10:52 Mugallym | |
MUGALLYM
Edebi makalalar
«Eý, ýer, sen biziň ählimizi öz göwsüňde ekläp-saklaýarsyň. Eger sen bizi bagtyýar etmeseň, ýer bolmak seň nämäňe derkar, onda biz näme üçin dünýä inipdiris? Biz seniň zürýatlaryňdyrys, eý mukaddes toprak, bizi bagtyýar et sen, bagt ber bize». Bu sözleri siziň edebiýatdan okadan ähli okuwçylaryňyzyň ýadyndadyr. Bize akyldarlaryň, beýik Magtymgulynyň, türkmen klassyk edebiýatynyň nurana ýyldyzlary bolup şöhle saçýan şahyrlarynyň goşgularyny ýat tutdurardyňyz. Ýaşaýyş, bagt, durmuş, watansöýüjilik, Ýeriň ýüzünde bary-ýogy bir gezek miýesser bolýan ynsan ömrüniň manysy hakynda hekaýatlar, rowaýatlar aýdyp bererdiňiz. «Ýurtlar, obalar öz meşhur ogullarynyň aýdymy, sözi, talanty bilen belli bolýar» diýerdiňiz. Şonda Berdi Kerbabaýewi mysal getirerdiňiz. «Aýgytly ädim» romany dünýäniň gör, näçe diline terjime edildi. Dünýäniň ähli künjeginde ýaşaýan adamlar şu eseriň üsti bilen niredir bir ýerlerde – dünýäniň ýüregi ýaly gyzgyn Garagumda öz gününe kaýyl, ynsanperwerligi özlerine nusga edinen janypkeş, söýgä wepaly, adam diýlen beýik gudrata geregiçe hormat goýýan merdana adamlaryň ýaşaýandygyny, türkmen halkynyň edim-gylymyny, arzuw-hyýalyny bilerler” diýip aýdanyňyzda, owadan, mähir bilen pürepürlenen uly gözleriňiz has-da ýitelen ýaly bolardy. - Ine, mysal üçin Çingiz Aýtmatowy alyp göreliň. Şeýle ajaýyp söz ussadyny ösdürip ýetişdirmedik bolsa, siz Gyrgyzystanda Şeker diýen obanyň bardygyny bilerdiňizmi? Kaýsyn Kulyýew meşhur Çegem goşgularyny döretmedik bolsa, Kawkazda beýik-beýik daglaryň arasynda balkar halkynyň ýaşaýandygyny bilerdiňizmi?! Resul Gamzatowa näme diýjek, awar halkynyň adyny äleme äşgär etdi – diýip, gürrüň bererdiňiz. Edebiýat, söz, mukaddeslik, şygar hakyndaky gürrüňleriňizi hemişe diýen ýaly Magtymgulynyň şygyrlaryna, onuň ölmez-ýitmez setirlerine syrykdyrardyňyz. «Az iýip, az ýatgyl, sözüň az etgil!». Şundan gysga, manyly edip aýdyp bolarmy?! Bary-ýogy ýedi sözde, on bir bogunda adamzat ýaşaýşyna mahsus bolan ähli zady aýtmak üçin diňe Magtymguly ýaly ägirt bolmaly. Siz gije-gündiz onuň bize miras goýup giden goşgularyny okaň, ýat bekläň, ýat ýerlerde bolanyňyzda şahyryň adyny buýsanç bilen tutuň! Akyldaryň goşgularyndan özüňizi gyzyklandyrýan ähli soraglara jogap tapyp bilersiňiz. Şahyryň goşgulary ýürekleriňizi päkizelär, ruhuňyzy täzelär, göwnüňizi ganatlandyrar, ýaşaýşa söýgi döreder, ynsan ömrüniň manysynyň nämedigine göz ýetirmäge kömek eder” diýerdiňiz. Şeýle beýik zatlar hakyndaky gürrüňlerden soňam mekdep okuwçylarynyň ýazýan ebeteýsiz, emelsiz rifmalaşdyrylan tagaşyksyz setirlerine-de juda uly bir zat ýaly serederdiňiz. Şol wagtlar Siziň işleýän Mary etrabynyň 26-njy orta mekdebinde iki obanyň çagalary okardy. Olaryň arasynda siziň, halypa mugallymymyz Aba Toýlyýewiň, tejribeli türkmen dili we edebiýaty mugallymlary Bazar Ýazhanowyň, Gutly Annabaýewiň täsiri bilen goşgy ýazýan okuwçylar kändi. Mekdebimizde hepdede bir gezek çykýan “Ylham” atly diwar gazetinde şol okuwçylaryň goşgudyr hekaýajyklary çykarylardy. Ilkinji gar, serçejik, pişik, mekdebiň bagy baradaky goşgujyklaram şol diwar gazetinde çykanda, göwnüm ganat baglap, al-asmanda pelpellärdi. Okuwçylaryň ylham yşlarynyň yşyga, uçgunyň köräp duran köze öwrülmegi üçin yhlasyňyzy gaýgyrmazdyňyz. Şol wagtky “Mydam taýýar” gazetinde ilkinji goşgularym çap edilende, bäşinji klasda okaýardym. Şonda begenjimiň çägi bolmandy. Siziň bolsa Çärjewiň pedagogik institutyny ýaňy gutaryp gelen wagtlaryňyzdy öýdýän. Şol wagtky “Pioner” žurnalynda “Ilkinjiler” ady bilen bäsleşik yglan edilende, halypamyz Aba Toýlyýewiň hem hut siziň tagallaňyz bilen üçünji orna mynasyp bolupdym. Siziň geýinşiňiz, özüňizi salyhatly alyp barşyňyz okuwçylara nusgady. Talapkärligiňiz bizi sapaklarymyzy oňat okamaga borçly edýärdi. Okuwçy bilen mugallymyň arasynda saklanmaly serhetden geçmek, kimdir biriniň ýakasyndan ebşitläp tutmak, okuwça azgyrylmak size ýatdy. Her bir okuwça “Her bir adamda gizlenip ýatan gudratly güýç bardyr, şony oýarjak bol!” diýen gündogar pähiminden ugur alyp seredýärdiňiz. Bu zatlaryň bary emeli däl-de, tebigatyňyzdan, alan terbiýäňizden, okan gat-gat kitaplaryňyzdaky ajaýyp häsiýetli adamlara meňzeýänligiňizden, okuwça şahsyýet derejesinde seredýänligiňizden gelip çykýardy, çünki siz obada sylanýan maşgalada önüp ösüpdiňiz. Kakaňyz Saparmyrat aga pahyr görmegeý, daýanykly saryýagyz adamdy. Seçelenip duran silkme telpegi onuň sakgalynyň öňi endigan ütülen nurana ýüzüne has-da gelşik berýän ýalydy. Kän geplemäni halamaýan, kinolardaky türkmen aksakgalyny ýadyňa salýan, il-günüň toýuna, ýasyna ýarap ýören bu ýaşuly köpleriň ýadyndadyr. Agaňyz Aýdogdy aga ömrüni kolhozda traktorçy bolup işledi, onuň işjanlylygy, zähmetsöýerligi, uly bilen uly ýaly, kiçi bilen kiçi ýaly bolmagy başarmagy obada abraý getirdi. Iniňiz Garýagdy diňe bäşlik bahalar bilen diýen ýaly mekdebi tamamlady. Ogullaryňyz “Ata kesbi – ogla halal” diýlen pähimden ugur alyp, pedagog bolup ýetişdiler. Aram-aram oba baramda, edebiýat barada söhbet ederdik. Şonda halys ýürekden syzdyryp, döredijilik adamsyna peýdasy degäýjek zatlary aýdardyňyz. “Goşgy il-gün üçin ýazylýar, sanlyja adam üçin ýazylmaýar, goşgy krossword däl, ruhy hörek, şonuň üçinem düşnükli, şireli dilde, halkyň düşünäýjek dilinde ýazmaly. Biziň obamyzda-da ýazanyňa degýän adamlar kän. Täsin ykbally, pajygaly durmuşy başdan geçiren ynsanlar bar. Şolaryň ömri hakynda ýazsaň gowy bolar. Onsoňam diňe goşgy däl, prozada-da güýjüňi synap görmeli, proza durmuşyň röwüşlerini, adam ruhunyň ähli ahwalatlaryny ynandyryjy görkezmek üçin amatly” diýerdiňiz. “Aşgabatda täze kitap çyksa gözüňde bolsun! Bizem ýatdan çykarma, bergidar galmajak bolarys” diýip, ýarym degişme bilen aýdardyňyz. Dogrudanam, kitap siziň hemraňyzdy, derdinişýän pikirdeşiňizdi. Siziň şahsy kitaphanaňyzda türkmen klassyk we häzirki zaman edebiýatynyň görnükli wekilleriniň kitaplaryndan başga-da doganlyk, dünýä edebiýatynyň iň bir naýbaşy hasaplanýan ýazyjy-şahyrlarynyň kitaplary bardy. Razwedkaçy Zorge, futbolyň şasy Pele hakyndaky kitaplardan başlap, kawkazly uzak ýaşly adamlar, hatda otag güllerini nähili ösdürip ýetişdirmelidigini öwredýän kitaplaram bardy. Megerem, bu zatlar sapakda özüňizi juda erkin alyp barmagyňyza, geçilýän her bir temany gyzykly guramagyňyza, siziň ruhy medeniýetiňize täsir edendir diýip indi-indi oýlanýaryn. Durmuş aladalary, günemaň hysyrdylary bilen gümra bolup, size ýollaýmaly salamnamany göndermedik bolsak, gutlag telegrammasyny ibermedik bolsak, Siziň hoş söze, minnetdarlyga mynasyp däldigiňiz üçin däl-de, biziň geleňsizligimiz, borjumyza biparh garaýandygymyz üçindir. Ýogsa bize beýik Zaratustranyň “Öňüňden çykan adama hoş söz aýt, belki sen oňa gaýdyp duşmarsyň” diýen pähimini öwran-öwran aýdyp bererdiň. Siziň maňlaýyňyza ir düşen gasynda, saçyňyzyň ir “gyrawlamagynda” biziňem hatamyz bardyr. Aýyp-syn etmäň, çünki sizde bagyşlamagy başarýan ajaýyp mugallym ýüregi bardy. “…Seniň ömrüň hudaýlaryň ömrüne meňzeş: seniň gaýduwsyz, arassa görelde bolarlyk ömrüň bar. Eger sen puluň gurbany bolan bolsaň, men belki begensemem begenerdim, emma meniň kalbym, häzirkim ýaly, buýsançdyr guwançdan dolmazdy. Eger men kimdir biriniň bagtly bolmagyny islesem, onda onuň hem ömrüniň seňki ýaly bolmagyny arzuw ederdim”. Meşhur hindi ýazyjysy Prem Çandyň hekaýasyndaky şu jümleleri okap otyrkam, näme üçindir Siz ýadyma düşdüňiz. Mugallymlaryň maňa ýazyp iberen hatlaryndaky şu jümleler hem Siziň mugallym diýen belent ada sözüň doly manysynda mynasypdygyňyza güwä geçýär: “Kakabaý Saparmyradow öz okan mekdebinde tä ömrüniň ahyryna çenli işledi. Birnäçe ýyl mekdep direktorynyň okuw we terbiýeçilik işleri baradaky orunbasary bolup zähmet çekdi, pedagogik okaýyşlara, öňdebaryjy mugallymlaryň slýotlaryna, “Ýylyň mugallymy” ady bilen geçirilýän bäsleşiklere, konferensiýalara işjeň gatnaşdy. Ol ýokary derejeli türkmen dili we edebiýaty mugallymydy”. Bir gezek klasymyzyň okuwçylaryna öýümizden her birimiziň iküç sany çyg tal çybyklaryny getirmegi haýyş etdiňiz. Şol tal çybyklary uly ýoluň boýuny syryp gidýän ýabyň raýyşlaryna dürtüşdirip çykdyk. Hä diýmän tallar pajarlap ösüp, ese-boýa galdy. Şonda bize görnükli türkmen şahyry Gara Seýitliýewiň: “Kimde-kim bir agaç ekse ýadygär, dünýäň kitabynda onuň ady bar” diýen setirlerini aýdyp beripdiňiz. Baryp näçe ýyldan soň, alysdan hellewleşip görünýän şol tallary synlap, “Obam” diýen goşgymy düzüpdim. Şonda şeýle setirler bardy: Kekre deý gamlara batyp galmaryn, Diýme: “Bir oglumyň ýeri gädik bor”, Asmanyň diregi ýaşyl tallaryň Şanyma gurulan ýadygärlik bor. Şu makalamy okap, öz ýanyňyzdan monça bolup begenmejegiňiz üçin gynanýaryn, çünki Siziň ýanyňyza otlular gatnanok, uçarlar uçanok. “Sen ir gitdiň, ýöne giç gitmeli kişilerdendiň”. Dogrusy, adamlary ir gitmeli, giç gitmeli kişilere bölmek birhilirägem bolar. Ýöne bu jahana gelip her kimiň tutýan orny bar. Adamyň alaçsyz täleýi şeýlemikä? Ynsan irde-giçde ölmek üçin dogulýar, gaýdyp ömür-ömür dogulmazlyk üçinem ýogalýar. Biz bu jahanda birinji gezek doglup, iň soňky gezegem ýaşaýarys. Bu bize pederleriň miras galdyran müdimi ýazgydymyka?! Hä diýmän klaslara girmäge jaň kakylar. Ýagty klaslar gözleri bagtdan ýaňa balkyldaýan okuwçylardan dolar. Siz weli mekdebiň bosagasyndan adatdakyňyz ýaly enaýy ýylgyryp ätlemersiňiz. Şonda siziň doglup-dörän mähriban obaňyzyň edil ortarasynda ýerleşen, siziň bir wagtlar diňe bäşlik bahalar bilen okan, durmuş ýoluna ataran, ýokary bilimli pedagog bolup geleninde gujak açyp garşylan jana-jan mekdebiňiz ajaýyp bir adamdan ömürlik jyda düşenine düşüner. Siz bilen egin-egne berip işlän uly-kiçi kärdeşleriňiz işjanly, mylakatly ýoldaşyndan aýrylandyklary üçin biri-birinden bidin gussa çekerler. Siziň ýüregiňizi bagyş eden, janu-dilden söýen okuwçylaryňyz talapkär, juda-juda mähriban mugallymlaryndan aýrylandygyny bilip galarlar. Şol gün Siziň birgeňsi ýylgyrşyňyz, hoş sözleriňiz, mähirli garaýşyňyz kemterlik eder. Beýik Magtymgulynyň “Jahanda ýaman işdir, gury gelip boş gitmek” diýen sözlerini gaýtalamagy gowy görýärdiňiz. Siz adamlaryň ýadynda gaty gowy zatlary galdyrdyňyz. Hoş sözleri, göwün galkynmalaryny, ynsanperwerlige ymtylyşy, gözellige küýsewi… näçe köňüllere şatlyk berdiňiz. Bir köňli ýykmak käbäni ýykan bilen deň bolsa, bir göwni galkyndyrmak, nurlandyrmak, kimdir biriniň ömür menzillerine şöhlezarlyk çaýmak hem uly işdir, mertebedir. Şindi agy-garany saýgarmaýan çaganyň kalbynda öz obalaryna, ümmülmez Watanyna söýgi oduny köretmekden, ýaňy durmuşyň bosagasyndan gadam goýan okuwçylaryň ýüreklerinde söze, edebiýata, tebigata, adamlara we adamzada, tutuş barlyga bolan buýsanjyň şinesini ekmekden zyýat borç bolup bilermi?! Arada sahaby saralyp giden depderlerimiň içinden Siziň 9-njy klasda okap ýörkäk ýazdyran (megerem Çingiz Aýtmatowyň eserlerinden) sözleriňizi gözläp tapdym: «Çyn, ýasama bolmadyk bagt – munuň özi ýöne bir tötänleýin sataşylýan, ýazyň güni birdenkä duýdansyz gelen çabga ýaly bir zat bolman, eýsem adama durmuş bilen, öz töwerek-daşyndaky adamlar bilen edýän aragatnaşygyna garap, ýeriň pessi bilenjik duýdurman, ýuwaş-ýuwaşdan gelýän bir närsedir, kiçijik owuntyjyklar, bölejik-bölejik zatlar bilen bir ýere üýşüp-üýşüp, biri-biriniň üstüni ýetirip, ahyrsoňy, ynha biziň bagt diýýän zadymyzy hasyl edýär». Ömrüň manysy şondadyr. Siz şindi ellem ýaşamandyňyz. Razy bol! Gurbandurdy ORAZOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |