17:37 Kleptomaniýa / hekaýa | |
KLEPTOMANIÝA
Hekaýalar
Kleptomaniýa grek sözünden dörän lukmançylyk termini. Ol käbir psihiki näsazlyk sebäpli gitdikçe ýaýbaňlanýan hem adamy ogrulyga, harsydünýälige iterýän, öňi aldyrmaýan ýagdaý. Onuň näsaglykdygyny-da, endikdigini-de seljermek kyn. (Lukmançylyk ensiklopediýasyndan) Şäher etegindäki daçalyga tarap barýan maşynyň sürüjüsiniň gapdalynda oturan orta ýaşly adam aýnadan daşaryk seredip, gyş paslynyň görnüşi bilen gyzyklanýan ýalydy. Emma ol tebigat bilen däl-de, maşyn sürüp oturan ýoldaşy hem kärdeşi Esen barada oýlanýardy. Näme üçin beýlekä? Hemme kişi gürrüňini edýär? Gülýänem bar, gaharlanýanam, ýigrenýänem az däl. Bir tarapdan seretseň, Esen ýigrenilmäge-de mynasyp. Emma biz welin ýigrenilmäge mynasyp adamy-da ýigrenip bilmeýäris, iň bolmanda gatnaşygy-da kesmeýäris. Ýigrenilmäge mynasyby ýigrenip bilmeseň, arany kesip bilmeseň, “Deň etmän duş etmez” diýlene barar-da. Özüne Esen aga, Esen halypa diýilmän, Esen Orazowiç diýlip ýüzlenilmegini halaýan, altmyşa golaýlan adam bazar ykdysadyýetine geçilenden soň, öňki arassa käri bolan mugallymcylygy taşlap, täjirlige baş urdy. Ol baý bolmak isledi. Ýogsam ol “dokuzy düzüw” diýilýänlerdendi. Ýokary bilim, parahat iş, ýeňil maşyn, içi kemsiz bezelen bäş otagly jaý, giň howlynyň eýesi. Çynmy-ýalanmy, gumda bäşdir-üçdür dowary bar diýibem gürrüň edilýär. Bir kemi ol örän gysganç adam. Ýakyndan tanaýanlaryň arasynda onuň “Esen gysyk” diýen lakamy hem bar. Şol gysyklyk ýaşy aňry gitdigiçe barha güýjäp, dermansyz derde öwrülen ýaly boldy. Şäher bilen daçalygyň arasy üç kilometrden açyk däldi. Howanyň mazaly sowugunyň bardygyny aňladýan ýaly ýagýan ygal ýuwaşjadan pelpelläp gelýän ýeňiljek ak gar däldi-de, yzyndan üflenýän ýaly bolup, ýere howlugyp düşýän çal jöwenekdi. Şeýle howada maşyn sürmegem, ýola pyýada çykmagam kynrakdy. Şonuň üçin bolsa gerek, giň şaýolda göze ilýän ulaglary-da barmak basyp sanaýmalydy. Öňden ýol gyrasynda duran eli çagaly aýala gözi düşen Almaz Eseniň etjek hereketini göz öňüne getirjek boldy. Çagaly aýal geçýän ulaglary duruzjak bolup yşaratam etmeýärdi. Beýle howada ýol gyrasynda durany, onda-da eli çagaly aýal maşgalany sähel ynsaby bar adam yşarata garaşman ulagyna mündüräýmelidi. Hany, Esen nädýärkä? Ol aýdyşlary ýaly diňe özi hakda oýlanýan harsydünýämikä ýa-da kalbynda rehim-şepagat barmyka? . . Ol bu gezek rehimdar boldy — maşyn eli çagaly aýalyň edil ýanyna ýetip saklandy. Özi bilen maşynyň içine ýakymsyz sowuk şemal hem alyp giren ýaş aýal: -Ýarym sagadam duramzok welin, mazaly üşäýdik! — diýip, hem-ä ýagdaýyny habar berdi, hemem minnetdarlyk sözüni aýtman, minnetdarlygyny beýan etdi. Ýeňil ulagyň ýanynda ýol gaýgy däl, gep-söz alşylmanka daçalygyň bäri ýanyna ýeten maşyn saklandy. Gapjygyny çykaran aýalyň “Näçe tölemeli? ” diýen sowaly Almazy geňirgendirmedi. Nätanyş bolup maşynyňa münen ýolagçynyň beýle sowal bermegi adaty zat. Ýöne “Iliň berýän iki manadyny beräýiň! ” diýen jogap Almazy haýran galdyrsa-da galdyrdy welin, iň ýamany ony nätanyş bir gelniň öňünde utandyrdy. Gelniň maşyna münüp geçen ýoly iki kilometr hem barly-ýokludy. Şol aralyk üçin eli çagaly aýaldan iki manat alyp biljek bolsa…Ýöne Almaz ondan beterine haýran galmaly boldy. Çagaly gelin sürüjä on manat uzatdy. Esen Orazowiç puly aldy-da, onuň puldugyna müňkürlik edýän ýaly, iki tarapyndanam synlap, jübüsine elini sokdy, gaýtargy bermäge özünde maýda pul bolmansoň, ýoldaşyna tarap seretdi. Muňa düşünen Almaz, jübüsinde näme baryny anyk bilmese-de, “ýok” diýen manyda başyny ýaýkady. Gelniň elinde ýene bir manatlyk tutup oturandygyny gören Almaz ony aslynda kireý üçin diňe şol birligi göwnünden çykarandyr öýtdi. Esen maşyndan çykmak bilen boldy. Almaz üçin bolsa kesesinden seredip oturmasy ýeňil düşmedik ýagdaý şondan soň başlandy. Ýyly maşyndan çykansoň egnine sepelenýän sowuk jöwenekden goranjak bolup boýnuny penjeginiň ýakasyna sokaýjak bolup ýygrylýan Eseniň bolşy hem gözgynydy, hem gülkünçdi, hemem utançdy. Penjesi gyzyl onlukly epeý adam geçýän maşynlary ellerini kelemenledip saklajak bolýardy. Ilkinji geçen ulag-ha el galgadylany üçin tizliginem gowşatmady. Esen Orazowiç ulaglaryň ýöreýän ýerine has golaý süýşeni üçinmi, nämemi ikinji maşyn ony kakyp geçäýmekden heder edip, az-kem gyra çekilende, ýere düşensoň birneme şypyljan jöwenekden dörän ýeňiljek gara läbik Eseniň aýakgabyna hapa suwukluk syçradyp gitdi. Uzyn boýly, eginlek, görmegeý adamynyň iki manat pul üçin görene göz bolup, gyşyň ygally howasyndaky göz-gülban ýagdaýyny synlaýan Almaz, has beterem ýolagçy gelniňem oňa seredip oturuşyndan utandy. Gelin içinden nähili pikir edýändir? ! Iki sany epeý adamyň biri-hä wagt baryny ýitirip, garaşyp otyr, beýlekisem şaýolda iki tarapa elewräp, geçýän maşynlary saklajak bolýar. Şeýdip gazanylan puldanam her haýsysyna ýetjek ýekeje manat. Adamlaryň dilinde mährew barmy, geçip gidýän sürüjiler näme diýýändir? ! Gabat gelen üçünji maşyn saklandy. Emma Eseniň haýyşyny diňlänsoň, sürüjiniň möhümini bitirjegem bolman, baş ýaýkap gitmegi nämäni aňladýar? Esen Orazowiçiň jöwenek ýagyp duran howada bolup ýörşi başda Almazda gülki oýaran bolsa, soňy gahara sapdy. Ol jübüsinden çykaran pullarynyň arasyndan bir manatlyk tapdy-da: -Sizde-de bir manat bar dälmi? – diýdi. Gelin manatlygy öňe uzadansoň, çal jöwenekden don geýnen ýaly bolup duran ýoldaşyna tarap elini salgan Almaz: -Esen Orazowiç, gelniň gapjygynda maýda pul bar eken, gaýdyber! — diýen gowy habary bilenem ýoldaşyny begendirdi. Esen gapyny açan badyna onuň elindäki onlugy alyp gelne uzadan Almaz iki sany birligi sürüjiniň oturmaly ýerine taşlady. Şol mahalam “Häzir gelin maşyndan düşüp giden badyna, men muňa ajymy pürkerin” diýip özüne wada berdi. Gelin maşyndan düşüp gitdi. Gelin gözdenem ýitip gitdi. Emma Almazyň agzyndan Eseni mugyra getirjek ajylyk pürkülmedi. Almaz ýoldaşynyň ýagdaýyna-ha düşünmeýär welin, öz bolşundanam baş çykarmaýar. Ol Esen Orazowiç bilen köp ýyllar bäri tirkeşýär. Ýagdaýdan “Pis—pisi, suw—pesi” diýen ýaly netije çykarjak bolsa-da, ikisiniň hüý-häsiýeti hem kän gabat gelmeýär. Umuman-a, açgözlügi diýäýmeseň, Esen Orazowiçem il-günüň şatlygyna gynanyp, tukatlygyna begenip ýörenlerden däl. Onsoňam, elli ýaşdan soň täze dost gözläp tapjagyň Esen Orazowiçden gowy boljagyny sen nä bilýäň? Esen Orazowiçiň binýady giňden tutulan jaýynyň ýerzeminine girilýän gapynyň gapdalynda bir adam zordan sygaýar ýaly pessejik işik bar. Aýratyn bir jaýjagazy esasy ýerzeminden bölmek üçin oturdylanyna otuz ýyl dagy bolup ýörendir welin, şol işigi Eseniň özünden başga taňry bendesi açyp gören däldir. Öý eýesiniň ynanjaň hem örän gowy aýaly bar. Adyna Dünýä diýýärler. Ol dünýä ýaly düşnüksiz bolmasa-da, dünýä ýaly giň, üstesine-de sadarak. Ol açary hem görkezilmeýän gapydan seýregem bolsa, girip-çykýan adamsynyň ýerzemini bilen gyzyklananda ýigrimi ýyl mundan ozal alan jogaby bilen henizem kanagatlanyp ýör. Uly ýerzeminden bölünip gurlan jaýda Dünýäniň adamsynyň geografiýadan okadýan sapagyna degişli görkezme esbaplary, il gözünden gizläp saklamaly seýrek gabat gelýän del kitaplar saklanýarmyş. Olary geografiýa bilen iş salyşmaýan adamlardan başgalara görmek zerurlygy hem ýokmuş. Dünýäde şol geografiýa degişli däl adamlaryň biri, üstesine-de, adamsyny ýalan sözleýän ýa-da eli egridir öýtmeýän pahyr hemme aýdylana ynanaýýar. Ol ýerde gaty gizlin hem örän zerur okuw esbaplarynyň-da bar bolmagam mümkin. Dünýä şol çak edýän mümkinliklerine ynansa-da, äriniň öz ýerzeminine öýdäkileriň hemmesi uklandan soň, howlynyň derwezesini-de ýapyp girýändiginiň manysyna welin onçakly düşünmeýär. Ýene Dünýäniň şol giňligi-dä. Ol öz ynanmazçylygyna özi jogap tapyp özüni köşeşdirýär. Syr saklamaýan adam barmy? Ýerzemindäki kiçijik gapynyň aňyrsynda ini-boýy dört ädim barly-ýokly jaý bar. Jaýyň dört diwaryna-da galyň tagtadan edilen kitap goýulýan tekjeler ýaly seki aýlanypdyr. Her öňýeten şol sekileriň üstündäki sanardan kän zatlaryň hemmesiniň adyny hem biläýmese gerek. Olaryň arasynda, adamsynyň Dünýä aýdyşy ýaly geografiýa, astronomiýa ylmyna degişlilerem görünýär. Ol düşnükli. Ýöne birçak ulanyşdan galan, matasy brezentden edilenem bolsa, tozup giden tonometriň iki sanysynyň, demir bölegi poslap, üstüne kerep örtülip giden köne şprisiň, üýtgeşik atagzynyň, bu döwürlerde gabat gelmeýän gödek äýnegiň näme üçin görer gözden gizlenip saklanmagy welin çala düşnüksiz. Gulp astynda goralýan başga-da birnäçe köçä zyňsaňam, almak üçin egleniňe degmejek zatlaryň nämä gerekdigini Esen Orazowiçiň özi bilýän bolaýmasa. Sekileriň üstündäki sanardan kän bolup göze görünýän zatlaryň arasynda almaly diýlende garbaýmalylaram bar. Mysal üçin Awisenanyň “Lukmançylyk ylmynyň kanonlary” diýen kitaby. Gynyna altyn çaýylana meňzeýän uly pyçak, bir tarapy pyçak beýleki tarapy gyrgyçly çakgy, gyýnsyz jöwher pyçak, kümüş çemçeler, üflenip çalynýan owadan saz guraly, bu çaklarda hiç ýerde göze ilmeýän, ujuna altyn pero oturdylan alahekkäniň ýelegine çalymdaş saply ruçka, uruş yyllaryndanam ozal gözden ýiten kaşaň gapakly syýa çüýşesi, el terezileriniň telim görnüşi, köne döwürden gürrüň berýän kinoda ýa-da muzeýde gabat gelýän, ulanyşdan galan, oltaňlanan ýeke taý çaryk, çilim salynýan kümüş gapyrjak, tutaýy seçekli dürre gamçy… garaz, Esen Orazowiçiň ýerzeminindäki zatlary kesesinden synlap oňaýmasaň, atlaryny sanap gutarar ýaly däl. Bu hakykat. Ýöne goraglanyp saklanýan ol zatlaryň sowgat berilmändigi hem hakykat. Olar Eseniň ilde gaty seýrek gabat gelýän gylygynyň kömegi bilen ýygnan harytlary bolmaly. Şonça zadyň haýsysynyň haçan, nähili ýol bilen ele salnandygyny Esen Orazowiç edil öz adyny bilşi ýaly takyk bilýär. Sebäbi olar soňky eýesiniň ömür taryhydygyndanam başga tükeniksiz lezzet. Esen Orazowiç maýdamy-irimi, parhy ýok, ogurlyk etmekden diňe lezzet alýar. Ogurlyk onuň üçin erbetlik däl. Çünki erbetlik adama lezzet berip bilmeýär. Ýene bir geň zat ol şu ýaşyna çenli ogurlyk edip gelenem bolsa, obadan gaýdyp şäherleşen otuz ýylynyň dowamynda tapynan dost-ýarlarynyň, gatnaşyk saklaýan tanyş-bilişleriniň hemmesi onuň çakdanaşa açgözdügini-de, bir manady öz şirin janyndanam eý görýän gysykdygyny bilselerem, bilmediksirän bolýarlar. Diýmek, Eseniň edýän hereketi ilden çykmaklyk däl. Ýogsam il oňa, iň bolmanda, “Ýüzüň üstünde burnyň bar” diýerdi ahyryn. Esen Orazowiçiň ýerzemininiň ýene bir aýratynlygy ol ýerde elektrik yşygyna derek üsti çüýşeli pelteli çyra ulanylýar. Şonuň üçinem daşardan şemal geläýjek deşigi ýok jaýda nebitiň tutuk ysy derrew burnuňa urýar. Çyrany bolsa, ýerzemine gündiz girseňem ýakmaly bolýar. Esen Orazowiçiň ýerzemindäki zatlarynyň günde-günaşa üsti ýetirilip durulmaýar. Käte bir günde iki zat gelse, käte üç aýda-da ýeke zat gelmeýär. Ýöne ýigrimi ýyl bäri, seýregrägem bolsa damyp duransoň, kiçijik ýerzeminde köl döredi. Esen Orazowiç lezzet berýän gowulyk hasap edýän endiginiň özünde haçan başlanandygyny ýatlap bilmeýär. Ol özüni bileli bäri mydama ogurlygy küýseýär. Diýmek ol endik onuň özi bilen bile doglan bolmaly. Ol her bir zatda, her bir hereketinde özi üçin diňe bähbit araýar. Öz bähbidine gezek gelende kalbynda bar bolmagam ahmal utanmaklyk, haýalylyk şol bada ýok bolýar. Bir gezek Esen Orazowiç dosty Almaz bilen şäheriň gaýrasynda döredilen emeli köle suwa düşüp gelýärkä, sebäbini-de aýtman, ýoldaşy üçin nätanyş bir howla sowuldy. Onuň maşyny gaty ynam bilen sürşi, howluda arkaýyn öwrüm edişi bu ýere birinji gezek gelmeýäninden habar berýärdi. Maşyn saklanyp-saklanmanka, iki tarapy-da serilgi duran derwezä meňzeş gapydan togalanyp diýen ýaly haýdap çykan boýy gaty kelte, oňa derek agram bereketi berlen, semizden dörtgyraň adam Esen Orazowiçi elinden tutup diýen ýaly ulagdan düşürdi, Almaz bilenem köne tanyş ýaly bolup gadyrly salamlaşdy. Almaz öz ýanyndan olary birek-birege ýatdan çykmajak ýagşylyk eden bolsalar gerek diýip çaklady. -Ýoldaşym bilen suwa düşüp gelýädik-de, salamlaşyp geçäýeýin diýdim. Başga mesele ýok. Sag bolsaň bolany. -Täzelikde daşary ýurt towugy gelip düşdi. Iýip gaty öwdüler welin, sizem onuň tagamyny nähilidigini biliň! Togalak adam Eseniň “gerek” ýa-da “gerek däl” diýen jogabyna-da garaşman, derrew yzyna gitdi-de, doňdurylan towuk salynýan heniz açylmadyk karton gutyny alyp çykdy. Guty maşyna salnansoň, togalak adam Almazyň ýüzüne seretdi. -Saňa näçesini getireýin, gadyrdan? — Ol Almazyň “Maňa gerek däl” diýen sesi özüne ýetmänkä saklajak bolýan ýaly iki elini-de barmaklaryny ýazyp öňe uzatdy, jogabyna ilki elini silkip jogap gaýtardy. Soňam — Bu gapydan gowy adamlar gelip boş gitse gelşiksiz bolar — diýdi. Togalak adam ýene öňki hereketlerini gaýtalady. Ol açyk gapydan girip çykanda elindäki ýukajyk sellofan haltada iki sany towugyň bardygy göründi. Almazyň garşylygyna garalman, ol iki towugam maşyna taşlandy. Esen Orazowiç towuklaryň bahasyny hödürlejek adama meňzemän, arkaýyn durdy. Almaz ýoldaşyna öýkünip bilmedi, ýöne jübüsine elini sokanda, togalak adam onuň goşaryna ýapyşdy. -Pul çykarjak bolma. Pul görsem meň başym aýlanýar. Üstesine, sen bu gapydan birinji gezek gelýäň. Puly indiki sapar alaýaryn. Bu gezek pul hödürleme. Gaty görerin… Eseniň çalaja ýylgyryp durşy tutuş bir guty towugyň bahasyny hödürlejek adama-da meňzemeýärdi. Öz ýoldaşyny tanaýan Almaz ol ýagdaýy geňlik diýibem kabul etmedi. Ýöne onuň üçin hakyky geňlik ýüzugra, öýüne ýetilensoň bolup geçdi. Maşyndan düşüp sagbollaşan Almaz mugt düşen iki towugyny hem alyp ýöräberende “Dur! ” diýen haýbatly sese yzyna gaňryldy. Eýýäm maşyndanam düşen Esen Orazowiçiň ýüzi nätanyş bir adamynyňky ýaly bolup göründi. Almaz saklanmaly bolandygynyň sebäbini soramanka Esen: -Iki towugyň bahasyny goýup git! — diýdi. Beýle habar Almazy aňk etdi. Esen Orazowiçiň sesinde öýun-henegiň alamaty bolmansoň, ol “Şu gezek bir ejizligini ýüzüne basaýyn” diýen aýgyda geldi. Emma ýene başarmady. -Towuklar ikimize-de mugt berildi ahyryn? — diýip geňirenmekden başga ýol galmady. Almazyň hakykaty ýüzüne aýdyp, namartlygyny görkezmäni sebäpli, ozalam özüniň mamladygyna müňkür bolmadyk Eseniň tersiniň dürsdigine ynamy berkedi. -Towugy mugt beren adam seň tanşyň däl, meň tanşym. Almaz ýene bir gezek ýoldaşynyň ýüzüne garady. Ýoldaşyň ýüzünde hamy galyňlykdan başga alamat görünmedi. Nähili hereket etmelidigi hakda oýlanyp gelen netijesini mertlik hasaplan Almaz jübüsinden çykaran iki däl, belki-de, dört towugyňam bahasyna ýetjek puly ýoldaşyna tarap zyňdy-da ýöräberdi. Onuň puly şemal alyp gider diýen çaklamasy-da amala aşmady. Pul ýere gaçsa-da, ýerde uzak ýatmady, şemala-da berilmedi. Öýüne giren Almaz öz-özi bilen gepleşdi. Eseniň eliniň egridigini, nebsine gaty ejizdigini, şol iki häsiýeti bilen diňe özüni däl, gatnaşýan adamlarynam biabraý edýändigini bilselerem hiç kim Eseniň ýüzüne gelmeýär. Adamlar özleri biabraý bolmak derejesine ýetmäge razy bolsalaram hakykaty ýoldaşynyň ýüzüne aýdyp özlerinem, ýoldaşynam biabraýçylykdan halas etmegiň gamyny iýmeýärler. Almaz şeýle kesgitlemäniň manysyna düşünse-de, özi hem şol dogry pikir bilen hereket etmeýär. Näme üçin beýlekä? Ýoldaşyň kemçiligini açyk aýdyp bilmezligiň özüňe-de ullakan zeper ýetirýär ahyryn. Emma adam diýilýän mahluk köplenç halatda öz bähbidiniň, ýoldaşynyň bähbidiniň garşysyna hereket edýär. Almaz durmuş düşnüksizligi hakda, Esen hakda oýlananda özüni hem ak guş hasaplamaýar. Sen öz ýoldaşyň aýylganç kemçiligini ýüzüne aýdyp bilmeýärsiň. Sebäbi oňa ýigrenji görünerin öýdüp gorkýarsyň. Ýigrenji görünmek islemeýän bolsaň, ýigrenji häsiýetli adam bilen gatnaşygyňy näme üçin kesmeýärsiň? Häsiýetleri gabat gelýän adamlar bile tirkeşýärler ahyryn. Bu näme üçin beýle? Almaz ol sowalynyňam dürs jogabyny bilýär. Ýöne şol dürslügi durmuşa geçirmeli bolsa welin, ol eýýäm başga adam. …Lukmançylyk institutynyň dekanlarynyň biri on-on iki adam çagyryp, doglan gününi belledi. Oňa Esen Orazowiç hem çagyryldy. Ol çagyrylan täk özi bolsa-da, edepli kişileriň etmejek işi – institutyň çagyrylmadyk mugallymalarynyň birini hem ýany bilen alyp bardy. Şeýtmek bilen ol özünem, mugallymanam öý eýesiniň öňünde gelşiksiz ýagdaýa saldy. Kalbynda ýaramaz bir maksat saklamasa-da, Esen Orazowiç şol görmegeý mugallymany käte maşynyna mündirmegem, ýygy-ýygydan köçede gabatlaşmagam kem görmeýärdi. Myhmançylyga institutyň rektorynyň ylmy işler boýunça orunbasary, atly alym hem çagyrylypdy. Hem-ä şonuň üçin hemem beýleki çagyranlary-da köçede pyýada ýöremeýänler, sähel mürähet edilen ýere baryp ýörmeýänler bolany sebäpli, öý eýesi elini gaty açdy. Çaklaňja howlynyň ortasynda goýlan stoluň üstündäki nazy-nygmatlaryň deňli-derejelidigi hakda-ha gürrüň ýokdy welin, hemme myhmanyň öňünde goýulmaýan gymmatbaha gap-gaçlar-da orta çykarylypdy. Satyn alnany bäri megerem ilkinji gezek myhmana hödürlenýän altyn çaýylan çaklaňja çemçeleriň saçak başynda goýylmagy bolsa tarhandökerlik edilip joşulýandygyndan habar berdi. Ähli zatdan öňürti Esen Orazowiçiň ünsüni çeken hem çyranyň şöhlesi bilen çaknyşyp, bolşundanam owadan görünýän şol çemçeler boldy. Myhmanlar stol başyna geçen badyna altyn çaýylan çemçeleri ýakyndan synlan Eseniň nebsi erkinden rüstem geldi, agzy suwardy. Ol gapdalynda oturmaly mugallyma hyzmat edýän kişi bolup, bir eli bilen onuň oturgyjyny süýşürende, beýleki eli bilenem oňa niýetlenen altyn çemçäni öz tarelkasyna tarap çekdi. Soňam ol çemçe hiç kime görünmän, Eseniň täze penjeginiň goltuk jübüsine girdi. Nahara başlanmazyndan öňürti hyzmat edýän iki sany ýigide tarap elini salgan myhman: “Bärik bir çemçe goýuň! ” diýip gygyrdy. Entek oturmanka özüne niýetlenen çemçäniň bardygy gözüne ilen mugallyma sesini çykarman, öňündäki tarelkanyň sagyna-çepine seredişdirdi. Onuň ýap-ýaňy gören çemçesini gözleýändigi düşnüklidi. Ýöne Esen oňa üns bermedik kişi boldy. Ýigitleriň biri derrew çemçe getirip gitdi. Ýöne altyn çaýylan çemçeler gaty hasaply ekenmi-nämemi, getirilen owadanam bolsa, adaty çemçedi. Magnitofondan ýaňlanan ýeňiljek saz keýpleri köklenen myhmanlaryňam birnäçesiniň ökjesini ýeňletdi. Esenem şolaryň biri boldy. Ol görmegeý mugallymany tansa çagyrdy. Olar ýaňy birki öwrüm edenlerinde, mugallymanyň elindäki akja ýaglyk ýere gaçdy. Öňem oňa özüni medeniýetli kişi edip görkezmegiň aladasynda ýören Esen gabat gelen bu pursatdanam, elbetde, peýdalanmalydy. Ol elýaglygy almak üçin çaltlyk bilen aşak eglende, goltuk jübüdäki altyn çaýylan çemçe aşak gaçdy. Çemçäniň şaňňyrdysy öý eýesiniňem ünsüni çekdi. Çagyran adamlarynyň her haýsynyň hüý-häsiýetine belet dekan şaňňyrdynyň nähili ýol bilen dörändigine derrew düşündi. Ol Esen Orazowiç sebäpli myhmanlarynyň öňünde gelşiksizlik duýdy, erte-birigün ony ýörite tapyp, beýle ýaramaz ýagdaý üçin ýüzüni gyzartmagy özüne pent etdi. Çemçe ýere gaçanda, ol wakanyň döremegine gözli şaýat bolan mugallymanyň aýagy duşaklanana döndi, doňup galdy. Ol Esen Orazowiçi utanç diýilýän ynsaby aýagynyň astyndaky haşamlanan beton örtügiň bir adamyň göwresi sygaýar ýaly ýerini opurup, aşak alyp gider öýtdi. Onuň yzy bilen mugallymanyň özi-de ýer astyna girip, töwerekden haýran bolup seredýän abraýly gözlerden gizlenmäge taýyndy. Emma betonam ýarylmady, hiç kimi ýer hem ýuwutmady. Gaýtam, Esen Orazowiç özünden gaýry hiç kim çemçäniň gaçanyny gören däldir, özünden gaýry hiç kim şaňňyrdysyny eşiden däldir öýdüp, ony ýene jübüsine salansoň, tansy dowam etdi. Bolan iş mugallymany aňk etdi. Ol Esen Orazowiç bilen tirkeşip bu ýere gelmeginiň, onuň bilen tansa çykmagynyň ökünip yzyndan ýetip bilmedi. Hut şu mahalyň özünde bu ýerden ulukjyn alyp gitmäge kaýyl geldi. Ol eýýäm bir gezek köpüň öňünde gözden düşen Esen Orazowiçi ikinji gezek masgara edip durmagy uslyp görmän, oňa aýdylmaly zäwekli sözleri ertire goýdy. Mugallyma bile tans edýän ýoldaşynyň gözüne garap bilmän, ýüzüni gapdala sowanda, görejine kaklyşan dekanyň howlusyndaky ullakan hurma agajynyň güýz howasyna tylla sary reňke aýlanan ýapraklary boldy. Ýapraklaram mugallymanyň gözüne şahalardan sallanyşyp duran altyn ýaýylan çemçe ýaly bolup göründi. Mugallyma özüni köpüň öňünde gelşiksiz ýagdaýa salan çemçelere seredip bilmän, ýüzüni aşak saldy. Ol ertirmi ýa birigün Esen Orazowiçi ýekelikde görmäge howlukdy. Görmegeý mugallymanyňam, öýüne myhman çagyran dekanyňam ertir diýenem geldi, birigün diýenem. Olar Esen Orazowiç bilen ikiçäk bolubam görüşdiler. Ýöne hiç haýsy-da mert duragada, açyk gepleşip bilmedi, telege telek diýilmedi. Dost-ýarlary tersine ters diýmeýäni üçinem Esen Orazowiç tersini dürs hasap edýärdi, özünde kemçilik bardyr öýtmeýärdi. Şonuň üçinem onuň harsydünýälik keseli örüsini giňeldýärdi. …Wagt entek onçakly giç bolmasa-da, ulag gatnawy kiparlap, köçeler çolarypdy. Şaýol bilen maşynyny ýuwaş sürüp gelýän Esen Orazowiç köçe gyrasynda elini galdyranyň ýanyna ýetip saklandy. El galdyran ýigrimi ýaşlaryndaky ýigit eken. Esen Orazowiç öýüne çenli benzini netijesiz ýakyp gideninden, bir manadam bolsa, gazanç edenini kem görmedi. Asyl ýigidiň ýoly onuň bilen ugurdaşragam eken. Ýöne welin nyrh meselesindäki çekeleşme iki tarapyňam esli wagtyny aldy. Sürüji ýedi manat kesdi, ýolagçy bäş diýdi. Ýolagçynyň “bäşi” hem ýaýdanybrak diýenini aňan Esen Orazowiç köpi isläp, azdanam galmagyň mümkindiginiň pikirini etdi. Bäş manadam pul. Olam köçede pytrap ýatanok… Eseniň gapdalyna münen ýigidiň elinde owadan ilikler bilen bezelen ýaly klarnet diýilýän saz guraly bardy. Sürüji şol gural hakda sowal berdi, ýolagçy hem jogabynyň üstüni indiki hepdede konsert bermek üçin daşary ýurda gidilýändigi sebäpli, goşmaça bellenen saz türgenleşiginden gelýändiginiň habary bilen ýetirdi. Esli ýörelip, “Supermarket” diýilýän mähnet dükanyň deňine ýetilende, ýaş ýigit çörek almalydygyny aýdyp, birki minut saklanylmagyny haýyş etdi. Ol daşaryk çykansoň, pul tölenmän gaçyp gitmek diýen ýaly döräýmegi ahmal müňkürlige öňünden jogap berýän kişi bolup, elindäki saz guralyny öz turan oturgyjynyň üstünde goýdy-da, dükana tarap gitdi. Supermarkete sereden Esen çalaja ýylgyrdy. Ýaş ýigidiň girip giden dükany oňa tanyşdy. Ýatlama Eseni şol tanyş dükanyň erkek adamlaryň başgaby satylýan bölümine alyp gitdi. Ol kaşaňdan-kaşaň şlýapalara, her dürli papaklara, üýtgeşikden üýtgeşik telpeklere howlukman ser salyp çykdy. Şol aýlanyp ýörşüne-de howlukmanam bir gymmatbaha şlýapany başyna geýdi-de, ýuwaş ädimläp, çykalga tarap ýöneldi. Ýaşy birneme gaýdyşan diýäýmeseň, synçy gyz–gelinler tarapyndan ogryn garalaýmaly boýly-syratly kişi dükana başy açyk girip, gidende bahasy tölenmedik şlýapa geýip çykar diýip harytlara gözegçilik edýän bir topar aýal maşgalanyň biriniňem kellesine gelmedi. Esen Orazowiç içini gepletdi: ýolagçy ýigit ulagyň döwlet belgisine tarap gözünem aýlamady, sürüjiniň ýüzünem alagaraňkylykda ýatda saklar ýaly derejede gören däldir. Aslynda, on minut ulanan ulagyň sürüjisiniň sypatyny ýatda saklajak bolmak kime derkarmyşyn? Hut ertir gabatlaşylsa-da, birek-biregi tanamarsyň. Sürüjiniň şol ynamy hem maşynyň birden öňe okdurylmagyna sebäp boldy. *** Ýaz pasly gutarmanka, yssy gaty düşmänkä, baýyrlaryň maýsasyny Gün çirkizmänkä, sekiz sany ýoldaş bolup sähraýy meýdana çykmak maslahatlaşyldy, gidýänleriň baryndan deň-derejede pul ýygnaldy, gerek zatlary jemlemegem Almaza tabşyryldy. Ol hemme işe ýeke özi ýetişmänsoň, ýoldaşlarynyňam käbirinden peýdalanmaly etdi. Eline bahasy sanalyp berlen Esene bolsa on kilogram et almak paýy düşdi. Ol ertir gezelenje ugralmaly diýlen gün öýlänler, Almazyň özi hem öýde ýokka, alan etini onuň çagalaryna goýup gitdi. Gijara öýe dolanan, ýoldaşynyň endiklerine-de belet bolup giden Almaz getirilen eti saldarlap gördi-de, onuň on kilogramdygyna müňkürlik etdi. Ol el terezini tapyp çekip görende bolsa, getirilen et sekiz kilogram boldy. Almaz Esen Orazowiçe aýtmalysyny ertire-de goýman, şu gün aýtmaly etdi. Onuň aýtmaly sözleri bolsa gaty ýowuzdy, mert adamyň sözleridi. Bu ýaşda, bu durmuşda, bu ýagdaýda iki kilogram et üçin bigaýratlyk etmek nämä derkar? Saňa sekiz däl-de on kilogram etiň bahasy berildi ahyryn. Köçe jüwlügi ýaly bolup, hökman ogurlyk etmelimi? Nebsiňe “haý” diýmäge çak bolmadymy? Almazyň aýtmalylarynyň arasynda şu sözlerem bar. Günäsini boýun alýana meňzän Esen dymýar. Trubkany Esen Orazowiçiň özi göterdi. Ýap-ýaňy hem gönümel, mert adam hökmünde ýoldaşynyň kemçiligini ýüzüne aýdyp biljek Almaz salam-helikden soň birden başga adama öwrüldi duruberdi. Onuň hakykat diýip aýtmaly hakyky sözlerine derek entek hakykatdygy näbelli: “Et-ä getiripsiň welin, garry malyňky bolaýmasa” diýen sözler boldy, oňa derek bolsa “Sen nä ony iýip gördüňmi?” diýen gödek sowaly eşitdi. Trubkany goýan Almaz dostuna aýdylmaly igenji özüne gönükdirdi. Adamlaryň aglabasynyň bir göwresinde iki adam ýerleşýär. Birinjisi — içki adam. Ol ýapyk hakykatçy. Hakykaty daşyna çykarmaýany üçinem onuň hakykatçylygyndan bize nep ýok. Beýlekisi — daşky adam. Ol açyk, ýöne ýalançy. Onuň hakykaty aýdyp bilmän ýalan sözlemeginden bolsa biziň özümize-de, ýoldaşymyza-da diňe zelel bar. Ynsan içki ýapyk kalbyny açyp ýaşasa dünýä-de düzelerdi. Hawa, Almaz şeýle pikir etdi. Ýöne ol pikirem ýapyk zat bolansoň, ondanam hiç kime peýda ýokdugyna düşünýärdi. Düşünse-de, ýagdaý üýtgemeýärdi. Iň ýamany hem düşünilenden soňam üýtgedilmeýän ýagdaýdy. *** Esen Orazowiç iki hepde bäri öz ýerzeminine girmändi. Iki hepde başgalar üçin on dört gün diýen many berýän bolsa, aşak düşmän geçiren iki hepdesi oňa iki aý bolup duýulmalydy. Ýene ol öýdeçileri ýatansoň aşak düşdi. Guwanýan zatlary öňat görner ýaly pelteli çyrany ýakanyndan soň, çüýşesini hem esgi bilen gowy edip süpürdi. Ýygnan zatlaryna gözi düşende Esen her gezek şatlanýar, keýplenýär. Ol tekjedäki närseleri öz halal puluna satyn alan däldirin öýtmeýär, şonuň üçinem eden işinden utanmagyň ýerine özünde göwnühoşluk döredýär. Ýerzeminde ýüz sany zat bar bolsa, Esen Orazowiç ýüz gezegem şatlanan bolmaly. Özi-de şol ýüz şatlyk ol ýerzemine täzeden girende täzedenem gaýtalanýar. Onuň gije-gündiz edýän pikiri bir ýerden zat ýonmak, bir zady pul bermän gazanmak bolany üçin, şol pul berilmän gazananlarynyň hemmesiniňem taryhyny edil gara daşa ýazylan ýaly edip ýadynda saklaýar. Ine, ol şu mahalam tekjelere ser salyp durka bir ýany pyçakly, bir ýany gyrgyçly çakga bakyp ýylgyrdy. Gyrgyçly çakgynyňam öz taryhy bar. Esen Orazowiç gawun baýramy edilýän ýerde harman-harman bolup duran gawun üýşmekleriniň arasyndan geçip barýarka, aýbogdaşyny gurup oturan silkme telpekli ýaşulynyň ýanynda aýak çekdi. Onuň ünsüni bölen gawun däldi-de, bir ýany pyçak, bir ýany gyrgyç çakgydy. Özi-de ol geçeniň gözüne ilsin diýlip lowurdaýança süpürilendi. Baýamçylygyň göçgünine goşulan goja ýanyna sowlana bir gyz dilim gawun dadyryp, edýän işinden lezzet alýardy. Ol özünden bir ädim aňyrda bolup geçýän wakalara ünsem bermeýärdi. Şol üns berilmezligiň netijesinde hem heniz beýle zady görmedik şäherlilere göz etmek üçin bir gujak waharmanyň üstünde duran gyrgyçly çakgysynyň kimdir biriniň jübüsine girip, bazardan çykyp barýanyndanam bihabar galdy. Esen Orazowiç telim ýyl mundan ozal bolup geçen wakany ýatlanda, gawun baýramçylygyna gelen ýaşulynyňam, onuň ýanynda durup gyz dilim gawun iýýän adamlaryňam gözlerine çöp atyp, çakgyny duýdurman alyp gaýdyşyna häzirem guwandy, ony ogurlyk däl-de ussatlyk, edermenlik hasaplady. Tekjeleriň üstünde zat kändi. Eger Esen Orazowiç ol zatlaryň hemmesini gözden geçirip, hemmesiniň taryhyny, iň bolmanda, gysgaldylan görnüşde ýatlap çykjagam bolsa, tä ertir işe ugramaly wagtyna çenli ýerzeminde galaýmalydy. Ýöne ortaky tekjäniň gyraragynda duran iki daňy pul, puldugy üçin bolsa gerek, Esen Orazowiçi biparh goýmady. Iki daňy pul iki ýüz müň manatdy. Bäş ýyl mundan ozal pul çalşylandan soň hümmetini ýitiren pul heniz-henizlerem Eseniň ahmyr damaryny titredýär. Şol pul öz wagtynda peýdalanylan bolsa, ak bazardan altmyş tokly alyp bolýardy. Olaram bu mahala çenli köpelip-köpelip… Onsoň neneň ahmyr damaryň titremesin! Indi ol iki desse pula bir arryk towugam berilmeýär. Ahmyr Esen Orazowiçi häzir samana öwrülen puluň hakyky pul döwrüne alyp gitdi. …Esen Orazowiçiň nebit-gaz ulgamynyň söwda guramasynda işleýän duldegşir goňşusy bardy. Olar içgin gatnaşyp ýörmeselerem, kyrk ýaşlaryndaky gara murtly, görmegeý goňşynyň puly arabaly getirip, çarşakly agdarýarmyş diýen haý-haýly tarypy Esene-de ýetýärdi. Eseniň Rüstem bilen ýakyndan tanyşmak islegi bardy, ýöne işi çöldäki nebitçilere, gazçylara hyzmat etmek bolan goňşy öz öýüne myhman diýen ýalydy. Bir gezek işden gelen Esen Orazowiç howlusynyň gapysyny açjak bolup durka, Rüstemiň aýaly gözýaş döküp daşarda peýda boldy. -Esen goňşy, ýetişeweri, Rüstem gidip barýa! — Ol habaryny aýtdy-da, eglenmänem yzyna ylgady. Göňşusynyň öýüne baran Esen Orazowiç köwşüni çykarmaga-da gyssanyp, diplomatyny gapdaldaky stoluň üstünde goýmaga-da ýetişmän, içerik girilýän ýerdäki diwana gyşaran hem dünýäni unudan ýaly bolup ýatan Rüstemiň ýagdaýyny halamady. Onuň aňryk çöken ýaly çuňalan gözleri ýumukdy, demini hem garny bilen alýan ýalydy. Lukman goňşy Rüstemiň goşaryndan tutup oturyşyna: -Derrew bizden gan basyş ölçelýän tonometri getir! — diýip, aýala tarap seretmän gygyrdy. Aýal giden badyna näsagdan nazaryny bölen lukman, diwanyň gapdalynda öz aýagyna degip duran gara diplomaty stoluň üstüne geçirdi. Gara diplomatyň hyýalyna näme alada salanyny Esen Orazowiç soňky eden hereketi bilen düşündirdi: agzy açylan gara diplomat rejelenip goýlan heniz adam eli degene meňzemeýän täzeje pullardan gapagyna çenli doludy. Esen Orazowiç bol pula gözi düşenden soň, kellesine näme hyýal urandygyny hem ýene öz hereketi bilen beýan etdi — onuň penjeginiň iki goltuk jübüsiniň her haýsynda bir daňy ýüzlük gizlendi… Rüstemiň gan basyşyny ölçän Esen Orazowiç derrew telefona ýapyşdy. Kän mahal geçmänkä-de, howlynyň gapysynda böwrüne ”Tiz lukmançylyk kömegi” diýlip ýazylan maşyn peýda boldy. …Pulluguny ýitiren pul Esen Orazowiçiň keýpini bozanam bolsa, hümmetini ýakyn ýyllarda ýitirmejek, el telefony, klarnet, jöwherpyçak, taryhy dürregamçy, altyn çaýylan çemçe ýaly zatlar onuň peselen keýpiniň öwezini doldy. Şol gowy keýpiň ýelgini bilenem arkaýyn ýatyp ukudan ganmagy ýüreginde beslän lukman gapyny mäkäm ýapyp gulplady-da, ýokaryk çykylýan basgançaga tarap ýöneldi. Emma Esen Orazowiçiň keýpini kökeldip gazanan rahat ukusy ertire çenli dowam etmedi. Gijäniň bir mahaly ony siltäp-siltäp oýaran aýaly “Öýümüz ýanýa!” diýip jynssyz gygyrdy. Ukudan açylyp-açylmadyk lukman öz ýatan jaýynda ot-tüsse görmänsoň, ilki ýadyna düşen ýerzemin boldy. Ol daş çykmanka telefon apparatyna elini uzatdy. Aýaly oňa eýýäm ýangyna garşy gulluga habar ýetirendigini aýtdy. Esen Orazowiç daş çykanda ýangynyň ojagynyň ýerzemindedigine göz ýetirdi. Aşakdan diňe tüsse çykman, mahal-mahal ýanar oduň sary dili hem görünip gidýärdi. Esen Orazowiç şol gyssagarada ýangynyň näme sebäbe dörändigini anyklajak boldy. Onuň çak etmegine görä, ýerzeminden gaýdanda söndürmek ýatdan çykarylyp galdyrylan pelteli çyra gapy batly ýapylanda sarsgyna ýykylan bolmalydy. Dökülen nebitdenem uly ýangyn döremelidi. Onuň şeýle bolmagy ahmaldy. Ýöne iň esasy mesele ýerzemindäki ýigrimi ýylyň dowamynda ýygnalan zatlardy. Altyn çaýylan çemçe, jöwher pyçak, muzeýe tabşyrsaň kän pul tölenjek gadymy egri gylyç, üç ýüz dollar bahaly el telefon… Bu gyssagarada ýerzemindäki zatlaryň hemmesini göz öňüne getirmegem, sanamagam mümkin däldi. Ýöne olaryň hemmesiniň ýanyp küle öwrüljekdigini göz öňüne getirmek mümkindi. Ol ýerzemine girip, entek ýanyp ýetişmedik zatlardan näçesini alyp çykyp bilse, özüne peýda boljakdygy hakda oýlandy. Aýylganç ses edip gelen ýangyn söndürýän maşynlaryň peýda bolmagy-da Esen Orazowiçi ölüm howpy bilen bagly bolaýmagy gaty ahmal adimi ätmekden saklamady. Hatda adam nebis diýilýän arzan nägehany şirin jan diýilýän iň gymmat zadyndanam özüne ýakyn saýdy. Esen Orazowiç tamyň gapdalynda ýatan kiçeňräk ýyrtyk palasy başyna atdy-da, arzuwyna tarap ylgady, aýalynyň öňünde keserip durmagy-da, çagalarynyň ýalbarmagy-da ony pälinden gaýtarmady. Ýangyn söndürijiler haýdaşyp howla girende, olaryň öňdäkisiniň elinden ýapyşan aýal: -Jaýyň ýanany jähennem, Eseni halas ediň! — diýip gygyrdy. Ol habaryň manysy düşündirilen ýangyn söndürijiler aňk bolup sägindiler. Birdenem olaryň has dogumlusymy ýa-da şeýle ýagdaýda başgalardan öňürti hereketi etmelisimi agzyndan tüsse çykyp duran gapa ýetip gözden ýitdi. Ýangynçy ýerzeminde uzak eglenmedi. Ýöne şol gysga wagt hem onuň ýoldaşlary üçin, Esen Orazowiçiň aýaly, çagalary üçin bir dogsa ýaşmaýan güne meňzedi. Esen Orazowiçi süýräp ýerzeminden çykaran ýangynçy otdan goraýan başgabyny başyndan aýyrdy-da: “Munyňyz sähnemidi?” diýdi. Ýangyn söndürijileriň ýolbaşçysy çala jany bar lukmany howlynyň burçuna eltip ýatyrmagy buýurdy-da, “tiz kömege” habar ýetirmek üçin telefona ýapyşdy. Oktýabr, 2009. Atajan TAGAN. | |
|
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Obada / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Gargyş mama / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Ýene haýwanam diýjeksiň... - 05.10.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |