüni ýuwansoň, aňyrky burçda ýatanlara-da göz gezdirdi. Olaryň arasynda ne Çolpana, ne-de başga bir tanşyna sataşdy. Ertir namazyny okap, ol ýene elini jübüsine sokdy. Alagaraňkyda haty çykaryp, epinlerini ýazdy. Onuň hakykylygyna göz ýetirmekçi bolýan deý, nätanyş sözlere seretdi. Ownuk iňlis harplary bilen ýazylan hat. Ýokarsyndaky “Вukhara, Ark, 4 april 1842” diýen ýazgyny görüp, ýüregi jigläp gitdi. Ol derrew hatyň iň soňuna göz aýlady. Edil garaşyşy ýaly “А.Cоnolly” diýlip gol çekilipdir. Abdyllanyň başy aýlandy. Her namazynda Alladan “Däliremekden we maýyp bolmakdan aman sakla!” diýip, dileg ederdi. Dilegi gowuşmadyga meňzeýär. Häzir ol: “Şermendelikden we ryswa bolmakdan goraweri!” diýip, Hudaýa ýalbardy. Türmede, dost-duşmanyň öňünde akylyndan azaşsa, başga bela gerekmi? Muňa çydap bilermi?.. Ýok, Abdyllanyň huşuny, hakydasyny gaýtadan ele almagy gerek. Hakykatda düýnki zatlaryň hiç biri-de bolup geçmedi. Haty bolsa, Abdyllanyň jübüsine Mübärek salandyr. Ýa-da onuň “Molla eke, alyň, temmäki dolamazdan öň okap görüň” diýip, beren kagyzyny başagaýlykda jübüsinde ýygnandyr. Hany, Mübärek ukudan tursun, onsoň sorap göräýmeli bolar... Ýa NKWD-niň bihaýa oýunlarynyň birimikä? Ony diýseňem, bular ýaly oýundan olara ne peýda bar? Onsuzam ölüm jezasyna höküm edilmedimi nä? Oýlana-oýlana, hiç aňyrsyna çykyp bilmedi. Şonda ir döwür başdan geçiren bir wakasy ýadyna düşdi. Moskwa okamaga baranda Abdyllany Nowolesnaýa köçesindäki ýatakhanalaryň birine ýerleşdirdiler. Ol ýerde ony ukrainaly Serhiý Berežnoý bilen gazagystanly Serik Saktaganow garşylady. Ol ikisi okuwa bir ýyl öň gelen ekeni. Şonuň üçin olar Abdylla elden gelen kömegini gaýgyrmadylar. Bir otagda ýaşap, bu üçüsi bile okadylar, bile iýip-içdiler, bile dynç aldylar, tiz wagtyň içinde aga-ini boldular. Serhiý bilen Serik Moskwa bäş barmagy ýaly belet ekenler. Olar Abdyllany Wahtangow teatryna, Politehniki institutda Maýakowskiý atly güýçli şahyryň şygyrýet agşamyna, Aýsedora Dunkan diýen dünýä belli tansçy aýalyň çykyşyna... äkiderdiler. Diňe sungat bilen gyzyklanyp oňmazdylar. Tomus gelip, synaglary tabşyransoňlar, Sokolniki bagyna seýil ederdiler, “Worobini goryda” welosiped münüp görerdiler, “Begowaýa” aýlawynda at çapyşygyna tomaşa ederdiler. Zaporožýe kazaklaryndan bolan Serhiý Berežnoý gujurlydy, güýçlüdi, ýöne sadady, bedeni tagaşyksyzdy. Serik Saktaganow bolsa, eginlekdi, dilewardy, gyzlara ökdelik bilen lak atardy. Bir gün bular Serebrýannyý Bor diýen sosna tokaýlygynyň golaýynda, Moskwa derýasyna suwa düşdüler. Dnepriň kenarynda önüp-ösen Berežnoý edil balyk kimin ýüzýärdi. Gazak sährasyndan gelen Serik hem ondan galmady. “Gyzlary Balhaş kölüne äkiderdim, ýüzmäni şo ýerde öwrendim” diýýärdi. Ýüzmekde bu ikisi Anhoryň bulanyk suwuna bary-ýogy iki gezek çümüp çykan Abdylladan has ökdedi. Birdenem Serhiý bilen Serik: “Derýaň beýleki kenaryna ýüzüp geçýäs!” diýen maslahata geldiler. Abdyllanyň ýüregine galagoplyk aralaşdy, ýöne ýigitlik buýsanjy yza tesmäge oňa ýol bermedi, dostlarynyň teklibine biygtyýar goşuldy. Tomsuň ortaky aýydygyna garamazdan, derýaň suwy sowukdy. Kenara çenli aralygyň dörtden birini ýüzende Abdyllanyň bütin bedeni titräp başlady. Ýüregi gürs-gürs urdy. Ýöne yza dönmek barada pikirem etmedi. El-aýagyny hereketlendirip, diňe öňe ýüzdi. Dostlary bolsa, yzyna garaman, gitdigiçe ara açýardy. Abdylla demi-demine ýetmän, eýdip-beýdip, zordan orta ýola ýetdi. Indi yza gaýtsaňam, öňe gitseňem, tapawudy ýok, iki kenaram deň daşlykda. Ol ähli güýjüni buz ýaly suwda diýen edesi gelmeýän eline hem aýagyna gönükdirdi. Şol gezek derýa ony ýuwutdy. Abdylla muny el-aýagy bilen däl-de, bogazyna gelen jany bilen duýdy. Saman sypaly kimin janyň bedeniňi terk etmegi üçin iki owurt suw ýeterlik eken. Moskwa derýasynyň suwy Abdyllanyň bokurdagyna dolansoň, ol huşundan gitdi. Ajal şeýle duýdansyz hem ümsüm gelýärmikä? Nirede, haýsy dünýäde, belli däl, özüne gelip, gözüni açsa, Serhiý Berežnoý bilen Serik Saktaganow ikisi üstüne abanyp durlar. Özlerem ýeser ýylgyryşyp: “Suwuň düýbünden göwher tapdyň öýdýän, guwwas! Bize dagy aýdaňogam!” diýişýärler. Şol tomus olaryň ikisi-de okuwy tamamlady. Serhiý Murmanska, Serik bolsa Magadana gitdi. Şondan soň olardan hiç hili hat-habar bolmady. Abdylla bolsa, tä Çolpana sataşýança ýalňyz galdy. Bir gün oýlanyp otursa, iki dostunyň hem familiýasy manydaş eken. “Berežnoý” diýmek eserdeňligi aňladýar. “Saktaganow” hem özbekçä geçirseň, eserdeň diýen manyny berýär. Şonda iki egniňde oturan perişdä meňzeş bu iki eserdeň ýigidi kim iberdikä? Düýnki iki iňlis hem şol iki dosty ýaly, Abdyllany ölümden halas etmek üçin iberilenmikä? Her näçe pikir etse-de, ol munuň aňyrsyna çykyp bilmedi. Tussaglar ýeke-ýekeden oýanyp başlady. Ilki bilen molla Fitrat turdy. Turşuna-da Abdylla gözi düşdi. Syçrap ýerinden galdy-da, ýanyna gelen Abdyllany gujaklap, sessiz aglap başlady. Säher çagy bu beýik ynsanyň elini-ýüzüni arassa gözýaş ýuwdy. Soňra hiç zat geplemän, Abdyllanyň ýüzüne seredip oturdy. Gaýta-gaýta başyny ýaýkady. Onuň uly-uludan sesli dem almasyndan Mübärek oýandy. – Molla, sizem bu ýerdemi? – diýip, ol gelip, molla Fitrat bilen görüşdi. Soňra Abdylla garap: – Hudaýa şükür, özli-özümiz bolup galdyk – diýdi. Bu kamera ölüm jezasyna garaşýan tussaglaryň salynýandygyny bu sada adam nireden bilsin? – Men Londona baranymda bir muzeý gördüm. Onda arynyň mumundan ýasalan adam şekillerini goýupdyrlar. Edil diri adamlar ýaly. Murtlak Stalinem bar, erni çilimli Çerçil hem bar, biziň Ýusup Börimizem ýasap goýupdyrlar... Bizem indi mumdan ýasalan ýaly bolup galdyk. Mübärek gözlerini owkalaşdyryp, az salym dymdy. Bularyň mumdan ýasalan ýaly lal-jim bolup oturyşlaryna geň galdy. – Nämüçin gepläňzok? – diýip sorady. Eýse, bu ikisi näme diýsin? Ähli zat ap-aýdyň bolup duran ýerde söz nämä gerek? Çolpan aýtmyşlaýyn: Meniňem gözlerimden uky gaçdy, eý bulut! Rahat, ümsüm ýatsadym göýä ölen deý bolup! *** Assa-ýuwaş beýlekilerem oýanyp, Abdylla bilen molla Fitratyň ýanyna ýygnanyp başladylar. Bu kamerada ölüm jezasyna her kim özüçe taýynlyk görýärdi. Aksakal bolsa ýokdy. Şonuň üçin turasy gelen turýardy, ýatasy gelen ýatyrdy. Tussaglar Abdylla bilen salam-helik alyşdylar. Täzelikde tutulandyr öýdüp, ondan türmäniň daşyndaky durmuş barada soradylar. Abdylla özüniň üç aýdan gowrak wagt bäri tussaglykdadygyny, ondan öň Daşkentde bolan wakalar barada aýdyp berdi. Gürrüňçiligiň arasynda demir gapy jygyldap açyldy-da, ertirlik nahar geldi. Adatdaky ýaly dary ýarmasy bilen tagamsyz çaý berdiler. Hemmeleriň ertirlik edinmek bilen başagaý bolup oturan wagty, Abdylla pursatdan peýdalanyp, ýanyndaky Mübärekden: – Mübärek, sen düýn kisäme temmäki dolar ýaly kagyz salan-a dälsiň? – diýip sorady. – Ýok, molla eke, siz bilen bu kamerada duşuşaryn diýip pikir etmesem näme? Indi bu ýerde eýdip-beýdip, çilim dolanmagyň bir ugruny taparys-da... – Sen Ýusup uzyn diýen adamy tanaýaňmy? – Kim diýdiňiz? Ýusup uzyn? Biziňkilerdenmi? Abdylla baş atdy. – Ýusup uzyn-a bilmedim. Ýöne uzyn Ýusup diýip polkownik Ştoddart bilen kapitan Konolliniň kömekçisiniň bolanyn-a bilýän. Ýa siz häzirki döwrüň gürrüňini edýäňizmi? – Aý, ýok, men ýöne şeýle soraýdym. – Emir Nasrulla han iňlislere kömek edeni üçin uzyn Ýusubyň kellesini alypdyr... Iňlisler zyndanda oturan wagty ondan hat iberipdirler, şonda tutulypdyr. – Bäh, dogrudanam şeýlemi? – Abdylla çeýnäp oturan çöregine düwündi. Onsoň derrew gepi başga ýana sowdy. – Mübärek, ine, özbeklerde owlakgapdy diýen oýun bar, owganlylar oňa buzkaş diýýär. Hindiler sadranç oýnuny oýlap tapypdyrlar. Öň bir gepiňde özüň aýdypdyň, iňlisleriň kriket diýen oýny bar diýip. Ýahudylaryň milli oýny nähili? – Çekişme oýny, jedel – diýip, Mübärek oýlanmazdan jogap berdi. – Ýahudy jedelsiz oňup bilenok. On ýahudynyň üýşen ýerinde on bir sany pikir bar! Mübärek çala ýylgyrdy. – Ştoddart bilen Konolliniň taryhy gaty gyzykly. Konolli Kokantdan Buhara gelende emir olaryň ikisinem zyndana taşlaýar. “Siz – içaly, jansyz!” diýýär. “Hywa bilen Kokandy maňa duşman eden – siz!” diýýär. Basym bularyň ikisiniňem kellesi alnypdyr diýen gürrüň ýaýraýar. Emma bu gümürtik gürrüň, sebäbi olaryň jesedini gören adam ýok. Bir ýyl diýlende biziň halkdan Ýusup Wulf, ýagny, Ýusup Böri diýen adam Buhara gelýär. Men onuň neberelerini hem gördüm. Ýusup Böri hristian mollasy bolan. O-da biziň milletden bolany üçin baran ýerinde hemmeler bilen jedele girýär. – Mübärek, sen nanyňy iý! – diýip, Abdylla onuň gürrüňini böldi. Ýöne bir gepe gyzyp ugransoň, Mübäregi saklajak gümanyň ýok. – Ştoddart bilen Konolli zyndana taşlanyp, olaryň ölümi hakyndaky habar ýaýransoň, iňlisler Jozef Wulfy, Mübärek aýtmyşlaýyn, Ýusup Börini Buhara iberipdirler. Ol emir Nasrulla hanyň huzuryna barypdyr. Soňra köşk beýemçileriniň biri ony sorag edipdir. Olaryň arasynda çekişme bolupdyr. Beýemçi ilki Ýusup Böriniň kömekçisi bolan merwli Dil Asso Hana ýüzlenip, ulumsylyk bilen: – Sen kim bolarsyň? Nämüçin geldiň? – diýip sorapdyr. – Men Dil Asso Han. Merwiň häkimi Assaf ud-Döwläniň hyzmatyndaky adam. Meniň hökümdarym emir hezretlerine Hywa bilen Kokanda garşy uruşmaga ýardam bermäge taýýar. Men, ine, şunuň üçin geldim. Şol wagt gürrüňe Ýusup Böri goşulypdyr: – Sen meniň adamym ahyryn. Assaf ud-Döwle seni meniň ýanyma ýardam bermek üçin goşup goýbermedimi? Seniň kireýiňi hem men töledim-ä! Beýemçi Ýusup Börä garap: – Seniň hezreti emire näme arzyň bar? – diýip sorapdyr. – Men Jozef Wulf, angliýaly meşhur derwüş molla – diýip, ol arassa pars dilinde jogap beripdir. – Mundan on iki ýyl ozal men Buharada bolupdym. Şol wagt emir Haýdar maňa islän wagtym şu ýere gelip biler ýaly rugsat hatyny berdi. Bu ýerde meniň iki sany dostum – polkownik Ştoddart we kapitan Konolli tussag edilipdir diýen habar bütin dünýä ýaýrady. Bütin dünýä Buhara garşy uruş etjek bolup duran wagty men bu ýere ýagşy niýet bilen parahatçylyk isläp geldim... Beýemçi şu ýerde onuň sözüni bölüpdir: – Iňlisistan Buharadan näçe daşlykda? Dil Asso Han köpbilmişlik bilen: – Alty aýlyk ýol – diýipdir. – Ýalan! – diýip, Ýusup Böri jedele giripdir. – Iňlisistan Buharadan bary-ýogy üç aýlyk ýolda. Emma Kandagaryň golaýynda, Şikapurda biziň goşunlarymyz bar. O ýerden bolsa, gaty gitse, otuz günlük ýol. Men bu ýere gaýtmankam “O taýyk gidibem oturma! Olar senem öldürerler” diýip töwella etdiler. Ýöne men Hudaýa bil baglap, gaýdyberdim. Stambulda Soltan maňa hödürnama hatyny berdi. Eýran patyşasy Muhammet şa hem hödürnama ýazyp berdi. Assof ud-Döwle hem ýardamçy bolar ýaly bu adamy meniň ýanyma goşup goýberdi. Bu bolsa, ýardam etmegiň ýerine bar zady bulaşdyryp barýar. Osal galan Dil Asso Han aljyrap: – Men hiç zady bulaşdyrjak bolmadym, diňe Iňlisistan bilen Eýranyň dostlugyny aýtjak boldum... – diýipdir. – Men seniň kömegiňe mätäç däl! – diýip, Ýusup Böri ondan ýüzüni öwrüpdir. Beýemçi ýene sowal beripdir: – Iňlisistandan wekilçiligiň barada hatyň barmy? – Hawa – diýip, Ýusup Böriniň ýerine Dil Asso Han jogap beripdir. – Ýok – diýip, Ýusup Böri onuň tersine gaýdypdyr. – Meniň wekilçiligime Osman Soltanynyň we Eýran şasynyň Iňlisistan bilen dostlugyny tassyklaýan hatlary güwä geçýär. – Eger dostlaryň diri bolsa, olary äkitmäge sen borçlumy? – Hawa, bütin dünýäniň erki hem Britan halkynyň islegi bilen... – Sen Hanalyny oňat görýärmidiň? – Juda oňat görýärin – diýip, Ýusup Böri jogap beripdir we Dil Asso Handan ýüzüni öwrüpdir. Şu ýerde olaryň jedeli tamamlanypdyr. *** Bu wakany gürrüň berýänçä Mübäregiň nahary sowady. Tussaglaryň biri tabaklary ýygnap äkitdi. Ýarym aç galan Mübärege çaýyny owurtlap oturmakdan başga alaç galmady. Abdyllanyň gulagy Mübäregiň gürrüňinde bolsa-da, hyýaly başga ýerdedi. Ol özi bilen bolup geçen hadysany pikir eleginde eleýärdi, düşünjek bolýardy. Düýşi bolsa-da, huşy bolsa-da, ol iki iňlisden nijeme zady sorap boljakdy. Ýaşulysy Ştoddart, ýaşkiçisem Konolli bolmaly-da! Wah, gaflatda galan ekeniň, Abdylla! Beýniň bir öýjügi-de oýanmandyr! Ýaşuly “Emir” diýdi, “Nasrulla” diýdi, ýaşkiçisi bolsa, oýnuň başyny “Aýhan” diýen sözden başlady. Şonda-da hiç zady aňşyrmandyr! Gaýtam, Hamzanyň Maýsarasyny ýatlaýar... Bolduň meniň başyma ýazyjy! Ýöntem, kör, ker, sakaw, tentek sen! Şular ýaly lakamlar bilen “Muştuma”* ony-muny ýazan bolardyň. Öz tentekligiňi, samsyklygyňy şo wagtlaram bilýär ekeniň. Eneň Josiýat bibi saňa aňkaw, sölpi, mahaw diýende gaty mamla ekeni. Sen Julkunbaý däl-de, hakyky Kätmenbaý bolupsyň! Abdylla öz-özüne igenip, käýinip durşuna elini jübüsine sokdy. Atyr ysly elýaglygam, dört eplenen kagyzam ýerinde dur... *Muştum – Daşkentde çap edilýän satiriki žurnal. Abdyllanyň indi ýazylmaly kyssasynyň ähli düwünleri çözülipdi, diňe käbir ownuk-uşak meseleleri anyklamak galypdy. Şojagaz ownuk-uşak zatlary düýnki iňlisler Aý dogan ýaly edip biljekdi. Çünki olaryň zyndanda oturan wagty emir Nasrulla han Bahadyr goşun ýygnap, Kokanda garşy ýörişe şaýlanyp ýördi. Mädaly hanyň öweý enesine öýlenenine birnäçe ýyl geçipdi. Onda nämüçin emir ala-böle Hanaly derwüşiň, ýagny, kapitan Konolliniň Kokantdan Buhara gelen wagty urşa başlajak bolupdyr? Ine, şu sorag Abdyllanyň aňyny eýerläp münüpdi, ol munuň sebäbine düşünjek bolup ejir baryny çekýärdi. Bu sowalyň jogabyny Abdyllanyň jübüsindäki haty ýazan Artur Konolliden ýa Hanaly derwüşden gaýry kim biljek?! Haýp! Ertirlik nahardan soň garawul esgerler çykyp gitdi. Bili bükülen molla Fitrat ýene Abdyllanyň ýanyna geldi. Onuň gözleri gaýgy-gussadan ýaňa öçügsi görünýärdi. Özi welin dil ýarmaýardy. – Molla, Çolpany gören-ä dälsiňiz-dä? – diýip, Abdylla sorady. Fitrat bu sowala öňden garaşyp oturan ýaly, birden sesli aglap başlady. – Bizi ýüzleşdirdiler... Bir-birimizi satmagymyz üçin elden gelenini etdiler... Nähili döwür boldy bi, Abdylla jan? Eýse, biz şular ýaly rewolýusiýa üçin göreşipmidik? Molla Fitrat agy arasynda uly-uludan demini aldy. – Çolpan ýarawsyz. Süýji keseli güýçlendi. Ýüreginde-de kemi bar. Ony galmaz güne saldylar... Kitapda ýazan zatlarymyz öz başymyzdan indi... Ol agysyny saklap bilmän, ýene eňredi. Soňra özüniň birmahallar meşhur bolan goşgusyny gamgyn owaz bilen okap başlady: Barmy sizde biziň ýaly adamlar, Ikiýüzli çemeçiller, şeýtanlar, Dost ganyny ganman içýän sülükler, Gardaş etin doýman iýýän gaplaňlar? Barmy sizde bir ülkäni ýandyryp, Öz gara gazanyn gaýnadýan hanlar, Öz gara garnynyň aladasynda Ilin-ýurdun, baryn-ýogun satanlar?! Abdylla gurşun ýaly agyr, içinde ot-ýalyn lowlaýan, gahar-gazaba ýugrulan, yzaly setirlere gulak asdy. Soň muňa jogap hökmünde molla Fitratyň başga goşgusyndan iki setir okady: Bulara jan berilmedik, bular nädip dirildi? Uçup bilmeýänlere neçüýn ganat berildi? Esli salym dymyşyp oturansoňlar, molla Fitrat özüni ele aldy-da: – Menden iňlis içalysyny ýasadylar – diýip, ýaňsy bilen zoraýakdan ýylgyrdy. – Hamana, Süleýman sähne ikimiz iňlisleriň jansyzy bolup işläpmişik. Sen öz ömrüňde, heý iňlis adamsyny görüpmidiň? Abdylla onuň bu sowalyny jogapsyz galdyrdy... *** Hanaly derwüş emir Nasrulla hana ýarady. Hiç kimiň ýanynda dil ýarmasa-da, emir: “Oňat adam eken” diýip, oňa özüçe baha kesdi. Nasrulla han derwüşlere gezek gelende hoşgylawdy. Onsoňam garry Ştoddart bilen deňeşdireniňde bu gyzyl sakgal syratly pyýada badahşanly täjiklere-de meňzeýärdi. Bilimi hem tekepbir Ştoddartyňkydan pes däl. Hüý-häsiýeti boýunça bolsa, garasöýmez Ştoddartdan has mylakatly we ýumşak görünýär. Edil musulman çagasy ýaly. Emir Nasrulla hanyň häzire çenli Ştoddarty goýbermän saklamagynyň hem ýeterlik sebäpleri bar. Ol bu iňlisden az peýda görmedi. Emirligiň goşunyny, top-tüpeňini düzgüne salyp berdi, goşunyň harby taýýarlygyny ilki orta gürpe, soň ýokary derejä çenli galdyrdy. Ol iňlisler barada diline berk bolsa-da, ruslaryň, parslaryň, owganlylaryň, hindileriň hileli pirimlerini we gowşak taraplaryny aýdyp berdi. Onuň magdan gazyp almakda bitiren peýdaly işleri sanap tükederden kän. Samarkandyň golaýyndan tapylan altyn käniniň özi her nämä degmeýär. Ana, zer ýuwulyp, emirligiň hazynasyna tylla bary akyp ýatyr! Iň esasy zat – emir Nasrulla han Ştoddarty girewine saklaýardy. Ruslar onuň goýberilmegini haýyş edip, näçe gezek ýüz tutdular! Muny bahana edinip, ruslar bilen arany sazlady. Ştoddart üçin parslar we Osman soltany araçy durdy, netijede olaryň öňünde-de mertebesi beýgeldi. Indi emir Ştoddartyň üsti bilen diktumşuk iňlisleri jylawlamagy maksat edinýärdi. “Azatlyga çykjak bolsaň, Britaniýanyň şa aýalyndan Buhara bilen “Ylalaşyk” baglaşmagyny talap et!” diýip, ol Ştoddarta buýurdy. Iňlisler gyssanyp, yzly-yzyna hat ýolladylar. Emir bolsa: “Şa aýalyndan hat gelmese boşatmaryn!” diýip, ony saklaberdi. Ýöne indi kapitan Konollini – Hanaly derwüşi aldap-ogşap Kokantdan Buhara getiren emir Nasrulla hanyň niýeti biraz üýtgedi. Indi emiriň elinde ýene bir iňlis bar. “Hanaly oňat adam eken – diýip, ol öz ýanyndan oýlandy. – Bu adam entek maňa köp ýerde gerek bolar. Gopbamsy Ştoddart bilen eýranly melgun Abdusamat naýyp ikisiniň ornuny munuň bir özi tutsa gerek. Ýöne häzirlikçe muny hiç kim bilmeli däl”. Emir Nasrulla han Hanalynyň bir özüni-de, ulumsy Ştoddart bilen bilelikde-de üç-dört gezek sorag etdi. Aşaklyk bilen ony içgin öwrendi, synlady, synady. Öz ýanyndan ýene-de bir geň hyýala mündi. Hanaly derwüş Kokant hanlygynyň iň bir wawwaly hem ynjyk ýerlerinden habarly eken. Ol emir bilen ýüzbe-ýüz oturyp söhbet eden wagty Mädaly pälazanyň aýallyga alan öweý enesi Aýhanpaşşa barada köp zat gürrüň berdi. Her gezek gürrüň bereninde sarymtyl gaşlarynyň astyndaky göm-gök gözleri lowlap-lowlap ýandy. O zenan derwüşiň ýüregini eýelän eken. Indi emir Nasrulla han bu läheň balygy nädip çeňňege düşürmelidigini örän oňat bilýär. Häzirlikçe bolsa, bu iňlisleriň ikisinem topçularyň baştutanynyň zyndanyna taşlamak gerek. Hat ýazyp, kimdir biri bilen aragatnaşyk edäýseler, Abdusamat naýybyň ýoguna ýanmaga bahana boljak. Ýöne ilki Kokanda ýöriş etmeli. Urşuň öňüsyrasy bu imansyz topça degmek akylsyzlyk bolar. Häzirlikçe nähili al-hilesi bolsa edibersin. Altmyş müň tylla ýygnapdyr, wagty-sagady gelende öz emeline özüni çolaşdyryp, ähli emlägini hazyna geçirmek emir üçin müşgil iş däl. “Pişigiň ýyndamlygy samanhana çenli” diýen söz bar. Häzirlikçe biraz jylawy gowşatmaly, goý, özlerini erkin duýsunlar! Entek humarbaz, aýalbaz Mädaly pälazanyň bellisini edip gelsin bakaly, ondan soň nätmelidigini özi gowy bilýär. Şeýle pikirlere mübtela bolup, emir Nasrulla han Bahadyr ýanyp duran şemi üfläp öçürensoň, doga okap, uka gitdi... *** Buhara emirleriniň taryhyny asly buharaly bolan molla Fitratdan gowy bilýän ýok. Ol Buhara hanlarynyň taryhyna degişli “Abulfaýz han” atly tragediýasyny hem ýazdy. Abdylla emiriň köşgündäki ýagdaýlaryň ençemesini şol tragediýanyň üsti bilen öwrenipdi. Tagty eýelemek üçin üst-üstüne edilen pitneler, gandöküşikler barada, işan-mollalaryň ýagdaýa görä üýtgäp duran messepsizligi hakynda-da ilki şol tragediýadan okapdy. Şekspiri okan molla: “Ine, size gerek bolsa, Gündogar elhençligi, Gündogar tragediýasy!” diýip, düýpli eser ýazmaga synanyşyk eden eken. Emma tragediýany ýazanda bir meselede bärden gaýdypdyr. Eserde hakyky baş gahryman ýok. Şeýle seretseň, Abulfaýz han bar ýaly, ýöne tutuş bir perde Hakimbiý atalyk barada, ondan soň ýene bir perde onuň ogly Rahymbaý barada gidýär. Arasynda erksiz ýaş şazada Abdymöminiň keşbi görünýär. Ýöne muňa garamazdan, dili çeper, wakalary dartgynly. Tagt ugrundaky göreş we gazamat janly berlipdir. Molla Fitrat Abdyllanyň pikirini duýan dek: – Abdylla jan, Muzaýýana Alawiýa maňa seniň Buhara taryhyndan bir kyssa ýazmakçy bolýandygyňy aýdypdy. O kyssaň soňy nähili boldy? – diýip sorady. Molla Fitrat özbek diliniň morfologiýasyny we sintaksisini ýazypdy. Şonuň üçin ol sypaýy gepleýärdi. Emma sözleýiş äheňinde buharalydygy duýulýardy... – Hawa, ýazyp başlapdym. Has dogrusy, Kokant hanlygy, Omar hanyň, Mädaly hanyň döwürleri barada. Ýöne emir Nasrulla hana degişli ýerlerem bar. Başlamasyna başlapdym welin, ýaňy gyzyşan mahalym işiň bilini üzdüler... Abdylla ajy ýylgyryp, kameranyň galyň diwarlaryna ümledi. Molla ynjalykdan gaçyp: – Golýazmany alan däldirler-ä? Ygtybarly ýerdemi? – diýip sorady. – Soňky birki baby diýäýmeseň, galanlaryny ýygnapdym. – Dogry edipsiň. Bular ýaly galagoply zamanada herki zadyň alajyny görüp goýanyň ýagşydyr. – Molla, sizden bir zady soraýyn diýip ýördüm. “Abulfaýz han” eseriňizde Hakimbiý bilen Daniýal atalygy janlandyrýarsyňyz. Olar emir Haýdar bilen Nasrulla hanyň döwründe ýaşan adamlar dälmi? Molla Fitrat ylalaşýan diýen manyda iki elini ýokary göterdi. – Sen taryhy oňat öwrenipsiň, Abdylla jan! Berekella! Ýazyjylyk işini özüň bilýäň, mundan alyp, oňa ýelmemeli ýerleri bolýar. Sen “Abulfaýz hany” ýatlatdyň, aslynda men “Uly oýun” döwri hakda ýazmakçydym. Diňe Eýran şasynyň däl, ruslar bilen iňlisleriňem Türküstana göz gyzdyryşlary hakynda. Gynansak-da, wagty däl, döwri duşmady. Tragediýa gutarylman galdy... Asyl mundan çykd-ow! Abdylla ýap-ýaňy “eserde hakyky baş gahryman görnenok”, “bärden gaýdypdyr” diýip pikir edendigi üçin öz-özünden utandy. – Bolýa, o gürrüňleri goýaly. Hany, kyssaň barada gürrüň ber, o näme hakda? – diýip, molla Fitrat sorady. – Muzaýanyň aýdyşyna görä, “Şu kitaby ýazsam, “Öten günleri”, “Mährapdan çykan içýany” hiç kim okamaz!” diýipsiň. Bu çynmy? – Kim bilýär-dä? – diýip, Abdylla egnini gysdy. – Uly-uly hyýallar bardy. “Hudaý ýol berse” diýen däldirin-dä... Kyssa näme hakda diýdiňizmi? Üç patyşanyň aýaly bolan bir bagtygara aýal barada... – Hanpaşşamy? – diýip, molla Fitrat tisgindi. Abdylla baş atdy. – Onda özüň barada ýazypsyň-da – diýip, molla netije çykardy. Abdyllanyň ýüreginde duýdansyz öýke uçgunjyklary köredi. – O nähili? – diýip, ol başardygyça sypaýy äheňde sorady. – Diýmek, dogry bilipdirin – diýip, molla Fitrat gülümsiredi. – Soraga sorag bilen jogap bermek – aljyraňňylykdan nyşan. Bu çirksiz gözel aýal hemmeler tarapyndan satylan. Seniň tapylgysyz zehiniň hem şeýle halda dälmi näme? Zehiniňe hyýanat edip, seni satmadyk barmy? Molla Fitrat Abdyllanyň göýä gursagyny ýaryp okaýan ýaly, ýüreginiň çuňunda basyrylgy ýatan pikirlerini bir demde çöwrüp taşlady... *** Aýhanpaşşanyň syryny dünýäde biri bilýän bolsa, ol Uwaýsidir. Ol özüniň merhum gyzy Aftab aýyma bolan bar mährini indi Aýhanpaşşa siňdirdi, ony öz gyzynyň ornunda görüp başlady. Emma o-da Aýhanpaşşanyň ýüreginde gopýan harasatdan doly habarly däldi. Hanaly derwüş Kokantdan çykyp, Buhara garşy ýola düşensoň, ýüregi sogrulana döndi. Ol özüni nirä urjagyny bilmedi. Ýarawsyz ýatan atasynyň ýanyna gaýta-gaýta baryp: “Baýaky pereňli bilen näme hakda gepleşdiňiz? Oňa kimi salgy berdiňiz?” diýip soraşdyrdy. Haremhanadakylara duýdurman, Uwaýsiý bibiniň ýanyna gatnady. Emma köňli hiç aram tapmady. Ýene meýdir çakyra meýil etdi. Onuň ýürek derdini ne-hä meý, ne-de çakyr gowzadyp bildi. Dürli hilelere ýüz urup, ol ahyry atasynyň şägirtleriniň birini derwüş sypatyna saldy-da, eline gysgajyk hat berip, Buhara ugratdy. Bir mahallar Nowkada giden Muhammet Şarifiň ýoluna bakyşy ýaly, ýaş derwüşiň dolanyp gelerine garaşyp başlady. Otuzdan geçip, kyrkyň onundan giren aýalyň yşk derdeserine ulaşmasy durşy bilen apat! Ilkinji söýgä ýaşlygyň çirksiz süýji arzuwlary mahsus. Akyl-huşuň goýalan çagy söýgä ýoluksaň welin, diňe süýji arzuwlar däl, geçmişdäki ahmyr-armanlaryň hem üstüne urna bolýar. Aýhanpaşşa Nodira bilen Uwaýsiniň beýtlerindäki telbelige indi-indi düşünjek bolýar... Onuň yşk oduna örtenip ýörenine iki aý diýlende, juldur jinde geýen, başy ýyrtyk şypyrmaly derwüş ýigit Buharadan Gazy hojanyň öýüne gaýdyp geldi. Aňrybaşy sypaýyçylyk bilen Hanaly derwüşiň gazamada taşlanandygyny habar berdi. Aýhanpaşşa ah çekip, atasynynyň öýünde huşundan gidip ýykyldy... *** – Emir Nasrulla hanyň Kokanda ýöriş etmeginiň aňyrsynda kän syr gizlenip ýatyr – diýip, molla Fitrat aýtdy. – Adatça taryhçylar Mädaly hanyň inisi Soltan Mahmyt hanyň hatyna salgylanýarlar. Göýä, emir şu hatdan soň hudaýsyz Mädaly hany tagtyndan agdaryp, Yslamy dikeltmek üçin Kokanda ýöriş edipmişin. Ýöne käbir sowallar bar. Emir Omar han miladynyň 1828-nji ýylynda dünýäden ötýär. Köp wagt geçmänkä onuň mirasdüşeri Mädaly han özüniň süýt beren enesine hem-de Aýhanpaşşa öýlenýär. Nämüçin emir Nasrulla han şol wagt ýöriş etmän, on ýyl gowrak wagt garaşypdyr? Ýok, bu ýerde başga gep bar. Abdylla bu babatda özüniň pikirlerini, çaklamalaryny aýtjagyny-aýtmajagyny aýgyt edip bilmän oturdy. Eger molla Fitrat: “Abdylla jan, sen nähili pikir edýäň?” diýip soran bolsady, onda baryny ilik-düwme edip aýdyp bererdi. Emma mugallymçylyk kärinde saçy agaran Fitrat edil uniwersitetiň talyplarynyň öňünde nobatdaky sapagyny geçýän deý, gürrüňini bölmän, dowam etdi. – Ibratyň “Fergananyň taryhy” eserinde ýazmagyna görä, urşa iki hanlygyň ortasyndaky Laşgar diýen galanyň töwereginde dörän dawa-jenjel sebäp bolupdyr. Hudaýýar hanzada özüniň “Anjum at-Taworih” kitabynda bu hadysany has aňyrdan alyp gaýdypdyr. Onuň pikiriçe, Mädaly hanyň inisi Soltan Mahmyt han agasyna garşy gozgalaň turzup, netijede gaçyp gitmäge mejbur bolýar. Ol Şährisabza baryp, o ýerde Daniýal atalygyň gyzyna öýlenýär. Bular “Kämil taryh” kitabyny ýazan Hekim han töre bilen dil düwşüpdirler, Mädaly hanyň üstünden şikaýat edip, emir Nasrulla hana hat ýazypdyrlar. Şonda emir Nasrulla han Soltan Mahmyt hany ýanyna çagyryp, ony Samarkantda uly hormat bilen garşylapdyr, oňa Urmeton bilen Falgar diýen ýerleri beripdir. Abdylla bu wakalardan habarlydy, ýöne molla Fitratyň mundan nähili netije çykarjagyna sabyr edip garaşýardy. Molla Fitrat dowam etdi: – Şol wagtlar Ferganada ýalançy şeýhleriň hile-pirimleriniň örç alan zamany eken. Olaryň biri haja gidip gelensoň: “Pygamberiň saçyny getirdim” diýip, gutujyga salan saç bölejigini görkezip, ilki Namanganda, soňra dabarasy dag aşyp, Ferganada müňlerçe adamy ýoldan çykarypdyr, töweregine mürit baryny üýşüripdir. Beýlekisi hokgabazlyk oýny bilen düşünjesiz, nadan adamlary azdyrypdyr. Üçünjisi-de özüçe bir bozuk işiň başyny tutupdyr. Ýaranlaryna dürli matalardan baýdaklary ýasadyp, saplaryny hem dürli reňklere boýadypdyr, olary depesinde galgadyp, köçä çykypdyrlar. Abdylla bular barada eşitmändi. Ol dini ynanjy bolmadyk molla Fitratyň bu gürrüňleriniň käbirini öz kyssasynda ulanmagy ýüregine düwdi. Körleriň, lallaryň, garyp-gasarlaryň, agsak-towsaklaryň köçä dolup baryşlaryny, baş-başdak, gohly-gamagally ýörişlerini göz öňüne getirdi. – Gepiň gysgasy, Fergana hemmetaraplaýyn dagap başlaýar. Mädaly han molla-müftileri çagyryp, maslahat edýär. Olar topalaň turmagyndan gorkup: “Häzir çäre görmegiň wagty däl” diýip, yza tesýärler. Mädaly han Gulamşah bekler begi, Halbek goşunbegi, Gadoýbaý perwanaçy dagyny çagyryp, harby meseleler boýunça geňeş geçirýär. Olaryň käbiri: “Urşa taýynlyk görmeli” diýse, käbiri: “Dowulçylaryň sözüne gulak gabardyp, howsala düşmek nämä gerek? Buhara küje, Kokant küje?” diýişýärler. Aslynda welin, bular Soltan Mahmyt han bilen dil düwşüp, bir çukura tüýküren adamlar eken. Ana, şol geňeşiň netijesini hem tizden-tiz ilki Soltan Mahmyt hana, soňra-da emir Nasrulla hana çapar ýollap ýetirýärler. – Bu hakda “Kämil taryh” kitabynda nämeler ýazylypdyr? – diýip, Abdylla talybyň mugallymyndan soraýşy dek, molla Fitrata ýüzlendi. – “Kämil taryh” kitabynda-da gysgarak şu zatlar ýazylypdyr. Ýöne yzyndan uruş barada, Aýhanpaşşadyr Mädaly hanyň ykbaly barada giňişleýin maglumat berlipdir – diýip, molla jogap berdi we özüniň başky pikirini tekrarlady. – Bu wakalar urşa ýeterlik sebäp däl. – Meniňem bu mesele dogrusynda öz garaýyşym bar – diýip, Abdylla aýtdy. *** Ýarawsyzlyk zerarly halys tapdan düşen goja uky arasynda iňledi. Horlugyndan ýaňa egin süňkleri somalyşyp duran, irimçik, orta ýaşlaryndaky gyzyl sakgal kişi ýektaýynyň etegini ölläp, onuň maňlaýyna goýdy. Topçularyň baştutanynyň inisiniň üsti bilen ol emiriň goşun dartyp, Kokanda ýörişe ugrandygyny bildi. Abdysamat topçy-da, ähli köşk emeldarlary-da onuň bilen bile gidipdir. Köşgüň beýemçisi bilen serenjamçydan gaýry hiç kim galmandyr. Ýöne bu ýagdaýda eliňden geljek zat barmy? Gojany halas etmek üçin gelip, indem ony taşlap gidip bilmez-ä! Goja bolsa, ölüm ýassygynda ýatyr. Emir Kokantdan haçan dolanyp gelerkä? Hanaly derwüşiň alan maglumatlaryna görä, Kokandyň harby güýji dagynyk, düzgün-nyzam pes, ýaraglary köne. Uzak garşylyk görkezmäge ýagdaýy ýok. Ýöne uruşda her hili ýagdaý bolmagy mümkin. Fergana halky eline orakdyr kätmen alyp, urşa çyksa-da geň däl... Emir ýadyna düşende Hanaly derwüşiň onuň bilen eden gürrüňleri hyýalyna geldi. Nasrulla hanyň oňa bolan gatnaşygy aýratyndy. Ştoddart bilen gepleşende emiriň birde dodagy, birde-de gözi çeker durardy. Hanaly bilen söhbet edende bolsa, ýüzünden ýylgyrjaklama aýrylmazdy. Hanaly elindäki sagady çykaryp, oňa berende çaga ýaly begenipdi. Hanaly derwüş näme hata goýberdi, nädip emiriň gazabyna duçar geldi? Hanalyny şu sowal gynaýardy. Şu sowala jogap tapyp bilse, göýä emir rehim edäýjek ýalydy, ýene-de emiriň ynamyna giräýjek ýalydy... Ol oýlana-oýlana, munuň sebäbini bir zatdan gördi. Emiriň ýanynda Mädaly hanyň aýaly Aýhanpaşşanyň adyny köp agzapdy. Şonda emiriň gaşy çytylyp, ýüzi üýtgäp gidýärdi. Ilki tisginen ýaly edýärdi, soňra gozganjyraýardy, ahyrynda-da bir karara gelen ýaly başyny atýardy. Bu hereketler nämäni aňladýar? Emiriň hyýalyna nähili oý-pikirler gelip-geçdikä? Her gezek Aýhanpaşşanyň ady agzalanda ol gepi başga tarapa sowup goýbererdi, Türküstany birleşdirmek, Türküstanyň Owganystan ýaly däldigi barada gürrüň gozgardy. Hanaly derwüş bilen Ştoddartyň tussag edimegine Aýhanpaşşa bahana boldumyka? Hanaly Buhara gelmezinden öň emir Ştoddarta hem uly hormat goýupdyr ahyryn. Emir Aýhanpaşşany gabandymyka? Oňa özi aşykmykan? Beýle bolsa, on-on iki ýyl mundan ozal edil owlakgapdy oýnundaky ýaly, onuň üçin söweşmeli ekeni-dä! Hanaly derwüşiň gelerine garaşyp oturmajagy belli zad-a! Ýok, bu ýerde näme-de bolsa, başga bir gep bar... *** Abdylla taryhyň bu döwrüni beýlekilerden gabanýardy. Molla Fitrat şo döwür hakynda gürrüň beren wagty ol kalbyndaky gabanjaňlygy has-da äşgär syzdy. Şonda Mahlar aýym baradaky pikirler serine doldy. Öz ýanyndan onuň gabanjaňlygyny ýerliksiz hasap edýärdi. Hakykatdan hem üstüne aýal alnanda Mahlar aýymyň gabanjaňlygynyň çeni-çaky bolmandy. Soňra äri ölüp, häkimlik öz ygtyýaryna geçdi-de, dürli mekirliklere ýüz urup başlady. Şol mekirlikleriň netijesinde öňki gabanjaňlygy zym-zyýat boldy. Ýöne oňa derek has çökder dertlere duçar geldi. Ilki bilen il içinde Mädaly pälazan diýlip atlandyrylýan ogly Muhammet Aly hanyň kime gulak asjakdygy, kimiň diýenini etjekdigi baradaky pikirler ynjalyk bermedi. Emir Omar han dünýäden ötüp, on bäş ýaşly kelesaň ogly tagta çykanam bolsa, bütin soltanlygyň ykbaly Mahlar aýymyň elindedi. Ogluny öz günüsi Aýhanpaşşa öýlendirip, arymy ýerine saldym diýip ýördi. Emma akyly kelte ogly öz söýgüli aýalyndan başga hiç kimi diňlemese nätjek! Urup-sögüp, horlasa-da, her näçe zalym bolsa-da, Mädaly han Aýhanpaşşanyň diýeninden çykyp bilmeýärdi. Dogry, birnäçe wagtdan Uwaýsiniň ýardamy netijesinde Aýhanpaşşa bilen ýaňy bir arasyny sazlan mahaly Mahlar aýymyň ýene-de derdi artdy. Iki ogly öz aralarynda oňuşmady. “Iki goçuň kellesi bir gazanda gaýnamaz” diýlişi ýaly, söýgüli ogly Soltan Mahmyt han Garşydyr Şährisabza gidip, mysapyr hala düşdi. Ýat ilde keseki biriniň gyzyna mejbury öýlenip,malsyz-emläksiz galdy. “Birini sen iý, beýlekisini bolsa sen!” diýip, ikä böläýer ýaly, ene ýüregi şetdaly däl!.. Pyrkat tümünde ýarsyz ýuwdulmadyk gan galmady, Rehim kyl, indi mende gan ýuwutmaga-da hal galmady. *** – Bu gowgaly wakalarda eýranly Abdusamat naýybyň paýy kiçi-girim däl – diýip, molla Fitrat aýtdy. – Emir Nasrulla han Kokanda garşy ýörişini Ýom diýen galadan başlaýar. Bu galanyň häkimi Ishakbek perwanaçy – Şährisabz hökümdary Daniýal atalygyň ogly, emiriň bolsa, doganoglany. Buharalylar galanyň daşyny halkalaýyn gabaýarlar. Emir Nasrulla Abdusamat naýyby huzuryna çagyrýar. “Bu gün seniň günüň! Iňlislerden öwrenen tälimleriňi görkezmegiň wagty geldi. Ştoddartyň taýýarlan toplaryny öňe çykar. Top oky galanyň içine doly ýaly ýagsyn!” diýip, şalara laýyk buýruk berýär. Abdusamat topçy emire tagzym edip, toplary belent ýerlere çykarýar, üç gije-gündizläp, galanyň üstüne ot sowurýar. Galadakylar Ishakbek perwanaça wepalylyk görkezip, gahrymanlarça söweşipdirler. Top oky düşüp, ýangyn dörän ýerleriň oduny söndüripdirler. Emma dördülenji gün diýlende top oklary kömür we däri ammarlaryna düşüp, elhenç ýangyn başlaýar. Her näçe jan etseler-de, ony öçürmek başartmaýar. Gaýtam, ot gitdigiçe tutaşyp, örüsi giňeýär. Sähelçe salymyň içinde galanyň ýary ýanyp, küle öwrülýär. Oduň ýalkymy tüm gijäni gündizlik deý ýagtyldýar. Ahyry galanyň derwezeleri açylyp, Buhara goşuny içeri girýär. Ishakbek perwanaçy gaçmakçy bolýar, emma ony derhal tutup, el-aýagyny baglap, emiriň huzuryna getirýärler. Emir: “Bu bizden köp wagtdan bäri gaçyp ýördi” diýip, jellada onuň kellesini almagy buýurýar. – Mollam, Abdusamadyňyz-a gaty erbet adam ekeni! – diýip, Mübärek gürrüňe goşuldy. – Menem o barada kän okadym. Biziň milletden Ýusup Böri diýen adam Buhara gelipdir. Onuň ýazmagyna görä, Abdusamat barypýatan deýýus adam bolupdyr. Iňlislere ýamanlyk etmekde oňa taý tapylmandyr. Mübäregiň bu gürrüňlerini diňläp oturyşyna, Abdylla haýranlar galdy. Ynha, bir tarapynda özbek professory, özbek halkynyň buýsanjy we iň ylymly, sowatly adamlarynyň biri molla Fitrat, beýleki tarapynda bolsa, asly buharaly jöhitlerden bolan, ady-sory tanalmaýan, bilinmeýän Mübärek otyr. Emma nämeden gürrüň açylsa-da, taryhyň haýsy döwründen söhbet edilse-de, iň bilimli adamlaram onuň gepine aňk bolup, agzyny açýar. Ine, molla Fitrat hem Mübäregiň Abdusamat naýyp baradaky sözlerini uly gyzyklanma bilen diňläp otyr... Mübäregiň Ýusup Böriniň sözlerine salgylanyp aýtmagyna görä, Abdusamat naýyp Buharanyň daşynda özüne köşk saldyrypdyr, o ýerde gününi keýpi-sapa bilen ötüripdir. Buharada ýaşan dokuz ýylynyň içinde ol altmyş müň tylla baýlyk toplapdyr. Her ýekşenbede emiriň huzuryna barypdyr, özüni ýewropalylaryň elinde önüp-ösüp, tälim-terbiýe alan kişi hökmünde görkezipdir. Bir döwürler ol goşun üçin goýberilen puly jantaýyna urup, tas kellesinden dynan eken. Şol gezek al salyp, ýüz-müň hile-pirim bilen emiriň gazabyndan gutulypdyr. Ýusup Börini Abdusamat naýybyň köşgüne ýerleşdiripdirler. Öý eýesi on minutlap myhmany gujaklap bagryna basyp durupdyr. Soňundan onuň elini çümmükläp, barmaklaryny dyrmalapdyr. Şeýdip ol Ýusup Börä özüniň dini-etiki hereketlerini görkezmek isläpdir. Onsoň myhmany ertirlik naharyna çagyryp, kebapdyr ýahna, kofedir çaý bilen hezzetläpdir. Nahar başynda öý eýesi Ýusup Böri bilen syrdaş dost hökmünde açyk gürrüň edipdir: – Özbekler maňa iňlisdir öýdüp, müňkürlik edýär, iňlisler bolsa, maňa özbekdir diýip, şübhe bildirýär. Ýöne men ne-hä olara, ne-de bulara degişli. Men diňe bu iki döwletiň arasynda parahatlyk bolsun diýip, jan edýän. Men Ştoddart bilen Konollini azat etmek üçinem ençe ýola synanyşyk etdim. Hatda emire öz serişdämden ýüz müň tylla wada berdim. Ýöne ol: “Bular içaly, içalyny bolsa, öldürmek gerek” diýip, aýak depip dur. Bu zalym emir meni-de ölüme höküm etmekçi boldy. Iki ýyllyk azap hakymy tölemedi. Ýöne mensiz işiniň bitjek gümany ýok. Şonuň üçin meni bialaç saklap ýör. Eger-de sahawatly iňlis hökümeti ýigrimi müň tylla berse, men sizi goldamaga taýyn! Men ony sünnet toýuna çagyryp, partladyp öldüribem bilýän. Gözüm ýetip dur, ol meni öldürmek niýetine münüpdir, emma, enşalla, men ondan öňürderin, özüniň ýoguna ýanaryn!.. – Ýok, iňlis hökümeti muňa hä diýmez – diýip, Ýusup Böri aýdypdyr. – Patyşalar Hudaýyň ýerdäki saýasydyr. Şonda hilegär Abdusamat naýyp derrew gepi başga ýana sowupdyr: – Bu ýerde rus gullary saklanýar. Ýigrimi adam. Men olary saňa satyp biljek. Hemmesi üçin müň tylla berseň bolýar. Adamy gulçulykdan halas etmek üçin Ýusup Böri köp zada taýyn bolupdyr. Şo döwürler Angliýada gulçulyga garşy göreşiň möwç alan wagty bolup, muňa hatda iňlis hökümeti hem gepsiz-gürrüňsiz pul töleýär eken. Ýusup Böriniň razylygyny alansoň, Abdusamat naýyp Ştoddartyň, Konolliniň, hatda Isgender Býornsyň özüne eden karzlary hakyndaky dil hatlaryny we beýleki kagyzlary çykaryp: – Ine, şu kagyzlarda görkezilen pullaryň hemmesini Iňlisistan Bankynda meniň adyma goýarsyň – diýipdir. Şu ýerde Ýusup Böri bu doýmaz-dolmaz, ýigreniji adamyň pul ýygnamakdan başga zady bilmeýändigine göz ýetirip, elheder alypdyr. “Tüff!” diýip, oňa tüýküripdir... – diýip, Mübärek gürrüňini tamamlady. *** Abdylla henize çenli ýazan kitaplarynda uruş sahnalaryny jikme-jik beýan etmändi. Diňe “Öten günleriň” kä ýerlerinde söweş barada çalak-çulak agzapdy. Başyndan geçmedik wakalaryny teswirlemegi göwnüne jaý görmeýärdi. Uruş görmedik adamyň jeň meýdany barada ýazmagyny önelgesiz aýalyň çaga doglandaky duýgulary beýan etjek bolşy bilen deňeşdirerdi. Emma kyssasynda Buhara bilen Kokandyň arasyndaky urşy agzamasa boljak däl. Azatlykda wagty, kyssasyny ýazmak üçin taýýarlyk görüp ýörkä Fergana jülgesine gidip, sorap-idäp, şol urşy gören 116 ýaşly Ahmet ýylmaýjy atly bir gojany tapdy. Onuň bilen eden gürrüňi häzirem ýadynda. – Ata, Mädaly hanyň öldürilişi ýadyňyzdamy? – diýip soranynda eti çekilip, süňkleri somalyşyp duran goja dodagyny müňküldedip: – Hawa, ýadymda. Ony Bahadyr han öldürdi – diýipdi. Abdylla adatdakysyndan iki esse dagy belent ses bilen: – Siz şo wagtlar niredediňiz? – diýip sorapdy. Ýüzleri ýygyrt-ýygyrt bolup giden goja howlukman: – Hojantda – diýip, jogap beripdi. – Bahadyr hanyň goşunyny görüpmidiňiz? Olar Kokanda haýsy ýol bilen geçdiler? – Hojant ýolundan geçer-dä... – diýip, soňky nesilleriň tüntligine haýran bolup, ýeňsesi gatap ugran goja janygypdy. – O mahallar men siz ýaly ýetginjek ýigitdim. Bahadyr hanyň goşunlary ýaz aýlary topar-topar bolup geçip gitdi. Iki-üç günden soň Mädalyny öldüripdir diýen habar geldi... – Bahadyr hany görmediňizmi? – Nirede göreýin?!. Ol Hojanda gelende men eýýäm şäherde ýokdum... Bular ýaly söhbetdeşliklerden çolpyňa degerli zat iljek däl. Abdylla “Babyrnamany” okamaga, uruş sahnalaryny we Babyr şanyň söweş tärlerini öwrenmäge girişdi. Beýleki çeşmeler bilen deňeşdireniňde Babyryň berýän habarlary has ygtybarlydy, bir adamyň gözi bilen görüp ýazan anyk wakalarydy. Bu kitapda wakalara gytaklaýyn baha berilýän bolmagy ähtimal, ýöne beýan edilýän wakalaryň hakykatdygy jedelsizdi. Abdylla uruş sahnalaryna nähili girişjegini bilmän, köp oýlandy. Ahyrynda Abdusamat topçy hakynda Mübärekden, molla Kosoniden, Aly Abbas Kazwiniden, molla Fitratdan eşiden hekaýatlaryndan özüçe bir netije çykardy. Urşy, ine, şu kezzap Abdusamat topçynyň gözi bilen teswirlemeli! Bütin ömrüni suwa çümmeýän galtga ýaly harby söweşlerde geçiren bu jahankeşde urşuň içinde-de pul gazanmagyň ugruny tapypdyr. Ol uruşlardan diňe mal-baýlyk toplamak bähbidini arapdyr. Hökümdarlar ony urşagan horaz hasabynda jeňe ýollapdyrlar. Emma bu adam baýlygy ölmek üçin däl-de, ýaşamak üçin ýygnaýar. Uruş onuň üçinem iň bir howply, gorkuly hadysa, ýöne girdejili... Özüni batyr, dogumly horaz hökmünde görkezmäge ymtylsa-da, ol gorkak mäkiýan... Abdylla başgaçarak usullary hem gözläp gördi, beýleki gahrymanlar barada-da oýlandy. Emir Nasrulla hanyň gözi bilen garap ýazsaň, birtaraplaýyn boljak. Mahlar aýymyň ýa Aýhanpaşşanyň gözi bilen seretseň, uruş pajygalaryny has ýiti, täsirli beýan edip bolar, ýöne olaryň üsti bilen jeň meýdanyny nädip suratlandyrjak? Ýok, munuň üçin Abdusamat naýyby saýlap almaly, şondan amatlysy ýok!.. Şeýle pikirler bilen Abdylla uruş sahnalaryny peýläp başlady. Ýom galasyndaky wakalar barada ýazanyndan soň, Soltan Mahmyt hanyň emir Nasrulla hana dönüklik edip, öz agasy Mädaly hanyň tarapyna geçişini beýan etmek gerek. Bu ýagdaý birnäçe basgançakdan ybarat. Ilki bilen Soltan Mahmyt han Nasrulla hanyň leşgerine baş bolup, Uratepäni eýeleýär. Emir bu şäheri onuň özüne berip, Mädaly hanyň üstüne ilçi iberýär. “Uratepäni aňsatlyk bilen boýun egdirdik. Indi Hojant, Kurama, Daşkent welaýatlaryny we gypjak sähralaryny tutuşlaýyn bize berersiň, ýogsa-da özüňden gör!” diýip, atýar. Uratepede özüniň iň gowy bekleri Muhammetşarif perwanaçy, Kerimguly adyl, Mahmyt hoja ýaly beklerini ýitiren Mädaly han gorkudan ýaňa oturan ýerinde sandyraklap: “Bolýa, Hojandy emir Nasrulla hana berdim, salgydy hem oglum Mädemin handan iberýärin” diýip, ilçilere Hojant köşgüniň açarlaryny berip goýberýär. Emir Nasrulla han: “Eger-de Mädaly han biz bilen duşuşmaga razy bolsa, mal-mülküni özüne gaýtaryp bererin. Ýogsa-da özünden görsün!” diýip, şazada Mädemin hany yzyna ugradypdyr. Mädaly han näme ederini bilmän, pikire batyp otyrka huzuryna köçe talaňçysy Hajy galandar diýen misgär barypdyr. Ol: “Şahy älem, men mangit taýpasyny ýok etmegiň müňde bir ýoluny bilýän. Häkimligi ýekeje gün meniň ygtyýaryma berseňiz bes, duşmanyň külüni göge sowurýan!” diýipdir. “Berdim!” diýip, Mädaly han bada-bat razy bolupdyr. Misgär daşaryk çykyp: “Häkimlik meniň elimde!” diýip, bütin Kokant halkyny şäher meýdançasyna üýşüripdir. Ýygnanan halk: “Ýatyp galandan atyp gal!” diýip, ilki bilen Mädaly hanyň ýakyn adamlarynyň üstüne topulypdyr. Olary talap, öýlerini tozduryp, özlerinem eşege ters mündüripdirler. Hoşhal we Aşula atly iki sany ýoldan çykan bozuk aýalyň öýüni otlapdyrlar. Soňra hanyň haremhanasyna hüjüm edipdirler. Bagty pes gelen Aýhanpaşşa bolsa, atasynyň öýüne gaçyp, zordan gutulýar. Abdylla: “Bularyň hemmesini töwerekleýin işlemek gerek – diýip, oýlandy. – Belki-de, bu dartgynly wakalary aýratyn bir bölümde beýan etmelidir?” Kokantda tolgunyşyklar bir günüň içinde ot berlen deý tutaşýar. Abraýly seýitler, mertebeli ulamalar ýalbar-ýakar bilen halky köşeşdirýärler. Sussy peselen Mädaly han seýit-ulamalardan Halbek guşbegini we şeýhulyslam Süleýman hojany sowgat-salamy bilen emir Nasrulla hanyň huzuryna iberýär. Olar ýaraşyk baglaşyp gaýdýarlar. Emir Nasrulla han bolsa, Hojant bilen Daşkendi Soltan Mahmyt hanyň ygtyýaryna berip, özi Buhara gaýdýar. Şondan soň Soltan Mahmyt hanyň emire dönüklik edýän wakalary ýaýbaňlanyp başlaýar. Ol indi Kokantdan uzak bolmadyk ýerde – Hojantda hanlyk edýär. Mahlar aýym ogullarynyň agzyny birikdirmek üçin ikarada çarp urýar. Netijede şeýle karara gelinýär: Hojant, Daşkent, Kurama welaýatlary, gypjak sähralary we Gurumsaraý diýen ýer Soltan Mahmyt hanyň eline geçýär, Kokant hanlygynyň galan ýerleri bolsa, Mädaly hanyň ygtyýarynda galýar. Şeýlelikde, Fergana welaýatynda iki dogan hökümdarlyk edip ugraýar. Bu habar günibirin emir Nasrulla hanyň gulagyna ýetýär. Gazaba münen emir 1257-nji hijri ýylynyň şowwal aýynda san-sajaksyz esgeri bilen gaýtadan Kokanda ýöriş edýär... “Ine şu ýerdenem gowgaly söweşleri beýan edip başlamaly bolar” diýip, Abdylla karara geldi. *** Kokantda gozgalaň möwjedi. Düýn topalaňçylar köşge bosup girdiler, ýykyp-ýumrup, tozdurdylar, taladylar. Şäherde goh-gowurdy güýjäp ugranyndan Uwaýsiý haremhana tarap ylgady. Aýhanpaşşa bilen Gülsüme köne-küşül eşikleri geýdirdi. Üçüsi-de köşge nan getirýän nanbaý aýallaryň sebetlerini depelerinde göterip, gozgalaňçylaryň gözüne güýdüşip, Şeýhana – Aýhanpaşşanyň atasy seýit Gazy hojanyň öýüne özlerini atdylar. Mahlar aýym şol wagt kiçi ogly Soltan Mahmyt hany görmek üçin Hojanda gidipdi. Bu bolsa, Uwaýsini bir aladadan dyndardy. Köçelerde: “Buhara emiri goşun çekip, Kokanda ýetip gelýärmiş” diýip, dowla düşüp ýörenlerem, “Indi Mädaly pälazany tagtyndan agdaryp, ýerine Soltan Mahmyt han patyşa boljakmyş” diýip, begenip, heşelle kakýanlaram bardy. Myş-myşlar ondan-oňa ýaýrap, öýlere, köçelere dolýardy. Aýhanpaşşa ysmaz halda ölüm düşeginde ýatan atasynyň aýagujunda otyrdy. Uratepede geçen çagalygyny ýatlaýardy. Ot başynda asly dagly bolan dilewar Muhammet Şarifiň jadyly hem gülküli ertekilerini diňlärdiler. Şonda atasy oňa Gulhany* diýip lakam goýupdy. Soň bu lakam Muhammet Şarifiň tahallusyna öwrülipdi. Aýhanpaşşanyň göz öňüne Şährihandaky öýleri geldi. Garypja öýleri, şadyýan howlulary, üzüm dalbarlary, saýaly güjümleri hyýalynda janlandy. Birdenem ýaş nahalka orlup, gara guma garylan ýigdekçe Seýit Kasym ýadyna düşdi. Gojalan atasynyň nurana ýüzünde şol ýigdekçäniň keşbi görnüp giden ýaly boldy. “Indi näme bolarka? – diýip, Aýhanpaşşa gaýga gitdi. – Bi guduzlan millet meni tapaýsa, “Bar belaň sebäbi şu!” diýip, el-aýagymy daňyp, ata süýredip öldürmekdenem gaýtmaz. Weýran bolan köňlüme garap, nebsi agyrjak tapylmaz!” Başyna şunça külpetleri salan Mädaly pälazan Aýhanpaşşany halas eder öýdýäňmi? Buhara emiri leşger dartyp, Kokanda ýetip gelýän bolsa, onuň goşunynyň içinde Hanaly derwüş hem barmykan? Şu pikir serine geleninde Aýhanpaşşanyň ýüregine iňňe sünjülen ýaly boldy. Gursagyndaky bu bir parça et bireýýämler doňup galandyr öýdýärdi welin, ol häli-häzirem agyryny duýýar eken. Adam ýüregi şeýle çydamly, dözümli bolýarmyka? Hanaly derwüşiň Kokanda gelmegi bilen üýtgejek zat barmy? Ýürek sanjysyndan gutulmak üçin Aýhanpaşşa ähli oý-pikirini mejalsyz ýatan atasyna gönükdirdi. Indi atasynyň aladasyny etmek gerek. Görgüsi ýaman seýit Gazy hojanyň näçe ömrüniň galany belli däl. Wezipesinden jyda düşensoň, bende üstüni kesele basdyraýdy. Il içindäki gürrüňlere görä, ol bazardan gaýdansoň, terezide kem çekip, halky çürkemek ýaly erbetlikler köpelipdir... Aýhanpaşşa şeýle oýlara gark bolup otyrka häliden bäri biş-düş bilen gydyrdanyp ýören kenizi Gülsüm iki tabak unaş göterip geldi. – Bu dädeňize, bu-da size! – diýip, ol bir tabagy saçagyň üstünde goýdy. – Sowatmanjyk iýiň! Dädeňize özüm iýdirerin. – Özüň iýjek dälmi? – diýip, Aýhanpaşşa aladalandy. – Uwaýsi bibim bilen soňrak iýmekçi. – Uwaýsi bibiň nirede? – Daşky jaýda bir zatlar ýazyp otyr. – Nahara çagyrmadyňmy? – Çagyrdym. Häzir ýazyp gutaramsoň, bararyn diýdi. – Dädem uklap ýatyr. Muny özüň iýiber – diýip, Aýhanpaşşa kenizine aýtdy. – Soňrak özüm naharlaryn. Ýaňy nahara başlanlarynda Uwaýsiý geldi. – Dädeň ukladymy? – diýip, ol pyşyrdap sorady. Aýhanpaşşa baş atdy. – Bikäm, saňa niýetläp, gazal ýazdym. Okap bereýinmi? – diýip, Uwaýsiý adaja dillendi. Aýhanpaşşa tabagyny bir gyra süýşürdi. Gülsüm aşhana ýumlukdy. Gidip barýarka Uwaýsiý bibisine ýüzlenip: – Size-de nahar guýup geleýin – diýdi. Uwaýsiý ýuwaş sesde gazalyny okamaga başlady: Jepa çekenlere, janan, wepaly bolanyň ýagşy, Yşka ýesir düşenlere delalat kylanyň ýagşy. Köňli ýaralyň derdine melhem etseň, eý saýýat, Ýaý çekeňde nyşanany hatasyz uranyň ýagşy. Miýesser bolmasa ki wysalyňa gowuşmak, Tenimden janym çykyp, şo hal ölenim ýagşy. Zar etdiň didaryňa meni, eý, hyrydarym, Maňa arzanu-gymmat baha keseniň ýagşy. Köňlüm, bakdyň, gördüň indi bu jahan ragnalaryn, Baryp meýhanaň künjünden ýardam isläniň ýagşy. Bes et bu gün ýar ýanynda, Uwaýsiý, ahy-zaryňy, Arzy-halyň magşar güni Hudaga diýgeniň ýagşy... Şol wagt seýit Gazy hoja tisginip, ukudan oýandy... *** Ýedi-sekiz gün diýlende kamera ertirlik nahary ýene kumlakly Sünnet alyp geldi. Abdylla onuň nähilidir bir habar getirendigini derrew aňdy. Şonuň üçin howlukmady, nahar almaga iň soňunda bardy. Nahara güýmenen kişi bolup, Sünnet hiç kime eşitdirmän, gysgajyk “Hat bar” diýdi. Soň “Okaraňy oňatja tut!” diýip, haty tabagyň aşagyndan Abdyllanyň eline tutdurdy. Şu güne çenli ol üç sany hat ýazypdy. Hanalynyň hatyny hasap etmeseň, türmäniň daşyndan iberilen ilkinji haty eline alýardy. Aslynda Hanalynyň haty hem erkinlikde ýazylan däl, zyndanyň içinden daşyna ýazylan hat. “Biz ýasawulbaşy bilen gepleşip, seni azat etdirsek, şu haty Uzyn Ýusuba gowşurarmyň?” diýipdiler. Geň gürrüň, täsin ýagdaý... Abdylla hat baradaky pikirleri hyýalyndan kowmaga synanyşdy. Oturan tussaglar elindäki haty göräýmesinler diýip, gara jany galmady. Kalbynda ekzamene şpargalka alyp giren studentiň howsalasyny duýdy. Mugallymyň öňünde şpargalkanyň gaçyşy ýaly, häzir elindäki hat barmaklarynyň arasyndan sypyp, ýere düşäýse, näme etmeli? Abdylla assa ädip, ahyry öz ýerine bardy. Hemmeler ertirlik ýarmasy bilen başagaý, başlaryny galdyrman, sessiz naharlanyp otyrlar. Okara-çemçäniň şakyrdysyndan başga eşidilýän zat ýok. Näme etmeli? Nahar wagty kagyz çykaryp, temmäki dolanyp bolmaz-a. Öňki kamerasynda oturan bolsady, çilimkeşdir öýdüp, kän bir ähmiýet bermezdiler. Bu ýerde bolsa... Ol göze güýdüşip, haty jübüsine saldy. Ýüregi bolsa: “Kimden geldikä? Rahbardanmy? Eýgilikmikä? Çagalara bir zat bolmadyk bolsa-da ýagşydyr!” diýip, gürsüldeýärdi. Serine ýüz sowal geldi, müň pikiriň başyny agyrtdy. Ertirligini nädip iýenini bilmedi. Naharyny çeýnemän ýuwutdy. Tagamsyz çaýdan iki gezek owurtlap, töweregindäkileriň naharyny iýip bolaryna-da garaşman Mübärege ýüzlendi: – Mübärek, temmäkiňden galdymy? Mübärek içiňi ýakaýyn diýýän ýaly, kisesinden kagyz çykardy. – Molla eke, ine size kagyz, temmäkisinem häzir taparys... – gözüni gypyp, beýleki jübüsinden temmäki gözläp başlady. Abdylla aljyraňňy hala düşdi. Ol temmäki bahanasy bilen özüne gelen haty okamakçy bolýar, Mübärek bolsa, oňa öz kagyzyny uzadyp dur. Indi ony yzyna gaýtaryp: “Ýok, kagyz özümde bar” diýib-ä bolmaz... Ol Mübäregiň uzadan kagyzyny bialaç aldy, temmäki dolamak üçin ony ýyrtmaga häzirlendi. Mübärek: “Haty okaň! Okaň!” diýip, yşarat etdi. Abdylla göwünli-göwünsiz kagyza seretdi. “Ýene şol iňlisleriň haty bolsa gerek!” diýip, gaharlanjak boldy. Ýok, hat arap elipbiýinde, pars dilinde ýazylypdyr. Başky jümlelere gözi düşenden, bu hatyň kim tarapyndan kime ýazylandygyny bilmäge gyzygy artdy. “Tagzym bilen köp dogaýy salamdan soň, şuny mälim edýäris, siziň merhemet edip ýollan hatyňyz biziň elimize gelip gowuşdy. Ýazan sözleriňiziň hemmesine düşündik. Ol zalymyň sizi zulmat köşgünde öý tussag edip saklaýandygy biziň ýüregimize tiken bolup sanjyldy. Duşman bosup girensoň, biz hem gaçyp, özümizi atamyzyň öýüne atdyk. Sizi bu agyr ýagdaýdan gutarmak üçin seýit-hojalaryň iň uluglaryndan ýardam soramagy niýet edindik. Olar siziň bendilikden boşamagyňyz üçin doga-dileg ederler. Siziň geljek ýoluňyza intizar garap, gijelerimizi gaýgy-hasrat bilen ötürýäris. Biziň halymyza rehimiňiz gelip, adyllykda we ynsaplylykda biziň Jemşidimiz* bolarsyňyz diýen umyt bilen siziň Aýhanyňyz...” Bu hatyň galp däldigi görnüp dur, parsçasy örän owadan hem täsirli. Galplaşdyraýyn diýende-de, häzirkileriň bular ýaly edip ýazyp biljek gümany ýok. Şonuň üçin Abdylla Mübärege garap: “Muny nireden aldyň?” ýa-da “Muny saňa kim berdi?” diýen ýaly sowallary berip oturmady. Bir agyz: – Kime? – diýip sorady. Mübärek hut Abdyllanyň içindäki pikirini okap oturan dek: – Derwüşimize... – diýip jogap berdi. *** Abdusamat naýyp uruş diýilýän zady ýüreginden ýigrenýärdi. Öz mertebesinden peýdalanyp, asudaja pul gazanyp ýörmegi gowy görýärdi. Buhara gelen çet ýurtlulardan her ädimi üçin töleg ýygnasa, zyndandan boşadan adamlaryndan para alsa, ýesir düşenleriň arkasyndan pul gazansa!.. Bu zatlaryň deregine janyňy orta goýup, gowgaly jeňe girmeli wagty geldi. Bir gowy ýeri, Abdusamat topçynyň iliň öňüne düşüp, at münüp, gylyç syrmak aladasy ýok. Bu ýerde top diýilýän närseden başy çykýan ýok diýen ýaly. Abdysamat topçyny şonuň üçin gerekleýärler. Ynha, häzir hem müňläp leşger Uratepeden çykyp, Hojanda garşy ýol aldy. Abdusamat topçy bolsa, araba tirkelen ýaly toplary çekip barýan atlaryň birini münüp, goşunyň yzy bilen öz ýanyndan oýa batyp barýar. Onuň ömründe görmedik görgüsi galdymy? Eýranda ýörkä bir zalym tasdanam onuň gulagyny kesipdi, gaçyp, zordan gutuldy. Hindistanda uzak wagtlap gizlenip gezmäge mejbur boldy. Soň iňlislere sataşdy. Olardan kän zatlary öwrendi. Ýöne olar bilen hiç haçan il bolup bilmejekdigine düşündi-de, özüni Owganystana urdy. O ýerde-de nadan häkimleriň raýyny gaýtarman, gün görmeli boldy. Ýaşy bolsa, kyrkdan agyp, elliň onundan girdi. Buharadaky soňky dokuz ýyly diýäýmeseň, galan ömründe dünýäniň eşretinden binesip gezdi. Buhara bir yzagalak, nadan ýurt eken. Şonuň üçin ol bu ýerde derrew öz ýerini tapdy, özüne mynasyp mertebe gazandy. Emma gaflatda galan bu ülkäniň garaňky taraplary ony gorkuzýardy. Emiriň gany depesine uran wagty: “Höküm!” diýse, bes. Sen guşbegimiň, häkimmiň, naýypmyň, parhy ýok, şo pursatyň özünde kelläň: “Men bigünä!”, “Men bigünä!” diýýän deý togalanyp, emiriň öňüne düşer. Abdusamat bular ýaly jezalary göre-göre gelýär... Onuň oý-hyýallarynyň örüsi gitdigiçe giňedi. Şu uruşdan aman-esen sypsa, geljeginiň aladasyny etmegi gerek. Atasyndan miras galmadyk Abdusamat Buharada giden mal-mülküň eýesi bolup otyr. Iňlis içalylaryny ulanyp, iňlis banklarynda öz hasabyna pul geçirtdi. Hindistanyň asuda künjeginde höwürtge tutunyp, durmuşyň sapasyny görmäge wagt ýetdi. Hindiler edil goýun ýaly sada, ýuwaş halk. Hiç kim bilen işi ýok. Iki-ýeke iňlis hojaýynlar bilen bolsa, eýdip-beýdip, dil tapyşar... Şeýle hyýallara gark bolup barşyna onuň geljekki arzuwlarynyň wysaly deýin öňde Hojant ýaýlasy göründi. Bu gadymy şäheri kimler eýelemedi! Isgender patyşa, Çingiz han, Emir Teýmir, Babyr şa... Indiki gezek bularyňky. Abdusamat naýyp dim-dik murtuny sypalap, buýsanç bilen gülümsiredi. “Biz hem Hojandy gabap, belent ýerde toplarymyzy gurap, galany oka tutarys!” diýip, at üstünde oturan ýerinden oýlandy. Şo barmana öňden barýan goşundan çapar geldi. – Duşman galanyň içinde däl, açyk meýdanda garaşýar. Söweşe taýyn boluň! – diýip, ol habar berdi. “Al saňa gerek bolsa!” diýip, Abdusamat naýyp gaýga gitdi. Aç-açan söweşe girişibermäge onuň ukyp-başarnygy-da, isleg-höwesi-de ýokdy. Ýöne gaçmak ýa gizlenmek bolmaz, wagtal-wagtal emiriň gözüne ilip durmaly! Şonuň üçin ol derhal başga hyýala mündi. Emiriň huzuryna çapar gönderdi: “Emir hezretleri az salym goşuny saklasyn, sag we çep tarapdakylar söweşe taýyn ýagdaýda durubersin. Oňa çenli topçular biraz öňe süýşüp, duşman leşgerini top okuna tutar. Duşman ordasyna başagaýlyk aralaşan wagty hüjüme geçmeli!” Tiz wagtdan emiriň: “Berekella!” diýen jogaby geldi. Abdusamat naýyp haýal etmän, günbatar tarapdaky depäniň üstünde toplaryny düzdi. Atlaryny bukuda gizläp, toplaryň nilini Kokant goşunyna garşy gönükdirdi. Soňra “Atyň!” diýip, buýruk berdi. Kokant esgerleriniň arasynda başagaýlyk başlandy. Tot-tozan, tüsse-ýalyn, galmagal-gowurdy garyşyp, it eýesini, pişik bikesini tanar ýaly bolmady. Şol wagtam buharalylaryň sag we çep tarapyndaky goşunlary bilelikde urha-ur bilen gykuwlaşyp, Kokant leşgeriniň üstüne okduryldy. Açyk söweş başlandy. Ilki sagdaklardan sogrulyp çykarylan peýkamlaryň şuwwuldysy, soňra ýalaw ýaly gylyçlaryň galkana degýän şarkyldysy, adam tenine urulýan hanjarlaryň kütek sesi, ahy-nala dünýäni tutdy. Abdusamat topçularyny saklap, kokantlylaryň gabawy böwsüp çykmazlygyny dileýärdi. Eger duşmanyň bir bölejik esgeri gabawdan çykyp, bärligine gaýdaýsa, topçularyň biriniňem aman sypmajakdygy köre mälim. Üssesine-de toplaryny olja alyp, buharalylaryň üstünden ot sowrarlar. Ýok, Abdusamadyň başky çeni dogry çykdy, goh-galmagal, tüsse-tozan gitdigiçe gündogara – Syrderýa tarap süýşýärdi. Peýkamdyr gylyçlardan ot çykýardy, naýzalar adama sanjylsa, ah-wah sesleri, atlara sanjylsa, olaryň kişňemeleri eşidilýärdi. Kesilen kelleler, çapylan jesetler at aýaklarynyň astynda gum garbap ýatyrdy. Sähelçe salymda söweş meýdany gassaplaryň mül öldürýän ýerine döndi, gök otlar adam ganyna boýaldy, salmalar gyrmyzy gandan doldy... Kimdir biri belent ýerde durup, söweşe gözegçilik edýän emir Nasrulla hanyň atynyň aýak astyna kesilen gara kelläni getirip oklady. “Gadoýbaý perwanaçy!” diýen sesler töwerege ýaýrady. Az salymdan ýene bir söweşiji owlak göteren ýaly edip, başga bir kesilen kelläni emiriň öňüne taşlady. Muňa “Bahadyr hoja” diýdiler. Ýene birnäçe wagtdan Halbek goşunbeginiň kellesini getirdiler. Şundan soň ýeňşiň buharalylaryň tarapyna geçendugu äşgär boldy. Abdusamat naýyp aty çykan dek haýdaşlap, tagzym edip, emir Nasrulla hanyň ýanyna bardy. Emiriň ýüzüniň ýagtylyp, keýpiniň göterilendigini görensoň, ol: “Söweşi top bilen başlanyňyz gaty oňat boldy!” diýip ýaramsaklyk etdi. Aradan köp wagt geçmänkä Syrderýanyň kenar ýakasyndaky söweş meýdanyndan agyr ýaralanan Ýoldaş bek adyl bilen Seýit bek goşunbegini tutup getirdiler. Emir olara ýigrenç bilen seredip durşuna: “Höküm!” diýdi. Jellat bada-bat serkerdeleriň ikisiniňem kellesini aldy. Şeýdip, Hojandyň ykbaly çözüldi... ___________________________ *Gulhany – Pars dilindäki Golhan diýen sözden. Ot ýakylýan ýer diýmegi aňladýar. *Jemşit – Ferdöwsiniň “Şanama” eseriniň gahrymany, Tähmurysyň ogly. Ol adalatly hökümdar bolan, 300 ýyllap patyşalyk edýär. Dowamy bar >> | |
|
√ Janserek -13: romanyñ soñy - 20.05.2024 |
√ Köne mülk -7: romanyñ dowamy - 14.06.2024 |
√ Ojak -2-nji kitap -20: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Hakyň didary -2/ romanyň dowamy - 28.02.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -8: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -11: romanyň dowamy - 06.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -11: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Dirilik suwy -2: romanyň dowamy - 24.04.2024 |
√ Bäşgyzyl -18: romanyň dowamy - 28.10.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -14: romanyň dowamy - 19.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |