11:00 Mekir hatyn: Garawulbaşynyñ başdan geçiren wakalarynyñ beýany | |
GARAWULBAŞYNYŇ BAŞDAN GEÇIREN WAKALARYNYŇ BEÝANY Habarlary rowaýat edijiler, eserleri beýan edijiler we döwür gürrüňlerini habar berijiler şeýle rowaýat edipdirler: Irki döwürlerde Müsür şäherinde bir garawulbaşy bardy. Ol ençeme wagtlap garawulbaşy bolup, aýallaryň mekirligi hakynda köp zat öwrenipdi. Günlerde bir gün ol Müsür şäherine aýlanyp ýörkä, yssydan ýorulyp, dynç almak üçin bir kölegeli ýer gözlemäge başlady. Birdenkä, onuň gözi bir kölegeli ýerde, daşdan sypa ýasalyp goýlandygyny gördi. Ol şol wagt daşdan ýasalan bu sypanyň ýanyna baryp, ony oturmaga oňaýly gördi we şol daş sypanyň üstüne çykyp, biraz dynç aldy. Garawulbaşy bu ýerde otyrka, gaflat ukusyna gark bolup, uka galyp boldy. Ol süýji ukuda ýatyrdy. Şol wagt onuň üstüne bir zat gütläp düşdi. Garawulbaşy şolbada ukudan oýanyp, bakyp görse, bir agzy bagly haltajyk ýatyr. Ol haltajygy açyp gördi. Görse, içinde birnäçe altyn pullar bar eken. Garawulbaşy şolbada ony sanap gördi, görse, ýüz altyn pul ekeni. Garawulbaşy muňa haýran galyp: «Geň zat, bu pullary meniň üstüme kim zyňdyka?» diýip, ol tarapyna, bu tarapyna göz gezdirdi. Emma hiç kimi görmedi. Ol geň galyp, ýerinden turup, haltajykdaky pullary eline alyp, ýoluna tarap gitdi. Garawulbaşy gije ýatyp, ertesi ir bilen ýene-de şäheri aýlanmaga başlady. Ol aýlaň-çaýlaň edip, köp gezdi. Yssy ony halys basmarlady. Onsoň ýene-de daş sypanyň üstüne geçip oturdy. Örän ýadawdy, şolbada ýene-de ol uka gitdi. Ukuda ýatyrka, ýene-de üstüne bir zat gütläp düşdi. Ol şolbada oýandy, görse, ýene-de bir haltajyk ýatyr. Içini açyp sanap görse ýüz altyn pul bar. Garawulbaşy ýene-de daş-töweregine nazar aýlady, emma hiç kimse gözüne ilmedi. Haýran galyp, ýerinden galkyp turup, öýüne gitdi. Öýüne gelip pikir edip: «Geň zat, bu altyn pullary meniň üstüme atan adam kim bolup biler?! Onuň niýeti we maksady nämekä?! Gowusy men indiki baranymda uklaman, daş-töweregime gözegçilik edeýin. Eger, ýene-de meniň üstüme altyn pullary atsa, men onuň kimdigini görüp, niýetiniň nämediginden habar alaýyn» diýip, agşam ýatyp, daňdan ýerinden turup, daşary çykdy hem-de Müsür şäherine aýlanmaga başlady. Wagt guşluk bolanda ýene-de yssydan basylyp, şol öňki daş sypanyň üstüne çykyp oturdy. Emma: «Gurt garnyny doýran ýerine dokuz gezek dolanar» diýen nakyl örän meşhurdy. Ony bu gezek hem birazrak dynç alandan soň, ýene-de gaflat ukusy basmarlady. Emma ol uky alyp gaçsa-da uklaman, uklanlyga salyp, ymyzganan şekilinde ýatyp, göz astyndan synlamaga başlady. Birdenkä, görse, bir ýerden bir näzik el peýda boldy. Elinde ýene-de bir haltajyk bardy. Ol ony getirip, garawulbaşynyň üstüne atyp, elini çekjek bolanda, garawulbaşy ol eliň bileginden tutup, gaýym gysdy. Emma eli göýä pamyga degen ýaly boldy. Seretse, ol näzeniniň barmagynda almaz ýüzükler, golunda bolsa göwher bilezikler bar. Garawulbaşy şondan soň ol aýalyň ýüzüne nazar aýlady. Görse, ol bu zamananyň şeýle bir ajap gözelidir, döwür perizadydyr, mahbubasydyr. Göýäki Haktagala ony gözellik galybyna guýup ýaradan ýalydy. Ol şeýle owadan jemiledi. Ony gören kişi şolbada özüniň başyny pida etmek resmine girerdi. Onuň gaşlary ýaýa ogşardy, alny on dördi gijäniň dolan aýyna meňzärdi. Ol şeýle bir owadan we näzikdi, duranja bir perizadyň bardy. Ol şeýle görk-görmegi bilen özüne zyp-zynat berip, gözelliklere we nepis parçalara gark bolupdy. Bu näzenini beýle sypatda gören, eger jyn hem bolsa, eger, ynsan hem bolsa, demi tutulyp, haýran galjagy ikuçsyzdy. Garawulbaşy bu näzenin zenany beýle şekilde gören badyna, bolanja ähli akylyny hem ýitirip, perişan boldy. Neneňsi perişan bolmasyn, çünki ol birnäçe wagtdan bäri Müsür şäherinde garawulbaşy bolup, birnäçe näzeninler we gözeller bilen sözleşip, söhbetdeş bolup görüpdi. Emma gözellikde we görmegeýlikde munuň ýaly owadan näzenini entek görmändi. Garawulbaşy akylyny başyna jemläp, ol perisypat näzenine garap: - Eý, janymyň janany! Haýsy bagyň güli sen, haýsy bossanyň sünbüli sen, haýsy bakjanyň bilbili sen, ne hally-ýagdaýly kişi sen, özüň nireden bolarsyň?! Aramyzda hiç-hili tanyşlygymyz bolmasa-da, seniň birnäçe gezek maňa yhsanyň ýetdi. Men seni hiç hili tanamok hem bilemok. Sen bolsa maňa birnäçe ýüz altyn pullary peşgeş berdiň. Bu altyn pullary maňa peşgeş bermekden siziň arzuwyňyz we niýetiňiz nämedip?! Aýdyň eşideli, belki mümkingadar elimizden geldigiçe tagalla etsek kömegimiz deger — diýdi. Şol wagt ol näzenin hatyn yzyna garap: - Men bir biçäre naçar hatyndyryn. Tötänden bir gün bir hammamda kazy ependiniň gyzyny görüp, onuň yşkyna mübtela boldum. Ol gyzyň yşkynyň haly perişany bolup müň jan-u dil bilen köňlümi onuň duzagyna düşürdim. Onuň muhabbeti köňlümde ýer eýledi. Ol gyzyň hem maňa bolan meýli-muhabbeti hetden zyýada boldy. Men ol gyzy söýüp, aramyzda äht we peýmanlar etdik. Köp wagtlardan bäri men ol näzenini gören däldirin. Kazynyň öýüne bolsa hiç bir sebäpsiz barmak we girmek mümkin däldir. Ol gyzyň yşgy we muhabbeti meni däli-diwana etdi. Bir bahana tapyp, men onuň öýüne girip, ol näzenini görüp, onuň bilen biraz söhbet etsem, köňlüm rahatlanyp, yşkym bir mukdar köşeşerdi — diýdi. Garawulbaşy ol näzeniniň bu sözlerini eşidende: - Eý janymyň janany! Bu işden myradyň we maksadyň nämedir? Seniň onuň bilen duşuşmagyň üçin men näme çäre görmeli? Men näme iş edenimde seniň köňlüň dilegi ýerine düşer — diýip sorady. Ol näzenin: - Senden dilegim, bu işimde maňa ýardamçy bolgun. Meni kazynyň öýüne girmäge we onuň bilen duşuşmaga şert döretgin — diýdi. Onda garawulbaşy: - Men bende kim, seni kazynyň öýüne eltmek kim — diýip, jogap berdi. Onda ol näzenin ýene-de: - Seniň meni ol ýere eltip bilmejekdigiňi men hem bilýärin. Ýöne, sen bir hile bilen meni ol ýere eltip bilmersiňmi? — diýip sorady. Onda garawulbaşy: - Sen nähili hile tapasyň gelse tapgyn, seni ol ýere eltmäge we saňa ýardamçy bolmaga men taýýar — diýdi? Şol wagt ol näzenin ýene-de: - Men bu gije altyndan monjuklarymy dakynyp, gymmatbaha lybaslarymy geýinip, özümi bezäp-besläp, baryp kazynyň öýüniň öňünde oturaýyn. Şol wagtlar sen hem goşunbaşy bilen şol ýere gel we meni gören badyňa: «Sen kimsiň, nähili we neneňsi kişisiň? Näme üçin bu ýerde ýekelikde otyrsyň?» diýip, menden soragyn. Men şonda: «Bu gün men bir işim çykyp galadan şähere geldim. Bu ýerde işimi tamam edip bolýançam eýýäm garaňky düşüpdir. Men gijä galdym. Gala barýançam eýýäm galanyň garawullary onuň gapysyny ýapyp berkläpdirler. Onsoň men bialaç yzyma dönüp, şähere gelmeli boldum. Bu ýerde öýüne barar ýaly we gije öýünde ýatar ýaly tanyşdyr, garyndaşym ýokdur. Şonuň üçin men ondan-mundan soraşdyrdym». Olar: «Bu mähelle kazy ependiniň mähellesidir. Ol ynamdar adamdyr, goragçydyr, emindir» diýdiler. Şonuň üçin hem men şu ýere gelip saklandym. Daňdan turup, öýüme giderin. Ine, şu wagt hem meniň gelip duruşym. Ynha-da siz geldiňiz. Ýagdaýym şeýledip diýerin. Siz hem meniň üstümdäki lybaslary göreniňizden soň goşunbaşa garap: «Bu hatyn kişini bu görk-görmegi we bular ýaly göwherden monjuklary bilen beýle ýerde, köçede goýup gitmek bolmaz. Çünki ähtimal bir ogry haramzada gelip, bu biçäräni soýar, belki-de ähtimal şunça baýlygy üçin ony heläk eder. Soňra soltan tarapyndan başymyz agyrdylyp, ejir çekeris. Şonuň üçin bu hatynyň ýanyna bir kişini bekçi goýalyň. Daňdana çenli bu ýerde oňa gözegçilik etsin. Ýa-da özüňiz bir zady ygtyýar ediň. Belki, muny bir ynamdar kişiniň öýünde goýarys, çünki daňdana sag-salamat ýetsin. Ýöne bu mähelle kazynyň mähellesidir. Bu hatyn bolar-bolmaz öýe gonmaz. Kazy ependiniň öýi her tarapdan goraglydyr. Onuň öýünden elin ýer ýokdur. Bu biçäräni kazy ependiniň öýünde amanat goýgun» diýip, goşunbaşa aýdarsyň. Şonda kazy ependiniň gyzy bilen duşuşyp, myradym hasyl bolar. Meniň bu işi etmekden maksadym şudur —diýdi. Garawulbaşy ol näzeninden bu sözleri eşidip: - Eý, janym, bu iş sähelçejik işdir. Sen şonuň üçinem maňa munça altyn pullary berýärmiň — diýip sorady. Hatyn: — Hawa — diýip, jogap berdi. Soňra bularyň ikisi şu söz esasynda dil düwüşip, öýli-öýüne gaýtdylar. Agşam düşende tagam, nahar-şor iýip, ýassy namazy wagty geçenden soň, goşunbaşy bilen garawulbaşy ikisi bilelikde çykyp, Müsür şäherini aýlanmaga başladylar. Ahyrynda olar kazynyň mähellesine gelip, ýaňky näzeniniň duran ýerine golaý geldiler. Şol wagt bularyň burnuna müşk anbaryň mylaýym we hoşboý ysy urdy. Olar: - Ajab-a, bu ýakymly we gözel ys nireden gelýär — diýip, töwerek-daşyna nazar aýlap başladylar. Şol wagt garşydan hyýal ýaly bir zat gözlerine ildi. Goşunbaşy ony görüp: - Seret, garşymyzda görünýän şol gara zat nämekä? — diýip sorady. Garawulbaşy öňräge gidip, seretse, ol bir gözel näzenindir, özem ajaýyp, hünjüler we owadan nepis lybaslara gark bolup bezelip bir çüňkde säginip dur. Garawulbaşy nätanyş bolan bolup, ol näzeniniň, ýanyna tarap baryp: - Eý hatyn! Sen hatyn kişisiň. Sen beýle görk-görmegiň we beýle dürdir göwherler we owadan lybaslaryň bilen gijelikde bu ýerde näme üçin dursuň — diýip sorady. Onda ol näzenin hem gündiz garawulbaşa aýdan zatlary ýaly görnüşde öz ahwalatyny aýdyp berdi. Garawulbaşy yzyna garap goşunbaşa: - Eý, berader, bu gözel naçar altyndyr göwherlere we gymmat bahaly lybaslara gark bolup bezenipdir. Öýi bolsa galadamyşyn. Bu gün ol bir iş bilen şähere gelipdir. Işini bitirjek bolup hem gijä galypdyr. Ol barýança bolsa eýýäm galanyň derwezeleri beklenipdir — diýdi. Goşunbaşy garjal (çal) sakgally, garawulbaşy bolsa, gara sakgally kişidi. Garawulbaşy goşunbaşa garap ýene-de: - Eý, eziz doganym! Şeýdip bu zenan kişi daşarda galypdyr. Onuň bu gije öýüne barar ýaly giň şäherde gören-bilen dosty, ýa-da tanşy-bilşi hem ýokmuş. Şonuň üçin ol: «Bu mähelle kazynyň mähellesidir eminiň mähellesi bolsa ynamdar ýerdir» diýip, gelip, bu ýerde durmyşyn. Onuň ýanyna bir kişini garawul goýaly. Goý, ol daňa çenli bu zenany saklasyn. Bolmasa, ähtimal, bir haramzada gelip, bu naçara kast edip, onuň baýlygyny alar, ýa-da hut baýlygy üçin ony öldürip gider. Soňra Müsüriň soltany muny bilip, belki bize gazap edip azap berer. Onsoň iki arada biz azap göreris. Bolmasa-da, muny bir elin we ynamdar bir öýe amanat goýaly. Goý, ol bu gije şonda ýatsyn. Daňdan bolsa turup, öýüne gider — diýdi. Goşunbaşy bu sözleri eşidip, biraz diňşirgenip durdy-da, garawulbaşa garap: - Eý, garawulbaşy! Özüň soradyň, özüň maslahat berdiň. Belki-de, seniň özüň bu näzenini öýüňe äkidersiň. Goý, ol bu gije bir gijelik seniň öýüňde amanat dursun. Daňdan turup öýüne gider — diýdi. Muny eşiden garawulbaşynyň huşy başyndan uçdy. Şol wagt goşunbaşa garap: - Alla görkezmäwersin! Meniň öýümde munuň kibi amanat kişini saklap bolmaz. Gowusy, bu aýalyň amanat goýuljak ýeri kazynyň öýi bolsun. Çünki, kazy hemme taraplaýyn emindir. Oňa hiç bir tarapdan zyýan we erbetlik etmez. Şeýle-de ol kazynyň öýüniň öňünde otyr eken. Şonuň üçin, goý, ol kazynyň öýünde amanat goýulsyn. Çünki, meniň öýümde bolsa onuň üstündäki gymmatbahaly lybaslaryna we göwherlerine bir zat bolsa, biz töhmet ýeri bolarys — diýdi. Onsoň, goşunbaşy hem garawulbaşynyň jogabyny ýerlikli we mynasyp hasaplap, kazy ependiniň gapysyny kakdylar. Şol demde kazynyň hyzmatkäri gelip, gapyny açdy. Bular ýaňky hatyny hyzmatkäre amanat tabşyryp yzlaryna gaýtdylar. Hyzmatkär hem ol aýaly içeri salyp, gapyny ýapdy. Şondan soňam goşunbaşy bilen garawulbaşy ýene-de biraz şäheri aýlanyp, ahyrynda öýlerine gidip ýatdylar. Ol gije edil duşman ömri kibi geçip, daň atdy. Güneş öz nury bilen bütin älem-jahany nurlandyrdy. Garawulbaşy ir säher bilen ýerinden turup, goşunbaşynyň öýüne geldi. Şol wagt, görse, kazy ependi hem goşunbaşynyň öýüne gelipdir. Ol perýat-pygan edip: - Agşam bir haramzada hatyny meniň öýüme amanat goýup gidipsiňiz. Öýümde bir sandyk bardy. Onuň içinde bolsa ýetimleriň malyndan alty müň fulury ýygşyryp goýupdym. Ol hatyn bu gije meniň ýygşyryp goýan sandygymy açyp, onuň içindäki bar pullary alyp gaçyp gidipdir. Elbetde, siziň ol zatlary tapyp bermegiňiz zerurdyr. Eger siz meniň şol zatlarymy tapyp bermeseňiz, onda men soltanyň ýanyna baryp siziň üstüňizden arz-şikaýat etmeli bolaryn — diýdi. Goşunbaşy kazy ependä hiç zat diýmedi. Kazy garawulbaşynyň ýüzüne garap: - Elbetde, ol aýalyň ogurlan puly ýagny ýetimleriň maly yzyna gaýtarylyp berilmelidir — diýdi. Şol wagt garawulbaşynyň dem-nepesi tutulyp, asyl söz sözlemäge hem gurbaty çatman, gam-gussa derýasyna gark bolup, näme etjegini bilmän durdy. Kazy bolsa, ýene-de sözüni tekrar edip, garawulbaşa ýüzlendi. Ol: - Eý garawulbaşy! Bu iş özge kişiniň işi däldir, megerem seniň işiňdir? Tiz bol, derrew sen ol aýaly tap. Ýogsam, işiň kyn bolar — diýdi. Garawulbaşy kazynyň sözüne garşylyk görkezmäge hiç hili delil tapmady. Ol biraz saklanyp ahyrynda: - Eý, kazy ependi! Garaşylmadyk ýagdaýda munuň ýaly erbet iş ýüze çykdy. Elbetde, munuň ýaly işler bola-bola gelýändir. Sen maňa birküç gün möhlet ber. Eger, ol ogry tapylaýsa has gowy bolar, eger tapylmasa, hem onda bize öwezini dolmak lazym bolar. Men ýene-de gaýtalap aýdýaryn, sen bize üç gün möhlet berseň biz ýa-ha ogryny taparys, ýa-da tapyp bilmesek onda ýazgytdyr, öwezini tölemeli bolarys — diýdi. Kazy hem garawulbaşa üç gün möhlet berdi. Garawulbaşy bolsa goşunbaşynyň ýanyndan çykyp oý-pikire batyp, öýüne geldi. Öýünde hem oturyp karar tapmady. Ol ýene-de Müsür şäheriniň içine aýlanyp başlady Ol şäheri elek elän ýaly edip köçeme-köçe, mähelle-mähelle, bazarma-bazar, öýme-öý, gapyma-gapy aýlanyp, ol aýaly gözlemäge başlady. Gussadan we gaýgy-gamdan ýaňa Müsür şäheri başyna zyndan görnüp, dünýäni özüne zyndan hasaplady. Tutuş iki günläp, ol mekir hatyny gözläp entedi. Emma ondan nam-nyşan tapmady. Asla onuň neneňsi aýaldygyndan hem habar tapyp bilmedi. Ol bu wagt ony görse-de tanap biljek däldi. Üçünji gün hem gelip ýetdi. Garawulbaşy ýene-de şäheri aýlanyp ýörkä öz-özüne käýinip we gargynyp: «Menden akmak we nadan adam ýokdur. Men ony tapyp bilmerin, eger tapyp biläýen ýagdaýymda hem ony tanap bilmerin. Çünki, men onuň ýüzüni ýagşy syn etmändirin. Şonuň üçin men tanamaýan bir kişimi gözleýärin. Meniň işim neneňsi agyr ýagdaýa düşdi. Ony her kimden sorasam hem hiç kim bilenok. Men beýle nadan bolup, bir aýalyň mekir hilelerine aldanyp başymy beýle gora sokdum» diýip, sabyr-takatyny elden berip, köçäniň ugry bilen bir tarapa ugrady. Emma nirä barýanyny özi hem bilmeýärdi. Öýle wagty ýakynlaşanda garawulbaşy bu pikirlere gark bolup, gam-gussa batyp, bir köçäniň gyrasyndan girip, ýüwrüp-ýortup barýardy. Birdenkä, onuň ýoly üç günden bäri gözläp ýören haramzadasynyň öýüniň üstünden düşdi. Ol hatyn hem penjiräniň öňünde oturyp, köçä tarap bakyp oturan ekeni. Tötänden bu hatyn penjireden ol garawulbaşyny gördi. Görse, ol gam-gussaly halda pikir derýasyna gark bolup, töwerek-daşyna garaman çaltlyk bilen geçip barýardy. Ol hatyn onuň geçip gitjekdigini bilip: «Hünärlilik we aýýarlyk şudur, gowusy men özümiň şu ýerdedigimi garawulbaşa bildireýin. Eger, menden ötri oňa bir sütem ýetse, men ony ol sütemden gutaryp, halas edeýin» diýip oýlandy. Garawulbaşy ol aýalyň oturan penjiresiniň barabaryna gelip, deňinden geçip barýardy. Birdenkä, ýaňky aýal ýokardan gaty sesi bilen «kah-kah» edip güldi. Garawulbaşy aýal gülküsini eşidip: «Bu gülýän kimkä?» diýip, başyny galdyryp, ýokary penjirä tarap nazar aýlady. Şolbada onuň gözi ol aýala düşdi. Ol aýal garawulbaşa garap: «Ýokary çyk» diýip, yşarat etdi. Garawulbaşy öz-özüne: «Ajap, bu aýal kim bolup biler?! Meni ýokary çagyrmakdan munuň maksady nämekä?! Elbetde, munda bir syr we hikmet bardyr. Göreliň, zamana ýene-de meniň başyma nähili oýunlary salarka?!» diýip, şolbada gapydan içeri girdi. Görse, bir uly we beýik jaý, ýokarda bolsa bir näzenin hatyn merdiwanyň başynda özüne tarap seredip otyr. Ol näzenin garawulbaşa garap: «Ýokary geç» diýip, ýene-de yşarat etdi. Garawulbaşy hem şolbada merdiwana aýak basyp, ýokary çykdy. Ol näzenin hem şol wagt garawulbaşynyň elini eline alyp, ýokary, töre geçirdi. Hal-ahwal sorady. Emma garawulbaşy ol hatyny asla tanamady, onuň özüni näme üçin çagyrandygyny hem aňmady. Onsoň ol aýala garap: - Eý, näzenin gözel gelin! Eý, janymyň janany, siz meniň günämi ötüň?! Men sizi nirede gördümkäm?! Asla tanap bilmedim. Men size nirede duşanymy bilip bilemok. Emma men seni bir ýerde gördümmikäm diýýärin. Ýöne, anyk ýadyma düşenok. Sen kimsiň we meni näme üçin çagyrdyň?! — diýip sorady. Ol hatyn hem oňa garap: - Eý, garawulbaşy, men şol kazynyň öýüne amanat goýup gaýdan hatynyňdyryn — diýdi. Muny eşiden garawulbaşy ilkibada aljyrap hiç zat diýmedi. Biraz wagtdan soň özüni rastlap: - Eý, hatyn, sen ajap iş etdiň. Sen meniň başyma nähili oýunlar saldyň we meni nähili heläkçiliklere duçar etdiň?! Seniň eden işleriň sebäpli men heläkçiligiň gorpuna düşdüm. Sen meni öldürilmäge hakly bolan işe iterdiň — diýdi. Onda ol hatyn: - Sen Müsür ýaly uly ýurduň, uly şäheriň garawulbaşysy bolup, şeýle batyrlygyň, şeýle edermenligiň we şeýle gaýduwsyzlygyň bilen ýene-de şujagaz iş üçin gam-gussa batyp otyrmyň?! Iki günden bäri bu ýerlerden ylgaşlap, gam-gussa batyp ýöreniňi men gördüm. Emma näçe gözleseň hem men seniň eliňe düşmedim, gözüňe ilmedim. Onsoň bu gün özüm senden habar aldym. Kazy saňa üç gün möhlet beren eken. Eger sen meni gözläp tarmasaň, onda, sen ol pullaryň öwezini dolmaly ekeniň. Saňa gaharym geldi. Ýöne soňundan saňa köňlüm gidip, meýil we muhabbet eýledim. Sen näme üçin gaýgy-alada galýarsyň. Bu iş sähelçejik işdir we ýeňildir. Men seni bu işiň çäresini görmek üçin we seni halas etmek üçin çagyrdym — diýdi. Şol wagt garawulbaşy: - Biz muňa neneňsi çäre göreris. Ertir üç gündür, möhlet tamam bolup barýar. Ol meni goşunbaşynyň öýüne eltip, aman bermän ol puluň öwezini töletdirer. Indi bu işi sen etdiň, ýene çäresini hem sen tapgyl. Meni kazynyň elinden halas etgil. Basymrak aýt. Munuň çäresi nämedip?! — diýip sorady. Şol wagt ol hatyn: - Bu işiň çäresi aňsatdyr. Sen bu barada hiç-hili gam-gussa çekmegil — diýip, ýerinden turdy. Soňra ol ýene-de: - Kalbyňa gussa getirme. Kazy seni öldürip bilmez. Emma sen kazyny öldürip bilersiň — diýip, derrew garawulbaşynyň elini-eline alyp bir otaga girdi. Ol ýerde bir-iki sandyk lagl-göwherler we başga-da gymmatbaha harytlar bardy. Hatyn olaryň hemmesini garawulbaşa görkezdi. Garawulbaşy bu zatlary görüp haýran galdy. Ondan soň bu hatyn ýene bir sandygy açdy. Onuň içinden bolsa altyndan doly bolan bir haltajygy çykaryp, garawulbaşynyň öňüne oklady. Garawulbaşy: - Bu nämedir?! – diýip sorady. Ol hatyn: - Men kazynyň gyzyna aşyk däldirin. Men şu altyna aşykdyryn. Ine, bu altynly haltajyk bolsa, meniň kazynyň sandygyndan alan alty müň altynymdyr. Isleseň sen ony al, islemeseň, ýene-de meniň ýanymda goý. Emma bilip goý, mende mal-baýlyk köpdür, näçe iýseň-de, neneňsi harç etseň-de tükenmez. Meniň niýetim seni halallyga kabul etmek. Seniň hem meni nikaňa salyp, halallyga kabul etmegiňdir. Eger, men seni halallyga niýet etmesedim, sen meni nireden tapardyň?! Eger, ömrüň müň ýyl bolsa-da meni tapyp bilmezdiň?! Men hakykatdan hem seni isländigim üçin öýüň öňünden geçip barýarkaň seni çagyryp aldym. Emma, sen şonda hem meni tanamadyň. Soňra saňa haltajyk bilen altyn puly-da görkezdim we seni bu syrdan habarly etdim — diýdi. Onda garawulbaşy: - Eý, hatyn! Meniň bu lagyldyr göwherlere islegdir meýlim ýok. Öz malyň özüňe nesip etsin. Meni bir sapar bela okuna duçar etdiň, indi munuň ýaly işe sokma. Sen indi bir ugur ýol bilen meni bu beladan halas et. Oňa garşy çäräň ýa-da ugur ýoluň bar bolsa, ony görmäge çalyş — diýdi. Onda ol hatyn: - Men onuň alajyny eýýäm edip goýdum — diýdi. Şol wagt garawulbaşy: - Eý hatyn, sen meni halas etmek üçin nähili çäre gördüň?! Hany aýt. Eýýäm ertir üç gün tamam bolýar. Kazy bolsa ertir meniň işimi görüp, meni soltana ýamanlar, ölüme höküm etdirer — diýdi. Ol ýene-de gyssanyp: — Hany sen aýt! Sen meniň işime nähili çäre gördüň?! Men-ä bilmedim?! – diýdi. Onda ol hatyn garawulbaşa garap: Bu bir ýönekeýje işdir. Ertir daň atan badyna kazy goşunbaşynyň öýüne gelip, seniň bilen dawalaşyp, başlar. Ýöne sen hergiz hiç zat diýip sözleme. Goý, kazy saňa hernäme sözlese sözläbersin. Sen gürlemän dur. Asla jogap berme. Haçanda goşunbaşy saňa: «Sen näme üçin gürlemeýärsiň we kazynyň soraglaryna jogap bermeýärsiň?!» diýende sen: «Men niçik jogap bereýin. Kazy uly kişidir. Oňa herkes ýardam eder. Oňa ölüm ýokdur. Men bir ejiz biçäre kişidirin. Ýardam we pursat bolsa, men hem gürlejek. Kazynyň sözi bilen meniň sözüm hiç wagt deň gelmez» diýgin. Sen şeýle diýeňde kazy bilen goşunbaşy saňa garap: «Gürle, sen bu işlere neneňsi jogar berjek» diýerler. Sen şol wagt: «Eger kazynyň sözi bilen meniň sözüm bara-bar boljak bolsa sözläýin. Siz sözle diýdiňiz, indi men sözläýin, diňläň. Geçen gijede kazy ependiniň öýüne bir aýaly amanat goýdum. Onuň üstünde müň altyndan zyýada bezegi bardy. ol aýal kazynyň öýünden çykmady. Nam-nyşany hem tapylman, zym-zyýat ýitip gitdi. Hiç-hili habar-hatyr bolmady. Häzir hem kazy ependi: «Ýetimleriň malyndan alty müň altyn gitdi» diýip, gelip dawa tutup dur. Bu örän täsin işdir, ol aýal munuň öýüne hyýanatlyk etmek bilen ýitip gitdi. Belki, kazy ependiniň öýüniň içerisi barlanylyp görülse oňat bolar. Ähtimal, ol ýerden ol aýalyň bir nyşanasy tapylar. Eger meniň sözüm dogry bolsa, şol mahal onuň kimdigi belli bolar» diýersiň. Kazy senden bu sözleri eşiden badyna «Aýalynyň talagyndan» ant içip: «Elbetde, gel öýümi barlap gör» diýer. Şonda sen: «Men ýalňyz barmaryn. Naýyp bilen goşunbaşy hem bile ýörsünler. Şonda men hem bararyn» diýersiň. Ondan soňra ol öýüň içerisini tutuşlygyna barlarsyň. Hiç zat tarmarsyň. Onsoň ahy-nala edip, ýalbaryp, ötünçler sorarsyň. Soňra howlugyp daşary çykjak wagtyň gapynyň iç ýüzünde bir garaňkyja ýer bardyr. Ol ýerde suw geçmesi gömülgidir. Ol ýere dykgat bilen nazar sal. Ýerden ujy çykyp duran bir bölek biz mata görersiň. Onsoň: «Dörüň, şu ýerde bir zat görünýär» diýip, goşunbaşy bilen naýyby hem-de şol ýerde bar bolan ähli halaýygy çagyryp, şolaryň ýanynda şol ýeri birazajyk gazarsyň. Ol ýerden bukja bilen içi-daşy gara-gana bulaşan birazajyk ojuk-bujuk esbap çykar, ädigim, başbagym, geýim-gejimim dolulygyna şonuň içindedip. Şolar tapylandan soň kazy erendä näme etseň rowadyr. Şondan soň seniň sözüň ondan rüstem çykar. Şeýdip sen aňsatlyk bilen ondan üstün çykarsyň — diýdi. Garawulbaşy ol aýaldan bu sözleri eşidip, onuň tapan çäresine haýran bolup aňkaryp galdy. Onsoň ol ýerden gitmek isledi. Şol wagt ol hatyn ýene-de: - Eger gitjek bolsaň, bu altynly haltajygy hem alyp git — diýdi. Garawulbaşy: - Seniň maňa kömek etmek meýliň bar. Şonuň üçin goý ol baýlyk ýene-de sende dursun. Kazy bilen işimizi bir tarap edinimden soň, eger ajaldan aman bolsam, men ýene-de yzyma gaýdyp gelerin. Ondan soň bolsa seni nikama alaryn — diýdi. Şeýle diýip, garawulbaşy ýene-de akmaklyk etdi. Ol aýal bolsa ýene-de mekirlik edip: - Haý, garawulbaşy! Şundan soňra sen meniňki men seniňki. Meniň ähli maly-baýlygym hem tutuşlygyna seniňkidir — diýip, garawulbaşynyň akylyny-da ogurlady. Ol aýalyň garawulbaşynyň beýle derejede akmaklygyna haýran galyp mejbury ýagdaýda oňa rehimi gelip: - Eger gitjek bolsaň meniň gaşymdan boş gitme — diýip, getirip öňünde iki ýüz altyn dinary goýdy, hem-de: - Belki saňa gerek bolar, goý ýanyňda dursun. Eger, saňa ýene-de akja-pul gerek bolsa, meniň gaşyma gelersiň. Näçe gerek bolsa, şonça altyn hem bererin — diýdi. Garawulbaşy ol altynlary kisesine salyp, şady-horram bolup, ol hatyn bilen hoşlaşyp, öýüne gaýdyp geldi. Garaňky gatlyşyp gije mazaly düşüpdi. Ol ýatyp rahat dynç aldy. Daň atyp, gün nury bilen älem-jahany nurlandyrdy. Garawulbaşy ýerinden turdy-da, egin-eşiklerini geýip, ir säher bilen goşunbaşynyň öýüne tarap gaýtdy. Ol goşunbaşynyň öýüne gelip görse, eýýäm kazy ependi gelipdir hem-de goşunbaşynyň ýanynda arkaýyn ornaşypdyr. Kazy garawulbaşyny gören badyna goşunbaşa garap: - Meniň garşydaşym gelýär. Gelsin, göreli bakaly ol meniň mal-baýlygymy nädipdir?! Hany habaryny bersin — diýip, garawulbaşa ýüzlendi. Garawulbaşy ýaňky hüşgär hatynyň öwredişi ýaly, asla hiç zat diýip, hiç-hili jogap bermedi. Kazy garawulbaşynyň özüne jogap bermeýändigi üçin gazaba münüp: - Gör indi bu iti, ol asyl jogap hem berenok. Men sözleýän ol bolsa asla gürlänok. Baryp ahwalymy soltana arzy-hal ederin. Maňa nähili zulum edendigini soltan hem görsün — diýen badyna goşunbaşy garawulbaşa garap: - Näme üçin jogap bermeýärsiň? Kazy ependi jogap isleýär — diýdi. Şol wagt garawulbaşy söze girip: — Meniň jogap bermezligimiň sebäbi şudur. Meniň sözüm bilen kazy ependiniň sözi deň däldir. Men gam-gussa egbarladym we takatym tamam boldy. Ol soltanyň kazysy, men bolsa bir pes we garyp kişidirin. Her kişi kazynyň ýardamçysydyr. Eger meniň sözüm hem diňlenjek bolsa, men hem gürlärin. Ine şonda hakykat ýüze çykar — diýdi. Kazy ýene-de gazaba münüp: - Eý, asly betbagt bende, munda hakykatyň ýüze çykmasy niçik bolar?! — diýdi. Garawulbaşy: - Üç gün boldy, kazy ependiniň öýüne gijelikde bir aýaly amanat goýdum. Onuň üstünde müň altyndan zyýada bezegi bardy. Üç günden bäri ol aýaldan nam-nyşan tapylmady. Sen bu aýalyň baýlygy üçin oňa hyýanat edip, ony ýok etdiň. Eger kazy ependiniň öýüni barlap görseler, belki ol aýaldan bir nyşana tapylar — diýdi. Kazy garawulbaşydan bu sözi eşiden badyna göýä bir gazan gyzgyn suw başyndan aýagyna çenli eňterilen ýaly boldy. Kazy gazap atyna atlanyp, hatyny talakdan ant içdi hem-de: - Eger sen ýalan sözlemeýän bolsaň, goý şu zatlar meniň başymdan insin — diýdi. Garawulbaşy: - Men aýtdym-a «Alla görkezmäwersin» diýip, men ýalan sözlemerin. Goý, kazynyň öýüni barlasynlar. Ol aýaldan bir nyşana tapylmasa meniň sözlerimiň ýalan çykdygy bolar. Şonda öwez tölegini hem tölemeli bolaryn. Bolmasa-da, bu sözümiň hakykat boldugy bolar — diýdi. Kazy ependi: - Gel, bar-da sen meniň öýümi agtar — diýdi. Onda garawulbaşy: - Men ýalňyz baryp, seniň öýüňi barlamaryn. Goý, goşunbaşy, naýyp we başga-da birküç adam bolup bilelikde baryp agtarsynlar. Şonda men hem baryp, bilelikde gözlärin — diýen badyna kazy goşunbaşa: - Ýörüň öýümi barlaň — diýdi. Onsoň goşunbaşy naýyby hem-de şol ýerde näçe adam bar bolsa, baryny ýanyna alyp, baryp kazynyň öýüniň içerisine girdiler we öýi başdan-aýak barladylar. Emma asla ne ol aýaldan, ne-de oňa degişli zatlardan hiç bir nyşan we yz-sor tarmadylar. Garawulbaşy bu ýagdaýy görüp örän utanja galdy. Kazydan ötünç sorap zary-girýan bolup, ahy-nala etdi. Kazy ependi pursat tapyp, garawulbaşa garap: - Eý, masgara gördüňmi! Seniň sözüň ýalan çykdy, dogry çykmady — diýip, masgaralaýjy sözler aýdyp ony dili bilen duzlady. Şondan soň naýyp, goşunbaşy we beýleki adamlar içeriden daşary çykyp, howlynyň garysyndan daşary çykmak islediler. Şol wagt garawulbaşy aýalyň salgy beren garaňkyja ýerine dykgat bilen nazar salyp, üns bilen seredip başlady. Birdenkä bir biziň ujy gözüne ildi. Ony gören garawulbaşy şol wagt goşunbaşa we beýleki adamlara garap, gaty ses bilen: - Geliň, şu ýerde bir zat görünýär. Seredeliň, näme zatka —diýdi. Goşunbaşy bilen beýleki adamlar ýetip geldiler. Kazy ependi: - Bu ýer suw geçelgelerdir — diýdi. Garawulbaşy biziň görnen ýerini gazdy. Onuň gazan ýerinden bir bukja çykdy. Garawulbaşy hemmäniň gözüniň öňünde ol bukjany açdy. Görseler, içinde aýal lybaslary bar ekeni. Ählisi bolsa gan bilen bulaşyp gyp-gyzyl bolan eken. Ol bukjanyň içinde nagyşly çadyrasy, içki eşikleri, baş atgyjsy we beýleki zatlar bar eken. Garawulbaşy şolbada pursat tapyp gygyryp, perýat edip: - Eý, möwlana! Naýybyň we adamlaryň gözüniň alnynda sözümiň ýalandygy ýa-da dogrydygy aýan boldy. «Sen höküm eýesi soltanyň kazysynyň Emin adamsydyryn» diýip, şeýle baýlygy almak üçin men bir biçäre aýaly amanat goýamda, ol amanata hyýanat edipsiň. Maly we baýlygyny almak üçin ol aýaly heläklärsiň. Soňra bolsa malyny iýir, lak-luk atyrsyň. Bu iş uly işdir. Meniň bu işi soltana arz etmegim gerekdir. Elbetde, duýulmajak iş bolmaz, naýza goltuga sygmaz diýlenidir. Bu iş soňra soltan tarapyndan duýulanda, men ortadan aýrylaryn — diýip, biraz haýbatly sözleri isledigiçe atyp, isledigiçe gürledi. Bu çäre sebäpli kazy nämä uçrandygyny aňyp, jyňkyny çykaryp bilmän, haýran bolup, agaç kimin doňup galdy. Şeýdip ol halk içinde ryswa boldy. Bilen-ä biler, bilmedigem dogry diýip hasaplar. Şol wagt goşunbaşy: - Bu neneňsi işdir. Beýle zady hiç kim görenem däldir, eşidenem — diýip, köp-köp gürrüň etdiler. Soňra naýyp we beýleki adamlar daşary çykyp, her biri her hili sözler aýdyşdylar. Kazy biçäre goşunbaşy bilen garawulbaşa köp ahy-nalalar edip ýalbardy. Haýyş edip olardan ötünç sorady. Bu işi patyşa arz etmezlikleri üçin olara köp baýlyk, mal we pul berdi. Şeýle hem: - Merhemet ediň, bu syry hiç kişä aýan etmäň — diýip, kazy biçäre ýene-de sözüni tekrarlap ötünçler diledi. Goşunbaşy bilen garawulbaşy dymmaklyga razy boldular. Soňra çykyp gitdiler. Garawulbaşy ol aýalyň öwreden hilesi bilen kazynyň elinden halas boldy. Biçäre kazy hem munça mukdar malyndan el ýuwdy hem-de il arasynda ryswa boldy. Goşunbaşy bilen garawulbaşy öýlerine gelip oturdylar. Aradan üç-dört gün geçdi. Garawulbaşy ýerinden turup, ol aýaly özüne nikalap almak üçin onuň ýanyna ugrady. Öýünden daşary çykyp niredesiň şol aýalyň öýi diýip, ýola düşdi. Ol aýalyň öýüniň gapysyna gelip görse gapy gulply dur. Daş-töweregindäki goňşularyndan: - Bu öýüň eýesi bolan ol aýal nirä gitdi? — diýip sorady. Olar: - Ol öýüň içinde hiç kim ýaşamaýar. Ol öý boşdur. Geçen günlerde bu öýe bir aýal gelip, gymmatbahaly harytlar getiripdi. Ol birküç gün bu öýde bolup oturdy. Emma üç gün mundan ozal ol hem bu öýden çykyp gitdi. Emma soňra dolanyp gelmedi. Onuň neneňsi we nähili aýaldygyny biz bilmedik — diýip, habar berdiler. Muny eşiden garawulbaşy şol wagt özüniň diýseň akmakdygyny bilip galdy we köp ökünçler etdi. Ol aýalyň özüne al salyp, aldandygyny bildi. Garawulbaşy şondan soň ol aýaly ençeme wagtlap gözledi, sorag-ideg etdi. Emma hiç bir nam-nyşan tarmady. Onsoň garawulbaşy melul bolup, gam-gussa batyp, öýüne geldi. Ol aýalyň özüne salan ol hilelerine we özüniň akmaklygyna içi ýanyp haýran boldy. Bu hekaýat bolsa olardan ýadygär galdy. Indi bolsa bu ajaýyp hekaýaty diňläň! Taýýarlan: G.Guzuçyýewa. | |
|
√ Terk edilen toba / hekaýa - 12.12.2024 |
√ Время для любви / рассказ - 02.12.2024 |
√ Ýakasy açylmadyk alaça / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Bars balasy / hekaýa - 09.12.2024 |
√ Gün dogup barýarka / hekaýa - 16.12.2024 |
√ Çuwalgyz eje / hekaýa - 16.10.2024 |
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Mint / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |