01:41 Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -18: romanyň soňy | |
SÖZSOŇY
Romanlar
Şol ýylyň güýzi üýtgeşik tukat geldi. Dördünji oktýabrda daňdanlar tanyş ses Abdyllany ukudan oýardy. Ol ukuly gözlerini açyp seretse, öňünde kumlakly Sünnet dur. Abdylla ýüzüni ýuwmazdan, salam bermezden: – Hä, eýgilikmi? – diýip sorady. – Size garaşýarlar... – diýip, Sünnet ýönekeý jogap berdi. – Sagat näçe boldy? – diýip, Abdylla gyzyklandy. – Dört-bäş bolup ýörendir. – Diýmek, seni iberipdirler-dä? Kumlakly esger özüni aklajak bolýan deý: – Gulluk-da, eke! – diýdi. – At diýseler, atarmyň? – diýip, Abdylla onuň egnindäki myltyga göz ümledi. Sünnet jogap bermedi. – Ýuwunmaga rugsat berermiň? – Ýok, garaşyp otyrlar, eke, tizräk çykyň... – Täretsiz gitmeli boljak-da... – Bilmedim. Tizräk ýöräň. Olar tirkeşip dälize çykdylar. Türmäniň daş işiginde ýany itli üç-dört sany esger duran eken. Beýleki kameralardan hem tussaglaryň çykyp gelýäni göründi. Öçügsi çyranyň ýagtysyna kimdir biriniň giň maňlaýy ýalpyldady. Molla Fitrat bolsa gerek. Onuň yzynda biriniň gözündäki äýnegi ýaldyrady. Çolpandyr! Gazy Ýunusyň bükülen gerdeni, Ankabaýyň uzyn boýny görnüp giden ýaly boldy. Itleriň üýrmesi, olaryň yzyna düşüp gelýän esgerleriň gykylygy NKWD-niň howlusyndaky “gara garga” maşynlaryň sesi bilen garyşdy. Özbekleriň ertirlik palawy wagtynda adatça şeýle bolýar: ilkinji myhmanlar gelen mahaly öý eýeleri aljyraşyp basga düşýärler. Kimsi el ýuwdurmak üçin kündüge ylgaýar, kimsi süpürgiç gözleýär, ýene biri aşpezi habardar etmek üçin ojagyň ýanyna howlugýar, beýlekisi semawara tarap eňýär... Emma bu gün bular nähili “palawa” gidip barýar?.. Abdylla howla çykansoň, asmana garady. Mizan asmanynyň ýüzüni gara bulutlar örtüpdir. Ýöne Çimgan daglaryndan öwüsýän şemal bulutlary kowup ýör. Ýapraklaryň arasynda gizlenip, giçki güýze galan iň soňky gyrmyzy üzüm hoşasy kimin, asuda ýyldyzlar ýylpyldaýar. Abdylla ýüregiňi paralaýan arman bilen üzümlerini, şapbat ýaly ýapraklaryň astynda sarymtyl we ýyly ýyldyzlar kimin bulduraýan, lowurdaýan iň soňky üzüm dänelerini ýatlady... – Hany, çaltrak mün maşyna! – diýip, kumlakly esger Sünnet rus dilinde gödek gygyrdy. Abdylla açyk güýz howasyndan çuňňur dem alyp, “gara garga” tarap ýöredi. Maşynyň demir oturgyçlarynda eýýäm Fitrat, Çolpan, Beregin, Ankabaý dagy oturan eken. Bir görse, olaryň arasynda türme dellegi, ak halatly Moşe eke hem otyr. “Eýse, atuwdan öň saç-sakgalymyzy hem syraýjakmykalar?” diýip, Abdylla biygtyýar oýlandy. Ýöne üns bilen seredensoň, ol Moşe ekäniň hem eliniň gandallydygyny gördi. Indi ol öňküsi ýaly ne myşlaýar, ne pyşyrdaýar, sesini-üýnüni çykarman otyr. Abdylla Çolpana tarap ýönelende dyzy dellege degdi. Moşe eke Abdulla gussaly bakyp: – Bizi hem oýna goşdular – diýdi. – Mundan buýana türmäni ot-çöp basar gider! – diýip, Abdylla göwnüni götermekçi bolýan deý onuň elini gysdy. Soňra baryp, elleri gandally Çolpan bilen gujaklaşdy. Çolpanyň äýnekleriniň aňyrsyndan boýur-boýur ýaş döküldi. – Aglak şahyrym! – diýip, Abdylla ony döşüne gysdy. – Meniň buýsanjym, batyrym... – diýip, Çolpan köşeşip bilmän sojady. “Gara garganyň” gapylary şarkyldap ýapyldy. Olar bolsa bir-biriniň zynjyrly gollaryny gysyp oturdylar. Abdylla molla Fitrata ýüzlenip: – Mollam, olar... diýip başlanyndan molla Fitrat onuň sözüni böldi. – Bilýän, men olara hiç wagtam ynanmandym. Olar bu oýny barymyzyň başymyza saldylar – diýip, ol Abdyllany ynjaltdy. Abdylla ýeňillik bilen dem aldy. Maşyn derwezeden çykyp, täze şäheriň asfaltlanan köçesi bilen öňe okduryldy. Hemmesi nirä barýanlaryny bilýändikleri üçin öz oýlaryna gark bolup otyrdy. Maşynyň içinde uzak wagtlap dymyşlyk höküm sürdi. Birdenkä Abdylla Çolpana tarap egildi-de: – Bu gün nämüçindir üzümlerim ýadyma düşdi. Şahalary, gollary, ýapraklary, hoşalary – diýip pyşyrdady. Muňa jogap hökmünde Çolpan agyr dem alyp, oýa batyp oturdy-da, pyşyrdy bilen goşgy okap başlady: Ir säher baharyň sergin şemaly Erigiň ak güllerini öpüpdir. “Menem öpäýmesin bisyrat” diýip, Şetdaly ýapragyn ýüze çekipdir. Ukudan oýardy ýaşyl ýapragyn Gollary asmana uzan üzüm-de. Ter ýaprak sypanyp, garanyp her ýan Toýa gitjek gelin kimin bezendi. Şu ýerde Abdylla hem oňa goşuldy: A biçäre ýaprak şahadan ýolnup, Üwelen et bilen gazana düşdi. Dolamaly nahar lasyrdap durka Üzüm görgülijik jibrinip bişdi. Indi molla Fitrat bilen Ankabaý hem ses goşdular: Birewiň toýunda kernaý çalynyp, Ýigitler giýewi gelende alyp, Biri nalaç aýralyga ah çekýär, Şuny, eý gapyllar, ýada bir salyň. Bularyň sesi has batly çykyp ugrady. Maşynyň kabinasyndan myltygyň gundagynyň demire degýän tarkyldysy eşidildi. Ýöne goşgy gitdigiçe belent ýaňlanýardy. Säher şemalyny öpen bilbiller Gülden başga zady oýlamazlarmyş. Şeýle bir şelaýyn süýjärmiş diller, Gülden özge bir söz söýlemezlermiş... Abdyllanyň bir egninde molla Fitrat, beýlekisinde Çolpan otyr. Olaryň gözlerinden giçki güýze galan üzüm däneleri kimin gözýaş dynman akýar. Emma bu gözýaşlar ölüm gorkusy zerarly däldi, sapaly durmuşyň gözýaşlarydy. Şemalyň özi-de şu günki posa Beren ýapragyny şo bada taşlap, Wepa diýen zady asla bilmezmiş, Başga ýaprak bilen göwnüni hoşlap. “Gara garganyň” içinden çykýan ses guş sürüsiniň gyşyň öňýanynda biserhet asmana galkyp, soňky gezek gykuwlamasyny ýada salýardy. Adaty bir şygyr indi guş diline, halk agysyna, ýurt gaýgysyna öwrülip barýardy. Maşyn birdenkä saklandy. Bular oturan ýerlerinden edil atylan guşlar kimin serlişip ýykyldylar. Daşarda itler üýrüşdi, zynjyrlar şakyrdady, esgerler gygyryşdylar. Emma Çolpanyň gyryljyk owazy goşgyny dowam etdirdi: “Ýapragyň täleýi – üzülip gaçmak!” Diýjekler şuny-da bek belläp goýuň: Durmuş atly çäksiz gudratly häkim Tapyp dur her günde müň dürli oýun!.. Abdylla “gara garganyň” içinden arassa howa çykyp: “Haýp! Hemmesi gutardy, kyssa welin gutarmady...” diýip oýlandy. Soñy. Terjime eden Kakamyrat ATAÝEW. | |
|
√ Ýedi müñ çakrym: Türkmen aty - 16.08.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -6: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Duman daganda: Ýalňyşdygyň-öldügiňdir - 20.06.2024 |
√ Hakyň didary -6/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Sowgatlyk - 20.10.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -7: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Derbi-dagyn: Meçik - 05.08.2024 |
√ Hakyň didary -2/ romanyň dowamy - 28.02.2024 |
√ Bäşgyzyl -15: romanyň dowamy - 19.10.2024 |
√ Duman daganda: Nur gözellikde, gözellik köňülde - 14.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||