09:01 Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -8: romanyň dowamy | |
*** Günorta nahary wagty Sadyk juda bitakat boldy. Ol yrymçyl adamyň ýanyna baryp, bir zatlar pyşyrdady-da, nahara barýan kişi bolup, gapa ýöneldi. Baryp, burçda diwara söýelgi duran sübseleriň birini ýerde ýatyryp goýdy. Ikinjisine elini uzadan wagty nahar paýlaýan esgerleriň biri hemleli ses bilen onuň üstüne gygyrdy. Sadyk sandyraklap, elindäki kelem çorbasyny onuň-munuň düşegine dökan-saçan edip, yzyndan olaryň sögünjini eşidip, öz ýerine dolandy. Abdylla: “Ownuk-uşak yrymlara ynanyp ýörmegiň geregi ýok” diýen manyda Sadyga çiňerilip seretdi. Sadyk bolsa, naharyň duzuny-da datman, doňdurylan ýaly, gymyldysyz otyrdy. Onuň tabagyny hem naharçy esgere Abdyllanyň özi tabşyrdy. – Nahardan nähak ýüz sowýaň... Bu gezeg-ä kelemleri oňat ekeni – diýip, Abdylla onuň ünsüni sowmaga çalyşdy. Emma Sadyk ýagşydan-ýamandan sesini çykarmady. Onuň gussasy basym Abdylla hem geçdi. Eýse, Rafaili boşadyp goýbermek üçin alyp giden däldirler-ä! Nädip boşatsynlar? Şu tutha-tutluk başlaly bäri kimdir biriniň boşadylanyny eşiden ýok. Abdyllanyň mugallymy Gulam Zafari tussag edilensoň, dereksiz ýitdi. Rafaili bolsa goş-golamy bilen äkitdiler. Eger Sibire sürgün etjek bolsalar, kazyýet işi geçirilmeli. Aýdyşlaryna görä, häzir kazyýet işi geçirilmän, meseläni “üçlük” diýýänleri çözýärmiş. Biçäre tatar ýigit şo “üçlügiň” öňünde otyrmyka? Abdylla üçinem şolar ýaly derňewsiz-zatsyz höküm çykaraýarlarmyka? Ynha, indi on gündür, ony ne sülçi çagyrýar, ne-de kazy... Öz ýurdunda Ştoddartyň güni başyna geldi... Mübäregiň gürrüň beren wakalaryny professor Zasypkiniň hekaýaty bilen deňeşdirip görmek gerek. Dogrudan-da, ruslar Ştoddarty alyp gitmekçi bolupdyrlarmy? Professor bu barada bilýärmikä? Bu wakalar Witkewiçiň döwründen birneme soňrak bolan. Onsoň bu ýagdaýlary kyssada neneňsi ulansa bolar? Aslynda bular gereklimi özi? Kyssasy dagynyk bolmazmy? Eseriň baş gahrymany Aýhanpaşşa! Abdusamada, Witkewiçe we Ştoddarta gyzygyp, Aýhanpaşşany unutmaly däl... Abdylla o barada ýazan sahnalaryny birme-bir hakydasyna saldy. Bir ýagdaýa gaýtadan nazar aýlamaly. Mahlar aýym bilen Aýhanpaşşanyň özara gatnaşygy barada ýene bir öwre oýlanmaly. Abdylla ol ikisini emir Omar hanyň aýallary hökmünde ýeterlik suratlandyrypdy. Ýöne emiriň ölüminden soň Aýhanpaşşa köşkden çykyp gitmek pikirinde bolupdyr ahyryn. Nä sebäbe görä 15-16 ýaşly Mädaly hanyň enesi Mahlar aýym oňa goldaw bermändir? Ýogsa, şol wagt häkimlik Mädaly hanyň däl-de, onuň enesi Mahlar aýymyň elinde. Onda nämüçin enesiniň diýeninden çykyp bilmeýän bu ýetginjek kepderilerini uçuryp oýnamagyň ýerine öweý eneleri Aýhanpaşşa bilen Zübeýda ikisine süýkenýär? Mahlar aýym bir gezek: “Piş!” diýse, bu ogry pişik öz akylyna aýlanmazmy? Abdyllany, ine, şu ýagdaý köseýärdi. Zenan dünýäsine düşünmek gaty çetin iş. Rahbar bilen maslahatlaşaýyn diýse, o-da muny öz gahrymanlaryndan gabanyp, bolmajysy bolýar... Ýogsa-da, bu zatlar Mahlar aýymyň islegi bolsa näbilýäň? Gözel görk-görkmegime aňk bolup, haýran galyp, Göriplikden müň gowga turuzdy çarhy pelek... Müň gowgany çarhy pelek däl-de, kalbyndaky gabanjaňlyk döreden bolsa näbilýäň?! Muhammet Şarifiň ölümi baradaky şum habar ahyry Aýhanpaşşanyň gulagyna ýetdi. Mundan biraz wagt öň atasy seýit Gazy hojany Omar han tarapyndan berlen mertebeli wezipesinden boşadypdylar. Indi bazarlara we terezilere başga adamlar seredýärdi. Bu urga çydamadyk atasy düşege baglandy. Ýöne betbagtlygyň ulusy entek öňde eken. Bir gün ikindi namazyndan soň haremhananyň çorularynyň biri Aýhanpaşşanyň ýanyna geldi-de: “Şaýyňyzy tutuň! Han hezretleri size ataňyzy görüp gelmäge ejaza berdi. Ulag taýyn, atlanyň!” diýip habar berdi. Aýhanpaşşa bezenip-beslenip oturman, eline bürenjegini alyp, derhal ataraba mündi. Bürenjegini kejebäniň içine taşlady-da, arabakeşe: “Atamyňka sür!” diýip buýurdy. Atlar pyşgyryp, ýola düşdi. Derwezä golaýlanlarynda daşardaky meýdançadan gowurdy eşidildi. “Gyssansaň bir zat tapylar. Derweze bir açykmyka?” diýip, Aýhanpaşşa ünjä gitdi. Derweze açylyp, ataraba daşaryk çykdy. Dogrudanam, meýdança adam bary üýşüpdir, gowur-galmagal dik asmana galýar. “Han halky palaw bilen hezzetlejekmikä? – diýip, Aýhanpaşşa oýlandy. – Ýa darbazçylaň oýny barmyka? Onda näme kernaýdyr nagaraň sesi eşidilenok?” Aýhanpaşşa ýuwaşlyk bilen çep tarapyndaky perdäni göterip, daşaryk garady. Gazaba münen adamlaryň toplumy bilen uly daş üýşmegini görüp, ýüregi jigläp gitdi. “Kimem bolsa birini daşlap öldürmekçi bolýarlar... Meniň köşkden çykan wagtyma gabat geläýmelimi diýsene... Kimkä ol bedibagt?” diýip içini gepletdi. Seretmän gidiberse-de boljak, öz derdi özüne ýetik. Ýöne zenan ýüregi dözümsiz bolýar. Aýhanpaşşa uzak çydam edip bilmedi, sag tarapyndaky perdäni göterdi. Meýdançanyň ortasynda ak ýektaýy gyrmyzy gana boýalan, el-aýagy daňylgy, başy ýalaňaç ýigit dyzyna çöküp otyr. Aýhanpaşşanyň ýüregi ýene jigledi. Atlar tekiz ýola düşüp, öňürdiklediler, arabanyň tizligi artdy. “Bu ýigit kimkä? Günäsi nämekä?” Araba meýdançanyň ortasynda dyzyna çöküp oturan ýigide golaýlady. Aýhanpaşşanyň ýüreginiň gürsüldisi güýçlendi. Ol ýene perdäni göterip seretdi. Aşaklap barýan Günüň şöhlesi gözlerini gamaşdyrdy. Jezalandyrylýan ýaňky ýigit niredekä? Şol wagt adamlaryň gowur-galmagaly köpeldi. Daş zyňyp başlan bolsalar gerek, daşlaryň biri arabanyň arşyna degdi. Arabakeş ýigit alňasap, atlara gamçy urdy. Aýhanpaşşa gorkusyna perdäni gysymynda berk tutup otyrdy. Arabanyň tizliginiň artmagy bilen ýüpek perde öňküsindenem giň açyldy. Şonda Aýhanpaşşa meýdançanyň ortasynda gyrmyzy ganyny sarkdyryp, ýykylan ýigidiň seýit Kasymdygyny tanady. Tanady-da, çirkin sesi bilen gygyryp, huşundan gitdi... Şährihandan gelen uýalary iki aýlap ölmez-gülmez halda dilden-agyzdan galyp ýatan Aýhanpaşşanyň ýanyndan aýrylmady. Oňa çaga sereden ýaly seretdiler. Biraz bäri bakyşan ýaly etse-de, Aýhanpaşşa özüni jansyz, boş göwre kimin duýýardy. Dünýe gözüne dar görünýärdi. Üstüne ýag guýup, özüni otlamak hyýalyna mündi. Seýil bahanasy bilen çykyp, özüni Garaderýa oklamakçy boldy. Ýöne “Adam başy – daşdan gaty” diýleni. Alty aý diýlende ysmaz bolup ýatan atasy hakynda oýlanmaga başlady, entek çagalykdan saýlanmadyk jigilerine ýüregi awady. Gözüniň ýaşy bolsa, wagty bien kepemedi. Onuň ýazygy näme? *** Beterinden beteri bar. Soňky ýüz beren wakalar Aýhanpaşşanyň dünýesini lerzana getirdi. Onuň iň ýakyn jorasy kiçi günüsi Zübeýdady. Ikisi-de hoja gyzy bolany üçinmi, ýa uly günülerine bakna bolandyklary sebäplimi, olar bir-biriniňkä ýygy barardylar, sagatlap bile oturardylar. Mahlar aýymyň göçgünli şygyr agşamlaryny ýaňsa alardylar. Iç döküşerdiler, derdinişerdiler. Dogry, Aýhanpaşşa kiçi günüsiniň ýanynda seýit Kasym barada bir agyz hem agzamaýardy, o syry ýüreginiň çuň ýerinde gömüp goýupdy. Galan zatlar barada bolsa, ondan syr saklamazdy. Janyna jaý tapman ýören günleriniň birinde agşamlyk Aýhanpaşşa Zübeýdanyň ýanyna barmakçy boldy. Kiçi günüsiniň bosagasyndan ätläýmänkä ol içerden Mädaly hanyň sesini eşitdi. Bu ýerde-de han edil Aýhanpaşşanyň öýünde eden hereketlerini edýärdi. Zübeýda bolsa, gorkudan aljyrap, sesini çykarmaýardy. Bularyň üstüne gönümel girmäge Aýhanpaşşanyň bogny ysmady. Yzyna gideýin diýse-de, aýaklary ädilmedi. Şeýdip, tötänden diýen ýaly ol Mädaly hanyň pälazgynlygyna, Zübeýdanyň zorlanyşyna şaýat boldy. Yz ýany Aýhanpaşşa Zübeýda bilen gepleşip görmekçi boldy. Ýöne kiçi günüsi gorkusyna ýagşydan-ýamandan dil ýarmady. Bir gün gije bolsa, ol gözüne ýaş aýlap, Aýhanpaşşanyň bosagasyndan ätledi. Zar-zar aglap, ýüreginde jerhet baglan derdini dökdi. Pälazan hany näletläp, gargap durka bolsa, gapydan serhoş halda Mädaly han girdi. “Meniň syrymy açar ýaly, sen kim bolupsyň?” diýip, ol Aýhanpaşşanyň gözüniň öňünde Zübeýdany çapyp öldürdi... Bu wakadan soň ýene-de Aýhanpaşşanyň saglygy ýaramazlaşdy. Bu gezek bir aýlap düşeginden galman, uly günüsiniň ýanynda ýatdy. Oňa Mahlar aýymyň özi seretdi, derman-däri içirdi, yhlas baryny edip, aýak üstüne galdyrdy. “Ölüp gitsem, oňat bolardy, atam bilen jigilerimem bir aglap, goýardylar” diýip, Aýhanpaşşa eňredi... Biraz bäri bakyşansoňam onuň öz öýüne aýagy çekmedi. Mahlar aýym günüsiniň ýüregindäki gorkyny aňyp, oňa öz otaglarynyň birini berdi. Hyzmatyna Gülsümden başga-da çory goýdy. Aýhanpaşşanyň öňki öýüniň gapysy temmelendi. Zübeýdanyň gapysyny hem ýapmakçy bolanlarynda Mädaly han bir şeýtany işe ýüz urdy. Ol ymmata sygmajak pislikleriň baryndan beter iş hökmünde şo bada halkyň arasyna ýaýrady. Emir Omar hanyň Bahadyr hoja atly bir desterhançysy bardy. Onuň aýaly Mädaly hana göwsünden süýt berip ulaldypdy. Şonuň üçin ol desterhançynyň çagalary bilen emişen dogan hasaplanýardy we Bahadyr hoja – ata, onuň aýalyna bolsa – ene diýip ýüzlenýärdi. Owadanlykda, görmegeýlikde Bahadyr hojanyň aýalyna taý ýokdy. Ine, Mädaly han adamçylygy, şerigaty unudyp, ar-namysy basgylap, göwsünden süýt emdiren aýala öz hapa elini uzadyp, onuň bilen ýaşyryn aýşy-eşretde bolup ýören eken. Bu habar gulagyna ýeten güni Bahadyr hoja ile çykmagy namys bilip, mal-mülküni, öý-öwzaryny terk edip, Buhara göçüp gitdi. Ol giden dessine Mädaly han göwsünden süýt beren enesini öz aýaly hökmünde Zübeýdanyň öýüne saldy... Bu edenlerini hem az görýän ýaly, Mädaly han Hoşhal we Bibinar atly iki sany ýoldan çykan bozuk aýaly tapyp, olara çäksiz ygtyýar berdi. Ol ikisiniň islän adamsynyň öýüne girip, dulunda oturan boý gyzyny alyp gitmäge hukugy bardy. Eger gyzyň görk-görmegi göwünlerine ýarasa, ony zor bilen hanyň haremhanasyna getirdiler, ýaramasa, ene-atasyny gorkuzyp, pul töletdiler. Sähel wagtyň içinde ol ikisi şeýle bir pullandy, hatda Kokant emirliginiň iň bir barjamly adamlarynyň ömürboýy ýygnan baýlygy-da bularyňkyça bolmady. Bu işleriň baryna gözli şaýat bolup oturan Aýhanpaşşa bolsa, ýyrtyjy haýwanyň demine düşen towşanjyk ýaly gorkusyndan titreýärdi, ýüregi agzyndan çykaýjak bolýardy. Bir gün Mahlar aýym äri emir Omar hany hatyralap, uly şygyr agşamyny gurnady. Bu agşama köşgüň içinden, daşyndan şahyr bary çagyryldy. Hatda emir Omar hanyň ýakyn syrdaşy bolan buharaly möwlana Junaýdulla Hazyk hem geldi. Hemmeler Mahlar aýymyň tutumy bilen bezelen zala ýygnandy. Aýhanpaşşa-da salyhatly geýnip, günüsiniň göwni üçin şygyr agşamyna gatnaşdy. Mahlar aýym bu agşama bir geň täzelik girizdi: myhmanlar desterhanyň başynda, şol bir oturan ýerinde dyzyna çöküp oturmaly däl, aýlanyp, saçagyň üstünde goýlan ähli tagamlardan datmaly, şerbetdir meýlerden içmeli. Saçagyň üstünde bolsa, ýok zat ýok. Gowrulan bedene, tamdyr somsasy, manty, kebap... Sakylar meý hödür edýär, desterhançy gyzlar Eýrandan getirilen bulgurlara şerbet guýup berýär. Bagşy-sazandalar şirin mukamlary çalyp berýärler, ýakymly owaz bilen aýdym aýdýarlar. Şygyr agşamyny möwlana Hazyk açyp berdi: Ýazyldy desterhan, açyldy göwün, Dürli-dürli tagam çekildi bu gün. Çeniňden, çakyňdan zyýat hezzeti, Kalba joşgun berýär toýuň lezzeti. Ýa sabyr-kanagat tükenip ýörmi, Arzuwa-islege gutarma barmy?! Ýagly-ýüzli, süýji tagamlar iýip, Turşurak bir zada edýärsiň meýil... Aýhanpaşşa uzak oturmady, göwni turşumtyk bir zatlar küýsedi-de, ýuwaşlyk bilen öz otagyna gaýtdy. Dabara gyzyşyp, aýdym-sazyň sesi onuň otagyna durman gelýärdi. Ol gözläp-gözläp, ahyry bir käse gatyk tapyp içdi. Kenizleriň hemmesi zaldady. Aýhanpaşşa bolsa, oýa çümüp ýalňyz özi otyrdy. Birdenkä penjireden kimdir biriniň kölegesi göründi-de, Aýhanpaşşanyň bikarar ýüregine ot düşdi. – Gülsüm! – diýip, ol gorkuly ses bilen gygyrdy. O barmana gapy açylyp, şerapdan mes bolan Mädaly han içeri girdi. Penjiräniň aňyrsynda gizlenipdir nigärim, Gijelerne meý içýär ol, gündiz humarym dogrusy... – Bu beýdi saňa düzdüm, janym. Nähili bolupdyr? – diýip, ol öweý enesine ýakynlaşyp başlady. Aýhanpaşşa gygyryp, garşylyk görkezmekçi boldy. Ýöne ýyrtyjy derrende adyny alan Omar hanyň bu dogmasy wagşylykda atasyndan ozdurdy. Ol Aýhanpaşşany urup, ýenjip, depgiläp, basgylap, süýräp, gynap zorlady... Aýhanpaşşa bokurdagynda doňup galan dady-perýadyny dile getirip bilmän, öler halda ýatyrdy. Ol ýigrenji mahluk bolsa: – Ataň ady Gazy-da*, sen ondanam ozduran... – diýip, ýene şygyr agşamyna çykyp gitdi. *** Abdylla Rafail baradaky gussaly pikirleriniň arasyny üzdi-de, professor Zasypkiniň ýanyna bardy. Alym oý-hyýala gark bolup oturyşyna, Abdyllanyň özüne tarap gelýänini görüp, “Biraz garaş” diýen manyda yşarat etdi. Sähelçe salymdan Abdylla garap: – Beýnimiň boş işlemezligi üçin öz-özüm bilen ýatdan küşt oýnaýan – diýdi. Abdylla öz ýanyndan: “Beýtmek mümkinmi özi?” diýip, haýran galyp durka, onuň pikirini ýüzünden okan ýaly Zasypkin: – Saňa-da şeýdip aňyňy türgenleşdirmegi maslahat berýän – diýdi. – Meniň sizden sorajak bolýan zadym... – diýip, Abdylla esasy maksadyna geçdi. – Ruslar hakykatdan hem polkownik Ştoddarty halas etjek bolupdyrlarmy? – O barada men üzlem-saplamrak bilýän – diýip, professor özbekçeläp başlady. Abdylla oňa ýüzlenip, rus dilinde: – Näme bilýän bolsaňyz, aýdyberiň, bary meň üçin derwaýys – diýdi. – Meniň bilşime görä – diýip, Zasypkin öz ene dilinde dowam etdi. – 1840-njy ýylda Buharadan Sankt-Peterburga Mukym bek diýen ilçi iberilýär. Sankt-Peterburgda ony patyşa Aleksandr ikinji kabul edýär. Oňa Buhara emirine gowşurylmaly ynanç haty berýärler. Ynanç hatynda Russiýa bilen Buhara emirliginiň arasyndaky gatnaşyklar mahabatlandyrylyp, Rus patyşasynyň Buharadaky ilçisi hökmünde podpolkownik Butenowyň iberilýändigi ýazylypdyr. Emiriň haýyşyna görä, Butenowyň ýanyna magdan işlerinden başy çykýan adamyň hem goşulýandygyny habar beripdirler. Mundan başga-da Russiýanyň wise-kansleri Buhara emiriniň wezirine nama ýollapdyr. Bu namada Aleksandr ikinjiniň ynanç hatyny giňişleýin, jikme-jik düşündirip, ilçi Butenow barada alada etmeklerini, islendik wagt öz ýurduna gaýtmaga oňa ýardam bermeklerini towakga edipdirler. Şu namada polkownik Ştoddartyň ady “Stadert” görnüşde agzalypdyr. O barada wise-kansler şeýle ýazypdyr: “Mälim bolşuna görä, emir hezretleri ilçi bilen birlikde iňlis Stedarty hem bu ýere ibermekçi bolupdyr. Ýöne hywalylaryň hüjüminden ätiýaç edip, bu niýetinden dänipdir. Russiýa bilen Britaniýanyň arasyndaky umumy geleşige laýyklykda bu pikir biz üçin örän gymmatlydyr. Ozalky howatyrlaryň aradan aýrylandygy sebäpli emir hezretleriniň niýeti indi amala aşar diýen umydymyz bar. Ady agzalan iňlisi bize ýetirmek üçin iň oňaýly ýol onuň kerwen bilen Orenburga eltilmegidir. O ýerde işiň abyny-tabyny oňat bilýän harby häkim zerur çäreleri görer”. Men bu sözleri ýatdan bilemok, ýöne esasy mazmun şeýleräk. Mübäregiň hekaýatynyň dogrudygyna Abdyllanyň gözi ýetdi. Zasypkin gürrüňiniň arasyny bölüp, özbek dilinde Abdyllanyň gulagyna pyşyrdady: – Özüňi gyzykdyrýan sowallary nämüçin molla Kosoniden soraňok? Ol ajaýyp taryhçy! Şeý diýip, professor yşarat edip irdenki yrymçyl adamy görkezdi. – Elbetde, elbetde – diýip, Abdylla ylalaşdy. – Ýöne men ony tanamok-da... – Ýör, men seni tanyşdyraýyn. Professor başy tahýaly, gür gaşly, ulu burunly ýaşulynyň ýanyna baryp: – Molla Kosoniý, rugsat berseňiz sizi ýazyjy, ýoldaş Kadyry bilen tanyş etmekçi! – diýdi. Öz oýlary bilen gümra bolup oturan molla gür gaşlaryny göterip, Abdylla tarap bir nazar aýlady-da: – Adyň näme? – diýip sorady. – Kadyry... Abdylla Kadyry – diýip, Abdylla çekinibräk özüni tanyşdyrdy. – Ýazyjy Kadyrymy? Eşidipdim – diýip, molla Kosoniý biperwaý äheňde dillendi. – Men täzeleri okamok, diňe köne haty bilýän. Professor Zasypkin gürrüňe goşuldy. – Ýoldaş Kadyry 19-njy asyryň wakalary hakynda kitap ýazýar. Muhammet Aly han, Nasrulla han barada. Men pikir edýän, siz oňat söhbetdeş bolarsyňyz... Siz gepleşiberiň, menem küşdümi gutaraýyn – diýip, ol öz ýerine dolandy. – Kokant hanlygy bilen Buhara emirligi diýýäňmi? Abdylla emir leşgeriň “Sigori taryhy” bar, “Kokant şäheriniň buýsançly taryhynyň beýany” diýen kitap bar, “Gazynyň diwany” bar, Hekim han töräniň “Kämil taryh” atly ajaýyp kitaby bar, Nyýaz Muhammet Kokandynyň Kazanda daşbasma usulynda çykan “Şahruhyň taryhy” diýen kitaby bolmaly, Täjiriň “Ajaýyp söweşiji” eseri bar, Abdulkerim Namanganynyň “Omarnamasy” bar, Abu Ubaýdulla Muhammediň “Taryhy wakalaryň gysgaça beýany” diýen kitaby bar, Ymamaly Kunduzynyň “Şygryýetiň taryhy” kitaby bar, Ishakhan Ibratyň “Fergananyň taryhy” kitaby bar... Molla Kosoniý sanaýan kitapdyr çeşmelerinden Abdyllanyň başy aýlanyp gitdi. Molla muny aňan ýaly, bir pursat sözüne dyngy berip, gürrüňdeşine ýiti nazar aýlady-da: – Kitap köp, ömür az – diýdi. Abdylla osmakladyp: – Mübäregiň gürrüň beren hekaýatyny eşiden bolsaňyz gerek? – diýip sorady. Molla gulagyny Abdyllanyň agzyna tutup: – Gatyrak geplemeseň eşidemok, gulagym agyr – diýdi. – Mübäregiň aýdan hekaýatyny eşitdiňizmi? – diýip, Abdylla gaty ses bilen gaýtalap sorady. – Ýok, nähili hekaýat ol? – Emir Nasrulla hanyň köşgüne iňlisler gelipdir... Molla Kosoniý onuň sözüni böldi: – O diýýän gök göz iňlisleriň ýeke bir Nasrulla hanyňka däl, Kokanda Mädaly hanyň ýanyna-da, Hywa hany Muhammetrahym hanyň huzuryna hem barypdyrlar. Diňe iňlislerem däl, ýalmawuz açan ruslaram barypdyr. – Ruslar iňlis ilçisi Ştoddarty Buharadan alyp gitmekçi bolupdyrlar diýýärler – diýip, Abdylla gürrüňi öz maksadyna syrykdyrdy. – Ilçi diýilse-de, ol barypýatan içaly bolan. Nasrulla han onuň kimdigini derrew tanapdyr. Iki öwre zyndana taşlapdyr. Ruslaryň Butenew diýen ilçisini iberip, iňlis içalysyny äkitmekçi bolandyklary çyn. Şo wagtlar emiriň merhemet etmegi bilen onuň elinden alnan zatlary hem özüne gaýtarylyp berilýär. Nasrulla hanyň Kokanda ýöriş etmäge taýynlyk görüp ýören döwri, bu entek başga gürrüň, ana, şo döwür iňlis içalysy rus ilçihanasynda ýaşan. Dogry, emiriň weziri ony öz garamagynda saklajak bolupdyr. Ýöne Ştoddart: “Hudaýyň haky üçin meni weziriň eline bermäň, o meni öldürer” diýip, ruslara ýalbarypdyr. Şonda ruslar onuň ýanyna öz dilmaçlaryny goşup, köşge, weziriň huzuryna iberipdirler. Dilmaja bolsa: “Iňlisi alman, yzyňa dolanaýma!” diýip tabşyrypdyrlar. Wezir içalyny alyp galjak bolup, elinden gelenini edipdir. Ýöne dilmaç: “Ýok, muny goýup, yzyma gidip bilmerin!” diýip, ýapyşyp ýatansoň, wezir bialaç ylalaşmaly bolupdyr... Mollanyň “Kosoniý” adyndan çen tutsaň, ol kasansaýly bolmaly. Ýöne dili andijanlylaryňka çalym edýär. “Ähtimal, Andijanda bilim alan bolsa gerek” diýip, Abdylla öz ýanyndan oýlandy. Molla bolsa, gürrüňini gutardym edip, “Sorajak zadyň barmy?” diýýän garaýyş bilen Abdylla seretdi. Soňundan: – Namaz wagty boldy öýdýän. Ikindini okaýyn. Namazdan habarlymyň ýa täzelerdenmi? – diýip sorady. – Allaha şükür! Okaýan... – Jemagat bilen-ä okar ýaly däl, onda-da biz sypdyrmaly! Alla keremdir! Hernä geçirewersin! – diýip, molla oňa ýanyndan ýer görkezdi. Abdylla onuň görkezen ýerinde çöküne düşüp oturdy. *** Ilçilikde her hili adam gabat gelýär. Özbegiň iň ökde ýazyjy bolsaňam, seni tanamaýanlar, tanasalar-da, hiç hili pitiwa bermeýän göwnübir adamlar bolýar. Şeýle adamlara duşaňda nämüçindir ilki bilen özüň oňa lak atyp, ýaramsaklyk edip başlaýaň. Abdylla, ine, şeýle ahwala düşdi. Ýaşy kyrkdan aganam bolsa, molla Kosoniniň ýanynda özüni onuň talyp şägirdi, has dogrusy, çaga ýaly duýýardy. Şol duýgynyň täsiri astynda namazy okap gutaranlaryndan soňam esli salym näme sorajagyny bilmän, çekinip oturdy. Molla Kosoniý namazdan soňky dogasyny okap boldy-da, Abdylla garap: – Alla kabul etsin! – diýdi. – Kabul bolsun! – diýip, Abdylla hem onuň dilegine goşuldy. – Bu ýere nähili günä bilen düşdüň? – diýip, molla gyzyklandy. – Bilmedim. Entek aýdanoklar. Ýazyjylygym üçin bolsa gerek – diýip, Abdylla molanyň özüne ýüzlendi. – Siziň günäňiz näme? – Hüjre açyp, çagalara köneden sapak berýärdim. Mekdepde köneden hiç zat okatmasalar näme... onsuz dilimiz, taryhymyz neneňsi bolar?! – Dogry, dilimizi, medeniýetimizi ýatdan çykarmaly däl. Ýöne geçmiş taryhymyzyň kä ýerlerini unutsak, gowy bolmazmy? – diýip, Abdylla özi bilmezden jedele girip başlady. – Senem jeditçilerden öýdýän. Senden öň bärde Fitrat diýip biri oturdy. Onuň bilen şu meselede sesimiz gyrylýança jedel edişerdik. Ol özüniň “Pereňli bilen buharalynyň çekişmesi” diýen kitaby bilen öwünerdi. Alym adam, ýöne biraz gyzmarak ekeni. Bu jedeli goýaly, sen bir düzüw musulmana meňzeýäň... – Bolýa – diýip, Abdylla uludan dem aldy. “Jedel hakykaty ýüze çykarýar” diýilýänem bolsa, çekişmelerde kellagyry bilen kitüwden başga döreýän zat ýok. Abdylla muňa Ýazyjylar Soýuzynda edilýän jedeller arkaly göz ýetiripdi. – Iň gowusy, taryhdan söhbet edeli – diýip, molla Kosoniý teklip etdi. Abdylla gürrüňi başgarak ugra sowmaga çalyşdy: – Professor Zasypkini görüp, küşdüň taryhyna gyzygym artdy. Köne kitaplarda küşde degişli gyzyklyja hekaýatlar duşmadymy? Molla Kosoniý bir pursat oýa çümüp: – Bir ajaýyp kyssa bar, “Müň bir gijäni” ýadyňa salýar – diýdi. Gözlerini gür gaşlarynyň astynda gizläp, gürrüňe başlady: – “Kämil taryh” diýen kitaby ýazan Muhammet Hekim hany Kokant patyşasy Muhammet Alyhan ýurtdan çykaryp kowupdyr. Ol ilki Orsýete, soňam Mekgä haja gidipdir. Onuň syýahaty Sindbad deňizçiniň syýahatyndan gyzykly bolmasa, kem däl. Gyş gijeleri uzak bolýar, isleseň, şo barada gürrüň bereýin. Ýöne başdan başlaly. Zyýarat edip, haç parzyny bitirensoň, ol Müsüre barypdyr. Kairdaky “Perizathana” diýilýän ýerde hatdatlyk sungatyny öwrenmäge başlapdyr. Bir gün Müsür şasy Muhammedaly Mawerannahr ýaly ady äleme ýaýran ülkeden gelen bu adamy huzuryna çagyrypdyr, dört sagatlap onuň bilen söhbet edipdir. Müsür köşgünde Hekim hanyň Mahir ependi diýen dosty bar ekeni. Günlerde bir gün şol Mahir ependi perişan halda Hekim hanyň ýanyna gelip: – Men agyr derde uçradym, başyma müşgil iş düşdi. Maňa seniň maslahatyň gerek – diýipdir. – Derdiňi aýt! Aýry derdiň bolmaz, bile çekeris! – diýip, Hekim han jogap beripdir. – Aýtsam, Muhammedaly şanyň Hurlika diýen serwi kamatly bir gyzy bar, ony görmäge göz gerek, taryp etmäge söz! Ana, şo Hurlika Daftardor ependi diýen döw ýaly betnyşan mahluga adaglanypdyr. Patyşamyz Niliň kenarynda bu gyz üçin ýeriň ýüzünde deňi-taýy bolmadyk köşk gurdurdy. Şa melike dört ýüz sany aý ýüzli, anbar saçly kenizi bilen şo köşkde ýaşaýar. Bir gün patyşanyň işleri bilen şo ýere barmaly boldum. Şonda melike meni görüp, gaýybana aşyk bolupdyr. Ol meniň bilen görüşmekçidigi barada hat ýazyp, hyzmatkärinden ugradypdyr. Ine, şular ýaly çykgynsyz günde galdym. Näme etjegimi bilýän däldirin. Hekim han esli salym oýlanyp oturansoň: – Duz iýen ýeriňe tüýkürip bolmaz. Ham-hyýala gitme, dost! – diýip maslahat beripdir. Mahir ependi “bolýar” diýip, öýüne gaýdypdyr. Birnäçe günden soň Mahir ependiniň hyzmatkäri Hekim hanyň ýanyna gelip: – Hojaýynym size gelsin diýýär, tizräk atlanyň! – diýipdir. Hekim han Mahir ependiniň öýüne barsa, ol ýene gussaly pikirlere gark bolup oturan eken. – Men seniň pendiňi şunça tutjak bolýan welin, o kesir melike halys günüme goýanok. Soňky günlerde ol meniň ýanyma ýedi adamy iberdi – diýip, ol zeýrenipdir. Edil şol wagt bularyň üstüne bir hilegär kempir gelip giripdir. – Meni seň ýanyňa melikämiz iberdi. Bu kim? – diýip, kempir Mahir ependiden Hekim hany sorapdyr. – Bu meniň eziz dostum, doganym. Ondan gizlin syrym ýok – diýip, Mahir ependi jogap beripdir. Kempir gözlerini ýyldyradyp, şeýle diýipdir: – Seniň aýdanlaryňy melikämize ýetirdim. Ýöne melikämiz: “Ynsan yşky duzaga düşüp ýören guş däl, köňül bolsa, öňüne bent galdyryp saklar ýaly sil suwy däl. Eger atam öldürer öýdüp gorkýan bolsa, bilip goýsun, şu gün ýanyma gelmese, ony özüm ölüme buýraryn!” diýdi. Gör-dä, şu gün agşam barmasaň, dat günüňe, waý halyňa! Mahir ependi bilen Hekim han başlaryny tutup, gaýga gidipdirler. Ahyry Hekim han: – Ärsirän melikä boýun bolmasaň, başga çäre ýok! – diýip maslahat beripdir. Muny eşidip, şumroý kempir çapak çalypdyr. Mahir ependi Hekim hana ýüzlenip: – Bolýa, men baraýyn, ýöne bir şertim bar, ýanym bilen senem gidersiň – diýipdir. Ol şunça buýtar-suýtar etse-de, Mahir ependi şertinden dänmändir. Agşam kempir bulary melikäniň köşgüne golaý ýerdäki öz öýüne alyp barypdyr. “Häzir sakçylardyr derwezebanlar oýa. Sen sandyga gir! Melikäniň bu günki toý-dabarasyna gatnaşmak üçin şundan başga ýol ýok” diýip, ol bir sandygy görkezipdir. Mahir ependi titräp-galdyrap, sandyga giripdir. Kempir bolsa sandygyň agzyna gulp urup, köşgüň dört sany hyzmatkärini çagyrypdyr. – Ine, şu täjir melikämiz üçin Pereňistandan täze matalary getiripdir, sandygy göteriň, melikämiz matalary görmekçi – diýip buýrupdyr. Özi-de Hekim han bilen olaryň yzyna düşüp, köşge giripdir. Hakykatdan hem köşk deňsiz-taýsyz owadan ekeni. Mermerden ýasalan krokodilleriň, şirleriň agzyndan atylyp çykýan suw çüwdürimleri, göm-gök howuzlar, mermer basgançaklar hem diwarlar... Melikäniň oturýan zalyna köşgüň täji diýse bolar. Köşk täjiniň göwher gaşy, elbetde, Gün kimin şöhle saçyp duran melikäniň özi! Kyrk sany gözel keniz bolsa, parlak ýyldyzlar deý onuň daşynda pyr-pyr pyrlanyp ýör. Sandygy getirip, melikäniň öňünde açypdyrlar. Onuň içindän şa gyzynyň arzymany böküp çykypdyr. Melike ony gujaklap, tagtyň sag tarapyndaky ýumşak kürsüde oturdypdyr. Hekim hana üç gez aşakdan ýer görkezipdir. Melike Mahir ependi bilen söhbete başlapdyr. Ýöne olaryň gürrüňi alyşyp gidibermändir. Çünki şa gyzy üçin ýigidiň içki dünýäsi asla gyzykly bolmandyr. Ol Mahir ependiniň boý-syratyna, görk-görmegine bendiwan eken. Hekim han muny derrew aňypdyr. Melike bolsa, aýdymçy-sazandalary, tansçylary orta çagyrypdyr. Şondan soň şeýle bir bezm başlanypdyr, Hekim han beýle şagalaňy hatda Kokant köşgünde-de görmändir. Aýdym-saz diňläp, dürli tagamlar iýlensoň, melike bälçiklik bilen Hekim hana garap: – Indi täjirden habar alalyň! Ony haýsy şemal nireden bu ýere alyp geldikä? – diýip sorady. Hekim han başdan geçirenlerini Sindbad deňizçiniň syýahatlary ýaly gyzykly hem täsirli edip gürrüň beripdir. Onuň başdan geçirenini hezil edip diňlän melike: – Şährizada samarkantly bolan, senem şol ülkäniň bilbilgöýäsi ekeniň-dä – diýip Hekim hany öwüpdir. Ondan soň şa gyzy: – Sen sadranç, nardy oýunlaryny bilýäňmi? – diýip sorapdyr. Hekim han: – Elbetde, bilýän. Ol oýunlardan gowy baş çykarýan – diýipdir. Hakykatdan hem ol “Nepis senetler” diýen kitapdan sadranç oýnuna degişli ençeme tilsimleri, tärleri öwrenipdir. Melikäniň Filhal atly gowy görýän bir kenizi bar eken. Ol keniz sadranç oýnunda hiç wagt hiç kimden utulmandyr. “Ilki meniň şu kenizim bilen oýnarsyň!” diýip, melike buýrupdyr. Başky iki döwüň ikisinde-de Hekim han kenizi mat goýupdyr. Üçünji oýunda keniz üç ýola hileli göçümler edipdir, ýöne barybir utulypdyr. Şonda Hekim han, ine, şu beýdi aýdypdyr: Perzi al-hile bilen şaha golaý oturdy, Biçäre ruh bialaç söweşde gurban boldy... *** Abdylla sabryny elden berip: – Bu kyssaň soňy näme bilen gutarypdyr? – diýip sorady. – Toslamanyň soňy näme bolsun? Bularyň syry patyşa aýan bolansoň, Mahir ependi Sudana, Hekim han bolsa Türküstana gaçyp gidenmiş... Mollanyň toslama diýenine geňirgenip, Abdylla: – Siz bu hekaýata ynanmadyňyzmy? – diýip, sorady. – Bu kitabyň başga bir ýerinde şuňa meňzeş waka hakda ýazylypdyr. Has takygy, Hekim han bilen rus gubernatorynyň aýalynyň arasynda şolar ýaly waka bolupdyr. Özbekleriň özi ýalançyrak halk-da – diýip, molla elini salgady. – Gürrüňe güýmenip, namaz wagtyny geçiräýmeli. Gel, gowusy, agşamy okaly. Günem ýerine giren bolsa gerek. Gyş günleri gysga bolýar... Olar öňküsi ýaly bile oturyp, agşam namazyny okadylar. Abdylla iňlisler barada soramagy ýüregine düwdi. – Siz: “Iňlisler diňe bir Buhara içaly ugradyp oňmandyrlar” diýdiňiz. Hywadyr Kokanda kimleri iberdilerkä? – Hywa kapitan Abbot iberilipdir. Ol özüne Abid diýen musulman adyny alypdyr. Bu barada Ogahi we Munis diýen şahyrlar ýazypdyrlar. Abid milady hasaby bilen 1840-njy ýylda Muhammetrahym hanyň huzuryna ilçi hökmünde barypdyr. Ol wezir bilen duşuşan çagy ähtiýalan Russiýadan tapawutlykda Britaniýanyň musulmanlara hoşniýetli garaýandygy barada köp gürrüňler edipdir. “Seredip görüň, Russiýa Türkiýe we Eýran bilen uruşdy, indi rus patyşasy siziň üstüňize hüjüm eder” diýip, Hywa hanyny gorkuzypdyr. Muhammetrahym han bu hilegäriň alyna düşüp, emir Nasrulla hana: “Polkownok Ştoddarty boşadyň” diýip, hat ýazypdyr. Ýok, Muhammetrahym han kapitan Abbotyň: “Eger-de Ştoddarty boşatmasalar, biz goşunymyzy Owganystandan Buhara garşy sürübem bileris” diýen haýbatyndan çekinmändir. Ol ruslaryň gelmeginden howatyrlanypdyr. Öz ilçisini Buhara iberipdir. Emir Nasrulla handan: “Hywanyň Ştoddarta etjek hezzet-hormatyny bärde biz artygy bilen edýäs. Ol biziň hormatly myhmanymyz” diýen manyda jogap gelipdir. Kapitan Abbotdan soň Hywa leýtenant Şekspir diýilýän adamy iberipdirler. Munuň hem Şeýh Safir ýa Şeýh Pir diýen ýaly hökman bir lakamy bolandyr – diýip, molla Kosoniý kinaýaly gülümsiredi. – O-da taryhda yz goýan adammy? – diýip, Abdylla gyzyklandy. – Ýogsa näme! Adam yz galdyrmak üçin ýaşaýar-da – diýip, molla dowam etdi. – Şekspirem hywalylara al salmak üçin elinden gelenini edipdir. Ol öz ýany bilen Gazy molla Muhammet Hüseýin diýen adamy Buhara alyp gitmekçi bolupdyr. Ýöne onuň niýeti başa barmandyr. Onsoň iňlisler özüniň Hanaly diýen içalysyny, asly ady Konolli bolmaly, Kokandyň üsti bilen Buhara ibermegi karar edýärler... Hekaýanyň iň gyzykly ýerinde gapy şakyrdap açyldy-da, agşam nahary getirildi. *** Agşam naharyndan soň ýene soraga çagyrmaga başladylar. Abdylla ýene-de öz adynyň tutularyna garaşyp başlady. Ýöne professor Zasypkin çagyryldy, molla Kosoniý we Abdyllanyň tanamaýan beýleki adamlarynyň birnäçesini alyp gitdiler, munuň welin adyny tutan bolmady. Abdylla başly-barat pikirlere gümra bolup oturdy. Kumlakly esger Sünnet ýadyna düşdi. “Ertir dagy gara berse gerek” diýip umyt etdi. Soň bu ýerde bolan gürrüňçilikleri birme-bir hyýalynda aýlady. Indi ýazylmaly kyssasy barada göwün ýüwürtdi. “Uly oýna” gatnaşan içalylaryň başdan geçirmelerini romanyň niresinde neneňsi beýan etmelidiginiň pikirini etdi. “Şo zatlar gerekmi beri?” diýip, oýa batdy. Yzyndan “Bolýa, soň belli bir karara gelerin” diýip, ýene Aýhanpaşşa baradaky hyýallara bendi boldy. Aýhanpaşşa zorlandy, basgylandy, aýak astyna düşdi. Işsiz galyp, yňňy-çyňňysy artan atasyndan şehit bolan seýit Kasymyň ölümine bir ýyl bolanyny hem Köne Nowkatda sadakasynyň berlenini eşitdi. Soň alabaharda özüniň hamyladygyny aňdy. Aglaýyn diýse, gözýaşy gutardy, özüni öldüreýin diýse, bireýýämden bäri janly jeset, gaçaýyn diýse, aýagy gandally. Ol özüni içgä urdy. “Gözüm garaňkyraýar” diýip, arpadan taýýarlanan, serhoş ediji içgini içdi, ýene bir zat diýip, çakyry başyna çekdi. Serine gelýän bulam-bujar pikirleri kowmak üçin köplenç kenizi Gülsüm bilen sadranç oýnady. Mahlar aýym günüsiniň goh-galmagalsyz takdyra ten berenini görüp haýran galdy. Ol Aýhanpaşşany manyly ýaşaýyşa dolamak üçin elinden gelenini etdi: öňünde datly tagamlary, üýtgeşik naz-nygmatlary goýup, zyýapat etdi, täsirli şygyr agşamlaryny, ajaýyp toý-meýlisleri gurnady. Ýöne hiç biriniň haýry degmedi. Aýhanpaşşanyň göwrelidini bilen dessine Mädaly han onuň bilen nika gyýdyrmaga gyssandy. Ol ulamalary çagyryp, nikaly meseläni gozgady. Olaryň içinden biri ýürek edip şeýle diýdi: – Han hezretleri, şerigatda bu mesele çöp döwlen ýaly edilen. Eger öweý eneňiz bilen nikalaşsaňyz, kapyr bolýaňyz. Muňa dört mezhebiň birem rugsat berenok. Iň gowusy, öňki edişiňiz ýaly, ol aýal bilen gizlin ýaşaşyberiň. Şeýtseňiz, hatda syryňyz açylyp, sizi zynada aýyplasalaram, ýene kapyrlykdan ýagşydyr. Başga bir molla oňa garşy çykdy: – Birnäçe ulamalar zynany kapyrlyk bilen deň görüpdirler. Beýleki tarapdan, kiçi bolsun, uly bolsun, günä anyk deliller bilen subut edilen bolsa, oňa halal diýmeklik küpür işdir. Mädaly han bu meseläni ulamalar bilen şerigat ýoly arkaly çözmegiň kyndygyna düşündi. Onsoň ol: – Men sizi meselä çözgüt tapyň diýip çagyrdym. Bärde sopusyrap, meň başymy agyrtmaň! Siziň munyňyz kellemi ýa boş sellemi? – diýip, ulamalary kowup goýberdi. Şol gün ol gaharyna atasynyň birmahallarky edişi ýaly, humarhana bardy. O ýerde oňa Gara Mährem atly humarbaz, neşebent ülpeti sataşdy. – Hojaýyn, eýgilikmi, ýüzüňden gar ýagýar-la? – diýip, Gara Mährem sorady. Mädaly han bu üflise bar zady bolşy ýaly gürrüň berdi. – Bar gaýgyň şo dälmi? Ojagaz eşek mollalaryň-a ýoguna ýanmak gerek! – diýip, Gara mährem şeýtan gürrüňini tapdy. – Onsoňam enemiziň içinde ýatyrkak ujydymyz ýokmudy? Doglan wagtymyz enemiziň niresinden çykýas? Onsoň ujydymyz şo ýere degýän däldir öýdýäňmi? Degýär. Onda nämüçin şo wagt bolýamyş-da, soň bolmaly dälmiş? Şo wagt çaga, indem ulaldyk... Tapawudy näme? Bu hudaýsyzyň ymmata sygmajak wejera gürrüňi Mädaly hanyň gulagyna şeýle bir hoş ýakdy. – Berekella! Ýüregime jüňk bolan sözleri senden eşitdim. Henize çenli meni şular ýaly begendirip bilen adam ýok! – diýip, ol duran ýerinde egnindäki zerli donuny çykaryp, Gara Mähreme berdi. Basym Mädaly han şeýhulyslamy, kazy-kelanlary we molla-müftüleri gaýtadan huzuryna çagyrdy, nikaly meselede olara ýene bir öwre maslahat saldy. Bu gezek ýaňy agzy aşa ýeten ulamalar hökümdara wepalylyk görkezip, başgaça karar çykardylar. Mädaly hanyň nikasyna rugsat berilýändgini tassyklap, möhür basdylar. Aýtmaklaryna görä, şonda hezreti Kalon Sahypzada atly şyh dergazap bolup, hanyň köşgüne barypdyr. Ol atyndan düşmän, tagtyň öňüne baryp, Mädaly hana: – Sen it ekeniň, pälazan! – diýipdir. Köşk hadymlary hanyň “Jellat!” diýip gygyraryna garaşypdyrlar. Emma misginsokar Mädaly han mylaýym äheň bilen: – Tagsyr, itiň öýünde näme işiň bar?! – diýipdir. Şeýdip, Mädaly han maksadyna-da ýetse, ýetipdir welin, il arasynda öz enesine ýanaşan Mädaly orramsy, Mädaly pälazan atlaryna hem eýe bolupdyr... | |
|
√ Ojak - 1-nji kitap -12: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -2: romanyň dowamy - 06.06.2024 |
√ Dirilik suwy - 17: romanyň dowamy - 17.05.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -11: romanyň dowamy - 17.07.2024 |
√ Bäşgyzyl -24: romanyň dowamy - 08.11.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -15: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Duman daganda: Wezipe berilmeýär, alynýar - 16.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -13: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Gala -5: Maksat - 12.02.2024 |
√ Ojak -2-nji kitap -18: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |