23:00 Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -12: romanyň dowamy | |
* * * Abdylla Trigulowyň sözlerini gaýta-gaýta ýatlap, düýp manysyna düşünjek bolýardy. Ol bir zatlary yşarat edýärmikä? “Tussaga ölüm hökümi çykarylan, sülçi muny tussagyň gulagyna pyşyrdap aýdýar” diýdi welin, bu sözleri Abdylla kakdyryp aýdýan-a däldir-dä? Gönüsinden gelip, açyk gürrüň etse bolanokmyka? Ýa kanundan gorkýarmyka? Abdylla öz pikirine myssa ýylgyrdy. Bular üçin kanun barmy nä? Onda nähili oýun etjek bolýar bu mekir höwesjeň ýazyjy? Ýa hakykat-dan hem çyny bilen ýazyjylyga höwes edýärmikä? Şeýle bolsa, ataň hakda ýaz, eneň hakda ýaz, dogduk topragyň hakda ýaz, juda bolmasa, önüp-ösen ýeriň Daşkent hakda ýaz! Ýa-da bar bilýäni türme, görýäni hem tussaglar bolany üçin şolar ýaly wakany oýlap tapdymyka? Şol wagt şakyrdap gapy açyldy-da, bir rus esgeri bilen kumlakly Sünnet gelip girdi. Ol kameranyň içine birlaý göz aýlansoň, nazaryny Abdylla dikdi. Abdyllanyň ýüreginiň urgusy güýçlendi. “Näme-de bolsa, bir gep-ä bar. Eýgilikmikä?” diýip, howsalaly pikir etdi. Ol esli wagt Sünnäti görmändi, geljegini bilen bolsa, öýüne hatjagaz ýazyp ibererdi... Abdylla öň hatara geçmäge howlukmady, demini dürsäp, garaşmaga durdy. Öňündäki adamlar seýrekleşensoň, ýuwaş ýöräp, naharyny almaga bardy. Rus ýigidiň nahar guýup beren tabagyny bilgeşleýin Sünnetiň aýagynyň astyna gaçyrdy. Okarany galdyrmak üçin ikisi-de birlikde aşak egildi. – Kuýterege gitdiler – diýip, Sünnet çalaja hümürdedi. – Özlerini gördüňmi? – diýip, Abdylla pyşyrdap sorady. – Goňşularyndan eşitdim... Şunuň bilen gürrüň gutaryp, ikisem dikeldi. Sünnet Abdyllanyň tabagyna nahar guýup berdi, rus ýigidi bolsa, bir kesim gara çörek bilen bir kürüşge çaý uzatdy. Ökjesi ýeňlän Abdylla öz ýerine gaýtdy. *** Türmäniň öz düzgüni bar. Ýok, näçede turup, haçan nahar iýmegiň, haýsy wagt dellege ýa hammama barmagyň düzgüni däl... Eger gündiz ýa agşamlyk seniň adyňy tutup çagyrsalar, sorag etmäge ýa ýüzleşdirmäge alyp giderler. Ýaman etseler, 42-nji kamera eltip, ýenjerler. Gijäniň ýarynda äkitseler hem ýanyňda ýatan goňşularyň rahatlygyny bozjak gümanyň ýok, ukusyz gözleriňi owkalap, ir bilenjik gaýdyp gelersiň. Emma daň atmazynyň öň ýany adyňy tutup çagyrsalar, iň ýamany şol! Ady çykan adam zähresi ýarylan ýaly gorkup turar, sandyraklar, titrär, tä gelip, südenekledip äkidýänçäler ýanyndakylaryň arkasynda bukular, ýa goňşularyny gujaklap, ses edip aglar. Diňe ýüregi ýerindäki güýçli adamlar töweregindäkiler bilen razylaşyp, kelemesini öwürer we başyny dik tutup, gapa garşy gadam goýar. Galanlary bolsa, doga okar, zar-zar aglap başlar, ertire çenli gymyldaman, doňup oturar. Çünki, gijäniň şular ýaly wagty äkidilen adamlaryň takdyry hemmä mälim. Olara atuw garaşýar... Martyň aýaklarynda gije, daň atmanka ilki molla Şybyrganynyň, ertesi bolsa, molla Kosoniniň ady çykdy. Molla Şybyrganynyň günäsi nämälim bolanlygy üçin onuň äkidilmegi beýlekilere güýçli täsir etmedi. Ýöne kameranyň aksakaly molla Kosoniniň ady tutulanda hemmesi oýanyp, dik oturdy. Mollanyň mertebesine laýyk orny törde bolansoň, ol kameradakylaryň ýanyna ýeke-ýeke aýlanyp barmady, hemmesine degişli edip: “Baryňy bir Hudaýa tabşyrdym!” diýdi we gapa tarap ýöredi. Abdylla syçrap ýerinden turdy-da, mollanyň ýanyna howlukdy. Ýöne kimdir biriniň aýagyna büdräp, ýykyldy. Molla bolsa, merdemsi ädimler bilen açyk gapydan çykyp gitdi. Abdyllanyň ýüreginde bitmez ýara, tükeniksiz arman galdy. Ol oturan ýerinde sessiz aglady. Telim wagt bäri ýüreginde berç bolup ýatan derdini gözýaşa öwürdi. Molla Kosoniniň ýaşyna ýetmän, ölüp giden enesini ýatlap aglady, aýalyny, çagalaryny bagtly edip bilmän, gamda goýanlygy üçin aglady, şu türmede, goňşy kameralarda ýatan dostlarynyň, bagty pes gelen halkynyň, biçäre Aýhanpaşşanyň we ýene kimleriň düşen gözgyny gününe aglady. Oňat ýeri, garaňkyda onuň gözýaşyny hiç kim görmedi. Yşka düşen terkidünýä tenha çendan ýyglady, Ot daşynda perwananyň halyna kim ýyglady? Hijran tümünde galyp, örtendim, ýandym, köýdüm, Meniň ýürek dagyma çarhy gerdan ýyglady. Gam dagynda aýagym gan-gabarçak bolupdyr, Rehim kylmaz ýar maňa, merdi-merdan ýyglady. Bilsinler halk içinde içimdäki derdimi, Ýüzüm-gözüm gülse-de, ýürekde jan ýyglady. *** Juraty, Rafaili, molla Şybyrganyny, molla Kosonini ýytirensoň, Abdyllanyň gözüne kameradakylaryň bary amanat göründi. Ýakyn günleriň içinde hemmesi atuwa äkidiläýjek ýaly, olaryň gürrüňine teşneligi artdy. Kameranyň aksakalynyň ýerine bellenen professor Zasypkin, Aly Abbas Kazwiniý, Mübärek, hatda partiýa işgäri Lazizade dagy bilen sagatlap söhbet edip oturmany çykardy. Göwnüne bolmasa, olar amanat ýalydy, olaryň bilýän zatlarynyň baryny Abdylla hökman diňlemelidi... Bahar geçip barýar. Ýürek bolsa, baglaryň gülüne gonan arylaryň güwleýän sesini diňlemegi, sähraň ýüzüni örten çigildemleri synlamagy, kükregiňi dolduryp, arassa howany küýseýär. Bu dymyk, kapas hem porsy kamerada gürrüňçilikden başga hiç bir zat ýok. Hanaly derwüşiň Kokantdan Buhara gitmegi bilen Aýhanpaşşanyň ýüregi boşap galdy. Meýdana seýle çykan gelin-gyzlaryň şowhuny-da, baglaryň ak patrak kimin açylan gülleri-de onuň göwnüni açyp bilmedi. Aýhanpaşşanyň bikarar ýüreginiň tarjagazlaryny diňe bir adam – Uwaýsiý kakyp biljekdi. Mundan öň ol Uwaýsini Mahlar aýyma ýaramsaklyk edip ýören aýal hökmünde görerdi. Şonuň üçinem ony golaýyna getirmezdi. Basym Aýhanpaşşa diňe özüniň däl, eýsem, Uwaýsiniň hem durmuşyndaky iň gymmatly zatlaryny elinden aldyrandygyna düşündi. Onuň äri birmahallar Omar şanyň netijesiz, bimany uruşlarynda gurban boldy. Ogly Kaşgara sürgün edildi. Gyzy ýaňy bir durmuşyň çetinden girende ýaş üstünden öldi. Özüniňem ne öýi bar, ne-de öwzary. Üç ýaşlyja agtygyny yzyna tirkäp, öýme-öý aýlandy, Gurhan okap berdi, gyzjagazlara sapak öwretdi. Ahyrynda-da hiç zat bolmadyk deý, başyna külpet baryny salan köşge dolanyp geldi... onuň ýüregi etden däl, daşdandyr... Aýhanpaşşa birbada özüni ondan çekeräk saklasa-da, başyna ak ýaglyk örten bu aýal hemme zatdan habarly eken. Bir gezek seýil edip ýörkäler az salymlyk ikiçäk galanlarynda ol gazal okaýan ýaly, şeýle diýdi: – Duşman sary ok atyp, men öleni öldürme, Janu-jigerim otlap, men köýeni köýdürme... – Sen meniň gyzym bilen ýaşyt, bikäm! Seniň otsuz ýanýanyňy görüp, daşyňdan menem ýanýan. Başyna yşk heseri uran hemişe ah çeker ýörer. Ýüregiňi kimem bolsa birine açmasaň, öz etiňi özüň iýersiň. Aýhanpaşşa garaşylmadyk ýerden onuň öz sözleri bilen jogap berdi: Magşugymdan wysal sorsam öldürer, sormasam ölem. Yşkyň dükanyny gursam öldürer, gurmasam ölem. Ýar özgä gülüp bakanda gabanç odun tutaşdyrma, Dergähinde it deý üýrsem öldürer, üýrmesem ölem. Sabyr-kanagat etmekden gaýry alajym ýok meniň, Köçede sergezdan ýörsem öldürer, ýörmesem ölem. Bagtdan uzak, ýardan yrak, bolup yşgyň şermendesi, Gül ýüzün görmäge barsam öldürer, barmasam ölem... Aýhanpaşşa çuňňur oýa batdy. Uwaýsiý arasy üzülen gürrüňi dowam edýän dek, gazaly jemledi: Menden ar eder, hary-zar eder, pany dünýäden üşbu jan gider, Uwaýsiý garyp, reňki sargaryp, tursam öldürer, turmasam ölem... Şo gezek olar biri-birine has gowy düşündiler, ýürekdeş boldular. Şondan soň Aýhanpaşşa Uwaýsiýden syr saklamady, köňlünde ne bolsa, baryny aýan etdi. *** Türmede hemmeler bir-birine şübhe edýär, müňkür gidýär. Aýdylan her bir sözi gylyny gymyldatman, sülçä ýetirýän, ýa öz janyny gutarmak üçin adam satyp ýören gyt däldir. Türme durmuşy adamlary seresaply bolmaga, dymmalyga mejbur edýär. “Dil – bela, diş – gala!” diýip, tussaglar özleri barada gürrüň bermekden gaça durýar. Ýöne, näme, türme türme bolýar-da. Ýüregiň gysan wagty “Isgenderiň şahy bar!” diýen ýaly aýtmasyz gepleriň diliňden nädip sypanyny-da duýman galýarsyň. Anha, hemişe aladaly görünýän professor Zasypkin, ozalky partiýa işgäri, gönümel Lazizzade, olaryň araçysy, eýranly Aly Abbas Kazwiniý üçüsi ruslaryň Orta Aziýa näme getirenligi dogrusynda çekeleşip otyr. Professor Zasypkin özbekçe bilen rusçany garym-gatym edip, janykdy: – Bolýa, ruslar Türküstana gelmändir diýeliň. Onda Orta Aziýanyň Owganystandan parhy bolarmydy? Häzir bolsa, umumyhalk sowatlylyk, saglygy saklaýyş ugry, zawod-fabrikler, kolhoz-sowhozlar... Aly Abbas Kazwiniý hem çalgyrt rus dilinde düşündirmäge çalyşdy: – Ana, Eýrana serediň, ýa Türkiýäni görüň. Olar ne-he ruslaryň, ne-de britanlaryň golastynda boldy. Barybir ösüş ýolunda! Iňlisleriň agalyk edýän Hindistany bolsa, gedaýçylyk, nadanlyk... – Menem şony aýdýan-da – diýip, Zasypkin eýranlynyň pikiriniň özüne bähbitli ýerini tutaryk edindi. – Iňlisler yzagalaklyk bilen nadanlygy getirdi, ruslar bolsa, medeniýeti we siwilizasiýany ýokary götermäge çalyşýar... – Ýöne ruslaryň getireni rus medeniýeti bilen rus siwilizasiýasy dälmi näme?! – diýip, gulaklarynyň üstündäki saçyny selkildedip, Lazizzade garaşylmadyk ýerden gürrüňe goşuldy. – Aýtjak bolýan zadym, progressiw tendensiýalar bilen birlikde ýerli halkyň durmuşyna negatiw fenomenler hem aralaşdy. Mysal üçin arakhorluk, aýallaryň ýoldan çykmasy, utançsyzlyk ýaly ýaramazlyklar ýerli halkyň durmuşyna ornaşdy. – Edebiýatyňyzy oňatja okamak gerek! – diýip, Zasypkin hüjüme geçdi. – Kärdeşim professor Fitratyň rewolýusiýadan öň ýazan işlerini okaň. Esasanam “Hindi syýahatçysy” diýen eserini. Ýa Sadriddin Aýniniň “Köne mekdebini” okaň. Ana, şonda ruslar gelmezinden öň ýerli halklaryň durmuşynyň neneňsi bolandygyna göz ýetirersiňiz. – Bu ruslaryň hyzmaty däl-de, döwrüň öňe gidişligi! – diýip, Aly Abbas Kazwiniý ýene rusçalap başlady. – Orta asyrlarda Russiýa we Ýewropa entek garaňkylykda ýaşaýarka, musulman dünýäsinde uniwersitetler bolupdyr, medisina ösüpdir, ylmy açyşlar edilipdir... – Marks jemgyýetiň spiral görnüşli ösüşi barada aýdýar – diýip, Lazizzade teoretiki nazar bilen düşündirmäge howlukdy. – Inkär etmäni inkär etmek kanuny... Abdylla bularyň jedeline gapdaldan gulak asyp, başga zat barada oýlanýardy. Lazizzadäniň partiýasy: “Jedel hakykaty ýüze çykarýar” diýýär. Ýöne bu jedellerde köplenç hakykat gömülýär. Hakykat köptaraply, ol bir adamyň bir kitapdan ýa gazetden okap alan telper biliminiň, nädogry düşünjesiniň çägine sygmaýar, ol köplenç çeňňege düşmeýän balyk ýaly sypjyk, söz bilen tutjak gümanyň ýok. Hawa, onuň ýalkymy birde bu tarapyň heňinde, birde-de garşydaş tarapyň gutarylmadyk jümlesinde öwşün atmagy mümkin. Ýöne ony tutdum-tudum diýen wagtyň aýnadan düşýän Günüň şöhlesi kimin “ýalp” edip, ýom-ýok bolar gidiberer. Hanaly derwüş özüniň agajet, arryk hyzmatkäri Zul Muhammet bilen Jyzak sähralaryny menzilme-menzil söküp, Kokantdan Buhara gidip barşyna at üstünde pikir ummanyny gulaçlaýardy. Aslynda Kokanda näme maksat bilen bardy? Ol ýerden nähili netije bilen gaýtdy? Ýüzleý seretseň, hemme zat ýerbe-ýer ýaly. Emir Muhammet Alynyň, il aýtmyşlaýyn Mädaly pälazanyň kepderilerini we depreklerini öwüp, bahana bilen onuň gulagyna iňlisleriň islegini mazalyja guýdy. Özbek hanlarynyň ruslara garşy baş götermegine esasan Buhara emiriniň böwet bolýandygyny seresaply düşündirdi. “Buhara emiri Sizi ygrarsyz, bimessep hasap edýär eken. Muny maňa Hywa hany aýtdy” diýip, Mädaly pälazany Nasrulla hana garşy goýmakdan ötri, ony Allakuly hanyň tarapyna çekmäge çalyşdy. Mädaly pälazanyň gazaba münüp: “Men entek onuň gözüne görkezerin!” diýip, Nasrulla hana gaýybana haýbat atmasy nyşananyň hatasyz urlanlygyndan nyşan. Ýöne sowukganly Hanaly derwüşe başga bir ýagdaý ynjalyk bermeýärdi. Hywa hany oňa Buhara emirliginiň kazy-kelanlary tarapyndan çykarylan dini hökümi görkezipdi. Hökümiň nähili waka esasynda çykarylandygyny-da gürrüň beripdi. Mädaly han atasy Omar hanyň dul galan aýaly Aýhanpaşşany dürli al-hileler bilen öz nikasyna alan eken. Muny eşiden inisi Soltan Muhammet şo bada Fergana seýitleri bilen maslahat edýär, emir Nasrulla hana hat ýazýar: “Meniň agam Muhammedaly han atamyň dul galan aýalyny nikalap aldy. Buharaýy şerif Yslamyň daýanjydyr. Bu mesele boýunça nähili höküm çykarsa bolar? Siz Mawerannahryň iň uly hany! Bu ýigrenji iş barada Siziň pikiriňiz nähili?” Emir Nasrulla han bu haty alyp, ähli kazy-kelanlary huzuryna çagyrypdyr we dini höküm çykardypdyr. Hywa hany hökümi görkezende Hanaly derwüş ony bary-ýogy bir gezek okap, başdan aýaga ýat tutdy: “Möminleriň kowmuna emir bolan kişiniň mezhep borçlary şudur ki, ýagny, Yslamyň mizemezligi üçin Şerigatyň kanunlaryny gözegçilikde saklamalydyr we olary gyşarnyksyz berjaý etmelidir. Her bir emir bolan kişi Yslamdan zerreçe ýüz öwürse, ol möminleriň emiri däldir, azgyndyr. Naguzybillah*, Hudaýa sygynýaryn, Hudaýy pena tutunýaryn arapça. (Çykgytda bermeli) Fergananyň we Türküstanyň häzirki emiri öz enesine, ýagny, atasynyň aýalyna öýlenipdir. Naguzybillah, naguzybillah. Gurhanyň aýatlaryna, pygamberiň hadyslaryna, şeýle hem dört mezhebe laýyklykda, müftileriň, ulamalaryň we barça uluglaryň karary bilen ol kapyr hasap edilýär. Bu ygrarsyz, bimessep kişini Yslam emirleriniň we ähli musulmanlaryň öldürmegi dürsdür!” Şonda Hywa hany “Emir Nasrulla han Kokanda hökman çozar!” diýipdi. Yzyndanam degişmä salypdy: “Kokandy eýelänsoň, emir ojagaz owadan kenizi hem öz haremhanasyna alsa gerek!” Hanaly derwüş: “Emirlikleri bir-biri bilen uruşdyrýan nähili näzeninkä?” diýip, grekleriň Ýelenasyny ýatlapdy. Elbetde, Kokanda gelip, ol dabarasy dag aşan Aýhanpaşşany öz gözi bilen görmekçidi. Ýok, bu diňe bir içalynyň ýa ýönekeý erkek kişiniň gyzyklanmasy däl. Aýhanpaşşa Konnolini syýahatçy hökmünde-de gyzykdyrýardy. Konnoli ony görmesine-hä gördi welin, özem duzaga düşäýdi öýdýän. Ol ömrüniň ýaryny özi ýaly esgerleriň hem jahankeşdeleriň arasynda geçirdi. Dört erkegiň başy çatylsa, gürrüň aýlanyp-aýlanyp, ahyry aýallara syrygardy. Olaryň arasynda “Iň oňat aýallar haýsy ýurtda ýaşaýar?” diýen jedel tutaşardy. Kimsi mähirlije pereň aýallaryny öwse, kimsi göçgünli italýan zenanlaryny magtaýardy. Biri gyzykly ispan başdan geçirmelerinden söhbet açsa, beýlekisi hoşboý ysly hindi zagpyrany barada gürrüň berýärdi. Şeýdip, ala-gowurdy bolup jedelleşerdiler... Yşka düşenleň bary deň, türk ýa täjik, eý Hapyz, Islän diliňde ýaz, ýöne döret söýgi hadysyn! Hapyzyň bu setirleriniň manysy Hanaly derwüşe aýdyň boldy. Ol indi Şekspiriň setirlerine hem has oňat düşünýär: Söýgi, zulum kyssaňy ýaz, gör, kimler okyr, Gözleri açygy söýseň, men batyl, sokur... *** Birinji aprel güni ir bilen kamera tagamsyz ertirligiň ýerine nätanyş esger geldi. Ol ýedi adamyň adyny okap: “Goşuňyz bilen çykyň! Siz azat!” diýdi. Olaryň arasynda Sadyk hem bardy. Ady okalanlar aljyraňňy ýagdaýa düşdüler. Biri sary giden düşegini goňşusyna berýär, ýene biri ukudan oýanyşy ýaly, hiç kim bilen hoşlaşjagam bolman, gapa tarap eňip barýar. Bular bir-birinden galmazlyk üçin ala-hasyrdy bolşup gapynyň agzyna baranlarynda aňyrdan iki sany gözegçi gelip girdi. – Birinji aprel! Hiç kime ynanma! – diýip, olar şowhun bilen gygyrdylar. Dälizden esgerleriň gülküsi eşidildi. Ýüzüne urlan ýaly bolan ýedi tussag birbada ýumruklaryny düwüp, esgerleriň üstüne topuljagynam, boýnuny sallap, yzyna dönjeginem bilmedi... Bu gödek oýna kesesinden garap duran ellä golaý tussag hem kemsitmäniň zarbyna gozgalaň tapyp ugrady. Eger-de garawul esgerler pursatdan peýdalanyp, wagtynda çykyp gitmedik bolsa, oýnuň soňunyň näme bilen gutarjagy belli däldi. Mahlasy, şol gün gazaba münen tussaglar ertirlik nahardan ýüz öwürdiler, ählisi duýdansyz bir göwrä öwrülip, açlyk yglan etdiler. Kameranyň içi ýene-de gorjalanan ary öýjügi ýaly güwledi. Käbirleri: “Açlygy dowam etdireliň!” diýişdiler. Ýaşuluraklary: “Sabyr ediň! Bu ýagdaýy ýagşylyga ýoralyň, ýogsa, beterinden beteri bar!” diýip, töwella etdiler. Ýene birnäçeleri: “Mundan beter näme bolsun?” diýip, ähli zada taýyndyklaryny mälim etdiler. Günorta naharyna çenli belli bir pikire gelip bilmediler. Günortanlar ýanlary itli esgerler gapynyň agzynda üsti naharly arabajygy goýup gitdiler. Birinji aprel palawyny kameranyň aksakaly professor Zasypkiniň özi paýlap berdi. Üç aý bäri palawa agzy degmedik Abdylla ala bişenligine garamazdan: “Palaw-a tüýs palawjan bolupdyr” diýip, iki tabak dagy iýdi. Özi palaw bişirmäge ökde bolsa-da, Abdylla başgalaryň bişiren palawyny has oňat görerdi. Çünki her hepde öz bişiren palawyňy iýmek irizýär, arasynda başga biriniň elinden dadyp göresiň gelýär. Ala bişipdir diýäýmeseň, türmäň palawynyň käşiri, ýagy, duzy ýerbe-ýer. Häzir dost-ýarlar bilen jemlenişip, Köne Juwadaky Puşkin bagynda ýa Gök jardaky çaýhanalaryň birinde tüýs palaw bişirinip iýmegiň wagty! Ähli tanyş-bilişler bu ýerde bolsa, palawçy kimkä? Tutulman galanlaryň baga çykyp, palaw bişirmek ýadyna bir düşýärmikä? Şeýle oý-pikirlere gümra bolup otyrka Abdyllanyň ýanyna entek pökgüje dodaklarynyň ýagyny-da süpürmedik Mübärek geldi. – Molla eke, çilim dolanarysmy? Mende kagyzam, temmäkem bar – diýip, ol adatdakysy ýaly, ilki kagyz, soňam bir çümmük temmäki uzatdy. Abdylla kagyza göz gezdirdi. “1841-nji ýylyň 11-nji apreli, Artur Konollä gowşurmaly, London şäheri. Gadyrdan Artur! Men bu haty ýazmazdan öň birneme ýaýdandym. Sen möhüm sapar bilen gitdiň. Kynçylyklara duş gelen bolmagyň mümkin. Ýöne öz gelen kararymy saňa duýduraýyn diýdim. Sen maňa düşünersiň we bagyşlarsyň diýip pikir edýän. Men Darsä durmuşa çykýan. Bu täzelik saňa agyr degmegi mümkin. Ýöne häzirki ýagdaýda biziň gatnaşyklarymyz netijesiz görünýär. Sen hem öz bagtyňy taparsyň diýip umyt baglaýan. Seniň möhüm işleriňde üstünlik dilemek bilen Jenni.” Abdylla başyny galdyryp, Mübärege seretdi. – Çilim dolanyň! Goý, söýgi muhabbeti ot bolup lowlasyn! – diýip, Mübärek gözüni gypyp goýberdi. Abdylla temmäki dolanyp oturyşyna: “Bilsem-bilmesem, men gije düýşümde samyrdaýandyryn. Ýogsa, bu hat edil meniň pikir edişim ýaly bolup çykmazdy. Edýän pikirim maňlaýyma ýazylýan däldir-ä! – diýip, güman etdi. – Diýmek, Hanaly derwüş Kokantda wagty Kabuldan Zul Muhammet diýen hyzmatkäri bu haty getiren bolmaly. Haty okansoň, Hanaly derwüşiň ýüregi ikä bölünendir. Wah, muny öňräk bilen bolsadym, romanyň sahnalaryny başgaçarak taslardym. Ýöne entegem bir pille, ençeme wakalary entek kagyza geçirmändim. Hemmesini gaýtadan oýlanyp görmek gerek”. Abdylla çilimini otlanyp, tüssäni demine işdämen sordy. Professor Zasypkiniň ýatdan küşt oýnaýşyny ýadyna saldy. Pikire çümen wagty bir zat sorap ünsüni bölseň: “Häý, al kakmyş! Gaýtadan dikmesem bolmady!” diýip, ellerini salgardy. “It alnyna gelen gurt alnyna-da geler” diýen söz bar... Bu gün birinji aprelmidi? *** Gijara Abdyllany ýene Trigulow huzuryna çagyrdy. – Bu gün birinji aprel bolany üçin esgerler oýun edipdirler diýip eşitdim – diýip ol güldi. – Erkinlige goýberilýänleriň sanawyna seni goşan däldirler-dä hernä? Trigulow gürrüňi başga zatdan başlan bolsa, ähtimal, Abdylla hemişekisi ýaly geplemän oturardy, iň bolmanda sülçiniň tersine gaýtmazdy. Ýöne Trigulowyň bu gürrüňini eşidip, gülküsini görüp, onuň ýeňsedamary gatady. – Men mydama erkin adam! – diýip, ol turuwbaşdan başga hörpde jogap berdi. – Hawa, içki erkinlik diýýänsiň... Pişigiň ete ýetip bilmän: “Püf, porsapdyr” diýşi ýaly... Sen, gowusy, maňa gulak sal. Geçen gezekki aýdanlarym barada oýlanyp gördüňmi? Abdylla kejirlik edip dymdy. – Oňarmansyň! Men bolsa, oýlandym. Ýok, baş gahrymanymy režissýor etjek däl. Mannon Uýgur öz gününe gezibersin. Men gahrymanymy ýazyjy etmekçi. Türmede ýatyp, türme durmuşy barada oýlanyp ýören ýazyjy... Abdylla tisginip gitdi. Jähennem, Mübäreg-ä onuň ýanynda ýatýanlygy üçin düýşünde samyrdanyny eşidendir. Ýöne Abdyllanyň pikirlerini bu nireden bilýär? Trigulow dowam etdi: – Hemmeler onuň bilen gowy gatnaşykda, hemmeler ony sylaýar. Türme garawullary, tussaglar, sülçüler. Tussagyň adaty, birsydyrgyn gündelik durmuşy. Beýle durmuşyň soňunda özüne nähili ahwalyň garaşýandygyny ol aňşyrjak bolýar. Ýöne magat düşünip bilenok. Bu nähili oýun? Nämeler bolup geçýär? Türmäň başlygy oňa söýgülisi bilen duşuşmaga ygtyýar berýär... “Winokurowy göz öňünde tutýarmyka? Dil düwşen bolmasyn şular?” diýip, Abdylla iňkise gitdi. – Şuňa meňzeş sahnalar... Ýazyjy daşyndakylar bilen hat alyşýar... “Trigulowyň mundan hem habary barmyka? Ýa meni synap görýärmikä?” – Onuň bilen hiç kimiň işi ýok. Adaty durmuş dowam edip dur. Ýöne şol adaty durmuşyň soňundaky ahwal, isleseň, uly harplar bilen AHWAL diýip ýazyp bilersiň, ana, şol nämälim AHWAL gündelik maýda-çüýde zatlary edil tüweleý kimin, girdap kimin öz demine dartyp dur... Gepledigiçe Trigulowyň dodaklary kepäp, maňlaýyna der indi. – Neneň görýäň, oýlap tapan zadyma göwnüň ýetdimi? – diýip, ol birdenkä Abdylladan sorady we jogaba-da garaşman: – Seniň gahrymanyň Berdi tatar Şadyman baýy öldürip, türmä düşeninde şeýleräk pikir edendir – diýdi. – Meniň gahrymanym – Berdi tatar! Ýöne sen Aldy tatar bolup çykdyň! – diýip, Abdylla Trigulowyň gös-göni bäbenegine seredip aýtdy. – Bu näme diýdigiň? – diýip, biraz aljyran Trigulow düşünmän sorady. – Sen özüňi gurjak oýnadýan masgarabaz hasap edýäňmi? Bizem seniň eliňdäki gurjak boldukmy? – diýip, Abdylla sesini gataltdy. – Hamyryňy gowy ýugurmansyň, höwesjeň ýazyjy! “Sygyr suw içinde, höjegi buz ýalar” diýip, sen ýaly ýigrenjilere aýdylýar. Git-de, özüňe süýt beren malyň syrtyny ýala!.. Abdylla bir dem säginmän, ýüreginde berçigen sözleri yzly-yzyna suňşuryp oturyşyna, Trigulowyň stoly ýumruklap: – Gümüni çekiň şu ýerden! 42-njä dykyň! Çüýresin şo ýerde! – diýip, gygyranyny-da eşitmän galdy. Ol tä iki esgeriň yzyndan gelip, gollaryny arkasyna gaňryp, kabinetden südenekledip çykarýançalar otlukly sözler bilen içindäki ýigrenjini döküp gitdi... Ony 42-nji kamera salyp, çem gelen ýerine depip başladylar. Biraz wagtdan Winokurow peýda boldy. – Muny meň elime beriň, özüm hakyndan çykaryn! – diýip, ol esgerleri çykaryp goýberdi. Urlup-ýenjilenem bolsa, entek ysgyndan gaçmadyk Abdylla bar güýjüni jemläp: “Täze ýyl gijesi garaşan sagadym gelip ýetdi!” diýip, Winokurowyň bokurdagyna ýapyşmak üçin amatly pursat gözläp ugrady. Az salymdan esgerleriň aýak sesleri uzaklaşdy. Burçdan Winokurowyň sesi eşidildi: – Abdylla, bu men... Onuň äheňinde hoşniýetlilik bardy. Ýöne Abdylla bu dostluga ynanmady. “Bu melgunlar birinji aprel diýip, hüşgärligiňi guzy ýaly ukladýarlar, soňam böri bolup topulýarlar” diýip oýlandy. Düwülgi ýumrugyny birjigem gowşatmady. – Abdylla, bu men, köşeş... – diýip, Winokurow gaýtalady. “Ýok – diýip, Abdylla oýlandy. – Bularyň bary bile! “Goýnuňdan syrygan gonjuňa!” diýipdirler. Bulara ynanyp bolmaz! – Me, ýüzüňi süpür! – diýip, Winokurow oňa tarap dört eplenen täzeje elýaglygyny oklady. “Aljak wagtym gelip, depse gerek” diýip, ätiýaç etse-de, Abdylla ýuwaşlyk bilen elini elýaglyga uzatdy. Winokurow gozganmady. Abdylla elýaglygyň epinini ýazmazdan, ýüzüni süpürdi. Erkinlikde wagty her gezek sakgalyny syrandan soň sepinýän tanyş atyrynyň ysy burnuna urdy. Onuň gözüne biygtyýar ýaş aýlandy. “Aýak astyna alyp, depgiläp öldürerler!” diýen pikir kellesinden çykmady. Bir minut geçdi, iki minut geçdi... Emma Winokurow ýerindenem gymyldamady. Abdyllanyň welin gözýaşy dynman paýyrdap dökülýärdi. Ol dünýäde zerre ýaly-da rehim-şepagat galmady diýen ynanjy üçin aglaýardy... *** Ýa Winokurow bu gün birinji aprel bolany üçin ony urmakdan saklandymyka? Belki, bu-da bir aldawdyr? Bu zatlaryň düýş däldigi anyk, Abdyllanyň jübüsinde dört eplenen elýaglyk ýatyr ahyryn. Ýanyndakylar geň galyp: “Nämäniň ysy bar-a?” diýşip, howany ysgap ýörler. Daňa golaý Aly Abbas Kazwinini alyp gitdiler. Bu gezek oýun-henek etmediler, iş bilen äkitdiler. Görgüli sapyna ýüp dakylan äýnegini professor Zasypkine sowgat edip, sermenekläp, enterek-tenterek gapa garşy ýöneldi... Birnäçe günläp hiç hili üýtgeşiklik bolmady. Ahyry bir gije Abdyllanyň adyny tutup çagyrdylar. Ony uzyn däliziň ugry bilen alyp gitdiler. Ýöne Trigulowyň ýanyna däl-de, başga bir kabinete eltdiler. Kabinetiň görnükli ýerinden Staliniň eli şybykly portreti asylypdyr. Portretiň gabat aşagynda, stoluň başynda güri gaşlary bitişik, ermenä çalymdaş maýor, onuň bir tarapynda Trigulow, beýleki tarapynda nätanyş sülçi oturan eken. Kabinete gireninden Abdylla maýoryň öňünde özüniň jenaýat işi baradaky galyň papkasynyň ýatanyny gördi. Maýor oturgyja ümledi. Abdylla oturdy. – Aýypanýan Kadyry, siziň jenaýat işiňiz boýunça derňew tamamlandy – diýip, ermenä çalymdaş maýor arassa özbek dilinde habar berdi. “Horezm özbeklerindenmikä? – diýip, Abdylla oýlandy. – Gepleýşinde-hä Horezm şiwesi birjigem duýlanok. Onsoňam bular ýaly aňňal burun diňe ermenilerde bolýar. Diýmek, bularyň hemmesine özbekçäni öwrenmek buýrulan bolmaly. “Dil – ýüregiň açary” diýipdirler...” – Siz maňa gulak asaňzok öýdýän – diýip, ol Abdyllanyň pikirini böldi. – Derňew boýunça şikaýatyň barmy diýip soraýan. Abdylla bir pursatlyk doňdy. Bu mekir kişiniň niýeti nämekä? Ýene al saljak bolýarlarmyka? – Dymmak – razylygyň alamaty! Şikaýatyňyz bolmasa, ynha, şu ýere gol çekiň! Abdylla näme ýazylanyna seretjegem bolman, kagyza göwünjeň gol çekdi. Ermeni maýor gol çekilen kagyzy alyp, ýerine başgasyny uzatdy: – Ine, aýyplaýjy kagyzyňyz, hala bärde okaň, hala-da ýanyňyza alyň! Abdylla ünsüni kagyza gönükdirdi. “Özbegistan SSR Jenaýat Kodeksiniň 58, 64 “a”, 57 – maddalarynda göz öňünde tutulan jenaýatlary amala aşyrmakda aýyplanýan Abdylla Kadyrynyň (Julkunbaý) işi boýunça Aýyplaýjy haty Özbegistanda sagçy-troskistler bilen dilleşik esasynda hereket eden buržuaz-milletçilikli antisowet guramanyň jenaýatlary boýunça alnyp barylan derňew işlerinden mälim bolşuna görä, aýyplanýan Abdylla Kadyry (Julkunbaý) şu guramanyň işjeň agzasy bolan. Şunuň bilen baglylykda Abdylla Kadyry (Julkunbaý) 1938-nji ýylyň 1-nji ýanwar güni tussag edildi we jenaýatçy hökmünde jogapkärçilige çekildi”. Abdylla maşynkada ýazylan sözleri okap otyr, ýöne olaryň manysy aňyna ýetenok. Baýaky tatar mollanyň aýdyşy ýaly, “Başyndaky zatlaryň bary adatdaky ýaly, diňe soňundaky netijä seret!” Dogry, bu ýerde Oktýabr rewolýusiýasy we Abdyllanyň “Ýumruk” satiriki žurnalynda işlänligi hakynda hem aýdylypdyr. “Öten günler”, “Mährapdan çykan içýan”, “Abid kätmen” romanlary barada hem agzalypdyr. Hemmesi tanyş sözler, ýöne nähilidir bir ýasama, umumy äheň bar. Ine, “Öten günler” barada şeýle ýazylypdyr: “Antisowet buržuaz-milletçilikli gurmanyň baştutanlary Akmal Ikramow bilen Faýzulla Hojaýew tarapyndan makullanan bu roman milli respublikalaryň hemmesine giňden ýaýradyldy. Şol bir wagtda Faýzulla Hojaýewiň tabşyrygy bilen goňşy Gündogar ýurtlaryna iberildi...” “Ýöne Kaşgardan gelen söwdagär kitaby alyp gitmedi ahyryn. “Öten günler” Kaşgarda çykmasa näme?!” diýip, Abdylla içini gepletdi. “Abid kätmeni” hem kätmeni bilen bilelikde asmandan dik başşak taşlapdyrlar. Ine, muňa näme diýjek! “Tussag edilýänçä töweregine antirewolýusion elementleri toplap, olaryň arasynda kontrrewolýusion işleri alyp bardy. Çet ýurtlar bilen gatnaşykda boldy”. Ýeri, muňa öljekmi, güljekmi? Ölseň gerek, gülýänler, ine, maňlaýyňda otyr! Olar: “Indi saňa Julkunbaý diýmän, Kätmenbaý diýeris” diýip heşelle kakýana meňzeýärler. Geň ýeri, tussag edilýänçä töweregine kimleri ýygnapdyr? Abdyllany tussag edýänçäň hemmeleri tutup ýygnamadyňmy, eý, çypar melgun?! Mundan soň bu deýýus hil bir iş edýän ýaly 15 adamyň adyny getiripdir. Olaryň beren görkezmeleri esasynda Julkunbaý lakamly Abdylla Kadyry agyr etmişlerde aýyplanyp, jenaýatçy hökmünde paş edilýärdi. “Şular bilen baglylykda Abdylla Kadyrynyň etmişleri boýunça düzülen bu aýyplaýjy iş SSSR Ýokary sudunyň Harby Kollegiýasynyň garamagyna hödürlenildi. Özbegistan NKWD-niň III bölüminiň IV bölümçesiniň başlygynyň kömekçisi leýtenant N.Trigulow Leýtenant W.Bogomolow “Ylalaşýaryn” IV bölümçäniň başlygy maýor Apresýan” “Ynha, indi hemmesiniň ady belli boldy” diýip, Abdylla oýlandy we ermeni Apresýana nazaryny dikdi. – Siz boş, gidiberiň... Ýok, o manyda däl... – diýip, ol ýaňsyly ýylgyrdy. Soň garawul esgere ýüzlenip, buýruk berdi: – Işine seredilenleriň kamerasyna äkidiň! Mundan buýana diňe ajalyňa garaşmalydy. SKRABLE* (Bu sözüň manysyny çykgytda bermeli bolar). Abdylla ir bilen oýanyp seretse, ýanynda iki sany tussag ýatan eken. Daşyndan seretseň, olar özbege çalym etmeýärdi. Olaryň arrygrak, kelte boýly, ýaşy ulusy rus milletine meňzeýär, sakgaly hynaly, saryýagyz, epeý pyýada bolsa, badahşanly täjiklere çalymdaş. “Bular kimkä? – diýip, Abdylla ýatan ýerinden oýlandy. – Bularam men ýaly ajalyna garaşyp ýatan adamlardyr. SSSR Ýokary Sudunyň adyndan ebedi erkinlige çykýandyklary barada hat alan tussaglardyr!” Şeýle pikirler bilen ol “işine seredilenleriň kamerasyny” gözden geçirip başlady. Öňki kameradan tapawutlylykda bu ýerde ähli zat başgaça. Diwarlary betondan däl, çig kerpiçden örülipdir. Ýere bolsa, sypal düşelipdir. Ýerdöle kemi ýok. “Gabra girmäge taýynlyk görüber diýen ýaly bolupdyr” diýip, Abdylla içini gepletdi. Adam az bolany üçin bu ýerde dem almak aňsat, howasy sergin, ýöne birneme çygly. Türmede aksakal bolmasaň, kesekiniň işine goşulyp bolmaýar. Düzgün şeýle. Şonuň üçin Abdylla “Bulary ukudan oýaryp, tanyşaýyn” diýen pikiri goýbolsun etdi. Şol wagt olaryň ýaşy ulusy düýşünde basyrgandymy-nätdimi, nätanyş dilde bir zatlary samyrdap, beýlesine agdaryldy. “Milleti latyşmyka?” diýip, Abdylla oýlandy. Ýarym sagat çemesi wagtdan epeý kişi ukudan oýandy. Ol täze gelen adama geň galyp seredip oturyşyna, gözlerini owkalady. Sesini süýkdürip: “Salawmaleýkim!” diýdi. Abdylla onuň salamyny aldy. Epeý kişi ýanyndakyny yralap oýardy-da, düşnüksiz dilde oňa bir zatlar diýdi. Arryk ýaşuly hem ýuwunmazdan, salam berdi. – Men – Abdylla! – diýip, Abdylla täze gelen adam hökmünde özüni tanyşdyrdy. Bular gelip, onuň bilen el berşip görüşdiler. Ýöne atlaryny aýtmadylar. – Siz parsça bilýäňizmi? – diýip, arryk ýaşuly pars dilinde sorady. – Az-kem bilýän – diýip, Abdylla jogap berdi. – Türkçe gepleşip bilýäňizmi? – diýip, epeý kişi sorady. Abdylla baş atdy. – Biz iňlisler. Eý, Alla! Bu ýerde iňlisler näme işläp ýör? Syýahatçy ýa gezendemikä? Ýa Kominterniň çeňňege ilen sada kommunistlerimikä? – Siz haçandan bäri bu ýerde? – diýip, Abdylla sorady. Olar düşünmän, eginlerini gysdylar. Abdylla sowalyny pars dilinde gaýtalady. – Şu ýerdemi? – diýip, arryk ýaşuly ýerdäki sypaly ümledi. Abdylla ýene baş atdy. – Dört aý. Diýmek, bular hem dekabrda tussag edilipdir. – Dekabrmy? Gürrüňdeşleriniň ikisem baş atyp tassyklansoň, Abdylla: – Bu ýerde, Özbegistanda haçandan bäri? – diýip sorady. Epeý kişi arrygy görkezip: – Bi üç ýyl, men alty aý – diýdi. Üç ýylyň içinde özbekçeden jinnek ýaly-da öwrenmändir. Onda Buhara etraplarynda boldumyka? Ony diýseň, rewolýusiýadan bäri şu ýeriň nanyny iýip, suwuny içip ýörenleriň içinde özbekçe bilmeýäni azmy? Bu bolsa, her hal, parsça bilýär eken, şoňa-da şükür! – Siz bu ýere nähili sebäpler bilen düşdüňiz? – diýip arryk ýaşuly sorady. – Milletçilik – diýip Abdylla jogap berdi. Iňlis selçeň gaşlaryny bürüşdirdi. Bu onuň düşünmändiginden habar berýär. Abdylla: – Men milletçi bolýan – diýip, parsça düşündirdi. Arryk iňlis ýene gaşlaryny bürüşdirdi. – Men – milletçi! – diýip, Abdylla bu gezek türkçeläp, epeý kişä ýüzlendi. Epeý kişi öz dilinde ýoldaşyna bir zatlary düşündirdi. Indi arrygyň ýüzünde geňirgenme peýda boldy. – Siziň etmişiňiz näme? – diýip, öz nobatynda Abdylla epeý kişiden sorady. – Bizi içaly hasap edýärler – diýip, ol türkçe bilen parsçany garym-gatym edip jogap berdi. “Büý-ä tüýs bolaýdy! – diýip, Abdylla öz ýanyndan alada galdy. – Aýyplaýyş hatynda “Çet ýurtlular bilen gatnaşyk saklaýar” diýlip ýazylandy. Indi “Iňlis içalylary bilen iýeni aýry gidenok” diýip, ýazsalaram geň däl. Muny höwesjeň ýazyjy Trigulow bilgeşleýin şeýden-ä däldir-dä? Ýok, onuň bular ýaly işe üşügi ýetmez, üşügi ýetse-de, ygtyýary ýokdur. Bu, bolup bilse, gaşlak ermeni Apresýanyň oýlap tapan pirimidir...” Abdyllanyň ýüzündäki ynjalyksyzlygy duýan arryk ýaşuly öz dilinde ýoldaşyna heçjikläp-heçjikläp bir zatlary diýdi. Abdylla: “Bogup öldüreli muny diýýärmikä” diýip, içini gepletdi. Ätiýaç edip, epeý kişä garady. “Ýok, bu deşli pyýada bilen güýjümiň deň geljek gümany ýok. Bogup öldüreýin diýse, bir eli bilen janymy jähenneme iberer bu gyzyl döw. Üssesine-de özi içaly boljak bolsa, adam öldürmegiň müňde bir ýoluny bilýändir, gara güýje daýanman, emel bilen ap-aňsatja ýoguňa ýanmagy-da mümkin... Ony diýseňem, beýle işbaşarjaň, ukyply içaly bu ýere nädip düşsün?” diýip, ol dürli pikirlere başyny urdy. Onsoň dymyp durmazlyk üçin ugralla: – Sülçiňiz kim? – diýip sorady. Sowala düşünmän, iňlisleriň ikisi-de geňirgenip, Abdylla soragly seretdiler. Abdylla sülçi sözüniň parsçasyny ýadyna saljak boldy. Hyýalynda Nowaýydan, Sadydan, Bedilden gözledi. Köp oýlanyp tapmansoň: – Siziň derňewçiňiz kim? Işiňizi kim derňedi? – diýip, parsça sorady. Arryk ýaşuly düşündim diýen manyda baş atyp, jogap berdi: – Aamer Nasrulla. Abdylla öz ýanyndan: “Maýor Nasrullaýew diýdigi bolsa gerek” diýip çaklady. Diýmek, bulary başga sülçi sorag edipdir. Nasrullaýew boljak bolsa, musulman tatarlaryndan biridir. Görnüşine görä, Trigulow çokundyrylan, ýagny hristian tatarlardan. Ýa Trigulow Turakulowyň biraz üýtgedilen görnüşimikä? Turakulyň Trigula öwrülmegi bolmajak zad-a däl. Şol wagt Abdyllanyň oý-pikirlerini we iňlisleriň özara gürrüňini bölüp, petikdäki gapy açyldy we guýa gowa sallan ýaly edip, mis gapda üç bölek nan bilen bir çäýnek çaý uzatdylar. Abdylla haýran galyp: “Kimkä bi?” diýip, ýokaryk seretdi. O barmana petikdäki gapy şarkyldap ýapyldy. Iňlisler oturan ýerinden owkata el uzatdylar. *** Bu gaýry dinli iňlisleriň el-ýüzüni ýuwmazdan, naharlanmaga başlandyklaryny görüp, Abdylla oňaýsyz ýagdaýa düşdi. Adatça türme kamerasynda içi suwly çelegiň durýan burçuna seretdi. Çelek dur, ýöne içinde suw ýok ekeni. Diýmek, o nejisler bulara ýuwunmak üçinem suw bermeýär ekeni-dä! Epeý kişi Abdyllanyň nanyny uzatdy, çaýyny bolsa, nämüçindir toýun käsä guýup berdi. Nan çig-çarsy däl eken, oňat bişirilipdir. Çaýy-da tagamly gök çaýdan demlenipdir. “Suwuny gysgansa-da, bularyň naharyna gowy seredýär ekenler” diýip, Abdylla NKWD-niň çet ýurtlulara bolan gatnaşygyna haýran galdy. Gep-gürrüňsiz ertirlik edindiler. Iňlisler burça geçip, galan gök çaý bilen agyzlaryny çaýkadylar, bolşuna görä ýüzlerini ýuwdular. Olar şeýtmegi Abdylla hem üm-yşarat bilen maslahat berdiler. Soň hersi öz ýerine geçdi. Abdylla iňlisleriň edişi ýaly, galyndy çaý bilen ýüzüni ýuwdy. Elini jübüsine sokup, gan ýokundysy degen, ýöne atyr ysy gitmedik, dört eplenen ýaglygy çykardy. Elýaglyk bilen elini-ýüzüni süpürip durşuna: “Bu hakykatdan-da Winokurowyň adamkärçiliginden nyşanmyka?” diýip oýlandy. Kameranyň içine atyr ysy ýaýrady. Iňlisler muny şo bada duýup, Abdylla tarap köpmanyly seredişdiler. Bularyň gürrüňi birbada alşyp gidibermedi. “Näme bilen meşgullanýarsyň?”, “Näçe ýaşyňda?”, “Aýalyň, çaga-çugaň barmy?” ýaly soraglardan aňry geçmedi. Esasan iňlisler köp soradylar. Abdylla hem olar barada käbir zatlary bildi. Arrygyň maşgalalydygyny, çagalarynyň bardygyny, epeý kişiniň ýaşdygyny, entek öýlenmändigini, ýöne Owganystanda işläp ýören agasynyň bardygyny eşitdi. – Zahyr şanyň ýanyndamy? – diýip, Abdylla Owganystan barada az-kem bilýändigini görkezjek boldy. Emma iňlisleriň ikisi-de gaşlaryny bürüşdirip, düşünmändiklerini mälim etdi. “Täsin millet eken bular! – diýip, Abdylla içini gepletdi. – Geplän wagtyň gaşlaryny gerip, gözlerini ýyldyradyp, hamana, seniň aýdanyňy makullap oturan ýaly, iň soňunda welin, gaşlaryny bürüşdirip, “sorri” diýip, hiç zada düşünmändiklerini aýan edýärler. “Sorri” diýdikleri nämekä? “Sora”, “Gaýtadan sora” diýmekmikä?” Bir sagatlap nähili düşünişjeklerini bilmän, oturansoňlar, iki iňlis uzak wagtlap özara pikir alyşdy. Ahyry olaryň ýaşy: “Siz gepleşiberiň, meniň biraz işim bar” diýýän dek, ýanyndaky haltasyndan sahaby haç suratly kiçeňräk, ýöne galyň kitaby çykaryp, bir burça geçdi. “Töwrat ýa Injil bolsa gerek” diýip, Abdylla çaklady. Daşyndan ulumsy hem garasöýmez görünýänem bolsa, arryk iňlisiň özi Abdylla tarap öwrülip, arassa pars dilinde: – Men üç ýyldan bäri şu ýerde. Ýoldaşym alty aý mundan öň, noýabryň başlarynda Kokantdan geldi – diýip, gürrüň berip başlady. Eýran parsçasynda gepläni üçin onuň käbir sözlerine Abdylla düşünmedi, ýöne manysyny aňlady. Üssesine-de arryk ýaşuly kitabynyň o-bu ýerine bir zatlary dynuwsyz çyzyşdyrýan ýoldaşyna päsgel bermezlik üçin haýal gepleýärdi. – Ýoldaşym meni halas etmek üçin geldi-de, özi duzaga düşdi oturyberdi. Arryk ýaşuly Sadynyň meşhur sözlerini mysal getirdi: – “Taýhar janawar guýruk arzuwlap, guýruk tapmadan geçen, gaýtam iki gulagyndan-da aýra düşüpdir”. Ikisem gülüşdiler. Burçda oturan ýaş iňlis öz dilinde ýoldaşyna bir zatlar diýdi, arryk iňlis ötünç soraýan şekilli baş atyp, gürrüňini dowam etdi: – Ýoldaşym gelýänçä men bu ýerde toplara serenjam bererdim, magdan tapmak işlerini ýola goýupdym. Elimden gelmeýän zat ýok. “Köne hünärmenlerden eken-ow” diýip Abdylla oýlandy. – Emma ýoldaşym gelensoň, bulaşyklyk başlandy. Ilki bilen ony topçularyň başlygy ýanyna çagyrdy. Soň ikimizem maýoryň huzuryna eltdiler. “Ýogsa näme?! Çagyrjagy görnüp dur-a! Daşary ýurtly bolarsyň-da, NKWD-niň adamlarynyň nazaryndan syparmyň?” diýip, Abdylla içini gepletdi. – Maýor ýoldaşymy sorag edip başlady. “Hywadyr Kokantda näme iş bilen meşgul bolduň?” diýip sorady. Ýoldaşymyň düşündirişleri maýory kanagatlandyrmady. “Sen o ýerlerde adamlary topalaň turuzmaga çagyransyň. Iňlisleriň iň ökde käri şu” diýdi. “Munuň maýor diýýäni baýaky maýor Apresýan bolaýmasyn? Onuň adyna näme diýipdi? Nusratullamy? Ýok, Nasrullaýew diýdi öýdýän. Belki, başga biridir. Belki-de, Apresýan özüni başgaça atlandyrandyr. Hany, onuň sypatyny, daş keşbini sorap göreýin!” diýip, Abdylla öz ýanyndan karara geldi. Parsçalap: – Maýoryň ýüz keşbi nähilidi? – diýip sorady. Arryk iňlis bir pursat oýurganyp, sowala sowal bilen jogap berdi: – Aamer? Ýüz keşbi? Abdylla baş atdy. Arryk ýaşulynyň aýtmagyna görä, maýor tegelek ýüzli, gahary gelende ýüzüne gan urup, bir gözi çekip duran adammyşyn. Gaharjaň, ýöne bilesigeliji, sorag üste sorag berýärmiş. Pul diýilýän zada, umuman para-peşgeşe biparh, terkidünýämişin. Abdylla arryk ýaşulyny diňläp oturyşyna onuň gürrüňini edýän adamsynyň Apresýan däldigine düşündi. Abdyllany geň galdyran ýagdaý, pars dilinde bir ýigrenji maýoryň gysgaça terjimehalyny aýtsaň-da, ol taryhy gahrymana öwrülip barýan ýaly bolup dur. “Para-peşgeşe biparh, terkidünýä...” Göýä Nowaýynyň ýa Babyryň tarypyny edýän ýaly. Eger Abdylla arryk ýaşula dogry düşünen bolsa, nämedir bir zat göwnüne ýakmadyk wagty maýor stoly ýumruklap: “Höküm!” diýýär eken. Ähtimal, maýor: “Saňa höküm çykarjak!” diýip, stoly ýumruklap gygyrandyr. Arryk şony aýtmakçy bolýandyr. Abdylla üns berip diňleýänini ynandyrmakçy bolýan deý, ýumrugy bilen dyzyna urup: “Höküm!” diýdi. Ýaşuly iňlis dogry diýen manyda baş atdy. Diýmek, Abdylla dogry düşünipdir. – Maýor meniň ýoldaşymdan: “Nämüçin hökümetiňiz saňa ynanç hatyny bermedi?” diýip sorady. “Siz iňlisler topalaň turzup, özbegiň ýurdunda uruş etmekçi bolýaňyz!” diýdi. “Bular ýaly oýnuňy Eýranda, Owganystanda oýna, bärde başa barmaz!” diýdi. Ýoldaşym: “Iňlisler hiç haçan gizlin uruş etmeýär, aç-açan uruş edýär. Biziň hökümetimiz parahatlyk isleýär, ruslara garşy durmakda size ýardam bermek niýeti bar” diýip jogap berdi... “Ölesi gelýärmikä bu sada döwüň? – diýip, Abdylla gorkuly oýlandy. – NKWD-niň işgäriniň öňünde antirus, antisowet gürrüňleri edersiň-de, seni aman sypdyrarlarmy? Ýa bu iňlis şeýle ýöntem pikir edýärmikä? Maýoryň özbekdigini görensoň, onuň milli duýgularyny oýarmakçy bolýarmyka? Ruslara garşy bolup gelen bolsa, diýmek, hakykatdan hem içaly eken bi...” – Ol bolsa: “Gury agzyňy kaşyk ýyrtaýmasyn!” diýip, ýoldaşymyň sözüni şarpa böldi... “Bu iňlisler maýora dogry düşünmändirler. Sülçi: “Gury kaşyk agzy ýyrtar” diýendir” diýip, Abdylla çaklady. – Gaty gidýäňiz diýip, 31-nji dekabrda ikimizem, ine, şu ýere taşladylar – diýip, ýaşuly aýtdy. Abdylla: – Meni hem... – diýip, ýaňy bir gepe başlan wagty bularyň ýanyna ýaş iňlis geldi-de, söhbetiň arasy üzüldi. *** Ýaş iňlis öz ýerine geçip oturdy. Iňlisler Abdylladan ötünç sorap, hemişeki oýnaýan oýunlaryna gümra boldular. Olar ýere düşelen sypaly bir gyra süýşürip, küşt tagtasynyň ýüzündäki ýaly iri gözenekleri çyzdylar. Gezekli-gezegine öýjüklere dürli sözleri ýazmaga başladylar. Abdylla olaryň ýazýan sözlerine düşünmese-de, oýnuň maksadyny tiz aňşyrdy. Aýdaly, ýaşuly üç harpdan ybarat “ýüz” diýen sözi ýazyp, üç utuk alyp bilýär. Ýaş iňlis bolsa, onuň ýazan sözüni ulanyp, uzynrak bir söz ýazmalydy. Mysal üçin, “ýüzüş” diýen bäş harply sözi ýazyp, bäş utuk alýar. Ondan soň gezek ýene ýaşula gelýär. Ol “üşük” diýip ýazýar-da, dört utuk alýar. Sözleri keseligine-de, dikligine-de ýazmaga rugsat berilýär. Bir sagatda bular altmyş dört öýjügiň hemmesini sözden doldurdylar. Ýaş iňlisiň çasly gülküsinden we arryk ýaşulynyň ýüzüni sallap oturyşyndan çen tutup, Abdylla kimiň utanyny, kimiňem utulanyny bildi. Ol epeý kişä ýüzlenip: – Bu oýnuň ady näme? – diýip sorady. Ýaş iňlis: – Skrabl – diýip, iki-üç mertebe gaýtalady. Oýunda utulan arryk ýaşuly eline Injili alyp, burça çekildi. Keýpi çaglanan ýaş iňlis bolsa, ýoldaşynyň içini ýakmakçy bolýan deý sesini gitdigiçe beýgeldip, türki dilde Abdylla bilen söhbete başlady. – Sen Kokantda bolup gördüňmi? – diýip, ol Abdylladan sorady. Abdylla onuň “sen” diýip ýüzlenmesine birbada geňirgense-de, türkleriň öz aralarynda “sen” diýip ýüzlenmekleriniň ýörgünlidigi ýadyna düşüp, öýke edip durmady. – Hawa, bolup gördüm. Ol hakda kitabam ýazdym. – Hangi?* – diýip, iňlis sorady. Abdylla düşünmedi. Bu gyzyl sakgal döw üstünden güljek bolýandyr öýtdi. Bada-bat Anadoly türkleriniň dilinde “hangi” diýmegiň “haýsy” diýen sözi aňladýandygyny ýatlady. – “Öten günler”, “Mährapdan çykan içýan” – ikisinde-de Kokant barada bar. Ýörite gidip, Kokandy pyýada aýlandym, ähli ýerini ädimme-ädim ölçäp çykdym. Ýaş iňlisiň çagataý türkçesine düşüneni, düşünmäni belli bolmady, ol baş atyp oturyşyna: – Sen Kokantda bolaňda “mu biş” diýip eşitdiňmi? – diýip sorady. Abdylla gaýtadan sorady. Ýaş iňlis “mu biş” diýen sözi nygtap-nygtap gaýtalady. – Nähili manysy bar? – diýip Abdylla sorady. – Manysy – “islän zadyňy et” – diýip, iňlis jogap berdi. “Edeniňi et!” diýmek bolýarmyka? “Mu biş!” Nireden çykan söz bi? Molla *Hangi – Özbek dilinde eşegiň aňňyrmasyny, türk dilinde bolsa, haýsy diýmegi aňladýar. Kosoniý ýaly parsçany suwara bilýän adamlar käte “buboş” diýen sözi ulanýardylar. Ol “näme bolsa, şo bolsun” diýen manyny berýär. Megerem, iňlis muny “mu biş” diýip eşiden bolsa gerek. Ýa “mun boş”, ýagny, “goýbolsun” diýdigimikä? – Kim aýtdy saňa bu sözi? – diýip, Abdylla iňlise ýüzlendi. – Bir aýal... – diýip, ol jogap berdi. Abdyllanyň ýüreginde gabanjaňlyk duýgusy oýandy. Özbek zenany, goý, ol parsy dilli bolaýsyn, bir iňlisiň ýanynda “näme bolsa, şo bolsun” diýip dursa, gelşiksiz dälmi? Şäherde ahlaksyzlyk köpeldi. – Seret! Ol maňa, ine, şuny berdi! – diýip, ýaş iňlis kiçeňräk tumara meňzeş bir zady açyp, içinden bir bölek hakyky Kokant kagyzyny çykardy. Ony öwünjeňlik bilen söhbetdeşine uzatdy. Abdylla kagyzyň epinlerini açyp, köne hatda arassa ýazuw bilen ýazylan setirlere göz gezdirdi: Käte orus, käte çerkes, kä musulman, kä tersa men... – Köp okadym, ýöne many alyp bilmedim – diýip, iňlis uludan dem aldy. Abdyllanyň kalbynda gabanjaňlyk möwç aldy. Birmahallar “Pylanyň gyzy orsa äre barypdyr” diýip, göwnüniň ynjan ýerini aýdanda, enesi Josiýat bibi: “Saňa näme? Sen näme, özbek gyzlarynyň hemmesiniň ärimi ýa atasymy? Bar, öz aýalyň bilen bol!” diýip käýärdi. Abdylla biygtyýar ýylgyrdy-da, iňlise düşündirmäge durdy: – Bu Babarahym Meşrep diýen uly şahyrymyzyň gazalyndan bir beýt. Düşünýäňmi, bir şygyr. Meşrep aýdýar: “Men bu gün ors, ertir çerkes” diýýär. Çerkes diýýäni Kawkazda, Kawkazy bilýäňmi, Baku, Elburs? Ana, şo Kawkazda ýaşaýan millet. Yzy näme? Hawa, “Birigün musulman men, ondan soň kapyr men...” – O nähili sen bu gün ors bolýaň? – diýip, dile düşmez iňlis gözüni tegeledi. – Sen näme, özbek dälmi? – Hawa, özbek men. Meşrep şertli görnüşde sözleýär. Ýagny, bolmagym mümkin diýýär. Ors bolmagym mümkin, çerkes, musulman, kapyr... – Ors, kapyr bolsaň, seni öldürmezlermi? – diýip, iňlis ýene gürrüňi başga ýana çekdi. Abdylla başdan düşündirmäge synandy: – Seret! Hemmesini ýatdan çykar. Seniň şu ýerde musulman bolmagyň mümkinmi? Iňlis özi bilmezden tisginip gitdi, garaşylmadyk ýerden ýoldaşyna garap, onuň bilen bir zatlaryň maslahatyny etdi. Abdylla: “Nädogry bir zat aýdaýdymmykam?” diýip, geň galdy. Olar öz aralarynda hymy-symy edip bolansoňlar, ýaş iňlis Abdylla tarap öwrüldi, çynlakaý sypatda: – Meniň dinim – Hudaý bilen meniň aramdaky iş! – diýdi. – Şonuň üçin dinimi üýtgedenimden ölenim gowudyr. Ýoldaşym kelemeýi şahadat aýdanlygyna garamazdan, hristiandyr. Gurhanyň özi “La ikraha fiddin”, ýagny, “Dinde zorluk ýokdur” diýýär. Men bu ýere çakylyk bilen myhman bolup geldim. Diýmek, azajyk-da bolsa, myhmana bolan hezzet-hormata mynasypdyryn! Abdylla iňlisiň türkçe bilen parsçany garym-gatym edip aýdan bu sözleriniň umumy manysyna düşündi. Ýaş iňlis Kokant kagyzyna elini uzatdy, Abdyllanyň düşündirip bilmedik beýdini tumarjygyna saldy-da, boýnundan asdy. Soň öýkeli äheňde: – Eger ol maňa durmuşa çyksa, onda başga gürrüň... – diýdi. “Kokant gözeli munuň ýüregini eýelän ekeni. Onuň üçin bu saýry dininden geçmäge-de taýýar” diýip, Abdylla öz ýanyndan pikire çümdi. *** Bularyň günortanlyk naharyny hem guýa gowa sallan ýaly, sapyna ýüp daňylan mis gapda äberýän ekenler. Abdyllanyň çet ýurtlulara aýratyn oňat seredilýändigi baradaky pikiri dogry bolup çykdy. Günorta naharynda ýagly gowurdak, üç sany tamdyr çöregi hem çäýnek doly gök çaý berdiler. Owkat garasöýmez ýaşulynyň hem keýpini göterdi. Ol çemçesiniň sapy bilen diwara bir çyzyk çekdi-de, parsçalar: – Wagtyň hasabyny ýitirmezlik üçin – diýip düşündirdi. Soň ýoldaşyny görkezip, sözüniň üstüni ýetirdi: – Ol öz sagadyny maýora sowgat etdi. Onuň bu sözlerinde “gör, ana, sagadyny sowgat beribem, özi bu ýerde otyr” diýen ýaňsy, “elinde sagady bolan bolsa, bu çyzyklaryň hajaty bolmazdy” diýen arman, “maýor para-peşgeşe biparh bolsa-da, munuň sagadyny aldy” diýen degişme äheňi... duýuldy. Ýöne ýaşulynyň nämäni göz öňünde tutanyny nädip biljek? “Peri bilmedigini garry biler” diýipdirler... Bu nakyl başga bir gülküli wakany Abdyllanyň ýadyna saldy. Medeni rewolýusiýa geçirilýärkä partiýanyň çagyrmagy boýunça Ýazyjylar Soýuzynyň dine garşy göreşýän döwürleridi. Kitaplardan din bilen bagly sözler köki-damary bilen sogrulyp aýrylýardy. Abdyllanyň bir hekaýasynda şu nakyl ulanylypdy. Neşirýatyň redaktory “peri” diýen sözi könäniň zyýanly galyndysy hasap edip, ony aýyrmagy teklip edýär. “Bu nakyl ahyryn, ony nädip üýtgetjek?” diýse-de, redaktor aýak depip dur. Abdyllanyň gahary gelip: “Ýeri, bolýar, onda perini nähili söz bilen çalyşjak?” diýýär. “Meselem, “hiç kim” diýen sözler bilen çalyşsak, ýerine düşer durubiýr” diýip, redaktor jogap berýär. Şeýdibem bu nakyl žurnalda “Hiç kimiň bilmedigini garry biler” diýen görnüşde çap edilipdi. Bu wakany iňlislere gürrüň berip, gülüşdirse, niçik bolar? Düşünermikäler? Gowurdagy işdä bilen iýip, toýun tabagyň düýbüni ýalap goýansoňlar, ýaşuly iňlis gürrüňini dowam etdi: – Maýor munuň sagadyny kabul edip aldy. Bir günem bize başga bir döwük sagady iberipdir. Bejerip bersinler diýipdir. Sebäbi men sagat oňarmakdanam baş çykarýan. “Hem magdançy, hem topçy, hem sagatçy – diýip, Abdylla oýlandy. – Çyndanam köpugurly inžener-içaly ekeni!” – Näme, ol her eline bir sagat dakyp ýörmükä? – diýip, arryk ýaşuly şyg-şyg güldi. – Biziň adamlarymyz bu ýere häli-şindi gelip durlar – diýip, ýaş iňlis pars dilinde gürrüň berip başlady. – Belki, olary tanaýansyň? Ýusup uzyny tanaýaňmy? – Kim ol? – diýip, Abdylla gyzyklandy. – Jöhit Ýusup uzyn. Ilki bilen Abdyllanyň ýadyna Moşa eke düşdi. Onuň boýy uzyn bolmasa-da: – Dellekmi? – diýip sorady. – Ýok, kätip. – Ýok, tanamok. – Abdulhaýy tanaýaňmy? – Ýok. Ýaşuly ýene öz dilinde ýaş ýoldaşyna duýduryş berdi öýdýän, epeý kişi derrew gepi başga ýana sowdy. – Ýaşuly aýdýar, seniň bilen parsça “Skrabl” oýnaly diýýär. Abdylla az salym oýurganyp oturansoň, razylaşdy. Olar ýere düşelen pahaldyr sypaly bir çete süýşürip, ýeri arassaladylar, gözenek çyzyklary çekdiler. – Latynçamy ýa köne elipbiýde? – diýip, Abdylla sorady. – Latynça – diýip, ýaş iňlis jogap berdi. Ol utan adam hökmünde oýny özi başlady. Biraz oýlanyp, gözenegiň merkezi öýjügine “Aýhan” diýip ýazdy. – Teatry gowy görýäňmi? – diýip, Abdylla sorady. – Kokantda “Maýsaranyň hokgasyna” tomaşa etdiňmi? Ýaş iňlis düşünmän, egnini gysdy. Abdylla: Mülk, emlägi bar indi, Aýhan maňa ýar indi. Maýsara palaw ataryp, Şu gün maňa zar indi – diýip, aýdyma hiňlendi. Iňlis gözenekli öýjüge ümläp: – Ýaz! – diýdi. Abdylla çemçesiniň sapy bilen “Aýhan” diýen sözüň “han” bölegini ulanyp, onuň yzyna “tagta” diýen sözi goşdy. – Hantagta!* Sekiz harp! – diýip, özüne sekiz utuk ýazdy. Ýaş iňlis Abdylla ýüzlenip: – Bolýar. Sen maňa ýaňky goşgyny ýazyp ber – diýdi. Şol wagt ýaşuly iňlis: – “Hantagta” näme diýmek? – diýip sorady. Abdylla bar bilýän sözlerini ulanyp, hereket bilen düşündirmäge durdy. Ýaşuly iňlis onuň sözüni kesip: – Sen stol barada aýdýaňmy? – diýdi. – Ýok, men hantagta barada aýdýan. Bu pars sözi. – Han tagtyny bilýän, ýöne hantagtany bilemok – diýip, arryk ýaşuly ýüzüni kese sowdy. Biraz wagtdan Abdylla bilen ylalaşyp, “tagtanyň” yzyna “kaş” goşulmasyny goşdy. “Tagtakaş”** diýen sözi ýazyp, sekiz utuk aldy. – Men oýlanýançam sen goşgyny ýazyber – diýip, ýaş iňlis Abdylla ýüzlendi. – Öz ýazan goşgyňmy? – Ýok, Hamza diýen merhum dostumyňky – diýip, Abdylla jogap berdi. Soňra “Hudaýyň Özi geçirewersin hernä!” diýip pyşyrdady-da, iňlisiň uzadan Injiliniň iň soňky arassa sahypasyna Hudaýa ynanmadyk dostunyň aýalbaz goşgusyny ýazmaga oturdy. Oýun dowam etdi. *Hantagta – nahar iýilýän pessejik stol. Pars dilinde. **Tagtakaş – seýik agajy. Pars dilinde. *** Bu ýerde agşamlyk naharyny irgözin berýär ekenler. Günortanky gowurdakdan geregini edinen tussaglar entek ajygyp ýetişmänkä süýtlaş berdiler. Bu hezzet-hormat Moskwadan gelmeli ölüm hökümini azajygam bolsa, süýjütmek üçin edilýärmikä? Abdylla bir ýagdaýa göz ýetirdi. Ýat illerde şeýle güne düşen bu iki iňlis bir-birine wepaly hem mylakatly. Ýöne, iňlisleriň zannynda bar bolsa-da ahmal, bular hemişe bir-birini ýaňsylap, igenişip ýörler. Abdylla muny ýaş iňlisiň eline Injili alyp, bir zatlary çyzyşdyrýan wagty arryk ýaşuly bilen ikiçäk galanynda-da, arryk ýaşulynyň oýunda utulyp, öz nobatynda eline Injili alan mahaly ýaş iňlis bilen türkçe söhbetdeş bolanynda-da duýupdy. Ýaşuly sowuk-sala hem resmi görünýärdi. Derwüş pisint ýaş iňlis bolsa, galmagalça, pitneçä meňzeýärdi. Olaryň özara gürrüňiniň onçakly alşyp gidibermeýändiginiň sebäbi şu bolmagy-da mümkin. Gartmaç iňlis demirýolçularyň eginbaşyna meňzeş mundirlidi, ýaş iňlis bolsa, jalbaryny hasap etmeseň, ýerlileriňki ýaly geýinipdir. Onuň kirlän ýektaýy we sary gaçan possuny bardy. Bularyň nahar iýenlerindäki hereketleri-de biri-biriniňkä düýbünden gabat gelmeýärdi. Ýaşuly iňlis süýtlaşy bir owurdyndan beýlekisine geçirip, çeýneýärdi, ýaşy bolsa gyzgyndygyna garamazdan, süýtlaşy çeýnemän diýen ýaly, howul-hara ýuwudýardy. Sessiz agşamlyk edinip bolansoňlar, boşan tabaklary aýryp, çaý içmäge oturdylar. “Bu ajy gök çaý uzak gije ýatyrmasa gerek” diýip, Abdylla oýlandy. Ýene-de bir hysyrdyly geçen günüň jemini jemleýän deý, her kim ünjüli dem alyp, öz ýanyndan hyýala çümdi. Çaý içip bolansoňlar, iňlisler öz aralarynda uzak wagtlap nämäniňdir maslahatyny etdiler. Abdylla oturan ýerinde oňaýsyz ýagdaýda galdy. Ýerinden tursa, bularyň söhbeti bozuljak ýalydy, ýüzlerine seredip oturmagy bolsa, biedeplik saýdy. Birazdan ýaş iňlis türkçeläp, Abdylla ýüzlendi: – Eger ýasawulbaşy bilen gepleşip, seni bu ýerden boşatdyrsak, biziň diýen ýerimize, meselem, Ýusup uzyn diýen adama hatymyzy eltip bilermiň? Abdylla onuň gepine dogry düşünmedim diýen manyda ýaşuly iňlisiň ýüzüne garady. Ýöne o-da ýoldaşynyň gürrüňini parsça sözme-söz gaýtalady. Abdylla aljyrap, näme diýerini bilmedi. Aljyramaz ýalymy?! Birinjiden-ä, Abdylla henize çenli beýle ýagdaýa düşüp görmändi. Näme, olar muny hat gatnadyp ýören ýeňil aýak oglandyr öýdýärmikäler? Abdyllanyň ulam bolsa, kiçem bolsa, özüne laýyk hormaty bolmaly dälmi? Onsoňam “tur-otur, kersen getire” öwrüläýer ýaly, bu Angliýanyň türmesi däl. Bu ýer Özbegistan, Abdyllanyň ata Watany! Özbegistanda Abdyllanyň özüne mynasyp mertebesi bar. Ýeri, bolýa, bular ulumsy hem gopbam iňlisler diýeli, ýöne “ýasawulbaşy bilen gepleşip göreli” diýmesi näme? Ýasawulbaşy diýýäni milisiýanyň naçalnigi bolmaly. Bular şäher milisiýasynyň başlygy öz ellerindäki adamdyr öýdýärmikä? Eger şeýle bolsa, onda bu ikisi bärde näme işleýär? Gepleşip, haýsy-da bolsa biri Ýusup uzynyň ýanyna gitse bolmaýarmy? “Gepleşip, seni bu ýerden boşatdyrsak” diýdilermi? Bul-a birinji aprel degişmesine meňzeýär. Bu ýerde azatlyga çykmak barada gürrüň bolup bilermi? Trigulow aýtmyşlaýyn, öz-özünden bolýan zat ýok, bularyň barynyň aňyrsynda uly AHWAL ýatyr. Gepiň gysgasy, Abdylla bu geň teklibe näme jogap berjegini bilmän, uzak oýlandy. Iňlisler bolsa, meseläni gitdigiçe çynyrgatdy. – Gorkma! – diýip, ýaş iňlis aýtdy. – Iberjek hatymyzda üýtgeşik zat ýok, ölmezden öň Londondaky käbir adamlara beren wadamyz, karzymyz barada haýyş haty... Abdyllanyň kalbyna wehim aralaşdy. Bu zatlaryň hemmesi NKWD-niň gurup ýören oýny bolmasyn? Teatrdaky ýaly... Maýda Trigulow maýda oýun oýnaýan bolsa, onuň hojaýyny Apresýan ulurak oýna baş goşandyr! Jähennem, Abdylla bulara ynanyp, haty alypdyr diýeli, bu sülçülere çet ýurtlular bilen gatnaşyk saklap, içalylyk edipdir diýmäge tutaryk bolmazmy? – Ine, iberjek hatymyzy özüňem gör – diýip, ýaş iňlis ýoldaşynyň elindäki dört eplenen kagyzy alyp, Abdylla uzatdy. Abdylla iňlis dilinde ýazylan hata seredip: – Men muňa düşünmesem näme?! – diýdi. – Men sözme-söz düşündirerin – diýip, ýaş iňlis haty terjime edip başlady: – “Gadyrdan Jon!” – bu meniň agam – “ynha, 87 gün bäri biz eşiklerimizi-de çalşyryp bilmän, büredir bite ýal bolup, türmede ýatyrys. Türmäň içinde pul sowup bolmaýanlygy sebäpli ähli süýşüren pulumy we öz ömür strahowkamy hasaplap, onuň ähli bergilerimi üzmäge ýetjekdigine göz ýetirdim. Elliot Maknahtene meniň bergimi iber. Bu William, Elen we Frank Maknahtenleri kanagatlandyrsa gerek. Olara meniň adymdan taňryýalkasyn aýt. Eliza, Matilda we Emiliýa meniň salamymy ýetir. Gadyrdan Jon, seni nähili oňat görýändigimi aýtmasam-da, bilýänsiň. Londonda bir garry adam bardyr, ony hanym Orr we meniň Lidonhol köçesindäki kitap satýan dostum jenap Alen tanaýandyr. Men oňa tä ömrüniň ahyryna çenli her hepdede ýarym funt pul bermegi niýet edinipdim. Häzire çenli men oňa bir ýylda bermeli pulumy görkezilen hasapda iberdim. Mundan hanym Orr habarlydyr. Eger men bu ýerde ölsem, maşgalamyzyň hasabyndan şu haýyr-sogap işini dowam edersiňiz diýip umyt edýän. Ol şeýle haýyr-sogaba laýyk adamdyr. Hanym Orra hem meniň salamymy ýetir. Häzir hemmesiniň ady ýadyma düşenok, ýöne köpsanly dostlaryma meniň adymdan salam aýt...” Şu ýere ýetende ýaş iňlisiň hykga damagy doldy. Abdylla ýuwaşlyk bilen haty onuň elinden aldy, edil öňküsi ýaly dört epläp, jübüsine saldy. Ýaşuly iňlis ýoldaşynyň ýanyna geldi-de, arkasyna kakyp, ony köşeşdirdi. Gyzyl sakgal ýaş iňlis ýerinden turdy. Çäýnegi alyp, galan çaý bilen ýektaýynyň etegini ölledi, ýaşuly iňlisiň mundirini egninden çykaryp, onuň tenine düşen ýaralaryny ýektaýynyň etegi bilen süpürdi. Soňra gözleri ýaşa dolan bu iki iňlis burça geçip dyzyna çökdüler, hristian dogalaryny sesli okamaga durdular: “Arşy agladaky Atamyz, Adyň mukaddes bolsun, patyşalygyň gelsin, erk-ygtyýaryň ýeri we asmany doldursyn. Gündelik rysgymyzy ber, karzymyzy öt, misli biziň karzdarlarymyzy geçirişimiz ýaly. Waswasylyga duçar etme, şeýtanyň şerinden sakla, çünki mülk Seniňkidir... Amin!” Abdylla bolsa, beýleki burça geçdi. Egnindäki donuny çykaryp, sypalyň üstüne ýazdy, kaza eden namazlaryny okamaga başlady: “Bismillahy er-Rahman er-Rahim, alhamdilullahi... Mähriban we rehimli Allanyň ady bilen, barça öwgüler älemleriň Rebbinedir. Ol Rahman we Rahymdyr. Ahyret gününiň eýesidir. Saňa ybadat ederis, Senden ýardam diläris. Bizi dogry ýola gönder. Öz nygmat berenleriň ýoluna, gazaba duçar bolanlaryň däl, azaşanlaryň däl... Ämin!” Garaňky gatlyşan çagy bu dogalar bire-birine goşulyşyp gitdi. | |
|
√ Dirilik suwy -8: romanyň dowamy - 03.05.2024 |
√ Gala -7: Oýlanma pursady - 16.02.2024 |
√ Köne mülk -10: romanyň dowamy - 18.06.2024 |
√ Duman daganda: Satylmaýan, satyn alynmaýan zat ýok - 28.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -9: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -10: romanyň dowamy - 16.07.2024 |
√ Bäşgyzyl -7: romanyň dowamy - 16.09.2024 |
√ Köne mülk -8: romanyň dowamy - 16.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -18: romanyň dowamy - 28.10.2024 |
√ Duman daganda: Buzlar jaýrylyp başlaýar - 21.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |