22:44 Läläm sözleriň | |
LÄLÄM SÖZLERIŇ
Goşgular
![]() Güler ýüzüñ nur saçýar - hünji dişleriň gürläňde dür saçýar läläm sözleriñ Ýaý bolup gurnalan gara gaşlaryň, Maýyl eder özüne jan gözleriñ Ýa perimiñ ýa peýkermiñ näme sen Beýhuş etdi aklymy ýar gözleriñ Şeýle bir bakyşyň bar... aldy janymy Kaýyl eder derde arman näzleriñ! Assa barýañ bozman ýeriň gaýmagyn Şol assalyk seresidir illeriň. Saňa duşup kalbym suw deý gaýnasyn, Söz tapylmaz has inçedir billeriñ. Zülpiñ bezeg berýär Aý dek jemala, Öziñ alyp barşyñ sadadyr-sada. Haýsy ene getirdika kemala Maýyl eder, kaýyl eder jemalyñ, Has gymmatsyň, ýetmez belki, Ählisin berseňem dünýede malyň. ✍ Amangözel GURBANOWA. | |
|
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 6 | ||||
| ||||