16:46 Kyrk ýylda ýazylan kitap -20: dowamy | |
Türkmen telewideniýesiniň žurnalistleri, birhili, akyldan daşlaşan ýaly. Olaryň agyz dolduryp aýdýan habarlaryny diňleseň, häzirki wagtda tutuş Ýer şary, beýik hem ösen döwletleriň ýolbaşçylary-da: “Ylymda, medeniýetde, tehniki progresde Türkmenistandan öňe giden ýurt ýok. Bütin dünýä Türkmenistandan görelde almaly” diýip gygyryp ýören ýaly. ”Garaşsyz, bitarap Türkmenistan” diýen sözler-hä juda-da kän gaýtalanýar. Bir zat gaty kän gaýtalanyberse-de suwjuklyk ýüze çykýar. 1997. Ýaşynyň bir çene ýetendigine garamazdan, kyrk-elli ýyl bile ýaşap, gol doly ogul-gyz, agtyk-çowluk ýetişdiren är-aýalyňam “towly” ýaşaýanyna gabat gelýärsiň. Goja-da, kempirem, bir-birinden kemçilik gözläp, bir-birini “ýeňip” bilse armansyz. Bu ýaşdan soň, çaý süzüp, gowudan-gowy gürrüň edişip oturmaga derek yrsarap, äri aýalynyň, aýaly äriniň üstüne hüjüme geçýär. Hüjüm edişer ýaly göwne ýakymsyz gep aýdylmadygam bolsa, sähel ýapyşalga nägilelige bahana bolýar. Men beýle ýagdaýa öz obamyzda-da, öz garyndaşlarymyň arasynda-da käte-käte gabat gelýärin. Ýöne beýle zat, seýregem bolsa, ata-baba döwründe-de bolar eken. Beýik rus ýazyjysy L.N.Tolstoýyňam ömrüniň soňky ýyllary şeýle dartgynlykda—“goja-kempir söweşiniň” içinde geçendigini bilýäris. Ýazyjynyň aýaly Sofýa Andreýewnanyň çakdanaşa “maýdalyk” edendigini, şeýle gurply maşgalasynda-da pul üçin jenjel turzandygyny onuň öz ýatlamalarynda, Tolstoýyň gündeliklerinde okaýarys. Rus ýazyjysy Wikentiý Weresaýew özüniň iň soňky kitabynda Tolstoýlaryň maşgalasy hakda ýazanda şeýle bir wakany ýatlaýar. Sofýa Andreýewna bilen ýygy-ýygydan harçaňlaşmaly bolýan beýik ýazyjy bir öwra aýalyndan zeýrenip: “Meniň aýalymyň elinde rezinden ýasalan bir çagajygy bolsa, özem ulalmasa-da, ösmese-de. Üstesine-de ol çaganyň mydama içi geçse…” diýip, arzuw edipdir. Şeýle bolsa, aýalynyň Tolstoýa ýerliksiz iňirdemäge eli degjek däl eken. * Özümden on ýaş uly, henizem “ýaş ýazyjy” diýlip atlandyrylýan D. diýen türkmen prozaçysynyň näsaghana girip-çykandygyny eşidip, öýüne jaň etdim. Saglygyny soranym üçin ol maňa minnetdarlyk bildirdi-de: —Başga aýtjak zadyň barmy?—diýip, ýaşuly hökmünde, haýbatly gepledi—Meniň uzak gepleşmäge mümkinçiligim ýok. —Näme, saglygyň entek… —Saglygym gowy. Ýöne men häzir uly bir eseriň üstünde işläp otyrdym. Telefonda gepleşip durmaga wagtym ýok. Men geňem galman, gaty hem görmän, “ýaş ýazyja” döredijilik rowaçlygyny diläp, onuň bilen hoşlaşdym-da, Çingiz Aýtmatow, Resul Gamzatow, Nikolaý Tihonow, Berdi Kerbabaýew ýaly edebiýat läheňleriniň öýüne jaň etmek hasap däl, hatda bimahalrak gapylaryndan hem baran döwürlerimi ýatlap, öz-özümden utandym. Hawa-da, kiçi adam emeli ýa-da gelşiksiz hereket bilenem uly görünmek isleýär. Belki, “ýaş ýazyjy” D. hem meniň öňümde ulalmakçy bolandyr. 1996. Men durmuşa gaty tankydy göz bilen garaýan bolsam gerek. Giňräk bolaýmaly welin… Ozal çakyry çykan sözlerden, günde-günaşa gaýtalanyp ýörlen pikirden ybarat tost aýdylsa-da, emeli ses bilen goşgy okalsa-da, bäş-alty adam üýşen myhmançylykda gaty gije çenli oturylsa-da keýpim bozulýar. Ýorganyna görä aýak uzatman, şeýle zerur hem dälkä, karz-kowala girip, diňe şöhrat üçin “Teležka bagşyly” toý edýänleri-de halap baramok. Dek düýn hem şahyr Gowşut Şamyýewe: “Sen goşgy okasaň, gaharym geliberýär. Sebäbi sen goşgyny öz sesiň bilen däl-de, aglamjyraýan ýasama ses bilen okaýarsyň” diýdim. Ol meniň belligimi kabul etmedi. “Göwnüňedir” diýdi. Onuň belligi halamandygy ýüzüniň üýtgänindenem bildirdi. “Düýe öz böýnunyň egridigini bilmez”. Belki, meniň özümde-de ile edýän belliklerime jogap boljak kemçilik bardyr. Men kişä bellik etmek endigimi goýmaly. Emma başarmaýaryn. Ýigrenmeýän, hasam, sulhum alýan adamlaryma olaryň edýän hereketleri barada öz pikirimi aýdyp goýberiberýärin. Men ony aýdylýana bähbitdir öýdýärin. Emma… Türkmen ýazyjylarynyň aglaba köpüsi eserlerini okap, bähbitli bellik etseňem, halamaýar ekenler. Diňe öwgüli sözler aýtmaly. (Galamdaşlaryna belet bolany üçin bolsa gerek, Atamyrat Atabaýewe kemçiliklerini görkezmegi haýyş edip, golýazmaňy berseň, iň soňky sahypasyna diňe “Genialnyý!” diýip ýazýar-da, yzyna gaýtararaýýar.) Olar göze dürtülip duran kemçiligini aýtsaňam, bellikden peýdalanmaga derek, bellik edeni ýigrenýärler. Men muňa Moskwadan göçüp gelenimden soň has-da göz ýetirdim. * Tejen Nepesow şu günki türkmen poeziýasyna, esasam, ýaş şahyra Aýnäzik Hojagulyýewanyň “Ýürek öňki däl” diýen ýygyndysyna (Men ol gowy kitaby ozal okapdym) syn ýazypdyr. Makala 14 sahypadan ybarat. Ýöne onuň tutuş üç sahypasy ýewropa klassyklaryndan alnan sitatalardan ybarat. Onda-da kimlerden! Geýne, Žukowskiý, Batýuşkow, Baratinskiý, Sant-Býöw… Tejen ol makalany ýowuz redaktoryň gözi bilen okap bermegimi haýyş etdi. Men aýdyşy ýaly hem etdim. Makalanyň ahyryna bolsa şeýle sözleri ýazdym: “Sarpaly molla Tejen! Esasy obýektden çykyp gidýän ýerleriňi kesdim. Sitatalaryň, deňeşdirmeleriň edil Aýnäzigiň kitabyna degişli däl ýerlerini aýyrdym. Batýuşkowyň, Sant-Býöwiň setirlerini şu günki türkmen poeziýasy bilen deňeşdirmegiň näme zerurýetlik bar? Bir Şiller bilen Petrarkadan mysal getirmänsiň, gaýry ýewropa klassyklarynyň ählisiniň makalaň içinde elleri gylyçly aýlanyp ýör. Žorž Sand, Merime, Çernişewskiý… Bu nä dissertasiýamy?.." Hawa, men makalany çynym bilen okap, bu işe “ýelmeşmeýän” sitatalary kesişdirýärin, gerekliräklerini türkmençä terjime edýärin (Tejende sitata haýsy dilde bolsa, şol dilde hem makala salaýmak häsýet bar). Awtor redaktirlenen makalasyny okap, meniň eden bellikderimiň hemmesi bilen ylalaşýar, wagt ýitirip okandygym, kän zähmet sarp edendigim üçin çäksiz minnetdarlyk bildirýär, “Şeýdip, birek-biregi okaşmakdan peýda kän-ow!” diýýär. Emma şol makala gazetde ýa-da žurnalda çykaýsa welin, edilen bellikleriň ýekejesi-de göz öňünde tutulan däldir. Bu diňe Tejen Nepes bilenem şeýle däl… Men düşünmeýärin. Belkem, türkmen awtorlarynyň psihologiýasyna belet şahyr Atamyrat Atabaýew, okamaga powest berseňem, üç-dört sany harp ýalňyşyny düzedäge-de, iň soňunda “Genial!” diýip ýazmak bilen çäklenýär welin, belkem ol mamladyr. 5-nji maý, 1997. Men öz gylyk-häsýetimde kemçiligiň, gapma-garşylygyň kändigini bilýärin. Emma olary düzetmegi welin başarmaýaryn. Mysal üçin, men bazardan bäş kg. kartoşka alýaryn. Satyjy daýzanyň öz bähbidini arap, galp çekýändigini görüp durun. Emma onyň şeýledidgini welin aýtmaga utanýaryn, özümiň husytlykda aýyplanmagymdan çekinýärin. Satyjy göz-görtele aldaýar. Üstesine-de ol aldany üçin özüni akylly, mekir, seni bolsa samsyk, oýnatgy hasaplap, eden “gahrymançylygyna” gabarylýar. Men şonda-da kezzabyň kezzaplygyny ýüzüne aýdyp bilmeýärin. Meniň şol hereketim adamçylykmy, geçirimlilikmi, artykmaçlykmy, hatamtaýlykmy? Hiç haýsysy hem däl… * Ýaşlyk gözi bilen garalanda, hemme zat öz hakykatdakysyndan gözel bolup görünýär öýdýän. Oglankak adaty agaçlaryň ýapraklary-da şu mahalky agaçlaryň ýapragyndan has ýaşyldy, päkizedi. Oglankak adamlaryň ýüzüniň reňki hem dup-durudy. Klasdaş gyzlarymyz iň owadan gyzlardy. Ondan bäri elli ýyl töwerek wagt geçenem bolsa, olar dünýädäki iň gözel gyzlar bolup göz öňünde janlanýar. Klasdaş oglanlar klasdaş gyzlara aşykdy, oglanlyk söýgüsi her kimiň ýüreginiň teýinde bardy. Ýöne döwür, ahlak talaplary başgaçady, häzirki ýaly däldi. Kimdir birini halaýandygyňy kalbyňda saklamalydy. Halaýanyňy halaýanyňa duýdurmak utanç hasap edilýärdi, howpludy. Biziň klasdaş gyzlarymyzam, belki, klasdaş oglanlary ýaly bolandyr. Belki, olaram öz pynhan syrlaryny klasdaş oglanlaryna duýduryp bilmän geçendirler. Käte şol barada göz ýumup oýlanýaryn-da, Ahmet Gurbannepesowyň bir goşgusyny içimden gaýtalaýaryn. Goşgynyň ady hem “Klasdaşlaryma”. Gowy gyzlarymyz bardy, Durna dek uçup gitdiler. Utanjaň hem sadadylar, Söýmäge ejap etdiler. Boz durnalar, ak durnalar, Haýsy menzile ýetdiler! Sapakda ýatkeşdi olar, Bizi welin unutdylar. Görýäs ýolda-yzda käte, Tötänden duşan çaglary. Biz obanyň bilbilleri Bezedi özge baglary. Göwünleri ak pamykdy, Ýüzleri dogan Aýdy olaň. Ýa-ha bizi söýmediler, Ýa bizi dogan saýdylar. 1996. By sowal sende-de bar, mende-de. Bu sowal adam döräli bäri hem gaýtalanyp gelýär. Emma asyrlar-da oňa jogap tapyp bilmeýär. “Dünýä indim. Haýry barmy dünýäme? Haýry bormy, girsem ýeň-ýansyz dona? Muny maňa aýdyp bilen bolmady, Gelmegiň, gitmegiň manysy näme?” (Omar Haýýam). * Biçak eserdeň, ýeteşikli, wagtdan bähbitli peýdalanmagy başarýan adamlar meniň tanaýanlarymyň arasynda-da bar. Şolardan biri, asly käri žurnalist, soňky 15-16 ýyl töweregi Mary welaýatynyň häkiminiň (ozalky Obkomyň birinji sekretarynyň) üýtgewsiz kömekçisi bolup işleýän Orazgeldi Hümmedow. Beýle işeňňir adam seýrek gabat gelýär. Ol gije bolsun, gündiz bolsun, häkimiň tabşyran işini minutma—minut berjaý edýär. Ol beýleki welaýatlarda işleýän ýolbaşçy kadrlaryň köpüsini tanaýar, olaryň telefonlarynyň nomerini ýatdan bilýär. Wagty örän ölçegli bolsa-da, ol edebiýat, sungat, syýasat bilen gyzyklanmaga, gazýet-žurnallara seredip çykmaga pursat tapýar. Şonuň üçinem huzura garaşyp, ýanynda oturanlar bilen gepleşmäge-de ökde Orazgeldi Hümmedowa “Nemes ýaly tertipli adam” diýýärler. Şoňa görä-de, welaýatyň häkimi täzelense-de, kömekçisi täzelenmeýär. Täze gelen adam Orazgeldi ýaly işgär tapmajakdygyna derrew akyl ýetirýär. Gepiň keltesi, häkimlere kömekçi taýynlaýan uniwersitet açylsa, Orazgeldi Hümmedowy oňa professor edip belläýmeli. Ol tüýs şonuň başarjak işi. Köne kadrlaryň aýtmaklaryna görä, Orazgeldi Hümmedow Mary welaýatyna (obkomyna) dürli ýyllarda ýolbaşçylyk eden P.Annaorazow, A.Akgaýew, Ç.Gijenow, G.M.Orazow, S.Çaryýew, A.Ilamanow bilen bile işleşipdir. Ol häzirem welaýatyň nobatdaky häkimi bilen işleşip ýör. Netijede, Orazgeldi hakynda şeýle epigramma döredi: Häkimler geler, geçer, Olaň orny gymmatdyr. Häkimlikde bir durjak, Orazgeldi Hümmetdir. 1997. Okyjy ha ynansyn, ha ynanmasyn—meniň orden-medal meselesine göwnübir gatnaşygym bar. Belki, bu meniň durmuşa düşünmezligim ýa-da syýasy sowatsyzlygymdyr. Ýöne orden-medal, “hormatly at” almak üçin alada edýän adamlara men hormat goýmaýaryn. Emma sylagdan şöhrat gözlemän, mätäçligi üçin maddy goltgy gözleýänleriň bolsa “günäsini” bagyşlaýaryn (Mätäçlik köp zada göz ýummaga mejbur edýär). Barybir, orden-medala ymtylmak agraslykdan nyşan däl. Dogry, meniň özümde-de Russiýanyň Prezidenti B.N.Ýelsiniň permany bilen berlen “Russiýa Federasiýasynyň at gazanan medeniýet işgäri” diýen at bar. Emma men gazetlerde çykyş edenimde-de, şol nyşany adymyň yzyndan bir gezegem ýazmadym, akylym üýtgäýmese, galan ömrümde-de ýazmaryn. Ýogsam şol ady B.Ýelsiniň goly bilen alan Orta Aziýada men ilkinji, Türkmenistanda-da men —ýeke-täk… Moskwada işleýärkäm, bir gezek Türkmenistan Ýazyjylar soýuzynyň prawleniýesiniň başlygy Gurbandurdy Gurbansähedow ir bilen, keýpiçag ýagdaýda öýe jaň edip: —Işe baran badyňa, ähli aladaňy soňa goý-da, bize anketaňy iber—diýdi. —Näme boldy, ýaşuly? Eýgilikmi? —Eýgilik. Bir hoş habar bar. Bize ýazyjylar üçin iki sany “Hormat nyşany” ordenine ýer berdiler. Maslahat etdik-de, seniňem kandidaturaň üstünde saklandyk. Barlap gördük welin, sende, orden-medal-ha baýaky, asyl OSOAWIAHIM-iň (Obşestwo sodeýstwiýa oborone, awiasionnomu i himiçeskomu stroitelstwu – Goranyşa, awiasiýa hem himiýa gurluşygyna ýardam ediş jemgyýeti. —A.T.) nyşanam ýok oguşýa. Garlyýewa bilen Kuzminem goldady. (A.A.Garlyýewa, O.D.Kuzmin—TKP MK-nyň bölüm müdiri hem orunbasary. —A.T.) Bir ordeni saňa bermeli etdik. —Gurban Sähedowiç, siziň gaty çynyňyzmy? —Oglan-a, bular ýaly döwlet derejesindäki meselede oýun-henek bolarmy? Sen tizden-tiz anketaňy iber! —Siz orden berip, kimdir birini begendirmek isleýärsiňizmi ýa-da… —Elbetde, begendirmek isleýäs. Sen bilýäňmi, ol nähili orden?! —Onda siz begenäýjek adam gözläň! —Oýny goýaly-la… —Oýun däl, ýaşuly. Meniň gaty çynym. Siz orden bilen begendirjek bolsaňyz, mende iki sany kandidatura bar. Esli dymansoň: —Olar kimler bolmaly?—diýen başlygyň sesinde öýke-kine alamatyny duýdum. —Biri Anna Kowusow, biri hem Hojanepes Meläýew. Şolaryň haýsysyna berseňizem, orden tüýs gadyr biljek eýesine duşar. —Seň çynyňmy? Muny nädäýdiň, oglan?! —Men hakykaty aýdýan. Anna dädeden-ä boş minnetdarlykdan başga zat çykmaz. Ýöne Hojanepese berilse welin, özüňiziňem bir sary possun geýmegiňizem mümkindir. —Onda senden şol possunam boljak däl eken-dä!—diýip, Gurbansähedow güldi. —Ol-a çyn welin, Gurban Sähedowiç, ordeni gadyryny biläýjek adama bereliň-le! Başlyk meniň çynymdygyna ahyr ynanana meňzedi. —Bä-äý, walla, bu düşnüksiz dünýäde her hili düşnüksiz adama gabat gelinýär-ow! Men seni şu mahala çenli tanaman ekenim. Walla, ynanaý, tanamandyryn. G.Gurbansähedow meniň bilen mähirli hoşlaşmazyndan ozal: —A-how, sen beý diýýäň welin, ordene ýer berlenini ysyrganyp, Aşgabatda bizi eýýäm jüýjeli palawa çagyryp ýörenlerem bar. Sen şonam bil!—diýip degişdi. Şol gepleşikden bir aý gowrak wagt geçensoň, gazýetlerde SSSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň permany peýda boldy, yzysüre-de döşi “Hormat nyşany” ordenli Hojanepes Meläýew Moskwa komandirowka geldi. Asyl, Gurbandurdy Gurbansähedow orden barada meniň bilen eden gepleşigini edil bolşy ýaly edip Hojanepese gürrüň beren eken. —Ýör, seniň alyp beren ordeniňi ýuwaly!—dyýip, H.Meläýew ýylgyrdy. Iki dost bolup, aşaky restorana düşdük. Dürli-dümen nahar bilen az-owlak içilensoň, keýpi hasam çaglanan Hojanepes: —Sen meni galp şohrata kowalaşyp ýören ýeňilkelle hasap edýäniň üçin özüňe berilmeli ordeni maňa dakdyňmy ýa-da bu ýerde başga bir gep barmy?—diýdi. —Ýöne çynyňy aýt. Ýalan sözleseň, senden ýaman öýkelärin. —Başga gep bar. —Aýt. —Aýtsam, şu ordeni alan bolsam, menem, iň bolmanda, seň bilen-ä ony ýuwmaly bolardym. Men ýuwmak islemesemem, sen mejbur ederdiň. Meniň gaty gysgançdygymam özüň gowy bilýäň. Men bir manady iki Lenin ordeninden gowy görýärin. Ordeniňi özüň dakynam, ýuwam. Nesip etsin! Maňa-ha çykdajy etdirmeseňiz bolýar… Başyny ýaýkap ýylgyran Hojanepes elimi gysdy. —Sen, han aga, “meň bärdäki garyndaşlammyň" (ýewreýleriň—A.T.) terbiýesini alan-da… * Garrylygy ýakymsyz edýän zat garrynyň öz ýaşlygyna dolanmak arzuwy bolsa gerek. * Ölüm ýaşamakdan halys lejigen, indiden beýläk hem görjek günleriniňem hemmesiniň diňe ezýet bilen geçmeli organizme ýagşylyk isleýän, ony ahli görgüden, kynçylykdan dyndarýan bähbitli çäre bolsa-da, hiç kim beýle ýagşylygy islemeýär. * Aýny bolmasa, gazýetler “Bereketli güýz” diýip ýazýarlar. Gyş garly, buzly bolmasa, ýaz ýagyşly-ýagmyrly, tomus jokrama yssyly bolmasa, güýz bereketli bolarmy? Tebigatyň hemme paslynyň ýylyň berekedine öz goşandy bar. * Gaçýanam, kowýanam “Alla!” diýýän bolsa, Alla bolmagam ýeňil iş däldir. * Men eseriň gowudygyny, erbetdigini oňat saýgarýaryn. Gowy eseri nähili edip ýazýandyklaryny hem aňýaryn. Ýöne özüm welin gowy eser ýazyp bilmeýärin. * Ýazyjylar Soýuzynyň bäş-alty sany agzasyna bir günde “Türkmenistanyň halk ýazyjysy” diýen at berildi. Men olaryň hemmesine, ahyram şol ada halys mynasyp däline jaň etdim. Trubkany onuň aýaly göterdi. —Ýazyjy-ha öýde ýok—diýip, ol “ýazyjy” sözüni has aýratyn bir äheň bilen aýtdy. —Bular ýaly şatlykly gün telefonyň başynda oturmaly ahyryn. Uly iliň begenen mahaly… Beýik hem hormatly at bilen gutlaýjakdym. Öňräk berläýenem bolsa bolman durmazdy welin, aý, “Hiçden giç ýagşy!”. “Atajan Tagan jaň edip gutlady” diýiň. Ýöne ýadyňyzdan çykaraýmaň! —Heý, ýatdan çykararynmy!. . Sen şol “Tentek” kinosyny ýazan adam dälmi? Senem ýazyjymy? —Aý, menem odur-budur ýazan bolýan… Ol aýal “odur-budur” ýazýanlararyň hemmesine “Halk ýazyjysy” diýen at berlendir öýdýär ekenmi, nämemi: —Onda seňem beýik adyň gutly bolsun!—diýdi. * “Halk ýazyjy däl, galp ýazyjy” diýen kesgitleme eşitdim. Ol gepi, hantama bolup ýörse-de, “Halk ýazyjysy” diýen at berilmeýän ýazyjy tapan bolsa gerek. * Duşenbe güni agşamara arak içmegi halaýan bir ýazyjynyň öýüne jaň etdim. Aýaly trubkany göterip: —Ol-a teatra gitdi. Spektakl görmäge—diýdi. Birinjiden-ä, serhoş ýazyjynyň galmagaly trubkadan eşidilip durdy, ikinjidenem, äriniň ýagdaýyny ilden gizlemäge çalyşýan biçäre duşenbe güni teatrlaryň işlemeýändigini bilmeýär eken. * Ortaýer deňziniň kenarynda, biziň eýýamymyzdan ozalky 800-nji ýyllarda finikiýler tarapyndan bina edilen Karfagen şäheriniň harabalarynda ýygnalan zatlar saklanýan taryhy muzeýe aýlandym. Eksponatlaryň arasynda erkek adamynyň kişilik nyşany görnüşinde edilen aýallaryň dodak reňkleýän pomadasy bar eken. “Alhepus, biziň eýýamymyzdan öňki zamanlarda-da erotik zatlara üns berlen bolsa…” diýip, içimi gepletmäge mejbur boldum. Hawa-da, aňsyz haýwanlaram söýgi oýunlaryna “näz-kereşme” bilen çemeleşmegi başarýan halatynda Karfagen döwrüniň adamlaryndan hiç zady geň hem görmeli däl. Onsoňam, “Söýgi gadymy hünär “ diýip, ýöne ýere aýdylýan däl bolsa gerek. Tunis, 1987. Berdi Kerbabaýew, Beki Seýtäkow, Hydyr Derýaýew, Däde Hal (D. LHaldurdy) ýok. Gylyç Kylyýew, Kerim Gurbannepesow, Aleksandr Aborskiý, Gurbandurdy Gurbansähedow, Mämmet Seýidow, Allaberdi Haýydow, Naryman Jumaýew, Ata Atajanow, Güseýin Muhtarow… ýok. Ýaşuly bolsalaram, olar bilen öz-deň duşlarymdan kän tirkeşipdim. Olaryň her biri meniň üçin ýokary okuw jaýydy, özboluşly mugallymdy. Häzirki deň-duşlarym olar bilen deňeşdirilende, başlangyç mekdebe meňzeýär. Men ýokary okuw jaýyndan çykarylyp, başlangyç mekdebe geçirilen ýaly boldum. Beýle diýmek bilen “içgysgynç başlangyç mekdebi”—özümden has talantly deň-duşlarymy tankyt etmeýärin-de, ýokarda ady tutulan ýazyjylaryň her haýsynyň uly bir şahs bolup ötendiklerini nygtamak isleýärin. * Edebiýat meýdanynda örän düşnüksiz “oýunlar” bolup geçýär. Taňry tarapyndan ukyp berilmedik ýazyjysumaklar-a, gije-gündiz harsurup, kagyz garalaýarlar, “eserlerini” gazýet-žurnallarda günde-günaşa çap edýärler, küti-küti kitaplaryny çykarýarlar, okyjylary zaýalaýarlar. Emma Annaly Berdiýew ýaly poeziýada-da, prozada-da, terjmede-de guýmagursak talantlar bolsa öz ukyplaryny öňe sürjek bolman, arkaýyn ýaşap ýörler. Şeýle ýazyjylarda azajygam bolsa, şöhrat “keseliniň” bolmazlygy edebiýat üçin uly ýitgi. Talant bilen şöhratparazlyk bir göwrede ýerleşýän däl bolarly. 1999. * Tankydyň rowaç däl ýerinde medeniýetiň rowaçlanmagy mümkin däl. Bizde bolsa, häzir edebi tankyt döwlet derejesinde ýatyryldy. Beýle ýagdaýa edebiýata bilkastlaýyn hyýanat etmek diýip düşünmek bolar. 1996. Biz neşebentleri betbagt hasaplaýarys. Ýöne olaryňam ullakan lezzetden mahrumdyklary üçin neşe çekmeýänleri betbagt hasaplaýan bolmaklary mümkindir. * “Görmedigim görde galdy” diýsemem bolýa, inim. Görlendir. Urşa-da gatnaşdym. Başdan-aýak diýsemem galat bolmaz. Ýesirem aldyk, özümizem ýesir düşdük. Uruldygam, ýenjildigem, öte-de ýatdyk… Ýesirlikde-de her hili waka bolýar eken. Sanymyzyň näçedigini-hä anyk aýdyp biljekgä—ýedi ýüzmi, alty ýüzmi. Komandirleň hasaby dogry çykmadymy ýa-da duşmanyň güýji rüstem geldimi, garaz, gaty kän bolup, ýesir düşdük. Nemisler bizi mal süren ýaly edip sürüp gitdiler. Gidip barýarkak, ýolgyradaky howlynyň gapysyny saklap duran egni awtomatly, başy pilotkaly, çigni gara atanak nyşanly keltejik nemisiň ýüzi tanyş ýaly göründi. Özem obadaşym Juma arabaçyň ogly Wellege meňzeýä. “Be, walla, nemisiňem türkmene meňzeşi bolýar eken-aýt!” diýip, geň galýan özümem. Deňine ýetemde, nemis garawulynyň ýaňagyndaky peşehorda gözüm düşenden endamym tikenekläp gitdi. Wellek-dä. Nemis eşiginde bolsa-da tanaýdym. Men saklanyp bilmän: “Wellek, salowmaleýkim! Bi senmidiň asyl? Men Hekim uzynyň ogly Sapar. Tanamadyňmy?” diýdim. Wellek salam almaga derek: “Naýn! Naýn!” diýdi-de, aňyrsyny bakdy. “Naýn” diýildigi hem nemisçe “Däl” ýa-da “ýok” diýildigi bolýa. Men “Hernäçe nemisçeleseňem, sen Wellek bolmaly” diýip gygyrdym. Onýança-da, bizi sürüp gelýän hakyky nemisleriň biri haýdap geldi-de, ädikli aýagy bilen syrtyma depdi welin, men entirekläp gitdim…” Aşgabat-Guşgy otlusynyň kupesinde gabat gelen ýaşulynyň gürrüňinden. * Ýaşaýyşda hälimi-şindi gabat gelýän real kynçylygyň, nähak işleriň, deňsizligiň rowaçlanmagy real güýç bolmasa-da, adalatyň tarapynda durýandygy üçin, diniň abraýynyň artmagyna ýardam edýär. * Gedemlik — medeniýetsizligiň dogany. * Durmuşdada öz hakyky manysyna mynasyp däl närselerem kän bolýar. Olardan biri hem duşmanyň bir esgerine derek ýüz esgerini gurban edip üstünlik gazansa-da, abraýyň ýeňijiniňki bolmagydyr. * Beýiklik tarp ýerden döremeýär. Beýik adam özünden öňki zamanyň beýikleriniň mekdebini geçip, olaryň düşünjesine daýanmak bilen beýiklige ýetýär. Şonuň üçinem beýiklige niçiksi ýol bilen ýetendigine düşünýän beýiklerde men-menlik bolmaýar. * Käbir adam eýeleýän belent kürsüsine mynasyp däldigini bilip, özüni şol derejä mynasyp kişi edip görkezmäge çalyşýar. Ol hem oňa ýasama görnüş berýär. * Saňa ýagşylyk isleýän adam seni öwmez. * Ogurlyk, has beteri-de garybyň çagasyny aç goýmak ýoly bilen gazanan baýlygyna buýsanýan adamlaryň dünýäsiniň nähilidigine hiç akyl ýetirip bilmeýärin. * “Bagt näme?”, “Bagtlylyk näme?” diýen sowaly nirä barsaňam, gabat gelen žurnalistden eşidýärsiň. Absolýut bagt bolup bilmez. Bagtyň örüsi —çäksiz. Şonuň üçinem ol sowala bir ýa-da iki söz bilen jogap bermek mümkin däl. Edil adam nebsiniň çäksiz bolşy ýaly, bagtyň hem serhedi ýok. Ölüm ýassygynda demini sanap ýatan adam durmuşda saglykdan gaýry bagt bardyr öýtmeýär. Jübüsi kör köpük pulsuz, garny aç adam sähelçe pullyny ýa-da saçagy nanly adamyny bagtly hasaplaýar. Ýaşaýyş basgançagynyň iň aşakysynda duran adam özünden bir basgançak ýokarda duranyň ornuny bagtlylyk saýýar. Meniň özüm-a “Bagtlylyk näme?” diýen sowala “Kanagatllyk hem şüküranalyk” diýip, jogap beresim gelýär. Saglykda iýjegiň, geýjegiň ortaça tapylyp dursa, şol derejäni bagtlylyk derejesi hasap edýärin. Iň esasy-da ýagdaýyňa baha keseniňde, gara nebis diýilýän zady bir tarapa süýşürip baha kesmeli. Dürmen, Özbegistan. 1988. * Onuň talantsyzlygy talantsyzlyk manysynda şeýlebir talant bilen ösen welin, ol çala talantlylary-da haýran edýär. * Her şahsyň ylymly-bilimli bolup ýetişmeginde onuň ýaşlykda alan görüm—göreldesi, terbiýesi esasy rol oýnaýan bolsa gerek. Dünýä belli adamlaryň terjimehalyna ser salýarsyň welin, şeýle çaklamany tassyklaýan mysala kän gabat gelýärsiň. Rus ýazyjysy hem diplomaty A.Griboýedow on bir ýaşyndaka iň abraýly okuw jaýy bolan Moskwa Döwlet uniwersitetine girýär, 17 ýaşynda “Ylymlaryň doktory” diýen alymlyk derejesini almaga taýyn bolýar. Ol uniwersitetiň dil, ýuridik, fizika-matematika fakultetleriniň tapawutlanan diplomlaryny alýar. Çünki Griboýedow entek oglanjykka B.Ion, I.Bule ýaly atlary taryha giren şahslardan ýörite sapak alýar. Üç ýaşly Pýotre (geljekki Pýotr 1-nji) döwrüniň belli alymy Zotow sapak beripdir. Aleksandr Makedonskä bolsa Elladanyň iň bilimli kişisi, Platonyň şägirdi Aristotel ylym öwredipdir. Dogry, özüňde Taňry beren üşük bolmasa, dünýäniň ähli alymlaryndan sapak alsaň-da, üýtgeşik netije çykmazlygy mümkin. Ýöne, ozalam şu ýazgylarymda belleýşim ýaly, biziň ýaşlykda, tüýs öwrenäýjek pursadymyz “Çärjewden alan gelniň gutly bolsun, Heşdek baý!”, “Telpek tikseň, tüýi bolsun buýruja”, “ Gara öý gerek däl”, “Dogramadan doýurmady, ýaranlar”, “Jykyr”, “Zähri ýaman, baly gymmat arynyň” diýen ýaly “çuň manyly” eserleriň derejesinde terbiýe alan neslimizden nämä garaşjak? * 1997-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Resul Gamzatow “Izwestiýa” gazýetine beren interwýusynda: “… men welin, adamyň ilki eneden garry bolup dogulmagyny, soňam çaga öwrülmegini isleýärin”- diýip ýazýar. Men edil şoňa meňzeş pikiri iki ýyl mundan ozal şu gündelikde bellän ekenim. Bu ýerde men R.Gamzatowdan öňürdenime geň galmaýaryn-da, iki adamynyň pikiriniň birmeňzeş bolyp çykyşyny nygtaýaryn. * Ýene 10-15 ýyldan (belki ondanam bärräkde) çeper edebiýat (hekaýa, powest, has beterem roman) öz hümmetini ýitirse gerek. Şol döwürde edebiýaty okaýan adamlaryň sany juda azalyp, ähli kişiniň ünsi “öý sungatyna”—telewideniýä, internete tarap gönüger. Roman, powest, hekaýanyň ornuny ssenariýa eýelär. Muňa adamlaryň çeper edebiýaty ýigrenmegi däl-de, ony okamak üçin sarp edilýän wagtyň gymmatyna düşünmekligi esasy sebäp bolar. Haýsydyr bir möhletiň geçmegi bilen, ”tehniki sungatdan” lejigen adamlaryň ýene çeper edebiýata dolanmaklary ahmaldyr. Ýöne şol döwrüň täze edebiýaty welin häzirkiden düýpli parhlanar, köpsözlükden saplanar, kitaplaryň göwrümi kiçeler, telim tomluk romanlar ýazylmaz. 2001. Şu gün Murgapdan Aşgabada geldim. Ýanwaryň 13-de Maryda syrgyn syrap, şeýlebir agyr gar ýagdy welin, ýol-ýodalar tekizlendi. Adamlaryň keýpi ýok. Belli-belli “dogumly hojalyklar” bolaýmasa, köpler ýeter-ýetmez gara nan hem pes hilli çaý bilen günemalaryny dolandyrýarlar. Oňa garamazdan, arak kän içilýär. “Neşebentleriň sany gaty köpelýär” diýip, gürrüň edýärler. Aýtmaklaryna görä, neşe bilen meşgullanýanlar esasan, ýaşlarmyş. Iň aýylganjy şol. Türkmeniň genefonduna zeper ýetmese biridir. 17.01.98. Mary welaýat içeri işler edarasynyň türmelere garaýan bölüminiň müdiri podpolkownik Kakajan Hommanowyň ýanyna bardym. Ol meniň “Erkeksiz dünýä” ady bilen ýazylmaly kitabyma material tapyşmaga, türmelere aýlamaga wada berdi. Göreris. Bol material ýygnanyň bilenem eser döräbermeýär. 15.01.98. “Bizde namart adamyň sany kän” diýen pikir bilen käbirleri ylalaşmajak bolýarlar. Şol çaklama ynanmak bilen ýalňyşýan bolsam, men öz ýalňyşymy begene-begene boýun alardym. Emma, gynandyrýan ýeri, şol ýakymsyz kesgitlemäniň dogrudygyny durmuş hälimi-şindi tassyklap barýar. Düýn-öňňun Türkmenistan Ministrler kabinetiniň medeniýet bölüminiň müdiri Öwezdurdy Nepesowy wezipesinden boşadyp, Magtymguly adyndaky uniwersitete mugallym edip işe belläpdirler. Göräýmäge, bu ýerde gybata, “hyşy-wyşa” sebäp bolar ýaly ýapyşalga-da ýok. Öwezdurdy Nepesow bir işden başga bir işe geçipdir. Belli bir iş orny hiç kime-de baky berilmeýär. Men Öwezdurdy Nepesowy ýakyndan tanamaýaryn. Çakyma görä, onuň gedemräk, özüne ýokarrak baha berýän adam bolmagy mümkin. Ol ylymlaryň doktory, professor, Türkmenistanyň halk ýazyjysy (Älhepus, haýsy gapyny açsaň, jaýyň içinde birlän-ikilän halk ýazyjysy ýa-da professor bar!). Men onuň iki romanyny okadym. Meniň baha kesişime görä, onuň döredijiliginiň derejesi häzirki türkmen prozasynyň derejesinden asla pes däl. Fantazyýasy güýçli, sagdyn, ýerbe-ýer, dili oňat bilýär, dartgynly sýužet gurmagy başarýar, original obraz döredýär. Ýöne onuň prozasyna bir talapgär redaktor ýetmeýän ýaly, - “kakyşdyraýmaly” ýerleri bar. Şeýle ýazyjy hem alym (Men onyň alymlyk derejesi hakda hiç zat aýdyp biljek däl: ylmy kitaplaryny okamok, leksiýasyny diňlemek miýýesser edenok) bir işden başga bir işe geçipdir. Onuň Watan öňünde etmişi, ýoldaşlaryna eden hyýanaty ýok ýaly. Ýolda-yzda tanyş-bilişlerine gabat gelse, içgin salamlaşýar, hal-ahwal soraşýar. Emma hut düýn Ö.Nepesow bilen ozal saçakly gatnaşan, ol barada gazetlere öwgüli makalalar ýazan H.D. hem G.Ş. diýen galamdaşlaryma sataşdym. Olaryň ikisi-de Ö.Nepesowyň belent derejeden pes derejä düşürilmegine begenýän ýaly bolup gürrüň etdi. Biri-hä: “Öwezdurdyny uniwersitetdenem erte-birigün kakýalar” diýdi. Men oňa: “Sen ertir uly bir roman ýazmak niýeti bilen öz peýwagtyňa arza ýazyp, wezipäňi taşlasaň, iň ýakyn ýoldaşlaryň biri-de “Işinden pyzypdyrlar” diýip gürrüň ýaýratsa, özüň nähili görersiň?” diýen sowal berdim. Ol gaharlanjak boldy. Men “Atylan ok daşdan gaýtmaz” etdim—oňa hut iki ýyl mundan ozal Ö.Nepesowy arşa çykaryp gazete makala ýazandygyny ýatlatdym. Emma ol şonda-da şu mahal ýalňyşýandygyny boýun almady. Redaksiýadan çykyp gaýdanymda, men adam gatnaşyklary, adamlaryň mertlik-namartlygy barada oýlandym. Şonda men Moskwada işleýärkäm, TKP MK- nyň sekretary Çary Ataýewiň özümi işden boşatmak teklibi bilen edaramyň başlygyna ýazan resmi hatyny ýatladym. (Ol hatyň mazmynyny şu gündeligiň öňdäki sahypalarynda getiripdim) Ýoldaş Ataýewiň hatynyň SSSR Ýazyjylar soýuzyna gowşan gününiň hut ertiri soýuzyň partiýa guramasynyň 10-12 adamdan ybarat aktiw agzalary partbýuronyň otagyna ýygnanyp, entek hatdaky edilýän teklibiň kanagatlandyryljagy belli hem dälkä, maslahat geçirdiler. Geň zat, olar kompartiýanyň agzasy däl A.Tagany goramak üçin ýygnandylar. Özleri-de, edaranyň başlygy Türkmenistan Kompartiýasynyň MK-nyň öňünde, bardy-geldi, dyza çökägede, Ç.Ataýewiň haýyşyny kanagatlandyrmakçy bolaýsa, meniň arkamda dag ýaly bolup durmaklygy wadalaşdylar. Bu ýerde ýene bir bellemeli zat bar. Ol hem şol ýygnaga gatnaşan kommunistleriň hiç biri bilenem men “saçakly gatnaşmaýardym”, salam-helik alyşmakdan gaýry ýakynlyk hem ýokdy. Hut şoňa çalymdaş ýagdaý men Moskwada işlän döwrümde ýene iki sany kärdeşim bilenem boldy. Kommunistler-u partiýada däller olary hem gala bolup goradylar. Bizde bolsa (Öwezdurdy Nepesowyň mysalyna ýüzlenseňem) adamlar öz tirkeşip ýören ýoldaşlarynyňam başyna iş düşende, goramaga derek, ýakymsyz gürrüňini etmäge döwtalap ýaly. 26.01.98. Ýokarky mysala ýene bir goşmaça ýatlama. Haýsy ýylda bolandygy anyk ýadyma düşenok welin, Türkmenistanyň Edebi fondunyň şol mahalky direktory, zähmet hem uruş weterany ýazyjy Nazar Geldiýew näme maksat bilen gidýändigini Ýazyjylar Soýuzynyň ýolbaşçylaryna-da, işdeş ýoldaşlaryna-da aýdyp, Moskwa gidýär. Ol kellesinde, sag gulagynyň ýeňseräginde uruş döwründen aýrylman galan oky aýyrtmak üçin Moskwanyň Botkin adyndaky näsaghanasynyň hirurgiýa bölümine girmekçidi. Biz oňa SSSR Ýazyjylar Soýuzynyň Merkezi poliklinikasynyň üsti bilen islän näsaghanasyna ýerleşmäge ýardam etdik. Operasiýadan öňem, operasiýa edilen güni hem men Nazar aganyň yzyndan bardym. Onuň kellesinden çykarylan okuň gyýçagyny hut öz elime-de alyp gördüm. Emma Nazar Geldiýew entek näsaghanadanam çykmanka, Aşgabatdan Ýazyjylar Soýuzynyň ýolbaşçylarynyň biri maňa jaň edip: “Öz aramyzyň gürrüňi welin, Nazar Geldiýew Moskwada keýp çekip ýörmi ýa-da kesel-pesel diýýäni ugrunda barmy? Şony derňäp, bize habar etse-ne!” diýdi. Men başga-da gep tapman: “Onuň kellesinden operasiýa edilip alnan okuň bölegi-hä meniň elimde. Özem entek näsaghanadan çykanok. Onuň nähili, nirede keýp çekýändigini men-ä bilemok” diýdim. Jaň edýän ýoldaş şonda-da aljyramady. Ol ýasama güldi-de: “Oýun etdim-le. O pahyr esli mahal bäri hem “kellämdäki “oskolok” azar berýär” diýýärdi-le!” diýdi. * “Söz” diýilýän zat ulanylýan hakyky manysyna onçakly laýyk gelmese-de, kabul edilen şertine görä leksikona girip gidýär eken. Mysal üçin, “açar” sözi gapyny açýan guraly (klýuç) aňladýar. Ýöne gapyny ýapýanam (gulplaýan) şol gural. Emma onuň açmak hem ýapmak bilen ýerine ýetirýän iki wezipesiniň diňe birine görä, ýagny açýan wezipesine görä at galypdyr. Şonuň üçinem, gapyny ýapjak-gulplajak bolsagam, “ýapary” gözlemän, “açary” gözleýäris. Bu ýerde ulanylmaly iki sözüň biri “tygşytlanýar”. “Ýarym aç, ýarym dok” diýlende welin, tersine. Ýogsam, “ýarym aç” bolanda, adamyň “ýarym dokdugy” çintgelip durulmanda-da, ýarym doklugynyň manysyny berýär ahyryn. Bu ýerde söz “tygşytlamak” göz öňünde tutulmandyr. * Russiýada ýazyjy bolmak hem gowy, hem howply. Rus ýazyjysynyň diňe aktiw okyjysynyň sany hem telim milliona ýetýär. Bu—gowulyk. Şonça okyjynyň agramly bölegi-de derejesi belent däl ýazyja sapak berip biljek okyjy. Bu bolsa howply. * “Pagtabent” atýan, ýaranjaňlyk edýän şahyrlaryň gazýet sahypalarynda edýän çykyşlary birneme kiparlady welin, olaryň gory gutaraýdymyka? Umuman, ýaranjaňlyk bilen haýasyzlygyň gory-ha gutarmaly däldir. Ýanw. 98. * Örän gowşak kitaplaryň awtory bolan ýazyjylar hem öz eserlerini ýokary derejededir öýdýärler, olaryň ýekejesini-de ýigrenmeýärler. Men olaryň ýagdaýyna düşünýärin. Çünki bir topar kitap çykaran awtor bir topar çaga dogran enä meňzeýär. Mysal üçin, enäniň dogran dört oglunyň biri görmegeý, ikinjisi bigörk, üçünjisi akylly, dördünjisi kemakyl. Emma enäniň gözi bilen garasaň, perzentleriniň hemmesi-de bir derejede: bigörkem görmegeý, kemakylam akylly. Çagasyna hakyky ýagdaýa mynasyp baha berýän enä juda seýrek gabat gelinýär. (Men öz ýazan eserlerim babatda şol seýrek gabat gelýän enä golaýdygyma gaty begenýärin.) * Halkyň durmuşynda uly rol oýnan taryhy şahsyň ýa-da döwürdeşiň edebi obrazy döredilende, onuň “bagtynyň” çüwüp-çüwmezligi eseri döredýäniň derejesine bagly. Örän talantly awtor serdary ýa-da hany hakyky bolşundan has agramly, has parasatly edip görkezip biler. Edil şonuň tersine-de, talantsyz awtoryň galypyna salnan parasatly serdar alasamsyga-da öwrülip biler. * Çaga eneden näziklik, atadan gödeklik geçýär. * Men özümde döwlet ýolbaşçysyna gowy görünjek bolmak gylygymyň ýokdugyny gowy görýärin. * “Hatyra güni” “Sapar işan” gonamçylygynda boldum. Uly-kiçi iki ýüz töwerek adam gonamçylygy tertibe saldy. Obadaşlarymyň, duz-emek bolnanlaryň, deň—duşlaryň mazarlary. Iň gynançly ýeri-de heniz gumy guramadyk mazarlar kän. Ol barada gep açylanda, daşary ýurt radiostansiýalaryny yzygiderli diňleýän obadaşlarymyň biri: “Amerikan hünärmenleriniň berýän maglumatlaryna görä, häzir Türkmenistanda ýaşaýyş ýagdaýy agyrlaşyp, adamyň ortaça ömri 53 ýaşa gelipdir” diýdi. Bu örän aýylganç yzagaýdyşlyk. 12.01.98. Düýn Daşowuz welaýatynyň ozalky häkimi Öwlüýaguly Hojakowa gabat geldim. Ol salam-helikden soň: “Näme täze eser döredýäň? Soňky wagtlarda adyň-soruň çykanok-la?” diýdi. Men ýagdaýy düşündirdim. Ol mekir ýylgyrdy-da: “Senem “mert” ýazyjylar ýaly temaňy düzedäýseň bolmaýarmy?” diýdi. 3.01.98. * Magtymgulynyň adyna berilýän, ýöne onuňky däldigi mese-mälim bildirip duran “Türkmeniň” diýen ýasama-syýasy goşguda “Görogly gardaşy, serhoşdyr seri” diýen setir bar. (Bu ýerde “serhoşdyr” diýip geçäýmeli welin, bir many üçin iki gezek “ser” sözüniň ulanylmagynyňam ýerliksizdigini belläliň.) Ýene hem “Görogly dek dagdan-daşa ugrasam” diýen setirden başga Magtymgulynyň döredijiliginde Göroglynyň adyna gabat gelmeseňiz gerek. Bu näme üçin beýle? Göroglynyň mertligi, adamçylygy, akyl-paýhasy, biziň häzirki ideologiýamyzyň ündeýşi ýaly nusga alarlyk derejede bolan bolsa, beýik şahyryň şygyrlarynda-da onuň ady gaýtalanyp duraýjak ýaly. Meniň pikirimçe, Magtymguly Göroglyny gaty “ýakyndan tanandygy” üçin onuň obrazyny nusga edinerlik derejede däl hasaplana meňzeýär. Şeýle netijä gelmeklige tutaryk bolýan köp mysaldan birnäçesine ýüzleneliň: 1. Görogly hiç mahal halal zähmetiniň hasabyna güzeran dolandyran adam däl. Onuň geçip barýan bigünä söwda kerwenini talamakdan gaýry pişesi ýok. Ol hiç ýerde işlemeýän, ýeri gelende, Göroglynyň özüne-de hyýanat etmäge taýyn kyrk sany namarda ýolbaşçylyk edýär. Olar “kyrk ýigit” diýlip atlandyrylsa-da, edýän hereketlerine görä, barybir, kyrk sany galtaman. 2. Göroglynyň obrazy ahlak nukdaý nazaryndanam nusga alarlyk däl. Ol öz ogly Öwez jana niýetläp alyp gelýäni Gülruhuň gözelligine gözi gidip: “Ýa, meň özüm alsammykam, Ýeser gara zülpüň seniň” diýýär-de, atanyň öz perzendi babatda hiç mahal ätmejek ädimini ätmäge meýillenýär. Onuň üstesine-de Göroglynyň haramylyk eden pursatlaryny-da ýatlalyň. 3. Görogly şerraý. (Buldur gassabyň patasynda eden musulmançylyga sygmajak hereketlerini göz öňüne getiriň.) 4. Görogly namart, ejiz (Bezirgeniň ölümi). 5. Görogly kezzap. Ol Harmandäliden basylyp gelşini Agaýunusdan gizleýär. Ony aldamak isleýär. 6. Görogly akyly goýy adam däl. Ýogsam ol ähli hakykaty dyrnagyna seredip bilýän perizat aýalynyň öňünde ýalan sözlemezdi ahyryn (Ol ýalan sözünde-de tutulýar). Häsýetinde diňe şu mysallarda görkezilen kemçilikleri bar adam il nusga alar ýaly položitel gahryman bolup bilmez. Beýle adamdan diňe ýaramazçylyk öwreniler. Dogry, ol üste ýagy çozanda ýurdy basybalyjylardan gorapdyr diýen pikir hem dörär. Ýöne eposda açyk aýdylmasa-da, “kyrk müňleriň” gelmeginiň esasy sebäbiniň Göroglynyň eden çapawulçylyklarynyň jogabydygy düşnükli ahyryn. Belkem, Magtymguly şolar ýaly sebäplere görä Göroglynyň adyny öz şygyrlaryna salmak islän däldir. Biziň şu günki ýüzleý syýasatçylarymyz bolsa adamlary Göroglynyň ruhunda terbiýelemäge ýykgyn edýärler, hatda ýurduň Prezidentini-de Görogla deňeýärler. Eger Göroglyny türkmeniň milli gahrymany, iliň öýkünmeli şahsy, halallygyň, dogruçyllygyň nusgasy hökmünde ulanmak meýlimiz bar bolsa, onda eposy akylly-başly redaktirlemeli. Göroglynyň obrazyny, iň bolmanda, ýokarky kemçiliklerden doly bolmasa-da (obýektiwlik üçin) kem-käsleýin saplamaly. ”Görogly” eposy belli bir real awtor tarapyndan ýazylmany üçin ony düzetmäge-de, asyl süňňüni saklap, täzeden işlemäge-de biziň hakymyz bar. Şeýle hem “Eý, Görogly piriň urar, Piriň ýa Hezret Alydyr” diýen setirler hakda-da oýlanmagymyz gerek. Sebäbi Alyny şaýylar baýdak edinýärler, türkmenler bolsa sünni (Kyrkynjy ýyllaryň aýaklarynda) “Göroglynyň” kimiňki bolmalydygy hakda azerbeýjanlar bilen bolup geçen “çekişmäni-de” unutmaly däl). Görogly – Görogly däl-ä! – Bataşy. 1996. 1972-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda Aşgabada komandirowka gelen günüm telefon edip, Gylyç Kulyýew bilen salamlaşdym. “Giriş sözleşigimden” soň Gylyç Mämmedowiç şeýle diýdi: “Aşgabada geleniň gowy boldy. Özüm Moskwa jaň etjek bolup ýördüm. Bir gowy pikir kelläme geldi welin, ony özüň bilen ýüzbe-ýüz oturup maslahatlaşmaly. Ertir günorta nahara bize çykaý!”. Ertesi sagat 14-de men Kulyýewlere bardym. Gylyç Mämmedowiç “kellesine gelen gowy pikiri” çaý-nahardanam öňürti beýan edip başlady. Asyl onuň “gowy pikir” diýýäni maňa ylymlaryň kandidaty adyny almak üçin dissertasiýa goratmak bilen baglanyşykly eken. Ol döwürlerde ýaşu-gartaň ýazyjylaryň arasynda “Filologiýa ylymlarynyň kandidaty” diýen “hormatly at” almak gaty ýoň boldy. Ol anekdota öwrüldi diýen ýaly. Men diňe ýadyma düşýänleriniň atlaryny getirenimde-de, “alym çykan” ýazyjylaryň sany gaty köpe ýetýär: Allaberdi Haýydow, Ýylgaý Durdyýew, Kaýum Taňrygulyýew, Ahmet Mämmedow, Ýazmyrat Mämmediýew, Nazar Gullaýew, Kakajan Durdyýew, Halyl Kylyýew, Begmyrat Ussaýew, Gurban Çöliýew, Nury Baýramow, Kakabaý Gurbanmyradow, Kasym Nurbadow, Öwezdurdy Nepesow, Oleg Kuzmin, Şäher Borjakow. Aşyr Mämiliýew, Rahym Esenow, Şirinjemal Geldiýewa, Şadurdy Çaryýew, Allamyrat Garaýew… Dogry, ol ýazyjy-şahyrlaryň käbiri, dogrudanam, ylym dünýäsinden az-kem dem aldylar. Ýöne Tirkiş Jumageldiýew Berdimuhammet Gulow ýaly sap prozaçylaryň. Gurbandurdy Gurbansähedow ýaly çal saç ýazyjynyň kandidatlyk dissertasiýasy üçin tema almaga taýynlyk görüp ýörmegi alymlyk epidemiýasynyň moda öwrülendigine şaýatlyk edýärdi. Gylyç Kulyýew maňa-da “öňde baryjy adamlardan” yza galmazlygy maslahat berdi. Onuň gelen aýgydyna görä, men kandidatlyk dissertasiýasyny hökman goramalydym. Umuman, bir tarapdan seretseň, ol mamlady. Meniň dissertasiýa goramakdaky mümkinçiligim, beýlekileriňki bilen deňeşdirilende, has amatlydy. Işim—edebiýat, iş salyşýanlarym—ýazyjy-şahyrlar. Meniň diňe Moskwanyň “Sowetskiý pisatel”, “Molodaýa gwardiýa”, “Detskaýa literatura” neşirýatlary üçin türkmen ýazyjylarynyň kitaplaryna ýazan “içki” resenziýamyň sany kyrka golaýlap, sahypasy üç ýüzdenem geçýärdi. Moskwada ýaşaýanlygym sebäpli, merkezi arhiwlerde işlemek üçin hiç kimden komandirowka dilemeli däl, myhmanhana agtaryp kösenmesiz. Bilmeýän zatlarymy soramak üçin keseden alym agtarmak hajaty ýok—bile işleýänlerimiň köpüsi belli alymlar. Gündogary öwreniji meşhur alym Lýusian Klimowiç, professorlar Wladimir Pimenow, Inna Wişnewskaýa, Aleksandr Wlasenko öz mugallymlarym hem günde-günaşa görşüp ýörenlerim. Özüm bilen bile işleýän ýoldaşlarym Çingiz Guseýnow, Şöwkat Hyýazy, Wil Ganiýew ylymlaryň kandidaty. Respublikalarda goralyp WAK-a ýollanýan dissertasiýalara-da olar käte syn ýazýarlar. Edaramyzyň gabat garşysynda-da Gorkiý adyndaky dünýä edebiýaty instituty ýerleşýär. Talantly alymlar W. Borşakowskiý, Kazbek Soltanow, Swetlana Alyýewa dagy bilen, Gylyç Kylyýewiň dilinde aýtsam, dostluk aragatnaşygynda. Gepiň gerdişine görä ýatlasam, türkmenlere şahyr Baýram hany açyp beren alym Gazanfar Ýunus ogly Alyýew bilenem men Dünýä edebiýaty instituty arkaly dostlaşypdym. —Prozaça ylym bilen iş salyşmak nämä derkar?—diýen sowalyma Gylyç Kulyýew artykmajy bilen delillendirip jogap gaýtardy. Ol uzaga-da gitmän, özüni mysal getirdi. Ol taryh ylymlarynyň kandidaty, Türkmenistan Ylymlar Akademiýasynyň habarçy agzasy, Türkmen Döwlet unuwersitetiniň dosenti, hepdede birnäçe gezek studentlere leksiýa okaýar. Onuň nygtamagyna görä, mugallymçylyk etmek mydama tertip-düzgünli bolmaga mejbur edýär. Talyplaryň öňünde ebtiňi agdyryp durmak ýa-da okaýan leksiýaňa taýýarlyksyz barmak gelşikli däl. Wagt tygşytlamagy hem öwrenýärsiň, aýlyk-günlügem gowy, işiň arassa. Ýokary okuw jaýynda sapak berseň, käbir ýazyjylar ýaly öýüňden ýaban ýatyp, komandirowkada hem entäp ýörmeli däl. Üstesime, Gylyç Mämmedowiçiň özi-de: “Orta Azyýada sosializmiň ýeňmegi hem onuň ösüp barýan ýurtlara ýetirýän täsiri” diýen temadan doktorlyk işini tamamlap barýar. Ol hem ýazyjylyk işine uly zeper ýetirip baranok. Gaýtam, “Iş gyssagda biter” bolýar. Garaz, gepe-söze ökde, dürsüni tekrarlamaga ussat Gylyç Mämmedowiç garşylyk görkezmegime maý bermedi. Men oňa ynandym. Haçan-da ol “goja” Gurbansähedowy-da şol meselede “zäherländigini” aýdanda-ha men eýýäm dissertasiýamyň temasy barada oýlanyp ugradym. Kän mahal geçmänkä, meniň dissertasiýamyň temasyny Ylymlar Akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Edebiýat instituty saýlap berdi. Ol tema şeýledi: “Türkmen sowet poeziýasy Watançylyk urşy ýyllarynda”. Bu tema boýunça näçe sahypa kagyz garalasaň garalap oturmalydy. Tema tassyklananynyň yz ýanyndanam filologiýa ylymlarynyň doktory Seýit Garryýewden hem filologiýa ylymlarynyň kandidatlary D. Nuralyýewden, A. Garaýewden ybarat komissiýa menden ekzamen aldy. Indi diňe dissertasiýany ýazaýmalydy. Ýarym ýylyň dowamynda her hepdedäki işden boş bolýan iki günümi Moskwanyň Lenin adyndaky kitaphanasynda geçirdim. D.Haldurdynyň, Ç.Aşyryň, N.Pommanyň, Ata Salyhyň, Durdy Gylyjyň, A.Ç.Erkiniň hem beýleki türkmen şahyrlarynyň uruş döwründe döreden eserlerini öwrendim. Dissertasiýanyň golýazmasy taýyn boldy. Indi ony Edebiýat instituty bilen maslahatlaşyp gorabermelidi. Şol mahala çenli Gylyç Kulyýewiň özi hem doktorlyk dissertasiýasyny ýazyp gutarypdy. Ýöne onuň monografiýasynyň aýratyn kitap bolup çykmagynyň öňünde tasin bir böwet döredi. Ol hem Gylyç Kulyýewiň rus imperializminiň basybalyjylykly syýasaty baradaky pikiri bilen baglanyşyklydy. Ol döwürde, mysal üçin, rus patyşasynyň Gökdepäni basyp alşy, türkmeniň bala-çagasyny gyrgyna berşi hakdaky hakykaty açyp görkezmek düýpden gadagandy. Ol baradaky hakykaty Gylyç Kulyýewden başga mert durup aýdyp biljek ýekeje türkmenem ýokdy. Gökdepe hakynda agzyndan ak köpük saçýan “batyrlar” indi köpeldi. Dogry, saçak başynda biziň hemmämizem batyrdyk, Gökdepe gyrgynçylygy hakda-da Gylyç Kulyýew bilen pikirdeşdik. Emma ol hakykaty açyk aýtmaly bolanda welin, biziň hemmämiz uly milli buýsanjymyzy öz maýdaja şahsy abadançylygymyz bilen çalşyrmagy kiçilik hem bilmeýärdik, namarda öwrülýärdik. Gylyç Kulyýew bolsa rus gegemoniýasy hakdaky özüniň—ýazyjynyň, alymyň, diplomatyň (Ol türkmen milletinden bolan ilkinji diplomat), taryhçynyň, galyberse-de, watanperwer türkmeniň prinsipial pikirini ozalam telim gezek münberden aýdypdy. Emma ol şol pikirini çap etdirjek bolanda welin… Oňa, öňi bilen Türkmenistanyň alymlary garşy çykdylar. Ýaranjaňlyk perdesini ýüze tutan opponentler “beýik rus doganymyz bilen aramyza tow salmak isleýän ýekegep” Gylyç Kulyýewi milletçilik etmekde aýplajak boldular. Gylyç Kulyýewiň monografiýasyndaky bary-ýogy birki jümläniň dawasy Türkmenistan KP MK-a baryp ýetdi. Merkezi Komitetiň çinownikleri “dar düşünjeli” Gylyç Kulyýewiň üstüne hüjüme başladylar. Emma ýazyjy olaryň haýbatyndanam, syýasatyndanam çekinmedi, özüniň berk prinsipinden dönmedi. Şeýlelikde, türkmen alymlarynyň arasyndan G.Kulyýewiň monografiýasyna redaktor boljak döwtalap adam tapylmady. Her kim özüni gorady. “Arym köýenden imanym köýsün” etjek türkmen ýokdy. Şonlukda, monografiýa aýratyn kitap bolup çykmaýardy. Wagt bolsa geçýärdi. Ahyrsoňy mert adam tapyldy. Ol filosofiýa ylymlarynyň doktory Gylyç Mülliýewdi. Ol monografiýany redaktirlemek bilen yzarlanjakdygyndanam çekinmedi. 335 sahypadan ybarat monografiýa ahyr kitap bolyp çykdy. Awtoryň başyna “Ala ýabylynyň” gününi salan şol esasy pikir hem gyly gymyldadylman, kitapda çap edildi. Gylyç Kulyýew monografiýany rus dilinde ýazypdy. Şonuň üçinem men gürrüňi edilýän birki jümläni öz terjimämde size ýetirýärin: “Biziň pikirimizçe, umumylykda alanyňda, Türküstan, Buhara hem Hywa (Russiýa imperiýasyna—A.T.) basybalyjylykly ýol bilen birikdirildi. Patyşa goşunlary käbir halatlarda bolaýmasa, Orta Aziýada talaňçylyk hereketlerini amala aşyrdy. Şonuň üçinem kolonial basybalyş faktyna progressiw ýagdaý diýip baha bermek nädogrudyr. Ol hereket güýçli imperiýanyň ejiz hem dagynyk halklaryň garşysyna guran açyk agressiýasydyr” (“Opyt stroitelstwa sosializma w respublikah Sredneý Azii …” Aşhabad, 1974. str. 25.) Gylyç Mämmedowiç Kulyýew şol kitabyň birini, “Atajan Tagana hormat bilen” diýen ýazgy edip maňa sowgat berende “bir töpar bigaýrat türkmenden üstün çykanyna hoşaldygyny” hem nygtady. Indi Gylyç Kulyýewiň doktorlyk dissertasiýasynyň goraljakdygyna şübhe ýokdy. Men hem oňa gaty ynanýardym. Sebäbi Orta Aziýa respublikalarynyňam, başga respublikalaryňam taryhçy alymlarynyň köpüsi ol monografiýany goldaýardylar. Bir gezek men, Moskwa gelende, Özbegistan Ministrler Kabinetiniň başlygynyň ozalky orunbasary, filologiýa ylymlarynyň doktory, Özbegistan Ýazyjylar Soýuzynyň Prawleniýesiniň başlygy Serwer Alymjanowiç Azymow bilen duşuşanymda, ol Gylyç Kulyýewe salam aýtmagymy hem-de dissertasiýasyny Daşkentde gorasa, hertaraplaýyn ýardam ediljekdigini oňa ýetirmegimi tabşyrdy. Özbegistanda hökümet derejesinde-de uly abraýyň eýesi Serwer Azymow ol meselede özüniňem “bil guşap durjakdygyny” nygtady. Men özbek alymynyň salamyny hem dissertasiýany goramak hakdaky pikirlerini Gylyç Kulyýewe ýetirdim. Geň galmaly zat, şonça gapnma-garşylyklardan soň özüne arka durjak bir topar ýaran tapylsa-da, Gylyç Kulyýew meniň getiren hoş habaryma biparh garady. Ol özüni azerbeýjan, tatar, täjik alymlarynyňam goldaýandygyny, Duşenbeden akademik Satym Ulugzadäniň, daşkentli alym hem ýazyjy Pirimkul Kadyrowyň şol iş barada ýörite jaň edendiklerini aýtdy. Şonluk bilenem gürrüň başga ýola öwrüldi. Gylyç Mämmedowiç öz dissertasiýasynyň ýatlanmagyny islemeýän ýalydy… Şol duşuşygyň yz ýany men belli rus ýazyjysy, akyl-paýhasyna uly sarpa goýýanym Wladimir Alekseýewiç Solouhin bilen Täjigistana komandirowka gitmeli boldum. Agrasdan akylly, prinsipial, hiç zatdan çekinmeýän Wladimir Alekseýewiçi tutuş rus intelligensiýasy sylaýardy. Ol sylag Solouhiniň gowy ýazyjylygyndan başga-da, örän gönümelligi bilen baglydy. Diňe onuň SSSR dargamazyndanam has ozal W.I.Leniniň eden etmişlerini, halklary bilgeşleýinden açlyga mejbur edişini doly açyp görkezýän makala ýazmagy-da onuň agramynyň nähilidiginden habar berýärdi. Şol mahallar agzamagam gaty hatarly beýle işleri öňýeten ýazyjy kagyza geçirmekdenem gorkmalydy. Solouhin talantly şahyr, ökde prozaçy, ýiti publisist, tanymal terjimeçi hem barypýatan rusparaz ýazyjydy. Ondan çekinýärdilerem, ony hormatlaýardylaram. Agşamara myhmanhananyň bagynda, Solouhin aýtmyşlaýyn, “peýşin sail” edip ýörkäk, Wladimir Alekseýewiç şol mahallar meniň “Ogonýok” žurnalynda çap bolan “Uruş haçan gutarýar” diýen hekaýamy okandygyny hem halandygyny ýatlady. Solouhiniň meniň hekaýam barada söz açmagynyň “emmasy” bar eken. Meniň dissertasiýa goramaga taýynlyk görýändigimiň habary onuňam gulagyna ýetipdir. “Hekaýa gowy—diýip, Solouhin sözüni dowam etdi. —Ýöne sen prozanyň ýanyndan dissertasiýa hem gorajak bolýan ýaly-la. Özüm-ä hem prozaçy hem alym ýazyjyny halamok. Ol ýa-ha alymlyk ysy gelýän ýarym ýazyjy ýa-da ýazyjylyk ysy gelýän ýarym alym. Netijede hiç haýsysy hem däl. ”Ogonýokdaky” ýaly hekaýany alym ýazyp bilmeýär, ýazyjy ýazýar. Maňlaýyna taňry tarapyndan arpa ýazylan arpa iýmeli, bygdaý ýazylanam—bugdaý. Sen öz bugdaýyňy harlama…” Wladimir Solouhiniň aýdanlaryndan soň meniň dissertasiýa goramak höwesim peselip başlady, 200 sahypalyk iş üçin ýitiren wagtyma haýpym gelip ugrady. …Aşgabada gelenimde, meni çaýa çagyran Gylyç Kulyýew gep arasynda, ýylgyrdy-da: —Dissertasiýany nädýäň?—diýdi. Men jogaba derek Wladimir Solouhin bilen Duşenbede bolan gürrüňi ýatladym. W.Solouhini gowy tanaýan Gylyç Kulyýew: —Wladimir Alekseýewiç akylly adam!—diýdi. Şonuň yzyndanam men ondan asla garaşmadyk sözlerimi eşitdim… —Menem şonuň bilen pikirdeş. Özümem doktorlygy goraryn öýdemok. —Monografiýa çap boldy. Iş gutardy diýen ýaly—diýip men geňirgendim. —Näçe azap çekildi… —Dissertasiýany goramak üçinem ýene näçe wagt ýitirmeli! Oňa derek täze bir roman ýazanym gowy dälmi? —Esli dyman ýazyjy gepiniň asyl manysyny beýan etdi. —Ömürem paýawlap barýar… Gylyç Kulyýewiň pikiri Wladimir Solouhiniň aýdanlarynyň üstüne urna bolup, meni hem bir aýgyda gelmäge mejbur etdi. Şeýlelikde, G.Kylyýewiň doktorlyk, A.Taganyň kandidatlyk dissertasiýalary ýazylandan soň goralman galdy. Ýöne moda ýa-da gyltyma kowalaşyp alymlyk derejesini alan galamdaşlarymyňam köpüsi özleriniň alymdyklaryny bireýýäm ýatlaryndan çykaran bolsalar gerek. 1989. Baýramalynyň türmesiniň ýolbaşçylary bilen gürrüňdeş boldum. Tussaglar üçin 20 sany edebi kitap gowşurdym. Syýasy bölümiň ýolbaşçysynyň aýtmagyna görä, türmede oňly kitaphana-da ýokdugy sebäpli, okamaga eser hem tapylmaýar eken. 18.01.98. Döredijilik adamlarynyň köpüsinde göwnüne ýakan eser döreden pursaty ol barada ýoldaşyna gyssagly habar bermek endigi bar. Joşmak eýforiýasy wagtyň nämahaldygyna-da parh goýdurmaýar. Bu gezegem şeýle boldy, Sagat 23-denem geçensoň, Tejen Nepesow jaň etdi. Ol şu günüň poeziýasy barada täze makala ýazyp gutarandygyny, maňa hut ertiriň özünde okamaga berjekdigini aýtdy. Soňundanam ol meni tankyt etmäge başlady. Nämemiş, men atlary dünýä belli şahslaryň birnäçesi bilen duz-emek bolanam bolsam, olar barada giňişleýin ýatlama ýazmaýarmyşym. “Özüňden gaýry hiç kimiň ýazyp bilmejek zadyny gabryňa äkitmeli däl. Seniň okyjyň o dünýäde däl, şu dünýäde. “Pylany” Konstantin Fedini, Nikolaý Tihonowy, Resul Gamzatowy, Çingiz Aýtmatowy köçede bir gezek görüp elini gysan bolsa, iki tomluk ýatlama ýazardy. Sen bolsaň…” Umuman, Tejen Nepesiň käýinji gatybir ýerliksiz hem däldi. 09.09.98. Kim dosty bilen tanalýar, kim posty bilen. * Bigaýradyň dosty bolup, peýda gazanmakdan gaýratlynyň duşmany bolup, zelel çekmek abraýdyr. * Rus edebiýatynyň akyl ýetirip bolmajak derejede mähnetdigine oýlana-oýlana haýran galýarsyň. Alekseý Sabowyň Irina Odoýewsewanyň “Na beregah Newy” diýen kitabyna ýazan sözsoňusynda şeýle maglumat berilýär: “ Diňe 1918-1968-nji ýyllar aralygynda, gazýetlerde çap bolanlaryny hasap etmäniňde-de emigrasiýadaky (diňe emigrasiýadaky. —A.T.) rus ýazyjylary tarapyndan 17. 000 töweregi eser, şol sanda 1080 roman, 636 hekaýalar ýygyndysy, 1024 goşgular ýygyndysy, 99 sany drama eserleriniň ýygyndysy çykarylyp, 103 pýesa hem aýratyn çap edilipdir…” Diňe emigrasiýadaky awtorlar tarapyndan şonça eser döredilen bolsa, SSSR-de ýaşaýan rus ýazyjylary näçe kitap ýazdylarka!? Tutuş Orta Azyýa edebiýatynda 100 ýylda döredilen eserleri jemleseň-de, rus ýazyjylarynyň diňe emigrasiýada ýazan kitaplarynyň ýüzden bir bölegiçe-de bolmaýar. 1991. Şu gün Mara bilet almak üçin wokzala gitdim. Ýanýodadan adam bary ýöräp barýarka, yzdan, ýagny ýanýodadan bir gara “Wolga” peýda boldy. Men “Sürmesiz ýerden sürüp gelýär welin, şofýor akylyndan azaşdymyka?” diýip, içimi gepletdim. Hiç kim, şol sanda menem gara “Wolganyň” sürüjisine: “Edýäniň näme? Bu diňe pyýadalar ýöremek üçin goýlan ýolça ahyryn” diýmedik, Gaýtam, sowlup, oňa ýol berdik. Sürülmesiz ýerden sürüp, gyssanyp barýan adamlary biynjalyk eden hökümet nomerli maşyn deňimizden geçip, 10-15 adim çemesi gidensoň, ýüzüne “Türkmenistan ýustisiýa ministrligi” diýlip ýazylan jaýyň gapysynda saklandy. Saçyna ýaňy çal sepip ugran, kaşaň geýnen adam ýasamarak hereket bilen maşyndan çykdy-da, abaý basyp, jaýa girip gitdi. Men ony ministr bolsa gerek diýip çakladym. (Kanunyň berjaý edilmegine jogap berýän adamlaryň özleri düzgüni berjaý etmeseler, has-da gözeilginç bolýar). Ministr bolsa gerek diýip çaklanymyň girip giden gapysy bilen uly köçäniň arasy 8-10 metrden kän däldi. Emma ol köçede düşäýmän, ulagyny diňe pyýadalar ýöremeli ýoldan sürdürýär. Biziň ýolbaşçy edip öňe çykarýan adamlarymyzyň medeni derejesi şeýle. Men bu bolan wakany “Halanmaýan adam” diýen hekaýama epizod edip goşdum. 11.03.98. * —Ýalan sözlemek ýokardan başlanýan ýaly. Prezidentimiz daşary ýurda gidýär welin, yzynda haýsydyr bir zadyň bahasyny gymmatladýalar. Olam gelensoň, nyrhy galdyranlara käýinýär, nyrhy ýene öňki kaddyna düşürýär. Şüýem adam oýnajak bolmak ýa-da ýalan sözlemek dälmi eýsem? —Nyrh ýene aşak düşürilse, gowy dälmi, Hommat aga?—diýip men ýaşula sowal berdim. Hommat aga myssa ýylgyrdy-da: —Ol gowy welin nä men, mysal üçin, Ahala bir gije ýatymlyk myhmançylyga gitsem, yzymda aýalym sygrymy sataýmalymy?—diýdi. —Bu ýerde başga gep bar bolaýmasa… Bizi-de beýle bir haýwandyram öýtmeli däl ahyryn… * Murgapdan yza gaýdyşyn ýatmaga däl, oturmaga-da ýer ýok wagona münmäge mejbur boldum. Dyknyşyk. Dem almaga howa ýetenok. Öňürti münüp, gyşarmaga maý tapan ýolagçylar palçykly köwüşlerini ýassygyň aşagyna salyp ýatýarlar. Men beýle ýagdaýa geň galyp, ýanymda duran ýaş ýigide (ol Aşgabat uniwersitetiniň studenti bolup çykdy.) —Hapa köwşi näme üçin ýassygyň aşagyna salýarlar?—diýen sowal berdim. —Ogurlaýarlar—diýip, student gaty kesgitli jogap gaýtardy. —Goýsana, inim. Meniň köne köwşüm kime gerekmiş? Student ýylgyrdy. —Agam, sözüme ynanmasaň, köne köwşüňi gapdalyňda goý-da, bäş minut uklap ýatan kişi bolup göräý. —Ogurlarlarmy? —Ogrularlarmy ýa-da alarlarmy… ýöne Aşgabadyň wokzalyndan öýüňize aýakýalaňaç gitmeli boljagyňy-ha öňünden aýdaýyn… Men ozal eşiden wakamy—Käbä giden murgaply dindaryň zyýaratdan soň köne köwşüne derek kimdir biriniň gymmatbaha köwşüni geýip gaýdanyny ýatladym. Şol barada obada gürrüň bolanda: “Ogry mollanyň hajy kabul bolarmy?” diýen sowala başga biri: “Indi bizde ogurlyk geň zat däl. Onuň üçinem pylan aganyň hajyny kabul etmeli bolarys” diýip ýaňsylady. …Meniň aýak üstünde duran ýerimiň ýanyndaky orunlarda üç sany türkmen maşgala (ikisi gelin, biri hem ýigrimi ýaşlaryndaky gyz) irden gymmatbaha hem modadaky eşiklerini geýindi. Olar bir- birlerine örän meňzeşdiler welin, dogan bolaýmaklary-da mümkindi. Gapdalda durup, aýal maşgalanyň hereketini synlamak gelşiksizem bolsa, men gözümi ýumaýmasam, olary görmäge mejburdym. Owadan ýaş gyz gaýyş sandyjagyndan aýna, darak, gymmatbaha atyr çykardy. Olar gezek-gezegine saç daradylar, özlerine timar berdiler, ýaňaklaryna, gulaklarynyň ýeňsesine fransuz atyryny çaldylar. Iň soňundanam goltuklarynyň aşagyna (elbetde, köýnegiň üstünden) dezodorant pürkdüler. Şeýdibem, üç zenan üç sany perizada öwrüldi. Olar bezenip-beslenip bolansoňlar, gaýyş sandyjagy uly sumka salyp ýygnadylar. Ýöne olar ortadaky azyk-owkat iýilýän stoljugyň üstünde duran üç jüp ak köwşi aşak, aýak goýulýan ýere düşürmelidigi barada welin oýlanmadylaram… 17.03.98. Ýazan eseriňe “beýik” diýlip baha berilse, eseriň beýik derejesi hakda oýlanma-da, oňa şeýle baha bereniň derejesi hakda oýlan. * Yza gaýdýlýan ýol bilen öňe barýarys. * Hudaýberdi işanyň öýüne salama bardym. Ol gaty garrapdyr. Saglygy hem öwerlikli däl. Bolsa-da, ol meni güler ýüz bilen garşylady, saglyk-amanlyk soraşykdan soň dünýä ýagdaýy hakda gürrüň etdi, (Işan aganyň köneden gowy sowatly, arap-pars dillerindenem birneme başy çykýan, çet ýurt radiolaryny diňleýän, örän ýatkeş adamdygyny oňem bellän bolsam gerek.) Soňra şahyrlar barada gep açylyp, Magtymgula aralaşylanda, Hudaýberdi işan Pyragynyň biziň gulagymyzda: Başyň ýassyga ýetende, Ogul-gyzyň ýatça bolmaz-diýip, galan setirlerini ýatlady. —Magtymguly şu ýerde näme diýýär? Bilýäňmi? Men işan aganyň ýokarky setirleri birneme başgaçarak aýdandygyna üns bermänim sebäpli köne ýörelgeden gitdim. —Adamyň başy ýassyga ýetende öz ogul-gyzy ýedi ýatlarça-da hyzmat etmez —diýýär. Ony “Ogul —gyzyň ýatdan sataşan ýassykdaşyňça bolmaz” diýip düşündirýän alymlaram bar, işan aga. —Sizň alymlaňňyz üns berenok. Sen üns ber!—diýen işanyň gözleri uçganaklady. —Magtymguly “Ogul gyz zürýatça bolmaz” diýýär. Ýagny ogul zürýadyň gyz zürýadyňça bolmaz. Gyz pahyr naçar bolansoň, rehimdar, ýüregi ýuka bolýa-da. Düşündiňmi?.. Men işan atamyzyň kesgitlemesi hakda soň-soňlaram oýlanyp gördüm. Logiki taýdan alsaň, Magtumgula düşünmekde Hudaýberdi işan mamla ýaly. Başyň ýassyga ýetende-de, ýedi ýadyň öz perzentleriňden ýakyn bolmajagy belli ahyryn. 17.12.97. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |