17:48 Kellesi bulaşyk lider | |
KELLESI BULAŞYK LIDER
Publisistika
M.Gorbaçýow boýunça düýpli jedelleri etmegimiz gerek. Sosializm baradaky gödek çekişmeleriñ ýurdumyza peýdasy ýok. Bir ýurduñ ýolbaşçysy - M.Gorbaçýow dünýäniñ iñ uly güýji bolan Sowet Soýuzynyñ şeýlekin çalt ýagdaýda nädip soñuna sogan ekip bildi? Şol döwür - 80-nji ýyllarda Hytaý Den Sýaopiniñ dörtli modernizasiýasyny durmuşa geçirmek arkaly dünýäniñ iñ uly güýjüne öwrüldi, Gorbaçýowyñ baştutanlygynda şol ýola giren Sowet Soýuzy bolsa nämüçin tiz wagtyñ dowamynda çagşady? Şeýleräk bolubilermi: - Den Sýaopin Mao Szedunyñ ýolundan daşlaşmaşdy. - Gorbaçýow leninizmden daşlaşdy. Ýurdy ýurt eden, düýbüni tutan Stalini itden beter ýigrendi. - Sýaopin rewolýusionerlikden çekmedi. - Gorbaçýow ýeri gelse-gelmese, özüniñ marksist-leninçidigini aýdyp magtanan bolýardy, aslyýetinde onuñ belli bir ideologiýasy, belli bir dünýägaraýşy ýokdy. Paýhasly Sýaopin Atatürk stilli uly reformalary geçirdi, Gorbaçýow bolsa Günbatary hoşnut etjek üýtgeşmeleri girizmek bilen çäklendi. Sýaopiniñ taryhyndan sapak aljak "Hytaýyñ Atatürki" Sun Ýatseni bardy. Gorbaçýow taryhyna gañrylybam seredesi gelmedi. Azatlygy Günbatar çeşmelerinden gözledi. Şobada eline Nobel baýragyny gysdyryberdiler! Galyberse-de... ABŞ onuñ üçin ýörite baýrak döretdi: Ronald Reýgan adyndaky Azatlyk baýragy. (Gorbaçýow bu baýragy alan wagty MRU (CIA) Latyn Amerikasynda döwlet agdarlyşyklary, gandöküşlikleri gurnap ýördi!) ABŞ bolsa taryhynyñ iñ sagçy häkimiýeti Gorbaçýowy öwmekden gaýra durmady. Günbatar Gorbaçýowy XX asyryñ ikinji ýarymynyñ iñ uly döwlet işgäri hökmünde gördi! Amerikan metbugaty 80-nji ýyllaryñ ahyrlarynda we 90-njy ýyllaryñ başlarybda gaýta-gaýta Gorbaçýowy “demokratik sosialist” diýip mahabatlandyrdy. "TIME" žurnaly “wizionerligi” sebäpli ony "Onýyllygyñ adamy" saýlady! Haýsy birini aýdyp, haýsy birini goýjak: "Gremmi" baýragyna çenli berildi! Bulary ýazmagymyñ sebäbi: Günbataryñ haýryna näme etseñiz - gadyrlanarsyñyzam, baýraklara-da mynasyp bolarsyñyz, şuña düşüniñ! • DÜNÝÄ SOSIALIZMINI-DE ZARBA URDY Sowet Soýuzynyñ çalt dargamagynyñ başga bir sebäbi-de, Gorbaçýowyñ liderlik ukubydy: Tejribesizdi. Belli bir müddetden geçmänkä "garry ýolbaşçylar çalt ölýär" diýip, ony sowet ýolbaşçysy - birinji sekretar edip bellediler. Ýogsam bolmasa ol: Karar kabul edip bilmeýän ýa-da uly jogapkärçiligi bolan kararlary öz wagtynda kabul etmeýän dik tumşukly býurokratdy. Galyberse-de onuñ liderlik ukyby ýokdy. Syasatçynyñ şahsy pelsepesinden zyýada näme gürlemelidigi barada düşünjesi bardy. Şeýtmese, syýasy babatda eýeleýän kürsüsinde oturybilmejegini gowy bilýärdi. Şu aýdyñ hakykaty bilmeýän ýok: düýpli kararlary kabul edip bilmeýän adam özüni lider hökmünde ýetişdirip bilmez. Ol hemişe sowallar bilen gürledi. Çünki jogabyny özü-de bilenokdy! Gorbaçýow reformalaryñ nämelerr baryp direjegine göz ýetirmezden howlukmaç herekete geçdi. Sebäbi ol "Üýtgedip gurmak" syýasatynyñ Sowet Soýuzyny dargatmaga sebäp boljagyny asla pikir etmedik geleñsiz ýolbaşçydy... Aslynda bu hakykaty sowet hökümetiniñ daşynda her öñýeten görmäge başlapdy. Homeýnä çenli ömründe birinji gezek bir ýolbaşça eli bilen hat ýazyp ugratdy: "Gel, musulman bol, ýurdy şerigat bilen dolandyr!" Gorbaçýow musulman-a bolmady, ýöne "marksizm-leninizm" diýe-diýe diñe ýurduny däl bütindünýä sosializmini-de bozdy, dargatdy. (Bizde-de "Atatürk" diýe-diýe nämeleri etmediler?..) Marksist-leninçidigini nygtaýan Gorbaçýow düýp açylyşy sap ykdysadyýetiñ üstünde çuñlaşdyrdy. "Çözgüt resepti" (täzeden gurmak), durgunlyk (stagnation, застой) ýaly düşünjeleriñ terjimesi IMF-den, Bütindünýä bankyndan import edildi! Çagşama bogazyny ýyrtyp diýen ýaly "Men barýan!" diýdi... • MASKALY ATATÜRKÇILER Gorbaçýow döwrüniñ neoliberalizm agzy bilen gürleýärdi: Imperializm eýýamy gutardymy? Agressiw, militarist, çozujylykly däl imperializm bolup bilermi? Sowallara jogap berenokdy. Özüñiz bilýänsiñiz, aslynda sowalyñ özi jogap... Dilinde zol “detantnik”- ýumşama sözi bardy. Hemişe berk prinsipleriniñ ýokdugyny agzady. Hiç zat bermän almagyñ tarapdarydy. Umumyýewropa öýüniñ tarapyny tutan Gorbaçýow dilinden düşütmän gelen, aslynda galkan hökmünde ulanan marksist-leninist pozisiýasynda nädip galmalydy? Öz taryhyny inkär eden lidere öwrüldi. Jahylyýetiñ döreden batyrgaýlygy bilen sowet daşarky syýasatyny "banditizmde" aýyplajak derejä çenli öte geçdi! Netijede sosializmi gowulandyrmak bahanasy bilen sosializmiñ aradan aýrylmagyna ýol açdy... Fidel Kastro "munuñ özi iniñi tisgindiriji dönüklik" diýdi. Emma: Günbatarda onuñ götergilenmegini hemişe artdyrdylar. Öz ýurdunda bolsa tarapdary gitdigiçe azaldy we ahyrynda ýok bolup gitdi. Munuñ özi Sowet Soýuzynyñ taryhy. Ýeri, biz bu ýakyn taryhdan näme sapak almaly? Gorbaçýowyñ mysaly şu görkezdi: Aktýorlar üýtgäp biler, esasy zat garaýyşlaryñ nähili üýtgejegidir. Sebäbi garaýyşy ýoga garaýşyny üýtgetmek añsat bolýar! Kellesi bulaşyk Gorbaçýowdan alynmaly sapak şudur. Teoriýasyz, programmasyz seretmek - kemçilikli seretmekdir. Teoriýa geçmişe seredip gurulýar. Ýurdumyzda bolsa, geçmiş - Atatürküñ ýoludyr. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 02.09.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |