06:48 Leglekler | |
LEGLEKLER
Edebi makalalar
Leglekler uçup barýarmyşlar. Dilsiz-agyzsyz, sessiz-selemsiz ummanyň üstünden, onuň san-sajaksyz zire-zire tolkunlarynyň üstünden, umman üste abanan öýme ýaly ýukajyk dumanyň içinden geçip, peýwagtyna uçup barýarmyşlar. Olar uzak-uzak ýollary söküp ýadapdyrlar. Şonda-da olaryň boýunlaryny üzere getirip, öňe ümzük atyşlarynda, ganatlaryny takatly pelpelledip uçup baryşlarynda nadyllyk duýulmaýarmyş. Ýumşak hem ýakymly ýaşalgalaryny taşlap, wagtlaýyn gaýry ýurda sary barýarmyşlar… Leglekler uçup barýarmyşlar. Uç-gyraksyz, düýpsüz, demsiz-düýtsüz ummanyň üstünden özleriniň dowamlaryny – agzy sary balalaryny arkalaryna mündürip, sowuk kenardan maýylgan kenara tarap gyşlaga uçup barýarmyşlar… Hataryň öňüni çekip barýan garry leglek arkasyndaky balasyna şeýle diýenmişin: “Balam, halys garradym, tapdan düşdüm, ganatlarym göwrämi zordan göterýär, indiki gyşlaga çenli-hä halysam garraryn. Şonda sen meni kenaryň aldajy sowugynda tenha taşlaman, togsan dolup, ýere ýyly gidinçä, ýaşaýan ýyly kenarymyza garşy alyp gidermiň?!” Külmüjek dumanyň tukat hem ýürege düşgünç boşlugynda leglekler sürüsiniň serkesi garry leglek ganatlaryny haýal-haýaldan hereketlendirip, gama batypdyr. Leglekleriň hoşgylaw gykuwlamasy bolup, ummanyň özi ýaly ýowuz dymyşlyk aralaşypdyr. Birhaýukdan soň, çaga leglek jogap gaýtarypdyr: – Şonda… – ol tolgunmakdan sandyrapdyr, peltekläpdirem – şonda… meniň öz… öz… –ýuwdunypdyr – öz çagalarymam bolar ahyryn… Garry leglek uzak ýoluň ýadawlygynyň, garrylygyň basmarlaýan gamyny unudyp, şeýlebir uçanmyşyn, şeýlebir uçanmyşyn. Onuň ganatlaryna kuwwat, hyruç, gözlerine röwşen inenmişin. Leglegiň kütelişen, dumany salgym ýaly görkezýän gözlerinden gözýaşlar üzülip-üzülip deňze paýranmyşyn. Öz ujypsyz paýhasynyň aňşyryşyna görä, deňiz onuň gubarlan didesine ata-babalarynyň, öten-geçenleriniň, ýedi ymmatynyň begenç gözýaşlary bilen purepürlenen ýaly bolup görnüpdir. Garry leglek şu sowala balasynyň berjek jogabyndan gorkuşy ýaly, ezraýyldanam eýmenmeýändigini hakydasynda aýlap, şatlanyp uçanmyşyn. Leglekler uçup barýarmyşlar… Gurbandurdy ORAZOW. # G.Orazowyň "Gündogar rowaýaty makalalar ýygyndysy" kitabyndan 3-nji makala. (AŞGABAT 2014 ý.) | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||