16:03 Möjek kanuny / powestiñ dowamy | |
* * *
Powestler
Irden onuň ýanyna kolhoz başlygy geldi. Ol agşam klubdan saz gurallarynyň ikisiniň ogurlanandygyny, penjireden çykan ogrynyň aýak yzynyň mesaňa bolup durandygyny aýdyp, Gylyçdan şol yzy ýagyş ýagmanka yzarlap bermegi haýyş etdi. Gylyç başlyk bilen gitjegini-gitmejegini bilmän kösendi. Dogany Mämmediň: «Adam yzyny yzarlama. Olar saňa möjek däldir» diýip janygyşyny ýatlady. Ýöne Abraý şah bilen bolan wakadan bäri onuň ogrular bilen ýüzbe-ýüz bolasy gelýärdi. Ol başlyk bilen gidip, köp wagt geçmänkä hem gaharly dolandy. Çöle gitjek boldy. Aýalynyň gözýaşyna dözmän, çöle gitmek baradaky pikirini goýbolsun etdi. Ol ümsüm ýatyşyna uludan demini aldy. Onuň şol alyslyga – oglanlyga gidesi, hiç zadyň aladasyny etmän erkana ýaýnasy geldi. Ýöne o günlerem gowy däldi. Ýok, gowudy. Iki pikir ony alasarmyk ýagdaýa saldy. Bir zat welin hak. Ajam bolsa, agyr, ýalňyşly geçenem bolsa, geljek günlere seredeňde geçen günleriň ýatlamalary adama mydama süýji lezzet berýär. Gylyjyň oglanlygy uruş ýyllaryna gabat geldi-de, onuň güni galagoplulykda, işde geçdi. Obada dag ýaly gorag – arka bolup ýören adamlaryň urşa gidip, her tünekde ragbatsyz garry-gurtularyň, oglan-uşaklaryň galanyny aňan çöl gurtlary çozup ugrady. Idili gaýtawul görmän, gaýtam, adamlaryň özlerinden gaçyşyny gören gurtlaryň şol ýyllar päli göterildi. Olar gijeki çapawulçylyklaryny az gören ýaly, gündiziň günortany hem oba çozmaga başladylar. Mallary, käte bolsa adamlary parçalap, suwsanlarynda golaý-goltumdaky bakja girip, sowujak gawun-garpyzdan teşneliklerini gandyrdylar. Çem geleniň malyny parçalp ýören gurtlaryň ýoly bir gün Gylyçlaryň öýüniň üstünden düşdi. Olar sähel salymda bir sygry, iki goýny parçalap, ganlaryny içip gitdiler. Akbibi eje mallaryň bolup ýatyşyny görüp elewredi, mejalsyz aşak çökdi, ýanynda duran ogluny gujaklap, hünibirýan gözýaş dökdi. Ejesiniň gözgyny halyny, serlip ýatan mallary görüp duran Gylyç alasarmyk görnüşde alakjady. Sessiz aglap durşuna, ejesini köşeşdirmäge çalyşdy: – Eje, aglamasana! Akbibi eje şol günüň ertesi adamsynyň dört-bäş sany gapanyny alyp, on-on iki ýaşlaryndaky ogly Gylyç bilen çöl etege ugrady. Ýolda olara Mämmedem goşuldy. Gylyç ejesiniň gapan gurşuna – onuň üstüni çöp-çalam bilen örtüp, töweregine çüýşejikden nämedir bir zat sepişine syn etdi. Ejesi çüýşedäki suwuklygyň möjegiň peşewidigini, del peşewiň ysyny alan gurduň bu ýere derrew geljekdigini, kakalarynyň hem hemişe şeýle edendigini iş arasynda ogullaryna gürrüň berdi. Olar gapan gurup öýlerine gaýtdylar. Gije Gylyjyň gözüne uky gelmedi. Ol gije beýle uzyndyr öýtmeýärdi. Başyňy ýassyga goýup, sähel ýatyp tursaň, daň ataýýan ýalydy. Akbibi eje aladaňdan Gylyjy hem ýanyna alyp şol gapan guran ýerine ugrady. Olar gapan guran ýerlerine ýakyn barman, depä çykyp seretdiler. Gapanlaryň ikisine möjegiň düşendigini görüp, oba bakan ylgadylar. Ýolboýy hem: «Mö-öjek tutdu-uk!» diýip gygyryp gitdiler. Gapana düşen gurtlary görmek üçin obanyň galaba adamy gaýtdy. Çyrpynyp, hyňranyp duran möjekleriň daşyna egele bolup, olary çem gelen zat bilen saýgylamaga başladylar. Barybir, munuň bilen gelenleriň içleri sowamady. Olar möjeklere indi gelseler gowulygyň bolmajakdygyny duýdurmak üçin, ol iki maslygy beýigräk ýerde goýdular. Hemmeler uly ýeňiş gazanan ýaly begençli dem aldy. Aýallaryň birnäçesi nädip urandygyny biri-birine magtanyp gürrüň bermäge girişdi. Şu ýerde hem olaryň biri ýeňşiň gahrymanlaryny ýatlady. Olar özara gürrüňlerini goýup, Akbibi ejäni alkyşladylar. Segsene ser uran Berdi aga gataňsy elleri bilen Gylyjy bagryna basdy. Gylyç oglan bolsa-da, gojanyň sandyran göwresinden, minnetdarlykly bakyşyndan özüne uly taňryýalkasynyň: «Jigerim, sen obada ot gorsan iki sany nejis nemisi öldürdiň» diýen äheňdäki sözleriň aýdylýandygyna düşündi. Gylyç şol wakany ýatlanda biygtyýar ýylgyrýar. Sebäbi Şemşat şol gün ejesi bilen özüniňem çöl etege bara ndygyny, şonda Gylyjy gowy görendigini bir gezek ýaňzydypdy. Gylyç şondan soň endik çykardy. Ol keýpiniň kök wagty aýalyna özüniň çagalykdan söýlüp ugrandygyny aýdyp öwnen bolardy, her gezek möjegiň derisini getirip taşlanda: «Meni nähili görýäň?» diýip ýylgyrardy. Şol wakadan soň möjekleriň oba çozmalary selçeňleşdi. Gurt eden etmişine garşy çyksaň halanok. Oglanlykdan awçylyga baş goşan Gylyç muňa jahyllygynda göz ýetirdi. Gapana düşen gurt ýigdekçäniň üstüne bökdi. Awçy goranmaga-da ýetişmedi. Ol ýaraty möjegi ýeňse-de ýeňdi welin, ýüzünde tagma galdyrdy. Ýyrtyjyny alyp barýan ajal dyrnaklap, penje bilen Gylyjyň ýüzüni syryp gitdi. Gylyç gorkandygy üçin, kakasynyň pendine eýerip, gapdalynda dem-düýtsüz süýnüp ýatan gurduň entek sowamaga ýetişmedik ganyndan içipdi. Möjegi atmaly däldigi, goramalydygy, onuň tohumynyň gutaryp barýandygyny baradaky habara Gylyjyň ynanasy gelmedi. «Heý ýamanlygam bir tükenermi? Möjegem ýamanlygyň bir görnüşi ahyryn! Ol hökman durmuşyň gowuz ýerini tapyp, şol ýerde-de gizlenip galar» diýip, ol öz ýanyndan zeýrendi. Möjekler bu karary uzak göterinip bilmediler. Köpeldiler, hetden aşdylar, şeýle bolansoň, ýylyň ähli paslynda möjegi atmaga ýene ejaza berildi. Ol ömür menziliniň köp ýerinde goýun sürüsine daran, ogurlyk eden möjek bilen garpyşmaly, ony amana getirmeli, kä ýerde-de oňa gapan gurmaly boldy. Şonuň üçin bolsun gerek, indi Gylyja ýyrtyjynyň yzyna seretdigi onuň nähili möjekdigi, haýsy ýere çenli gitjekdigi, nirede durjaklygy, açdygy ýa dokdugy belli. Yz çalyp bilýändigini eşidip, Gylyç oglanka hem ýiten mallaryny ýa başga bir zady gözläp bermegi ondan haýyş edip gelerdiler. Ol käte adam yzyny hem yzarlamaly bolardy. Otuz ýaşlaryndaka onuň çölde ýoluny saklapdylar. Adam yzyny yzarlamazlyga kasam etdirmäge çalşypdylar. Şonda onuň sag gözüne şikes ýetipdi. Mämmet aga inisi tä aýaga galýança onuň ýanyndan aýrylmandy. Iýdiripdi, içiripdi. Gylyç bärisine bakandan şol bir nygtaýan sözlerini gaýtalapdy: – Näçe gezek aýtdym saňa: «Goý-how şunyňy, goý!» diýip? Etmediň. Agaň bir zady bilmän aýdanok. Eşidýäňmi, ä? Bilmän aýdanok! Wah, janymyň ýanýan ýeri, sen adamlar bilen gürleşmegi-de oňaraňok. Morta aýdyp goýberýäň ýüregiňdäkini. Beýtmek bolanok ahyry, jan inim, bolanok. Aýtjak sözüňi ýylgyryp, degişmä salyp aýtmaly. Ana, şonda aýdan sözüň hernäçe agyram bolsa çydamaklary mümkin. Iň gowus-a dymmak. Edilýän ogurlyklary asylam görmedik bolmaly. Eşidýäňmi, görmedik bolmaly... Gylyja duşan tanyş-bilşiniň köpüsi howlukmaç hal-ahwal soraşyp, özüniň nirädir bir ýere howlugýandygyny bahanalar-da, ýoluny dowam etdir. Başga ýerde pikirlenmän, diline näme gelse aýdyp ýörenem, Gylyç bilen beýtmez, her bir sözüni mizana goýup, paýhasly bolmaga dyrjaşar. Özüniň hereketini ýasama duýar. Mydama diňe bir gatylyk – hakykat hem adamlary irizýän bolara çemeli. Olara mylaýymlyk, mähir gerek. Adam käte owadan, imrindirýän ýalana, ýasama sypaýyçylyga mätäç. Şonuň üçin bolsa gerek, kimden göwni galsa ýa bimamla söz eşitse, telek iş görse baş göterip ýörenden gaçarak durulýar. Gylyç bilen duz-emek bolup ýören deň-duşlarynyň birnäçesi hem ondan gaçarak gezenini kem görmedi. Ho öňküleri ýaly onuňka gelip, «börek bişirip iýmelerem» galdy, onuň özüniň myhmançylyga barmagy-da selçeňleşdi. Wah, barar ýaly, oturar ýaly, göwün açyşyp gümür-ýamyr eder ýaly ýer kän-le. Ýöne Gylyç olara barmaga bir zatdan ejap edýär. Barsa, deň-duşy çagalaryny daşyna üýşürip ýa agtygyny oýnadyp oturandyr. Gylyjy gördügi başga görnüşe geçer. Çagalaryny, agtyklaryny howlukmaç daşary kowar, Gylyç getiren süýjülerini çagalara bermäge zordan ýetişer, asyl, çaga gürrüňiniň «ýedi günlük» ýakynyndan gelmez. Gürrüňi başga-başga zatlardyr. Ýa küşt orta alnar. Ol baran ýerinden hoşlaşyp gaýdar. Köçe bilen başyny aşak salyp öýüne ugrar. Köçe her hili häsiýetlerden doludyr. Adam häsiýetrleriniň, edim-gylymlarynyň onuň aýak yzyna siňäýşini!.. Ol yzlaryň hemmesiniň Gylyjyň aňyna siňenligi üçinmi-nämemi, sähel üýtgeşiklik bolsa duýlup dur. Gylyç yza seredip, hemişe zeýrenip ýören goňşusynyň öýüne ýap-ýaňy begençli gelendigini biler. Şol begenjiň uzaga çekmegini dileg eder. Ogurlyk edip geçen adamyň yzam mesaňadyr. Gylyç yzyna öwrüler-de, onuň ýanyna barar, ogurlygy alan ýerine eltdirer. Ogurlyk tutulmazlygym mümkin diýen ala ynamyň bar ýerinde edilýän bolarly. Eden etmişi boýnuna hökman goýuljagy bilinse, şol ýerde kän etmişem bolup duranok. Ýöne, hany, hemme ýerde şeýdip bolýarmy näme... Ýöne käte başgaçaragam bolup dur. Geçen ýyl Gylyç Abraý şahyň (oba adamlary oňa, ferma müdiri bolansoň, şeýle lakam goýupdylar) öýünden lomaý pul ogurlan adamyň yzyny yzarlap, soňundan erbet hopukdy. Yzlar öň hakyky ogrynyň üstünden eltýärdi. Bu gün yzy ters çalmaly pursatlary az bolanok. Yzy göni yzarlasaň, ol seni aňňalak gapdyrýar, hakyky ogryny tapjak gümanyň ýok. Munuň şeýledigine Gylyç Abraý şahyň öýüni uran ogrynyň yzyny yzarlan sapary hem akyl ýetirdi. Şonda Abraý oňa näçeräk pulunyň alnandygyny aýtmakdan boýun gaçyrdy. Sebäbimi? Eý-ho... Ogurlanan pullaryň näçedigini eşitse, Gylyç ör-gökden geljek. «Onça puly nädip gazandyka?» diýjek. Ýöne, barybir, Abraýyňky bolmady. Gylyç ilki ol ogryny tapdy, soňam yzy ters alyp ugrady. Iki yzam Gylyjy ogrynyň üstünden alyp bardy. Sudda bolsa Abraý şah sag-aman geläýse, Gylyç bilen hasaplaşjakdygyny wada berip gitdi. Abraý şahyň eden işleriniň serpigi sypyrylyp ugralanda nähili bolupdy?! Öňki howalasy dag ýarjak adam myssaryp, bir gysym bolupdy. Ol Gylyjyň üzeňňisinden on geçip, hemme zady öňki-öňküliginde galdyrmaga çalyşdy. Oňa köp zatlary wada berdi. Ýöne özelenmesi Gylyjyň erkini kössekläp bilmänsoň, çagalaryny galkan edindi. Ol çagalaryny öňüne salyp, Gylyjyň öýüne getirdi. Çagalar kakalarynyň perişanlygyna gyýlyp agladylar. «Şulara haýpyň gelsin, Gylyç! Sen sesiňi çykarmasaň bolany. Galan adamlar bilen özüm düşünişerin» diýip, Abraý gowşak hasaplan ýerindenem «okuny» atyp gördi. Onuň bu özelenmesine Gylyjyň kejebesi daralypdy. «Abraý, beýle peselmesene!» diýip, janygypdy. Jöwlan urmalary bipeýda bolansoň, Abraý şah Gylyjyň öýüne bäş-alty gezek töwellaçy iberipdi. O gelenleriň hiç birisem kiçi-girim wezipeli adam däldi. Olaryň hemmesem abraýly adamlardy. Olaryň töwellasy birdi – ýalňyşýan adam bilen deň bolmaly däldi, bu bäş günlük ýalançyda hiç kimiň göwnüne degmän ýaşamalydy, şunuň ýaly wagtda peýda görmegiňem, az-maz serpaýjyk almagyňam aýby ýokdy. Abraý bolsa çykdajydan gaçmaýan elaçyk, nazarkerde oglandy, ýüz-ýüze düşüp durdy. Gylyç ondan elini aýyrsa bolanydy. Galan zatlar düzüwe meňzeýärdi. Ýüregiň daşdan bolmaly däl. Ol näzik, ýuka bolmaly. Nijeme özelenmä, çaga gözýaşyna, abraýly adamlaryň töwellasyna eremeýän bolsa, ol ýürek gowy ýürek bolmaly däl. Şeýlemi? Ol daşdan-polatdan bolmaly. Bu rehimsizlik ahyryn! Dogrumy? Rehimsiz, daşýürek adamy kim halasyn? Hiç kim! Daş ýüregiň eremesi ömrüň manysynyň hem eredigimi? Gylyja şu pikirler güzap berýär. Abraýyň tüýüniň gymyldamaly däldigini töwella edip gelenleriň içinde kürsüsizi diňe Mämmet agady. Ol özüne ynamlydy. Pendim alynmaz diýip pikirem etmändi. Şonuň üçinem Abraý şah baryp özelenende, ol hemme zady ümsüm etjekdigine Abraýy ynandyrypdy, ant içipdi. Töwellasy alynmansoň, Mämmet aga inisinden juda öýkeledi. Özem oňaýsyz halda galdy. Ol ant içipdi ahyryn! Mämmet aga şondan soň doganyňka gelmesini kesdi. Ýöne bu uzaga çekmedi. Şondan bäş-on gün geçip-geçmänkä ol bir gün ir bilen Gylyjyňka geldi. Ol uzak gije ýatman pikir edipdi, içi gysypdy, doganyny küýsäpdi. «Gylyjym, nähili ýagdaýlaryň?» diýip, süýjülik bilen sorapdy. Gylyçdan, Şemşatdan gözüni aýyrmandy. Bir çäýnek çaýy arkaýyn, ýylgyrjaklap içip gidipdi... Gylyç bu zatlary pikir eleginden geçirip oturşyna daşardan aýak sesini eşidip diňşirgendi. Çagalykdan aňyna siňen müýnli ýörişiň çybşyldysyna diň salyp, gelýäniň agasydygyny bildi. Aýak sesi daş işikde haýallady. Mämmet aga gelendigini aňladýan äheňde birki gezek ardynyp, gapyny açdy. Iç işikde säginip, Gylyjyň görkezen körpeçesine şilliň uzyn, arryklaç göwresini goýberdi. Ol jaýlaşykly oturyp, şol tanyş içersine göz gezdirdi. Her saparkysy ýaly, ol ýene agyr, dymyk ysy aldy. Gelip, çekinjeňlik bilen salam beren Şemşada seredip, jaýa çaganyň emen süýdüniň, arlygynyň ysy siňmese, ony näçe syryp-süpürseňem bu ysyň aýrylmajakdygy barada oýlandy. Ol ýuwaşlyk bilen başyny galdyryp, goşa perýassygy tirsekläp ýatan inisine seretdi, onuň göwnüne degmezligi özüne öwüt etdi. Şol pikir bilenem ol assa, ýöne kesgitli gürledi: – Men-ä seni ýaňky derejä ýetiren etmişiň nämedigini anyk bilmänimden soň, gel, hallaryndan habar alaýyn, hem Gylyçdan näme bolandygyny eşideýin diýip, işe baryş ugruma sowlaýdym... – Mämmet, meniň janym ýanýar, ynan, çydap bilemok! Sen ogluňy juda başyna goýberdiň. Ynha, görersiň, ol biderek adam bolar. – «Biderek adam?» – Hawa, biderek adam bolar. – Gylyç gaharyna bäs gelip bilmän azmly gürledi. – Ýalany ýaşyrmak üçin ene süýdünden ant içýär o doňuz. Munuň beýle bolmagyna diňe özüň günäkär. Onuň diýenine, edenine: «Däl!» diýmediň. Ogluň geçen ýyl goňşyňyzyň magnitofonyny ogurlady. Tutuldy. Şonda gaýdyp ogurlyk etmezligi ene süýdünden ant içip ynandyrypdy. Ene süýdi haçandan bäri beýle derejä ýetdi? – Inim, men seniň janykmaňa düşünýän, gaty gowy düşünýän. Sen maňa oglumyň näme iş edendigini aýtsana. – Ogluň ýene ogurlyk edipdir. Gözüňden bilip durun, bu seni birjigem alada goýanok. – «Ogurlyk» diýýäňmi? Onuň üçinem, heý, beýle howsala düşerlermi, jan inim? Näme, ogurlyk, edilmeýän işmi, görülmeýän zatmy? Ä? Ol, näme, täzelikmi? Kim halal ýaşaýar? Ä? Kim halal ýaşaýar? Her kim, düşün, jan inim, edýän işinden peýda görýär, ogurlyk edýär. Eger kanun boýunça ýaşamaýany gözenegiň aňyrsyna geçirmeli bolsa, onda obamyzdan köp adam gider, köp adam. Aýt: «Pylany halalhon» diýip?! Menem onuň nähili «halalhondygyny» aýdyp bereýin. – Zeýrenmekden başga edýän işiň ýok. – Onda sen aýt, o pedernälet näme ogurlapdyr? Ä? – Klubdan zat ogurlapdyr. – Kolhozyňkymy? – diýip, Mämmet aga geňirgeňdi. Ol başyny ýaýkap, çala ýylgyrdy. – «Kolhozyňky» diýdiňmi? Ä? Gör, onuň edip ýören işini?! Oňarmandyr, hiç oňarmandyr! Men näçe gowy görsemem, bu işi üçin onuň bilen bek diýişmeli bolaryn. – Nämäniň gürrüňini edýäň? Bek diýşeniň bilen iş gutaraýar öýdýäňmi? Ýok, ogluňy sud ederler. – O nämäniň «sudy»? – diýip, Mämmet aga mugjyza gören dek ör-gökden geldi. – Nähilisi bormy onuň? – Etmişi boýnuna goýuldymy? – Klubuň penjiresinden böken ýerinde onuň aýak yzy bar. – Aý, ol hiç-le. Ondan sen arkaýyn bol. Indi men bar zada düşündim. Yz subutnama däl. Däl. Bolaýanda-da biz ony kes-kelläm boýun almarys. – O nähili boýun almarsyň? Hakykatdan gaçyp gitjek ýeriň ýok – diýip, Gylyç odandy. – Haý, jan inim, sadalygyňa döneýin... Umydyň eden ogurlygy-ha gowy däl. Şonda-da, iş ula gitjek bolsa, hiç zady boýun almarys. – Hakykat bolsadamy? – Hakykatmy-ýalanmy, tapawudy ýok. – Nejislik-dä şu. – Ýok, inim, bu nejislik däl. – Indi seni tanap ugradym... – Tanap goý, tanan gowy. Menem öň hemme zat ýönekeýjedir öýderdim. Ýöne, Durmuş aga geldi-de, egnimden birki gezek silterledi, özüniň juda çylşyrymlydygyny düşündirdi, nädogry düşünjämi goýdurdy. – Onda ogluň eden ogurlygy seni howsala salanok-da? – diýip, Gylyç gaharly sorady. – O näme üçin howsala salanokmyş? Howsala salýar. Salsa nädeýin? Özüň bilýäň... – Mämmet aga köne derdi gorjalan ýaly, gaşlaryny çytyp, uludan demini aldy. – Umyt meniň ýalňyz Umydym, körpejäm. Üç gyzymyň üçüsem durmuşa çykdy. Olar öýe myhman. Meniň döwlethanama bolsa myhman däl-de, çyn eýe gerek. Men hernäçe erklem bolsam, Umyda galanda gowşak. Gatyr-ganyp ýekeje agyz söz hem aýdyp bilemok. Bir zat dýsem, olam ilkinji oglum ýaly... Sen düşün maňa, düşün. Ol näçe ýamanlyk etse-de çekip ýörün. Onuň beýle bolşuny düýrmegim bilen halamok. Ýöne halamasam nädeýin? Ä? Bar islegim tersine bolup çykýar, tersine. Gör ahyryn, men oňa maşyn alyp berdim. Mekdebi gutardygy halan gyzyna öýermekçi. Ol bolsa, ýagşy gördügiňsaýy, egri ýola ýykgyn edýär. Ýöne welin, inim, bir zat bar... Käbir adamlary görüp oglumyň mekir, hajrow bolmagyny, nirede bolsa-da gününi gowy görmegini isleýärin. Sebäbi şeýle adamlar dükan-sükan diýip işe ýerleşip, gurpluja ýaşaýarlar, gurpluja... Ýadyňdamy, başda ýetde-gütdelikde horlandym. Şonda-da Umyt bir beýle güni görmesin diýip, jaý gurmaga niýetläp goýan pullarymdan oňa oýnawaç, ýaşik-ýaşik nogul-nabat getirip berdim... – Zeýrenmäge gezek gelende hiç kime ýeň bermersiň! Illerem özüň ýok ýerde saňa Zeýrençguly diýip ýöne ýere aýdanok. – Wah, jan inim, häzir bu moda ahyryn, moda. Ýüzüňe men seni öwmeli, başga biriniň ýanynda gybatyňy etmeli. Ony ýerden alyp, ýere sokmaly. Şol gürrüňi edilýän adamyň gelse-de, onuň bilen mähribansyraşmaly. Onuň bilen soň ýaňky ýanyňdan gideniň gybatyny etmeli. Men bu zatlara belet-le, belet. – Zeýreniber. Özüňem akja guş saý. Döwrem oňa günäkär. – Ýok, ýok, Hudaýa şükür! Gül ýaly durmuşym bar. Durmuşymdan zeýrenemok. Diňe käbir adamlardan zeýrenýän. Ýöne, Gylyç, men oglumy, barybir, goraryn. Sebäbi meniň garrap, dünýäde Umytdan başga guwanarym, umyt baglarym ýok. Kim bilýär, meniň umydym, belki, hyşa söýenen ýaly bir zatdyr? Şonda-da men başgaça bolup bilemok. «Klubdan zat ogurlapdyr» diýýäň. Onuň işi aňsat. Juda aňsat. Kolhoz başlygyna bir düwünçejik serpaý ederin weli, nädersiň, ähli zat gülala-güllük bolaýsa? Onsoňam sen bir zada düşün. Başlyk seni näme üçin yz yzarlamaga çagyrandyr öýdýäň? Ä? Ol, näme, milisä habar edip bilenokmy? Bilýär, sen, jan inim, ana, şuňa üns ber. Başlyk işi milisä berse, oňa hiç hili peýda ýok. Her kime-de peýda gerek. Düşünýäňmi şuňa? Ä? Ol seni çagyryp, ogrynyň kimdigini tapmak, ogra haýbat atyp, gorkuzyp ondan birnemejik ýonmak isländir. Indi seniň o-o adam yzçylygyň gerek däl. Tälimli itler bar milisede. Sen, näme, şu zatlara Abraý şaha «kömekleşeniňde» duýmadyňmy? Ä? Hany, duýdum diýýän ýalydyň-la? Mämmet aga öňündäki çäýnekden çaý guýnup, ýyly çaýy birki gezek hopurdadyp içdi. Onuň bolşy Gylyç bir söz aýtsa, garşysyna çykmaga ýetişmerin diýip howatyr edýäne meňzeýärdi. Ol çaýyny içip bolup, inisine seretdi. Onuň dymmagy Mämmet agany biraz arkaýynlandyrdy. Ol Gylyja seredip oturşyna, başyny ýaýkady. «Şu ikimize dogan diýseler, kim ynanar? Gör, Durmuş aga herimizi bir dünýä taşlapdyr. Wah, men, jan inim, seniň adam yzyny yzarlamagyňa garşy däl. Garşy bolaýanymda-da, öz isläniňi edýäň. Ediber, ediber. Ogrulary tutandygyňy, bu barada adamlaryň edýän gowy gürrüňlerini eşidip monça bolýan. Adamlar seni taryplap ugraýarlar weli, meniň begençden ýaňa bogazym dolýar. Ýöne seni ýitirmekden garaçynym bilen gorkýan. Meniň ýalňyz doganym sen. Sen maňa şatlygymy paýlaşmaga-da, agyr günde derdinişmäge-de gerek. Seni görsem, ýüregim aram tapýar. Şonuň üçinem adam yzyny yzarlamagyňa garşy çykýan. Sen möjek awlamak, mal bakmak bilen başagaý bolup, köp zatlary öwrenip bilmediň. Käbir adamlar bolsa, diňe haýwanlary däl, durmuşy awlamagy, ony boýun sundurmagy başarýa, öz isleýşi ýaly kökerýär. Şunça ýaşasaňam öz bähbidiň üçin şu günümiziň Durmuş agasyny aldamagy öwrenmediň. Ol indi seni özüne aňsat-aňsat öwrenişdirmezem. Sebäbi sende içki aýlawlar ýok. Onuň üçin bolsa ýympyklygy, hilebazlygy, myr-myrlamagy başarýan adam bolmaly» diýip, Mämmet aga içini gepletdi. Gylyç howlukman garysyna galdy-da, doganynyň ýüzüne dikanlap seretdi: – Erbetlik edip, biri-birimizden duýgudaşlyga garaşmaly, Mämmet. Biri-birimiziň ýüzümize müýnsüz seredeli. Öz ynsabyňy aldamak, oňa ejir çekdirmek nämä gerek? Rast, başlyk ýaňky aýdan bähbidiň üçin meni çagyran bolsa, häzir göni ýanyna baraly. Goý, Umydam jezasyny çeksin! Maňlaýy daşa degýänçä ol nämäniň-nämedigini biljek däl. Ýogsam soň has kyn düşer... – Şu gürrüň ikimiziň aramyzdan çyksa, soňundan menden gaty görme – diýip, Mämmet aga dergazap gygyrdy. – Ýaşym ol gorkuzyljak ýyllardan geçdi, Mämmet! Temeni barybir haltanyň içinde uzak saklap bilmersiň. – Gorjalmasa, saklanar... Daşarda motosikletiň sesi eşidildi. Gylyç öýden çykyp, esli salymdan soň daýanykly, atýüzli ýigit bilen içeri girdi. Ol ýigide ýüzlendi: – Geç-de bir käse çaý iç. Oňa çenli men ýol şaýymy tutaýyn. – Baş çopanymyz sizi tanaýan eken. – Ýigit ýygralyk bilen dillendi. – Ýagşam ýagjak bolup dur. Baş çopanymyz Burkut babadan ýagşyň ýagmazlygyny dileg edip, meni gyssagly siziň ýanyňyza iberdi. Size gaýdýan ýoly-da özi salgy berdi. Mämmet aga ýerinden turdy. Ýgidi boýdan-başa synlady. Onuň alarylyp seredişi: «Men seni halamadym. Gözleriň oýnaklap dur. Sen aldaýan bolaýma? Ä? «Baş çopanymyz, baş çopanymyz» diýen bolup, doganyma azar bermekçi bolsaňyz-a, menden eýgilige garaşmaň» diýýän ýalydy. Ol gapa tarap ugrady. – Gylyç, men gaýtdym onda. Ýöne, geleňsoň, meni gör. Düşünişmesek boljak däl. – Sen oturybersene. Şemşat häzir nahar getirer. – Men ýaňy naharlandym. Işe barýan. Traktorym ýoluň ortasynda. Bolýar onda, geleňde ýadyňdan çykarmagyn meni görmegi. Aşhana giren Gylyç gitmelidigini aýalyna nädip aýtjagyny bilmän kösendi. Muny aňan Şemşat myssa ýylgyrdy. – Nä özüňi horlap dursuň, babaý? – Aý, hiç... – Ýaňy çöle gitmediň welin, çörek iýibem ugruň bolmady. Ýüregiňdäkini Hudaý eşidäýdi öýdýän?! Bir motorly geldi. Şol seni, bilýän-ä, çöle alyp gitmäge gelendir. Barybir, bu ýaşdan soň seni öýde saklap boljak däl. Gidiber. – Diňe sen düşünýäň maňa, Şemşat... – Garry mysapyrsyrasa gelşigi ýok. Goýsana, Gylyç. «Gidiber» diýdim-ä. Ýöne wagtynda geljek bol. – Hiç eglenmerin, Şemşat. Derrew uçup gelerin. Ýöne men nädeýin-ä? Geregiňi artdyryp oturmagam gelşiksiz. Onuň sürüsine möjek darapdyr. «Şony tutup beräýseň» diýip gelipdir. Baş çopan möjegiň yzynyň töweregine çöp dikip, şol ýerde-de çaý içip gyşaryp ýatyrmyş. Ol garaşýandyr. Möjegem, özüň bilýäň, agzynyň maza tapan ýerinden eger-eger aýrylanok. Ýitgi uly bolmanka, ony gümländen gowusy ýok. Näme, ýüzüň salyk? Gitmegime garşymy? – Aý, ýok-la, garşy däl. – Onda, nä, beýdip dursuň? Men on gün töweregi öýde boldum ahyryn. Ýa sen entek pişik myrlaşygymyzy isleýäňmi? – Hiç mazam ýok, Gylyç. – Hä? – Bilmedim men-ä. – Gyzgynyň barmy? – Gyzgynym-a ýok ýaly... – Onda näme bolýar? Lukman çagyraýynmy? – Gerek däl-le. – Keseliň-ä anyklar. Ýa özüň haýsy dermanyň gerekdigini aýt, men derrew dermanhana baryp geleýin. – Aý, ýok, dermanam gerek däl. Oňşaryn. Ýadyňdamy, ho bir gezek çölden ysmanak getiripdiň? Şondan gutap edipdik. Juda gowy bolupdy. Göwnüm ýene ysmanakly gutap küýseýär. Şondan iýsem, birneme gowy bolaýjak ýaly. Kyn görmeseň-ä, şondan getir. – Onuň işi haýyr-la! – diýip, aýalynyň gürrüňini diňläp Gylyç gülüp goýberdi – Ýogsa-da, sen ýaşyň soňunda aş saýlap ýören bolaýma? – «Aş saýlama» nireden ýadyňa düşüp ýör? Onuň ýaly bolsa men saňa buşlamajakmy? Ýaşyň geçişiberse, göwnüňe ýaranyp bolýarmy näme, babaý? Gylyç ýylgyrmasyny goýup, gaşlaryny çytdy. – Ýaňydan bäri: «Babaý-babaý» diýip enterpelegimi aýladyň-la sen. Nireden kelläňe geldi bu myrtar söz? – Hä, garrap ugrandygyňy boýun alasyň gelenokmy? – Çöle gitmeli boldum-da – diýip, Gylyç uludan demini aldy. – Ýogsam-a... – Boldy, boldy! – diýip, Şemşat elini daldalady. – Saňa degşerligem galmandyr... Gylyç ýaňky ýol goşlaryny alyp daşaryk ugrukdy. – Onda men, saglyk bolsa, ertir gelerin. Şu gün giçlik dolanaýmagym hem mümkin. – Wiý, ýogsa-da, tas ýadymdan çykypdyr. Haçan Gylyç janymyzy görmäge, gutlamaga gideris? – Haýsy Gylyç jany? – Eýýäm unudaýdyňmy? «Aman jan gelip gitdi» diýdim ahyryn ýaňy. Ana şonuň ogluny hem-ä görüp gaýdarys, hemem gutlarys. Ol bizi çagyryp gitdi ahyryn. Ol bize garaşar. – Çaga şu gün doglan bolsa, dessine toý edibermezler. Gelni keselhanadan çyksyn. Oňa çenli sen zadyňy taýynlaber, menem gelip ýetişerin. – Wah, ol taýyn-la... Şemşat penjireden daşarda öz işi bilen başagaý bolup ýören adamsyna seretdi. Ol motosikletiniň arkasyna ýol goşlaryny daňyp durşuna, ýanyndaky ýigide ýüzlendi: – Ýigit, aýyplaşmasaň, bir mesele bar. – Aýt, Gylyç aga. Ýene Gylyjyň ýüregi gyýyldy. «Pah, ysmanagam çagajykkaň ýygsaň... Baý, hezil-ä... Häzir oguljygym bolsa bolmaýamy, eltip: «Oglum, men gelýänçäm sen şu ýerde hezil edip ysmanak ýyg» diýip goýup giderdim. Çagajygyň ysy gelip duran ysmanagy häzir ýygmagam erbet däl weli... Heý, dünýe!» Gylyç kynam bolsa özüni ele alyp: – Maňa biraz ysmanak gerek. Gupbalynyň töwereginde-de ysmanak kän. Men möjegiň yzyndan gideýin. Gelýänçäm, sen maňa biraz ysmanak ýygyp bilmezmiň? – diýdi. – Onuň gürrüňi bolmaz, Gylyç aga! Näçe geregem bolsa ýygaryn. Gylyç çopan ýigit bilen ýola şaýlansa-da şaýlandy welin, indi onuň çöle gidesi, möjek kowalasy gelenokdy. Ol özünde saňňyldy, ýadawlyk duýdy. Göwnüne bolmasa, ol bir erbetligiň üstüne gitjek bolýan ýalydy. Göz öňünde möjek peýda bolup, ol hem Gylyja hyrsyz göründi. Ýagşam ýagjak bolup dur. Kim bilýär, olar entek ýarym ýoly geçmänkäler, ýagyş guýmaga başlar, ähli yzy-da ýuwar gider? Ýöne ýagşyň şybyrdysyna – «zenan pyşyrdysyna» diň salyp, wagtlaýynça ähli zady unudyp ýaşamagyňam öz lezzeti bar. Ol göwünli-göwünsiz motosikletini otlady-da, ýigidiň yzy bilen ýola düşdi. Galagoplulygyna geňirgendi. Muny doganyna, Umyda gaharlanandygy üçindir öýtdi. «Açlygam, doklugam ümsüm oturtjak däl öýdýän – diýip, Gylyç pyşyrdady. – Birmahal açlyga çydap bilmän ogurlyk edilen bolsa, indi doklugy göterinip bilmän ogurlyk edýärler». Gyljyň göz öňünde onunjy klasda okaýan Umyt peýda boldy. Ol Gylyjyň pikiriniň üstünden gelýän ýaly duýuldy. Ýigdekçäniň moda hasaplaýan hüžžerip duran saçyna awçynyň myrryhy tutdy. Ol Umyda saçyny gysgaltmagy ündeýşini ýatlady. Umyt tumakly ýylgyryp: «Gylyç kaka, Muhammet pygamberiň hem uzyn saçy bar eken. Ol owadan zenan görende saçynyň ujuny oýnabir eken! Meniň şoňa meňzemegine siz garşymy? Pygamber halamaz» diýipdi. Ýürekden syzdyryp aýdan sözüniň ýaňsa alynmagy Gylyjyň has-da gaharyny getiripdi. Gylyç muny serinde aýlap barşyna, perzendiň gadyryny bilmelidigini, onuň ömrüň manysydygyny adamlara sesiniň ýetdiginden gygyryp düşündiresi geldi. Ýöne düňle çölüň içinde kim onuň janykmasyny eşitjek, diňlejek? Diňläýenlerinde-de ony samsyk hasaplarlar. Gylyjyň düşünişiçe, galaba adamlaryň bar pikiri köp zat ýygnamakda ýaly. Çagalarynyň gudumanlygyna guwanyp ýörenlerem bar... Ol alaňlaryň arasy bilen motosikletini tarladyp barýardy. Mymyjak şemal onuň ýüzüni şo-ol sypap geçip durdy. Ýüzüni sypaýan şemal onuň hakydasyna şol «öý-öý» oýnalan bigam çagalygyny getirip guýýan ýalydy. Ol apaň-apaň basyp töre geçýär. «Hany, çaý getir, nahar getir!» diýip gygyrýar. «Gelin»: «Wiý, kakasy, çagalary oýararsyňyz, ýuwaş!» diýip özelenýär. Gykylyga oýanan çagalarynyň birini eline alýar-da: «Goý, janym, aglama! Kakaň işden ýadap geldi. Men oňa häzir nahar bereýin. Sen oňa çenli aglamanjyk ýat, bolýamy, janym!» diýýär. Ýatlama Gylyjy gussa batyrdy. Gylyjyň göz öňünde Şemşat örboýuna galdy-da, adaty göwünlik bermesine başlady: – «Çagamyz bolmady» diýip içiňe salyp ýörme, özüňi horlama, babaý. Allatagalanyň maňlaýymyza ýazyşy şeýledir. Her kime bir zatdan bagt berlermiş. Biziň bagtymyz başga zatda eken. Adam ölensoň, ondan yz galmaly. Ýöne birnäçe adamyň-a ýogaldygy ady-sory ýitjek, çagalary-da ony unutjak. Seniň weli, yzyň durmuşyň ýüzüne möhür basylan ýalyjak bor, hi-iç ýitmez, öçmezem! Seni mydama gowulykda ýatlarlar. Elbetde, seni ýatlanlarynda meniňem adymy hormat bilen tutarlar. «Gylyjyň gowy aýaly bolupdyr» diýerler. Şol bolýar ahyryn ikimize! Gylyç myssa ýylgyryp, başyny ýaýkady: «Ömür meni taryplap, göwünlik berip geçjeg-ow sen, Şemşat?!» diýip pyşyrdady. Gylyç çopan ýigidiň yzyna düşüp Gupbaly oýuna baranda bulutlar garalyp ýere gaçaýjak-gaçaýjak bolýardy. Wagt günortana ýakynlanam bolsa, giç öýläne meňzeýärdi. Baş çopan Gylyç bilen gadyrly salamlaşyp, oňa ýyrtyjynyň yzyny görkezdi. Gylyç gurduň yzyna siňe syn etdi. Yz oňa tanyş göründi. Bir günki iki meňzeşlige ol geň galdy. Bu yzy öň yzarlaýşyny, gurduň öň aýaklaryny göterip toba gelşini, onuň agyraýaklygy üçinem öldürmeýşini ýatlady. Şol mahal Gylyç naýynjar delmiren ýyrtyja seredip, onuň gaýdyp ogurlyk etmejegine ynanypdy. Toba gelen gurduň ýene ogurlyk etmegne Gylyjyň gahary geldi. Soňam ol öz-özüňe teselli berdi: «Adam eden ähtini, messebini ýuwdup ýörkä, haýwandan nämäni gaty görýäň?» Gurduň geçen saparkysy ýaly açlygyna çydap bilmän däl-de, mesligini göterip bilmän sürä darandygyny Gylyç onuň aýak yzyna seredip aňdy. Gylyç möjegiň mekirlik edendigini – süreni günbatarda bolsa-da, gündogara bakan gidendigini duýdy. Göz güýdüşdirmek islän gurduň yzyny yzarlajak bolup durman, motosikletini günbatara sürdi. Ol üç-dört depe aşyp saklandy. Mundan aňry ürgün çägelikden gitmeli boljakdy. Şonuň üçinem awçy motosikletiniň tigriniň ýelini azaltdy. Guwwasyň derýanyň saý hem tereň ýerlerini suwuň ýüzüne seredip bilşi ýaly, Gylyç motosikletiniň haýsy ýerden gidende batmajakdygyny çäge «tolkunlaryny» görüp aňardy. Öýünden çykyp gaýdandaky howsalasy Gylyjy ýene gozgalaňa saldy. «Maňa näme bolup ýörkä? Ýa bu kespden el çekmelidigimiň alamatymyka?» Ýöne mundan nädip daşlaşjak? Bu kespde onuň ömrüniň esli bölegi – şatlygy, gaýgysy, ömür hakdaky pelsepeleri ýatyr. Ömrüňden daşlaşmak, ýaşyň orta ýaşdan geçensoň başga ömri, başga durmuşy özüňe meslekdeş edinmek eýgertmese gerek. Ilkinji gezek dörän galpyldynyň bulaşyk ýumagyny çözmek, näçe oýlansa-da, Gylyja başartmady. Ýok, beýle galpyldy Gylyçda ilkinji gezek bolanok. Ol öň hem – gurt bilen ilkinji gezek garpyşanda hem şeýle bolupdy. Ýöne ondan bäri Gylyç köp gezekler gurt bilen garpyşdy. Olaryň birinde-de ol beýle üýtgeşik galpyldyny başdan geçirmändi. Möjegiňki şeýle – ilkinji duş gelen päsgelçiligi ýeňip, soň aňry gitmeli. Gylyç ilkinji gezek möjek bilen garpyşanda awçylykda ata-baba gelýän ýörelgeden – eliňe galyňrak bir zat orap möjegiň öňüne tutmakdan, möjek ol päsgelçiligi ýeňip geçýänçä bolsa, pyçak işletmekden peýdalanypdy. Gör, näçe ýyrtyjy awçynyň şu tilsiminden amanadyny tabşyrdyka? Gylyç möjegiň bu sada ýörelgesini gowy görýär. Käte özi hem şeýtmekçi bolýar. Ýöne bolýarmy näme? Käte öňünde şeýlebir päsgelçilik köpelýär. Şeýle pursatda adam ýene awçy bolanyny kem görenok. Ol ýigrimi-ýigrimi bäş kilometr ýol geçip saklandy. Motosikletini uly ojara söýedi. Egnindäki garanilini eline aldy. Ony oklap, möjegiň sürenine bakan ugrady. Gün öýlä sanypdy. Bulutlar ak asmanyň ýüzüni açmak isleieýän ýalydylar. Kowçum-kowçum bulutlar biri-biriniň içinden eriş-argaç bolup geçýärdiler-de, birsyhly ýokarlygyna süýşýärdiler. Gylyç asmana seredip, ýagşyň ýagmaýşyna geň galdy. Uly-uly ganarlara meňzeýän gabaraly bulutlaryň böwsülmegini isledi. Ýok, bu bolanok. Uly il ýagyş ýagar diýip garaşýar. Ol bolsa şo garaşdyryp dur, garaşdyryp dur. Gylyç üçin mundan erbet zat ýok. Bulut bolup lemmerleneniňe görä suw-sil bolup guýsaň! Zeminiň teşneligini gandyrsaň! Elbetde, bolýan däldir-dä. Onuň köp zatlara bagly bolmagy hem mümkin. Ýöne ýagyş ýagsa, Gylyjyň işi kynlaşjakdy. Sebäbi ýagyş çisňäp ugradygy, möjek güjükleri bilen sürenine sümüljekdi. Ertirden bäri garaşan ýagyş ýene biraz tagapyl etse, Gylyç möjek bilen ýüzbe-ýüz bolup biljekdi. Adam başyna iş düşende, gyssananda peslik bilen gidip, şol işini aňsatja bitirýär. Umyt ogurlyk etdi. Bu Mämmet agany oda-köze salanok. Ol peslik bilen hereket edip – başlyga düwünçejik «serpaý» berip kynçylykdan aňsatja sypjagyny bilýär. Gylyç muny hakydasynda aýlap, özüniň hem peslikden düwdenekläp barşyny şolpisint bir zat hasaplady. Gylyç näçe kötelem bolsa, garşydaşyna özüni alysdan görkezip barmagy halaýar. Gaçýarmy, goý, gaçybersin! Ol bir ýerde ýadap durmaly bolar ahyryn. Bir gezek ol möjegi iki günläp pyýada kowalady. Soňam ele salan ýyrtyjysyny arkasyna alyp, yzyna gaýdypdy. Şonda ol özünde hiç hili ýadawlyk duýmandy. Gaýtam, eden işinden lezzet alypdy. Ýagyş ýagmaýanda-da möjek ýene bir sagatdan oýanar. Şoňa deňiç onuň bilen hasaplaşmaly. Gylyç gurduň süreniniň ýanyna baryp diňşirgendi. Ýakymsyz horruldy Gylyjyň ýüregini bulady. Ol her bir ädimine üns berdi. Sürene ýakyn gelen Gylyç gapdalyndaky yza syn etdi. Bu hälki gören yzydy. Awçy möjegiň yzyny synlap içini gepletdi: «Ol alyp gaýdan toklusyndanam-a oňly zat iýmändir». Gurt süreniň öňünde süýnüp ýatyrdy. Çugutdyryp oturan möjek çagalary ýakyn baran Gylyjy görüp üşerildiler. Oýnaşyp, oňa bakan gaýtdylar. Gylyç möjegi ýatyrka atmak islemedi. Onuň turaryna garaşdy. Ýöne onuň turmagy awça ölüm bilen ýüzbe-ýüz bolmakdy. Gurduň göz açyp-ýumasy salymda özüni Gylyjyň üstüne oklap, ony düýt-müt edäýmegi mümkindi. Awçy aýaklaryny uzadyp arkaýyn horlap ýatan möjegiň turmagyny, mesligine çydap bilmedigini boýun almagyny, täleýine mert durup kaýyl bolmagyny isledi. Gylyç şu isleg bilen ylgap gelen güjügiň tumşugyna depip goýberdi. Çagasyna bir zat bolandygyny syzan gurt tarsa ýerinden turup, töweregine göz aýlady. On-on bäş ädim garşysyndaky şol tanyş gara adamy görüp lagşady. Ol birden yzyna öwrülip, gaçmakçy boldy. Ýöne haýsydyr bir güýç ony saklady. Ol alasarmyk halda zaryn uwlady. Soňam hyňrandy-da, hüjüme häzirlendi. Hüjüm etmäge-de gaýraty çatmaýan deý, elewredi. Çommalyp oturdy-da, öňki iki aýagyny galdyrdy. Möjegiň ähli zada kaýyl bolup durmagy Gylyjy, näme üçindir, oýa batyrdy... Daňdandan bäri asmanda lemmerlenip duran bulutlar Gylyjyň islän «zenan pyşyrdysyny» eşitdirmek islemeýän ýaly, «agyr ýüküni» kem-kemden gündogara çekip ugrady. Olar «agyr ýükli» uzaga gidip bilmän, ýakyn bir ýerde duýdansyz şaglap iner. Asmanyň ýüzi ýene öňküligine galar. Soñy. 1983-1984 ý. | |
|
√ Palindromaniýa: Çopan. Çopanystan ýaýlasynda agşam - 03.07.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -6: powestiň dowamy - 28.08.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopan, çopanystanda. Ýalñyzlyk oýlary - 03.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Halypa - 04.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -4: powestiň dowamy - 07.08.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Atyň ürken ýeri... - 06.03.2024 |
√ Baga bagşy -5: Halypa-şägirt - 07.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Synag - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Köşkde ýaňlanan aýdym - 06.03.2024 |
√ Guduzlan it -2: powestiñ dowamy - 18.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |