11:46 Mekir hatyn: Iki oýnaşly hatynyñ başdan geçiren wakalarynyñ beýany | |
IKI OÝNAŞLY HATYNYŇ BAŞDAN GEÇIREN WAKALARYNYŇ BEÝANY Döwrüň we döwürleriň yzygiderli habarlaryny rowaýat edip aýdyjylar, gürrüňlerini beýan edijiler we hekaýatlary aýdyjylar şeýle rowaýat edipdirler: Gadymy zamanda Nyşapur şäherinde bir aýalyň iki oýnaşy bar eken. Ol aýal oýnaşynyň ikisine-de: «Ärim öldügi, saňa bararyn» diýer eken. Bu wakadan birnäçe wagt geçenden soň ahyry oýnaşlarynyň biri: «Munuň äri haçan öljek? Men gowusy birnäçe wagtlap bu şäherden gidip, daş-töweregi seýran edeýin. Soňra ýene gelerin» diýip, şäherden çykyp gidipdir. Emma ol aýalyň şäherde galan oýnaşy örän galjaň, kel we betnyşan ýigit eken. Ol aradan köp wagt geçmänkä, ýagny ilkinji oýnaşy entek gaýdyp gelmänkä, ol aýalyň äri ýogalypdyr. Şeýdip, ol aýal şäherde galan oýnaşyna barmaly bolupdyr. Emma bu oýnaşy ol aýal bilen elmydama ätiýaçly çemeleşipdir. Ol bir ýere gitse, aýalynyň daşyndan gapysyny gulplar gider eken. Eger, ol aýal hammama gitse hem ony öňüne salyp, hammama bile gider eken. Ol aýal ýuwnup çykýança hammamyň gapysyny saklap durar eken. Ýuwnup, daşary çykandan soň bolsa, ýene-de öňüne düşürip öýüne alyp gelerdi. Bu wakadan birnäçe wagt geçenden soňra, günlerde bir gün onuň gezmäge giden beýleki oýnaşy hem ýetip geldi. Ol bu hatyny görmek isledi, emma görüp bilmedi. Ol ýigit bu hatyny bir gezek görüp, onuň bilen aýşy-eşret sürmek üçin örän tagalla baryny etdi. Emma onuň niýeti hiç-hili başa barmady we ol hatyny görüp bilmedi. Ol her gün diýen ýaly ol aýalyň öýüniň daş-töweregini aýlanyp garawullar görerdi. Onuň aýlanyp ýören ýerinde bir kempiriň öýi bardy. Ol garry kempir bu ýigidiň şu töwereklerde birki gün bäri aýlanyp gezip ýörendigini gördi. Bir gün ol kempir bu ýigide garap: - Eý, oglum! Görýän welin sen birki gün bäri bu töwereklerde aýlanyp ýörsüň. Näme birini gözleýärmiň? Ýa-da bu ýerlerde bir söýgüli aýalyň zat barmy? Menden gizleme dogryjaňy aýt — diýdi. Şol wagt ol ýigit: - Eý, ene jan, sen meniň göwnümdäkini bildiň. Men pylan kimsäniň aýalyny söýýärin. Meniň bu şäherden çykyp gidenime birnäçe wagt boldy. Häzir geldim. Emma ol aýaly hiç-hili görüp bilmedim — diýdi. Onda ol garry kempir: - Eý oglum, ol aýalyň äri öldi. Ol häzir bir kel adama durmuşa çykdy. Ol bolsa ony bek saklaýar — diýdi. Onda ol ýigit: - Eý enejan, indi meniň halym neneňsi bolar. Men ony görmesem ölerin. Iň bolmanda men ony birje gezek görüp, görüşip bilsem hem armanym ýokdur. Onuň yşgy meni ýakyp-ýandyryp barýar. Men onuň derdinden ölüp barýaryn — diýip, zar-zar aglap kempiriň jigerini para-para etdi. Onsoň ol garry kempir: - Eý oglum, onuň üçin sen hiç-hili gam-gussa çekip aglamagyl. Men seni onuň bilen aňsatja tapyşdyraryn. Sen biraz pursatdan soň meniň ýanyma gel — diýdi. Şondan soň ol kempir degenegini (hasasyny) tyrkyldadyp, ol hatynyň öýüne tarap ýola düşdi. Biraz wagtdan soň gelip ol keliň ýagny ol hatynyň adamsynyň öýüniň gapysyny kakdy. Şol wagt ol keliň özi gelip gapyny açdy. Garry kempir içeri girip salam berdi. Ol ýigit aleýik alyp, ýene-de öýüne girip gitdi. Ol garry kempir hem onuň yzy biltn içeri girip onuň garşysynda oturdy-da: - Eý oglum, bu öýde häzir siz ýaşaýarsyňyzmy? — diýip sorady. Ol kel ýigit bolsa: - Hawa, biz ýaşaýarys — diýip, jogap berdi. Onda kempir: - Owal bu öýde meniň bir tanyş gelnim ýaşaýardy. Men gelip-gidip elmydama onuň bilen ýagşy gatnaşykda bolardym — diýdi. Ol ýigit: - Eý enejan, sen ýene-de gelip-gidip durgun, biziň bilen hem ýagşy hem-de dostlukly gatnaşykda bolgun — diýdi. Onda kempir: - Aýalyň häzir içerdemidir. Ol kiçijikliginden meniň elimde ulalyp ösdi — diýip, zarp bilen gapyny açyp içeri girdi we keli daşarda galdyryp gapyny ýapdy. Kempir ol aýalyň ýanyna girip oňa: - Eý gyzym, seni bir ýigit söýýärmişin. Ol birnäçe wagt mundan öň şäherden çykyp giden ekeni. Häzir bolsa ol ýene-de gaýdyp şähere gelipdir. Ol seniň yşky-derdiňden däli-diwana bolupdyr. Seni soraglap, idegläp, seniň derdiňden gözleriniň ýaşy sil bolup akýar. Sen bir nowjuwan gelinsiň. Onuň gözlerniň ýaşy saňa haýyr-gowulyk etmez. Seniň bilen iň bolmanda ýekeje gezek duşuşsa hem onuň derdi ýeňlärdi. Şonuň üçin iň bolmanda ýekeje gezek bir seniň bilen duşuşmaga oňa ygtyýar et — diýdi. Garry kempir bu sözleri aýdan badyna ýaňky hatyn: - Eý, enejan, häzir onuň bilen duşuşmaga mende hiç-hili mümkinçilik ýokdur. Çünki ärim bir pursat hem meniň ýanymdan aýrylmaýar. Eger bir ýere gitmekçi bolsa hem giden wagty meniň daşymdan gapyny gulplar gidýär. Haçan gaýdyp gelen wagty hem ýene-de özi açýar. Onuň bilen duşuşmaga meniň elimden hiç zat gelmeýär. Mende hiç-hili çäre alaç ýokdur — diýdi. Bu sözleri eşidip kempir ýene-de: - Eý, gelin, eger seniň onuň bilen tapyşmaga islegiň bar bolsa, men ony seniň bilen aňsatja sataşdyryp bilerin — diýdi. Şol wagt keliň aýaly: - Eý, enejan, maňa diňe senden medet bardyr. Meniň derdime başga derman etjek kişi ýokdur. Diňe sen meniň bu derdime çäre tapyp onuň bilen sataşdyryp bilersiň — diýdi. Onda kempir: - Eý gyzym, ol ýigit bilen tapyşmagyň çäresini men tapyp goýdum. Ol şeýledip. Häzir men gelip-gidenimden soň, bir sagat ýaly wagt geçenden soňra ahy-perýat we ahy-nala edip: «Haý kömek ediň, waý ýetişiň, waý bilim, waý ýanym, maňa kömek beriň, medet beriň, waý ýüregim, waý öldüm» diýip, zarynlap gygyryp başla. Şol wagt adamyň içeri girip: «Haý, keýwany, näme boldy» diýer welin sen: «Kömek et, waý öldüm, waý gitdim. Öňem käte-käte şeýle bolýardy. Öň şeýle bolan wagtlarynda ýaňky garry kempir gelip maňa em ederdi welin, men gowulaşardym hem-de bu derdim der bolardy. Ol garry hatyn meniň eneligimdir. Eli örän sebäphon hatyndyr. Eger ol kempiri gidip getirmeseň men bu dertden gutulmaryn» diýersiň — diýdi. Soňra kempir turup keliň ýanyna baryp oňa: - Eý oglum, sizi Hudaýa tabşyrdym — diýip, çykyp gitdi. Aradan üç-dört sagat geçip geçmänkä keliň aýaly uly goh-galmagal turuzyp perýat-pygan edip başlady. Ol hem gygyrýardy, hem aglaýardy Şol aralykda bolsa: - Eý, Alla! Medet berewer — diýip, gözlerini petredip, agzyny körürjikledip, perýat çekip gygyrýardy. Şol wagt keliň akyly başyndan uçdy. Eli-aýagy saňňyldap, buz ýaly boldy. Biraz wagtdan soňra ol aýal gözlerini açyp, ärine garap: - Waý, men ölüp barýaryn. Meniň halym neneňsi bolar – diýip ärine ýüzlendi. Şol wagt adamsy: - Eý, meniň serwi boýlym! Eý, meniň güler ýüzlim, seniň bu derdiňe näme alaç etse bolarka — diýdi. Şol bada ýene-de ol mekir hatyn: - Ah ependim! Meniň bu derdim ýylda bir ýa-da birki ýyldan bir gezek gaýtalanýar. Munuň emini şol garry kempir gowy bilýär. Sen git-de şol kempiri alyp gel. Eger, şol garry kempir gelse, meniň derdim ýeňleşer — diýip, ahy-nala edip başlady. Biçäre ýigit aýalyny beýle halda görüp gorkup, derrew gapysyny gulplap, ylgap ol kempiriň öýüne geldi. Gelip, ol kempiriň gapysyny kakdy. Kempir içerden: - Geň zat, bu mahal meniň gapymy kakýan kimkä? — diýip, gapyny açdy. Görse, garynyň öňünde hälki goňşusynyň kel äri dur. Ony gören kempir: - Hoş geldiň oglum. Näme habaryň bar? — diýip sorady. Biçäre ýigit: - Haý, enejan, medet edip dadymyza ýetişeweri. Aýalymyň haly harapdyr. Ol ölüp barýar. Eger sen ýetişmeseň, ol öler — diýdi. Şol wagt kempir: - Eý, oglum! Walla, men baryp bilmerin, işim köp, elim ýetmez —diýdi. Emma ol garry kempir eýýäm ol aýalyň beýleki oýnaşyny hem bir sandyga salyp, agzyny gulplar goýupdy. Ol sandyk hem şol ýerdedi. Kel ýene-de: - Haý, enejan, merhemet et, kerem eýle. Eger, sen ýetişmeseň aýalym öler — diýip, zaryn-zaryn aglap ýalbarmaga başlady. Onda kempir: - Haý oglum! Men niçik baraýyn. Bir ogullygym bardy. Ol maňa bu gün bir sandygy amanat goýup gitdi. Içinde näme bardygyny bolsa bilemok. Özüň bilýäň, öýüm harap, gapym bolsa gowy gulplanmaýar. Men häzir bu sandygy bu ýerde, şu durşuna ýalňyz goýup gitsem, ähtimal, bir haramzada ogry gelip, öýüň bir ýerinden böwsüp, içeri girip, sandygy alyp gider. Soňra men ol ýigide näme jogap bererin — diýdi. Garry kempir şeýle diýip jogap beren badyna kel goňşusy şolbada sandygyň ýanyna gelip, ony göterip gördi. Görse, göterip biljek. Onsoň, ol: - Eý, enejan! Sen kömek et, men bu sandygy hem göterip, seniň bilen bile öýe elteýin. Sen maňa merhemet we kerem eýle. Meniň bilen ýör, gideli. Çünki, aýalymyň haly örän harapdyr, derdi-elemi diýseň ýokarydyr. Ol ölüp barýar — diýdi. Garry kempir: - Gel, onda sen sandygy arkaňa göter, ýör gideli. Seniň bilen hem ene-ogul bolduk. Hatynyň hem kiçijikliginden meniň elimde ulaldy. Her wagt bu derdi tutan wagtynda men baryp oňa alaç-em ederdim. Emma häzir seniň aýdyşyňa görä onuň derdi agyr bolup, örän ýaramaýana meňzeýär. Çünki, onuň bu derdi örän ýaramazdyr. Bu derdi gozgap başlanda, onuň gözlerine hiç uky gelmez. Oturyp-turup bilmez — diýdi. Onda ol ýigit: - Haý enejan, edil aýdyşyň ýalydyr, hatda ondan hem beterdir — diýip, sandygyň orta bilinden bir urgan baglap, arkasyna alyp garry kempiriň yzyna düşüp ýöredi. Kel yzynda, kempir bolsa öňünde, şeýdip ýola düşdüler. Öýe gelenlerinden soň biçäre kel sandygy ýerde goýup, gapysynyň kildini açdy. Soňra ýene-de sandygy göterip, ony öýüň içinde, aýalynyň ýatan ýerine getirip goýdy. Emma ol aýal äriniň hem-de kempiriň gelendigini eşiden badyna bular gelmezden öň ojak başyna bir düşek oklaşdyrypdy. Ol şonuň üstüne tarap süýşüp, ýorgan-düşege girip häzir bolup ýatdy. Şeýdip oýnaşynyň gelerine garaşýardy. Olar gelen badyna bolsa ahy-nala edip: -Wah ýüregim, waý bilim, waý ýanym, haý öldüm, waý gitdim, medet beriň, kömek ediň, tiz bolawer ene — diýip, gygyryp ugrady. Kempir hem gollaryny çyzgap, ol aýalyň ýüreginiň üstünden eli bilen basyp durup: - Haý gyzym, bu dert seni ýene-de tutdumy?! Wah, bu gezek öňküden hem beter tutupdyr. Eý, oglum muňa bir gurruk guýudan suw hem-de bir könelişen ýehudynyň gabryndan birazrak toprak getirmek gerek. Tiz bolawer, bar — diýdi. Biçäre kel iki etegini biline çalyp, bulary daşyndan gulplar, eňip gitdi. Äri giden badyna ol aýal hem düşeginden çaltlyk bilen turup, dim-dik bolup oturdy (sagaldy, turdy). Asla agyrysy galmady. Derrew gapyny mäkäm baglap, oýnaşyny sandykdan çykaryp, biri-birlerine çyrmaşyp aýşy-eşrete meşgul boldular. Kel äri gelen badyna bolsa ol aýal oýnaşyny ýene sandyga salyp, gapagyny mäkäm ýapyp gulplady. Soňra bolsa ýene-de ýerine geçip, ahy-perýat edip başlady. Kel derrew gidip suwdur — topragy getirip berdi. Kempir derrew ýerinden turup, suw bilen topragy biri-birine garyp hiç bir esassyz, ol aýalyň biline, göwsüne çaldy. Biraz wagtdan soň bolsa süpürip üstüne-de birki ýorgan örtüp ýatyryp goýdy. Soňra bolsa kele garap: - Eger başga işiň bar bolsa, işiňi ediber, bu hatyn biraz rahatlanyp ýatyp derlesin — diýdi. Adamsy iş ýerine baryp rahat işlemäge başlady. Ol öz işi bilen gümra bolup gezerdi. Ol aýal bolsa oýnaşy bilen «Älem etmek» islän wagtynda biçäre adamsyna: «Bar bir ýerden pylan zady getir» diýip, ony aldap bir ýerlere ugradardy. Ol bolsa gapyny daşyndan gulplar, giderdi. Aýaly bolsa, oýnaşyny sandykdan çykaryp, ýene-de «Älem ederdiler». Adamsy gapa gelen badyna bolsa oýnaşyny tiz sandyga salyp gulplardy. Gepiň gysgasy, şeýle görnüşde bir hepde geçdi. Bir hepdeläp olar öz isleglerine laýyklykda zowky-sapa sürdüler. Bir hepdeden soňra bolsa ol aýal gowulaşdy we sap-sagat boldy. Bu ýagdaýy gören kempir bu hatynyň ärine garap: - Eý oglum! Bir hepdeläp, men öýüme-de barmadym. Belki amanat sandygyň eýesi gelendir, belki meni gözläp tapyp bilýän däldir. Indi merhemet we kerem edip, bu sandygy ýene meniň öýüme eltip ber — diýdi. Ol hem: - Bolýar, enejan, başym üstüne — diýip, sandygy arkasyna alyp, öýüniň gapysyny gulplap ugrady. Kempir öňünde, arkasy sandykly biçäre kel bolsa yzynda tirkeşip ýöräp ugradylar. Agşam wagtydy. Kel biçäre arkasyndaky sandyk agyr bolansoň ýegşerilip zordan ýöräp barýardy. Ahyry, büzülip-ýazylyp, sandygy arkasyndan aýyryp, bir beýigräk ýerde goýup, biraz dynç almak üçin eglendi. Kempiriň bolsa, keliň eglenendiginden habary ýokdy. Ol öňden ýol ýasap barýardy. Kel saklanyp: «Haçan gitsemem men onuň öýüni bilýärin-ä, goý gidibersin, men bir demimi dürsäýin» diýip, oňa kän bir ähmiýet hem bermedi. Biraz wagt eglenenden soňra kel ýene-de sandygy arkasyna alyp, ýöräp ugrady. Emma, gijäniň düşmegi bilen ýoluny ýitirip, başga bir ýola düşdi. Görse, öňki ýoluny ýitirip, azaşypdyr. Onsoň yzyna aýlandy. Gije bolsa gowy düşüp, älem ýüzi garaňkydy. Göz bolsa bir ädim uzaklykdakyny hem görüp bilmeýärdi. Onsoň ol kel ýigit öz öýüne gitmäge hem ýol tapman töwekgelek (çen-çak) bilen gidip barýardy. Birden ýoly garawulbaşynyň öýüniň töweregine düşüp, bir bölek garawullara gabat geldi. Garawullar görseler, bir kişi arkasyndaky sandygyň agramyna ýegşerilip iki gat eplenip, bükülip gelýär. Garawullar ony gören batlaryna biri-birlerine garap: «Bu ogrudyr, ýeke özi hem däldir. Onuň ýoldaşlary-da bardyr. Olar bir öýe girip öýi talandyrlar. Bu sandygyň içindäki ähli zatlar gymmat bahaly parçalar bolsa gerek. Elbetde munuň bir ýatak jaýy bardyr. Bu ogrynyň ýoldaşlary bilen ýatýan ýeri nirede bolup biler?! Belli boldy. Munuň ýoldaşlary bu sandygy munuň arkasyna ýükläp, şol ýatak jaýyna getirtjekdirler. Soňra olaryň hersi bir tarapdan şol bellenilen ýere barjakdyrlar. Öz-ä geň zat, kimiň, neneňsi kişiniň, öýüni ýapdylarka?! Beýik (baý) öý bolsa gerek» diýişir, derrew onuň öňüni kesip: - Eý ýigit, dur şu ýerde, bu gijäniň içinde arkaňa sandyk ýükläp ýegşerilip nirä barýarsyň? Haýsy kişiniň öýüni talaňa saldyň?! Ýygnanyşmaly öýüňiz nirede ýerleşýär?! Tiz bol, görkez. Bu sandygyň içi giň görünýär, içinde nämeler bar?! Bol, tizräk aýt — diýip, biçäre keliň ýakasyndan ýaryşyp, sakladylar. Biçäre keliň jany bokurdagyna gelip, näme jogap berjegini bilmän, dili içine giden ýaly boldy. Ýene-de tiz özüni ele alyp, akylyny başynda jemledi. Eýsem-de bolsa öz içinden: «Bulara bir hili jogap berip, başymy sag-aman gutarmak gerek» diýip oýlandy-da, daşyndan olara garap: - Men hokgabazdyryn. Bu gün galanyň eteginde oýun görkezdim. Bu sandykdaky zatlar hokgabaz serişdeleridir — diýdi. Şol wagt olar: Şu wagtlar hem bir hokgabaz oýny bolarmy? Şu wagta çenli näme işlediň. Beýle wagt ýalňyz ýeke özüň nirä barýarsyň?! — diýip, ony aljyratdylar. Onda kel: - Oýundan soňra şägirdimi käbir esbaplarym bilen öýe gönderdim we ýene-de gelmegini talap edip garaşdym. Emma ol gelmedi. Agşam hem düşüp daş-töwerek garaňkyrady. Görsem, gelýän-gidýän ýok. Onsoň bialaç sandygy arkama alyp ýola düşdüm. Ýolda barýarkam, men mysapyr bende, ýolumy ýalňyşdym. Myhman öýümiň golaýyna ýakynlaşýandyryn öýdüp, çen-çak bilen gidip barýarkam, ynha-da, size sataşdym — diýdi. Onda ol garawullar: - Sen galat aýdýarsyň, haramy ogry bolmaly sen. Ýagşy adama meňzemeýärsiň. Seniň entek ýoldaşlaryň hem bardyr. Siz bu sandygy öý ýaryp ogurlapsyňyz — diýdiler. Soňra ýene bir garawul: - Muny garawulbaşynyň ýanyna elteliň. Elbetde, muny garawulbaşynyň özi dogry sözleder — diýdi. Soňra keli alyp garawulbaşynyň ýanyna getirdiler. Garawulbaşy olardan: - Bu ýigit kimdir? — diýip sorady. Garawullar: - Biz bilmedik. Muňa biz pylan ýerde gabat geldik. Arkasyna bir sandyk ýükläp ýegşerilip barýar eken. Biz: «Bu näme» diýip sorap görsek ol: «Men bir hokgabazdyryn. Bu gün galanyň eteginde oýun görkezdim. Gijä galdym, onsoň ýolumy ýitirip, barjak öýümiň ýoluny tapyp bilmedim» diýýär. Bu diýýän zatlarynyň dogrudygyny ýa-da ýalňyşdygyny biz bilemizok — diýdiler. Garawulbaşynyň hem bir görkli we söýgüli aýaly bardy. Ol ony örän gowy görerdi. Ol hatyn her wagt garawulbaşa garap: «Sendenem bir ajap garawulbaşy bolarmy. Sen maňa bir gözbagçy ýa-da hokgabaz oýnuny hem görkezip bileňok» diýip igenerdi. Şonuň üçin bu habary eşiden garawulbaşynyň şol bada aýalynyň şol sözleri ýadyna düşdi. Ol ýaňky kele garap: - Dogryňy aýdýarmyň ýa-da aldaýarmyň?! Hakykatdan hem sen hokgabazmyň? — diýip sorady. Ol: - Howa, men ussat hokgabazdyryn. Bu zamanlarda bu şähere meniň ýaly hokgabaz gelen hem däldir — diýdi. Onda garawulbaşy: - Onuň ýaly bolsa ýörüň meniň öýüme gideliň. Göter sandygyňy, ýör öýe. Bize biraz hokgabazlyk edip ber. Daň atansoň öýüňe gidersiň — diýip, turup, keli öňüne salyp, dogry öýüne alyp geldi we gapyny kakdy. Garawulbaşynyň aýalynyň hem bir oýnaşy bardy. Ol her gije gelip, ol aýal bilen zowky-sapa sürüp giderdi. Garawulbaşy diňe juma gijesi öýünde ýatardy. Gaýry gijeler bolsa, garawulhanada ýatardy. Aýaly bolsa daňa çenli oýnaşy bilen aýşy-eşretde döwran sürerdi. Ol bu günem ýumşak düşekde oýnaşy bilen çyplak ýagdaýda çyrmaşyp ýatyrdy. Birdenkä gijäniň ýarynda gapy kakyldy. Kenizler derrew gapa tarap topuldylar we gapyny açdylar. Görseler gelen ependileri ─ hojaýynlary garawulbaşy eken. Kenizleriň biri şolbada böküp içeri girip garawulbaşynyň aýalyna habar berip: - Eý, bibim, ependi geldi — diýdi. Ol hatyn bu habary eşidip näme etjegini bilmän aljyrap başlady. Emma ol ýerde bir uly güp bardy. Aljyran hatyn ol oýnaşyny çyplaklygyna şol güpüň içine saldy. Onýança-da garawulbaşy gapydan içeri girdi. Kel hem arkasyna sandygy alyp, howludan içeri girip ugrady. Öýüň penjiresinden ýaňky aýalyň bolýan otagynyň içi gowy görünýärdi. Şol wagt hem sandykly kel içeri girip barýarka, gözi penjireden içeri düşdi. Görse, garawulbaşynyň aýaly öz oýnaşyny çyplak ýagdaýda güpüň içine salyp dur eken. Muny gören kel hem öz ýanyndan mes bolup: «Göreliň bakalyň durmuş näme görkezer» diýip, gapyny açman şol ýerde biraz saklandy. Garawulbaşy içeri, aýalynyň ýanyna bardy. Şol wagt aýaly: - Heý, ependim, seniň hiç wagt beýle mahalda öýe gelmek häsiýetiň ýokdy-la. Şemal bu gün haýsy tarapdan öwüsdi, sen nädip bu gije öýe geldiň — diýdi. Onda garawulbaşy: - Eý, meniň çoh söýgülim! Heran-haçan öýe gelsem maňa igenip: «Garawulbaşy bolduň meniň başyma, sendenem bir garawulbaşy bolarmy, sen maňa bir oýunçy ýa-da hokgabaz hem getirip bereňok» diýerdiň. Şu wagt bir ussat hokgabaz elime düşdi. Şony seniň ýanyňa getirdim, goý oýnasyn seret we tomaşa et — diýdi. Soňra garawulbaşy kele garap: - Eý, ussat hokgabaz, bol indi, oýnuňa başla. Bize gowy edip bir oýun-tomaşa görkez — diýdi. Onda ol kel: - Eý ependim! Bu gije şägirdim bu ýerde ýokdur. Şeýle-de depregim we beýleki esbarlarym hem ýeterlik däldir. Sandygym hem gulply. Açary şägirdimdedir. Emma bu sandyk bilen bu zatlarym bu ýerde, siziň ýanyňyzda dursun. Men öýüme gideýin. Daň bilen şägirdimi we beýleki gerek bolan zatlarymy alyp geleýin. Ondan soň gowy edip, oýun goýup, size oýun-tomaşa görkezerin — diýdi. Onda garawulbaşy gaharlanyp, ýerinden turup, eline palta alyp: - Eý, hokgabaz bol şu wagt oýun-tomaşa görkez. Ýogsam sandygy paralaryn, ol para-para bolar — diýdi. Şol wagt sandygyň içindäki adam: «Haý-haý medet ber, men bir ajap ahwala uçradym. Eger bu wagt ol adam palta bilen bu sandygy urup para-para etse, sandyk depämde kül-uşak bolar we men ýalaňaçlygyma meýdana çykyp, bogazymy olaryň ellerine bererin. Onsoň garawulbaşy: «Eý, ýigit bu sandygyň içinde sen näme iş edýärsiň» diýip sorasa, men näme jogap bererin» diýip, toba edip Alladan ýalkaw diläp nalamaga başlady. Onuň ýüregi aýlanýan tüweleý dek bolup «güp-güp» edip urmaga başlady. Şol wagt ýaňky kel: - Haý, begim! Merhemet we kerem eýlegin. Bu sandygy döwme. Men bir derwüş-ýoksul kişidirin. Munuň ýaly zady satyn almaga meniň güýjüm ýetmez — diýdi. Onda garawulbaşy: - Eý, hokgabaz! Ýa bu sandygy aç-da oýna, ýa-da men ony döwüp kül-uşak ederin — diýip, haýbat atyp başlady. Kel görse, hiç bir mekirlik bilen onuň ünsüni sowmak mümkin däl, onsoň garawulbaşa garap: - Eý, ependim, eger sen meniň sandygymy döwseň meniň elimden gaýry bir iş gelmez, onsoň men hem seniň şu güp-güpüňi uşadaryn — diýdi. Garawulbaşynyň aýaly keliň bu sözüni eşidenden, keliň öz oýnaşyny güpüň içine salyp goýanyny görendigini anyk bildi. Onsoň ol: «Elbetde ärim sandygy döwse, bu adam hem güpi döwer. Onsoň oýnaşym hem çyrlaňlygyna meýdana çykar, onsoň meniň syrym paş bolar» diýip, oýlandy. Şonuň üçin ol derrew: - Haý, ependim! Bu biçäräniň sandygyny uşadyp, oňa jebir berme. Maňa bu wagt gijäniň ýarymynda hokgabazyň oýun-tomaşasy gerek däl. Ol biçäräni öz ugruna goýber, goý ol öz öýüne gitsin. Daňdan şägirdini we beýleki ýetmez gurallaryny alyp gelsin. Ondan soň goý ol öz göwnündäki ýaly oýnasyn, biz bolsa tomaşa ederis — diýip, garawulbaşa ýalbardy. Emma hatynynyň bu sözleri garawulbaşa asla täsir etmedi. Ol eli paltaly durşuna: - Eý, hokgabaz! Sen häziriň özünde ol sandygyňy aç-da oýna, ýogsa-da men şu palta bilen sandygyňy döwerin — diýip dyzady. Soňra bolsa aýalyna tarap öwrülip: - Eý, hatyn! Sen soňra maňa: «Hokgabaz getirdiň-de ony oýnadyp bilmediň» diýip, gyjalat berersiň, goý, onuň üçin şu wagt oýnasyn — diýdi. Elbetde, bu aýalyň oýun-tomaşa etmek janyna hoş ýakjakdy, emma güpüň içinde oturan oýnaşy güpden daşary çykaýsa, bar syry şol wagt paş boljakdy. Şonuň üçin ol hatyn: - Men şu wagt hokgabazam, onuň oýnunam islämok — diýip, garawulbaşa ýalbaryp başlady. Emma garawulbaşy oňa gulak salmady. Şonuň üçin ol hatyn ýene-de ärine garap: - Tobalar bolsun, asyl aýtmadygym bolsun. Men asla hokgabaz islämok — diýip, ýene-de ärine ýalbaryp başlady. Garaz, olar şeýdip özara jedele giren wagtlarynda ýaňky kel usullyk bilen sandygyň ýanyna baryp, onuň gulpuna elini ýetirdi. Görse, gulpuň ilgençegi çüýräp giden eken. Onuň eli degen badyna ol döwlüp ýarysy eline geldi. Ony gören kel: «Içine bir gezek seredip göreýin-le. Bu sandygyň içinde näme barka?» diýip, sandygyň gapagyny az-kem galdyryp seretdi. Görse, içinde bir çyplak ýigit burulyp, iki eplenip ýatyr. Ony gören badyna ýaňky kel sandygyň gapagyny ýapyp, öz-özüne: «Gördüňmi, aýallarda wepa ýokdur» diýenleri çyn eken. «Sagynan göze çöp düşer» diýenleri dogry eken. Men aýalymy neneňsi sygynardym ─ goraglardym. Öz gözümden gysganardym. Gapyny mydama daşyndan gulplar giderdim. Hammama gitse, bile giderdim. Ahyrynda bolsa, oýnaşyny öz elim bilen göterip öýüme eltipdirin. Garawulbaşy hem edil meniň uçran derdime uçrapdyr. «Heý-wah, men özüm-özüme erbetlik edipdirin. Asla hiç zatdan habarym bolmandyr — diýip, özüni bu ýerden halas etmegiň pikirine gitdi. Onsoň garawulbaşa garap: - Eý, ependi, gaharlanyp gazap atyna münme. Şägirt oglan sandygy gulplamandyr. Ine gulpy açyldy. Indi siz ümsümje boluň-da öz ýeriňizde oturyň. Size bir ajaýyp syr we oýun-tomaşa görkezeýin welin, beýle oýny hiç bir zamanda hiç bir hokgabaz oýnanam däldir, görkezenem däldir. Munuň ýaly oýna tomaşa etdiren hem däldir. Men hem ömrümde hiç kimiň öýünde beýle hokgabazlyk oýnan däldirin. Hiç kim hem beýle ajaýyp syry gören däldir — diýdi. Onda garawulbaşy: - Meniň hem islegim şeýle — diýip, elindäki paltany ýerde goýup, aýaly bilen geçip oturdy hem-de «Bu kel neneňsi syr we neneňsi ajaýyp hokgabazlyk görkezerkä» diýip, garaşyp başlady. Garawulbaşynyň aýalynyň az-kem jany ýerine geldi, ýüregi düşüşdi. Şol wagt kel: - Meniň garbalyp-elegim ýokdur. Maňa bir legenjik getirip beriň, şony kakaýyn — diýdi. Garawulbaşy buýrdy welin, kenizler şol wagt bir legenjik getirip berdiler. Kel ol legeni eline alyp: - Indi serediň, men şu sandykdan bir adam, şol duran güpden hem bir adam çykararyn. Goý, ikisi garşyma-garşy gelip, siziň öňüňizde oýnasynlar. Men legenjigi kakaryn, olar çykarlar — diýdi-de, legenjigi eline alyp kakyp başlady we: - Serediň-ä, serediň, şimdi çykar ajaýyp, imdi çykar ajaýyp, şimdi çykar täsinlik, imdi çykar täsinlik, ajaýyba – ajaýyp, täsinlig-ä täsinlik — diýip, legenjigi kakyp sandygyň ýanyna gelip durdy-da, elini bir gezek çarpdy. Soňra egilip assajykdan sandygyň içinde ýatan ýigide: «Syrtyňa depdigim gedi, seni bu sandygyň içine kim saldy? Eger gutulmak islegiň bar bolsa sandykdan çyk. Diňle, güpüň içinde hem bir nejis bar, ony hem çykararyn. Men legenjigi kakyp başlaryn welin, siz biri-biriňize garşyma-garşy durup, oýnaň. Oýnap ýörüşiňize hem gapy tarapa ýakynlaşyň. Soňra hem gapydan daşary çykyp ardyňyza öňüňize bakman gaçyň-da gutulyň. Ýogsam walla, garawulbaşy sizi şeýle bir urar welin, diriligiňiz zym-zyýat bolar. Häzir ýat, emma men aýdan wagtym çykarsyň — diýip, elindäki legenjigi çalyp barşyna gürüň ýanyna geldi. Soňra bir gezek elini çarryp, egilip, güpdäki ýatana garap: - Syrtyňa depdigim gedi, güpe giren wagtyň seni gördüm. Eger, gutulmak islegiň bar bolsa: «Eý güpdäki kişi, gel, çyk» diýen wagtym güpden çykarsyň hem-de sandykdan çykan adam bilen garşyma-garşy durup oýnarsyň. Soňra hem lap-lap edip, gapydan daşary çykyp halas bolarsyň. Ýogsam garawulbaşynyň elinden gutulyp bilmersiň — diýip aýtdy. Soňra ýene-de: - Sagynyp gorkmagyn. Men çykyň diýen badyma çykyň — diýip, mäkäm tabşyrdy. Emma garawulbaşynyň aýaly oturan ýerinden gozganjyrap başlady, meňzi üýtgedi. Garawulbaşy aýalynyň meňziniň üýtgändigini görüp: - Eý, janymyň janany! Ýüzüň beýle üýtgärdir-le. Onuň beýle üýtgemeginiň sebäbi nämedip? — diýip sorady. Onda aýaly: - Men gorkýaryn häzir bu sandyk bilen güpden neneňsi adamlar çykarka? — diýende, garawulbaşy: - Eý, meniň janymyň janany, gorkma! Ol hokgabaz gözbagçydyr. Onuň sandygyndan we güpden çykarjak bolýan adamsy hakyky adam däldir. Hyýalda görkezýändir. Sagynyp gorkma. Gaty gowy oýun-tomaşa görkezse gerek. Seret tomaşa eýle — diýeninden soň aýalynyň biraz ýüregi düşüşdi, jany aram tapdy. Ol aýal oturan ýerinden: «Eger oýnaşym güpden çykan wagty, birdenkä, garawulbaşy ýagny ärim duýaýsa men näme jogap bererkäm» diýip oýlandy. Soňra bolsa «Hoş indi seredeýin, iş nirä baryp ýeterkä» diýip, arkaýyn oturdy. Emma garawulbaşynyň özi hem hokgabaz sandygy hem-de güpi jadylandyr diýip çaklaýardy. Kel hokgabaz güpüň ýanyndan yzyna gaýdyp gelip, legenjigini kakyp ortarada durdy. Soňra garawulbaşa garap: ─ Eý, ependi, buýruň, kenizler öýüň gapysyny açsynlar. Sandyga we güpe bolan jadylygymy tamam etdim. Ýöne bu görkezjek sungatym beýik sungatdyr. Gapylaryňyzyň açyk durmagy gerek. Sebäbi meniň işim kän bir oňuna bolman birden siziň gaşyňyzda utançly bolaýmagym mümkin. Meniň eden işim birden halanylman durmasyn. Çünki meniň bu etjek bolýan işimi hiç bir zamanda hiç bir hokgabaz görkezen däldir — diýende, garawulbaşy kenizlere emr etdi. Kenizler ähli gapylary açdylar. Hokgabaz elindäki legenjigini kakan bolup: - Şindi çykar ajaýyp, ajaýyb-a ajaýyp, indi çykar täsinlik, täsinlig-ä, täsinlik — diýip, sandygyň gapagyny açan badyna onuň içinden eneden dogandakysy ýaly çyp-ýalaňňaç bir adam çykyp, böküp-böküp tans edip oýnamaga başlady. Ony gören garawulbaşy aýalyna garap: - Gaty ussat hokgabaz eken. Ajap, güpden hem birini çykaryp, garşyma-garşy oýnadarmyka — diýeninde aýaly: - Sandykdan çykardy, güpden hem çykarsa gerek. Eger güpden hem bir adam çykaraýsa, ajaýyp oýun-tomaşa bolar — diýdi. Kel hem eline depini alyp, orta geldi. Soňra güpüň ýanyna gelip: - Haý, şindi çykar ajaýyp, ajaýyp hem täsinlik. Haý, indi çykar täsinlik, täsinlik hem ajaýyp. Hany güpden hem bir ajaýyplyk çyksyn — diýdi. Garawulbaşynyň aýalynyň güpe salyp goýan oýnaşy bir gassap ýigitdi. Ol ýigit kel sözüni soňlan badyna eneden dogma çyp-ýalaňaç bolup güpden çykyp, sandykdan çykan kişi bilen garşyma-garşy durup lap-lap edip oýnamaga başladylar. Garawulbaşy aýalyna garap: - Sagyn, gorkma meniň janjagazym. Bular hakyky adam däldirler, hyýalydyrlar — diýdi. Güpden çykan gassap ýigit bilen sandykdan çykan ýigit garşyma-garşy durup oýnamaga başladylar. Oýnap ýörkäler kel olara garap: «gapy tarapa gidiň» diýip, yşarat etdi. Iki aýalyň oýnaşlary hem ortada oýnap ýörkäler keliň yşaratyny görüp, pursaty elden bermän, syçraşyp, lap-lap edip, gapa tarap ugradylar. Ondan hem gapy açyk bolansoň daşary çykyp gaçdylar. Kel olaryň halas bolanyny görenden soň öz-özüne: «Hile bilen olary halas etmek ökde hünär däldir. Ökde hünär özüňi hem halas etmekdir. Ýogsa, olaryň iýjek kötegini sen iýersiň» diýip oýlandy. Garawulbaşy hokgabazyň bu eden işine haýran bolup, öz-özüne: «Kör hokgabaz gördüm, emma munuň ýaly ökde hokgabazy we onuň eden sungatyny ömrümde gören däldirin. Ol özüniň sandygyndan bir adam, meniň güpümden bir adam çykardy. Bu hünär örän ýokary hünärdir. Bu sungat beýik sungatdyr. Beýle zady hiç kim görenem däldir, eşidenem däldir» diýip, bolup geçen zatlardan hiç zat aňlaman, hakykatdan hem gözbagçylykdyr diýip hasaplap çuň pikire gitdi. Kel hem garawulbaşynyň özüniň eden hilesine we sungatyna akyl ýetirip bilmän haýran galyp durandygyny aňlady. Onsoň: - Eý, ependi, güpden ýa-da sandykdan adam çykarmak bu bir uly hünärem däldir, üýtgeşik sungatam däldir. Hünär ine şudur, häzir gidip, daşardan olaryň birini maýmyn edip, beýleki birini bolsa pişik edip getirip, garşyňyzda oýnatmakdyr. Ine, şonda hakyky hünäri görersiňiz. Hakyky syr hem şu syr bolar. Bu etjek bolýan sungatyma has hem haýran galarsyňyz — diýeninde garawulbaşy: - Hawa, hany göreliň, eger ussat hokgabaz şu aýdan işini hem görkezse, onda bu görkezen sungaty üçin ol uly sowgat-serpaýa mynasyp bolar — diýende aýaly: - Walla ependim, bu hokgabaz örän ussat eken. Ol bu sungat boýunça örän kämil hokgabaz eken. Görülmedik tomaşalar görkezýär. Eger ol ýaňky aýdýan sungatyny hem görkezse, onda onuň örän hünärmendigi has hem belli bolar. Onda ol sowgat-serpaýa hem haklydyr — diýdi. Ol aýalyň bu sözlerden islegi garawulbaşyny höweslendirip, bir ýol bilen keli daşary çykaryp gaçyrmak, şeýdibem öz syryny paş etmezlikdi. Garawulbaşy: - Hany göreýin sen ýene näme iş başararsyň — diýdi. Kel öz köňlünde: «Bir daşary çykyp bilsem, oýun tomaşany şonda görersiň» diýip, syýlaryny çyzňar, garawulbaşa garap: - Aga, ependi, iki adamyň birini maýmyn, beýlekisini hem pişik etsem bolýarmy, ýada birini eşek edeýinmi — diýdi. Onda garawulbaşy: - Eşegiň maýmyn bilen mynasybeti ýokdur. Gowusy pişik et — diýdi. Onda kel: - Onuň ýaly bolsa siz indi tomaşa ediň, görüň neneňsi edip hünär görkezerin, siz hem haýrana galyp maňa pisindiňiz oturar — diýdi. Onda garawulbaşy ýene-de: - Bol, hany göreli — diýip, ony gyssady. Kel eline legenjigini alyp, syçrap ýerinden turup, legenjigi kakyp gapydan daşary çykdy-da, eglenmezden merdiwandan aşak düşüp, howlynyň gapysyndan çykyp, gaçyp gitdi. Soňra öýüne gelip, gapysyny açyp, içeri girdi-de şol dem aýalyna talak berip, öz işine meşgul boldy. Garawulbaşy ençe wagtlap garaşdy, emma görse hiç-hili gelýän-gidýän ýok. Aýaly bolsa, keliň gaçyp gidendigini bildi. Emma syr bermän, kele köňlünden doga-dilegler etdi. Garawulbaşy bolsa durup-durup, hokgabazyň gaçyp gidendigini bildi. Emma, ol bu bolup geçen zatlardan hiç bir zat aňlamady. Eý, jan jigerlerim! Meniň bu kyssadan maksat-myradym ybrat-sapak bermekdir. Hiç wagt aýallaryň üstünde kökenek bolmaň hem-de aşa boş hem goýmaň. Çünki, olar egri gapyrgadan hasyl bolandyrlar. Olary aşa dogurlaýyn diýseň hem döwler, boş goýsaň-da egreler. Ýöne, Haktagalanyň özi ýaramazlaryň hakyndan çykýandyr. Şeýdip, ýaramazlar beýle aşa başa çykmazlar. Ýaramazlary-da Haktagala dogry ýola salsyn we olary gönülesin. Biz Hudaýtagaladan diňe şony diläliň. Taýýarlan: Gurbangül GUZUÇYÝEWA. | |
|
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Togsan dört ýylyñ derdi / nowella - 27.08.2024 |
√ Paşmadyk keýp / hekaýa - 21.08.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Ýolbars / hekaýa - 17.12.2024 |
√ Ynsap bizden aýrylmasyn... / hekaýa - 14.12.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Çöregiň ysy / hekaýa - 28.06.2024 |
√ Çuwalgyz eje / hekaýa - 16.10.2024 |
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||