KARSAKY
Ahmet Bekmyradowa bagyşlanýar.
Ýer togalagy döräli bäri, onuň daşynda aýlana-aýlana, ýagşy-ýamany göre-göre, aňkasy aşan awara ýeller elem-tas bolşup, bir öwrümde Müňgyşlak sährasynyň üstünden eýmenç habar getirdiler:
— Ýagy gelýär… Agyr ýagy gelýär!
At tapan atyna, düýeli düýesine, ikisinem tapmadyk eşegine atlandy. Gylyçlylar gylyjyny syrdy, galkanyny gerdi, ýaraga gurby çatmadyklar sähelçe saldamy bardyr öýdülen zatlary garbap alyp, özüne ýarag edindi.
Bu agyr iliň bir ganatyny penalap oturan esgi taýpasynyňam eli ýarag tutan erkegi ata çykdy. Baryp ýygna goşuldy. Naçarlaryny gara gamda, çülpelerini gara günde goýup, gitdiler.
Ýygnyň garasy ýitip, yzyndaky tozany ýatyşan badyna, esgileriň etrabynda depiň gümmürdisi ýaňlanyp ugrady. Haýbatly görnüşe giren bir oral aýal gümmürdiniň arasy bilen:
— Aý-u-u, heleýler! Çykyň-u baryňyz, erkegimiz gara başyny aman getirsin diýeniňiz çykyň orta! — diýip gygyrýardy.
Eginleri donly, billeri berk guşalgy, ýaglyklary kelleleriniň daşyndan aýlanyp-aýlanyp, dik maňlaýynda-da jyga şekilli daňlan aýallar bosuşyp çykyp ugrady. Uçup ötägiderinden gorkýan ýaly, ýere ýapyşyp oturan garaja öýleriň ortasyndaky giň meýdan aýaldan doldy. Olar depiň gümmürdisine goşup, ellerini dik depelerinde şarpyldadyp, ortada pyrlanýardylar. Käte iki-ikiden, käte-de aýlaw gurap, bir-biriniň üstüne sürünýärdiler, yza tesip-tesip, ýene öňe omzaýardylar. Eller bir ýokarda, bir aşakda, bir sagda, bir solda çarpylýardy.
Toý tutulmasa ýa-da ýas başa düşmese, bular beýdip el çarpyşyp ýörmezdiler. Çapak sesi çykdymy — ýönelige däldir. Häzir welin, toýmy-ýasmy, oýunmy-çynmy, saýgarmak çetin. Olaryň gözleri… oýna çykanyň gözleri däldi. Daşyndan seredene, bular oýna däl-de, gazaply jeňe giräýen ýaly. Elleriň şarpyldysy bolsa gylyç-gylyja degendäki şarkyldy bolup
eşidilýär. Dynuwsyz gümmürdeýän depem: «Ilim-günüm, gaýrat ediň! Gerçeklerim, göreşe galyň! Gaýrat ediň, gaýrat ediň!» diýip, üznüksiz gaýtalap duran ýaly.
Bularyň däbi şeýledi. Ärlerini, doganlaryny jeňe ugradanlaryndan soň özlerem «söweşe» girerdiler. Söweş hereketlerini özleriçe gaýtalardylar. Şeýdibem, ärleridir doganlaryna hemaýat berýändiris öýderdiler.
Gümmür-gümmür. Şarp-şarp. Gümmü-gümm-ow… Şarp-şarp-şarp… Ýaşy gaýdyşan aýallaram ýaş gelinler bilen deň gidişýär. Her kimiň göwnüne, özi ýadasa, ýorulsa, soňuna çenli çydaman çyksa ýa-da ýykylsa, şu pursat bir ýerlerde ganym bilen dikleşen arkadagy duşman astyna düşäýjek ýaly. Garşysynda aýlanýan aýalyň uzap gelýän ellerini orta ýolda garşylap, yzyna serpikdirmese, şol alysdaky eziz kelläniň üstünden parlap inip gelýän ganym gylyjy ony ýere togalaýjak ýaly.
Bularyň ynanjy şeýledi. Bu ynanç köplenç ýeňerdem. Kän-kän pidalar bilen, soňunyň agysy, ahy-nalasy bilen ýeňerdi welin, garaz, ýeňerdi.
O gezek bularyň hemaýaty ýetmedi. Ýagynyň öňünden çykan ýigitler telim gije-gündiz dönüp-dönüp söweşseler-de, gylyç-galkansyz galan elleriniň birini galkan edinip, beýlekisini gylyç deregine saga-sola aýlap-aýlap salsalar-da, ýowy gaýtaryp bilmediler. Yzly-yzyna atylyp düşen kellelerdäki açyk galan gözleri duşman atlarynyň toýnagyndan göterilen tozan gömdi.
Ýeňlenem ýa kysmatyna kaýyl bolup dyza çökmeli ýa-da gaçyp, başyny gutarmaly. Beýleki kowumdaşlarynyň yzy bilen, esgilerem bu ýowuz sähradan göterildiler. Yzlaşyp, bala-çagasyny, aýratynam, oglanjyklaryny gizleşip, gaçdylar. Kimsi dag-deňizden aşyp, alysalys ülkelerden çykdy, kimler özbekdir täjigiň ýurdundan pena isläp gitdi, kimselerem gelip, Jeýhun sebitinden mekan tutundy. Baran ýerlerine-de aýal-ebtatlar ak bürenip, maňlaýyndan ak daňnyp, matam tutup bardylar.
Şol ak daňy soňra, ýaşy gaýdyşan aýallaryň hemişelik geýnüwine öwrüldi.
* * *
Asyrlar arabasyny jygyldadyp geçdiler. Täze eýýam geldi. Esgileriňem üýtgeşik däp-dessurlary, köneden galan nusgalary öwrenilip başlandy. Alymlaryň ilki gözüne ilen şol gadymy oýun boldy. Paýtagtdan bir ýaş alym geldi-de, kolhoz klubunyň müdiri Oraz Agalyýewi yzyna tirkäp, toýdan-toýa gatnap, bu tansy yzarlaý-yzarlaý, baryp, pylanynjy asyrdan çykardy. «Bu tansda, e-e-e, antik döwrüň sungatynyň elementlerem bar. Aslynda, «esgi» diýmegem, e-e-e, «gadymy, köne» diýmek ahyryn» diýip, ol tansçy daýzalara janygyp-janygyp düşündirdi.
«Waý, muň antygy nämekä, janlarym?»
«Atam döwri diýdigi bolaýmasa…»
Alym ýigit bu tansa at tapman, birbada kösendi.
— Biz-ä «karsaky» diýäýýädik… diýip, daýzalaryň biri çekine-çekine dillendi.
— Karsaky näme? Edebi dilde oň ýaly söz ýok. Warsaky bar, e-ee, karsaky ýok… Geliň, şuňa «Çapak» diýeliň.
— Wiý, çapak-çapag-a çagalaň oýny.
— Ýok, diňe çapak bolmaly. Bu tansyň spesifiki aýratynlyklary diňe şony talap edýär.
Ýaş alym näme diýse, daýzalar «bolýar» diýdiler, ýöne bu oýnuň çyn adynyň «Karsakydygyny» welin, olaryň ýüregi bilipjik durdy.
Ýaş alym sag-aman başdan sowlansoň, yzysüre ýene ýörite bir adam geldi-de, tansçy daýzalary ýygnap, repetisiýa geçirip ugrady. «I-i» diýemde, başlamaly, «stop» diýemde, durmaly. Gitdik! I-i-i! Ras-s, dwa, ras, dwa-a… Stop, stop!» diýip, daýzalaryň enter-pelegini öwürdi. «Beýtmäň, beýtmäň ahyryn! Heý, aýal maşgala-da şeýdip bökermi, şeýdip topularmy?! Siz erkek däl ahyryn, topulyşyp durar ýaly. Aýal maşgalanyň hereketleri ýeňiljek, näzijek bolmaly. Sallanjyramaly, süýnüp-sarkybrak oýnamaly… Plastika gerek, plastika! Düşündiňizmi?» diýe-diýe, özüniňem sesi gyryldy gitdi. Ahyry şeýdip bir kollektiw döretdi.
Orazyň güni geldi. Dogrusy, bu zamanyň ýaşlaryna aýdym-saz etdirjek bolsaň, kiçiräk bir kolhozyň ýyllyk girdejisinden geçmeli, ilki bilen-ä, näme bol diýseň bolup duran elektroniki abzal gerek bulara, onuňam çet ýurtda ýasalany bolmalymyş. Onsoň kostýum, dellekdiru boýagçy… Bu daýzalar üçin bolsa o zatlaryň geregi ýok. Kolhoz başlygynyň ýanynda ýüzüňi saraldyp ýörmelem däl. Ýygna daýzalary, tutdur ellerine iki sany warak depregi. Anha, saňa kollektiw, anha, saňa tans, tansyňam gadymysy.
«Oraz beg-ä biziň kempirlere gowy güýmenje tapyp beräýdi» diýip, Sonagül daýzanyň adamsy Juma aga lah-lah gülerdi. Ýöne Sonagül daýzanyňam şol oýna gatnaşmalydygyny eşidende welin,
onuň ýüzi boz-ýaz boldy. Oraz: «Bulary soň gözden geçirilişe äkitjek» diýende, Juma aga has-da iňkise gitdi. «Häý, şü leňk-leňk edip ýörşüňe, oňňullygyň üstünden barmajagyn-a bilýärdim bi kempiriň — diýip, içini hümletdi. — Ýeri, indi ýetmişden soň gözden geçirilip ýörse… Häýt!» Ol bu agyr pikirleriniň sähelçe uçjagazyny daşa çykarandan, Oraz:
— Sen, Juma aga, döwürden yza galan, düşünjesiz adam, sen obamyzyň medeniýetiniň pajarlap ösmegine garşy bolýarsyň diýip alarladyberdi. Onsoň Juma aga:
— Bolýa, bolýa, össün, össün! diýdi-de, goýaýdy. Ol iki elini galdyrandan soň, beýleki ärlerem ýeke-ýekeden boýun egip
başladylar.
Ýöne hälki tans goýujy welin, öz döreden ansamblyny etrabyň sahnasynda görende — saçyna, welaýatda görende-de — ýüregine ýapyşdy. Repetisiýalarda «sallanjyrabrak», «süýnüp-sarkybrak», gül ýaly oýnan aýallar, niçikmi, aýgytly pursat gelip, il öňüne çykdyklary, ýene bir-biriniň üstüne topulyşyp ugraýardylar. Olaryň boluşlary «Wah, arman, aýal bolup doglupdyrys. Erkek bolan bolsak, ine, beýderdik» diýýäne meňzeşdi. Tans goýujy özüniň «plastikasyny» wes-weýran eden daýzalardan ömürlik gaty gördi. Olaryň welaýatdan paýtagta bökmelerinem tötänlik hasaplap, soňky tomaşalara barmadam.
…Şeýde-şeýde, ownukly-irili göreşlerde, ululy-kiçili gözden geçirişlerde ýeňe-ýeňe, daýzalar Moskwa ýetdiler.
* * *
— Maňa seniň «istoriýaň» gerek däl, maňa kolhozyň, etrabyň, galyberse-de, res-pub-likanyň abraýy gerek. Düşdüňmi? diýip, gany gaýnap duran Oraz medeniýet ýetmiş ýaşly Sonagül daýzanyň ýüzüni aldy. Özüň bir ýaşuly aýal. «Geliň, ony eýdeliň, muny beýdeliň, taýynlyk göreliň, abraýam, ansambylam özümize gerek» diýermikä diýsem, gaýtam, atam eýýamdaky gürrüňleriň başyny agyrdyp, beýlekilerem güýmäp otyrsyň. Müňgyşlak diýdiň, kyrk kepbe diýdiň, gutarmadyň…
Şeýdibem, Oraz kultur öz oturan şahasyna palta urdy. Uzak ýoldan öz yzyna düşüp gelen daýzalaryň «serdaryny» özüne garşy
goýdy.
Ilki Sonagül daýza, soňra-da beýleki daýzalar, Orazam, onuň «ansamblynam», abraýynam ýok hasabyna geçirip, obanyň mesawy gürrüňlerine başladylar. Orazyň gahar bilen galyp, «hors-hors» edip gidenem olaryň piňine däl ýalydy. Orazyň gany gaýnamazça-da bolmady. Ynha, «Çapak» ansamblynyň Moskwa gelenine iki gün boldy welin, heniz ýeke gezegem düzüwli repetisiýa edilenok. Näbelet ýerleri, näbelet sahnalary. Görmeli, öwrenişmeli… Bular bolsa, hamala, bärik çykyş etmäge däl-de, bazara mata söwdalaşmaga ýa-da gybata geläýen ýaly. Käşgä, ýaş-ýuş bolsa özlerem, iň ýaşy kyrk bäşi gorkuzyp ýören.
Moskwa gelnäýende, Oraz daýzalaryň bary öz synyndan aslyşar, bulary idekläp ýöretmeli bolar diýip pikir edýärdi. Moskwanyň howalaly jaýlary, bazarly dükanlary, ýokarsyna seretseň, başyň aýlanýan, depesi ýyldyza degip duran ymaratlary Orazyň daýzalarynyň howuny basmalydy. «Waý, Oraz jan, ýuwaşrak ýöräweri!» diýdirmelidi. Geň zat, tersine boldy. Hamala, bu jaýlaryň binýadyny şu daýzalaryň özleri, iň bolmanda, ýüwürjileri goýan ýaly, hol garagörnümden dazlaşyp barýarlar. Hüjre-hüjre dükanlaryň bärsinden girip, aňyrsyndan çykýarlar.
Orazyň iň uly ýagysy dükan boldy. Owadan-owadan, biri-birinden baý dükanlar, edil magniti bar ýaly, Orazyň daýzalaryny sokga sorardy. Ine, onsoň, Oraz olaryň birini tapyp gelse, ikisi ýokdur, ikisini tapsa, üçüsi gürüm-jürümdir. Hatda aw enjamlary satylýan dükanyň deňinden geçip barýansyňam welin, eýýäm görseň, daýzalaryň birki sanysy şoňa sümüp galandyr. Içiňi ýakaýyn diýen ýaly, edil gaýdylmazynyň öňüsyrasy kolhozam ýyllyk girdeji paýlapdy.
Metro giräýmänkä Oraz barmak çommaldyp, sanajak bolar.
— Oglan-a, eýdip mal sanalýandyr. Bu duranlar adam-uw özüň ýaly — diýerler. Alaç ýok, gözüň bilen sanaýmasaň…
Elektriçka şaglap geläge-de, gapylaryny açar welin, biri:
— Wiý, hany pylan ýeňňem? Ýa eýýäm mündümi? diýer. Biri: «Mündi», beýlekisem: «Ýok-la, entek münenog-a» diýer.
Edil şol pursat bularyň biri-birine sylag-hormatam artar. «Sen ilki mün-de, sen ilki mün-äý!» bolşarlar. Onýança, wagonyň gapysy şarkyldap ýapylar. Daýzalaryň ýarysy: «Ana, bu artyb-a gitdi» diýşip, daşarda galar. Onsoň Oraz kultur indiki duralgada düşüp, galanlara garaşmalydyr. Galanlar bolsa soňky gelen elektriçkanyň içinden penjireleri şapbatlaşyp: «Anha, Oraz-da, anha, Oraz!» bolşup, onuň deňinden geçip giderler.
— Men indi siziň yzyňyzdan höküdikläp, ylgaýyn ýöreýinmi, geçibakar ýaly?! diýip, agşam myhmanhana üýşülende, Oraz daýzalaryň üstüne gygyrdy. Olar bolsa gaýtam, jak-jak gülüp, Orazdan «kultur» lakamyny aýyrdylar-da, «geçibakar» lakamyny ýelmediler.
Şeýdip, bir uly kolhozyň uly klubunyň müdiri, ýokary bilimli Oraz Agalyýew, gel-gel, Moskwa gelip, «geçibakar» lakamyna eýe boldy oturyberdi.
— Entek oba, medeniýetiň ýanyna bir baraly, soň göreris kimiň näme bakarlygyny! —diýip, Oraz kolhoz başlygynyň medeniýet baradaky orunbasaryny gaýybana arka tutunyp, haýbat atdy.
«Medeniýetiň» sallançagyny üwrän daýzalar üçin ojagaz haýbatyň dagy nämejik!
— Şondan şuňa gelip, indem beýdişip, aljyraşyp ýörmäliň ahyryn, masgara bolşup. Ýeri, biriňiz ýitdiňiz ýa-da maşynyň aşagyna düşdüňiz-dä, onsoň men oba baryp, pylan daýyma ýa-da pylan agama näme jogap bereýin?! — diýip, Oraz ýumşak söz bilen olaryň uguny ýekelejek boldy. Daýzalar:
— Sen aljyraýansyň, özümiz-ä aljyramzok. Beýle-beýle şäherleri göre-göre gelýändiris diýip, ap-arkaýyn gürlediler.
Oraz ýene sesini gataldyp gördi:
— Men sizi etrapdan welaýata, welaýatdan respublika alyp çykdym. Indem Moskwa getirdim. Siziňem indi şumy sylagyňyz, sag bolsunyňyz, hä?!
— Nämä gygyrýaň? Seniň pylan agaňa gygyrdyp göremzok entek, seňki näme? diýdiler. Moskwa bolsa sen arkaňa hopba edip getireňok, hökümediň samolýody getirdi.
— Paýtagtdan biri gelip, bir zat diýse-hä, agzyňyzy açyşyp diňleýäňiz, aýdanynam edýäňiz. Meň bilen bolsa gözüňiz öwrenişipdir siziň… — diýip, Oraz sözüniň soňuny hüňürdä ýazdyrdy.
Birhililik bilen, daýzalaryň ýaşamaly otaglary myhmanhananyň dürli-dürli gatlaryndan düşüpdi. Ýöne bu ýagdaýam olaryň islendik wagt, islendik aralykdan «pikir alyşmagyna» päsgel berip bilmedi.
— Aýu, Gyzylgül! — diýip, aşaky, ikinji gatdan Sonagül daýzanyň sesi çykar.
— Hä-ä! diýip, dokuzynjy gatdan jogap geler.
— Meniň şü, Oraz doglan ýyly bolan agtygym bar-a…
— Gadamyňmy?
— Ýok-la, ondan kiçisi. Gandymy diýýän…
— Hawwa!
— Anha, şol geçip barýan oglanyň başyndaky telpekden şoňa birini alaýsam näderkä? Öz-ä gelişjegem eken.
— Sorap gal onda şol oglandan, nireden alanyny. Ýöne seniň agtygyň Oraz ýaly göýdüg-ä däldir, ulurajygyny almaly bolarsyň.
— Dogry şonyň-a… Gyýw, malçyk, aý, malçyk, durawer-uw…
Olaryň aralygynda ortaky gatda oturan Oraz baryp, balkondan boýnuny uzatdy. Uki görşi bolmasa-da, başy aýlanyp gitdi.
Aşakda, Sonagül daýzanyň otagynyň deňräginde bolsa häzir başy owadan gulakjynly bir ýigit dur, ýeňsesini gaşap. Durdy-durdy-da, ýylgyryp, başyny ýaýkady, eginlerini gysdy-da, öz ýoluna gidiberdi.
— Wah-e-eý, Gyzylgül, ol bendäň çagasy-ha bir dile düşmez eken, biziň Orazymyz ýaly… diýip, ýene Sonagül daýzanyň sesi geldi.
«Hä, degiberiň entek» diýip, Orazam öz ýanyndan dişini gyjaýardy. Ikinji gat bilen dokuzynjy gatyň arasynda bolsa eýýäm sygyrmydyr tana hakda gürrüň gidýärdi. Bu gürrüňe myhmanhananyň öňündäki ýaýlyp ýatan ýaşyl gazon sebäp bolanam bolsa ahmal.
«Iliň aýaly… bütin dünýäniň aýallary ellerine transparant alyp, köçä çykýar. «Daloý woýna! Daloý imperializm!» diýip. Telewizordan edil garaçygyňa seredip, interwýu berýärler. Gep-sözleri dagysy ýüregiňe jüňk bolup dur. Indi bulara bir seret! Mata, telpek, sygyr, göle…»
Medeniýet baradaky orunbasaryň: «Sen ýoldaş Agalyýew, öz daýzalaryň arasynda syýasy-terbiýeçilik işlerini göwnejaý ýola goýmalysyň!» — diýip, janygýany Orazyň ýadyna düşdi. Ýöne hany, terbiýä wagt barmy indi. Häzir repetisiýa başlanjak. Soňra-da…
Oraz öz daýzalarynyň otaglaryny ýekän-ýekän aýlanyp çykdy. Ýöne (bular birinden gaty görmesin!) käbiri hatda gapysynam açmady.
Oraz ahyrsoňy ikinji gata düşdi, boýnuny burup, Sonagül daýzanyň huzuryna bardy:
— Sonagül daýza, janym daýzam, beýtmäň! Özüň bir abyr-zabyr et-de, çykar bulary. Ýogsam, barja abraýymyzdanam el ýuwýas indi. Sahna goýbermezler bizi…
Öz agtygy ýaly oglanyň delmirip durşuny görende, Sonagül daýzanyň öýke damary ýumşady. Oňa rehimi indi.
— Jan guzym! — diýdi. — Olara abyr-zabyr etmäň geregi ýok. At-abraý diýlen zat olara-da sençeräk gerekdir. Ýöne ýaş-u-garry, aýal diýlen bedibagtyň ýaldyr-ýuldura, mata-marlaga gözi düşende, birden säginäýmesi bardyr. Olary Taňry şeýle ýaradypdyr… Şonda ýeňselerinden itekläp durmaň gelşiksiz-ä. Onsoňam, bularyň yzyndada birtopar ýola göz dikip, el serşip oturanlary bar. Onsoňam, bir gaty diplomym bar diýip, garry görgüliniň dilinden aslyşjak bolup durma ahyryn. Onsoňam…
Oraz garrynyň ähli «onsoňlaryny» mert durup diňledi. Sonagül daýza iň soňundan:
— Sen, oglum, gaty arkaýyn bolaý. Nirede ripitisiň barmy — beýlekiň barmy, özüm sürüp elterin bu heleýleri! — diýende, Orazyň üç gündür ýeke gezek ýyrşarmadyk erni gulagynyň bäri ýanyna baryp gaýtdy. Içindenem ol: «Medeniýetiň ýanyna bir ýetsek…» diýdi.
* * *
… Gümmür-gümmür. Şarp-şarp. Gümmü-gümm-o-ow… Şarp-şarp…
Üstünden telim asyr geçen «söweş» bu gün ýene sahnada täzeden tutaşdy. Mata-da ýatdan çykdy, dükanam, öýke-de galmady, kine-de.
Birwagt etden ötüp — süňňe, süňkdenem ötüp — ýürege ornan bagyr awusymy ýa-da uruş diýlen eýmenç ýagynyň öňünde döş gerip duran ogullaryna hemaýat bermek islegimi — garaz, bir gudratly güýç iň ýaşy kyrk bäşe golaýlan aýallary göz açyp-ýumar salymda özgertdi, ýigdeltdi, haýbatly, gaýduwsyz görnüşe girizdi. Olaryň gözlerine ot, billerine kuwwat berdi.
Bu daýzalaryň bar aýtjagyny näçe asyr mundan öň, ynha, şu oýna siňdirendigine Oraz häzir düşündi. Ol şu wagt ne-hä otyrdy, ne-de dik durdy, aralyk bir ýagdaýdady. Öz daýzalarynyň öňki-soňky beren azaplarynam şu demde unudypdy.
On asyryň aňyrsyndan gelýän güňleç hem aýyl-saýyl, howsalaly hem dabaraly gümmürdi Bütinsoýuz serginiň depesinden güwläp-güwläp inýär-de, Halk hojalygyň gazananlarynyň arasyna şol siňip dur, siňip dur… Sahnada pyrlanýan, başlary ak daňyly, billeri berk guşalgy aýallaryň bary garyşyp, goşulyşyp, bir ägirt göwrä, bir beýik Enä öwrüldi. Anha, onuň ýanar ot kimin alawlaýan gözleri edil bäbenegiňe seredip dur. Bir elinde çaga, beýlekisem saňa tarap uzapdyr. Onuň şol gadymky talaby, şol gadymy şygary: «Ilim-günüm, gaýrat ediň Gerçeklerim, ýowy saklaň!»
Tomaşaçylaryň bary ör-boýuna galdy.
Kömek KULYÝEW.
Hekaýalar