10:56 Meşhur şahyry ýatlap... | |
MEŞHUR ŞAHYRY ÝATLAP...
Edebi makalalar
Häzirki zaman türkmen şygryýetinde Gurbannazar Ezizow ýaly uly meşhurlyga eýe bolan şahyr seýrekdir diýsek hakykatdan daş düşdügimiz bolmasa gerek. Dogrudan hem ol bary-ýogy 35 ýyla basalykly ömründe özüni uly şahyr hökmünde tanadyp, okyjylar köpçüliginiň ýüreginde müdimilik orun almagy başardy. Geçen asyryň altmyşynjy, ýetmişinji ýyllarynda ýaş türkmen poeziýasy hakynda gürrüň edilende, şahyr Gurbannazar Ezizowyň ady öz döwürdeş şahyrlarynyň baýdak göterijisi hökmünde getirilerdi. Ol häzirem şeýle. Häzirki günlerde-de şygyr-goşgy, şahyr hakynda gürrüň gozgalsa, köplenç bu meşhur şahyryň döredijiliginden mysal getirilýär. Türkmen sährasyna, dagyna-düzüne ýüregi bilen berlen şahyr güýz paslyna aýratyn duýgy bilen garap, bu sahy-jomart pasyla ençeme goşgulary, uly meşhurlyk gazanan sonetler çemenini hem bagyşlapdy. Şahyryň şygyrlaryny okanyň-da, çuňňur pikir-pelsepä ýugrulan goja kişi bilen söhbetdeş bolan ýaly duýgyny başdan geçirýärsiň. Onuň goşgularyndaky pikirleriň bollugy, çuňlugy we şonuň bilen birlikde-de çeper beýan edilýänligi bada-bat ünsüňi özüne çekýär. Şahyr öz eserleri bilen dünýäde bolup geçýän ähli zatlardan diňe gowy many çykarmagy ündeýär. Şahyryň: Oňarsaň bar zady oňatlyga ýor, Belki-de, ýorgudyň ýerine düşer. Ikibaşdan gündogardan Gün dogar, Ikibaşdan günbatarda Gün ýaşar. - diýen bent bilen başlanýan goşgusy bu babatda aýratyn gürrüň edilmegine mynasypdyr. Bu goşgy edil türkmen aganyň «Ýagşy niýet-ýarym döwlet» aýtgysyndaky ýagşy niýetli bolmalydygy baradaky pähim-parasatly pikiriň dowamy ýaly bolup kalbyňa dolýar. Şeýle ajaýyp pikire gol ýapýan şahyr şygryny şeýle jemleýär: Ýaramaz düýş görüp, ýörme dumanda, Ýaramazlyk bolmasa seň küýüňde. Hanha, ýyldyz süýndi gitdi asmanda, Çaga dogdy goňşymyzyň öýünde... Nähili ajaýyplyk! Ýogsa türkmen ýyldyz süýnmesini bir bendäniň ömür yşygynyň öçmegi bilen hem baglanyşdyrýar. Şahyr bolsa şu hili wakanyň hem ýagşylyga ýorulaýsa gowy boljakdygy baradaky pikiri seniň kalbyňa guýýar. Ine-de, şahyryň beýleki bir goşgusyndan mysal: Entek sadalykdan zyýan çeken ýok, Sada bolsun ogulyňyz-gyzyňyz, Geçsin ýazlaryňyz hereket bilen, Bereketli gelsin tylla güýzüňiz... Özüniň bütin durkuny, döredijiligini lükgeligi bilen eziz Diýaryna, onuň mähriban adamlaryna bolan belent söýgä bagyş eden ajaýyp şahyr, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gurbannazar Ezizowyň eserleri häzirki döwürde has belentden ýaňlanýar. Baharyň başynda doglan şahyr Gurbannazar Ezizowyň döredijiligi türkmen şahyrlarynyň arasynda esasy orunlaryň birini eýelemek bilen, edebi mirasyň ebedi mirasdygyny ýene-de bir gezek subut edýär. Täjigözel ATAÝEWA. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Altyn sähra etrap birleşmesiniň başlygy. # "Maru-şahu Jahan" gazeti, 01.03.2016 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |