20:14 Kysasyl enbiýa -7: Hezreti Adam alaýhyssalamyň jesedine jan girizilmeginiň beýany | |
BÄŞINJI PASYL
Halk döredijiligi we rowaýatlar
HEZRETI ADAM ALAÝHYSSALAMYŇ JESEDINE JAN GIRIZILMEGINIŇ BEÝANY Wagty gelende bedeniň galyby taýýar boldy. Allatagala gudraty bilen kinesiz syna imany bent kyldy. Ony beýik derejeli tagtda görner ýaly edip oturtdy. Ondan soň Allatagaladan ruha: «Gel» diýip bir owaz geldi. Ruh bu owazy eşidip, müň tizlik bilen: «Baş üstüne, eý, Perwerdigärim!» diýdi. Allatagala ruha: «Eý, ruh! Sen meniň kyrk säherde gudrat golum bilen ýaradylan we ýugrulan jesede gir!» diýdi. Ruh görse, bu göwräniň içi garaňky boşluga meňzeýär eken. Ol muňa girmäge wehm etdi. Ol hiç haçan şeýle gorkmandy. Ol: «Eý, Taňrym! Ol ýer maňa ýüz müň ýylan-içýan, mör-möjek agzyny açyp duran ýaly bolup görünýär. Meniň gorkudan ýaňa tab-u-takatym galmady. Gireýin diýsem ondan, girmäýin diýsem senden gorkýaryn. Men: «Nebis bilen aramyzda jedel-dawalar peýda bolar» diýip hatyr edýärin. Olar köpdür, men ýalňyzdyryn. Ahyrynda men niçik bolaryn?!» diýdi. Elkyssa, Allatagala ruha üç mertebe: «Gir» diýip emr etdi. Ruh her gezek gorkup, dogrusyny aýtdy. Ahyrynda Allatagala: «Eý, ruh! Sen bu göwrä tiz gir we tiz çyk» diýdi. Ondan soň ol Muhammet alaýhyssalamyň nuruny goýdy. Bir röwşenlik peýda boldy. Ruh parlak gün ýaly şöhle saçýan bu toprak bedene uly şatlyk bilen onuň kellesinden girdi. Ol näçe wagt kelle käsesinde durdy, onsoň damaga geldi. Ol nirä barsa, şol ýerde et-deri peýda boldy we ol ýer ýumşady. Ol göze gelende onuň bäbeneginde durdy. Bu gaýgyly çukur ýaly toprak Allatagalanyň gudratyny bildi. Ruh Allatagalanyň mähribanlygyny, aýş-eşreti, nazy-nygmatly, hüýr-gulmanly, ryzwanly jenneti, daş-töweregi, asmanlary, Arşy, Kürsi, Lowhy, Galamy – bu gam-gaýgyly toprak bedeniň içinde gördi. Ol Pygamber alaýhyssalamyň: «Kim özüni tanasa, ol Taňrysyny hem tanar» di¬sözüniň manysyny düşündi we: «Bu göwre durşuna syrlardan doly eken» diýdi. Ruh Adam alaýhyssalamyň gözlerine gelende, onuň nazary Arşa düşdi. Görse, onda: «Lä ilähe illalla, Muhammet resulalla» we onuň ýanynda: «Günäli ummat we rehimdar Taňry» diýlip ýazylypdyr. Ol muny görüp, haýran galdy we «Lä ilähe illalla» Hudaýtagalanyň adydyr. Emma «Muhammet resulalla» diýleni niçiksi zatdyr. Ol näme üçin Seniň mübärek adyň bilen ýazylypdyr?» diýip sorady. Allatagaladan: «Eý, Adam! Ol seniň perzentleriňden we meniň pygamberlerimdendir. Eger seniň keramat aýagyň zalalat batgasyna batsa, ol saňa şepagat eder, men seniň günäňi geçerin» diýen owaz geldi. Adam alaýhyssalamyň köňlünde: «Eger men ata bolsam, ol maňa perzent bolsa, men günäkär bolsam, ol maňa şepagat etse, bu onçakly ýagşy görünmez. Eger perzent günäkär bolsa, men oňa şepagat kylsam, bu örän ýagşy bolar» diýen hyýal peýda boldy. Şol wagt Jebraýyl alaýhyssalama: «Bu bendäniň köňlündäki bozuk hyýalyň ýarysyny synasyndan kesip al we ony jennetde göm!» diýen perman boldy. Hezreti Jebraýyl Adam atanyň synasyndan ol bozuk hyýaly alyp, baryp jennetde gömdi. Ol ýerden bir daragt gögerip çykdy we ol miwe berdi. Onuň ady Şejeraten memnuga boldy. Hatalar we kemsinmeler bu sebäpli dörändir. Ol bozuk hyýalyň galan ýarysy Adamyň bedeninde galypdy. Ondan nebsi ammara peýda boldy. Adam perzendiniň, tä, kyýamat gününe çenli küpürlige düşmegi we dogry ýoldan azaşmagy şu nebis sebäpli dörändir. Ibn Apbas (goý, Allatagala ondan razy bolsun!) bir rowa-ýatda aýdypdyr: Adam alaýhyssalamyň ilki bilen gözi direldi. Onuň gara toprakdan ýaradylandygy özüne bildirilenden soňra, ruh damaga geldi. Ruhdan bir hereket peýda boldy. Damak gijedi we Adam alaýhyssalam asgyrdy. Asgyrmakdan dynmak üçin jan onuň agzyna geldi. Hezreti Adam: «Alhamdulillähi alä külli hal» diýdi. Ýekeligi bilen mertebeli, bakylygy bilen kemally Allatagaladan: «Erhemuke rabbuke we lizälike halaktuke» diýen owaz geldi. Bu sözüň manysy: «Eý, Adam! Heniz sen meniň nazy-nygmatlarymy iýmänkäň, maňa şükür edýärsiň. Men hem seniň günäleriňi geçerin we saňa rehmet kyla» diýmek bolar. Meselem, bir hatynyň hamyladar bolan wagtynda, dogmazyndan öň sallançak gurmagyň aladasyny edişi ýaly. Günä kylynmazdan öňürti rehmetiň we şepagatyň habar berilmegi şuňa meňzeşdir, ýa-da dertden öň oňa derman-däri etmek, beladan öň ony gaýtarmak. Hezreti Adamyň ilki gulagyna eşdilen söz «Ýerhemuke rabbuke» boldy. Hezreti Adam bu sözi eşidip, nala-zary bilen ýyglady. Allatagaladan: «Eý, Adam! Sen näme üçin ýyglaýarsyň?» diýen owaz geldi. Hezreti Adam: «Men gözümi açanymda: «Ummatun muznebe» diýen ýazgyny gördüm. Gulagymy açanymda: «Ýerhemu¬ke rabbuke» diýen owazy eşitdim. Bu iki sözden hata we betbagtlyk – ýazgarylmagyň hem azabyň sebäbidigi mälim boldy. Azap çekmäge meniň takatym ýokdur. Men muňa ne alaç kylaryn?» diýdi. Taňrydan: «Eý, Adam! Sen «Ummatun muznebetuny» gördüň, emma «Rabbun gafuryny» görmediň. Günä we ýazyk garaňkylygyny gördüň, emma rehmet we magfyret nuruny görmediň. Eý, Adam! Men saňa her wagtda rehmet kylaryn» diýen owaz geldi. Ondan soň jan onuň döşüne geldi. Hezreti Adam ýerinden turmak üçin gymyldady. Emma ol turup bilmedi. Allatagala: «Adam heniz aýaklanmadyk köşek ýalydyr» diýdi. Ondan soňra jan onuň garnyna geldi. Onuň garny tagam diledi. Jan ten içinde ýaýyldy. Süňkler, etler, deri bulgurdy. Hezreti Adam deprenip başlady. Hezreti Adamyň derisi köp görklüdi, ýagny onuň tutuş bedeni dyrnakdandy. Ol günüň ýagtysyndan hem röwşenräkdi. Haçan oňa jan gelende, ol deri suw boldy. Ol şu derä aýlandy. Ol deriniň nyşanasy diňe barmaklarynyň ujunda galdy. Bu dyrnak şoldur. Sowal: Jan tene girende aňsatlyk bilen girdi. Näme üçin ol kynlyk bilen çykýar? Jogap: Jan Allatagalanyň: «Ýerhemuke rabbuke» diýen wadasyny eşidende, begenjinden aňsatlyk bilen girdi. Jan tenden çykanda, ol tä rehmet habaryny eşidýänçä çykmaz. Onuň üçin bagtly bendelere: «Olary wada berlen jennet bilen söýünjiläň» diýen hoş habary eşidip, aňsatlyk bilen çykar. Eger ol betbagt bolsa, gatylyk bilen jan berer. Munuň ýaly jan bermekden Taňrynyň özi bizi penasynda aman saklasyn. Şygyr Ju nury matlag yrfanu-zuhur kylgusydyr, Hezar zulmat eger bolsa nur bolgusydyr. Egerçe garkaýy usýan laýyga batsa kişi, Şerap-iýmiş, aby tahur bolgusydyr. Mugyn şikaýat eder: «Ummatun muznebetun» diýp, Güni hekaýat «rabbun gafurun» bolgusydyr. Allatagala gudrat goly bilen Adam atanyň topragyny hamyr edende we bedenine jan girizende hiç kime görkezmedi. Ol jany bedenden alanda hem ony hiç kime görkezmez. Nakyldyr. Adam alaýhyssalamyň bedenine ruh girende juma güni öýle namazynyň soňraky wagtdy. Jan tene ýetişdi. Emma her bir agza öz öňünde biri Gün, biri dolan Aý, biri ýaňy dogan Aý, biri rüstem destan, biri müň dessanyň bilbili, olaryň her haýsy özünden hoşal we minnetdardy. Bu ýagşylygy her bir agza özünden bilip, lapy kezzap urardy. Baş: «Men bir gümmez ýaly hemmelerden ýokarydyryn. Men sejdä laýykdyryn. Hemme tagat-ybadatlaryň başy mendirin» diýdi. Gol: «Men älem-jahanyň görelde aýnasydyryn» diýdi. Gulak: «Haktagalanyň wahysyny we owazlaryny eşidijidirin» diýdi. Gaş: «Biz ikimiz maňlaýyň ýanynda älemgoşar ýalydyrys» diýdi. Maňlaý: «Men Haktagalanyň kazasy we takdyry ýazylan tagtadyryn» diýdi. Ýüz: «Men görk bossanynyň gülüstanynda açylan güldürin» diýdi. Toprak: «Men aşyklaryň köňüllerini ysym bilen tutýan reýhan dänesidirin» diýdi. Dodak: «Men gymmatbahaly zatlar salynýan ýakutdan sandyjakdyryn» diýdi. Diş: «Men agzyň içindäki otuz para Gurhandyryn. Men hemme agzanyň sebäbidirin. Olar menden suw içerler» diýdi. Beden: «Hemme agzanyň ýüküni men göterýärin» diýdi. Köňül: «Men Allatagalanyň syrlaryna ýetişmekde patyşadyryn. Hemme işlere karar çykarylýan öýdürin. Göwräniň galasydyryn. Bularyň barlygy meniň bilendir» diýdi. Aýak: «Hemme amanatlary göterip ýören hoşgylykly ulagdyryn» diýdi. Deri: «Göwre galasynyň şähristanydyryn. Bularyň barlygy meniň bilendir» diýdi. Et: «Dört ýüz kyrk dört bölek süňkleriň halatydyryn» diýdi. Zahyr: «Namaz, oraza, berhizkärlik, takwalyk medresesiniň müderrisidirin» diýdi. Batyn: «Men näz-keremiň we sözüň gowakdaky ybadathanasydyryn» diýdi. Akyl: «Dogry ýola başlaýjy hemme möhüm işlerde maslahat berijidirin» diýdi. Şol wagt näz-keremiň patyşasy ruh ukudan oýandy we ol hezzet-hormat tagtyndan baş göterdi. Ol agzalaryň gepini eşidip, aýtdy: «Eý, agzalar, üç ýüz altmyş damarlar, dört ýüz kyrk dört bölek süňkler, siziň hemmäňiziň ýagşylygyňyz we kuwwatlygyňyz meniň bilendir. Eger men bolmasam akylda – pähim, köňülde – idrek – düşünje, golda – güýç, gözde – nur, gulakda – eşitgenlik galmaz» diýdi. Allatagaladan: «Eý, ruh! Sende hem bularyňky ýaly ulumsylyk bolsa bakydan öňräk ötersiň. Sende ne het, ne çäre bardyr» diýen bir owaz geldi. Ruh beýle haýbaty eşidip, ýaradar bolup, onda ne huş, ne hereket, ne başynda gurur, ne köňlünde şatlyk galdy. Ol bir owuç jisim bolup galdy. Elbetde, päklik we ýardam bermeklik Allatagalanyň öz erki bilendir. Surat: Aleksandra Sulimowa / "Adam ata we How ene" | |
|