14:04 Kim faşist? | |
KIM FAŞIST?
Publisistika
Hiç pikir alşylanok. Düýbüni gazyp biljek maglumatdyr tejribeleri ýok sebäbi... Global mediýa näme ýazsa, şo durşuna terjime edip, "hakykat şu" diýip, köpçüligiñ dykgatyna ýetirýärler! Biziñ mediýada daşarky habarlar boýunça bölümde işlemek üçin diñe daşary ýurt dilini bilmek ýeterlik! Habar merkezlerinde ençeme ýyllap terjime žurnalistligine garşy göreşdim. Ine, iñ soñky gezek... Germaniýanyñ Içeri işler ministri Nensi Fezeriñ beren beýanaty bilen ýapylan "Compact" žurnalynyñ pozisiýasynyñ üstünde durup geçesim gelýär: Ministriñ pikiriçe bu žurnal ekstremistik sagçy. Žurnal jöhitlere, migrantlara we parlamentar demokratiýa garşy rasizmi agza alyp bolmajak görnüşde gorjaýar. Hakykatdanam şeýlemi? Mesele "Compact" žurnaly däl, mesele žurnalyñ baş redaktory Ýurgen Elzesser hem däl... Soñky döwür şuña meñzeş syýasy aýyplamalara köp gabat gelýäris: Ekstremistik sagçy, antisemitist, migrant garşydaşy, demokratiýanyñ duşmany... Emma iriziji bu garalamalar meseläni çözmeýär. Dünýäniñ çar künjünde çaltlyk bilen gerimi giñeýän syýasy sarsgyn bar: Globallaşmagyñ utulanlary akym-akym bolup masgaralanan syýasy hereketlere ýönelýär... Nemes ministri Fezer ýaly sosial-demokratdyr liberallaryñ "göz bolsun" diýýän ýaly bu syýasy toparlary äwmezlik etmek, "ekstremistik sag" we ş.k diýip garalap şeýtanlaidyrmakdan başga bilýän zatlary ýok! Ýogsam bolmasa, taryh başga hili ýazylýar: Intellektual garalama wagtyñ geçmegi bilen üýtgeýär: Mysal üçin: * * * XIX asyra girilende ABŞ-da "demokratiýa" sözi "demagog" (söz oýnadýan, lakgy) sözi bilen den görlüp, paýyş söz hökmünde ulanylýardy! Liberal düşünje wagtyñ geçmegi bilen başga manylarda ulanylmaga başlandy. Täze kesgitlemede (synp-raýat) halk merkezi roldady. 1776-njy ýyldaky ABŞ-nyñ Garaşsyzlyk Deklarasiýasy "Biz halk" diýip başlamaýarmy näme? 1789-njy ýyldaky Beýik Fransuz rewolýusiýasy-da halk-millet adalgalaryna ýüzlenmeýärmidi? Emma: XX asyr soñlanyp barýarka demokratiýanyñ liberal köpgyrañlylygy-kesgitlmesesi körelmäge başlady. Sa:p "saýlama-saýlanmaga" inderilen demokratiýa ýetersiz görülmäge başlandy. Saýlawlar (ýolbaşçy partiýa sanawlaryny-sozulan ukypsyz elitalary) sa:p "tassyklanmaga" dönderipdi! Köpçülikleýin agalyk sürmek prinsipi doly üýtgäpdi we merkezindäki halky ýok edipdi... Mundan beýläk jemgyýetçilik esasyndaky (salgytdan girdejiniñ paýlanyşygyna çenli) adalatsyzlyklar bardy... Galyberse-de: Pul jadygöýlerini arkasynda göterýändigini pikir edýänler liberal wekilçilikli sistemaby derñemäge başlady. Olar düşünipdiler: "Hukuk döwleti", "adam hukuklary" düşünjelerini dilinden düşürmeýän separatistik neoliberalizm dünýäni aldawa salypdy. Ilkinji alamatlaryny saýlawlarda ses bermeýän gatlaklaryñ barha köpelmegi bilen görkezdi. Barybir garaşýan umytlarynyñ amala aşmaýanyny gören gatlaklaryñ isleýäni bolanok. Bärde başga bir mesele bar: Nensi Fezer * * * 2019-njy ýyldabir adalga orta çykdy: demokratorlyk. Demokratiýa we diktatura sözleriniñ birleşmeginden dörän söz demokratiýanyñ düzgünlerine eýerensirän bolup görünýän awtoritar hökümetleri-syýasy režimleri atlandyrmak üçin ulanylýar... Neoliberal "demokratorlygy" ýola goýan çepem, sagam "öz janyna kast etdi". Şeýlelik bilen: Jemlär bolsam, ýetersiz hasaplanan (tisginilen) tradision partiýalar çaltlyj bilen eremäge, ýok bolmaga başlady. Halk pikirine (duýguçyl manyda) merkezi rol beren ("populist") syýasy akymlar ulaldy, häkimiýet başyna gelmäge başlady. Sözümi jemläp aýtsam: Garalamazdan, ýarlyklamazdan (etiketlemezden), neşirleri ýapmazdan we "diñe meniñ aýdanym bilen ýörärsiñiz" düzgünini ýola goýmazdan başgarak "ýol" tapyp bolmaýarmy? Maksat demokratiýany janlandyrmak, oña gaýtadan ynam bildirilmegini gazanmak bolsa, näme etmek lazym? Ilkinji nobatda demokratiýanyñ hakykaty onuñ belli bir toparynyñ birkemsizdigu hakdaky çaklamanyñ soñuna çykmak bilen mümkin. Hiç kimse özüni aldamasyn, bu liberal demokratiýa idealy birmahal öldi! Neoliberalizm halky garyplaşdyrmak bilen çäklenmedi, syýasy taýdanam tepbedini okady. Ine, şularyñ pikiriçe, NATO-dyr "Gladio" garşy çykýan her nasionalist sagçy! Global maliýe diktaturasynyñ hakyky ýüzüni görkezýänler antisemitist! Arzan daşary ýurtly işçi güýjüne garşy çykýanlar migrant duşmany! Gorkuzmak arkaly ömürlerini uzaldýandyryn öýdýärler! Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 19.07.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |