17:20 Meddahyň çöregi / powest | |
MEDDAHYŇ ÇÖREGI
Powestler
...“Älhemdilulla! Hernä, edenine-de şükür, etjegine-de!”. Meddah, iki gyrasyny pagsa haýat gysaja alan darajyk köçäň ugry bilen zoraýakdan mytdyldap, içini hümledip gelşine, gädigine zordan ýetdi. Bokurdagynyň içinden demir darak ýöredilen dek, gyýym-gyýym. Dili çişip agzyna sygmajak bolýar. Kellesem gum dykylan ýaly. Hüňläp dur. Göwnem, göwresem gurruk guýa dönen. Hiç zat islänogam, küýsänogam. Höwesem ýok, gaharam, arzuwam, hantamaçylygam... Diňe ýekeje zat – olam sag-aman içerisine özüni atyp, ýuwnup-ardynyp, dulunda bir süýnse. Bilbagyna iltelen gön gapjykda bolsa, şu günki gazanjy – iküç san-a gyrasy gädilip, ýüzüniň ýazgysy sürtülen kümüş dirhem, bir goşawujam misdir-bürünç fels. Hemmesini lükgeläp hasaplasaň, çagalarynyň bu günki ryzky, dinaryň üçden birine barabarrak bolaýýar. Dogduk obasynda bir dinara dehhanyň golastynda bitiçilik edýän tarygçy-sabançylaň uly maşgalasy tutuş bir aýlap oňňut edýär. Bärde bolsa – Rebbimize ýüz-de-müň şükürler bolsun – baýtagtdygyna garamazdan, möminleň Mäliginiň zory bilen tütjarlardyr-bakgallar owkadyň nyrhyny göge uçurmaga het etmeýär. Şoň üçinem bir ýarym dinara ýa-da gaty gitse iki dinara, beýlebir elpe-şelpelik çeşminde ýüzmeseňem, garaz günemaňy aýlap bolýar... Bazarda bir dirheme bir irdabba iki sa üç ratl (takmynan 32,5 kg) galla düşýär. “Şäheriň ryzky obaňka ýedi esse” diýleni. Ol neneň-niçik sütüni süýnenem bolsa, bazarda bir gün meddahçylyk edende, özem iň aňrybaşy şowly däl, adaty günleriniň birinde şonçarak gazandy. Garamaýak uluja bolsa, ýarymýyllap alyn derine toprak suwaryp, çagalary bilen bilelikde iki egninden hernäçe gum sowursa-da, bir aruradan bol alanda on bäş ýarym irdabba (387,5 kg) hasyl alýar. Ulujalaň uly maşgalasynyň sürümçi maly, azaly-esbaby üpjün bolaýan halatynda-da, ol barybir kyrk aruradan (12 gektar) köp meýdany ekip bilmeýär. Şol hasylyndanam ol, janbaşy paç – jizýe tölemeli. Her ýetişen erkek kişi üçin aýda 4 dirhem. Entegem toprak kişileri möminleň Mäligine gije-gündiz alkyş okamaly. Çünki onuň şan-şarafatly atasynyň hökümdarlyk eýlän ýyllarynda, goý ýeňişli bolsa-da, üznüksiz uruşlar zerarly jizýe salgydy janbaşyna her aýda 10 dirhemdi. Ýer salgydy – hyraç tölemeli. Her jeribden her hasylda 2 dirhem. Önüm salgydy – dariba tölemeli. Hat-habar gatnawyny üpjün etmek üçin ýygym – sillahy ul-barid (habarçy sylagy) tölemeli. Eger-de derýa ýa-da gämi gatnawyna ýaramly nowhana ýakyn ýaşaýan bolsaň – ýüp dartma ýodasynyň üpjünçiligi üçin – madiýatihim ýygymyny tölemeli. Zemindaryň ýer hakyny bermeli. Gallaň ýa-da hurmaň hasylyndan maşgalaňa nesip edýäni 5 wasdan agdyk bolsa, hadymlara hüşür-zekat eltmeli... ...Şol wer-tarhamçylykdan soň harmanyndan galan-gaçanjasyna-da, sabançy bende, maşgalasynam ekläp-saklamaly... Ol saýrydin dagy bolaýsa, “kitabyň adamsy” bolsun-bolmasyn, gaýry dinlilerden alynýan zimmi salgydam öňküleň üstüne ýetne... Şol sebäplem öz günüňe müň kerem alkyş okabermeli bolýaň... Şäherde diňe janbaşy paç bilen senet salgydyny töleýäň. Onsoňam kendiň abadançylygy üçin ýygym. Ýerkişiňki bilen deňäňde köp ýagşy... ...Ýöne, her niçigem bolsa, şu gün-ä ol öňkülerinden has beter ýadady. Edil ýöne, her ädýän ädimi bilen lagşap barýar. Garralýarmy nämemi... ...Ol haýadyň böwründäki, ýüzüniň haşamy solan köne agaç gapyny jygyldadyp açdy-da, misli kimdir biri bilen gaýybana harçaňlaşmagyny dowam edýän dek: “Ýene-de, käte-käte güzeranyňdan zeýrenip, kiçi dilden bärde-de bolsa, bir zat gepläýdigiň: “Nä, gerşiň bilen daş daşaýaňmy? Uzakly gün bazaryň uk ýanynda, salkyn saýanyň goýryrak ýerinde aýbogdaşyňy gurup, lakgyldap oturansyň-da!” diýen bolarlar! “Bar edýäniň – minneti gyzylja diliňden çekýäň” diýip, agyz-burun towlarlar! Hany sen bir, ir ertirden iňrik garalýança gürläp-gürläp, çagalaryňa döwüm-dişlem nan gazanjak bolup gör! Onsoň bilersiň, geplemek, gerşiň bilen daş daşamakmy-dälmi!” diýip, içinden hüňürdedi. Bosagadan ätdi. ***** -Daýym ogly, sag-aman geldiňmi?! Armaweri!-diýip, howlusyna giren ýerinde, ony başdaşy göwnaçyk garşylady. Howlyň günortasynda, garry güjümiň astyndaky sekide oturyp, özünden bolan gyzjagazdyr günüsinden bolan körpejäni naharlamaga gümra ikinjisi bolsa, hemişeki garasöýmezligi bilen, diňe oňa garşy gözüniň gyýtagyny aýlap, çäklendi. Hemişe munuň kibi gabak astyndan oklanýan çakgyçüý garaýyşlar ok bolup bagryndan geçip, girre gaharyny getirýänem bolsa, bu gün öte argyn bolandanmy nämemi, ol soňkusynyň mährewsiz edähetine düýbünden ähmiýet bermedi. Şonda-da ol, şeýle bakyşy her gezek saýgarmaga ýetişende bolşy ýaly, içinden kineli oýlanman saklanyp bilmedi: “Hamana, men özüni atasy öýünden zorlap alyp gaýdyp, ýaşym özüniňkä iki esse halyma, sütem edip özüme dakan ýaly! Başyma ýapaýynmy diýsene! Nä gara görgüme, men pahyryň?! Kakasy – köne hemdemim, aýagyma ýykylyp, özelenip ýatmasady, ellini ýarpylap, bilimde kuwwatym, gasygymda gaýratym, gursagymda hyjuwym, köňlümde-de küýsegim egbarlan uçurlamda, tanapyna towsup duran sarç mala münüş öwretmäge dalaş edip, men nä, kelläm bilen sögüşdimmi ahyry?!”. Daşyndan bolsa: -Geldim, daýym gyzy! Bar bolaweriň! Allaha şükür, men aman-esen, öýümde! Otyrmysyňyz? Öý-içeri saglykmydyr?!-diýip, hal-ahwal alyşdy. Çünki, bogazyň gurap tüýdüge dönenem bolsa, süýji-süýji sözleşmeg-ä beýlede dursun, hatda, habarlaşmaga halyň bolmasa-da, daşynda hozanak bolýan başdaşy bende, onuň göwnüni görmek üçin özüňe zor salanyňa-da, gursagyňdaky gurruk guýyň haňladyp gapagyny açman, ýasama-da bolsa içginsiräniňe-de juda mynasypdy. -Daýym ogly, hany, ilki bilen saňa suw akydaýyn, eliňi-aýagyňy tämizle!-diýip, başdaşy kündüge ýapyşdy. Ol iç işikde duran ýerinden, eýlesi-beýlesi ýigrimi az-zira ad-duwrdan giň däl, çaklaňja bolsa-da, gül pürkülen deý tämiz howlusyna gözüni aýlady. Soňam demirgazyk diwara ýakyndaky teşnawa ýöneldi. Ol ýuwnup-ardynyp, başdaşynyň uzadan desmalyna süpürinerine mähetdelem: -Daýym ogly, sen bärik geç! Men-ä aýagyňy owkalaýyn,-diýip başdaşy, oňa sekiniň üstüne ýazylan goçak gülli, galyň türkmen keçesinde orun görkezdi:-Häzir bi neme janam, saňa bokurdagyňy ýumşadar ýaly ýumurtga melhemiňi taýýarlar... Başdaşy onuň goltugyna girip diýen ýaly sekä geçirip durşuna, gözüni-gaşyny oýnadyp, günüsine ümledi. Mydama köpüň içinde gezip ýörensoň töwereginde bolup geçýän iň bir ujypsyzja zatlaram synçy nazaryndan sypdyrmaýan meddah, başdaşynyň bu türkana hilesine daşyndan syr bermese-de içinden ajy gülümsiredi: “Wah garabagyr-a! Men görmeýändir öýdýär. Şu öýde hemme zady öz kalby deýin gülala-güllük etjek bolup, muň dert-azara galyp ýörşüni diýsene! Heýem bir ýüreginiň deregine tokga buz salnana dönen ony, şeýdip, meň aladamy etmäge mejburlap, maňa, şu öýe imrikdirerin öýdýäňmi diýsene?!”. Ýöne, bada-badam öz ýaňsy bedewiniň jylawyndan özi dartdy. “Ýöne, muňa-da şükür! Ol-a muny ejesi deýin sylaýar. Bu-da ony şo jygba-jyg günlerde şu tünege getirileli bäri gyzynyň ornunda görýär. Oň menden doňbagyr dokmädeliginiň üstesine, bulaň ikisem biri-biriniň kekirdegini çeýnäýjek bolşup, gan-da-pyçak garpyşyp ýörseler nätjek?! Onna-ha, bazardaky meddah meýdançasyna başbitin göçüp, şo taýdan öýe-de köwlenmeli däl bolaýarsyň...”. Öz-özüne özüniň şekillendirip beren mojuk “bolsadysy” göz öňünde janlananda, ol tisginip gitdi. “Estagpurulla, estagpurulla! Şu ýaşda Huda görkezmäwersin! Toba-toba...” diýip, ol içinden üç mertebe toba etmäge alňasady. -Daýym ogly, gündiz Jubuka çykanymda arzanjagyna duşup, täzeje ýemen gandyny aldym,-diýip, gapdalynda ornaşan başdaşy, emaý bilen onuň aýagyny owkalap ugrady:-Häzir neme jan, melhemiňe goşar... Uzakly gün gymyldy-hereketsiz diýen ýaly oturyp-oturyp, tas otura bolmak derejesine ýetiberendigi zerarly sarkyryp agyrýan aýaklary, höwrüniň mährem elleriniň ýylysyna ýumşap başlady. Ol güdri-güpjegi goltuk astyna çekip, gyşaryp ýatyşyna meýmiredi. Ony göresleri gelip ýürekleri gysyp giden dört ýaşlyja ogly bilen heniz doly üçem ýaşamadyk gyzjagazy, iýip oturan naharyny taşlap, derrew onuň gujagyna gondular. -Janym guzym, balam gülüm!!! Gözümiň röwşeni, ömrümiň merjeni – etenejiklem!-diýip, onuň ezizlemesine çagalary hasam gül-gül açyldy. “Aba, bu gün eýle boldy-da, beýle boldy” diýşip, jagyl-da-jugul. Kindiwanja gursajyklaryny dolduryp duran gündeki wakalary gür bermäge howlugyp, biri-birine gezek bermejek bolýarlar. Olary guwançly synlaýan başdaşynyň nazaram mähirdir-muhabbetden ýaňa dyňzap dur. “Wa-a-a-h!!! Ikisem ýaşyt. Kyrk dört ýyl bäri şu gara toprak üste gybyrdyklaşyp ýörler. Şol ýyllaň otuza golaýynam jübütlikde. On dört ýaşda daýy-ýegen kakalary, ikisiniň başyny birikdirdi. Şondan bärem ikisiniň takdyry badaşan. Hudaý diýen ýerleri, goş birikdirmezden öňem birew-birewi sulhy alýardy. Görgüli! On perzent dogurdy. Haýp!... Ýadyna düşse bagry dilinýär... Şojagaz on etenedenem, bäş-alty ýyllykda durmuşa çykaran nowbahar gyzy, ýetişen uly ogly, onsoňam ine şu, gujagyndakyja gölejik galdy... Galanyny...”. ...Bäbeklikde golundan aldyran zürýatlary hakydasyna gelende meddahyň bogazy doldy. Ol aýagujunda oturan başdaşyna sepini bildirmezlik üçin, gujagyndaky çagalarynyň wüjür-wüjürine: “aý goý-a oglum, wah ony bir diý-ä, gyzym” diýişdirip, has ýiti üns beren boldy. Dem salymdan soň kükreginde birdenkä beleň alan hesret, az-owlak kiparlady. Ol uludan demini aldy. “Wah, Eýesine derkar bolandan soň, näçe ah uraňda peýdasy näme?! Gadym türkmen dessanlarynda diýilmeýämi: “Ajal aldy, ýer gizledi. Ak mährinden gara bagrym ganmady. Gül ýüzünden gara gözüm doýmady-y-y, wadaryga, doýmady-y-y...”. Estagpurulla, Alladan dilgir bolamok. Edenine-de şükür, etjegine-de! Elbetde, meň ojagazlammyňam, günä-ýazyk ýokundysy ýokmadyk, jennetiň ak guşuna öwrülmek, owalybeletde täleýine ýazylandyr-da! Enşalla, hatyn ikimiz sanalgymyz dolup, beýläk aşanymyzdan soň, ojagazlam bizi: “Eje! Kaka! Kän garaşdyk! Ahyry geldiňizmi?!” diýşip, behişdiň derwezesinde, wüjürdeşip garşy alar. Şonda-da bärde ysgap doýmadyk alkymjyklaryndan, şo taýda-ha ysgap-ysgap heziller ederin-dä... Eziz Rebbim! Meň uçmahym-da şo, eşretim-de!”. Ol ýene-de bozuljak boldy. Özüne zor salyp saklandy. “Onsoň, menem-ä çagaçyl welin, bü nädip olara şeýlekin öte hamrak bolmasyn?! “Enäň mähri ataňka müň esse” diýlip ýönelige aýdylmaýar ahyry. Ýedisini ýitirensoň, galanynyň üstünde kökenege öwrülmän nätsin?! Şolaň demi bilen demli, şolaň ömri bilen ömürlidir-dä, bü pahyram!” diýip, ol gabak astyndan başdaşyny synlap oturyşyna oýlandy. Soňra, rahatlanmak üçin pikirini başga ugra gönükdirmäge çalyşdy. Birhaýukdan soň, ol köşeşdi. Argynlygam üstesine, öz-özünden süzülip barýan kirpikleriniň arasyndan ikinjisini islemezlik bilen synlamaga başlady. ***** Ol bolsa, içerden gara taldan tokurtgajygy alyp geldi-de, ilki ony döwüp, tal gabygyny telperje gaba aýyrdy. Soňra daşy arassalanan gant myhjagazyny külçäniň üstünde goýup, ony pyçak bilen kesişdirdi. Oýkanjyrap oturyşlaryna, garaja gözlerini çüýjerdip, özüniň her bir hereketini sypdyrman synlaýan oglanjykdyr-gyzjagazyň her haýsynyň agzyna sarymtyl-ak gandyň bir düwürini saldy. Olaryň şapbyldadyp gant soruşlaryna ýylgyrybam, öýüň hatyn ganatyna ýumlukdy. Nikalysynyň ýylgyryşy, ondan her neneňsi göwni geçgin bolsa-da, meddahyň gursagyna mylaýymlyk çaýdy. Ol näme üçindir, içinden uludan dem aldy-da, gussaly pikir öwürdi: “Rebbimiň edenine şükür! Özünden önen ýa däl, ala tutman, çagalar-a eý görýär. Maňa ýigrenjini şolara-da geçirip, olaram gözünde oky bolsa urjak bolup ýörse nädersiň diýsene?! Ýüregi hazandan doly adamy günde gamçyň astyna alaňda ondan gazanjak mähriň barmy?! Gaýta beýläňe bakdygyň, amadyny peýläp ýagyrnyňdan çakjak alahöwreni öz başyňa melamat edip ýetişdirersiň-dä...”. Şol müddetem niredendir bir ýerden eşidilip ýadynda galanmy ýa-da hut şu pursatda öz-özünden düzülenmi, birje oýnam setir aňynda döredi: “Ýagşy hatyn duş bolsa, Günleň reňbe-reň bolar. Ýaman hatyn ulaşsa, Iýen hurşuň heň bolar”... “Rebbime şükür! Iýenimi inime siňdirmän awy etjek bolub-a durmaýar. Bar ýigrenji – diňe sowuk-salalygynda!” diýip, gartaşan meddah, soňky ýyllar emele gelen endigine eýerip, ýene-de şükranalyk etdi. Onýança ikinjisi öýden eli agaç mejimeli çykdy. Mejimede nagyşly şakäse, üç sany ýumurtga, jüründiklije süýtgolça, kaşyk bardy. -Bü melhemiň barça lezzeti ýumurtgaň sowuklygynda. Şoň üçinem, neme jan ony, sen gelýänçäň gülfeşeňden alnan sowujak suwly tabaga salyp goýupdy-diýip, başdaşy aýtdy. Soňam hatyn durumsyzlygy bilen günüsiniň işine goşuldy: -Neme jan, käsäň gurydyr-a?! Ýogsa, onda damdyk nem bolsa-da melhemiň tagamyny üýtgedäýgiç bolýannyr... Günüsi sesini çykarman baş atdy-da, işini dowam etdi. Ýumurtgalary şakäsä çakdy. Çemçe bilen sarysyny aýyrdy. Soňra ýarty çemçe gant owuntygyny atdy. Süýtgolçaň jüründigine kaşygyny tutup, iki çemçe süýt guýdy. Hemmesini yhlas bilen garmaga başlady. Birsellem bulandan soň, şakäsedäki garyndy mazaly köpürjikledi. Gelin sesini çykarman, dadyp görmek üçin şakäsäni baýry günüsine uzatdy. Ol gabyň erňegine dodagyny degrip, datdy-da, agzyny tamşandyryp: -Neme jan, ýene-de azajyk garaýsana!-diýdi. Gelin ýene-de gardy. “Boldum” edip, egildi-de, melhemi äriniň öňünde goýdy. “Itiň öňünde ýalak goýan ýaly...Ne saňa: “me”, ne saňa: “Ine kakasy, içeweriň”. Häk seňem bir...” diýen oýlanma bilen, gözüni süzgekledip ýatan meddahyň ýeňsedamary taýaga döndi... Ýerinden zyňlyp galaga-da, bar güýji bilen ikinjisiniň gulagynyň düýbüne doňduraýasy gelip, eli gijäp gitdi. Emma... Owaly bilen-ä gartaşanlyk... Gany gaýnap kellesine depen dessine, edesi gelenini soňuny saýman gaýryberýän juwanlyk, indi, gör, nirelerde mekan tutdy... Galyberse-de, gujagyndaky ikije jübüt garamyk... Olary dynnymça elheder aldyrandan, özüne näçe agram salmalam bolsa salany ýagşy dälmi, nä?!... Ilki bilen-ä şojagaz goşa garamygyň hatyrasyna... Onsoňam, beýle-de, özlerine gözleri ýolda garaşyp duranja ýedi jüp garagözliň hatyrasyna... Onsoň, şunça hatyralamaly ynsanjyklary hakydasyndaka, gahar näme bu taýda, gazap näme, gedemlik näme... ...Meddah, bada-bat köşeşdi-de, melhemli şakäsäni aldy. Owurtlady. Melhem bokurdagyna ýag ýaly ýarady. Çynmy-ýalanmy, anygyny Alla bilýär. Meddahlaň arasyndaky hyşy-wyşy rowaýata görä, şu melhemi, çawy diňe bir Horasana ýa-da Mawerannahra däl, köp ülkelere ýaýran, meşhur meddah – goja Azade-Serw oýlap tapanmyş. Özem bu melhemi gepleý-gepleý zor gören bogazlaryny bejermek üçin, diňe bir meddahlar ýa-da bagşylar däl-de, eýsem beýtulhikmada çykyş edýän alymlaram, medreseleň müderrislerem, metjidi-münberlerde mawgyzat eýleýän hattablaram ulanýarmyş... ...Äwmän-alňasaman şakäsäni boşadýança onuň bogazy ýumşady. Endamynyň soka salnan ýaly sorkuldasam gowşady. Ol ynjaldy... Birsellem süňňüni gaplan goram-gowşaklykdan lezzet alyp, sesini çykarman ýatandan soň, dillendi: -Ogluň gelmedimi?! -Ýaňy giç öýlän, medreseden gele-gelmäşe, “çüýşe” ýanjygyny taşlady-da: “Nyzamiýýeň beýtulkitabynda biziň damyllamyz bilen Soltaniýýeň müderrisleriniň biri, Haýýam halypaň şemsi senenamasy boýunça munazara gurnaýar” diýip, zut gitdi. Ibaly iýibem-içmedi. Bir kesemen çörege ýumruk ýaly gowurdagy dykdy-da, aýagüstünden howul-hara galt-gult edip barşyna ýom-ýok bolaýdy. -Onsoň yzyna haçan köwlenjekmiş, onyň?! Ýa ýene-de ýarygijeden soň ony, jerime töläp, muhtasibiň ýasawulhanasyndan alyp gaýtmaly bolarmy?!-diýip ol, gahary gelmese-de, ýasama gatyrganma bilen hüňürdedi. -Toba diýeweri, daýym ogly! Bu diýýäniň bary-ýogy birje gezek boldy ahyry! Olam, özüň bilýäň-ä, oglumyzyň gije ýatman bezm-meýlis gözleginde selpäp ýörenliginden bolmad-a! Şo gün medreseden soň, ol ýoldaşlary bilen şäheriň alys künjegindäki dar-al-şypa gidip, o taýda täze gelen hekimiň göz bejerişini öwrenjek bolup, öte gijä galandygyny özi gürrüň beripdi dämi?! -Äý hawa-da,-diýip meddah, içinden hernäçe hoşal bolsa-da, daşyndan hüňürdän bolmasyny bes etmedi:-arkasyny alyber. Ahyry Allam, hekim bolup ýetişip, iliň-günüňem, biziňem derdimize ýarasa meňem armanym ýok... -Ylaýym, bolar hökman. Näme bolman? Biziňkiň iliň lukman çykýanyndan nämesi kemmiş?! Olar megerem, entegem öý-içeri barada birsalym gepleşerdiler welin, meddahyň ikinji aýalynyň orta desterhan atmagy, är-aýalyň söhbedini böldi. Başdaşam günüsine kömekleşmäge turdy. Soň oturyp, agşamlyk edindiler. ***** Gün ýaşdy. Agşam şapagynyň ýitmegine az galdy. Naharyň töwirinden soň, meddah, hyklap-çoklap turdy-da, gusulyny-täretini alyp geldi. Kän wagt geçmänkä, Gäwürgaladaky Banu-Mahan metjidinden muezziniň azana gygyrýan sesi eşidildi. -Alla-a-hu Ekber, Alla-a-hu Ekber! Alla-a-hu Ekber, Alla-a-hu Ekber! Eşhedü ellä-ä, ilä-ä-he illalla-a-h-h! Eşhedü ellä-ä, ilä-ä-he illalla-a-h-h!... ...Azany ünsli diňlän meddah öz otagyna geçip, agşam namazyny okady. Edil, onuň namazyny okap bolaryna daş işikde desbi-dähil garaşyp duran ýaly, başdaşy, göwejinde zygyr ýagy gyrpyldap ýanýan, toýundan dikçyrany garatüm bolmasa-da, mazaly garaňkyraberen otaga getirdi. Ony adamsynyň gündeki ýazuw bilen meşgullanýan ýerine has gowy ýagty düşer ýaly edip, otagyň diwaryndaky oýtakda goýdy. Meddah başdaşyna minnetdarlyk bilen baş atdy-da, otagyň gündogar künjündäki tekjeden golýazmasyny, galam-esbabyny alyşdyrdy. Üsti kitaply rehili bir gyra süýşürip, dabirtagtaçaň öňünde dyzyny epdi. Daşy teletin bilen sahaplanan, galyň golýazma depderiniň kildini ýazdyrdy. Sahypalaň arasyna bellik üçin gysdyrylan gaýyş talasjykdan tutup, ony açdy. Gamyş galamyny taýýarlasa-da, ony mekkeden doly syýadana batyrmaga gyssanmady. Barybir ol näme ýazsa-da, ilki gönkagyz garalamasyna ýazyp, soň ony depderine arassaja edip göçürýär. Şoň üçinem onuň depderi edil Diwan-i Maň dabiriniň ýöredýän haşam wa hadam kitaby deýin tämiz. Sahypalarynda ýekeje-de çyrşak ýa-da tegmil ýok. Tersine, garalamasy bolsa, her gezek düzediş girizende, çakgyjyk bilen hyrdala-hyrdala ýukalyp, indi halys, boýnuna “müflisi-medýun” ýarlygy iltelen garybyň döşi deýin, aňyrsy görnüp dur... Onuň ýeriň ýüzünde üç yhlasy bardy. Birinjisi – maşgalasy. Ikinjisi – sözi. Üçünjisem – ine şü. Nagşa çalymdaş arap haty bilen ýarysy doldurylan depderi. Eýýäm näçe ýyldyr ol şu depderinde öz ülkesiniň taryhyny ýazýar. Özem özüniň aram-aram baýkendiň dar-ul-kitabynyň haýsam bolsa birine baryp okaýan küt-küt kitaplaryndaky ýaly goladan guýlana çalym edýän, tagaşyksyz uzyn jümlelerden düzülen, düşünmesi kyn, çenden aşa çeperleşdirilen, agyr dilli görnüşde däl-de, edil, özüniň günde, meddah meýdançasynda bazargäh jemagatyny özüne imrikdirişi kimin, sadadan gyzykly görnüşde. Garyba-da, baýa-da, senetkäre-de, sabança-da, gulama-da, bege-de, alyma-da, kemsowada-da...umuman geçmişini biljek bolup, onuň gatyny açan her kese, her bir sözlemi okan dessine aý-aýdyň bolar ýaly... Özi okap bilen-ä okap düşünse, okap bilmedigem diňläp düşünse... Onuň ogludyr-aýalyndan özge hemmelerden ýaşyryn gaýyrýan bu işiniň esasy özeninem dört düşünje emele getirýär: Gysgalyk; Sadalyk; Dykyzlyk; Ygtybarlylyk. Bolany. Elbetde, ýüzleý seretseň onuň soňky iki yhlasynyňam köki bir ýaly. Olary biri-birinden aýyl-saýyl eden bolmaňam hajaty ýok diýseňem boljak. Emma, bu düýbünden beýle däl. Sebäbi söz – onuň meddahçylygy, diňe bir maşgalasyny ekläp-saklaýan gazanç çeşmesi bolman, onuň dirikä adamlara, öz imanyna, ynsabyna edýän gullugam. Çünki sözi bilen ol özüniňem, çagalarynyňam iýjek halal çöregini gazanýar. Sözi bilen göwnüni egisýär. Sözüne daýanyp, ömürboýy aňynda toplap gelen paýhas genjini beýleki bendeler bilen paýlaşýar. Aýdylmaýarmy: “Jahanda iň biderek adam – bilýänini ýaýmaýan alym” diýlip. Onuň bolsa, bimany, biderek ýer agramy bolup ýaşasy gelmeýär. Elbetde, käbir, hemmeje zady dirhem bilen ölçeýän, dünýä inende ütüji bazzalýasaw doglan “öte akyllylar”, onuň ynançlaryna “bolgusyz” diýip gülmekleri ähtimal. Sebäbi, şo pisintleň pikiriçe, okalyp, eşidilip, hakydasynda özgelere aýdyp bermek üçin apalanyp saklanyp ýören “boş warsakylar”, o nädip beýtel-mal bolýarmyş-a?! Näme olaň bahasyna-ha dinarda, agramynam ratlda ölçäp bolýarmyşmy?! Onuň üçin bolsa, öz bilýänleri, toplanlary – meddahçylygy, boş gybat, bazargan mähelläni güýmäp, aldap-ogşap, bäş şaýy gazanmaga niýetlenen pirimli pişe däl-de, hakykatdanam hazyna. Şol hazynanam ol jomartlyk bilen il-güne, özüne gulak gabardyp, diňlemäge isleg bildirene paýlamagy özüne borç diýip bilýär. Çemçäň gymmady çorbada. Sözüň gymmaty bolsa diňleýjide. Jemagatsyz okalan azany gury sese deňemeklerem şoň üçin. Diňleýjisiz sözüň bahasy jinnek. Onsoňam, muslim üçin kyrk parzyň ikisiniň emri magruf bilen nehi munkerdedigem hergiz onuň ýadynda. Şoň üçinem ol, hemişe meddah meýdançasynda, özüne gulak gerýänleri güldürsin, gynandyrsyn, gazap atyna atlandyrsyn...olary ýamanlykdan dönderip, ýagşylyga ündeýändigine ynanýar. Olaň özlerine-de bildirmän, dessanlaň, gazallaň, hekaýatlardyr, rowaýatlaň, ertekileň, henekdir-ýomaklaň, taryhy wakalaň üsti bilen, özüniň ozanlyk ukybyna, labyzly owazyna daýanyp, müstemyglaň kalbynda iň gözel häsiýetler-ä oýarmaga, pis gylyklary bolsa bogmaga çytraşýar... Bü ýazýanyny bolsa, ol özüniň aýatdaky müddeti paýaw bolup, Hakyň dergähine çagyralandan soň yzynda galdyrjak nyşany hasaplaýar... Ine şü hem, onuň soňky iki yhlasynyň biri-birinden tapawudy... Meddah uludan demini aly-da, bu gün näme ýazjakdygy hakynda oýlanmaga başlady. Ol, düýn, araplaryň Horasana ýörişiniň öňüsyrasyndaky wakalarda galypdy. Ol birki günlükde, Ymam Täç al-Yslam Moin et-din Bekr as-Samanyň kitaphanasyna gidip, dürli çeşmelerden dört asyr mundan ozalky wakalar barada okapdy. Öz ýatkeşligine neneňsi hatyrjem bolsa-da, geljekki ýazgylarynda ulanmaga ýaraýjak birtopar maglumatlary bellik edinip, alyp gaýdypdy. Häzirem, ol ýazmakçy bolýan döwri hakda pikirlenen dessine, okan maglumatlary, edil, ary ketegine çöp sokulyp gorjalan mysaly, onuň aňynda “hyň” berip başlady. Hijri-kamary hasabynyň 31-nji ýyly... Ruhullanyň doglan gününden dünýäň senesini sanaýan isaýylaň milady hasaby boýunça 651-nji ýyl... Sasany şalarşalygynyň soňky hökümdary Ýezdigerd III, ata ýurdunda Nehawendiň etegindäki söweşde mömin sypahlaryndan asgyn gelenden soňra, paýtagtyny taşlap gaçyp gaýdýar. Sasany hanedanlygynyň asyrlaň dowamynda toplan beýtul-maly bilen gadymy pehlewi dilinde ýazylan kitaplaryň müňden gowragyny ýigrimi iki müň gatyra mas ýükläp, hazynaň-a esasy bölegini Köpetdagyň tükeniksiz gaýalarynyň birindäki buljum gowakda gizleýär. Hazynany ýygşyran gullaram şemşirden geçirilýär. Soňam tagtsyz galan şehinşah, haremhanasyny, sanlyja wepadar esgerlerini, hyzmatkärlerini, hazynasynyň azajyk ülüşini hem-de kitaplarynyň barysyny ýanyna alyp, Badhyzdan aşak, Maru-Şahu-Jahana inýär. Merwiň marzbany, köpmekgar Mahuýa Suri, ülkäniň medinekendiniň derwezesini hökümdarynyň öňünde açyp, ony duz-çörek bilen garşylaýar. Emma, marzbanyň kellesinde ähdine wepalylykdan nam-nyşan ýok. Onuň bar aladasy ilki bilen-ä, ýaş arslandan asgynlap, guýrugyny ýamzyna gysyp gaçyşyna, gizlenere ygtybarly süren agtarýan garry babyryň ähli lukmasyny oljalamak. Galyberse-de bu hilesini amal edende, özi janyna dynnymça töwekgelçilik etmän, kişiň eli bilen ot gorsamak. Munuň üçinem ol, eýýäm öz aňtawçylarydyr ýurt gezýän bezirgenlerinden, Papakan Sasanyň neberesiniň dört ýüz ýigrimi ýedi ýyllap Eýrana-Turana azm uran ataşgähini, muslim emirleriň baştutanlygyndaky goşunyň söndürendigi barada habary eşiden badyna, öz kerebini dokamaga girişipdi. Ol ilki bilen, Göktaňry dinine uýýan türkleriň tarhany, Badhyzyň begi Naýzagyň gulagyna çawuş çakyp, ony, soňky Sasany şasynyň genji-hazynasyna eýe çykmaga yrypdy. Naýzak Tarhanyň özüne ygtybarly ýaran bolmagyny üpjün etmek üçinem, Ýezdigerdiň ýetişen gyzy Banu Şahy Şirinjanyň oňa hatyn edip beriljekdigini wada edipdi... “Hymh!”. Şu maglumaty kellesinde aýlanda, meddah, nädip ajymtyk ýylgyranyny özem duýman galdy. ...Şü, adam diýlen jandaryň, Lagnaty Iblisiň alyna gidip, öz durmuşyna-da, ýaşaýan ýalançysyna-da şeýle tekepbir hem nadan garaýşyna her gezek oturyp-oturyp haýran galýaň! Sen baý bol, garyp bol, ha hökümdar bol, ha iň soňky gul, “Ony eýderem, muny beýderem! Ony onda gaýraram, muny munda kylaram!” diýip, öz ýanyňdan özüňçe ap-arkaýyn dünýäň donuny biçip oturaryň ýaly, hatda, her alýan demiňe bir ygtyýaryň ýetýärmi diýsene?! Heý, ynsan, ynsan! Şü çigbeýniligi zerarly jennetden kowulsa-da, dogry ýola gönükdirmek üçin Hakyň eradasy bilen ýüz ýigrimi dört müň pygamber iberilse-de, henizem gündiziň günortany eljagazy bilen gözüni daňyp, öz-özüni tümlüge sezewar eden bezzat mysaly adamzat – öz başyna öz salan gaflatynda ser-sepil sermenip ýör! Gör-ä ony! Mahuýe häkim bilen Naýzak begem öz gedemligine berlip, taryhyň gerdişinden peýdalanýan kişisiräp, şa gyzynyň ykbalyny kesgitleýärler... Heý, paýhasy batyl kişiler! Ikisiniňem habarynda ýok, ýetmiş ýedi müň Älemler ýaradylmanka, olarda emele geljek ähli janly-jandaryň takdyrynyň ýazgyt depderine ýazylyp goýlandygyndan! Depder doly. Syýa tamam. Galam syndy. Ine, geçeniň, şu güniň hem geljegiň iň anyk häsiýetnamasy! Onsoň Şahu Banu Şirinjan heniz dogulmanka, külli muslimler üçin iki jahanyň serweri Muhammet Alaýhyssalamyň eziz agtygy, Şiri Huda Hezreti Alynyň jigerbendi Ymam Hüseýin Hezretleri bilen Şirinjan gyzyň täleýi çatylyp, nikasy gyýylmak alnyna ýazylan halatynda, gel-gel indi, iki sany Ýaradandan bihabar, gedem bendesine galypdyrmy diýsene, olaň ezeli ýazgydyny kesgitlemek?!... Meddah, uludan demini aldy-da, garalamasyny öňüne çekdi. Sag ýeňini iki epim çermäp, galamyny aldy. -Daýym ogly?! Başdaşynyň daş işikden eşidilen ardynjyramasy, oňa ýazuwa girişmäge päsgel berdi. -Hä, geliber,-diýip ol, galamyny alan ýerinde goýdy. ***** Aýaly eline böwri gyzylgülli hum çäýnek bilen goşa käse alyp, içerik girdi. Otaga çäýnegiň jürnüginden göterilýän çynma-çyn içgisiniň hoşboý ysy ýaýrady. Gözbaşyny Aksaýy-Maşrykdaky Hanbalykdan alyp gaýdyp, aýagyny Magryp ýurtlaryna direýän kerwen ýollarynyň çatrygynda ýerleşýändigi sebäpli, bu içgi baýkendiň ilatyna eýýäm bir ýarym asyrdanam gowrak wagt bäri bellidi. Elbetde, onuň bahajyg-a bardy welin, meddah soňky üç-dört ýyl bäri oňa halys endik edipdi. Bu içgi onuň endamyny ýumşadýardy, el-aýagynyň sodaja sorkuldyly yzasyny dep edýärdi. Başdaşy bir ädim beýleräginde dyzyny epdi-de, elindäkini keçede goýdy. Onuň ornaşaryna mähetdel, işikden moýmudyklap oguljygy girdi. Içindäki gowurga nohut garylgy kişmişdir-kişdäni dökmejek bolup, iki eli bilen gujagyna gysan ýalpajyk okarasyny ejesidir-kakasynyň öňüne eltdi. Kakasynyň-a özüni gülümsiräp synlamasyna, ejesiniňem: “Äý bü meň işeňňir oglumdyr, zor oglumdyr!” diýip söýünmesine üns bermedik kişisiräbem, gelşi ýaly çykyp gitdi. Hatyny çaýy birki öwran gaýtardy-da: -Mazaly demini alsyn, daýym ogly!-diýip, goltugyna gysyp getiren basyrgysyny çäýnege geýdirdi. Öz hereketlerini gabak astyndan synlaýan ýanýoldaşyna, mähirli nazar oklady: -Howwa, daýym ogly, bu gün öte ýadatman durdylarmy? Bu çaý içişlik, indi köp ýyl bäri är-aýalyň arasyna öz-özünden ornaşan dessurdy. Agşamara olar aňrujy zerurlyk çykyp, özlerine päsgel bermese, hökman şeýdip bile oturyp, hal-ahwal soraşýardylar, derdinişýärdiler. Özem bu hamraklyk olary irizmän, gaýta olaň ikisi üçinem günsaýyn derwaýyslyga öwrülip barýardy. “Hymh!”. “Hamraklyk, derwaýyslyk” hakdaky pikiri meddahy ýene-de içinden ýylgyrmaga mejbur etdi. Täsin zat. Mundan ýigrimi ýyl ozal, basan ýeriňden ot çykaryp, baş öwredilmedik ýabany tulpar kibi çarpaýa galyp ýören jahyl çaglaryň: “esasy syrdaşyň, hemsöhbet hemsaýaň hatynyň bolar” diýseler, aýdylanyna göwnüň ýetmän, şeýle boş gepi dilinden sypdyranyň üstünden gülüpler, keýpden çykardyň... Ine, indi bolsa, hanha, ýyllar geçdi-de, näçe dost-ýaryň, tanyş-bilişiň bolsa-da, olaň hemmesindenem beter hatynyň bilen ümmüldeşeniňi kem görmeýän bolduň oturyberdiň... Meddah uludan dem aldy-da, hälki öýüne ýetip barýarka kellesine gelen pikiri içinden gaýtalady. Garralýarmy nämemi... Soňam: “Äý onsoňam,” diýip, içini hümletmesini dowam etdi: “bü görgülilerem, uzakly gün öýde. Günüň dowamynda dükana, bazara ýa-da goňşy-golama çykaýmasa, başga görýän zady barmy diýsene, bulaň?! Halys içi gysyp gidýändir. Onsoň hatyn görgüli äri ýa-da çagalary bilen söhbet edip, göwnüni hoşlaýmasa, dagy nätsin?!”. Bogazyny arçabam gürrüňe başlady: -Äý daýym gyzy, Allaha şükür, bü Günüň ryzky ganymat boldy. Tegelekleseň dört dirheme ýakynrak talap edipdirin. -Berenine şükür! Uzagyndan ýetirip durawesin, hernä!-diýip, zagypasy hatyn jandurmazaklygy bilen höwrüniňkini tassyklamaga howlukdy. -Bu gün, bilýäňmi, näme boldy,-diýip, aýalynyň bolşuna endikli meddah, sözüniň bölünenine ähmiýet bermän, gürlemegini dowam etdi:-Saý-sebäp bilen bazara gelen tarygçy bende, gapdalymda oýkanjyrap, meň şomahal bazargan jemagata aýdyp berip oturan: “Warka-Gülşa” dessanymy soňuna çenli diňledi. Diňledi-diňledi-de, dessany tamamlanymdan soňam, maňa ýüzlenip: “Mejid!” diýýä, “Bu gyzykly kyssany özüň düzdüňmi?” diýýä. Men gözi-ýüregi çagaňky deý sada görgüliň mön gepine ýylgyrdym-da, aýtdym: “ýok” diýdim, “toprak kişisi”. “Bu destany Söbüktegin ogly, gazaply hem şarafatly soltan Gaznaly Mahmydyň döwründe, Dehistanda ýaşan şahyr Mejdeddin Aýýuky düzüpdir. Olam bu dessany özünden bir asyr öň dünýeden öten araby şahyr Urwanyň öz agasynyň gyzy Afra bolan yşky hakda düzen “Urwa we Afra” atly hekaýatyny özüne gönezlik edinipmiş” diýdim. Onda o bende: “Wah!” diýip, ahmyr çekýä. Menem oň bolşuna geň galyp: “Toprak kişisi, ne beýle “ah” urýaň-la? Ýa, bu hekaýatda göwnüňden turmadyk ýeri barmy?” diýip soradym. Onda tarygçy: “Ýo, ýo, mejit! Gaýta bu destanyň maňa şeýlebir hoş ýakdy welin, eger-de ony sen düzen bolsaň, ak ýüregimden saňa serpaý ýapaýjakdym!” diýip, gabarçyk aýasyny açyp, maňa iki sany mis felsini görkezýär. Soňam başyny ahmyrly ýaýkaýar-da: “Inni, şü ajap kyssany düzen, Hudawendäň nazar salan bendeleriniň ikisem öten zamanlarda wepat eden bolsa, men öz göwnümi hoşlan destan üçin şujagaz peşgeşimi kime ýapaýyn?!” diýip, muňalýar. Töwerekdäki bazar jemagatam ýüregindäki dilinde türkana ulujaň bolşuna kinaýaly gülümsireşýärler. Men bolsa o bendä dözemok. Biraz salymdan soňam o bendäň birdenkä ýüzüni ýagtyldýar-da, aýasyndaky şojagaz ikije gara şaýysyny maňa uzadyp: “Mejit!” diýýär. “Bu hekaýaty şeýlekin üýtgeşik labyz bilen bizlere destan kylyp bereniňem, ony düzençeräk bamyka diýýän. Bu ajap pişe-de her öňýeteniň golundan geljek kär däl. Muny başarmak üçinem Hakyň enweri alnyňa düşen bolmaly! Şondan ötri bujagaz engamy menden, sen al! Çünki, güzeranymyz neneňsi kyn bolsa-da, henize bu güne çenli men bendesiniň özgäň zähmetindenem, nygmatyndanam haramy mugthorluk bilen peýdalanyp, kişiň hakyny iýen ýerim ýokdur! Şeýlekin owazlandyryp, gyzykdyryp destan gaýyrmagam seniň zähmetiň, mejit! Şoň üçinem, eger-de şujagaz berimi sen alsaň, şu derejede jigeriňi titredýän sözleri seplän bendelerem, meger-de bolsa mendenem, sendenem kyýamatlyk ýamanalgyly galmazmyka diýýän!” diýip özelenýär... Ýeri, onsoň şuň ýaly sada akýüreklilik bilen hödürlenen aklygy neneň edip almajak?! Nädip şeýle päkize yhlasy inkär etmäge, onuň ýüzüne urmaga het etjek?! Beýdäýdigiň Haktagala galan ömrüňe ähli gazanjyň-güzeranyň berekedini puç edäýmezmi... Onsoň menem şu pikiri kellämde aýladym-da, hormat bilen ol tarygçynyň uzadan sylagyny aldym. Soňra ol “sagbollaşyp” ýanymdan turan dessine-de, dükançylara çapar bolýanja ýeňilaýak oglanlaň birini çagyrdym. Ýaňky tarygçy haýsy dükana maňlaý diräp, niçik haryda hyrydar çyksa, satyja meň adymdan salam aýdyp, ekin adamsyna islän harydyny öz bahasyndanam aşak bermegi haýyş edýändigimi, bazar sowulmanka özümiň olaryň ýitirýän girdejisiniň öwezini dolup gaýtjakdygymy çawuş çakmagy tabşyrdym... -Şun-a-ha, tüýs oňaraýypsyň, daýym ogly!-diýip hatyny, hamana tarygçy bendä äri däl-de özi kömek eden dek, buýsançly goldady-da, çaýly käsäni meddahyň öňüne süýşürdi. -Beh, dagy nä, daýym gyzy? Allatagala-da berene berýär. Äý onsoňam, sabançy görgüli-de, “söwda” diýip söwda bolar ýaly, lomuladyp haryt satyn alybermäge harman tutup ýatan teňňe barmy diýsene?! Gaýdyşynym ýolugra sowlup, dükançylara barça beren ýetnäm, birje dirheme zordan ýetdi. -Bolubilýä, daýym ogly! Beren sadakaň Hakyň dergähinde kabul bolgaý, öten-geçenlemmiziň behişdi ruhlarynyň alnyna bargaý... -Şony diý, hatyn, şony diý,-diýip, öz eden işinden göwnühoş meddah, käsesinden owurtlady. Düşündirişler: Meddah – dessan aýdyjy, dilewar. Orta asyrlarda söz sözläp, dessan, rowaýat, erteki, gazal we ş.m. aýdyp, köpçülikde, toý-meýlislerde çykyş edip, diňleýjileri güýmemek arkaly gazanç edýän adam; Dirhem – Arap halypalygynda we soňraky musulman döwletlerinde kümüşden pul birligi. Bir altyn dinar – 10 kümüş dirhem – 600 mis ýa-da bürünç fels bolupdyr. Dirhemiň agramy dürli döwürlerde üýtgäpdir. Emma nusgawy halypalyk dirheminiň agramy 4 grama golaý (3,7 – 3,8 gram) bolupdyr; Fels – Arap halypalygynda we soňraky musulman döwletlerinde mis ýa-da bürünç pul birligi. Bir kümüş dirhem – 60 felsden ybarat bolup, her felsde 2 grama golaý mis ýa-da bürünç bolupdyr; Dehhan (ýa-da dehgan) – obaň kethudasy, esasy mülkdar; Bitiçilik – daýhançylyk, ekerançylyk; Tarygçy – daýhan, kärendeçi, ekerançy; Sabançy – ýer sürümçi, ekinçi, daýhan; Mälik – patyşa. Möminleň Mäligi – Seljuk soltanlarynyň unwanynyň (titulynyň) biri; Tütjar – baý täjir, söwdagär; Bakgal – ownuk-uşak hojalyk harytlaryny, azyk önümlerini satýan dükançy; Irdabba – 25 kg barabar agram ölçeg birligi; Sa – 3,2 kg barabar agram ölçeg birligi; Ratl – 400 grama barabar agram ölçeg birligi; Uluja – obaly, giň manyda: milleti arap däl adam; Arura – 0,29 ga deň bolan meýdan ölçeg birligi; Jerib – Müsürde 0,16 ga, Horasanda 0,20 ga deň bolan meýdan ölçeg birligi; Nowhana – kanal; Madiýatihim – (madiýa-parom, ýük gämisi) paromy ýa-da ýük gämisini kenardan ýöräp ýüp bilen dartmak üçin zerur bolan ýodany abat saklar ýaly kenarýaka ýaşaýjylardan alynýan ýygym; Was – takmynan 200 kg golaý agram ölçeg birligi; Zemindar – mülk eýesi, mülkdar. Kitabyň adamsy – Kurany-Kerimden başga Alladan inen kitaplara (Zebur, Töwrat, Injil) uýýanlar; Az-zira ad-duwr (howly tirsegi) – 50,3 santimetre deň bolan uzynlyk ölçeg birligi, gurluşyk meýdanlaryny ölçemekde ulanylypdyr; Teşnaw – ýuwunmak üçin ýörite gurnalan, asty suwakarly ýer; Jubuka – orta asyrlarda Merwiň gök önümlerdir, iýmit satylýan meşhur bazary; Aba – kaka, ata; Gülfeşeň – agaçdan tokurtga (turba). Şol tokurtgalardan nowhanadan howlulardaky sardobalara (ýapyk howuzlara), öýlere suw akdyrylypdyr; Beýt-ul-hikma – Danalyk öýi, Ylymlar akademiýasy; Müderris – mugallym, ders beriji; Mawgyzat – wagyz, öwüt-nesihat; Hattab – wagyzçy, nesihat beriji; “Çüýşe” ýanjyk – orta asyrlarda medreselerde okaýan talyplaryň kitap-depder göterýän ýantorbasy agzy bogulýan “çüýşe” görnüşinde bolupdyr. Şol sebäplem şeýle sebetlere “çüýşe ýanjyk” diýlipdir; Nizamiýýe – Beýik Seljuk soltanlygynyň şöhratly weziri Nyzam al Mülküň gurduran medreseleri şeýle atlandyrylypdyr; Beýt-ul-kitap – Kitabyň öýi, kitaphana. Şol döwürler her medresäniň ýanynda kitaphana bolupdyr; Soltaniýýe – Beýik Seljuk soltanlary Alp-Arslanyň, Mälik şänyň, Soltan Sanjaryň gurduran medreseleri şeýle atlandyrylypdyr; Haýýam halypaň şemsi senenamasy – Omar Haýýam diňe bir şahyr bolman, eýsem obserwatoriýa ýolbaşçylyk eden ýyllarynda biziň günlerimize çenli takyklygyny ýitirmedik Gün kalendaryny hem düzüpdir, matematikadan ylmy-okuw kitabynam ýazypdyr; Munazara – ylmy çekişme, jedel, disput; Muhtasib – orta asyr musulman şäherlerinde ýörite bölünen çäkde tertip-düzgüniň, kada-kanunlaryň berjaý edilmegine gözegçilik edýän, jenaýatlaryň üstüni açmak bilen meşgullanýan wezipeli adam (häzirki zaman polisiýa bölüminiň wezipeli işgärine meňzeş); Dar-al-şypa – Şypa öýi, şypahana. Beýik Seljuk soltanlygynda şäherlerde açylan hassahanalaň atlandyrylyşy; Rehil – atanak şekilli kitap goýulýan esbap; Dabirtagtaça – mürze, kätip, hatdat tagtaçasy (pessejik ýazuw stoljugy); Talas – gaýyşdan ýa-da matadan uzynja zolak görnüşli gyýkyndy; Mekke – hytaý syýasy; Gönkagyz – pergament; Diwan-i ma – Soltanyň şahsy diwany, sözme-söz terjime etseň “Biziň diwamynyz” diýmegi aňladýar; Haşam wa hadam kitaby – gullukçylar kitaby. Seljuk soltanlarynyň diwanynda gullukçylaň dürli derejeleriniň sanawy hem-de aýlyk zähmet haky ýöredilýän kitapça; “Müflisi-medýun” ýarlygy – hiç hili emlägi ýok, bergidarlyk möhüri. Şeýle möhür (ýarlyk) boýnundan asylan garyp tä bergi-borjuny üzýänçä salgyt tölemekden boşadylypdyr; Beýtel-mal – hazyna, döwlet hazynasy; Müstemyg – diňleýji, gulak asyjy, eşidiji, diňleýän; Sasany nesilşalygy – milady ýyl hasabynyň 224-651-nji ýyllarynda Eýranda, Orta Aziýanyň, Zakawkaz ülkeleriniň köp ýerlerinde höküm süren döwletiň hökümdarlary; Ýezdigerd III 632-651-nji ýyllarda patyşalyk eden iň soňky Sasany şasy; Sypah – esger; Şemşir – gylyç; Marzban – häkim; Mekgar – mekir, hilegär; Medinekent – paýtagt şäher, esasy şäher; Papakan Sasan – milady ýyl hasabynyň 224-nji ýylynda Sasany şalygyny esaslandyran, ilkinji Sasany şasy; Ataşgäh – otparazlaryň mukaddes hasaplaýan alawynyň hemişe ýanyp duran jaýy; Çynma-çyn içgisi – çaý; Aksaýy-Maşryk – Uzak Gündogar; Hanbalyk – Pekin şäherini gadymy türkmenleň atlandyryşy; Magryp ýurtlary – Günbatar ýurtlary; Mejid – gadyrly, hormatly, mertebeli, derejeli, şöhratly. Dowamy bar. | |
|
√ Baga bagşy -9: «Ner zarbyny ner biler...» - 08.03.2024 |
√ Baga bagşy -8: «Niçik geçer halym Bibi...» - 08.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopanyñ üç ýoldaşy - 03.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Pürli - 06.03.2024 |
√ Palindromaniýa: TamA Amat bermez - 03.07.2024 |
√ Oñat oglan / powestiñ dowamy - 06.08.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -5: powestiň dowamy - 21.08.2024 |
√ Palindromaniýa: Hoş ses. Taş ses - 04.07.2024 |
√ Baga bagşy -11: «Mekge däl, Meskew diýip, çaldy milletler heň. .» - 08.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Ansambl - 06.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |