10:42 Meşrep diwana | |
MEŞREP DIWANA
Edebi makalalar
Öz halkyň geçmişini, taryhyny öwrenmegiň, öwrenen zatlaryňy hem halk bilen paýlaşmagyň özboluşly lezzeti bar. Hut şonuň üçin hem meşhur şahsyýetler barada ýaşululardan sorap öwrenmek, dürli kitap çeşmelerinden maglumat toplamak meniň üçin gyzykly pişe. 2007-nji ýylyň iýun aýynda dogduk obam Çukur bilen Bendesen obasynyň arasynda ýerleşýän “Meşrepi” atly ýerde öwlüýä aýmança aýlanyp, soň uly sadaka berildi. Şondan soň “Meşrep” atly şahsyýet barada ýaşululardan rowaýatlar ýazyp aldym, dürli kitap çeşmelerinden maglumat topladym. Gyzylyň gyryndysy ýaly bu maglumatlary kitapcy.ru saýtynyñ okyjylary bilen paýlaşasym gelýär. A.Meredow we S.Ahallynyň "Türkmen klassyky edebiýatynyň sözlügi” (Aşgabat. “Türkmenistan” 1988 ý. 226 sah.) atly kitabynda “Meşrep” atly şahsyýet barada şeýle maglumat berilýär: “Meşrep” II. (a. Meşreb) Babarahym Meşrep (takmynan 1657-1711) Andijanda garyp maşgalada eneden bolup, Balhda aradan çykýar. Ol “Meşrep”, ”Mihdi”, “Zinde” tahalluslary bilen eser döredipdir. Meşrep ençeme gazallar, muhammesler hem-de “Merwde-b nur” (“Ýagtylyk çeşmesi”) diýen kitap ýazypdyr. Ol Orta Aziýada, Hindistanda köp ýere syýahat edipdir.“ Meşrep barada A.Meredowyň Magtymgulynyň düşündirişli sözlügi ( II bölüm. Z-S, Gonbed Kabus. 1997ý. 518-519 sah ) atly kitabynda has giňräk maglumat berilýär: "Meşrep (a. meşrep) "şurb-içmek" sözünden; 1) içilýän ýer; 2) tebigat; içki dünýä; 3) gylyk, häsiýet; 4) boluş; hereket; 5) adam ady; Orta Aziýada meşhur bolan şahyr Babarahymyň edebi lakamy. Ol "Mihdi" we "Zinde" lakamlary bilen-de eserler döredipdir. Onuň ady käbir çeşmelerde Babarahym ýa-da Abdyrahym görnüşinde gabat gelýär. Meşrebiň ömri we döredijilik işjeňligi "Özbek edebiýatynyň taryhynda" ( III jilt) mynasyp orun alypdyr. Şol kitapda aýdylyşyna görä, ol Namanganda (käbir maglumatlara görä, Andyjanda ) 1050-nji hijri (1640-1641) ýylynda Belibaba diýen garyp hünärmendiň maşgalasynda eneden bolýar. Meşrep baradaky maglumatlar "Kyssaýy-Meşrep Diwana" diýen kitapda doly berlipdir. Bu kitap Orta Aziýada giň ýaýrapdyr. Babarahym ýaşlykda ýetim galýar, ony ejesi terbiýeleýär. Ol Namanganda ýaşan Molla Bazar ahun ady bilen şöhratlanan Hoja Ubaýdulla işandan sapak alýar. Şu döwürde şahyr Gündogar klassyky edebiýaty, ylaýta-da Hafyzyň, Sagdynyň döredijiligi bilen içgin gyzyklanýar. Meşrep Orta Aziýanyň, Hindistanyň, Owganystanyň köp ýerlerine syýahat edýär, alymlar bilen duşuşýar, dürli ylymlar bilen tanyşýar. Şahyr 1673-nji ýylda Kaşgardan Namangana öwrülip gelende, garyp düşen garry ejesi-de aradan çykýar. Şonda şahyr: Binowadyr men bu bag içre enemden aýrylyp, Men ýetim boldum, neteý, galdy ganatym gaýrylyp - - diýip ýazypdyr. Meşrep özüniň paş ediji sada gazallary bilen ilat arasynda uly abraýa eýe bolýar. Emma onuň bu hili eserleri häkim gatlaga we reaksion ruhanylara ýaramaýar. Netijede, häkim gatlaklar Meşrebi özleriniň ganym duşmany bilip, ony ýok etmegiň ugruna çykýarlar, iň soňunda bolsa, 1123-nji hijri (1711- 1712) ýylynda Balh welaýatynyň Kunduz şäherinde ruhanylaryň pitwasy we şäher häkimi Mahmyt biý Kataganyň hökümi bilen Meşrep şehit edilýär. Edermen şahyr dara asylyp öldürilýär. Şeýlelikde, edil Mansur Hallaç we Ymameddin Nesimi ýaly özüniň feodalizm döwrüniň ideologiýasyna köp jähtden garşy bolan dünýägaraýşynyň pidasy bolýar. Meşrebiň döredijilik mirasy köp sanly gazallardan, murapbaglardan, müstezadlardan, mulammaglardan we başgalardan ybarat. Ol beýik şahyrlar Lutfy we Nowaýy ýaly söz ussatlaryndan görelde alyp, dürli temada ençeme çeper eserler döredipdir. Şular bilen birlikde, Meşrep "Mebde-e-nur" ("Ýagtylyk çeşmesi") atly bir kitap hem ýazypdyr. Meşrebiň gazallary türkmenleriň arasynda-da ýaýrapdyr, ylaýta-da hem zikir çekilende, onuň gazallaryndan (“Molla Bazar Diwana”) aýdylýar: "Meşrep aglar gözlerinde ýaşy ýok, Ol zemindir, göwresi bar, başy ýok.“ 1991-nji ýylda çykan Oraz Ýagmyryň “Gurt Ýakup” atly kitabynda ( Aşgabat, "Altyn guşak“ neşirýaty, 16-17 sah.) Gurt Ýakubyň aýdan dessanlarynyň, rowaýatlarynyň, kyssalarynyň sanawy getirilýär. Şol sanawda 21-nji tertipde “Meşrep diwana” diýlen ýazgy bar. Türkmenistan Milli Golýazmalar institutynyň işgärleriniň berýän maglumatlaryna görä Babarahym Meşrep atly şahsyýet we onuň döreden eserleri barada maglumatlar MGI-niň fondunda saklanýar. Men oba ýaşulularyndan “Meşrep diwana” adynyň gelip çykyşy, umuman “Meşrep” atly taryhy şahsyýet barada sorap gördüm. Türkmenistanyň il ýaşulusy taryh mugallymy bolup işlän, häzir hormatly dynç alyşdaky ýaşuly Anna Batyrowyň pikiriçe Bendesen we Çukur obasynyň arasynda ýerleşýän bu “Meşrepi” öwülýäsinde “Meşrep“ atly taryhy şahsyýetiň at dakylanlarynyň biriniň ýerlenen bolmagy mümkin. Şeýle hem “Agtaran tapar” diýlişi ýaly oba ýaşulularyndan merhum (ýatan ýeri ýagty bolsun) Serbaz agadan, Bendesen obasyndan Çary agadan “Meşrep” atly taryhy şahsyýet barada şu rowaýatlary ýazyp almak başartdy. • Birinji rowaýat Meşrebiň dini wekiller bilen mäşi bişişmändir. Ol bir gezek metjitde uly täret edipdir. Dindarlar Meşrebi “Utanaňokmy? Bu näme etdigiň?” diýip utandyrjak bolupdyrlar. Meşrep olara “Beterinden saklasyn diýiň” diýipdir. Oňa “Mundan beter näme etjekdiň?” diýipdirler. Meşrep uly täretine daş zyňyp syçradypdyr hem töweregindäki adamlaryň eşiklerini hapalapdyr. Olara “Beteri, ine şeýle bolýar” diýipdir. Soň bir gün akyp duran suwa sepeläp kiçi täret edipdir. Ony gören ýaşulularyň biri “Bu näme etdigiň? Utanaňokmy?” diýip utandyrmakçy bolupdyr. Meşrep özüniň bu bolgusyz hereketini şeýle delillendiripdir. ”Siz "Akar suwuň haramy ýok“, "Suw ýedi aşyrylsa halal bolýar“ diýýärsiňiz. Onda meniň kiçi täretim hem halaldyr. Çünki ol suwuň üstüne düşýänçä ýediden köp aşyrylýar”. Şonda metjidiň ulamanlarynyň biri “Bu oglana azar bermäň. Ol diwana bolmaly” diýipdir. Şondan soň oňa “Meşrep diwana” ady galypdyr. • Ikinji rowaýat Meşrep diwana toba gelip, dine uýup, Käbä gidip hajy bolmak isleýär. Şol niýet bilen hem ýola düşýär. Ol Käbä golaýlanda aradan çykýar. Meşrebiň ogly kakasyndan habar bilmek üçin ýola düşýär. Kakasy jaýlanjak bolup durka ogly baryp ýetişýär. Meşrep diwana ýerlenenden soň ogly hem şol ýerde hata bolýar. Ogly jaýlanjak bolup durka ejesi gelip ýetişýär. Ogluny ýerlänlerinden soň ejesi hem şol ýerde aradan çykýar. Şeýlelikde, Meşrep diwana, ogly we aýaly bir ýerde jaýlanypdyr diýen gürrüň hem bar. Şeýle hem okan kitaplarymyň içinde ýene bir gyzykly kyssa bar. Bu kyssany başardygymdan Daşoguz welaýatynda ýörgünli, meşhurlyk gazanan dessan dilinde beýan edeýin. (Hudaýberdi Durdyýew. ”Jadyly senet”. Aşgabat 1970 ý. 123-125 sah.) • Üçünji rowaýat Haýry ýagşy. Rawylar rowaýat kylarlar, gadymy zamanda bir medresede on dört-on bäş ýaşly, ýiti zehinli, ulama şyh okapdyr. Onuň bar işi-pişesi Gurhan okamak, dini parzlary berjaý etmek, dini wagyz etmek ekeni. Kyrk erkek bahasy bolan altyn jezwerli Gurhany ýatsa baş ujunda, tursa goltugynda ekeni. Bir gün Şyh sadaka çakylyga barýarka, ýolda kenizleri bilen aw-şikardan gelýän aýrydin beg gyzyna sataşdy. Begiň lälik ýeke gyzy, görmäge göz gerek taryplamaga söz, Aý diýseň agzy bar, Gün diýseň gözi bar, ýaňagynda şygyr ýazybermeli, sygyryp seredip otursaň bu günki işiň ertä galjak bir näzenin gyzda. Ulama şyh eli Gurhanly aşyky seýran bolup aňalyp duruberdi. Gyz hem ahwalaty görüp “Gel, bäri” diýip yşarat etdi. Ulama şyh hem köşege tirkelen inerçe ýaly yzyna düşdi gidiberdi. Gyz: ”Ýeri ýigit, ne hyýalyň bar?” diýip söz gatdy. Şyh ”Men saňa aşyky seýran. Öldürseň-de, güldürseň-de öz eliňde” diýdi. Gyz: ”Yşk ýoly külpetli ýoldur. Onuň ýowuzlygyna çydamajak bolsaň, öz ýoluň bilen gidiber” diýdi. Şyh ”Men indi bu ýoldan dönmen. Herne şertiň bolsa aýdyber” diýdi. Gyz: ”Ilkinji şertim gapymda dört ýyllap sübsegär bolarsyň. Bir diýenimi iki gaýtalatmarsyň” diýdi. Şyh: ”Kabul” diýip, gyzyň gapysynda geziberdi. Dört ýyl doldy, şyh işini kemsiz-köstsüz ýerine ýetirdi. Gyz şyhy ýanyna çagyryp şeýle diýdi: ”Ýigit, ilkinji synagdan geçdiň. Indiki synaglar-a has agyr, has kyn synagdyr. Päliňden gaýt-da, yzyňa dolanaý, men saňa dört ýylyň hakyny artygy bilen töläýin” diýdi. Şyh: ”Ýok. Meniň gözüme mal-dünýä görnenok. Gündiz huşumda, gije düýşümde diňe sen. Sen şertiňi arkaýyn aýdyber” diýdi. Gyz: ”Onda şert şeýle. Ýene bäş ýyl hyzmatkär bolarsyň. Doňuz bakarsyň. Gerek bolsa arkaňa mekejin-doňuz alyp gezersiň. Dogran jojuklaryny tomsuň jöwzasynda donuň syýy bilen saýalarsyň, gyşyň aňzagynda donuňa salyp ýyladarsyň. Eliň bilen iýmläp, mähriň bilen eýikdirersiň” diýdi. Şyh gypynçsyz : ”Şertiň kabul” diýdi. Şyh gyzyň diýşi ýaly doňuzdyr jojuklaryň yzynda ser-sepil bolup geziberdi. Müritleri dinden çykan takwa Şyhy terk etdiler. Oňa nälet okap, ryswa donuny geýdirdiler. Bäş ýyl dolansoň, gyz şyhy ýanyna çagyryp: ”Öňki iki şerti kemsiz ýerine ýetirdiň. Indi şert şeýle: Eger meni söýýäniň çynyň bolsa ýatsaň başujyňda, tursaň eliňden düşürmeýän altyn jezwerli kyrk inerlik eý görýän Gurhanyňy gözümiň alnynda otlarsyň” diýdi. Şyh beýle şerte garaşmandy. Bu sözi eşidip Şyh özüni ýitirdi. Gyz: “Ýeri aşyk ýigit. Päliňden gaýtmakçymy? Sen gowusy dokuz ýylyň hyzmat hakyny alda, päliňden gaýt. Ýöne bu doňuz bakyp, jojuk idäniň günäsini nädip ýuwarsyň?” diýdi. Şyh: “Şertiň kabul” diýdi. Şol gün hem göz ýaş döküp eý görýän Gurhanyny gyzyň gözüniň alnynda otlady. Ertesi gün gyz Şyhy ýanyna çagyryp: “Sen aşyky seýran bolsaň, soňky şertimi hem diňle. Aşyklygyň çyn bolsa men badany dolduryp şerap bererin. Sen hem hödürden ýüz döndermän içersiň” diýdi. Şyh razy boldy. Derhal saçak ýazyldy, saçak nazu-nygmatdan dolduryldy. Saçakda gülgün reňkli şerap hem adyny tutan nygmatyň bardy. Gyz badany dolduryp ýüz- müň dürli näz kereşme bilen Şyha şerap uzatdy. Şyh badany başyna çekdi. Ýene guýdy. Şyh içdi. Guýdy ýene, Şyh içdi. Gyzyň anbar ysyndan, mährinden, şerapdan mes bolan Şyh beýhuş bolup ýatyberdi. Gyzyň buýrugy bilen Şyhy bir jaýa süýräp äkitdiler. Ýanyna hem gyzyň özi ýaly owadan kenizi salyp daşyna temmi urdular. Ertesi irden turup gyz kenizini çagyryp sorady: ”Ýeri, Şyh saňa el gardymy? “ diýip sorady. Keniz “Ýok” diýip jogap berdi. Şondan soň gyz Şyhyň bu söýgüsine ynanyp, aýagyna ýykylyp, ötünç sorady. Musulman dinini kabul etdi. Uludan toý tutduryp özüni Şyha bagyş etdi. Ulama Şyhyň kazasy dolansoň, erenler gelip, ony behişde äkitdiler. Oňa uçmahylyk iman berdiler. Şu ýerde bir zady bellemek gerek. Soňky rowaýatda aýdylyşy ýaly, Meşrep ýigrimi üç ýaşlarynda ilki aýry din, soň musulmançylygy kabul eden gyza öýlenýär. Mämmetweli Keminäniň aýdym edilip aýdylýan "Geler“ atly goşgusynda: Ýigrim bir, ýigrim ikide şäher ýaly öý gerek, Söýüp alsa goýnuna, at-ýaragy şaý gerek, Ýigrim üç, ýigrim dörtde derejeli toý gerek, Ýigit bolan ýigrim bäşde bäşe-ona taý gerek, Ýigrim bäşiň däljesi yşky messana geler. - diýip ýazmagynyň düýp sebäbi hem megerem şu bolsa gerek. Häzirlikçe Meşrep atly şahsyýet barada anyklan maglumatlarymyz şundan ybarat. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |