KÖNE GÜZER
Uniwersitetde bile okan ýoldaşlam bilen aýda-ýylda bir sataşmamyz bar. Şonda kursdaşym Mekan maňa mydam: “Jylaw ýadyňa düşýärmi?!“ diýip soraýardy. Men öňler oňa kän bir jogap berjegem bolup ýörmezdim. Ýöne Jylaw ýadyma düşende, dünýäm düňderilip, bagrym lowlap-lowlap ýanyp, süňňümde ýaňýylyp ýatan hasrat silleri gözlerimden pürkülip, älwem-jahanymy gark ediberýärdi.
A-ah!..
* * *
Mekan işlän ýerime geldi. Bir käse çaýyň başynda ondan-mundan gürrüň etdik Ol arakesmä golaý turmakçy boldy. Gaýtmanka-da ýene: “Jylaw ýadyňa düşýärmi?!“ diýip, şol berýän sowalyny berip gitdi.
Meniň ruhumda ahyrzaman gopdy. Men däli-diwana ýaly titredim-de, bir ah çekdim, soň näme bolanyny bilemok.
Mekandan soň, işdeş ýoldaşlarym meni galdyryp, oturgyjyma geçirip, däri-derman içirjek bolup durkalar özüme gelipdirin.
- Özün-ä geldi!
Men yra-dara bolup, açyk howa çykdym.Soň ýüregimiň otly perýadyna çydaman,gözlerimden akýan hasrat derýasynyň badyna eňredim oturdym, eňredim oturdym...
... Güýzüň düşmegi bilen uniwersiotetiň talyplaryny ýene-de, pagta ýygymyna sürdüler. Şol, öňküler ýaly, ýene-de Tejen, ýene-de Jylaw!..
Jylaw diýilýän yer Tejen şäherinden on bäş, ýigrimi kilometr demirgazykda, ymgyr çölüň içindäki kolhozlaryň biriniň pagtaçylyk meýdanydy. Kanal bilen çölüň aralygy giden gowaça bolup ýatyrdy.
Wagtlaýyn dikelen saman kepbeler, harmanlar, pagta guradylýan jaýjagazlar, ýaplar, zeýkeşler, her ýerräkde içi solýarkaly ullakan çelekler, brigadirleriň öňi mal-garaly, üýşmek-üýşmek odum-çöpli tipli jaýlary diýäýmeseň, başga, dikelip dyran daragt ýokdy. Adamlar bu ýerlere bag ekmeýärdiler.
Bizi bir wagtlar başlangyç mekdep üçinmi ýa-da başga bir niýet üçin gurulan jaýjagazda ýerleşdirdiler. Bu jaýyñ gündogar ýüzünde dört otag, günbatarynda-da dört otag berdy. Günbatar ýüzünden ullakam suwly kanal geçýärdi. Kanalyň töweregi durşuna hyşalykdy.
Jylaw diýilýän ýer çybynyň, çirkrýiň güýzeýän mesgenidi. Ýerli adamlar, ylaýta-da aýal-gyzlar ýüzlerini günden, çybyn-çirkeýden goramak üçin ak ýaglyk bilen ýapyp gezýärdiler. Şonuň üçin aýal –gyzlaryň haýsysynyň gelin, haýsysynyň gyzdygyny, garrysyny, ýaşyny tanar ýaly däldi.Şeýdäýmeseň, agşamaralar dagy çybyndan-çirkeýden ýaňa, adamlar gara eşik geýen ýaly görünýädiler.Şolçybynlaryň zäherinden ýaňa, çydamsyzrak bilsaň, özüňi suwly kanala zyňaýasyň geliberýärdi.Adam, kem-kemden öwrenişýärem eken.Birneme salkyn düşensoň, çybynam saýpallaşan ýaly bolýar.
Pagta ýygmaga gaty ir turulyp, gidilerdi.Çaý gaýnadýan ýoldaşymyz:“—Turuň, wagtyňyz boldy, çaýyňyz gaýnady!“-diýip, bizi ukudan oýarýardy.Jylawda iň halamaýan sesimiz, „Turuň, wagt boldy!“ diýen sesdir. Göwnüme bolmasa, şol ses henizem käte-käte ýaňlanyp gidýän ýaly.
Güni bilen jokrama günüň astynda pagta ýygarsyň,Bar arzuwyň, agşam ýeriňe baryp, bir süýnseň, soňam, tä ertire çenli ýeriden galman ýatsaň!
Emma agşam düşelgäz gelip, iýip-içeniňden soň, Daňdan oýanjagyňam, ukam ýadyňa düşmez.Kim oduň başynda küşt depip ýörendir, kimler kursdaş gyzlar bilen gülşüp-degişip drandyr, gyzlar bolsa ýaňy çaýdan boşan küpi ýaňadan gyzdyryp, geýim ýuwup ýörendir.
Nämüçindir, bu saparky pagta ýygymy döwründe, meniň ýüregim gyzyp başlady. Her gün sowujak, turşuja gatyk içesim gelýärdi. Şonuň üçin bir litrlik bankamy göterip, kanalyň aňyrsyndaky obajuga gatyk satyn almaga gidesim gelýärdi. Emma nämüçindir ýaýdanýardy,
Ahyry islegim üstün çykdy. Men kanalyň aňyrsyndaky kepbelige bakan ugradym. Bagty diýen garryja kempirden bir banka gatyk satyn aldym.Soň her gija gitmäni çykardym. Barşyma:
-- Ba-ag-ty daýza! Barmyz? – diýip gygyrýardym.Olam içerden:
-- Gelibe-er! Bardyryn!-diýip gygyrýardy.
Baryp gabyny bererin. Olam gatygyny guýar-da, elimdäi teňňämi alar.Men gaýdaryn, olar galar.
Gatyk içelim bäri ýagdaýym barha gowulaşýardy.
„Aý, şu sapar gatygyny alaýyn, soň barmaryn“ diýip, oýlandym-da, alnymy garaňka tutup, ýene şol tanyşja kepbäme tarap ugradym.
Gatygymy alyp, arkaýyn daş çykdym welin, kimdir biri kürsäp gelşin gujagyma dfoldy.Elimdäki gatykly bankam atylyp gitdi.Men gorky bilen üstüme topulan „belanyň“ nämedigine seretdim.
Eý, Allam! Ol-a, ýüzi-gözi ak ýaglyk bilen saralan aýalmy, gyzmy, bir zat öz-ä. Ol „Waý!“ diýip gygyrdy-da, sandyrap, elimdem ýapyşdy welin, indi sypa bilseň, syp-da.
Özüme geldim. Mäzik ýakymly dem ýüzüme urdy.Öz-ä gyz bolmaly. Onuň meýdanly gujagynda eräp barýan ýaly boldum.Olam meniň gujagymda däl-de, süňňümde eräp gitdimikä diýýän.
--Waý, eje!
Men tisginip özüme geldim-de, gapdala çekildim. Oloam meniň çekilen tarapyma çekildi—de, ýene meniň fgujagyma doldy.
-- Waý! Goýber!
--Näme gyz? Kim-u-uw!
Bagty daýza sag bolsun. Ol gyz içeri bakan düňderilip gitdi. Men gatygy, bankamy, unudyp, elem-tas bolup, bolýan ýerime bardym.
Ýerime gyşaranymdan soň hem gülýän, hem gatyjygyma nebsim agyrýar. Içimden bolsa:“Nesibe däldir-dä!“ diýýän.
Soň ol gyz barada oýlanyp başladym. „Öz-ä gowja gyz bolmaly. Deminden jennetiň ysy gelýär. Döşi käkiligiň gursagy ýaly. Boýam-a pes däl...“
Uklap galypdyryn. Ertesi pagta ýygmaga barýarkak maşynyň üstünden kanalyň aňyrsyndaky tam kepbelige alasarmyk duýgular bilen seretdim diýäýmesem, bar zat ýatdan çykyp gitdi.
Ýagyş ýagyp başlady.Bizi obaçylygyň golaýyndaky, meýdana saldylar.
Pagta kän, ýöne,atyza girer ýaly däl.Üst-başymyz öl-suw.Iki gözümiz harman tarapda.Her kim mugallymymyzyň ýa-da brigadiriň:“Bu gün pagta ýygymy boljak däl, gowaça çalygýança gaýdyberiň!“ diýerine garaşýar.
Günortana golaý ýyganja pagtamyzy çekdirmäge, harmana bardyk.Harmanda adam kändi. Ýerli adamlar hem biziň bilen ýygan pagtalaryny çekdirýärdiler.Öýe gaýtdyk. Nahar iýjek bolanymda ýaglygymy aljak bolup güpbimiň jübüsine elimi sokanymda, bir goşa list kagyzyň bardygyny duýdum.Geň zat, okuwçy depderinden ýyrtylyp alynypdyr.Derrew alyp, gatyny açdym. Hat!
„Agşam sagat 8-de Bagty ejäniň ýanyna gel. Gatygyňy bereýin!“
Men ýylgyrdym.Haty gyz eli ýazypdyr. Ýalňyşy ýok. Ýöne harplaryň ölçegi, irili- uşakly.Hatyň aşagyna „O“ harpy goýulypdyr.
Men naharymy niräme iýenimi bilmedim. Dogrusy, men eýýäm ýigirmi iki ýaşyň içinde. Şu wagtaçenli gyz bilen duşuşmaga beýlede dursun, manyly-mňyzly gürleşibem gören oglan däldim.Aý, indem, onuň geregi ýok. Onda-da, bu ýerlerde. Nämä gerek.
Ýöne ýüregimiň teýinden bir inçejik galpyldy maňa gulak asmaýardy. Ol meni eýýäm yrana meňzeýärdi Men „Nämä gerek“ diýip oýlanyp durkam ol duýgy“Nädip bararkam?“ diýip öýlanýardy.
Hakykatdan hem biri göräýse, onda-da, dili uzyn kursdaş gýzlar görüp, Garry birJylawly gyz bilen gürleşip duran eken“ diýip, geý ýaýradaýsa, şoňa näme diýjek. Eý, waý, ýok-la! Men baryp bilmen. Gatygam gerek däl, gaýmagam.Bu ýat illerde onuň dogan-garyndaşlary bardyr-a.Olar hem görüp, namys edip, men bir belanyň üstünden baraýmaýyn. Ýok-ýok, men gitmerin.
Men agşam gitmedim.
Indi bu ýere gelenimize on-on bäş gün bolup barýardy. Howa ýene erbet gyzyp başlady.Indi çybyn azalýardy. Mugallymymyz maňa aşpez bolmagy teklip etdi.
--Sen pagtany az ýygýaň, gowusy oglanlara nahar bişirip, çaý gaýnadyp ber!—diýdi.
--Ýok, ýoldaş mugallym, öň pagta ýygyp göremok, gelenimizew ýaň on bäş gün boldy. Ýygyma ýaňy öwrenişip barýan. Meni oglanlaryň arasyndan aýyrmaň.
-- Aý, näbileýin, topary yza çekýäň.Şonuň üçin aýdýan.Toparymyzda iň az ýygýan sen.
Men erbet bamys etdim. Güni bilen başyma gaý bolup işledim.
--Aý, ýok, meniňki boljak däl!
Günorta çenli ýigrimi üç kilogram. Öýlänem şonçarak ýygdym.
Agşam harmanda nobat uludy.Oba adamlary hem biziň bilen çekdirýärdiler. Daş-töweregimiz ýöne ýüzi-gözi ak ýaglyk bilen saragly gelin-gyz bolup durdy.Meniň nobatym ýetiberende ýerli gelinmi-gyzmy, biri haltasyny süýräp, öňüme geçdi. Men gaty ýadapdym, indi saklanyp bilmedim:
-- Nädýäňiz-äý-- Men öňem kän garaşanym üçin gatyrgandym
Ol ýalta maňa seretdi.
--Ýuwaş.Bu seniň öz pagtaň., çekdiriber!
Ol ýarty halta ýaly pagtany meniň pagtalarymyň üstüne goýdy-da, gürüm-jürüm boldy.
Men aňka-taňka bolýançam, haltalarymy gapana basdylar.
--Bu kimiň pagtasy?—diýip, brigadir hälki pagtany aýagy bilen depdi..
--Şol uzyn oglanyňky!—diýip, ýüzüni ak ýaglyk bilen saran gyzlar ýerli-ýerden gygyryşdylar. Brigadir ol haltanammeniň haltalarymyz gapdalyna goýup, çekdi.
--Aýyr. Kyrk iki! Fmiliýaňy aýt.
Garry Kulyýew.
--Boşat gapany.
Men bijaý utandym. Haltalarymyň pagtasyny harmana boşadyp, bolýan jaýymyza bakan mytdyldap ugradym. Iki sany ýerli gyz gapdalymdan zyrp edip geçip barşyna:
--Agşam bargyn, garaşýan—diýip, olaryň biri dillendi.
Men bu sözleň manysyny kellämde aýlaýançam, ol gyzlar garaňka siňip gitdiler.
--Indi, näçe boldaý, meniň jemi ýyganym! Günortana çenli ýigirmi üç, öýlän- kyrk iki jemi bolar—Men sanlary aňymda goşuşdyrdym.—Bolar, altmyş bäş!
Men duýdansyz begendim.
„OL halta goý, diýeli ýigirmi, ýa-da,goý, on bäş bolun, şonda-da öz ýyganym hem kyrk bäş. Elli kilogram dagy bolmaly.
Men çaý-çöregimi iýip, ýoldaşlarym görer ýaly, bir litrlik bankamy elime alyp, kanalyň aňyrsyndaky kepbelige tarap ugradym.
Kanalyň köpürisiniň üstüne ýetenimde, ýzýma, bolýan jaýymyzyň işigine garadym. Gum-gukluk! Oglan-gyzlar şindi daşaryk çykmandyrlar.
Kepbelige tarap seretdim.Olam egnini garaňka diräp, asuda otyr. Men Bagty daýzanyň kepbesini nazarladym-da, golaýragyna baranymdan soň kanalyň gyrasyna tarap ýöredim.
Şonda aňyrky kepbeleriň birinden bir garanyň kanala bakan ýönelenini saýgardym. OL sudur kanala garşy ýöräp, soň hyşalyga siňdi. Menem şoňa bakan ýöneldim.
--Geliber-dä!—diýip, gyz sesi batyrgaý ýaňlandy.
Men ahyry ol gyzy gördüm. Ol meni görüp, ýylgyrdy.Onuň ýanynda oturdym.
--Näme gelmediň?
--Haçan?
--Haçan bolaýşyny!
Men bahana agtardym.
--Ýaramadym, bilim agyrdy.
Ol gyz turdy-da, töweregina birlaý garap, ýene öňki ýerinde oturdy.
--Ho gij-ä, tas ýüregimi ýarypdyň.Näüçin beýtdiň?
Men bu gyzyň özümi günäkärleýşinegüldüm.
--Özüň-ä, ilki kürsäp gujagyma uran.Indem, men günäkärmi?Gatygy döken kim?
Gyz ýuwaşja güldi.
-- Gaty gynandyňmy, turşuja gatyjygyňa.Ýa bankajygyňa gynandyňmy? Özem tutuş bir litrlik! Menem güldüm:
--Banka dagam däldidä—diýdim.
Ol gyz şol joşgunlyjygy bilen maňa elini salgady.
--Aý, oglan, näme üçin haltany almadyk bolduň. Men gara ýere girmedim-ä utanjymdan.
Men ýene güldüm:
-- Men biri edil gapanyň ýanynda maňa pagta berer diýip, ömür pikir etmesem näme.Bu ýat illerde, ýat ýerlerde, ýat adamlar..
Gyz ýuwaşjadan:
--Biz ýat däl-ä—diýdi.
Men:
--Näme üçin—diýdim
--Hol agşam sen meni gujaklamadyňmy?
--Gujaklasm, biz eýýäm tanyşmy?
Ol gyz gepi başga ugra alyp gitdi.
--Begendiňmi?
Gaty begendim.
--Näme üçin?
-- Bir gaty owadan gyz bir halta pagta berer-de, heý, oňa gynanarmyň?
Gyz hoş boldy.Men onuň gözlerini, ýüzüni görüp bilemokdym. Ýöne onuň syrdam, berdaşly gyzdygyny göz öňüne getirdim.
Gijäniň süňňi agralýardy. Bu ýeriniň ýyldyzlarynyň her bir Aýça bardy.
Älem barha ýagtalýan ýaly bolsa-da, bu gyzyň ýüz-gözi birhili kölegeleşýärdi.
Bu dymyşlykdan soň gepi ýene-de ol gyz alyp göterdi.
-- Adyň näme—diýip, ol ýuwaşja, gaty gyzyklanma bilen sorady.
--Garry!
--At dakylanmy?
--Hawa.
--Onda ýaman läliksiň.-- Gya güldi.
--Buw, gaty beter. Onuň üstesine ýedi aýlyk doglan , girrik!
--Ond-a akyllysyň.
Men güldüm.
-- Akylly bolsam gijäniň içinde şu ýerlerde Horasanyň tilkisi ýaly bolup gezer ýörermidim.
--Puşman edýäňmi?
Men sesimi çykarmadym.
--Indi sen meniem adymy sora-da!
-- Adyň Üzümgüldir-dä?—Men güldüm.—Dogrumy?
-- Adym—Ogulgerek!
-- Ogulgerek!—Gowy adyň bar eken.
--Haladyňmy?
Men sesimi çykarmadym. Göwnüme bolmasa,.biri şuýerdäki güzere gelýän ýaly boldy.Hyşalar şygyrdady.
--Sen meni nädip tanadyň?
Gyz säginmän:
--Ysyňdan—diýdi.
Men güldüm:
--Şonça adamyň ählisini ysgap çykdyňmy?
--Ysgamak nämä gerek!
Gyz ýerinden turdy.
--Erte agşam gelermiň?
--„Gel““—diýseň.
--Onda gel,sorajak zatlam bar.—Ol meniň ýakynjygymdan geçdi. Men onuň egninden tutdym-da,( ömrümde birinji gezek,Alla bilýär, nireden güýç geldi)
Gujaladym.Gyz garşylyga görkezmedi,sesinem çykarmady. Ýöne, öz ýüregimiň sesini ilkinji sapar özüm eşitdim. Onuňam ýüregi gursagyndan çykaýjak bolýardy.
--Garry!
-- hä?
--Meniň adymy tut-da!
Men başymy ýaýkadym. Göwrämiň hereketinden, ol pikirimi bildi.
--Hä!
--Men olo ady bala dönýänçä ýüregimden çykarman saklajak!
Gyz güldi.
--Heniz bala dönenokmy?
-- Heniz mürepbe!
Gyz hezil edip güldi.
--Sen nähilisözler tapýaň-aý!
-- Özümem geň galýan.
--Menem.
Gyz azajuk çekildi. Men onuň elini goýberdim.
--Gatygyňy al-da!
Ol maňa bir litrlik banka bilen nämedir bir zat berdi.
--Bu näme?
--Ýyljak çörek.—ol raýşa çykdy. Sag bol. Ertir bir pagtaňy algyn.
Gyz gitdi. Men onuň oturan ýerinde oturdym-da, bankanyň gapagyny açyp, gurap giden bokurdagymy öllemek üçin ony agzyma tutdum. Owurdym çiggaýmakdan dolup gitdi.Ep-esli içdim. Walla, ýüregim ýerine gelen ýaly boldy.
Soň, tä bolýan ýerime çenli gaýmak bilen tamdyrdan ýaňy çykan çöregi iýdim gitdim oturdym. Ertesem, şolary iýip, irden pagta gitdim.
2.
Bu gün men şeýle bir işledim, asyl, düýnkiniň dagy çeni däldi. Günorta çenli ýygan pagtam kyrk kilogran boldy. Tutuş kursumyz haýran galdy. Agşam bolsa Ogulgeregiň beren hemaýaty bilen, göni togsansekiz kilogram boldy. Özem , ýüpek pagta!
Maňa „Sen toparymyzy yza çekýäň, pagtany iň az ýygýan sen. Gowusy oglanlaryň naharyny bişir-de, çaýlarynygaýnadyber“ diýen mugallymymyz ýanyma geldi.
--Kulyýew, sen öýzüň gty agram salma. Elli kilogramdan aşak düşmeseň bolar!—diýen boldy.
-- Pagta diýen bolup, inegiň inäýmesin-ow—diýip, ýoldaşlarym hem üstümden gülen boldy. Men welin olar gidensoň:“Kimiň inegibiň inýänini, kimiň içiniň ýanýanyny ertir görersiňiz!“diýip, içini güldürdim,“Nesip bolsa, ertir görkezerin şulara kimiň pagtany az ýygýanyny!“
Il ýüzüne bolsa“—Bor-la!—diýýärdim. Göwnüm welin ýene kanalyň aňyrsyndaky kepbeligi küýseýärdi.
Men çaý-çöregimi howlukmaç iýdim-de, ýola düşdüm.
bankamy elime alyp,
Eýýäm güýz güni erkini garaňka beripdir. Howa salkynlaýardy. Nämüindir, kanal tarapdan ýagyşyň ysy gelýärdi.
-- Aý, oglan, sen nirä barýaň?—diýip, küpüň başynda aýlanyp ýören gyzlaryň biri gygyryp sorady.—Geti egin-eşigiň bolsa ýuwup bereýin.
--Häzir men gatyk alyp geljek, nämüçindir iýenim siňenok. Şondan soň ýanyňa bararyn.
--Dur, bizem gatyk aljak!
Men „Geliberiň!“ diýdim-de, gaty-gaty ýöräp gaýtdym.Özümem düýnki güzere bardym.
Ogulgerek gijä galyp geldi.
-- Siziň gyzlaryňyz geldi.Seni soradylar!
--Salam!
-- Waý!—Ol meniň ýanyma gelip oturdy.
-- Sag bol!
-- Hä?
-- Agşamky gatygyň gaýmak bolaýypdyr!
Gyz güldi.
Arman, bu gün bolmady-da.
-- Hä?—diýdim.
Gyz güldi.
--Gölämiz emäýipdir!
Düýnküje gaýmag ymsynanja oglan-da, gynanaýdym.
--Onda pagtaňyzy az ýygaryn.
Gyz güldi.
-- Pagtaň näçe boldy?
-- Togsan sekiz!
--Tüweleme, oba gyzlaram bir günde onça ýüpek pagta ýygyp bilenog-a.—Ol egnini egnime degirdi-de gysmyljyrady.—Men degişdim.—Elbetde, men oba gyzy däl-ä!
-- Birinji bolduňmy?
-- Mugallymym käýýedi.
--Waý, nämüçin?
--Gaty kän ýygma—diýip.
--Näme üçin?
--Ýerli gyzlar başlyga arz edipdirler.
-- Waý, utançsyzlar, näme diýip?
Men ýüzümi-gözümi çytan boldum.
--Bir haram ýer çeken, uzyn studentiňiňiz bar, oll biziň ähli pagtamyzy ýygyp tükedýär. Onsoň bize pagta goýanok—diýip.
--Hakytmy?
-- Çypbakaý çynym.
-- Aldama!
-- Walla!
Ogulgerek meniň ýüzüme şeýtanja nazar bilen seretdi. Gözlerim ayrymy açdy.
Ol:“Ýalan-çy!—diýip, çep eeliniň ýumrugy bilen egnime çalaja kakdy.
--Menem şeýlewmiş diýse, hakyt ynanan bolýan!—diýip, ol begençli etdi.
--Nesip bolsa, men seni hemmelerden ýokary bolar ýaly ederin. Men seniň gowy geýinmegiňi, owadan, mähribanlykda hemme kişiden saýlanmagyňy isleýärin. Goý, ähli kişiniň saňa gözi gitsin!
--Nämüçin!
--Bilemok! Aýakgaby arassaja, eşigi tämiz, sakaly syrylgy, uzyn boýly nurana adam bolsaň erbetmi, näme!
--Adam bolsaň erbet däl. Özüň adam bolman, gül geýeniňde näme.Adam bolman, seniň diýeniň ýaly bolsaň, erbet.
Gyz ýüzüme seretdi. Men onuň egninden çekdim-de, gujakladym. Soň ýaňagyndan ogşadym. Ol ilki bilen ýüzüni tutdy. Soň elimden tutdy. Eli edil ot ýalydy.
Men garşylyk görmänimden soň has ekezlendim. Gyzyň pyýala ýaly gözlerine, ýaňagyna, dodaklaryna öz ýanyp duran dodagymy basdym-da:
--Mährinym!—diýip, samyrdadym.—Ogulgeregim!
Gyz güldi-de, gujagymdan sypdy.Soň ýuwaşja güldi.
--Adym, indi bala dönüpmi!
--Baldana süýji!
Men ony bagryma basdym.Olam meni gujaklady—de, ýuwaşjadan:
--Mähribanym!—diýip pyşyrdady.
Men onuň gujagynda eräp gitdim. Ol kellämi galdyrdy-da, ýüzüme seretdi:
--Sen birhilimi?
-- Hä?
-- Birinji duşuşykda,sen ýok, men ýok, alýaň-da gujaklap, söýüberýäň!
Her hili sözleri aýdyberýäň. Onsoň menem güni bilen pikir edip, öz ýanymdan utanyp gezýän.
Men ony gujaklap, ogşadym.Ol tisginip gitdi.
--Waý, duraweri, bogýaň-a.—O eginlerini, ýakasyny düzedişdirdi.Soň meniň gözlerime seretdi.
--Şu wagt bir Aý dogsady!
--Hä, näme?
Men seniňgözleriňi, ýüzüňi göresim gelýär.—Ol egnini meniň egnim goýdy.
--Ine, sen obaňyz gaýdarsyň welin, her gije Aý dogar durar.Häzir welin.
--Meniňem seniň tutuş didaryňy, ýüzüňi, gara nerkes gözleriňi göresim gelýär.
Ol güldi.
--Sen göreňogammy?
--Nireden!Gündiz ýüzi-gözi ak ýaglyk bilen ýapylan, oglan köýnegini geýen,tez jeren sürüsi deýin, daýyrdaşyp barýan gyz-gelinler-ä gördüm. Şolaryň haýsysynyň sendigini nireden bileýin. Sen häzirem-ä, ýüzüňi dolap otyrsyň-a!
Gyz şeýtanja ýylgyrdy.
--Sen haýsydyr öýdýäň!
Menem oňa ýylgyryp seretdim.
--Iň owadany, iň näzigi, iň mähribany.Uzyn boýlyAý ýalysy...
Ol aýalary bilen ýüzüni ýapdy.
--Öz-ä aňypsyň.—Ol birnem gaýra çekildi.—Joram bar, Näzik! Şol aýdýa!“—Gerek, seniň ýüzüň şeýle owadan, gözleriň märibanlykdan püre-pürlenip dur,özüňem bir eziz, bir eziz. Ine, görersiň, sen gazetde suraty, goşgulary çykan , geçen ýyl pagta ýygmaga-da gelen şol uzyn,owadan oglan bilen toý edersiň“—diýýärdi, her sapar.
--Ol oglan kim?—diýip men gyzygyp soradym
Gyz ýylgyrdy.
Kanalyň boýunda, garaňkynyň içinde bir gyz bilen otyr-a bir-i, şol oglan-da!
Men haýran galdym.
--Sen meni geçen ýylam tanaýarmydyň?
-- Waý, bu oglany. Öňki ýyl pagta gelniňde-de tanaýadym.
--Nädip?
--Bir gün gyzlar bilen siziň ýanyňyza maşynyňüstünde gurnalan dükan geldi.Şonda bizem bardyk. Sen mawa öz nobatyňy beripdiň. Soň görsem, men ony-muny alýançam giden ekeniň. „Sag bol“ hem diýip bilmedim.
Her ýyl seniň geleniňi maňa buşlaýarlar, joralam. Onsoň, men ýörite baryp, görüp gaýdýan.
Men haýran galdym. Bu zatlar tötänlikmikä diýip ýörsem, asyl ol öňden biçilip, tikilip ýörülen eken-ow!
Men Ogulgerege garşylyklaýyn sowal berdim.
--Sen onsoiň,joraň aýdýanlaryna ynanyp ýörmüň?
-- Biz pakyra başga birzatda ýollary ýapan Hudaý arzuw etmän-ä gadagan etmändir. Onsoňam:“Il agzy- keramar!“ diýipdirler.
Ol gama batdy.
--Men saňa ynanýan! Isläzn gyzyňy bagtly etjegiňem duýýan.Ýöne...—O gözlerini süpürdi-de, dymdy. Özem uzak dymdy. Bir salymdanam:“—Özüme ynanamok, ezizim!—diýdi.
-- Men tisginip gitdim.
--Näme üçin özüňe ynanaňok? Ýa aldandyňmy!
Gyz bňaşyny ýaýkady.
--Maňa barmagyny batyran, meniň elimden tutan erkek, meni ogşan erkek göbekliniň ilkinjisi sensiň. Özem, ölinçäm, indem...
--Ondanäme?.. –Men howsala düşdüm.Ýüregim tyrsyldap çogdy.
--Men aňrymy göremok. Meniň bar bagtym Jylawda. Palça-da gitdim. Olam şeý diýdi. „ Seniň bagtyň Jylawda başlanyp, Jylawda-da ahyr bolýar“ diýdi.Öz-, bir şeýtel-ä bar.
Men gussa batanymy duýman galdym.Özümem näme üçindigini bilmedim.Sebäbinem sorap durmadym.
Ogulgerek maňa gysmyljyrady.Men ony gujaklap oturşyma:“Oba gýzlarynda oýun kän-ow! Diýip oýlandym. Seni begendiribem, gussa batyrybam bilýär“.
Gyz gujagymdan çykdy. Sen özüň, maşgalaňyz barada gürrüň bersen-e.
Men kanalyň aňry ýüzüne, bolýan jaýymyza tarap seretdim.
„Bary ýatypdyr!“
--Kakam mekdep direktory.Ejem- mugallym!Men uly çagalary. Özümden kiçi gyz jigim bar.Olam sekizinji klasda okaýar.Özümiz Bamynyň golaýynda „Deşt“ diýen ýerde ýaşaýarys. Men uniwersitetiň dördünji kursunda okaýareyn. Dil-edebiýat mugallymy bolmaly. Ýaşaýşymyz kadaly. Baýam däl, garybam...
Ol begendi.
--Tüweleme! Alla jan, gözden, dilden saklawerrsin—diýdi.
--A sen!
Ol meniň elimden tutdy.
-- Men bir bagty gara doglan gyz, Garry! Kakam üç çagany taşlap, başga bir tatar aýal bilen gidipdir. Henizem gelenok. Nirededigem belli däl. Güni-güzerany iteklemek aňsat däl. Ejemem başga bir adama durmuşa çykdy.Ol adamam , indi näçe ýyl bäri türmede.Ejem, ýene iki gyz, bir oglan doganym bilen bile ýaşap ýörüs. Ejem obada kolhozyň kontoryny süpürýär. Menem şu ýyl orta mekdebi tamamlap, gowaçanyň içinde. Bu ýyl bolsa Bagty eje bilen bileleşip, bir tamkepbä göçüp geldik.Ine, bary...Men sesimi çykarmadym.
-- Men gaýdaýyn, mähriban!—Ol ýerinden turdy-da maňa garady.—Sakyr-sakyr edip, senem sakladym.—Ine, bankaňy. Çöregiňi al!
Ol gitdi. Ýöne ýüregime oýun barynam salyp gitdi.
„Be,-e!—diýip oýlandym.—Men bu ýerlerde kime sataşyp ýörün?!Ot bilen oýun edýän bolaýmaýyn!Ýeri, durşuna çolaşyk ykbally gyz meniň nämäme derkar!Hany, Aşgabadyň gözel-gözel gyzlary.Agzyma siňek gonduryp, bir oba gyzynyň toruna çolaşyp ýörmäýin.Akylly bolaýyn!“Indi kanalyňgünbatar ýüzüneaýagym sekmez“- diýip, öz ýanymdan şert şert etdim.
Soňam, bankanyň gapagyny açdym-da, başyma çekdim.
--Häk, çiggaýmak eken-ä, meni gatyk diýip, aldan eken, şeýtan gyz!
Men ýerimden turdum-da, pikirdem, gamdan doly kellämi egnimiň üstünde zordan göterip, gelip ýerime süýndim.
3.
... Günbatar ara harman ýerde, gapanyň başy adamdan doludy. Ýüzi-gözi ak ýaglyk bilen ýagşy saralan bir gyzmy-gelinmi, biri agyr haltany süýräp getirip, maňa ýaplady-da, duranlara garyşyp gitdi. Ol Ogulgerek bolsa gerek. Şonda men, onuň güpbimiň jübüsine hat salyp gideninem görmändirin.
Çekdiler! Ýene-de ýüz kilogram! Men muňabegenýänem, ýöne janym, elim- aýagym sag erkek kişi halyma, bir naçar gyzyň şu jowzaly yssylarda azap edip, janyna jebir edip ýygan pagtasyny almaga namysam edýän.
Harmandan gaýdyşyma:“On bäş, ýigirmi kilogram-la, puluny bererin...“ diýip pikir etdim. Häzi beren pagtasyny almasam, öýkelär. Ýarym göwün biçäre ahyryn. Bir begenji, guwanjy men.Pagtasyny almasam, özünden ýüz öwüren hasap eder. Menem ondan ýüz öwürsem...“
Men ýene bgendim.
Kursdaşlarymdan gaty köp ýygýa oglanlar bar.,ýöne olar ýüz kilo ýetip bilenoklar. Hemmeler meni yzarlap, maňa şübhe bilen seredip başladylar! Meniň nireden ýygýandygymy, harmana baranymda özümi nähili alyp barýandygymy, biri-birlerine habar berýärdiler.
„Garry ölse-de onça pagtany ýygmaly däl. Ol gaty hilegär oglan. Ýa-ha, pagtany satyn alýan bolmaly, ýa-da harmandan pagta ogurlaýan bolmaly, bolmasa-da, kepbeçilige gidip, neşe-peşe edýän bolmaly!..“
Dostlarym olaryň men ýokka edýän gybatlaryny maňa aýdýardylar. Men olary arkaýyn etdim.
Diýseler günä galarlar. Men-ä gury azapdan başga hi zadam edemok. Ýöne ýerli gyzlar bäş-on kilogram pagta kömek edýärler.Onda-da segsen-togsan kilony özüm ýygýan“ diýip, olara dogrusyny aýtdym...Olar hem ynansa ynansyn, ynanmasa-da öz işleri...
Jübimde hatyň bardygyny edil bolýan ýerimize gelip, ýatakhana girjek bolanymda bilip galdym.
Jübime elimi sokanymdan tokly simi tutan ýaly boldum. Ýöne nädip okajak! Bu ýerde diňe mugallymlaryň bolýan jaýynda çyra bardy.Gidip, çaý gaýnadylýan küpüň yşygyna okasm diýsem, ol ýerde –de gyzlar bar. Olar-da duýdurasym gelenok.
Ertesi pagta meýdanyna ýetip, maşyndan düşüp, gowaçalyga girdim-de, çili ýassanyp, Ogulgeregiň hatyna elimi ýetirdim. Onuň hatyny görüp, inim jümşüldäp gitdi.
„Salam, mähribanym! Saňa näme boldy! Sen maňa näme etdiň. Men seni görmesem, eräp-eräp gutarýan. Gaty göresim gelýär.
Erte öýlän size-de, bize-de dynç berjekler. Size maşyn dükan geljek. Näzigiň kakasy kolhozyň haspçysy. Şol aýtdy. Biz näzik bilen bararys.Seni birinji bolanyň bilen gutlaýaryn. Kolhoz saňa gty goňy zat sylag berjekmişin.Erte agşam gel, bir zat aýtjak...“O“.
Bu hatyň aşagynda üç bent goşgy bar eken. Men ony gyzyklanyp okadym.
Adyňa döneýin, eý beýik Allam,
Bir dilegim, mähribanym goragyn!
Didary umydym, didesi derman,
Intizarym- mähribanym goragyn.
Jylawyň üstünde ýalňyz durnaň men,
Bir yşga sataşdym ah mem. Arma men,
Söýmesem, görmesem eräp barýan men,
Jennet- ýazym, söwer ýarym goragyn.
Ýar ýaglygna keşde çekiop bereýin,
Ýar ýoluna suwlar sepip gezeýin,
Iki dünýä, bir dikrary- Geregiň,
Ýürek bagym , mähribanym goragyn.
„O“.
Meniň özüm goşgy goşup ýöremsoň, bu gyzyň ýüreginde yşk hasratynyň lowlaýandygyny duýdu. Begenen zadym, Ogulgerek öz jebri-jepasyny setirlere siňdirmegem başarýan eken. Nesip bolsa, ondan gowy şahyr çykar. Oňa hossar gerek. Aşgabada äkidip, gowy mugallymlardan tälim aldyryp, uniwersitete okuwa girmegine kömek etmeli. Ony bu kepbeçilikden, çybynyň-çirkeýiň içinden alyp çykmaly!
Bu pikirim meni diýseň ganatlandyrdy. Men ähli güýjümi, yhlasymy pagta berdim.Meni söýen gyzyň eziz didaryny görmek höwesi bu goşgy, tutuş uniwersitet boýunça pagta ýygmakda birinji ýere çykmagym bardaky habar meni juda ganatlandyrdy.Men pagtaly keşlerden guş boluplar uzyp, pagta ýygdym.
Günorta çenli elli kilogramdan gowrak pagta ýygypdyryn.Özünem, diňe, özüm!Özüm!diňe özüm! Gollarym açylyp gitdi. Indi iki elim öz gözüme-de ilenokdy. Diňe pagtadan boşan çaňňalaklary görüp galýaryn. Ilbilen, dünýebilen işim ýok. Ganarymy gapanyň ýanyna zordan göterip bardym. Kursdaşlarymyň köpüsi :“bu gün näçe ýygarka?“ diýip garaşyp durdy. Olar hakyna tutup, bir oglany meni yzyma salypdyrlar. Olam „Hiç kim golaýyna gelenok, hiç kim kömek berenok, harmandan pagta ogurlanok! Diýip, olara habar beripdir. Şeýdip, yzarlanlarynda menň näçe ýygjagym olaryň bary üçin gaty gyzyklydy.Olar meniň bir özümiň munça pagtany nädip ýygýanyma haýran galýardylar.Sebäbi, indi atyzlarda pagta barha azalýardy.
Men öýlän sähel az ýygdym. Ýöne Ogulgeregiň pagtasam meni goldady. Ýene-de ýüz kilogram!
Ertesigünortana çenli otuz sekiz kilogram ýygdym. Oglanlardan bäş-on ýyganam bardy.
Günorta arakesmesinde ýyllyk borçnamasyny dolduran brigadir bize hezzet-hormat etdi.Öýlän bizi hakykatdan hem boşatdylar.
Men kanalyň boýuna baryp oňat ýuwundym.Saçymy ýuwup , daradym. Aşgabatdan alyp gaýdan ybalyrak eşiklerimi geýdim.Köwşümi garalap, oňat süpürdim.Üstüme atyr sepindim. Soňra maşyn dükanynynyň gelenini gördüm-de, gyzlaryň ýoluna garap durdum.Ýöne, men-ä üýtgeşik gyz görmedim.
Maşyn-dükana garşy ýönelenimde ýüregim bir zat syzan ýaly boldy.Kimdir biri maňa seredýärdi.
Gördüm!-Ogulgerek!OL ak ýaglygy bilenýüzüni-gözüni çümre daňsa-da, men ony tanadym.Olar ikidi.Ýüregim öz atyny aýlawa goýberdi.
Gyzlar ony-muny satyn aldylar.Ogulgeregiň başyndaky ak ýaglygy sypyryldy.
--Eý-waý-eý! Tutuş älem nurly şugladan dolup giden ýaly boldy. Gyzyň maral gabaklary, köşek gözleri, ak, owadan ýüzi meni aňk etdi.
--Gurguinmyň!—diýip, ol maňa habar gatdy.—Men başymy atdym.Ol jübüsinden gülli ýaglyk çykaryp, başyna atdy. Satyn alan zatlaryny häli başyndan gaçan ak ýaglygyna saldy.
Olar bir gowy ýaglyk alyp, synladylar.Ýöne, almaga ikisiniňem puly ýetmedi.
Soň olar meniň ýanyma geldiler. Ogulgerem meni birinji sapar boýumdan başyma synlady-da, enaýyja ýylgyrdy.Men onuň didaryna , ýüz-gözüne aňkarlyp galypdyryn.
--Haçan Aşgabada gaýdýaňyz?!
Men henizem aňňalyp durşuma:
-- Näme? Hä, baý, baý, baýrama gogaý!
Ogulgeregiň gapdalyndaky gyz pyňkyrdy.
--Görgüli peltek öýdýän!—diýdi.—Gepläbem bilenok.Olar gülüşdiler.—Ýöri, bolýa-ja1
Olar gitdiler.
Agşam çaý-nahardan soň, güzere ugradym.
Ogulgerek gijiräk geldi. Men ýerimden turup, ony gujakladym. Ol göwnüme bolmasa, sowugrak göründi.
-- Näme!-diýip, onuň ellerini elime aldym.Elleri ot ýalydy.
Men onuň ýüzüne seretdim.
--Sen gyzdyrýaňmy?
--Ýok-la.
Ogulgerek maňa tutunyp aglady.
--Näme!
Ol:
--Mähribanym!—diýip, maňa gysmyljyrady.—Men bu gün özümiň nähili bagtlydygymy duýdum. Hemseniň nähili elýetmezdigiňi gördüm. Seniň ýaly oglany söýeniň özem bu dünýä geleniňe degýär.Ýöne sen dogry pikir edýäň, mensaňa mynasyp däl. Ýöne garyba, bedigörkem bolsaň, ýürek ýürek-dä.Oňa erk edip bolmaýan eken. Sen meni bu garyp söýgim üçin bagyşlagyn, mähribanym.
Gyz ýerinden turdy-da, raýyşa ýöneldi.Men howlukdym.
--Dursana-a—diýdim.Gyz saklandy.
Men güpbimiň jübüsinden häli maşyn dükandan satyn alan ýaglygymy çykardym.“Onuň ýaglygyny çözüp, başyna özüm, şu ýaglygy dakaryn!“ diýip eden hyýalym puç boldy.
--Men saňa sowgat aldym.
Gyz duran ýerinde doňup galan ýalydy. Ol meniň bu sözüme gozganmady.Men satyn alan ýaglygymy onuň eline berdim.Ol ýaglygyň gatlaryny açdy-da, ony gözleriniň öňüne tutdy.
--Bu şo-ol ýaglykmy?
--Şol!
Gyz garaňkyda ýaglygy ellerinde tutup durşuna:
--Gaty gymmad-a byý! Seniň on günki ýygan azabyň-a byý.
Men ýene gyssandym:
--O dagy näme. Ömrümiň ähli azaby, tutuş ömrüm seniňki bolar.
Ol maňa gujak gerdi.
-- Şeýlemi? Şeýlemi!—Ol şol gelşine meni gujaklady-da. Käkiligiňki ýaljak owadan başyny kükregime goýup, aglady.—Men, men başga pikir edipdirin., ezizim. Men...Men...—Ol silkinip-silkinip aglady-da, ürken keýijek ýaly bolup, tazygyp, budur gitdi.
Jylawyň ýagyşly günleribaşlandy. Maňa üçünji ongünlügiňjemi boýunça-da altyn sagat, ýene odur-budur sowgatlar berdiler. Men indi iki sapar yzbasdyr tutuş uniwersitet boýunça birinji ýeri alyp gelýärdim.
Howa sowady.Güni bilen ýagyş ýagýatdy.Şonda-da bizi goýanokdylar.
-- Hany, atyza çykyň—diýip, ýolbaşçymyz gaharlanýardy.—Näme, bu ýere ýatmaga geldiňizmi!
--Ýagyş-a ýoldaş mugallym! Atyza girer ýaly däl. Eşiklerimiz öl-suw bold- düýnem.
--Bilemok. Atyzyň gyrasynda ot ýakyp oturyň welin, ýatak jaýyňyzda bir oturanyňyzy görmäýin.
Il pagta çykdy. Menem Ogulgeregiň bolaýjak peline tarap gaýtdym Olam meni gördi. „Meniň yzym bilen geliber“ diýýän ýaly, barha aňyrlygyna barýardy.
Men onuň yzy bilen garaba-garaba gitdim. Ol bir wagtlar pagta guratmak üçin gurulyp, indem taşlanan jaýa bakan ugur aldy. Jaýyň gabadynda durup, maňa garaşdy.
Men onuň täze dogan Aý ýalyowadn, näzik didaryny gujakladym-da, gülgün ýaňaklaryndan ysgap-ysgap ogşadym.
-- Dur, beýtme!
--Hä?
-- Görseler näme.
Ol köne jaýa girdi-de, onuň töründe omurlyp galan köne kerpiç pejiň ýanynda saklandy.
Men baryp ony ýene gujakladym-da, ýüzüni-gözüni ýapyp duran ak ýaglygyny sypyrdym.—Ezizim!
Ol erbet tisgindi. Onuň ot ýaly demi ýüzüme urdy.
--Gel, oturaly.
Ol öz goşlaryny birwagtdan galan köne pagta üýşmeginiň üstüne düşek ýazan ýaly edip düşedi. Soň meniň oturarma garaşdy.Men onuň elinden tutdym-da, bilinden gujaklap, „düşegiň“ üstüne ýykyldym. Ol meniň gujagyma doldy.
Men onuň juda owadan, posalak ýüzünden, al ýaňaklaryndan, pyýala ýaly şuglaly gözlerinden, pisse ýaljak gyzgyn dodaklaryndan dynman ogşadym.
Onuň depesine bogan saçy çözlendi, Bilek ýaly örüm saçlaryny görüp, haýranlar galdym.
-- Ezeizim!Janym, Mähribanym!
Ogulgerek başyny meniň gursagyma goýup ýatyşyna, ýuwaşja dillendi.
-- Bilýäňmi, gyzlar näme üçin siziň oglanlaryňyzdan gaçýar—diýdi.
--Ýok!
-- Aşgabatly oglanlar olary aldaýarlar. Kim „öýlenjek“ diýýär. Kim“söýýän“ diýýär.Eýdip-beýdip, ýalan söz bilen ol pahyrlaryň bagtyny ýatyrýarlar. Soňam,olaryň şol gidişi-gidişi bolýar. Şonuň üçin oba gyzlatynyň barysy umyt bilen studentleriň pagta ýygmaga gelerine garaşýarlar, Özlerem olardan gaçýarlar.
-- Senem şeýle pikirdemi?
-- Meniňki başga. Gujagyňda bolan ýekeje pursadymy, müň durmuşa çalyşman. Puşmanam etmen.
Ol agyr dymdy. Men bolsam, saýrap başladym.
-- Men geljek ýyl okuwymy tamamlaýan.Seni Aşgabada alyp giderin. Soň özüm işlärin. Seniň okuňa girmegiňe hemaýat bererin. Bagy daýza ýanyňda bolar. Ejeňe, doganlaryňa goldaň bereris.Ýöne janymyz sag bolsa bolýar—diýdim.
Ogulgerege bu sözler hoş ýakdy.
Ol ýuwaşjadan“ A-ah!“ diýdi. Soň ol meni ilkinji sapar otly dodaklaryny dodagyma basyp ogşady. Soň köýnegimiň iliklerini açdy,
-- Ysgap-ysgap tükedeýin, men seni.—Ol ýüzüme uýatly seretdi. Soň gaşlaryny çytyp, kynlyk bilen gepledi.—Ezizim,-- diýdi Sen maňa gaty umytlar beslediň. Meniňem şondan uly umydym ýok. Ýöne. –Ol azajyk gamlandy.—Meniň dünýäniň ýüzünde özüme degişli ýekeje baýlygym bar. Men şony şu gün saňa bagyýşlajak. Sen maňa soň düşünersiň!
Ol öz ygtyýaryny maňa berdi. Men däli-porhan boldum. Tä garaňky gatlyşýança şol „düşegimizden galmadyk. Men ömrümde şol pursatdan lezzetli, şol pursatdan keremli, näzik pursady görmedim. Bu pursat meni ömür-baky Ogulgeregiňki, Ogulgeregem ömür baky meniňki etdi.
Bu gün bizuň iň ilkinji, iň soňky nika günümiz boldy.Biziň nikamyzy Allanyň özi gyýdy.
Men Ogulgeregiň tamdyr ýaly didaryny gaýta-gaýta gujaklap, onuň ýalyn ýaly ýaňaklaryny ysgap-ysgap, gijäniň bir mahaly öýlerine ugratdym-da, oýa batdym.
-- Kakama, ejeme şu barşyma aýdaryn. Eger razy bolsalar, gyş kanikulynda toý ederin!Eger razy bolmasala, baýramçylykda Aşgabada, öz ýanyma alyp giderin...
5.
Oktýabryň aýaklaryna ýagyşly günler öz ornuny maýyl günlere berdi. Diňe daňdanlar erbet sowuk bolýardy. Indi pellerde pagta galmandy.
Men öz ezizime duşmagy arzuwlap, bar güýlüm bilen galak-gaçak pagtalary fartugyma eňterýärdim.
Bu günem birinjiligi elden bermedim. Öňki ýygymçy oglan-gyzlar bihili gowşapdylar. „Basym gaýdyljakmyş“ diýen gep-gürrüň gulagadegýärdi. Meni has ynjalykdan gaçyrýan zat, şol günden bäri Ogulgerek görnenokdy.Men onuň jorasyny agtardym.Olam ýokdy. Agşam güzere bardym. Ogulgerek gelmedi.
Men howsala düşdüm.Ýüregim kükregim sygmajak bolýardy. Birdenem gorkup başladym. Kim bilýär. Bu gyzlara düşünip bolýarmy,Olar bir gülüň ýapragy ýaly näzik ýaradylan-da...Näme bolwsaşol bolsun-a urup, Bagty daýzalara bardym.
-- Bagty daýza bizem basym gaýtmaly. Şu töwereklerde gawun kaky satýan ýokmuka. Jigileme sowgatlyk alaýaýyn diýýän.
Bagty daýza aladalydy.
--Özümde-hä, ýok, gawunymyzbolmady, inerim. Goňşulardanam, özüň soraýmasaň. – ol meniň ýüzüme çiňňerilip seretdio. –Sen şol gatyk satyn alýan ogla-a dälsiň?
--Hawa, men.
Ol meniň ýüzüme seretdi-de, soň açyk duran işigi seresaply ýapdy.Ondan-a hiç hili habar alyp bilmedim.
Ertesi agşam çekimden soň ýüzi-gözi ak ýaglyk bilen ýagşy daňylan uzun boýlygyz ýanyma geldi. Üüregim tas agzymdan çykypdy.
Zordan „Ogulgerek!“ diýip gygyrypdym. Ol gya maňa:
--Aý oglan, me—diýdi-de, eplengije kagyzy uzatdy.Men ol gyz Näzikdir öýtdüm.
-- Näzik, dur.—Gyz aýak çekdi.—Hany Gerek! Hany, Ogulgerek hany?!
Ol gyz gapdalyma geldi.
--Ogulgerek ýaranok.Ony keselhana eltdiler.
Meniň depämdem bir bedre gaýnag suw guýlan ýaly bildy.
--Niräň keselhanasyna?
--Tejene.
Men akyl-huşumy ýitiran ýaly boldum.Ylgap, ýolbaşçymyzyň ýanyna bardym.
--Mugallym, ýakyn garyndaşym keselhana düşüpdir. Men baryp gelmesem boljak däl. Maňa rugsat beriň!
-- Nirede?
--Tejeniň keselhanasyna.
Mugallym böwrüne diň saldy.
--Näçe günlük?
--Üç-dört günlük!
Mugallym baş atdy. Ýöne gaýdylmagam mümkindir. Oglanlara tabşyr.Gaýdylsa goşlaryňy galdyrmasynlar.
Men pulumy,el göşlarymy alyp, kolhoza swodka äkidýäm maşyna zordan ýetişdim.
Ogulgerek kolhoz keselhanasynda ýokdy. Şähere gidýän mäşyna münüp, göni şäher keselhanasyna bardym.
--Bizde beýle adam ýok. Ýöne ýokganç keseller bölümine-de bir baryp gör.Häzir sarylama köp.
Men onuň salgysyny aldym. „Bir gyz-a bar“ diýdiler.Ot alan ýaly bolup bardym.
Tapdym! Geregimiň ýekeje özi bir palatada ýatan eken. Bardym. Akja düşegiň üstünde bir gysymjyk ak şugla serilen ýaly bolup ýatyrdy.
Egilip, ýaňagyndan öpdüm.
--Ezizim!
Ol gözlerini açdy. Dünýä keramatly nura gark bolup gitdi.
Senmi? Ýa düýşümmi!
-- Men, mähribanym, men.—Men ony gujakladym.Gözýaşym onuň Aý ýaly ýüzüne çabga ýaly bolup paýrap gitdi.
Ol maňa seretdi.
--Ezizim, nädip geläýdiň!
Men eňremäniň arasynda:Edi şu mahaljyk eşitdim.Bir sagat boldy. Uçup gaýtdym. Nämebolýar, janym, saňa. Heý, b4ýdäýmek bolarmy?
Ol gözlerime günäli hem uýatly seretdi.
sarylamanyň ýapyk görnüşimiş.—Indi ol aglady.
Men egildim-de, ony bagryma basdym.
--Ýok, ýok, Men seni häziriň özünde Aşgabada alyp giderin. Men, men diýip, kemiş-kemiş edip aýtdym. Soň işigiň agzyna baryp, ters aýlandym.
--Derman-däri edýärlermi?
Ogulgerek ýylgyrdy-da başyny azajyk dikeltdi.
--Sanjym-a edýärler.—Ol bir gyra süýşdi—Gel, ýanymdaoturaý!Didaryňa zar boldum.Ol oturan badyma meni gujaklady.—Senden boz sähranyň ysy gelýär. Ol ýerler indi ikimiziňki bolup galdy.
Men ony ogşadym.
--Meni beýle ogşama. Kesel gaty ýokgançmyşyn.
Men öwrüldim-de, onuň pisse dodaklaryndan, burnundan ,gözünden ogşadym.
--Şu ýokganç kesel maňa geçsedi!Men seniň ähli keseliňi, derdi-belalaryňy özüme alyp bilsedim.Seniň deregiňe şu düşekde men ýatsadym.
Mähriban ýylgyrdy. Meniň kiren, tot-tozandan çaňjaryp duran saçymy ýümşajyk sypala-dy-da , soň derýa bolup akýan gözlerime, kesmekläp giden degirdi.—Beý diýme ezizim. Sen ýaramasam, men näderin.
Ol dymdy.
--Gör, adam pakyr ýaşap, ýaşap, ahyr soňunda-da yzynda erbet zatlary goýup gidýär. Ine, gör, meni! Men saňa öz söýgimi goýup gidip bilsedim. Sen şonda bilerdiň saňa bolan söýgimiň, hesretimiň näderejededigini....
Meniň ýüregim birzat syzdy. Men silkinip-silkinip eňredim.
-- Sen meniň dünýäme girdiň.Sen meniň ýüregim, janym, umydym Sensiz maňa ömür ýokdur, Geregim!
Içeri dolmuş lukman aýal eli sanjym enjamlary bilen girdi. Ol meni görüp ilki geň galdy , soňa kirli, tozan, terrtipsiz üst-başyma seňrigini ýygyryp, hyrsyzlandy.
--Indi bu näme boldugy?!—Lukman aýal daş çykdy-da koridora gygyrdy—Şepagat uýasy!—Ol ýene içeri girdi-de, gazap bilen—Çyk! Kim ony agyr hassanyň ýanyna goýberýär—diýdi.
Ol aýal zoruna tutdy.
--Çykyň!
Men aljyradym.Koridora çykmadym-da, diňe krowatdan turdum.
--Men saňa çyk dioýýn.Güm boluň!
Bu aýalyň haýýar sesine daýaw erkek adam ylgap geldi.
--Näme, doktor?
--Ýok et şony.
Men gaharly bakdym.
--Şu ýerden-ä ölsemem çykmaýan. Ol meniň gelnim.Alyň, öldüräýiň, meni!
Ol aýal elindäki sanjym enjamlryny şakyrdatdy.
--Çykyň, men sanjym etjek.—diýdy-de, gykylyklap başlady.
Men ahyr soňy koridora çykdy, Soň diwara arkamy berip oturdym-da, iki elimi ýüzüme tutup horkuldap agladym.
--Meni kowmaň, haýyş edýän, meni kowmaň, ýüzüni görüp otursam bolýar. Meni daşary çykardylar.
Meniň her elimden biri tutup barýan oglanlaryň horragy sorady:
-- Ol seniň nämäň?
--Meniň gelnim!
Hälki garýagyz, daýaw ýigit gözlerine ýaş aýlady.
--Maşgala dagam däl eken. Wah! Haýyp! Agyr, gaty agyr. Ýanyna goýbermek bolanok.
-- Oňa näme bolýar ahyry. Biriňiz bir düşündiräýiň-ä!?—diýip, men özelendim.-- Keseli näme?
--Keselini men saňa anyk aýdaýyn.Keseli ýapyk sarylamanyň iň ötüşen görnüşi. Bir ýylyň, iki ýylyň işi däl. Tutuş bagra örňäpdir.
-- Ol nämeden beýle bolýar?
-- Sentýabr, oktýabr aýlarynda gowaçanyň ýapragyny gaçyrjak diýip, samolýot bilen traktor bilen zäher baryny sepýärler. Olam gerek däl ýerlere,suwly ýaplara, öri meýdanlara düşýär. Ondan hem ilat suw içýär , mal-gara ot iýýär. Malyň etinden, süýt-gatygyndn adamlara geçýär.Olam bagyrda dert döreýär. Haýsy açyk, haýsy ýapyk. Ýapygy has aýylganç, bagry gutaransoň belli bolýar. Derman-däri haýyr etmeýär.
-- Aşgabada ýa-da Moskwa äkitsem nähilibolar.
Ol ýigit başyny ahmyr bilen ýaýkady.
--Aýtdym-a, bagyr çüýräpdir diýip. Ony gözgamak bolanok. Her demi howp astynda...Diňe Alla bagly.
Men azajyk özümi tutdym. Egildim-de onuň aýagyna ýykyldym.
--Doganym, gaýrat edip,molla tapyp ber. Bize nika gyýsynlar.Molla...
Gara ýigit dözmedi.
--Bolýar.
Ol keselhananyň sakçysyny çagyryp geldi.
--Ata aga, nika gyýmaly.
--Ana, bor, ýene bir adam tapaýyn.
--Ol lukma ýigide ýüzlendi.—Aga barmy?
--Bar, bar. Çagyr şony. Sen, men, Aga, üç bolýas-däreý.
Aga gelensoň palata girdik. Men Ogulgeregiň gapdalynda oturdym.
Gara ýigit maňa ýüzlendi.
--Ýöne, soň gidersiň. Bolýamy.
Men oýlanman jogap berdim.
-- Bor!
--Şeýdip, Ogulgerek Emir gyzy bilen Garry Kuly oglunyň nikasyny gyýdylar.
-- Adamlar gidensoň Geregim başyny galdyrdy.
--Sen bu dünýäniň ähli gowy zatlaryny görkezdiň, mähribanym.Indem, Alla ýalkap, bir gutulaýsadym. Seniň maňa eden ýagşyluklaryň baryny, baryny ýerine salaryn.
Men güldüm.
--Indi o dnýe, bu dünýe, sen meniňki! Şoňa indi düşünýäňmi! Indi sen meniň seni aldamandygyma düşündiňmi?
Men ony bagryma basdym.
-- Wah, nika näme, mähriban!Seniň eziz didaryňy ýeke sapar görenim dünýe malyndan artyk.Eger bu dünýäden gitmeli diýseler,-- Ol gözýaşyna düwündi.--- Seni nädip goýup giderin. Men şonda näderin?!
Ogulgerek başymy sypaý, sypaý irkildi. Men tä daňdana çenli onuň başujuny alyp oturdym.
--Mähribňan, men üşeýän.
Men penjiräni ýapdym. Egnimdäli güpbimi çykaryp, onuň egnine ýapdym. Ellerinden tutdym.
--Seniň ysyň gelýär. Güpbiňi maňa beräý.—diýip, ol güpbimi burnuna tarap çekdi.—Haty okadyňmy?!
--Ýok..—Ol ýylgyrdy.
--Nika gyýdyrmak nireden kelläňe geldi?—diýdi. Men sesimi çykarmadym.—Sen tutuş Aşgabady meniňki etdiň. Indem, tutuş dünýäni. Indi, hiç kimiň öňünde ýazygym ýok-hä, Allanyň öňünde-de...
Şepagat uýasy gelip, sanjym edip gitdi.
-- Seniň göwnüň iýer-içer ýaly zatdan näme isleýär, ezizim?
Ogulgerek naýynjar ýylgyrdy.
--Üzüm, alma, nar! Men olary iýmän, ýöne seredip oturmagy gowy görýän.
Men daň ýagşy atansoň, bazara baryp ir-iýmiş, gyzgyn tamdyr çöregini satyn alyp geldim. Getirip,Ogulgeregiň gözüniň düşäýjek ýerinde goýdum.Palata çöregiň ysy ýaýrap gitdi.
-- Ýagdaýlaryň nähili, ezizim?
Birhili, gowulaşýan, Häli birazajyk süýtlaş iýdim.—Ol maňa tamakinçilik bilen seretdi. –Haty okadyňmy?— Men „Häzir okajak.Häzir, häzir“ diýdimde onuň gapdalynda ýatan güpbime elimi uzatdym.
--Okaýsan-a!
Men kagyzy jünimden çykaranymdan, içeri wraçlar girdi. Olar meni koridora çykardylar.Şeýdip, hat ýene-de okalman galdy.Soň, tä agşama çenli men palataa giribem, haty okabam bilmedim. Men girýänden çykýandan gaýta-gaýta soradym:
--Ýagdaýy nähili“ Oňa näme edýärler?Näme üçin üýşýärler?
Hiç kim jogap berip bilenokdy. Diňe agşamky daýaw gara ýigit maňa dözmezçilik bilen
--Punksiýa edýärler. Bagyrdan suw aljak bolýarlar!—diýdi.
--Eý, Allam! Bu nähili zulum. Dünýä depäme düňderildi. Hiç zada seretmän, palata kürsäp girdim. Düşegiň üstünde bir gysymjyk ak şugla ýanyp ýatyrdy.
-- Ol meni gördi-de, pyýala ýaly owadan gözlerini balkyldadyp“
--Mähribanym!—diýdi-de, bir owsun atyp, sönüp gitdi.
Ine, bar bolany!
* * *
Meniň mähribanymy Jylawyň golaýyndaky mazarçylygyň bir böwürjiginde jaýladylar. Mähribanymyň „Meniň bütin ömrüm Jylaw bilen bagly bolmaly!“ diýeni çyn ekeni.
„Wah, sen gara ýere, bu sähralara dözer ýalymydyň, Geregim!“ Men eňräp galdym., eňräpler. Iller gaýtdy. Men onsuz indi nirä gideýin. Üç günläp mazaryň başynda usurgap ýatdym. Gije tisginip ýerimden galdym. Men onuň sesini eşitdim. Hawa, eşitdim.
--Mähriban, üşeýän!
Howa sowapdyr. Men güpbimi egnimdem üykaryp, mazaryň üstüne ýapdym. Soň mazary gujaklap, ýatyp galypdyryn. Men näçe gün ýatanymy bilemok. Biri meni yralagy. Başymy galdyrdym. Gözlerime ynanmadym. Görsem, kakam, ejem! Men olarybagryma basyp,dünýä sygman eňredim. Meni maşyna mündürip alyp gaýtjak boldular.
--Ýok! Ýok. Ýo-ok! Men ezizimi munda ýalňyz galdyryp, nirä gideýin.
Men kakamyň aýagyna ýykyldym:
--Kaka jan! Şonuň ýanyndan mazar gazyp, menem jaýlaň! Onsuz bu dünýä maňagerek däl, kaka jan, käbäm ejem! Mensiz ol nädip ýaşar! Degmäň maňa...
Kakam maňa düşündi. Ol obagidip, bir janlyny soýduryp getirdi. Soň gidip iki sany ýaşuly adam, gazan, gap- gaç getirdi. Mazarň gapdalynda gazan ataryp, nahar taýýarlady. Ýaşululara aýat-töbirokatdyrdy. Birki günden meniňem ýüregim düşüşen ýaly boldy. Geregim hem düýşüme girip, „Men senden razy, mähriban, ejeňi, kakaňy ynjytma...“ diýip otyr.
Kakam maşyny otlap, ýanyma geldi.
--Atam! –Ol maňa şeý diýip ýüzlenýärdi.—Men sorap-idäp gördüm. Bu gyz seniň dert çekeniňe müň degýän bir maşgala diýdiler. Wah, seniň söýeniňi men dünýöe malymy harç edip, törüme geçirerdim. Arman, bagtymyz ýok eken. Indi, sen özüňi horlama. Alla-da gowusy gerekdir. Eýesine gerk bolsa, biz biçäre bolup galýas, oglum. Biz ne alaç edeli. Ölümden gaýry zat bolsa, biz seniň ýeke damla gözýaşyňa dözjekmi! Sen özüňi horlama. Indi umyt tükendi, balam.
Men düşündim. Ýöne gaýtmaga hiç aýagym çekenokdy.Baryp ezizimiň mazaryny gujalkadym
--Ezizim! Ezizim!—diýip eňreý- eňreý hoşlaşdym. Kakam maňa dözmedi. Oba gelip, uly sadaka berdi. Tebärek okatdy. Dynç günleriň birinde,ejm, kakam , körpe aýal doganym, gelnejelerim öz gelnimiz hökmünde, ýagly çörek bişirip, Geregimiň üstüne Jylawa gitdik. Ejem :“Oglum öýlense, gelnime“ diýip niýetlän delje matalaryndan alan eken. Ol olary mazar agajyna dakyşdyrdy.Ogulgeregiňöýlerine baryp gaýtdylar.
Bir gije Geregim ak şugla bilup, ýene düýşüme girdi.
-- Haty okadyňmy!...
Men tsginip oýandym-da çyrany ýakyp, güpbimiň jübüsinden haty alyp, okamaga başladym.
„ Mähribanym!
Seni gaty göresim gelýär. Sen meniň Allamsyň! Maňa beren sçýji pursatlaryň üçin ýalkanarsyň.Maňa bir garyp, ýetim gyza dünüäniň süýji eşretlerini bagş eden ezizim, seni juda-juda göresim gelýär.Meni unutma, meni unutma! Öz Ogulgeregiň!
Men Alladan ýeke dileg dileýän,
Meniňem ýaşymy ýaşagyn,dünýäm!
Iki dünýä seniň bilen bile ýar,
Meniňem ömrümi ýaşagyn, dünýäm.
Seni söýüp kän aglap, kän diňdim men,
Umydym sen, armanym sen,andyň men.
Seniň nurly dideleňe siňdim men,
Meniňem bagtymy ýaşagyn, dünýäm.
Bir düýş gördüm, meniň ýüpüm üzüldi.
Özge dakdy maňa çenlän ýüzügňi,
Gel, ezizim, bir göreýin ýüzüňni,
Şirin umytlamy ýaşagyn, dünýäm.
Didaryňa soňky sapar garaýyn,
Agyr derdim alar boldy haraýym,
Umydym sen, ömrüm, bagtym,kararym,
Mendenem has uzak ýaşagyn, dünýäm!
Ak kagyz gözýaşlarymdan mäjum bolgy.
--Wah, nämüçin bu haty şol gün okamadym. Sen öz ýagdaýyňy bilýäzn ekeniň-ä, janym...
Ýyl geçdi. Meni öýerdiler. Oba gyzy. Onda Ogulgeregiň ezizliginden dynnym ýaljagam zat ýok. Sesi welin edil Ogulgeregiňki!
Bir gije ýatyrkam Geregim düýşüme giripdir.
--Üşeýän, mähriban, gaty üşeýä. Sizi bilen gitmeli ekenim, ejeňdňn, kakaňdan utanyp, ýanyňyza baryp bilmedim!..
Men daň bilen maşynyma münüp, Jylawa gaýtdym.
Gelip, köneje güpbimi onuň mazaryna ýapdym-da, başujyna bagrymy gerdim.
Mazaryň otuny, çöpüni, ýele- ýagmyra bozulan ýerlewrini arassalap, düzedişdirdim.
--Ýör, ezizim, men seni Köne güzerimize aýlaýyn—diýdim-de, maşyny şol gadymy Jylawa bakan sürdüm.Jylaw gygaryp otyrdy. Hyşalar, gamyş, selmeler ösüp, gurap, sallam-sajak bolup, tä gözýetime çenli dagaşyp, ýatyrdy. Hyşalaryň, akbaşlaryň akja tozgalary güýzahyryň kebelejikleri ýaly bolup, jümle-jahanda gaýyşyp ýördi.Gowaçaly meýdanlar, sürülip. Suwdan köl bolup ýatyrdy. Güýzdäzki gumak ýollar ýagyş- ýagmyrdan baslygyp, ýere ýazylyp, bir ýerlere uzalyp gidýärdi.
Men birwagtky pagta guratmak üçin gurulan jaýa tarap sürdüm.
Ine, ezizimiň ýatan ýeri. Ine bile bolan ýerimiz. Ol şol durşuna dur. Asyl, biz howlygyp, Geregimiň fartugynam şol ýerde galdyrypdyrys. Olam „Indi haçan bu ýerlere gelerkäňiz“ diýýän ýaly, bize garaşyp ýazylyp ýatyr.Men gaty erbet boldum. Ol ýerden çaltyrak çykmak bilen boldum.
Maşyny kanala bakan sürdüm. Kanalyň aňyrsyndak kepbelik gum-guklukdy. Men Bagty daýzanyň jaýjagazynyň ýanynda maşyny sakladym-da
Bag-ty daýza-how, barmyň!—diýip, gaýta-gaýta gygyrdym. Soňam sesimiň baryny edip—Ogulge-erek! Geregim, barmyň –how! – diýip, üç sapar gygyrdym. Maňa ses beren bolmady. Diňe gyssagly uçup barýan durnalaryň gussaly owazyny eşidip galdym.
Soň şol köne güzere bardym. Ine şol köne güzer. Ine ilkinli duşuşyk ýerimiz. Her kimiň özüniň köne güzeriniň bolşy ýaly, men bu güzere her günde müň sapar dolanýaryn. Bu güzer meniň aňymyň, ruhumyň duýgy-paýhasymyň güzeri bolup galypdyr, ezäizim.
Ine, şeýdip, Geregimiň ömri, ykbaly, elleriniň, aýaklarynyň yzlary galyp, nazary siňen bu mukaddes ýerlere aýlap gaýtdym.Hawa, ol şonda meniň ýanymdady. Men onyň barlygyny duýup durdum. Onuň barlygyny duýmasam, ol ýerlerde näme işim bar ahyryn meniň...
...Men öýe gaýdyp geldim. Şondan bärem men Geregimiň, ezizimiň barlygyny, meni gujaljap, ezizläp ýörendigini duýýaryn...
Bir günem Ogulgeregiň ezizligi barada oýa batyp, nahar iýip otyrkam, kimdir biri:
--Mäzhribanym!—diýdi.
Tisginip gitdim. Ýalta seretdim. Aýalym! Gaty erbet boldum.Men essimden çykdym.
-- Diýme, diýme şol sözleri maňa. Men seniň mähribanyň däl. Meniň mähribanym Jylawda ýatyr . Aýtma-a!—diýip eňredim. Öz otagyma baryp silkinip-silkinip agldym. Şonda kimiňdir biriniň başymy sypap ýaňagymdan ogşaýanyny duýdum. Şol meniň Ogulgeregimdi.
--Ah, sensiz men ne günlere düşdüm! Geregim...
* * *
Kursdaşym Mekan ýene işlän ýerime geldi. Bir käse çaýyň başynda ondan-mundan gürrüň etdik Ol arakesmä golaý turmakçy boldy. Gaýtmanka-da ýene:“Jylaw ýadyňa düşýärmi?!“ diýip, şol berýän sowalyny berdi.
Başyma dünýä düňderilen ýaly boldy.
--Ah, dost, heý, Jylaw ýadyňdan çykarmy. Onda meniň älem-jahanym ýatyr ahyry. Ýüregim ýatyr, ýüregim, ol ýerde...—Ah, ezizim. - Men ýüregimi tutmaga-da ýetişmän jalkyldap gaýtdym...
Öwezdurdy NEPESOW.
Hekaýalar