21:35 Kysasyl enbiýa -6: Ýer ýüzünden Adam alaýhyssalamyň topragynyň alynmagynyň beýany | |
DÖRDÜNJI PASYL
Halk döredijiligi we rowaýatlar
ÝER ÝÜZÜNDEN ADAM ALAÝHYSSALAMYŇ TOPRAGYNYŇ ALYNMAGYNYŇ BEÝANY Hak ýaratdy taňsuk Adamny tapyz ýer görküden, Özge surat düzdi andag ežun içre ilkiden. Tagtyny göterip perişde uçmah içre girizip, Tezginerde çykmadylar hergiz Onuň erkiden. Çykdy Howa birle bolup hoş tanaggum kyldylar, Içdiler uçmah şerabyn, iýdiler et erkiden. Bildi esma ylmyny ol aýtuberdi belguluk, Barça tiller bilen sözlär tazy-parsy-türkiden. Örgedy bäş ýüz ýyl anda jübti birle awunyp, Içdi şerbet sagrakynda, iýdi nygmat terkiden. Mündi uçmahyň Byragyn, gezdi onuň degresin. Hülle geýdi egnine, hem başa urdy börkiden. Azdy Iblis mekri birle biruk erdi ýalňyzyn, Iki bugdaý iýdi, çykdy sekiz uçmah mülkiden. Pygamber alaýhyssalam: «Kim dünýäniň geň-taňlyklaryna garamak islese, goý ol Adam alaýhyssalamyň kyssasyna garasyn» diýdi. Hezreti Adam alaýhyssalam Hudaýtagalanyň gudratly işi bilen toprakdan ýaradylandyr. Oňa Mägwa jennetiniň içinden orun berlendir. Şeýtanyň waswasy bilen ol jennetden çykarylandyr. Ol üç ýüz ýyllap ejizlik bilen: «Eý, biziň belent Taňrymyz! Biz öz janymyza zulum etdik. Eger sen biziň günämizi geçmeseň we bize rehmet etmeseň, elbetde biz heläk bolujylardan bolarys» diýip, Allatagala ýalbarandyr. Ol Allatagaladan: «Siz ikiňiz6 bu agaja ýakynlaşmaň» diýen sözi eşidendir. «Soňra Taňrysy onuň ýüregine toba etmekligi saldy» we ol toba etmekden soňra başyna täji geýendir. Ol: «Allatagala artykmaçlyk berdi» diýen aýatyň mertebesi bilen halat geýendir. Oňa Allatagaladan perişdelere: «Siz Adama sežde ediň, olar hem sežde etdiler» diýen aýatyň keramaty bilen keramatly bolandyr. Hezreti Adama: «Belent Taňry Adama dünýäniň başyndan ahyryna çenli hemme zadyň adyny hem ylmyny öwretdi» diýen aýat bilen ylym berlendir. Allatagala özüniň ezel erk-islegi bilen Adamy ýaratmaklyga niýet etdi. Ol topraga: «Eý, toprak! Men senden bir halk ýaratjak. Olaryň käbirleri meniň emrime boýun sunarlar, beýleki birleri bolsa dogry ýoldan azaşyp, günä işleri ederler. Men boýun sunanlary jennete, günäkär bolanlary bolsa dowzaha salaryn» diýdi. Toprak: «Eý, Taňry! Sen: «Olaryň käbirini jennetiň nazy-nygmaty bilen sylap hormatlaryn» diýýärsiň. Olar hoşal we şadyman bolarlar. Sen: «Olaryň käbirini oda salaryn» diýýärsiň. Men bu ýagdaýdan gaty gorkýaryn» diýip, alabaharyň buludy dek göz ýaşyny döküp, zary-zar ýyglady. Allatagaladan Jebraýyl alaýhyssalama: «Ýer ýüzünden bir gysym toprak alyp gel» diýen perman boldy. Hezreti Jebraýyl alaýhyssalam toprak almak üçin ýere geldi. Ýer zar-nala edip: «Eý, älemleriň hökümdarynyň ilçisi! Allatagala sizi maňa ilçi edip iberipdir. Men beýik mertebeli Taňrydan: «Siz menden bir zat aljak bolýarsyňyz. Siziň ondan ýaradan zadyňyz ertir oda köýer» diýip aman dileýärin. Siz meniň halyma rehim ediň. Menden toprak almaň» diýdi. Hezreti Jebraýyl alaýhyssalamyň Ýere rehimi gelip toprak alman, yzyna döndi. Allatagaladan: «Eý, Jebraýyl! Sen näme üçin toprak getirmediň?» diýen bir owaz geldi. Hezreti Jebraýyl: «Eý, Taňrym! Men seniň rehmetiňden umyt baglap, toprak alman geldim. Meniň Ýere rehimim geldi» diýdi. Allatagala bu işi hezreti Mikaýyla buýurdy. Ol ýer ýüzüne gelip: «Eý, Ýer! Seniň misgin köňlüňde näme arzuwyň bar?» diýdi. Ýer: «Menden toprak alyp, ondan küýze ýasap, ony dirilik suwy bilen doldursalar, men oňa hoşwagt bolaryn. Emma ony arak-şerap ýaly haram zatlar bilen doldursalar, men oňa näme alaç ederin. Eý, rysgal paýlaýjy perişde! Siz meniň bu misginligime rehim etseňiz!» diýdi. Hezreti Mikaýyl alaýhyssalamyň hem ýere rehimi gelip, ondan toprak alman, yzyna döndi. Allatagaladan: «Näme üçin sen ýerden toprak alman geldiň?» diýen bir owaz geldi. Hezreti Mikaýyl: «Eý, Taňrym! Sen meni bir biçäräniň ýanyna iberipsiň. Ol garnyna agyr daşlary salyp, biline muşakgat daglaryny baglapdyr. Ol bir teşnedir. Hergiz onuň jigerinde bir damja suwuň nyşanasy ýok. Onuň ýaly ejiz malsyzdan men näme alaýyn?» diýdi. Allatagala bu işi Ysrapyl alaýhyssalama buýurdy. Ysrapyl alaýhyssalam ýer ýüzüne gelip: «Eý, Ýer! Men senden toprak almak üçin geldim» diýdi. Biçäre Ýer uzur-ötünç bilen ýene dil açyp: «Eý, suruň eýesi! Meniň bu işe kaýyllygym ýokdur. Kyýamat güni gelende saňa sury çalmaga perman bolar. Siz sury çalarsyňyz. Onuň owazy meniň gulagyma ýeter. Akyl-huş menden gider. Titremek meniň ejiz bedenime düşer. Men şonda göwrämdäki bar zatlary zyňyp taşlaryn. Eý, Ysrapyl! Kişiniň ýagdaýy şeýle bolsa, özi hemmeden ejiz we biçäre bolsa, bu amanaty ol niçik saklar?» diýdi. Ýeriň gözünden çeşmeler bulak bolup akdy. Ysrapyl alaýhyssalam hem Ýere rehim edip yzyna dolandy. Allatagaladan oňa: «Eý, Ysrapyl! Näme üçin toprak alman geldiň?» diýen owaz geldi. Ysrapyl: «Sen syrly we äşgär zatlar äleminiň Taňrysysyň. Ol biçäre Ýer köp ahy-nala etdi. Onsoň meniň oňa rehimim geldi. Şonuň üçin men toprak alman, dolanyp geldim» diýdi. Allatagala hezreti Ezraýyl alaýhyssalama bu işi buýurdy. Hezreti Ezraýyl eglenmän, toprak almak üçin ýer ýüzüne geldi we: «Eý, Ýer! Sen Taňrynyň emrine boýun bolman, günäkär bolduň. Men Taňrynyň hökümi nähili bolsa hem, şony berjaý edýärin. Sen Allatagalanyň permanyny üç mertebe bitirmediň. Indi senden ýaradylan kişiler tiz pursatda günäkär bolarlar» diýdi. Ol durli ýerden bir gysym topragy aldy. Ol alnan toprakda ak, gyzyl, sary, ýaşyl, gök reňk, ýumşak, gaty, arassa, şor, datly, ajy – görnüş bardy. Şol sebäpli adam ogly we gyzy dürli häsiýetli boldy. Ýer şeýle bir ýyglady, onuň agysyna ýeriň ýaýlalary, derýalary, daglary-düzleri ýyglaşdylar. Ýeri köşeşdirmek üçin; Allatagaladan: «Eý, Ýer! Sen köp nala etme! Biz senden bir zady aldyk. Onuň ýaman bir güni bolanda, ýagşy edip saňa getirip bereris. Biz bir gysym toprak aldyk, ony köp edip gaýtaryp bereris. Ony saňa bu haldan ýagşy edip bereris» diýen owaz geldi. Şu söz sebäpli ölüni ýuwmaklyk wajyp boldy. Hezreti Ezraýyl topragy alyp, Allatagalanyň dergähine geldi. Allatagaladan oňa: «Eý, Ezraýyl! Ýer senden pena dilemedimi? Ol nala kylmadymy?» diýen bir owaz geldi. Hezreti Ezraýyl alaýhyssalam: «Eý, Taňrym! Ähli ýer ýüzi nala etdi, men oňa garamadym. Men diňe seniň permanyňy tutdum. Seniň ýalkawyň ýanynda ejiz bendäniň näme ygtybary bolar?» diýip jogap berdi. Allatagala: «Onda bu halklaryň ruhlaryny alyjy sen bolarsyň» diýdi. Hezreti Ezraýyl alaýhyssalam: «Eý, Taňrym! Bigünä pygamberler, weliler bardyr. Olaryň hemmesi meni duşman tutarlar. Hemme jandarlara ölümden ýaman zat bolmaz. Men hemmelere ýaman görünsem, ne alaç ederin?» diýdi. Allatagaladan: «Eý, Ezraýyl! Men olara köp dertleri bererin. Olaryň biriniň ölümi otda, biriniň ajaly suwda bolar. Men olaryň ölümine köp sebäpleri bererin. Olar ölümlerini şol sebäplerden görerler. Senden görmezler. Olar seniň özüňi hem görmezler» diýip, bir owaz geldi. Elkyssa, Ol topragy Mekge bilen Taýyfyň arasynda Hanna diýen ýerde goýdular. Ol topraga Bahrul-ahzan diýen derýanyň suwundan biri kem kyrk ýyl gam ýagmyry, bir ýyl şatlyk ýagmyry ýagdy. Şol sebäpden adam perzendinde gaýgy-gam köpdür, şatlyk azdyr. Kyrk ýyldan ol toprak palçyk boldy. Ondan soň Allatagalanyň Adam alaýhyssalamyň suratyny ýaratmak maksady boldy. Ol kyrk säherde ol palçygy eýledi. Kyrk säher diýilýän wagt bu dünýäniň kyrk müň ýylyna deňdir. Ol bu işi hiç mahluga buýurmady. Ol bu işi diňe öz gudratly goly bilen etdi. Allatagala hezreti Jebraýyl alaýhyssalama perman berdi: «Biziň mähribanlygymyzyň, merhemetimiziň, enaýaty-mähnetimiziň ýelinden şemaly getir» diýip, hezreti Ysrapyl alaýhyssalama: «Biziň rehmet ýabymyzdan suwy getir» diýip, hezreti Mikaýyl alaýhyssalama: «Biziň bela-apat butamyzdan ot getir» diýip buýurdy. Elkyssa, olaryň her biri özüne buýrulan zady getirdi. Allatagala bu zatlaryň hemmesini palçyga aralaşdyryp reňbe-reň topraklardan taýýar etdi. Şonuň üçin adamlar dürli reňkli we dürli häsiýetli boldular. Ol Adamyň mertebesini we jemalyny ýerbe-ýer etdi. Onuň nuruny ýüzünde goýdy. Emma asman halkynyň hemmesi Adama hyzmatkär bolarlar. Ol Güni adamlara: «Garaňky älem ýagty bolsun» diýip, çyra kylyp berdi. Ol adamlaryň göwresinde dört zady ýaratdy: biri akyl, biri ruh, biri nebis, biri köňül. Olaryň her haýsysyny bir zatdan aldy. Köňli suwdan aldy, şonuň üçin köňül sap we röwşendir. Ol adamyň içini görkezýän aýnadyr. Ruhy şemaldan aldy. Ruhy Gaýypda özüne bendeçilik etmek üçin goýdy. Akyly toprakdan aldy. Allatagalanyň Adamyň topragyny dürli reňkli edip alşy ýaly, adamyň akyly dürli röwüşde bolar. Akyla nämäni öwretseň, ol şony hem öwrener. Ol nebsi otdan aldy. Şonuň üçin kim nebsiň küýüne girse, nebsi onuň ahwalyna ýol tartar. Ol munuň üçin azaba duçar bolar. Elkyssa, Allatagala Adamyň her agzasynyň etmeli işini bölek etdi. Gözi görmek üçin, gulagy Hudaýtagalanyň kela-myny eşitmek üçin, burny Hudaýtagalanyň muhabbet ysyny almak üçin, dili Hudaýtagalanyň zikrini etmek üçin, goly Hudaýtagalanyň işini kylmak üçin, aýagy Hudaýtagalanyň ýolunda ýöremek üçin, maňlaýy sežde etmek üçin, arkany şerigat ýüküni götermek üçin, garaz her bir agzany bir işe buýurdy. Bir agzanyň işini beýleki agza etmeli däl boldy. Ol Adamyň göwresinde iki nebsi jöwher ýaratdy. Olaryň birine murgy Lahuty, ýagny ol dünýäniň guşy diýerler, ol ruh pur futuhydyr, birine toty şekerşiken diýerler, ol köňüldir. Bularyň iýýän höregi zikr-u-sena we tesbih-u-tehlildir. Elkyssa, bu surat bilen Adam taýýar boldy. Onuň başy Taýyf tarapda, aýaklary Mekge tarapda boldy. Sowal: Adamyň başynyň Taýyf tarapda, aýaklarynyň Mekge tarapda bolmagynda nähili hikmet bar? Jogap: Allatagala Adam ýerinden tursa, ýüzüniň Mekge tarapda bolmagyny isledi. Mesele. Şerigatda ymam Agzam mezhebinde mömin bende kesel bolsa, ol ýatyp namaz okasa bolar. Ol aýagyny Kybla tarapa edip okasa rowadyr. Sowal: Hezreti Adamy toprakdan ýaratmaga näme sebäp boldy? Jogap: Allatagala: «Men Adamy ýaratjak» diýende, hemme zatlar: «Ony menden ýaradar» diýip tama etdiler. Asman: «Men hemme zatdan belentdirin» diýdi. Altyn: «Men hemme zatdan ezizdirin» diýdi. Derýa: «Men haýbatlydyryn» diýdi. Dag: «Men kuwwatlydyryn» diýdi. Emma ýer: «Men hemme zatdan ejizdirin. Men bir aýak astyndaky hory-zar gara ýerdirin. Elbetde, Allatagala Adamy menden ýaratmaz» diýdi. Elgaraz, ýer kiçigöwünlilik etdi, galany bolsa tekepbirlik etdi. Hudaýtagaladan: «Men Adamy ýerden ýaradaryn» diýen bir owaz geldi. Şonuň üçin Ol Adamy ýerden ýaratdy. Elkyssa, Adam alaýhyssalamyň suraty kyrk ýyl bu ýerde ýatdy. Bu suraty perişdeler topar-topar bolup görmäge geldiler. Olar onuň kämil ýaradylandygyny görüp haýran galdylar. Çünki olar mundan öň munuň ýaly ajaýyp şekilli zady görmändiler. Bir gün Azazyl birnäçe perişdeler bilen onuň suratyny görmäge geldi. Azazyl hemme asmanlarda, jennetde, dowzahda, Arşda, Kürsde, Lowhda we Galamda gören ajaýyp zatlaryny bu suratyň şeklinde gördi. Ol muňa haýran galyp suraty goly bilen urdy. Ol suratdan bir sesi eşitdi. Ol hemralaryna: «Eý, perişdeler! Gam iýmäň, bu surat bir boş gowakdyr. Gowak bolan zat aýyplydyr hem kemlidir» diýdi. Ol öwrülip-çöwrülip onuň agzyny, burnuny, gulaklaryny, garnyny görüp: «Eý, perişdeler! Munuň içine girip, garnyna ser salyp göreli. Biz onuň içine häzir girip görmesek, ruh oňa girenden soň girip bilmeris» diýdi. Azazyl suratyň içine girip gördi. Ol şeýle arassa ymaraty heniz görmändi. Ol iki dünýäniň hemme zatlary özünde taýýar edilen hazyna ýaly eken. Ol bir beýik we ajaýyp köşk ýaly eken. Ol heniz munuň ýaly ajaýyp ymaraty görmändi. Azazyl hernäçe hyýal kylsa hem bu öýüň köňlüniň içine girmek miýesser etmedi. Hudaýtagala ony köňül hakykatyna girmäge rugsat bermedi. Azazyl mahrum we näumyt boldy. Ol köp gamgyn bolup, ol ýerden çykdy. Onuň hemralary Azazyldan gören zatlary barada soradylar. Ol hakyky köňüle girip bilmändigini aýdyp, gören zatlaryny birin-birin beýan etdi. Azazyl: «Eý, ýaranlar! Eger Allatagala bu toprak göwräni bizden artyk kylyp, hormatlasa we ýagşylasa siz näme edersiňiz?» diýdi. Perişdeler: «Biz diňe Hudaýtagalanyň permanyny berjaý ederis» diýdiler. Azazyl: «Eger Hudaýtagala ony menden ýagşy etse, men oňa boýun sunmaryn. Eger Hu-daýtagala meni ondan ýagşy kylsa, men ony öldürmän goý-maryn» diýip, ant içdi. Şol zaman ol mürted boldy. Her kişi: «Men bu işi kylmasam» diýip ant içse we ony ýerine ýetirmese ol günäkär bolar. Bu wakadan birnäçe wagt ötdi. Allatagala Jebraýyl alaý-hyssalama: «Eý, Jebraýyl! Muhammediň nuruny getir. Men ony bu toprak göwrä amanat goýjak» diýip, perman kyldy. Jebraýyl alaýhyssalam Muhammet pygamberiň nuruny getirdi. Allatagala ony Adam alaýhyssalamyň peşanasyna goýdy. Allatagalanyň Muhammet alaýhyssalamyň nuruny bu bedeniň galybyna ruhdan öň goýmagynyň sebäbi şudur: Her bir awçy bir janawara duzak gurmak islese, ilki onuň tilsimini bilip, şol duzaga dänäni bent kylyp, ýaşyryp goýýar. Janawar şol dänäni höwes edip duzaga iler. Emma hakyky awçy Allatagalanyň özüdir. Ol ruh guşunyň göwre kapasynyň duzagyna düşmegini isledi. Hakyky däne Muhammet alaýhyssalamyň nurudyr. Hudaýtagala ony toprak göwrede ýaşyrdy. Ondan soň näzik ruha göwrä girmekligi teklip etdi. Nazm Saýýady ezel däne goýup dam bile, Müň mend naz-u, yzzat-u, ekram bile. Elbetde, päklik we ýardam bermek Allatagalanyň öz erki bilendir. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |