15:53 Kämil okuw kitaplary | |
KÄMIL OKUW KITAPLARY
Ylym we tehnologiýa
Ýurdumyzda döwlet derejesinde kompýuter tehnologiýasyny öwretmeklige, öwrenmeklige, okuwçylaryň, talyplaryň informatika dersini oňat özleşdirmegine köp üns berilýär. Mälim bolşy ýaly mekdebe 1-nji synpa kabul edilýän okuwçylara sowgat noutbuk kompýuterleriň berilmegi, 1-6-njy synpda informatika okuw dersiniň girizilmegi, informatıka we informasion tehnologiýalary dersiniň hem-de takyk ugurly okuw meýilnamasyna modelirleme we grafika dersiniň girizilmegi muny doly subut edýär. Kompýuter tilsimatyny öwrenmek üçin diňe kompýuteriň bolmagy zerur bolman, eýsem okuw gollanmalarynyň zerurlygy her bir kärdeşimize mälimdir. Bu babatda hem ýurdumyzda uly işler alnyp baryldy we barylýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzda orta we ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaplarynyň we gollanmalarynyň birnäçesi çap edildi. A.Allagulyýew, K.Ataýew, O.Garýagdyýew we D.Saryýew tarapyndan her bir synp üçin informatika dersinden okuw kitaplary okuw maksatnamalary esasynda taýýarlanypdyr. Kitapdaky maglumatlar sada dilde beýan edilýär we ol reňkli suratlar bilen bezelipdir. Her bir temadan soň esasy düşünjeler, soraglar, gönükmeler ýerleşdirilipdir. Tema boýunça saýlanyp alnan esasy düşünjeleri okuwçynyň hökmany bilim derejesine degişli hasap etmek bolar. Soraglary, gönükmeleri sapagy berkitmekde ulanmak ýerliklidir. Temalar üçin degişli gönükmeler işlenip görkezilen, düşündirilen. Bu bolsa okuwçylaryň mesele çözmek endiklerini ösdürmäge mümkinçilik berýär. Bu okuw kitaplary synag okuw kitaby hökmünde Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hödürlenilýär. A.Allagulyýew we M.Gurdowanyň taýýarlan “Kompýuterde programmalaşdyrmak arkaly meseleleri çözmek” atly okuw gollanmasynda VI-X synplarda informatika okuw dersi boýunça “Algoritmleşdirmegiň we programmalaşdyrmagyň esaslary” bölümine degişli meseleler saýlanyp alnypdyr we olaryň çözülişleriniň bir görnüşi programmalaşdyrmagyň Paskal dilinde görkezilipdir. Bu okuw-usuly gollanma meseleli çözmekde ýüze çykýan kynçylyklary ýeňip geçmäge ýardam berýär. Häzirki döwürde sapagy interaktiw usulda gurnamaklyga köp üns berilýär. Bu usulda sapagy gurnamak üçin hem mugallymyň interaktiw multimediýa tehnologiýalaryndan oňat baş çykarmagy möhümdir. A.Allagulyýewiň “İnteraktiw multimediýa tehnologiýalary” atly okuw gollanmasynyň bu tehnologiýany öwrenmekde ähmiýeti uludyr. Umuman, bu okuw kitaplary we gollanmalary informatıka boýunça bilim almakda uly ähmiýete eýedir. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |