MERGENIÑ GÜJÜGI
Sähet aga bu gün hem öňki endigine görä, öz howlusyndan çykdy-da, gündogar ýüzlerindäki belent jaýyň gapdalyndan aýlanyp gidýän ýanýola düşdi. Ol rahat şäheriň salkyn gijesinde öz maýdaljygyna ýöräp, göwnündäki ýagşy pikirlere gümra bolup barýardy.
Ýaşuly birden sakga saklandy. Onuň gulagyna gapdaldaky gyrymsy bagyň içinden nämedir bir zadyň çyňsaýanmy, aglaýanmy sesi gelen ýaly boldy.
Ýaşuly diňşirgendi. Ol bu ses çagajygyňkydyr öýtdi. Soň gulak asyp duransoň, bu sesiň güjügiň sesidigini aňdy.
Ol tikenekli gür şahalaryň bagjagazyň düýbüne çolaşyp galan kiçijek güjüjegi zordan çekip aldy. Bu güjejek kiçijekligindenem beter, gaty üşäp, çyňsap, titreýärdi. Ol özüni halas eden adamyň aýalaryny, barmaklaryny gyzgyn dili bilen ýalaşdyrdy. Soňam öl bolan kirli tüýüni guratmak üçin gaýta-gaýta silkinen boldy.
Ýaşuly eli güjükli iki ýoluň ortasynda, öňe gitjeginem, yza gaýtjagynam bilmedi.Güjügi göterip gaýdybermegem birhili gördi. Soň ol bu güjügi elinden düşürmän, ýoluň gyrasynda gazly suw satýan Şekeriň ýanyna geldi.
- Şeker jan, gyzym, bu güjük kimiňkikä, öz-ä gaty horlanypdyr. Men muny agaçlaryň arasyndan tapdym. Çolaşyp galypdyr. Munuň eýesiniň kimdigini bilip, äkidip bersek gowy boljak. - diýdi.
Şeker, megerem şu güjükden bizar bolana meňzeýärdi.
- Ony şu jaýlardaky oglanlar baýyrdan tapypdyrlar. Gündiz-ä ony süýräp, oýnap horlaýarlar, agşam boldugam taşlap gidýärler. Janawar aç güni bilen, gijesi bilen çyňsap çykýar. Şuňa bir gowja eýe tapyls-a, ulalsa it dagy boljak däl öz-ä. Ýogsa, çagalar güni bilen süýräp, depgiläp, öldürjekler, ony. Ýaňam şu ýere gelip, çyňsap dur, aç, ol, kim ony doýursyn. Dözmän, agaçlaryň arasyna eltip , men goýdum...
Sähet aga güjüge dözmedi.
- Eger bu güjügi men alaýsam nähili bolarka, Şeker jan!- diýip, ol ýuwaşja aýtdy. - Beýle eýesiz bolsa.
- Al, al, onuň eýesi ýok. Düzügli eýe bolanda ony gijesine taşlap gidermidi. Men rugsat berýän. Ol haram öljeg-ä. Ölenden, ony alyp idäniň ýagşy dälmi!
Sähet aga güjügi öýüne getirdi.Bu eýjejik güjügi görüp, onuň aýaly Güljemal eje-de begendi.
- Kakasy, bu eýjejik zady nireden aldyň? - diýip, hoşamaýlap sorady.
- Ýoldan tapdym, dözmedim. Agaçlaryň düýbünde çolaşyp, çyňsap ýtan eken. Zordan boşadaýdym. Soň elimden düşüresim gelmedi. Eger, erte-birgün eýesi tapylmasa, howla bir it gerek, özümize alaýarys.
Aýaly begendi.
- Gowy bolaýypdyr, nahardan- beýlekiden galan-gaçany berere-de zadymyz ýok.Hany, getir bäri...
Güljemal eje güjüjigi ýyljak suwa salyp, sabynlap şagşy ýuwdy, soň gury esgi bilen süpürdi-de, onuň öňüne bir tabak süýt goýdy.
Güjüjek özüni ýyly suwa salyp, suwa düşürenlerini gaty görüp, çyňsap, urnan hem bolsa, süýt berlensoň Güljemal eje bilenem, Sähet aga bilenem derrew ýaraşdy. Garny doýansoň, ýyljak ýerde, ýumşak düşegiň üstünde tä daňdana çenli guzy ýaljak rahat ýatdy.
Birküç günden güjüjek bu giň howla ýagşy öwrenişdi. Ol özi üçin bejerilen ýerde arkaýyn ýatyp, ajygan wagty öz tabagyny tanap, ylgap baryp ajygandygyny düşündirýärdi. Soňra Güljemal ejäniň beren naharyndan garnyny doýrup, towuklary kowalan bolup, oýnaýardy. Sähet aga işden gelende jöw-jöw edip, begençli üýrýärdi.
Sähet aga bir gün işden gelende howlusynyň işigindäki çagalary görüp, haýran galdy.
- Näme bolupdyr? - diýip, ol çagalar bilen salamlaşandan soň howsalaly sorady.
- Ol Mergeniň gülügi!
- Siz Mergeniň güjügini alypsyňyz! - diýip, çagalaryň ekabyrragy aýtdy.
- Haýsy Mergen, ol ?
Bir gyrada, sähel käýelse, aglamaga taýýar bolup duran oglanjyk bolsa, özüniň Mergendigine utanýan ýaly, ýere garap otyrdy.
- Meniň güjügim. Özüm baýyrdan tapdym. Gulagyny, guýrugyny kesdim, iki sapar süýtlaş berdim, näme.
Sähet aga başyny ýaýkady.
- Soňam, agşam köçä zyňyp gaýtdym - diý.
- Ýok - diýip, Mergen jidir-jidir etdi. - Men ony buky ýerde gizläp gaýtdym. Soň, çagalar ony köçä taşlapdyrlar... Ol meniňki, beriň meniň güjügimi.
Sähet aga howlukmady.
- Sen haýsy gatda ýaşaýaň?
Mergen belent jaýyň depesine seretdi.
- Ýedinji gatda.Men ony üçekde ýaşatjak.
- Niräniň üçeginde.
- Dokuzynjy gatyň üçeginde. Günde süýtlaş bererin. Adyna-da Aždar dakaryn...
Sähet aganyň ýüzi agardy. Ol:
- Köşegim. - diýdi. - Beýdip, haýwany horlamak nämä gerek. Horlasaň, herki zadyň günäsi bardyr ahyryn. Men howluda ýaşaýan. Näçe diýsem ýerim bar. Güjügiňi bärde goýsaň, ol bu ýerde aç-hor bolmaz. Emma sen ony onunjy gatda goýup gitseň, olam ýatagyndan çykyp, oňa bir zat bolsa, sen agyr günä galarsyň. Goý, ol häzirlikçe bizde bolubersin.Ýerde ýatak guran günüň, han-a, güjügiň, al-da gidiber. Maňa seniň güjügiň gerek däl, ol üşäp, ajygyp, çyňsap ýatansoň, oňa dözmän alyp gaýtdym. Emmaň öňa aşakdan ýer ýasaýançaň, men ony saňa berip bilmen.
Ol şeý diýdi-de, howlynyň derwezesini ýapdy.
- Bu obanyň çagasy bizi göçürjek, güjügimizi beriň- diýip. - Halys bizar etdiler. - diýip, Güljemal eje zeýrendi.
Ýaşuly naharlandy, çaý içdi. Soň ýene howla çykdy. Ol şindem dargamadyk çagalary gördi. Olar ýaşulyny görüp, yzlaryna serpikselerem, dargamadylar.
- Güjügimizi beriň! - diýip, çagalaryň biri gygyrdy. Soň olaryň ählisi diýen ýaly, "Güjügimizi beriň!" diýip gygyrmaga başladylar.
Sähet aga ýanyna ylgap gelip, elini, barmaklaryny ýalaşdyran eýjejik güjüjegi gujagyna aldy-da, derwezä ýöneldi.Işigi açyp, güjügi gujagyny gerip duran oglana berdi.
- Me, al, güjügiň özüňe nesip etsin...
Çagalar güjüklerini alansoňlar derwezäniň agzyndan garasar ören ýly bolup, ýaýrap gitdiler...
Aradan üç-dört gün geçipdi. Dynç güni bolansoň, Sähet aga howlusyndaky pelleriň birinde güýmenen bolup ýördi. Derweze batly-batly kakyldy. Ýaşuly derwezä ýöneldi. Işik açylanda, ýaşuly gözlerine ynanmajak boldy. Işikde Mergen boýnuny sallap durdy. Onuň gujagynda bolsa hor-homsyja güjügi bardy.
Mergen salam berdi. Sähet aga onuň salamyny aldy-da, oňa seretdi.
- Hä, indi näme?
Mergen müzzerildi.
- Güjügimi hemişelik alaýyň-da. Men ýalňyşypdyryn. Muny saklap bilmän gury günäsine galýan-laý...
Sähet aga az-kem säginip durdy.Soň yzyna öwrüldi-de, derwezäni ýapmakçy boldy.
- Maňa seniň güjügiň derkar däl, günäsinem, sogabynam özüň al. Soň eýle boldy, beýle boldy“ diýip başymy agyrdyp ýörjek däl, bar, äkit.
Mergen halys özelendi.
- Ýok, agam, gepim çykmaz. Men size halal berýän. Men gaty ýalňyşypdyryn. Alaýyň! Güjük sizi gaty gowy görüpdir. Ol maňa-da gelenok.
Ýaşuly kiçijik güjigi oglanjygyň elinden emaý bilen aldy-da:
- Adyna näme dakdyň—diýdi.
- Aždar! Ýöne ol onuň ýalan ady. Özüňiz näme daksaňyz dakyberiň. - diýdi-de, yzyna garaman gitdi. Ýaşuly güjügi howla goýberdi. Güjüjik bolsa ylgap-ylgap öňki ýerine baryp, içi suwly jamdan şalp-şalp edip suw içdi-de, özüniň barlygyny, indi hemişelik gaýdyp gelenini buşlaýan ýaly, gysgajyk, gysgajyk üýrüp, Sähet aga bakan gaýtdy.
18.09.1999 ý.
Hekaýalar