12:20 "Men mazarymyñ bolmagyny islämok" | |
EZIZ NESINIÑ IÑ SOÑKY GÜNLERI WE ÖLMEZINIÑ ÖÑ ÝANYNDA EDEN WESÝETI: "MEN MAZARYMYÑ BOLMAGYNY ISLÄMOK!"
Sözler
Hakyky ady Mehmet Nusret bolan dünýä belli türkiýeli satiraçy ýazyjy 1915-nji ýylda Stambulda garyp maşgalada dünýä indi. Ol satira, proza, drama žanrlarynda we şygryýetde türk hem-de dünýä edebiýatynyñ altyn hazynasyna ençeme eserler bagyş etdi. ÝUNESKO-nyñ "Index Translationum" žurnalynyñ berýän maglumatyna görä Eziz Nesiniñ ady dünýä dillerine eserleri iñ köp terjime edilen ýazyjylaryñ arasynda öñdäki orunlary eýeleýär. Ýazyjynyñ iñ gowy hekaýalary türkmen diline hem terjime edilip, üç gezek aýratyn kitap görnüşinde ("Şermende haçan doguldy?", "Aýal bolaýan bolsam...") neşir edilipdi. Sowet döwrüniñ türkmen metbugaty Eziz Nesiniñ satiriki hekaýalaryny geçen asyryñ 60-njy ýyllaryndan bäri hemişe diýen ýaly çap edip geldi. Garaşsyzlygymyzy gazanansoñ hem onuñ hekaýalary orta mekdepleriñ okuw kitabyna girizildi. Şeýle-de www.kitapcy.ga saýty-da onuñ ýazyjy Täçmämmet Jürdekowyñ, žurnalist Döwlet Esenowyñ, terjimeçi Kemal Yklymowyñ terjime eden hekaýalaryndan hem-de öñ türkmen diline geçirilmedik iñ gowy hekaýalaryndan birnäçesini terjime edip okyjylaryñ dykgatyna ýetirdi, gelejekde hem bu asylly iş dowam etdiriler. Eziz Nesin türkmen edebiýatynyñ hem uly dostudyr. Onuñ Aşgabatda döredijilik saparynda bolanda, özi ýaly satirik ýazyjymyz Täçmämmet Jürdekow bilen bile düşen suraty "Edebiýat we sungat" gazetiniñ 2017-nji ýyldaky sanlarynyñ birinde çap edilipdi. Eziz Nesiniñ syýasy garaýşy, tutanýerliligi we batyrgaýlygy, onuñ ateistik ynanjy üçin käbir gatlaklaryñ ýiti tankydyna ýygy-ýygydan duçar bolýandygyna garamazdan her bir edebiýat adamsyna nusgalyk ýazyjydyr diýilse hiç bir babatda öte geçildigi bolmaz. Ýazyjy ýaşan ömründe ellä ýakyn edebi baýraga mynasyp boldy. 1995-nji ýylyñ 6-njy iýunynda Türkiýäniñ Izmir şäherinde aradan çykan ýazyjy ertesi gün öz wesýetine eýerilip, hiç hili depin işleri ýerine ýetirmezden we mazar ýeri belli edilmezden Nesin fondunyñ howlusynda jaýlandy. Çünki Eziz Nesin ölmezden öñ: "Jynazamyñ okalmagyny islämok" diýip wesýet edipdi. Ol wesýetine şeýle täsin jümleleri ýazypdy: "Meniñ wesýet etjek iñ esasy zadym: şu jynaza diýilýän masgarabazlyk, ikiýüzlilik... Bir söz bilen aýdanymda, halamok, ýigrenýän şu jynaza diýilýän kezzapçylygy... Bu söz agzalsa, edil ýöne ýüregimden sanjyp, posly kütek pyçak sokulyp çykarylan ýaly bolýar... Şular ýaly gam-gussaly çagymda ýeke galmak isleýän. Fondda çagalaryñ ýanyna gitmelem däldim. Wesýetnamamy ýazyp bilen bolsam, birinji maddasy "Jynazamy okamañ!", yzyndanam "Gazetlerde ölendigim hakyndaky habarlary çap etmäñ..." diýen söz bolardy. Hemme ýere, hemme işe ýetişip bilmeýşim ýaly wesýetimem ýazyp bilmän gijä galdym. Ölemsoñ nähili depin etjekleriji bilmesemem, ölmezimiñ öñ ýany meni jaýlanlarynda ediljek ýasamalygy azajygam bolsa duýup bilýän... Dirikäm hiç bir borjuny ýerine ýetirmedik birgiden adam meniñ jynazama durup "iñ soñky borjumyzy ýerine ýetirdik" diýip, ýalandan öz-özlerini aldarlar... Maña jynaza okalmazlygy üçin näme etsem gowy bolarka? Ah, şu zatlaryñ barsyny wesýetimde ýazan bolsam gowy bordy... Bir isosorbit içäýsemmikä? (Isosorbit - kellagyry dermany -t.b.). Yzalarym barha ýygylaşýar we köpelýär. Meniñ meýdimiñ döwlet hassahanalarynyñ birine berilmegini we medisina ugrundan okaýan talyplaryñ kadawramyñ üstünde sapak geçmegini isleýän. Munuñ şeýle bolmagyny hasam köp isleýärin. Wesýetimde şeýle ýazsam gowy bordy: Nämäm bolsa, näme eden bolsam hemmeleriñ olary gutarýança peýdalanmagyny, hiç zadymyñ zaýalanyp gitmezligini isleýärin. Menden soñ ýeke galjak zat jesedimdir, goý, ondanam kim nähili peýdalansa peýdalansyn. Ýöne meniñ gadyrdan hekim dostum näme üçindigini aýtman, mydama bu pikirime garşy çykýar... Sebäbine düşünmänem duramok. Belkäm, ol duýguçyllyk edýändir. Wesýetimi ýazyp bilen bolsam, üçünji maddasy mazar hakynda bolmalydy. Garaýyşlarym meniñ özüme degişlidir we olara "näme üçin eýle, näme üçin beýle.." diýilmegini islämok. Özgeler özüne nähili mazar etdiresi gelse etdiribersin, emma men öz mazarymyñ bolmagyny islämok. Men adamyñ ölenden soñ ruhunyñ barlygyna ynanamok, ýeri onsoñ, onuñ mazarynyñ bolmagynda we gerekliliginde näme many bolup biler? Talyplar tejribe geçirip bolansoñ, meýdimi hiç hili jynaza çäresini geçirmezden Nesin fondunyñ howlusynyñ içinde haýsam bolsa bir ýere gömüñ we ol ýere daşdyr tümmek ýaly yşarat ýa belgi goýmañ. Gülem goýmañ. Meniñ görmedik, ysgamadyk güllerim meýdimiñ gömlen gumunyñ üstünde süllerip çüýräp galsa diýseñ gynanaryn. Gül diýeniñ berilen adamyny begendirse ýagşy. Meni gömeniñizi Nesin fondunyñ bir çagasy-da göräýmesin. Yzymdan aglanmasyny, ýas tutulmasyny, hatyrama nutuk sözlenmegini hem islämok. Meni gömen ýeriñiz wagtyñ geçmegi bilen ýatdan çykyp gitsin... Ýere gömlen jesedimden mundan beýläk tebigat, tebigy barlyklar peýdalansyn. Wesýetimi ýazyp bilmändigim üçin ölenimden soñ mazar meselesiniñ düşünişmezlik döretjeginden çekinýän. Türkiýede gonamçylyklar dinlere görä bölünendir. Dinsizler üçin mazar ýeri ýok. Men bolsa musulmanlaryñ "ýatmaga mazary-da ýok, görem kabul etmez şony" diýýänlerinden". | |
|
Teswirleriň ählisi: 5 | ||||
| ||||