10:31 Merw - Gündogaryñ jenneti | |
Merw – Gündogaryň jenneti (taryhy ýazgylardan)
Taryhy makalalar
Merw diýlende «Merwi Şahyjana» düşünilýär. Manysy «Patyşanyň ruhy» diýmekdir. Bu ýerde esasy Merw göz öňünde tutulýar. Ol Horasan şäherleriniň iň meşhurydyr. Ol ýerde Abdylla ibn Mübäregiň ussatlaryndan Sufýan ibn Seýit Söwri, dosty Yshak ibn Rahuýe, mezhep ymamlaryndan Ahmet ibn Hanbal ýaly alymlar, meşhur adamlar kemala gelipdir. Abdylla ibn Mübärek taryhy örän gadymyýete daýanýan bu şäheriň kim tarapyndan düýbüniň tutulandygynyň näbellidigini belläp geçipdir. Ine, şu hekaýa şäheriň gadymylygy barada örän gowy mysaldyr: «Merwiň galasy uly göwrümlidir. Tahmuras atly bir hökümdar bu galany bina etdiren wagty müň adamy işledipdir, olaryň mätäç bolan zatlaryny almaklary üçin galanyň ýanyndan bazar gurdurypdyr. Işçiler gazanan pullaryny ýene-de bu bazarda harçlamaklary sebäpli gala gurlup tamamlanandan soň, onuň binýady üçin diňe müň dirhemiň sarp bolandygy ýüze çykypdyr». Bu gadymy galanyň soňky ýagdaýyny düşündirýän başga-da hekaýat bar. «Şägirdi Abu Yshak Talykany Razyk derýasynyň boýunda ýerleşýän Arap metjidinde Abdylla ibn Mübäregiň ýanynda bolan wagty içki gala çöküpdir we onuň käbir sütünleri ýykylypdyr. Arasyndan kelleçanaklar çykapdyr. Kelleçanagyň döwlüp dargan dişlerinden iki sanysynyň agramy çekilipdir, olaryň her biriniň iki okga (1283 gr.) agramyndadygy mälim bolupdyr. Abdylla ibn Mübärek olary eli bilen hereket etdirip: «Bu dişler şeýle ululykda bolsa beýleki agzalary nähilikä?» diýip, geň galyp sorapdyr. Abdylla ibn Mübäregiň hem ýaşlygyny geçiren ýeri, hem-de hijriniň 141-nji ýylynda ylym öwrenmek üçin dürli şäherlere syýahata çykan ýeri bolan Merw şäheriniň geografik ýerleşişini we onuň taryhy ýagdaýyny gysgaça gözden geçireliň. Merw Orsýetiň Hazaryň gündogaryndaky ülkesinde ýerleşýän Aziýa çöllügindäki şäherdir. Bu şäher Garagum çölüniň 370-300 demirgazygynda we 620 gündogarynda, Hyratdan 230 mil demirgazykda we Hywadan 280 mil günortada ýerleşýär. Tutýan meýdany 1900 inedördül mildir. Hazar deňzinden Pamir daglaryna çenli uzalyp gidýän Köpetdag we Hindiguş atly belent daglar, takmynan Merwiň 180 mil günortasynda bölünýär. Bu ýerdäki boş aralykdan ýa-da ýakynlaryndan demirgazyga tarap ugurdaş görnüşde Gerirud (Tejen) we Murgap derýalary akýar. Olaryň soňy Garagum çölünde ýitip gidýär. Şeýlelikde, Merwiň araçäk galasy emele gelýär. Bu derýalar Owganystanyň demirgazyk-günbataryndan girelge, şeýle hem demirgazyk-gündogar Eýran bilen Buharanyň we Samarkandyň aralygynda gatnawly ýoly emele getirýär. Bu çöllük Murgap derýasyndan çekilýän ýaplar arkaly suwarylýar. Merwiň bu topragy bütin Gündogarda ajaýyp önümleri bilen meşhurdyr. Ol ýerde her dürli ir-iýmiş we miweler ýetişýär. Bugdaý, jöwen, arpa, gawun, şaly, pagta we ýüpek gurçugy ýetişdirilýär. Bu şäher hakynda Ibn Hawkal şeýle habar berýär: «Şäher arassa we örän tertiplidir. Binalaryň ýerleşişi ýaplara we merkezlerden çykýan ýollara görä tertiplenipdir. Iki ýoluň birleşýän ýeri bolan çatryklar beýleki şäherleriňkiden tapawutlydyr». Adyl Teýmiriň «Bagtyýar asyryň köprüsi» atly kitabyndan. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |