00:45 Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -14: romanyň dowamy | |
* * * Abdyllanyň ýüregi ynjalyksyz gürsüldeýärdi. Jübüsindäki haty çykaryp, hiç kime görkezmän okamagyň ebeteýini tapyp bilmeýärdi. Gözi bir ýerde, hakydasy başga bir ýerde. Pikirleri dagynyk. Ol Nişatynyň “Gözellik we ýürek” dessanyndaky Akyl bilen Söýginiň arasynda bolýan jedeli ýatlady. Köneleň aýtmadyk gepi barmy, “Dünýä bir merdiwandyr, biri müner, biri düşer” diýipdirler. Ýeriň üsti-hä beýlede dursun, ýeriň astynda ýylan gäwüşese-de bilýärler. Dünýä bir köne kersen, muňa gelen her kimse ony özüçe täzelejek bolýar. Her kim öz durmuşyny özüçe gurýar, gara başy daşa urlup, maňlaýy çişýänçä ynjaljak gümany ýok. Ýeri, bolýar, bu pelsepelerden bir aşyklyk peýda ýok. Hany, bu haty nädip okamaly? Garaňky düşýänçä garaşmaga takaty ýetermikä?.. Abdylla öz ýanyndan dürli hile-pirime ýüz urup gördi. Emma adamyň her bir hilesiniň garşysyna Allatagalanyň gurup goýan duzagy bar ýaly bolup dur. Günorta naharynyň öňüsyrasynda kameranyň gapysy açyldy-da, Abdyllanyň adyny tutup çagyrdylar. Birbada ol gulagyna ynanmady. “Dogrudanam meni çagyrýarlarmyka?” diýip gümana gitdi. Çünki derňew işleri gutarypdy. Eger atuwa alyp gitjek bolsalaram daňa golaý turuzmalydy. Onsoňam atuw nobatyna Abdylladan öňem garaşyp ýatanlar köp... Diňe ikinji gezek adyny tutup çagyranlarynda ol ýerinden turdy. Garawul esger ony ýokarky gata däl-de, däliziň ugry bilen sorag edilýän jaýa alyp bardy. Kabinetde ýerinden ör turup, Winokurow garaşyp duran eken. Ol esgere: “Sen boş!” diýip, gapydan çykaryp goýberdi. Soňra pyşyrdap, Abdylla ýüzlendi: – Seni Trigulow çagyrtdy. Häzir geler. Şondan öň seni göreýin diýdim, gardaş! Bu gün bizde pasha baýramy. “Hristos woskres!” Ol eglip, Abdyllany gujaklady, ýaňagyndan öpdi. Abdylla bu dessury çagalygyndan bilýärdi. Ýerli-rus mekdebinde okaýarka, pasha baýramy gelende bäş-alty sany özbekdir gazak çagalary bilen Täze şäherdäki rus kwartalyna aýlanardylar. Ýeke-ýeke gapy kakyp, çalgyrt rus dilinde: “Hiristos waskires!” – “Isa dirildi!” diýip, ýaramezan aýdýan ýaly gygyryşardylar. Gapyny adatça garry-gurtular açardy. Mekdep geýimindäki çagajyklary görüp, gözlerine ýaş aýlap: “Woistinu woskres!” – “Hakykatdan hem dirildi” diýip, olaryň eline dürli reňklere boýalan ýumurtgalary we süýji külçeleri tutdurardylar. Şol dessury ýatlap, Abdylla özi-de duýmazdan, Winokurowa garap: “Woistinu woskres!” diýip goýberdi. Winokurowyň gözleri ýaşa doldy. Ol goltuk jübüsinden dürli reňklere boýalan ýumurtgalary çykaryp, Abdyllanyň jübülerine salyşdyrdy. – Kameraňa baraňda iýersiň, gardaş! – diýip, ol gözüniň ýaşyny süpürip, kabinetden howlukmaç çykyp gitdi. Abdylla töweregine garanjaklap durşuna gapa gulak goýdy. Diňe Winokurowyň uzaklaşyp barýan aýak sesleri eşidilýär. Ol elini jübüsine sokdy-da, ýumurtgalaryň aşagyndan haty çykardy... Ýok, bu däl! Ine, ol... Tolgunmadan ýaňa ony der basdy. Birbada hatyň epinlerini açmaga onuň barmaklary diýen etmedi. Ahyry kagyzyň epinlerini ýazdy. Ogly Habybyllanyň haty... Diýmek, sagalypdyr!.. “Essalawmaleýkim, kaka jan! Sag-amanmysyňyz? Biziň ýagdaýlarymyz ýagşy, alada etmäň. Ejem obada. Men baga ideg edýän. Biynjalyk bolmaň. Ogluňyz Habybylla”. Dälizden ökjesine nal kakylan ädik sesleri eşidildi. Jellat Trigulow gelýär. Abdylla elindäki haty gysymlap, howlukmaç jübüsine dykdy. Gapy şakyrdap açyldy. – Hä, sen entegem dirimi? – diýip, keýpihon gep atyp, Trigulow kabinete girdi. Ol töre geçip, öz ornunda oturansoň, Abdylla oturgyç görkezdi. Abdylla pola berkidilen oturgyja çökdi. Deri gaýdanam bolsa, içki tolgunmasy ýetikdi. Basym ol özüni ele aldy. “Indi nähili hokga çykarjak bolýarka bu deýýus?!” diýip, oýlandy. Trigulow öz ýerinde ynjalykly oturansoň, papiros otlandy, tüssesini Abdylla tarap üfledi. “Keýp alýaňmy, ýigreniji nejis?” diýip, Abdylla içini gepletdi. – Men saňa halk ýazyjysymykaň öýdüp ýördüm welin, asyl bütin millet saňa garşy bolsa nätjek! – diýip, Trigulow Abdyllanyň öňüne bir petde gazet taşlady. “Haýynlara ölüm!”, “Özbegistan zähmetkeşleri halk duşmanlarynyň atylyp öldürilmegini talap edýär!”, “Betpällere geçirimlilik ýok!” diýen ýaly göze ilginç, haýýar sözbaşylar. Birki ýerde “Çolpan, Julkunbaý...” diýen atlara gözi düşüp, Abdyllanyň ýüregi jigläp gitdi. Muny-da az görýän ýaly, Trigulow oňa ýene bir şapbat ýaly kagyz uzatdy. “ÖzSSR Edebiýat we neşirýat işleriniň baş uprawleniýasy “Uzglawlit”. № 287. 1938-nji ýylyň 15-nji apreli. ÖzSSR NKWD-niň Döwlet Howpsuzlyk uprawleniýasynyň 4-nji bölümi, ýoldaş N. Trigulowa. Halk duşmany hökmünde paş edilen Abdylla Kadyrynyň (Julkunbaýyň) ähli kitaplarynyň we broşýuralarynyň 1937-nji ýyldaky sanawa laýyklykda ýygnalyp alnandygyny habar berýäris. “Uzglawlitiň” başlygy Askulow”. – Ine, indi senden soň eserleriň galjak gümany ýok – diýip, Trigulow aýtdy. – Maňa gulak as diýip, saňa kän aýtdym. Etmediň. Indi özüňden gör... Ol az salym dymyp oturansoň, çilimini demine sorup, lezzet alýan dek tüssesini Abdylla tarap burugsadyp üfledi. – Romanymyz bolsa, sensizem ýola düşjek – diýip, ol duýdansyz ýerden dillendi. Hawa, hut “romanymyz” diýip heçjikledi. – Seni hemmeler satdy. Şägirtleriň, dostlaryň, kärdeşleriň, okuwçylaryň... Diňe men saňa bolan gatnaşygymy üýtgetmedim. Seniň ýazmadyk zatlaryňy men ýazýan. Abdylla geňirgenip, Trigulowyň ýüzüne garady. – Seniň durmuşyň barada – diýip, sülçi oňa düşündirdi. – Has aýdyň bolar ýaly, gel, gowusy, romanyň kä ýerlerini okap bereýin. Ol “Planeta” žurnalynyň arasyna birnäçe kagyzy goýup, olardan okamaga başlady: “Bu hatda şeýle sözler ýazylypdyr: “Sen diýip iki dünýeden geçdim, dinden çykdym. Häzir başyma betbagtlyk bary düşdi. Ýanymda ýekeje-de ýakynym ýa syrdaşym galmady. Gel, bilelikde bu şäherden, bu ülkeden baş alyp, çykyp gideli!” Muny okan aýaly hat getiren adamy uzak garaşdyryp durman, derrew jogabyny ýazdy: “Eý, ýoldan çykan, azgyn ärim! Sen “Dananyň bahary” atly kitaby okamadyňmy? Ýa Berhurdar Türkmeniň “Bezemenleriň ýygnagy” diýen kitaby gözüňe ilmedimi? Iň bolmanda “Totynamany”, “Dört derwüşi” okansyň-a! “Metjidiň gapylary” kitabyny-ha eliňde-de görüpdim. Bularyň ählisinde-de aýalyň gadyr bilmezligi barada aýdylýar. Hatda äriniň işi rowaç bolup, döwletiniň göterilen çagy peýda bermese, ol aýaldan lüt galan günüň nämä garaşjak diýen pikirler hem öňe sürülýär. Şuny bilibem meni öz ýanyňa çagyrýaňmy?” Trigulow sesini durlap, sahna çykan artist kimin owazly okaýardy. Abdyllanyň bolsa, demi tutulyp, gitdigiçe ýumrugy düwülýärdi. Gözleri ganguýma bolupdy. Ahyry Trigulow: – Gyşlagda gizlenen aýalyndan hat alansoň... – diýip, okanda Abdylla syçrap ýerinden galdy-da, özüni sülçiniň üstüne zyňdy. – Haramzada! Öldürerin seni, deýýus! – diýip, ol stoluň üsti bilen öňe dyzanda ýaýraşyp ýatan kagyzlar typdy. Onuň elleri Trigulowyň bogazyna ýetmän, howada boş galgady. Sülçi çirkin ses bilen: – Sakçy! – diýip gygyrdy. Şo pursatyň özünde iki sany sakçy esger kamera atylyp girdi. Olar Abdyllanyň elini arkasyna gaňryp, maňlaýyny stola urup başladylar. Abdylla garşylyk görkezmekçy bolup dyzanda Trigulow ökjesine nal kakylan ädigi bilen onuň kellesine depip ugrady. Soňra üç bolup, tä ölmez-gülmez bolýança ony aýak astyna aldylar. Çalajan halda iňläp ýatan Abdyllany kamera getirip taşlap gidensoňlar, Mübärek bilen molla Fitrat öl esgi bilen onuň ýüz-gözüniň we kellesiniň ganyny süpürdiler, tapan kagyzlarynyň hemmesini otlap (olaryň arasynda Abdyllanyň jübüsindäki hatlar hem bardy), külüni ýaralaryna basdylar. Ýarygijeler, hemmeler ukuda wagty Abdylla entirekläp, peşew edilýän künjege bardy-da, jübüsindäki owum-döwüm bolan ýumurtgalary çykaryp, zyňdy. Iýmäge ýaramasa-da, bu pasha ýumurtgalary Abdyllany ädikli aýaklary bilen gaýgyrman depenlerinde azajygam bolsa, onuň bagyrdyr böwreklerini urgudan gorapdy... *** Bir tarapdan agyry-yza, beýleki tarapdan Trigulowyň okan parçalary zerarly uzakly gije Abdyllanyň kirpikleri çatylmady. Ol romanlaryny başyndan aýagyna çenli tertip boýunça yzygiderli ýazmaýardy. Eseriň esasy ýordumyny düzüp, ony nähili jemlemelidigi barada belli-külli karara gelerdi. Ahyrky sahnalaryň taslamasyny, käte bolsa soňlamasyny öňünden ýazyp goýardy. Soňra şol jemlemäni nazarlap, kyssasynyň gerimini giňelderdi. Dogry, käte wakalar eseriň ýordumyny başga ugurlara, garaşylmadyk taraplara alyp gaçjak bolardy. Ýöne Abdylla bu ýagdaýy wagtynda jylawlamagy başarýardy. Eseriň çözgüdini öňünden kesgitläp goýanlygy üçin hiç bir ýana sowulman, bar pikirini jemlemä garşy gönükdirýärdi. Trigulowyň okan parçalary Abdyllanyň bassyrmada, ýakylmaýan çoýun pejiň içinde gizläp goýan golýazmasyndandy. Özi-de onda kyssanyň iň soňky sahnalarynyň biri beýan edilýärdi. Bu sahnada Kokantdaky söweşde ýeňilip, Andijanyň Butakar gyşlagynda gizlenen Mädaly hanyň öz söýgüli aýaly Aýhanpaşşa iberen haty we oňa ýazylan jogap barada gürrüň berilýärdi. Trigulow ony sözme-söz diýen ýaly gaýtalap okap berdi. Ýok, bu tötänlik däl. Dogry, o ýerde “gyşlag” sözüni ulanmandygy Abdyllanyň ýadynda. “Gyşlagda gizlenen aýalyndan” diýmek bilen Trigulow Abdyllany öjükdirdi, ol deýýus sülçiniň Rahbary yzarlandygyna düşündi. Şonuň üçinem çydam edip oturyp bilmedi... Bu haramzada Rahbary-da öz gününe goýan däldir. Bulardan herki zada garaşybermelidir. Ertir Sünnet gara berse, gepleşmek gerek. Sünnetiň üsti bilen ýene hat iberse näderkä? “Saýram-paýram, Tokmak-pokmak diýen ýaly uzagrak ýere git” diýip ýazsa, bolmazmy? O ýerler özbekler üçin asuda bolsa gerek. Öýüni we ogly Habybyllanyň birki sany harp ýalňyşyny goýberip ýazan hatyny ýatlap, Abdyllanyň gözlerinden gyzgyn ýaş paýyrdap döküldi. “Men baga ideg edýän. Biynjalyk bolmaň” diýip ýazypdyr. Diýmek, uluja ogly sagalypdyr-da! Ol özüniň lukmançylyk kurslaryna gatnaýarmyka? Habybyllasy türkana däl, synçylyk we adamlara ünsli garamak babatda kakasyna çekipdir. “Abid kätmeni” ýazýan wagty aýaklaryny ýazyp, ýadawlygyny sowmak üçin goňşy otagda sapaklaryna taýynlanyp oturan Habybyllany ýanyna çagyrardy. “Ýeri, bakaly, jenap, indi senem diňläli!” diýerdi. Şonda Habybylla Abdyllanyň ýatsa-tursa ýadyna düşmejek, geň gürrüňleri tapardy. Bir gün tomsuň jokrama yssysynda Habybylla anbar ysly gülleri suwlap ýördi. Bularyň goňşulary Isakjan molla gelip, ýigdekçäniň işini synlap duransoň: – Şu gülleriň ysy nirä ýetýändir öýdýäň, oglum? – diýip sorapdy. Mollanyň sowalyna oňly düşünmedik Habybylla ikirjiňlenipdi. – Bu gülleriň ysy aňry gitse, köçäniň aýagujuna çenli barar – diýip, molla öz sowalyna özi jogap beripdi. – Emma jennetdäki gülleriň ysy pyýadanyň üç ýylda ýöräp geçjek ýoly ýaly uzaklyga baryp ýetýär... Şo gezek üşüklije Habybylla kakasyna ýüzlenip: – Edil siziň bilesigeliji Kalwaý mahsumyňyz ýaly ekeni – diýipdi. Onuň Kalwaý mahsum diýýäni Abdyllanyň romanyndaky gahrymanlaryň biridi. Abdyllanyň oý-pikirleri Habybylladan beýleki çagalaryna geçdi. Olar niredekä? Ejesiniň ýanyndamyka? Olara bir Trigulow diýen möýüň azary ýetmese ýagşydyr... Birdenkä Abdyllanyň ýadyna baglary düşdi. Molla Fitrat onuň jübüsindäki atyr ysy bireýýäm giden elýaglygy alyp, ökjesi nallanan ädigiň maňlaýyna salan ýarasyny daňypdy. Öz bagynda işlän mahaly Abdylla maňlaýyny ýaglyk bilen daňardy. Bu baharda üzümleri nähili ýagdaýdaka? Habybylla olaryň gollaryny galdyryp, şahalaryny daňyşdyrdymyka? Üzümleriň gollaryndaky sargylaryň gowşan ýerleri bardy, käbirleriniň daňysyny täzelemelidi. Uly ogly bu işleri başardymyka? Gurallary tapdymyka? Häzir üzümler gök salyp, ýapragyny ýazandyr. Çereşnýa, erik, şetdaly ýaly baglarda dowçalar peýda bolandyr. Garry aýallar: “Bişmänkä iýseňiz, içiňiz geçer!” diýip, çagalary gorkuzýandyr. Abdyllanyň öýünde bolsa, çagalara haý-küş edere ne enesi Josiýat bibi bar, ne-de aýaly Rahbar. Ýöne indi Habybylla ýigit çykyp barýar, onuň özi-de, ýoldaşlary-da düşbi. Ýetişmedik miwäni iýjek bolup, baglaryň şahalaryny döwüşdirip ýörmezler, döwjege-de ýol bermezler... Habybylla: “Baga ideg edýän” diýipdir welin, mellegiň ýagdaýy nähilikä? Pomidor şitilini satyn almaga pul tapdymyka? Rediska tohumy-ha arzan, ammarda geçen ýyldan galany-da bolmaly. Bular barada ýazmandyr. Bu ýyl mellege hiç zat eken däldirler. Wah, neressejik... okuwdan kowulmadyk bolsa-da biridir... Habybylla arly tomus näme iýip-içmeli bolar? Ýa gyşlaga gidiberermikä? Eger goňşulary Inagam atany ýygnamadyk bolsalar, ondan karzyna tohumlyk kartoşka alyp bolardy. Bu barada Habybylla hat ýazyp, habar bermek gerek. Dur entek, näme bolsa, şo bolsuna salyp, Winokurowyň özünden haýyş edip görse, näder? “Ýok, geregi ýok, onuň beren elýaglygy başyňdaky ýarany daňmaga ýarady, şoňa-da şükür!” diýip, Abdylla bu pälinden gaýtdy. Şu ýaşyna çenli telim kitap ýazdy. Şu adama-ha belet boldum diýip ýörendir, ýöne bir aýlawda ol adamdan eden çaky çykmaz. Diýmek, adam tanaýyşy ýabygorly... Abdyllanyň pikirleri duw-dagyn boldy. Bir arapdan çykdy, bir-de şarapdan... *** Abdusamat naýyp baýyrlykdaky we jülgelerdäki toplaryny ýene atlara goşup, goşunyň yzy bilen Hojant şäherine gelip girdi. Ýaşulular Nasrulla hana şäher derwezeleriniň açarlaryny getirip berdiler. Emir: ‘Şäherde talaňçylyk bolmasyn, hiç kime zulum-sütem edilmesin!” diýip, buýruk berdi. Şäher ilaty begenip: “Ahyry Mädaly pälazanyň zulumyndan dyndyk” diýip, emir Nasrulla hana köp alkyş aýtdy. Talaňçylykdan hem zorlukdan gorkup, Syrderýanyň kenaryna gaçyp giden adamlar öz öýlerine dolanyp başladylar. Öýlerinde gizlenenler gorky-ürküsiz daş çykdylar. Ýeňijileriň hormatyna palaw atardylar, goýun soýdular, sebet-sebet nan getirdiler, golça-golça meýdir çakyr çykardylar. Nagaralaryň, kernaýdyr surnaýyň sesi gijesi bilen ýatmady. Adamlar ot başynda şady-horram boldular. Emir Nasrulla han Hojandyň Şeýh Muslihiddin metjidinde ertir namazyny okady-da, goşunyň öňüne düşüp, Kokanda tarap ýola düşdi. Şundan soň Hojantda galan leşger şeýle bir talaňçylyk etdi, hatda şäher adamlarynyň eginbaşlaryna çenli sypyryp aldylar. Abdusamat naýyp bolsa, öz serbazlaryny zergärleriň ýaşaýan kwartalyna talaňçylyga iberdi. Olar bir topuň nilini altyn-kümüşden – monjukdyr bilezikden, gülýakadyr ysyrgadan, gupbadyr saça dakylýan şaý-seplerden doldurdylar. Abdusamat naýyp niliň agzyny köne-küşül esgi bilen ýapyp, topy iki sany aýgyra goşdy-da, oljasynyň yzyna düşüp, şäherden çykyp gitdi... *** Ertirlik naharyny getirdiler, ýöne esgerleriň içinde Sünnet görünmedi. Ýa bu gün onuň nobaty dälmikä? Bularyň nobatçylygyna-da düşer ýaly däl. Garaşsaň, wagty bilen gara berenok. Garaşmaýan wagtyň bolsa, “Essalawmaleýkim!” diýip, duýdansyz ýerden çykar. Düýnki urgulardan soň Abdyllanyň endamyndaky gögeren we çişen ýerleriniň agyrysy güýçlendi, azary artyp başlady. Onuň dünýesi daraldy, gözüne ähli zat kejikdiriji bolup göründi. Sünnetiň görünmezligi bolsa, bularyň üstüne urna boldy. Ol ertirlik üçin ýerindenem gozganmady, has dogrusy, ýerinden galmaga mejaly ýokdy. Ýetişikli Mübärek çemçe bilen süle ýarmasyny onuň agzyna tutup berdi. Abdyllanyň: – Ilki özüň iý! – diýenine-de gulak asmady. – Molla eke, entek sen oňatja iýip-iç, birneme kuwwatlan! – diýip, oňa gyzgyny bilen iýdirdi. Öz naharyny sowansoň, iýdi. – Indi, molla eke, geplemek gezegi sizden däl-de, bizden. Men size bir hekaýat aýdyp bereýin – diýip, Mübärek sowan çaýdan owurtlady. Abdylla onuň hekaýatyna gulak gerdi. Emma bedenindäki agyry, kalbyndaky yza onuň pikirlerini çalam-çaş etdi. Şonuň üçin Mübäregiň hekaýaty Abdyllanyň göz öňünde suwa gaçan surat kimin asyl durkuny üýtgedip janlandy, ol erteki sahnasyna çalym etdi. Bu sahnanyň baş gahrymany şol eýranly Abdusamat naýypdy. Emma wakalar Kokantda däl-de, Buharada bolup geçýär. Özüniň bütin jahankeşde ömrüni ýalňyzlykda ýaşan Abdusamat elli ýaşap, altmyşyň onundan giren çagy garaşylmadyk ýerden buharaly ýüpek söwdagäri Ylýas jöhidiň dul galan gyzy Rahile aşyk bolupdyr. Rahiliň görk-görmegi göreni özüne bendi edýär eken. Onuň husny jemaly dolan Aý dek ýalkym saçypdyr, näz bilen ýylgyryp bakanda erkek kişileriň akyl-huşuny aparypdyr. Ýaý kimin gaşlaryny göterip, peýkam deý kirpiklerini gezände öňünde duranlaryň süňňi gowşap, ýüreklerine dowul düşüpdir. Gyrmyzy ýaňaklary ýaňy açylan gül deý ter, dodaklary ýuka, bili inçe, gerdenleri ýasy, döşi galbaň... Şeýle gözel zenany ele salmak üçin Abdusamat naýyp Ylýas jöhidi gorkuzmakçy bolupdyr. “Seni zyndanda çüýrederin!” diýip haýbat atypdyr. Emiriň köşgüne iň gowy ýüpek parçalary eltip ýören Ylýas jöhit bu barada agasy Beruha – emiriň baş sazandasyna duýdurypdyr. Käte-käte ertirlik çaý başynda emir Beruha: “Kim göwnüňe degse, maňa duýduraý, özüm hakyndan çykaryn” diýýär eken. Bu gürrüň Abdusamat naýybyň gulagyna ýetip, ol bu meselede zora ýanap hiç bir işi bitirip bilmejekdigine düşünipdir. Onsoň ol mal-pul döküp, baýlyk bilen Ylýasyň erkini syndyrmaga synanyşyk edipdir. Emma bu-da netije bermändir. Çünki Ylýasyň gazanan baýlygy Abdusamadyňkydan köp bolmasa, az däl eken. At-abraýy, mertebesi hem zyýat. Hilegärlikde bolsa, Ysraýyl ogullary haýsydyr bir eýranlydan asgyn geljekmi?! Abdusamat naýyp näme ederini bilmän, janserek halda urunýar. Gijelerine düýşünde Ylýasyň öýüni top okuna tutup çykýar. Gündizler gözel Rahil huşundan gitmeýär. Naýyp, topçy Abdusamat hiç haçan bular ýaly çykgynsyz ýagdaýda galaryn öýtmeýärdi. Ahyry ol Ylýas jöhidiň ejiz ýerini tapdy. Iki iňlis – Ştoddart bilen Konolli Abdusamadyň şäheriň etegindäki howlusynda ýaşaýardylar. Ol otuz tylla töläp, Ezra boýagçyny hakyna tutýar. Ezranyň etmeli işi: iňlisler basym öz ýurduna dolanmaly, şo sebäpli Abdusamat olar bilen hoşlaşyk dabarasyny geçirýär diýen habary ýaýratmaly. Şu bahana bilen iňlislere ýadygärlik ýüpek parçalary sowgat etmegini Ylýasdan haýyş etmeli. Olaryň gulak posuny açar ýaly Beruhdan aýdym-saz edip bermegini soramaly. Rahil bolsa, tans oýnap, hezil berse, galanynyň bir alajy tapylar... Onsoňam muny iki iňlisden gaýry görjek adam ýok. Iňlisleriň bolsa, üýtgeşik sagatlary we başga-da geň-taň zatlary bar, göwni göterilip, olar öz gezeginde bu närseleri Ylýasa sowgat bererler. – Munyň-a az bolýar, ony yrjak bolsaň, ýene tölemeli bolarsyň – diýip, Ezra boýagçy hem pursatdan peýdalanyp, azap hakyny iki-üç esse köpeltdiripdir. Diňe şondan soň el urşupdyrlar. – Mundan beýlesini özüm oňararyn, galanynyň hötdesinden özüm gelerin! – diýip, Ezra söz beripdir. Ylýasyň özi, gyzy Rahil we bütin maşgalasy biline zünnar* dakynyp, Abdusamat naýybyň howlusyna gelipdir. Şonda eýranly Abdusamat şeýle bir zyýapat edipdir, bi görlenden bolmandyr. Ylýasyň gözüni baglap, Rahiliň köňlüni awlamak üçin ol halal-haram diýmän ýygnan telim ýyllyk gazanjyny sowrupdyr. Iňlisler garaşylmadyk bu şady-horramlyga aňk-taňk bolupdyrlar. Ylýas bolsa, sakçy köpek deý gyzynyň ýanyndan birjigem aýrylmandyr. Ahyry Abdusamat özüniň asly Garşydan bolan saçakçysyna ümläp, myhmanlaryň aşyna beň tohumyny goşmagyny buýrupdyr. Şeýdip, ýarygijeler jöhit myhmanlarynyň baryny ukladyp, maksat-myradyna ýetipdir. Ençe ýylyň duly Rahil hem erkek mährine zar bolup giden eken. Dili “Ýok, ýok” diýse-de, Abdusamat topçyny hiç gujagyndan goýberesi gelmändir. Ol ikisi uzakly gijäni aýşy-eşretde geçiripdirler... Ne ajap bor ikimiz bolsak wysal bagynda, Gollarym boýnunda bolsa, dodagym ýaňagynda... *** Abdylla hem beň tohumy goşulan aş iýen Ylýas ýaly, düýşüdigini-huşudygyny aňşyryp bilmän ýatyrdy. Bu hekaýaty Mübärek gürrüň berdimi, ýa özi düzdümi, saýgarar ýaly däl. Aslynda-ha onuň parhy-da ýok. Türmede oturan her bir erkek kişiniň zenana bolan haýu-höwesi güýçli. Şonuň üçin gürrüňiň zenana syrykdyrylmagy geň däl. Häzir bu hekaýaty molla Fitrata gürrüň berseň, onuň: Akja ýarym, Hudaý gorasyn seni, Göz-dil belasyndan saklasyn seni! Sen dünýäniň iň owadan gözeli, Gaýgy-gussa bilen ýakmasyn seni! Gyrmyzy gülüm sen, nurana Aýym, Gitme, biraz lowlat körän yşgymy. Derdime däri sen, janyma aram, Soltan bolup beze köňül köşgümi! Gülmi sen, dilberim, balmy sen, ýarym, Ýa kalbyma emr edýän Hudaýmyň? Bilmedim men, gülüm, aýt özüň gülüp, Aşygyň adyňy ne diýip tutýar? – diýjegi ikuçsyz. Ankabaý Abdyllanyň ýanyna bir gezegem gelmedi. Ýogsa, olar öň duz-emek bolşup ýördüler. Hälimi-şindi bir-biriniňkä barardylar. Onda näme üçin ol özüni çete çekýär? Belki, Abdyllanyň özi onuň halyndan habar almalydyr? Ýeri, bolýar, biraz aýaga galyşsyn, ýanyna baryp gaýdar. Abdylla şunça jan etse-de bahmally bu ýigidiň bir goşgusyny-da ýadyna salyp bilmedi. Ýigriminji ýyllaryň ortalarynda Abdylla “Türküstan” gazetine “Dileg” ady bilen bir degişmejik ýazypdy. Ol degişmede: “Biziň döwürdeş ýazyjy-şahyrlarymyzdan Fitrata – ynsaplylyk, Elbeke – ylham, Çolpana – diwanalyk, Gaza – takat, Sanjara – ýaltalyk, Hajy Muina – Samarkantda çykan täze “syrlary”, Gulam Zafara – “Halymanyň” jadysyndan aýňalmagy, Sadreddin Aýnä – “Buhara jellatlaryny”, Mirmuhsina – partiýanyň ideýalaryndan daşlaşmazlygy... dileg edýärin” diýen ýaly sözler bardy. Şonda Ankabaý: “Bu sanawa meni goşmansyň!” diýip, ençe mahal ýeňsesini tüňňerdip gezipdi. O ýerde Abdyllanyň nähilidir bir sanaw düzüp, galamdaşlaryny ala tutmak niýeti ýokdy ahyryn! “Howadan uçup barýan öýke-kine görse, Ankabaý şony-da tutup alyp, özüne dahylly edýär” diýip, molla Fitrat gürrüň ederdi. Bir günem molla öz howlusynda mürepbe gaýnadyp durka, köçeden geçip barýan Ankabaý oňa garap: “Molla, armaweriň! Pile gaýnadýaňyzmy?” diýip, gep atypdyr. Molla Fitrat bolsa oňa: “Hä, köşek, senem sammy-summy goşgularyňy okap ýörmüň?” diýipdir. Şondan soň Ankabaý bir ýyllap molla bilen gepleşmän gezipdir. Hawa-da, zanny şeýle bolsa, etjek alajyň ýok... Özbek aňy dowamly güýje türgen edilen. Çagalykdan ene dili bilen bile beýnimize: “Bir pikiriň başyny tutduňmy, ahyryna çenli alyp git!” diýlen talap guýulýar. Çünki özbek diliniň ýasawyna görä işlik sözlemiň soňunda gelýär. Şonuň üçin sözlemiň tä ahyryna çenli onuň sowaldygyny, habardygyny ýa ýüzlenmedigini biljek gümanyň ýok. Abdyllanyň kyssasynyň gerim alşy-da şu ýörelgä tabyndy. Emma ýaňra Mübärek ähli zady bulaşdyrdy. Iň soňunda aýdylmaly habarlar öňünden aýdyldy. Abdylla, Mübärek aýtmyşlaýyn, “dört jöhidi” oýna girizdi welin, olar özara şeýle bir jedele ýatdylar, hakykat olaryň öz sanyndan hem artyk çykdy duruberdi. “On jöhidiň bar ýerinde on bir pikir bar” diýleni boldy. Ýok, Abdyllanyň gaýtadan öňküje özbek ýoluna dolanmagy gerek. Goý, Mädaly han Hojandy elden giderse-de, Kokant tagtynda oturybersin. Emir Nasrulla han hem goşunyny Kokanda garşy sürübersin. Abdusamat naýyp bolsa, öz toplarynyň biriniň nilini altyn şaý-seplerden dolduryp, her gezek öz Rahilini ýatlan mahaly bu urşa, bu ýörişe nälet okap, emiriň goşunlarynyň yzy bilen ýöräbersin... *** Emir Nasrulla han Kokanda ýetmän, Bäşarykda goş ýazdyrdy. Mädaly han geçen ýyl geçen ýylky ylalaşyk haty bilen ogly Mädemin beki, iki ulamany we uly beki onuň ýanyna iberdi. Emir öz adamlary bilen geňeş geçirdi. Bu maslahatda söweşden bezigen Abdusamat naýyp emire ýüzlenip, şeýle diýdi: – Onuň Alyhezretleri ygtyýar etse, kelam agyz sözüm bar! Emir: – Näme sözüň bar? Aýt! – diýdi. – Biz ýaňy bir Hojandy zabt edip aldyk. Emma Fergana uly ýurt. Ony eýelemek üçin ummasyz goşun we gaty kän serişde gerek bolar. Russiýanyň gelmegi-de biz üçin uly howp. Muny size Hanaly derwüş hem aýdypdy. Eger Mädaly hana merhemet etseňiz, o-da toba gelip, size wepaly boljakdygy barada ant içse, ony Hojanda hökümdar belleseňiz, Buharanyň tabynlygyndaky bir mülke serederdi we geljek duşmana galkan bolardy. Emir Nasrulla han Abdusamat naýybyň bu sözlerini makul görmedi, has dogrusy, oňa gahary gelip, köpüň içinde köwüş bilen agzyna urdy. Içinden bolsa: “Işi soňuna çenli bitirmän, yza gaçmaga hyýal edýäňmi, mekir tilki? Urşy gutaryp, sag-aman öýe dolanaly, seni nätjegimi gowy bilýän. Hanalyny ýadyma salanyň hasam gowy boldy” diýip oýlandy. Bu gezek emir Nasrulla han ilçileri goýbermedi, olary ýesir alyp, Kokant söweşine buýruk berdi. *** Abdyllanyň tenine düşen ýaralary bitişdi, çişleri gaýdyşdy. Ankabaý bilen arasyny sazlady. Ýaňra Mübäregiň tükeniksiz hekaýatlaryndan on-ýigrimi sanysyny diňledi. Emma kumlakly Sünnetden derek bolmady. Bu günem irden molla Fitrat bilen gürrüňleşip otyrka bir ermeni bilen bir rus esgeri ertirlik alyp geldi. Olardan “Sünnetem oňatmy? Görnenok-la?” diýip sorasaň, müňkürlik etjekleri görnüp duran zat. “Ony nämüçin soraýarka?” diýip, şo bada başlyklaryna ýa sülçülere ýetirerler. Abdyllany daşky dünýä bilen baglap duran ýalňyz ýüp şu bolsa, iň gowusy, dilini dişinden aňyrda saklany kem däl. Ertirlik edinip bolansoňlar, ol molla Fitrata ýüzlendi: – Molla, siz klassyky şahyrlarymyz barada köp ylmy işleri ýazdyňyz. Hoja Ahmet Ýasawy, Meşrep, Durdy Salyh, Muhammet Salyh... Ýöne Nodiradyr Uwaýsiý barada ýeke agyz agzamadyňyz? Molla Fitrat az salymlyk oýa batyp: – Dogry aýdýarsyň – diýdi. – Zenan şahyrlarymyz barada hiç zat ýazmadym... Nämüçin diýýäňmi? Olaryň eserlerini esasan ýygyndylarda okadym. Nodiradan ýekeje-de düzüwli gazal tapmadym. Uwaýsiý ondan birneme güýçli, emma Uwaýsiý barada ýazjak bolsaň, Nodirany agzamazlyk mümkin däl... Hemmesi barada ýazjak bolsaňam ömür ýetjek däl... – Meniň pikirimçe, molla, siz Nodirany gaty peseldýärsiňiz. Onuň beýleki şahyrlarymyzdan kem ýeri ýok. Onsoňam onuň pajygaly ömür ýoluna-da bir seredip görüň. – Hä, berekella! – diýip, molla Fitrat dikeldi. – Ana, öz diliň bilenjik aýtdyň. “Pajygaly ömür ýoly” diýdiň. Emma welin, eserlerini okasaň, şo pajygalaryň ençemesini görmersiň... Hemmesi söýgi muşakgatlygy, aýralyk derdi barada. Uwaýsini okasaň, betbagt aýalyň, şormaňlaý enäniň, biçäre, ejiz kempiriň keşbi görnüp durandyr. Hudaýyň gös-göni özüne ýüzlenip: Bu halymny bilse Şah, dokuz pelekden ötdi ah, Doga kyl Uwaýsiý gümrah, köwşüm ýitdi, sizdemi? – diýşine sered-ä! Ýa-da başga bir gazalynda: Bu gün ýar ýanynda goýgul, Uwaýsiý, ahy-zaryňy, Arzy-halyň magşar güni Hudaga diýgeniň ýagşy – diýýär. Onuň hörpüniň belentligini görýäňmi? Hudaý bilen deňme-deň gepleşýär! Elbetde, Abdylla molla Fitratyň käbir garaýyşlaryny goldaýardy. Onuň “Şeýtanyň Hudaýa garşy topalaňy” atly işini ýatlap, mollanyň ala-böle şu beýtleri mysal getirmeginiň sebäbine düşündi. Gyzykly ýeri, Abdyllanyň özi-de bu setirleri kyssasynda ulanypdy... – Nodira hanym hem hörpi ýokary şahyrlaryň hilinden – diýip, Abdylla iki setir goşgyny mysal getirdi: – Ýa Ýaradan bendäňe emr edýän Özüň dälmi, Nodira emriňden çyksa, onuň haly ne bolgaý... – Bolýa, hörpi ýokary bolsa, ýokarydyr. Meniň diýjek bolýanym, döredijiliginde durmuşyndaky pajygalary görkezýän eseri ýok. Mysal üçin, iki ogly – Mädaly han bilen Soltan Mahmyt han bir-biriniň garşysyna çykýar. Soltan Mahmyt han seniň gahrymanyň Atabeke meňzeş, ol ýat şäherde öýlenýär, pul sorap, agasyna hat ýazýar. Mädaly han ejesiniň ýanynda: “Ol beren puluňa degenok” diýýär. Bu barada taryhçylar ýazýar. Ýöne ene hökmünde Nodira hanymyň sözi hany? Onuň döredijiliginde bu barada hiç zat ýok. – Hemme zady içine salyp çekendir – diýip, Abdylla Nodirany aklamaga synanyşdy. – Içine salan bolsa, ene hökmünde oňarypdyr. Emma biz Mahlar aýym hakynda däl-de, şahyra Nodira barada gürrüň edýäs. Şeýle dälmi? Ýaşlygyndan edebi çekişmelerde kemsiz bişişen molla Fitrat gitdigiçe jedele gyzyşýardy. – Ýa-da Nasrulla hanyň Kokanda ikinji ýörişini alyp göreli. Emir Hojandy basyp alandan soň Soltan Mahmyt han oňa dönüklik edip, agasy Mädaly hanyň tarapyna geçýär, leşgeri bilen Daşkent tarapdan gelip, Kamçik geçelgesinden aşýar, Kokanda barýar. Ozal inisini duşman saýyp, ýüz öwrüp ýören Mädaly pälazan ony gujak açyp garşylaýar, bagryna basýar, haremhana – ejesi Mahlar aýymyň ýanyna alyp barýar. Ejesi hem ony bagryna basyp, ýüz-gözünden öpýär, begenjinden aglaýar. Çünki bir ogly tagtdan geçýär, beýlekisi bolsa tagta göterilýär. Şekspirçilik pajyga diýseňem bolýar. Ýöne onuň goşgularynda bu ýagdaýlaryň birine-de gabat geljek gümanyň ýok. Hemmesi: Eý, serwi boýly ýar, nedir hyýalyň, Unutdyňmy beren wadaň, wysalyň? – diýen ýaly setirler. – Munusy-da ajaýyp gazal! – diýip, Abdylla ýylgyrdy. – Sen tankytçy däl, ýazyjy, seniň esasy ýaragyň akyl-paýhas däl, duýgy, seniň käriň iň bir deýýus adamyň hem gowy tarapyny görmek, ýüze çykarmak! – diýip, molla Fitrat elini salgap ýylgyrdy. Onuň damarlary çykyşyp duran giň maňlaýy alagaraňkyda ýalpyldap gitdi... *** Abdyllanyň kalbynda ýaşyryn bir syr bardy. Ol bu syry Fitrat ýa başga biri-hä beýlede dursun, hatda öz-özüne ynanmaga-da gorkusy ýetikdi. Aslynda şu kyssany ýazmaga girişmegine-de şol sebäp bolupdy. Bu syr bireýýämden bäri ony örteýärdi. Aýhanpaşşa barada kyssa ýazmak pikiriniň neneňsi ýagdaýda dörändigi Abdyllanyň ýadynda. “Mährapdan çykan içýan” romany üçin material gözläp, Fergana jülgesine gidende, Şährihan şäherinde bir gojanyň elinde köneden galan diwany görüpdi. Bu diwan ýagşu-ýaman gazallaryň onlarçasy ýerleşdirilen ýygyndy bolup çykdy. Ol gazallaryň arasynda “Hüseýinden aýra düşen Hasan” diýen bir setir özüne çekipdi. “Muny kim ýazypdyr?” diýip gyzyklananda Şährihanyň buýsanjy Aýhanpaşşanyň adyny tutupdylar. Şonda “Mährapdan çykan içýanyň” gahrymanlary Ranodyr Anwar bir gyrada galyp, häzirki syryň ilkinji uçguny peýda bolupdy. Aýhanpaşşanyň gazallaryny her näçe jan edip gözlese-de, Abdyllanyň suwytly tapan zady bolmady. Sorag-ideg edip, ýüz tutan adamlarynyň käsi bir setiri, käsi bir beýdi ýatdan aýdyp beripdi. Golýazmadan welin gördüm-bildim ýok. Ýöne Abdylla şojagaz bölek-büçek setirlerden, beýtlerden çen tutup, Aýhanpaşşanyň Nodiradyr Uwaýsiýden artyk bolmasa, kem däldigine göz ýetiripdi. Yzyndan nam-nyşan galmadyk ýitirilen golýazmanyň yzasy adamzadyň ýüreginde ebedilik galýar. Adam atanyň ilkinji şygry, Patma enemiziň gadymy golýazmalary, Ibn Sinanyň “Gündogar mantygy” we Hoja Ahmet Ýasawynyň hikmetleri... Bular entek öz dinimize degişli bolanlary. Beýleki medeniýetlere degişli ýitirilen kitaplaryňam hetdi bar-da, hasaby ýok. Keramatly Margaritanyň Isa pygamber barada ýazan Injilinden başlap, Çingiz hanyň syrly durmuş taryhyna degişli ýazgylara çenli... Abdyllanyň dosty Zahyr Aglamyň öýündäki mejlislerde Lowhul Mahwuzdaky* kitapdan soň ýere indirilen mukaddes ýazgylar barada näçe gezekler janygyp gürrüň edipdiler. Abdylla ýiten golýazmanyň ykbaly bilen gyzyklanyp, on ýyllap Fergana jülgesinde we Buharada barmadyk ýeri, görmedik adamsy galmady. Gözlegiň netijesinde birki sany gazaly dilden ýazyp almak başartdy, emma Aýhanpaşşanyň diwany tapylmady. Eger golýazmany tapyp bilen bolsady, onda Aýhanpaşşanyň özbek zenan şahyrlarynyň arasynda iň güýçlüsi diýlip ykrar ediljegine şek-şübhe ýokdy. Ýöne Abdyllanyň islegi başgaçady, has düýplidi. Diwan tapylsa, Abdyllanyň göwnüne, diňe bir özbek klassyky edebiýatynda öwrülişik bolman, eýsem, onuň bütin durmuş syrlary-da äşgär bolaýjak ýalydy. Diňe bir Aýhanpaşşanyň ömür beýanyna däl, öz durmuş ýoluna, oý-hyýallaryna, dünýäniň ähli syryna düşünäýjek ýalydy. Ol uly umyt bilen kyssasyny ýazmaga girişdi. Işe başlasa, belki, Hudaý “Al gulum!” edip, diwan tapylaýady-da! Geçen ýyl özara söhbet edip otyrkalar Abdylla gep arasynda Çolpana nä hyýala münüp ýörendigini ýaňzytdy. Asly andijanly Çolpan gitdi-de, bir ýerlerden Aýhanpaşşanyň tutuş bir gazalyny alyp geläýdi. Abdyllanyň: “Muny nireden tapdyň, dostum?” diýen soragyna bolsa, “Üzümini iý, bagyny sorama!” diýip, anyk jogap bermedi. Çolpanyň atasy bilen enesiniňem goşgy-gazal goşýandygyndan Abdylla habarlydy. “Aýhanpaşşanyň gazallar diwany bularyň öýünde saklanyp galan bolmasyn? Aslynda Çolpany Çolpan eden şo diwan bolsa näbilýäň?” diýip, ol öz ýanyndan göwnüni gümana berdi. Biraz oýlanyp oturansoň, öz pikirine özi güldi. Çolpanyň her hilije oýunlary bar. Birdenkä Abdyllany oýnamak üçin bu gazaly özi ýazan bolsa näme? Ol gazaly setirme-setir ýatlady: Didäň nemli, gözüň ýaşly, eý ýarym, saňa ne boldy? Gazap birle goly daşly, nigärim, saňa ne boldy? Başymda tokmakly sandal, el-aýagma urup gandal, Sen paýhasly, men bir nadan, enarym, saňa ne boldy? Gan deý akar boldy ýaşym, awy gatylan deý aşym, Bigäne bolan syrdaşym, tumarym, saňa ne boldy? Göçer kerwen, gider ýarym, saňa ak ýol, maňa zarym, Sowulmaz dükanym, barym – bazarym, saňa ne boldy? Gaýgydyr gama gatyldym, jebri-jepaýa çatyldym, Tükenmez tüme atyldym, çyragym, saňa ne boldy? Men bagty şor ene, ynha, magşar güni durup tenha, Sorar men ýyglaýyp zynhar, kararym, saňa ne boldy? Sowalym saňa, eý körpe, neçüýn tenhalygym türpe, Göklügne orulan arpa, mydarym, saňa ne boldy? Ýanar otda, közde galdym, aňzak, aýaz, buzda galdym, Bitmez ýaram, duzda galdym, humarym, saňa ne boldy? Görer men barçasyn şonda, zerreçe galmaz gümanda, Gaýyp bolan yşkym kanda, gubarym, saňa ne boldy? Bu gün Aýhan zar-zar aglar, tä ölinçä matam baglar, Afu kylman, ýürek daglar, Perwerdigärim, ne boldy? Ýok, muny Çolpan ýazyp bilmez... Gazalyň ahyrynda Aýhan tahallusynyň ornuna Çolpanyň adyny goýup gördi. Gazalyň äheňi Çolpanyňka gabat gelmedi. Bu gazaldan zenan ýüreginiň soňsuz dady-perýady eşidilýär, mundan başbermez heser, güýçli isleg duýulýar. Çolpanyň poeziýasy başgaça. Şonuň üçin Abdylla telim ýyl ozal degişmä salyp, dostuna döredijilikde diwanalyk dileg edipdi. Abdylla: “Aýhanpaşşanyň bir gazalyny bitewiligine tapan bolsaň, onuň diwanyny-da tapmaly bolarsyň!” diýip, gyssap ýörkä Çolpany tussag etdiler. Ol tapylmadyk diwanyň nyşany hökmünde öňünde ýatan gazal bilen ikiçäk galdy. Birbada bu gazaly kyssasyna neneňsi ýagdaýda ýerleşdirjegini bilip bilmedi. Birki günlükde Mübärek Aýhanpaşşanyň bir bölek hatyny görkezipdi. Şonda gep arasynda Abdylla ondan Aýhanpaşşanyň diwany barada sorady. Mübärek: “Londonda bolan wagtym kowumdaşlarymyzdan Sasson diýen adam maňa Konolliniň gündeligini görkezdi. Onda bir golýazma ýygyndy barada ýazylan ýeri bar eken. Özi-de Buharadan getirilipdir. Ol gündeligi maňa okatmak isledi, ýöne men gyssagly gaýtmaly boldum...” diýip jogap berdi. Eýsem, Aýhanpaşşanyň diwany Londona düşäýdimikä? Ony o ýerden nädip alyp bolarka? Abdylla ýaňsyly ýylgyranyny duýman galdy. “Otyrýeriň kül üstünde, göwnüň Kap dagynda. Entek romanyňy ýazyp gutaraňok, ýazyp ýetişen bölekleriň saklanyp galjakmy, ýokmy, Hudaý bilýär.” Bu gezek ol gussaly ýylgyrdy. Onuň öz golýazmasy-da nirededir bir ýerde ýatan bolmaly, esasy zat, ýitip gitmese bolýar... Ýitirilen golýazmalar baradaky jedeller hiç wagt kiparlanok, olaryň yzasy hiç wagt kalbyňdan çykmaýar. Aslynda Aýhanpaşşanyň, Abdyllanyň ýa başga biriniň ýazanlary gaýypdan iberilen kitaplary başgaça gaýtalamak, olara dürsu-nädürs çemeleşmek dälmi näme?.. Şu jähtden garasaň, Adam ata bilen How enäniň Behiştden kowlup, gara ýere sürgün edilmesiniň ýanynda bu tussaglyk, bu türme dagy nämejik? Abdylla ajy ýylgyrdy... *** 1258-nji hijri ýylynyň şowwal aýynyň ýigrimi üçünde, çarşenbe güni (1842-nji ýylyň 12-nji maýy) ir säherde al şapagyň kernaýy tümlügi serpip, Güneş nagarasy jeň sazyny çalyp başlanda emir Nasrulla han goşuny gözden geçirdi. Abdusamat naýyba gyzylbaş serbazlaryny we toplary söweşe taýýarlamagy buýurdy. Samarkant häkimi Ybraýym beg Urgut häkimi Adyl we Bahadyr seýis bilen bilelikde öz goşunlaryny sag tarapda ýerleşdirdi. Hisaryň we Şadymanyň häkimi Sopy diwanbegi bilen Uratepe häkimi Berdiýar agabeg bolsa, emiriň baştutanlygynda şähere garşy ýöriş etdiler. Kokantlylar Soltan Mahmyd hana elden gelen kömeklerini berdiler, üç gije-gündiziň dowamynda händek gazyp, daşdyr toprak bilen şäheriň daşyna berkitme gurdular. Emma günbatar tarapdan Abdusamat naýybyň topçulary şäheri top okuna tutup başlansoň, sähel salymyň içinde gurlan berkitmeden derek galmady. Bu söweşde ýerli ilat uly edermenlik we gaýrat görkezdi. Olar buharalylaryň açan her bir gädigini çaltlyk bilen ýapyp ýetişýärdiler, ýagy haýsy tarapdan hüjüm etse, gylyçdyr myltyk bilen olary yza serpikdirýärdiler. Şo pursat şäheriň içinde iki şeýh – Işan Şaýhça Buhary bilen Hajy Galandar Şaýh Şährisabzy öz müritleriniň öňüne düşüp, dowul ýaýradýardylar: “Buharaýy Şarifiň öten ruhlary bize yşarat etdiler, olar Mädaly hanyň hanadanyndan* ýüz öwürdiler, şu günden başlap, Fergana döwleti tä Kyýamata çenli Buharaýy Şarifiň emirine tabyn bolar!” *Hanadan – Dinastiýa. Işan Şaýhça öz müritleri bilen bazarlardyr dükanlary talamaga, Hajy Galandar bolsa, hazynany urmaga girişdi. Şäher ilaty bularyň garşysyna aýaga galdy. Bu söweşde kokantlylardan Abdyrahman ýüzbaşy, Ybraýym baý emin dagy öz esgerleri bilen şehit boldular. Şäheriň içindäki topalaňdan hem Abdusamat topçynyň dynuwsyz ýagdyrýan top oklary zerarly dörän başagaýlykdan peýdalanyp, buharalylar birbada şäheriň iki kwartalyny – Kalwagy we Şeýhany eýelediler. Samarkant häkimi Ybraýym begiň esgerleri bolsa şäheriň gorag halkasyny zabt edip aldylar, Hudaýguly serkerdäniň, Molla Ýoldaş baý eminiň, Satybaldy aksakalyň esgerlerini gaýgyrman gyrdylar. Bu jeňde Hajy Galandar hem öldürildi. Günortana çenli Kokant goşuny çar tarapdan gabawa alyndy we muşakgatly heläkçilige sezewar boldy. Gepiň gysgasy, hanyň kowum-garyndaşlary rejäniň geň däldigine derrew göz ýetirdiler. Olar täji-tagtdan ellibizar geçip, “Assa gaçan – namart!” diýip, hersi bir tarapa ökje göterdi... Şäherde talaňçylyk başlandy. Ýer bilen ýegsan bolan köşge iliň soňunda girse-de, Abdusamat naýyp gyzylbaş serbazlaryň ýardamy bilen Hojantdaky ýaly bir däl, iki-üç topuň nilini tylla-kümüşden, lagyl-göwherden doldurdy... *** Şowwal aýynyň ýigrimi üçünde, penşenbe güni (1938-nji ýylyň 12-nji maýy) Abdyllanyň adyny tutup, gapa çagyrdylar. Hyýal deňzine çümen adamyň ondan çykmasy birbada aňsat iş däl. “Daş-töweregimizde berkitme gurlup, händek gazyldymyka? – diýip, Abdylla kameradan çykyp barýarka oýlandy. – Duşmany içeri goýbermeli däl. Bu kyn işi kime ynansa bolar? Degre-daşyň duşman... Topy-tophanasy bilen sürnüp gelipdir... Olarda rehim-şepagat ýok... Eneňi, aýalyňy, bala-çagaňy gaýgyrman gyrjaklar... Ähli emlägiňi talajaklar...” Şeýle pikirlere gümra bolup, garawul esgeriň yzyna düşüp barşyna, ol haýsy tarapa ýöräp, nirä ýetenini-de duýmady. Gapy açylyp, otaga giren wagty ol ýerde Winokurowyň bir özüniniň oturandygyny gördi. Abdylla bir pursatlyk aýňalan ýaly boldy. Ýöne hyýal girdaby ony ýene öz holtumyna dolap aldy. Abdusamat naýyp: “Russiýanyň gelmegi-de biz üçin uly howp. Mädaly hany Hojanda hökümdar belleseňiz, Buharanyň tabynlygyndaky bir mülke serederdi we geljek duşmana galkan bolardy” diýende agzynyň üstüne köwüş degipdi. Winokurow hem emiriň edişi ýaly, gönden tikilen, ökjesi nally ädigi bilen agzy-burny diýmän depiberermikä? – Abdylla! Abdylla, bu men. Saňa näme boldy? – diýip, gorka düşen Winokurow sorady. – Sen entegem maňa ynanaňokmy? Al, ine, muny saňa Çolpan iberdi. Winokurow oňa bir bölejik kagyz uzatdy. Abdylla ynamsyz halda haty aldy. Aljyraňňylykdanmy ýa nerw ulgamynyň çendenaşa ýadawlygymy, şunça jan etse-de, Abdylla wagty bilen oý-hyýallardan örküni üzüp bilmedi. “Bu kimiň kime ýazan haty? Pälazan Mädalynyň Aýhanpaşşa ýazanymy? Aýhanpaşşanyň Hanaly derwüşe ýazanymy? Ýa Hanalynyň Abdylla ýazan hatymy?” Winokurow uzak wagt Abdyllanyň ýüzüne tiňkesini dikip duransoň: – Barybir maňa ynanmaýan ekeniň. Onda seret, ynha, şeýtsem, ynanarmyň? Winokurow sapançasyny çykaryp, Abdylla görkezdi. “Häzir atsa gerek – diýip, Abdylla oýlandy. – Içimdäki galagopluk şunuň üçin eken-dä”. Birdenkä içine edil gar ýagandaky ýaly ümsümlik aralaşdy-da, ähli galagopluk, tolgunma Winokurowa geçdi. – Ine, sapançanyň nagarasynda birje ok bar. Ine, men nagarany aýlaýan. Sapançany maňlaýyma direýän. Aldaýan bolsam, öleýin! Winokurow sapançanyň gulagyny gysdy. Sapança “çik” etdi, Abdyllanyň ýüregi üzülen ýaly boldy... – Ynandyňmy? Indi ynandyňmy maňa? – diýip, Winokurow agyr göwresini ýeňillik bilen oturgyja goýberdi. Ara dymyşlyk düşdi. Abdylla üznüksiz titreýän barmaklary bilen kagyzyň epinlerini açdy. Görüstan deý çola ýerde, tümlükde Azaşan adamy göz öňne getir. Gorkar ol! Gorkar ol! Ýöne asmanda Bir oýnam ýyldyzyň öçmän, lowurdap, Nur saçyp duranyn görende, kalby Bir pursat gorkyny ýatdan çykarar, Ýylp-ýylp edip, umyt uçguny körär, Ol halas bolmaga çagyrýan çelgi!.. Aşagynda bolsa: “Abdylla, doga-dileg edeňde men binamazy hem ýatlagyn!” diýen ýazgy bar. _______________________________________ *Zünnar – asly arap sözi bolup, guşak diýen manyny berýär. Musulman ýurtlarynda ýaşan musaýylar özleriniň haýsy dine degişlidigini görkezmek üçin belli reňkli guşak dakynypdyrlar. *Lowhul Mahwuz – Asmanyň iň ýokary gatynda saklanýan, adamlaryň ýazgydy ýazylan kitap. | |
|
√ Dirilik suwy -12: romanyň dowamy - 12.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -8: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Hakyň didary -4/ romanyň dowamy - 29.02.2024 |
√ Bäşgyzyl -16: romanyň dowamy - 22.10.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -6: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -14: romanyň dowamy - 08.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -16: romanyň dowamy - 22.07.2024 |
√ Duman daganda: Her gözeliň bir galasy, bir belasy bar - 16.06.2024 |
√ Duman daganda: Galp gazanar, galtaman gönener - 12.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap: roman - 06.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |