19:14 Mehmet Akif Ersoýyñ ýiten portreti hakykymy? | |
MEHMET AKIF ERSOÝYÑ ÝITEN PORTRETI HAKYKYMY?
Şekillendiriş we heýkeltaraşlyk sungaty
Mehmet Akif Ersoý şahsyny hiç wagtam setirleriniñ öñüne çykarmadyk beýik ussat. Onuñ şahsy durmuşy baradaky maglumatlar juda çäkli bolsa-da, setirlerindäki umman ýaly dünýägaraýşy şahsyýeti hakda kän zatlary göz öñüne getirmegimizi üpjün edýär. Akifiñ biziñ günlerimize çenli gelip ýeten örän az sanly fotosuraty bar. Elimizdäkilere üns berilende, meniñ pikirimçe iñ gymmatlysy meýletin-sürgünlik ýyllarynda Müsürde piramidalaryñ öñünde düşen fotosuratydyr. Mehmet Akif Müsürde Şuña meñzeş surata Lourens, Bell we Çerçill dagynyñam şol ýerde düşendiklerini pikir edenimizde, "Teşkilaty-Mahsusaçy" (osmanly kontrrazwedkasy) Akifiñ ol suraty aýratyn uly many-mazmuna eýe bolýar. Soñky günlerde gysga postlar görnüşinde Akife degişli ýagly suratyñ gürrüñi köp edilýär. Aýdylyşyndan bu surat: "Ýaraşyk ýyllarynda (1918-1922) rus suratkeşi Feldman tarapyndan çekilen we Amerika äkidilen suratmyş". Dogrusy, gaty täsin surat. Mehmet Akif Ersoý Akife degişlidigi aýdylýan bu suratdaky adan döşi çyk ýapon samuraýy ýaly üşerilip çep tarapa eredýär. Bu surat boýunça öñki ýazylan zatlary dörenimizde, öñümizden Taha Torosyñ ýazan çaklañrak makalasy çykdy. Torosyñ pikiriçe suratyñ Akife degişlidigine hiç hili şek-şübhe ýok. Hatda ýene bir surat bolmaly, ýöne ol ýitendigi üçin nirdedigini bilýän ýok. Taha Torosyñ gürrüñi gidýän makalasy Toros ilki bize Feldman atly suratkeşi tanadýar. Onuñ Stambul jemgyýetini gowy tanaýandygyny we köşk gatlagydyr şahyrlar bilenem ýakyn gatnaşyk saklandygyny aýdýar. Makalada Feldmanyñ iki surat çekendigini, biriniñ Abdylhak Hamyda, beýlekisiniñem Mehmet Akife degişlidigini aýdýar. Torosyñ bu suratyñ Akifden habarlylykda çekilendigi baradaky iñ uly maglumaty Jemal Kuntaýa salgylanyp we Akifiñ agzyndan çykandygyny aýdýan "Meskew meni gowy oturtdy!" jümlesidir. Elbetde, sungatyñ taryhyny öwrenijiler meseläni has çuñ öwrenerler. Emma Abdylhak Hamyt Tarhandyr Akifiñ suratyny çeken meşhur suratkeş Feldmanyñ döwrün hiç bir memuarynda ýa-da awtobiografiki kitaplarynda agzalmazlygy biziñ öz kemterligimiz. Köşge we jemgyýetçilik durmuşyna şeýlekin ýakyn duran we täsirli adam bolan suratkeş barada dyrnagyñ ujy ýaly duýip boljak maglumata salgylanyp, bu suratyñ Akifiñ bilnigi bilen çekilendigine degişli çaklamalar birgiden şübheli pikirleriñ we gep-gürrüñleriñ döremegine sebäp bolýar. Aýdylyşy ýaly, bu surat ýakyn wagtda tapylan bolsa, häzir nirede? Sungatyñ taryhyny öwrenijiler bu boýunça gerekli ylmy-barlag işlerinu geçirdilermi? Bu surat hakykatdanam orginal we taryhy-a aýdylyşy ýaly bolup biler. Jemläp aýdanymyzda, Akif hakda eline geçen hemme maglumaty okap çykan biri hökmünde mende dörän şübhe we sorag alamatlary şeýle sanap bilerin: - Suratkeş hakdaky maglumatlaryñ çäkliligi we bolşundan beter çişirmeler; - Döwrüñ ýatlama we awtobiografiki kitaplarynda beýle gymmatly surat hakda ýeterlik maglumatyñ bolmazlygy; Surat boýunça geçirilen ylmy-barlaglaryñ elimizde ýoklugy. Mehmet Akif Ersoýa degişlidigi we ýaraşyk döwründe Stambulyñ jemgyýetçilik durmuşunda tanalýan suratkeşe çekdirilendigi aýdylýan bu surat, eger hakyky bolsa, Medeniýet ministrligine paýyna etmeli uly işler düşýär. Mehmet MAZLUM ÇELIK. @MMazlumcel celikmehmedmazlum@gmail.com Ýekşenbe, 19.05.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |