16:06 Mähriban / hekaýa | |
MÄHRIBAN
Hekaýalar
Ilkinji mugallymam Gülälek Gylyçdurdyýewa bagyşlaýaryn. Men ömrümde ilkinji gezek kitap gatyny küren oba gelşik berip oturan ak mekdepde açypdym. Obamyzyň aglaba adamy şu mekdebi gutaranam bolsa, henize deniç oňa köne mekdep diýene duş gelmändim. Bu sözi birinji ýola Narlydan eşitdim. Men oňa irden şähere diýip çykamda duş geldim. Ol öýleriniň deňesinde «Gaz-51» maşynyny otlajak bolup duran eken. Narly meni görenden, eliniň ýagyny howul-hara süpürişdirip, görüşmäge topuldy. Neresse meniň okuwy sag-aman gutaryp gelenime hoşal bolup, edil bir ýaşuly adam ýaly: — Tüweleme, tüweleme... — diýip gaýtalady. Meň ony boýdan-başa synlap durşuma, sähäl wagtda ers-mers ösüp, epeý pyýada bolup ýetişenine geň galdym. Mekdebi gutaramyzda, Narlynyň çepiksi göwresine sereden adam beýle daýaw bolar diýip pikir etmezdi. Men howlugýanymy aýdamda: — Biraz aýak çek, menem şähere gitmekçi. Onsoň men seni barjak ýeriňe düşürerin-dejik gaýdybererin — diýdi-de, maşynyny otlady. Narly ýolboýy gür berdi. Kämahalam sözüni bölüp, maňa çiňerilýärdi-de: — Hany senem gür bersene, walla... — diýýärdi. Salym geçmänkä, ýene ýaňky aýdanyny ýadyndan çykaryp, gürrüňini dowam edýärdi. Ol goňşy obadan bir gyz bilen halaşyp hat alşanyny, soňam öýlenişine çenli höwes bilen aýdyp berdi. Narly birden: — Öýlenen-ä dälsiň? — diýip, morta sorag berdi. — Ýok. — Bo-how, nädip şu çaka çenli çydap gezdiň, walla!.. Ol gülüp goýberdi. Emma bir garasam, eýýäm dymyp oturyşyna aladaly göründi. Soňam gepleýiş äheňini üýtgedip: — Hawa-la, indi öýlenseňem, giç bolasy ýok — diýdi. — Biz-ä maşgala ýagdaýymyzda oňaýsyzlyk bolanson, irräk öýlenmeli bolduk. Eýýämem çül-çagaň atasy. Bäş sanyjak. Niçik görýärsiň? Ertirem ikisini birdenjik seň huzuryňa eltip gaýtjak. Ol öz aýdýan zadyna guwanýan ýaly, gaýta-gaýta süýji ýylgyrdy. Menem ýylgyrdym, soňam: — Tüweleme — diýdim. Narly soňra ýeie meniň dymyp oturyşymdan ýakymsyz netije çykaran ýaly janygyp gepledi: — Eý diýsem, öýlenmäge gorkup ýörme. Öýlen! Çagadan basylasymyz ýok. Ynha, basym könä derek şaňlap duran täze mekdebem gurup gutarys. Onsoň näçe okuwçyň bolsa getiriber. — Dogry aýdýarsyň, Narly. — Bä, wagtyň geçişine gözem ilenok, walla. Ýaňy dälmi biziňem mekdebe baranymyz? Indem eýýäm oglumyzy iberýäs. Geň galaýmaly. Ol myssa ýylgyryp, kellesini ýaýkady. Soňam wajyp görnüşe girip: — Mugallymamyz ýadyňa düşýärmi? — diýdi. — Hawa-la. — Edil gyzyl ýaly bir adamdy. Onuň maňa eden ýagşylygy, dost, hut ölinçäm ýadymdan çykmaz. Ana, mugallym bolsaň, şoň ýaly bolgunyň! Ol şu ýerde maňa çiňerilip seretdi welin, Narly meniň üçin deň-duş däl-de, öwüt berýän paýhasly ýaşuly ýaly göründi. Şäheriň çetinden girdik. Narly indi käwagt signal berlenine garamazdan, köçede aýaga çolaşyp ýören ýolagçylara käýinäýmese, köplenç dymyp gitdi. Gitdigimizçe, şäheriň gatnawy güreldi. Menem onuň ýoldan ünsüni sowaýmaýyn diýen ätiýaç bilen gep gatman otyrdym. Häzir men diňe mugallymamyz hakynda pikir edýärdim, onuň keşbini göz öňüne getirýärdim. Bizi okadýarka ol orta boýly iki örüm saçy guşaklygyna düşüp duran uly gyzam bolsa, ene mähri bilen seretmegi başarýardy. Mylaýym ýylgyrmasy onuň ýüzüne nur çaýýardy. Ýylgyranda, dulugyndaky dyrnagyň aýtymy ýaly peşordanyň aşak ýanynda täsin çukanajyk görner giderdi. Her haçan ýatlasam, mugallymamyzyň ýylgyryp duran ýüzi göz öňüme geläýýärdi. Ol häzir niredekä? Men bu soragy Narla bermekçidim, emma bir görsek, gelmeli ýerimize ýetäýen ekenik. Ol maşyny saklansoň, ýüzüme ýylgyryp garady-da: — Hany, bir oturmaga bar. Gelnejeň gök çaýynyň başynda çagalygy ýatlaşaly ahyry — diýdi. Kabinadan düşüp barýarkam onuň ýylgyryp oturyşy henizem göz öňümde dur. Men mundan öň Narlyny beýle mylakatlydyr öýtmändim. Men onuň bilen çaý süzüşip, çagalygy ýatlaşmaga ýetişmedim. Agşamlyk şäherden öýe dolansam, şum habar aýtdylar: Öýlänler Narly mekdebiň gurluşygyna agaç getiripdir. Ýük düşürilip durka, bir bijaýlyk ýüze çykagadan, äpet naw agramyna aşak gaýdypdyr. Narly seretse, nawyň düşäýjek ýerinde duýdansyz ýagdaýdan bihabar bir adam eglip, işe gümra bolup duran ekeni. Howpuň abanyp gelýänini gören Narly şo bada ýaňky adama tarap topulýar. Göz açyp-ýumasy salymyň içinde baryp, ony bir tarapa südürleýär, emma özüniň sowulmagyna maý bolmaýar. Naw göni onuň öz üstünden inýär-de, kellesini ýarýar. — Bi nähili bolýa, how! Men oň bilen hut şu gün ertir irden bileje şähere gitdim ahyry! Ol: «Gurluşygy gutaryp barýas» diýdi, «Ertirem ekizjelerimi mekdebe eltjek» diýdi. Siz öte eşiden bolaýmaň?! — Beýle zat öte eşidilip aýdylýan däldir — diýdiler. Ylgap barsam, Narlylaryň öýleriniň töweregi uly yzlaşyk. Ertirki münüp giden maşynymyzam hol öýüň gapdalynda dur. Maşyna golaý baryp, doňan ýaly bolup durupdyryn. Belki, heniz ruldan onuň eliniň yzam ýiten däldir. ...Okuwyň başlanýan birinji güni bolansoň, gün dogmanka mekdebe geldim. Gapyda durşuma henizem düýnki ajy wakanyň täsirinden sypyp bilemok. Narly neressäniň keşbi birjigem göz öňümden gitmeýärdi, çünki mekdebiň töweregiňdäki zatlaryň hemmesi maňa Narly neressäni ýatladýardy. Günorta burçdaky güneşje ýerde durmak Narlynyň halaýan zadydy. Mekdebiň öňündäki dört düýp garagajyň aşagyna seredýän, göwnüme bolmasa, ol ýerde-de Narly oturan ýaly. Men onuň bilen çagalygymyzyň süýji gürrüňini etmäge ýetişmänime gynanýaryn. Emma häzir ýeke özüm bolsamam, çagalygymyz birýan ujundan göz öňümden geçip barýardy. Halha okuwçylýaryň dabanynyň aşagynda şyr-takyra öwrülen meýdança ýaýlyp ýatyr. Biz ol ýerde ala-galmagal turzup, ortadurmak oýnaýardyk. Narly neresse eşekçi bolmagy örän ýokuş görerdi. Ýüregimde gussa bolsa-da, şu meýdana indi Narlynyň dabanynyň düşmejegine bir hili ynanasym gelenokdy. Ol birden tebigatyň düzedip bolmajak kanunyny bozup, meýdançanyň gyrasyndan geçýän uly ýoldan ýylgyryp çykaýjak ýaly bolup dur. Emma sähel salymdan beýle zadyň asla bolmajagyna gözüm ýetýärdi-de, ýüzümi aşak salýardym. Birdenem oý-pikire gümra bolýardym. Onuň öleni hak, ýöne Narlynyň eden arzuwy ölenok ahyry. Eýsem çagalar şu gün mekdebe gelmezlermi? Adam elmydam mekdebe baran ilki gününi ýatlaýar. Birmahal şu güni Narlynyň ogullaram ýatlar. Emma olaryň irde-giçde: «Biz kakamyzyň ölümi zerarly ilki gün mekdebe baryp bilmändik» diýip ökünçli ýatlamalaryny islemeýärdim. Kimdir biri şol mahal olardan: “Näme üçin size hiç kimiňem gözi ilmändir, mugallymlar näme işledilerkä?” diýip, igençli soraýmagam mümkin. Dogry, nähili jogap gaýtaryljagyna welilik satyp biljek däl, ýöne meniň pikirimç-ä, şeýle bolaýsa, hemmeden ozal bize igeniläýjek ýaly. Emma meniň muňa asla ýol beresim gelenok, sebäbi «mugallym» diýen sözi men şu gün biriňji gezek eşitmelidim. Soň menem her ýyl birinji güni ýatlaryn, ýöne şu günden öküner ýaly gümürtik zadyň galmagyny islemeýärin. Gaýta, Narly neressäniň özi gahryman kişi kimin ölse-de, eden arzuwlaryndan biriniň amala aşanyny ýatlar ýaly iş etmelidim. Birden kalbymda joşgun möwç urdy-da, ähli gam-gussamy ýom-ýok etdi. Tas: «Eý, takyr meýdança, bu gün bir Narla derek iki Narly seniň üstüňden gadam urar! Biz biwagt ölümi şeýle garşylaýarys!» diýip gygyrypdym. Häzir syn ederin, olar sähel gijigäýseler, özüm giderin. Ellerinden tutup alyp gaýdaryn. Goý, olar birinji jaňyň nähili ýaňlananyna gulak assynlar. Köçelerde gaýda-gaýmalaşyk köpeldi. Çagalar çar-töwerekden topar-topar gelip, mekdebiň gapysyna ýygnanýardy. Ertiriň ümsümligi sumat boldy, töweregi çagalaryň şadyýan sesi doldurdy. Men ilkinji gezek mekdebe gelşimizi göz öňüme getirýärdim. Ol ýyl urşuň yz ýanyndaky ýyl bolansoň, mekdebe gelýän çagalaryň eginbaşy meňki bolsui diýer ýaly däldi. Häzir mekdebiň öňi gyzyl gülälekli sonar meýdany ýada salýar. Siňe seredýärin, emma ýekeje aýakýalaňajy ýa-da eşigi ýamaly çagany görmeýärdim. Bizem, edil häzirki edişleri ýaly, topar-topar bölüşdirip, mugallymlara paýlap beripdiler. Bizi — täze gelenleri bolsa saçy öňüne goýberlen, başy al öýmeli gyza tabşyrypdylar. Biziň hemmämiz onuň ýüzüne çiňerilişip durduk. Ol ilki bilen sesini çykarman, bizi birlaý synlap çykdy. Soňam: — Sizi men okatjak — diýdi. — Özem, çagalar, meň adymy tutaňyzda, mugallyma diýiň! Bolýarmy? Mugallyma... Hany, sizem «Mugallyma» diýiň!.. Hemmämiz birden «Mugallyma» diýip gygyrdyk. «Ýene» diýdi. Bizem öwran-öwran «Mugallyma! Mugallyma!» diýip gaýtaladyk. Şol halatda yzrakda bir oglan: — Mugallyma, waý, bi meň nanymy aljak bolýa — diýip, çirkin sesini etdi. Seretsek, egni täzeje köýnekli tos-togalajyk bir oglan matadan tikilen kitap bukjasyny goltugyna pugta gysyp dur. Onuň bukjasyna el uran garaýagyz çepiksije oglanjyk biziň seredýänimizi görensoň, elini çekdi. Soňra günäsini boýun alýan ýaly, ýüzüni aşak salyp, torsarylyp durdy. Onuň aýagynda dyzyndan sähel aşak geçip duran tyrryjak ýamaly balajygy bilen egninde-de solup giden alaça köýnejigi bardy. Köýnegem kelte bolansoň, inçejik göwresinde aňsyz bolup öňe çykyp duran garnynam doly ýapanokdy. Aýagy çorlujady. Ýüzüniň suw degen ýeri bilen beýleki ýeri mese-mälim bildirip durdy. Ol şundan soňam bir ýola gygyran oglanyň elindäki bukja gultunyp seretdi-de, ýukajyk dodaklaryny müňküldedip tamşandy. Mugallyma ondan: — Seniň adyň kim? — diýip sorady. Çepiksije oglan pyşyrdap jogap berdi: — Narly. — Hä, näme, betçilik etjek bolýamyň? Onýança eli kitap bukjaly oglan: — Meň nanymy ogurlajak bolýa-da... Be, men nanymy ogurladarynmy saňa-da bir! — diýip, çişip ugrady. Narlyjyk saklanyp bilmedi. Birden gözüni owkalady-da, möňňürip başlady: — Ajykýan. Ejemiň bereni bilen doýmadym. Gitjek, öýümize gitjek... Ol ýeňsä öwrüldigi, ümdüzine tutdurybererli göründi. Mugallyma ony zordan saklap: — Goý, aglama, akyllyja bol — diýip, ýalbarmaga durdy. — Weý, okuwçy bolubam bir aglarlarmy? Ynha ajygan bolsaň, nan beräýeris. Soň mugallymamyz bize seredip: — Hany haýsyňyz Narla nanyňyzdan berjek? — diýdi. Hemmämiz hüşerilişip durduk. Hälki tokgaja oglan ilden öň dillendi: — Meniň-ä özüm iýjek. Ejem: «Beräýmegin» diýdi. Başga bir gyzjagaz: — Mende bar — diýip gygyrdy-da, hasyr-husur bukjasyndan el ýaly çörek alyp uzatdy. Şundan soň biz ýerli-ýerden: «Mende bar-da, mende bar» boluşdyk. Mugallyma ýaňky gyzjagazyň nanyny iki bölüp, ýarysyny Narla berip: — Iýiber — diýdi. Narly elindäki nana agyz salansoň, gözüniň ýaşyny süpürip, bize seretdi-de, ýylgyryp goýberdi. Narly şol günüň ertiri mekdebe eşiklerini gara-gäz edip geldi. Emma mugallymamyz oňa hiç zat diýmedi. Belki, ol Narlynyň kakasynyň uruşdan gaýdyp gelmänine, alty baş çagany idetmegiň sopbaş bir aýala ýeňil düşmeýändigine göz ýetirendir. Mugallyma okuw gutaransoň, Narlyny özi bilen alyp gitdi. Gaýdyp biz Narlyny kirli eşikde görmedik. Bir günem ol klasa täzeje köýnek-balak geýip geldi. Ol begenjine häli-şindi täzeje köýnegini elleşdirip görýärdi, özem bize seredip: — Eý, maňa şulary mugallymamyz tikip berdi-dä — diýýärdi. Ikinji klasy gutaramyzdan soň mugallymamyz bilen aýrylyşmaly bolduk. Ol şol tomus goňşy obala durmuşa çykdy. Gelnalyjy geljek güni hemmämiz toý ýere bardyk. Gelnalyjy ugrajak bolup durka, bir öýüň ýeňsesinde Narlynyň aglaýanyny görüpdim. Gelnalyjy ugrandyram welin, ol gaharyna uly-uly kesekleri güýjüniň baryndan zyňmaga başlady. Gelnalyjy ara açyp barýardy. Narly gaharyna nätjegini bilmän, paýyş sözler bilen gelnalyjylara sögüp ugrady. Soňam bar zadyň peýdasyzlygyny bilen ýaly gaharyna bäs gelmän, diwara ýüzüni berip hork-hork aglady. Ýediýyllygy gutaryp, herimiz bir ýana gitdik. Kolhozda galanymyzam az däldi. Narly neresse-de şolaryň biri bolmaly. Narly soňky ýyllarda mugallymamyz bilen aragatnaşyk saklamadymyka? Ýa-da mugallymamyz bireýýäm bizi ýatdan çykaraýdymyka? Ondan bäri köp-köp ýyl geçdi ahyry! Men ynjalyksyzlanyp ugradym. Narlynyň ogullary gelenok-la? Ýygnananlara göz aýlaýaryn, emma şu wagt olary henize deňiç görmänimem hakydama gelenokdy. Göwnüme bolmasa, olar edil Narlynyň çagalygyna meňzäp durmalydy. Meňzeş çaga gözüm düşmänsoň, olara tarap gitmäge häzirlendim. Edil şol mahalam meýdançanyň aňry çetinden bir aýalyň bize tarap gelýänini gördüm. Onuň her tarapynda bir oglanjyk bardy. Oglanlaryň ikisiniňem egni akja köýnekli, aýaklary garaja balaklydy. Olar golaýladygyça haýalrak ýöräp gelýän aýaly gyssap, onuň elinden çekýärdiler, bukjalaryny galgadyp bökjekleýärdiler. Men: Narly neressäň çagajyklary bolaýmasyn? — diýip, olara siňe-siňe seredýärdim. Çagalary getirýän aýalyň egninde solagrak keteni köýnegi bilen başynda seçekli ýaglygy bardy. Onuň başyny dik tutup, mekdebiň öňündäki gaýmalaşygy synlap gelşi meni geň galdyrdy. «Narlyň aýalymyka? Özünden-ä gartaň görünýär». Öň men onuň aýalyny görmämsoň, näme diýjegimi bilmän, tä golaýyma gelýänçäler, dine çagalara seretdim. Şol wagt Narly neresse gapdalymda durup, henizem: «Ertir ikisini birdenjik seň huzuryňa eltip gaýtjak» diýip duran ýaly. Bir almany iki bölen ýaly eýjejik çagalar! Olaryň ekizdigini soraman biläýmeli. Özlerem edil Narly neressäň çagalygyny ýada salyp durlar. Bir tapawutlary diňe bularyň egin-başlaryna at dakar ýaly däldigidi. Mei entegem olary getirýän aýala seredip bilmän ýaýdanyp durdum. Ýaş başyndan bagtsyzlyga uçran aýalyň hasraty ýürek daglamaz ýalymy! Men neneň edip, çagalykda bile okap ulalan ýoldaşymyň dul galan aýalynyň ýaşly gözüne seredeýin! Ýöne salam bermegi unutmadym. Olar iki-üç ädim golaýa gelenlerinde, ýüzümi galdyrdym. Görsem, öňümde maňa tanyş ýüzli bir aýal dur. Peşorda, mähirli gözler. Çukanajyklar häzir görünmeýärdi, sebäbi nurana ýüz ýylgyranok. Açyk maňlaýda maňa nätanyş iki-üç sany ýygyrt göründi. Men aljyrap durşuma birhaýukdan soň pessaý ses bilen: — Mugallyma...— diýdim. Ol ýylgyrdy, emma çukanaklara gözüm düşmedi. — Tanadyň, Oraz jan. — Salam, mugallyma! Men çagalary onuň elinden aldym. — Siz asyl bu taýdamydyňyz? Onuň sesi hem ýuwaş, hem sandyrap eşidildi: — Agşam geldim. Narly neressäni eşidip... hoşlaşmaga... Onuň gözünde ýaş görünmedi. Belki, ol meniň bozulmagymy islän däldir. Şonda-da biz oňaýsyz ýagdaýda dymyp galdyk. Mugallyma kemiş-kemiş eden dodaklaryny gizlemek üçin bolsa gerek, ýüzüni aşak salyp durşuna çalarak hyrçyny dişläp dymdy. Soňra birden özüne gelen ýaly, äheňini üýtgedip gepledi: — Gutaryp geleniňem eşitdim. Tüweleme, tüweleme. Begenjimden iki bolup bilmedim, Oraz jan. — Eşitdim diýdiňizmi? Ol maňa garap ýylgyrdy-da: — Geň görme, siz hiç wagt meniň ýadymdan çykýan dälsiniz — diýdi. Soňam mazy ýaly çagalara garap sözüni aýaklady: — Onda saňa sargap oturmagyň geregem ýok, Oraz jan. Özüň bilýänsiň bujagazlary... Ol sözüni soňlaman goýdy. Belki, bu eýjejikleriň kakasynyň ýöne bir adam ýaly däl-de, çyn gahryman ýaly wepat bolandygyny aýtmak isländir. Ýa bularyňam kakalary ýaly asylly adam bolmaklary üçin çalşyň diýjek bolandyr. Tüýs onuň aýdaýjak sözi, ýöne ol häzir dowam etmedi-de, düşündiňmi diýen ýaly garaýyş bilen maňa seretdi. Menem şol bada jogap berdim. — Bilýän, mugallyma, bilýän. — Onda men gaýdaýyn. Ol dolandy. Emma men durup bilmän gygyrdym: — Mugallyma, duruň entek. Ýörüň, baralyň ahyry. Bu gün okuw başlanýar. Mugallyma togtady-da, egniniň üstaşyr mekdebiň öňüne üýşen çagalara esli salym dymyp seredip durdy. Şu pursatda onuň göz öňüne nämeleriň gelip-geçenini bilemok, ýöne ol birki öwre ýuwdunyp, soňam: — Oraz jan, men häzir barmaýyn. Bozularynmy, näderinmi? Gowusy, seni gutlamaga ýörite bir gün geläýerin. Ol derrew aňyrsyna öwrüldi. Şonuň üçinem onuň ýaş aýlanan gözüne gözüm çala kaklyşyp galdy. Onsoň menem ýalbaryp durmadym, olam säginmän, çalt arany açdy. Men onuň yzyndan garap durşuma jaňyň sesinem eşitmändirin. Ýogsa, bu jaň bilen meniň ömrümiň täze sahypasy başlanýardy. «Ana, mugallym bolsaň, şoň ýaly bolgunyň!..» Häzir Narly bu sözüni edil gapdalymda durşuna mugallymanyň yzyndan garap, onuň hyzmatyny alkyşlap aýdan ýaly gulagymda ýaňlandy gitdi. Narlynyň ogullarynyň hersi bir ýanymdan çekeläp ugransoň, özüme geldim: — Däde, däde, ýörsene... Jaň boldy ahyry! Men olaryň üstüne abanyp sargyt etdim: — Maňa däde diýmäň, mugallym diýiň. — Mugallym... — Ýene. — Mugallym! Olaryň sesi has gaty eşidildi. Şol wagt meýdançanyň aňry çetine ýeten mugallymam gaňrylyp, yzyna garady. Ol çagalaryň «mugallym» diýip gygyran sesini eşiden bolsa gerek! | |
|
√ Gök gözli Ýefrosinýa / hekaýa - 13.05.2024 |
√ Şem / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
√ Ägä bolmaly / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Ýazyjynyň durmuşyndan bir parça / hekaýa - 25.11.2024 |
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
√ Şol tanyş garamyk gözler... / hekaýa - 24.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |