08:58 Muhammet pygamber -38: romanyň dowamy | |
ON BIRINJI BÖLÜM 1. Takyk, Mekgedäki saňa ýetişen kynlyk bilen Medinede aňsatlyk bolar. Gurhan. 94-nji süre. 6-njy aýat. «Ýüz öwürmäniň» bes edilmegi Muhammet pygamberi beýle bir gyzyklandyryp baranokdy. Hakyň ýoluna uýanlar öýli-öýüne dargady diýmeseň, başga bir begenere, guwanara zat ýokdy. Indi tutuş Mekgäniň içi aşagynda aç musulmanlar oturan şol çadyr galasyndan enaýy däldi. Musulmanlaryň çagajyklary şol çadyrlaryň astynda «eje çörek» diýşip aglaşýan bolsa, indi öz öýlerinde «eje çörek» diýip zeýir-zeýir edýärdiler. Gurakçylyk söwdanyň düýpden kesilmegi, hiç ýerden girdejniň gelmezligi Resul Allanyň öz içersiniň güzeranynyň hem eňkamyny alypdy. Onuň özüniň käte öňden galan ownuk-uşak harytlary bazara çykaraýýan mahallary hem bolýardy. Ony ownuk jerçiler bilen bazarda haryt satyp otyrka gören kuraýyşlar içleriniň ýangyjyna: – How sen düýn pygamberdiň-le, bu gün gul bolduňmy? – diýip, gülýärdiler. Muhammet pygamber bolsa olaryň bu sözüne ünsem berip duranokdy. Gaýta ol hem: – Hawa, biziň barymyz pygamber bolsak hem, serdar bolsak hem «Hakyň alynda guldurys! – diýip arkaýyn jogap berýärdi. Soňam ýene men şu günem, ertir hem Taňrynyň Resulydyryn hem guludyryn – diýip olary başyndan sowýardy. Öýde içeriniň güzeranynyň aladasyny Aly çekýärdi. Ol güzeran işinde Resul Allany kän bir alada goýanokdy. El-aýak ýaly bolup, güzeranyň keşigini kössüz dolaýardy. «Içeriniň dillije düwmesi» – Patma-da indi ýetişipdi. Onuň üçin gudaçylyga gelýän hem az däldi. Ýöne Resul Alla Ýeriň ýüzüni elek bilen elände-de Alydan gowy giýew tapmajagyna göz ýetirýärdi. Ol şonuň üçin-de gyzy Patmanyň göwnüni barlady. Gyzy dillijedi, edenlidi, eli işlidi. Tüýs ejesine çeken gyzdy. Juda owadandy, näzikdi. Aly hem ers-mers bolup ýetişipdi. Juda gaýratlydy. Batyrdan dogumlydy. Ol agasy Hamza pälwan ýaly, çiginlekden syrdamdy. Haşymylara çeken kirpikmen ullakan gözleri dogumlylykdan ýada lowurdap, balkyldap durdy. – Gyzym! – diýip, Resul Allanyň özi Patma bilen gürrüň açdy. – Sen meniň günämi öteweri. Ejeň bolsa, başgaça bolardy, men seniň göwnüňi barlaýyn diýdim. Eger, razy bolsaň men oglum Alynyň hem göwnüni barlaýyn. Olam razy bolsa, nika gyýyp, toýuňyzy tutaýyn. Ýöne men geňeşi ilki saňa salandyryn. Patma agras ýüzüni aşak saldy-da, sesini çykarmady. Resul Alla üçin bolmalysy hem şeýle ýalydy. Gyz maşgala entek, nika ýok, toý ýok, «men razy» diýip durmaly däldi. Şonuň üçin ol Alynyň hem göwnüni barlady. Aly, oglum, öňki ata-babalar: «Işikden tapsaň tere ýetme» diýendirler. Eger razy bolaň gyzym Patma ikiňiziň nikaňyzy gyýyp toýuňyzy tutaýyn. Aly hem uýalyp ýere garady-da: – Atam, özüňiz gowy bilersiňiz. – diýdi. Ine, şeýdibem, Resul Alla Aly bilen Patmany biri-birine adaglap goýdy. Emma toý tutmaga häzir ýagdaý çatmady. Muhammet pygamberiň kalby soňky wagtlarda birhili ynjalyksyzdy. Şu güne çenli oňa Alla tarapyndan ellä golaý wahyý gelipdi. Ol hoş habarlar onuň kalbyna tylla bent deý, keramata beslenip ýatyrdy Şol süreleri, aýatlary musulmanlaryň köpüsi ýatdan bilýärdi. Resul alla indi mekge ilinden ýagşy doýupdy. Göwnüne bolmasa, indi döwran gutaran ýalydy. Soňky ýylda gören horlugy resul Allany halys lagşadypdy. Üç ýyllap musulmanlar, deräniň içinde çadyrlary, astynda aç-suwsuz, hor-homsy ýaşmagy kuraýyşlaryň onuň mertebesini her demde depeläp ýörmegi, Hatyjanyň ony orta ýolda ýalňyz goýup gitmegi, agasy Ebu talybyň ölimi alaçsyzlyk, onuň sözüniň il içinde juda arzysyz tutmagy, ony Mekgeden berçikdiripdi. – Nirä gitmeli? – diýen sowal Resul Allany gününe goýmaýardy. – Nirä geçmeli?! Ol her näçe oýlansa-da, parasatly bolsa-da, ýol gözlese-de, bu sowala jogap tapyp bilmeýärdi. Resul Alla musulmanlaryň, bir bölegini uly umyt bilen Efiopiýa göçüripdi. Ol ýurduň patyşasy Negus gidenlere howandar hem çykypdyr. Emma gidenler ygam-sagam bolşup, gaýdyp gelýärdiler Gyzy Rukiýýa, onuň adamsy Omar ol ýeriň musulmanlaryň, ýurdy däldigini Muhammet pygambere janygyp düşündirýärdiler. Olaryň dini, halkynyň ynanjy, däp-dessury düýbünden başgaçady. Dini başgalaryň arasyn- da, garyşyp-gatyşyp, öz ornuna almak aňsat däldi. Ýer, suw söwda, döwlet dolandyryşy, patyşalyk, dep-düzgün olaryň elindedi. Ýeriň bolmasa, suwuň bolmasa, onsoň seniň rysgalyň hem dini başgalaryň elindedi. Onsoň hem Mekgeden baran musulmanlar ýeriň, suwuň tabyny bilip baranokdylar. Söwdany hem ol ýurduň halkynyň öňüne düşüp etmejegi, köre hasa ýalydy. Şonuň üçin Resul Allany Efiopiýa göçüläýse, diýen umydy hem başa barmady. Ol ýurda barsaň, myhman bolup barmalydy. Emma musulmanlara öz ýurdy, öz şäheri gerekdi. Ol Taif jülgesine hem köp bil baglaýardy. Diýseň eşretli, rahat ýer, Akar suwy, bag-bakjasy, mal üçin gowy ýeri meýdanlary çaga wagtyndan bäri Resul Allanyň ýadyndan çykmaýardy. Şonuň üçin Muhammet pygamber adamlar Efiopiýadan gaýdyp gelip başlanlaryndan soň, Taifa göwün ýüwürdipdi. Göwnüne bolmasa, şol ýere baryp ýagdaýy aýtsa, bu jülgäniň ýaşaýjylary Hakyň birligine, Muhammediň onuň resulylygyna ynanyp, olaryň ýoluna gol beräýjek ýalydy. Onuň tanyş bolan Taifli söwdagärlerem: – Gowy halky bar, siziň sözüňize ýer depip durmazlar. Ýöne ol ýere baryp görmek gerek – diýip, Resul Allanyň ýüreginde ynam şemjagazyny ýakypdylar. Emma Resul Alla ol ýerde hem horluk baryny görüp gaýdyp gelipdi. Eger-de indi: «Jan agalar, geliň!» diýip, olaryň özleri ýalbaryp dursalar hem Resul Allanyň aýaklary şol ýere ädilmejek ýalydy. – Basra gitmelimi? Şama aşmalymy? Rum ýurduna geçmelimi?! Ol ýurtlar juda daşdy. Ýöne etjek alajyň ýokdy. Mekgede indiden beýläk durarlyk galmandy. Nire-de bolsa musulmanlary alyp gitmek gerekdi. Emma nirä gitjek?! Elbetde, bu ýer, Käbe mukaddes ýerdi. Onuň ata-babasynyň doglan, indem şu topraga duwlanyp ýatan ýeri. Käbäniň ruhy her haçan kalbyňy ýyladyp dur. Oňa şeýle mukaddes ýer, Taňrynyň nazary düşen ýerler bolsa gowy boljakdy. Emma... Muhammet pygamber ýene-de bazara çykdy. Söwda birneme gidýärdi, Resul Allanyň ýanyna düşen söwdagärler Ýasribden bolup çykdy. Nämüçindir olar Muhammet pygamberiň gözüne diýseň yssy görünýärdiler. Olaryň özlerem Resul Alla gözlerini aýyrman seredişýärdiler. Ahyr soňunda olar Resul Allanyň ýanyna geldiler. – Men Ýasribden geldim. Hazreç taýpasyndan. – Men Aus taýpasyndan – diýip, onuň ýanyndaky sakallak adam aýtdy. – Söwda geldik. – Olar çekine-çekine sowal berdiler. – Siz bizi bagyşlaň, siz Muhammet pygambermi? Resul Alla olara gadyrdanlyk etdi. – Men Muhammet pygamberdirin. Ýasribli söwdagärler bu mähriban, ýüzünden nur damyp duran adamyň garamaýak halkyň arasynda, ilden tapawutlanman, söwda edip oturmasyny gaty geň gördüler. Olar Resul Alla bilen gepleşip başladylar. – Häzir Ýasribde biziň kowumlarymyzdan başga-da jöhitler diýen hem bir taýpa bar. Ine, şolar bir gadymy kitapdan: «Galip ibn Fihriň (Muhammet pygamberiň dokuzynjy arkasy) neslinden bir pygamber gelmeli» diýip okapdyrlar. Ol siz bolmaly. Jöhitler sizi öz adamlary hasap edýär. Olar size el bermegi, siz dogulmankaňyz arzuw edip ýörler. Herne Ýasribden size ilki duşan biz bolduk... Resul Alla başyny aşak salyp, olaryň aýdýanlaryny diňläp otyrdy. Soňra olary öýüne alyp bardy. Olary gowy naharlady. Soňra olaryň gözüniň alynda namaz okady. Soňam olara Kuranyň «Ybraýym» süresini okady. Oturanlar haýran galdylar. Resul-Alla ýuwaşlyk bilen söze başlady. – Bu daglary, tereň derýalary, Güni, Aýy, bir gysym toprakdan Adamy ýaradan Beýik Perwerdigär sizi öz ýoluna çagyrýandyr. Kimde-kim Alla sygynyp: «Alladan başga hudaýlar ýokdur!» diýse, ol ynsan Beýik Taňrynyň mukaddes hormatyna laýykdyr... Myhmanlar az otursalar-da, köp diňlediler. Muhammet pygamber olara ýene-de Kurandan süreleri okady. «Eý, Muhammet (a.s.m), sen olara, butlara uýup näme gördüňiz, eger-de siz dünýäde Belent-Taňrynyň azaby gelse ýa-da başyňyza kyýamat gopsa, şonda siz Belent-Taňrydan başgany çagyrarmysyňyz, şony beýan ediň diýgin. (YI.4I.). «Eý, Muhammet (a.s.m), sen olara, eger Belent-Taňry siziň gulagyňyzy ker etse we gözleriňizi kör etse we siziň ýürekleriňizi garaňkylyk möhürini bassa, şonda siz bir Taňrydan başga haýsy Hudaýdyr ony size gaýtaryp berjek, şony beýan ediň diýip aýt (YI.47.).» Gelenler Gurhanyň aýatlaryna agyzlaryny açyp galdylar. Göýä, ynamsyzlyk edendikleri üçin Taňry olaryň depesinden gazabyny inderäýjek ýaly bolup, Resul Allanyň ýüzüne garadylar. Şonda olar Beýik Perwerdigäriň Ýerdäki pygamberini tanadylar. Olar şol pursadyň özünde Allanyň ýeketäkligini, Muhammediň onuň Resulydygyny ykrar etdiler. Ol söwdagärler alty adamdy. Ebu Umame Esad b.Zurare, Awf b.Harys, Rafi b.Malik, Kutbe b.Amir, Jabri b. Abdyllah b.Riab hem-de Ukbe b. Amir Ýasribden ilkinji bolup musulman bolan bendelerdi. Muhammet bularyň musulmançylygy kabul etmegine juda şat boldy. Ol şondan soň galyň, nur dökülip duran gabaklaryny, juda mähriban gözleriniň üstüne goýberip, seleň ýerde ösen beýik çynar ýaly bolup, juda näzikden mähriban ses bilen Gurhanyň aýatlaryny okap başlady. Ol owaz, Gurhanyň mübärek ruhy oturanlaryň argyn kalbyna melhem bolup ýapylana döndi. Ýasrib Mekgeden beýle bir uzak bolmany üçin mukaddes aýlarda Käbä haç zyýaratyna bu ýerden gelýänler az-küş däldi. Şol möwsümde zyýarata gelenleriň arasynda geçen ýyl Resul Alla bilen duşuşyp, musulman bolanlar hem bardy. Olar ýene-de Muhammet pygamberi yzarlap geldiler. Resul Alla olary ýitip gitmändigine begendi. Olar bilen gadyrdanlylykda görüşdi. Bu myhmanlar Resul Alla özleriniň arzlaryny aýdyp başladylar. – Biz Ýasribde siz barada gürrüň berdik welin, eziz Resul Alla, bize ynanman ýörenler hem bar. Emma adamlaryň köpüsi ynandy. Olar juda haýran galdylar. Ýöne köpüsi:«Alla çapsyn biz öz gözlerimiz bilen görmesek, adam ogluna ynanmarys» diýip ýer depip durlar. Siz kyn görmeseňiz ýasribli zyýaratçylaryň arasyna barsaňyz. – Olar nirede ýaşaýarlar? – Akabe diýen ýerde, gizlinje jaryň içinde ýaşaýarlar. Siz şol ýere bir baryp bilseňiz, galanyndan arkaýyn boluň. Muhammet pygamber mundan sähel wagt öň Ýasribiň ýolundaky arap obalarynyň birine baryp, obanyň adamlaryny ýeke-ýekeden Allanyň ýoluna girmäge çagyrypdy. Özüniň Allanyň pygamberidigini aýdypdy. Emma ol obanyň adamlary ony her hili sögünç sözler aýdyp, obadan çykaryp kowupdylar. Şonda depesindäki iki sany käkilini selpildedip, Ebu Läheb hem bir ýerlerden tapylyp gelipdi. Onuň ýanynda bolsa bir topar bozgak bardy. Olaryň özüni yzarlaýandyklaryny Resul Alla şonda bilip galdy. Ebu Lehem öň hem Muhammet pygambere ynamsyzlyk bilen garaýan bu adamlary öjükdirip başlady. – Adamlar, şu kişini tanap goýuň. Ol juda ýalançydyr. Ony obaňyzdan kowuň. Ol bozgak, jenaýatçy. Ony Mekgede gözläp ýörler. Uruň ony, obaňyzdan çykaryp, kowuň, ýogsa bir bela ýolugarsyňyz . Ebu Läheb Safa dagynda inisini öldürmänine gaty gynanyp ýördi. Ýogsa, şol ýerde oňa garşy ilkinji daşy onuň özi atypdy. Aýaly Umm Jemil hem arabyň ähli sögünjini onuň üstüne ýagdyrypdy. Emma adamlaryň özi bularyň göreldesini alyp götermediler. Ebu Läheb indiki horluklary adamlaryň özünden görýärdi. «Eger, şonda men daş zyňanymda olar hem meniň yzyma eýerip, her kim bir daş zyňanda, bu wagta onuň mazarynyň nirededigem belli bolmaly däl» diýip gören ýerinde aýdýardy. Häzir hem ol adamlary öjükdirip, Resul Allanyň üstüne biri daş zyňsa, ikinjini özi atmaga taýýar bolup durdy. Emma adamlar ony edip bilmediler. Muhammet pygamber: «Ýasrib zyýaratçylary hem maňa erbet daraşmasa ýagşy» diýip alada edýärdi. Emma onuň garaşyşy ýaly bolmady. Ýasribli hajylar diýseň edeplidi. Olar Akabe diýen ýerdäki çuňňur jaryň öwrümjiginde Resul Allany juda gadyrdanlyk bilen garşyladylar. Çünki, olar Muhammet pygamberiň mähribanlygy barada öňem eşidipdiler. Emma ony görüp, Resul Allanyň hoşroýdan nurana ýüzüne, mübärek didaryna garap, öňki aýdylanlaryň kän bärden gaýdýandygyna göz ýetiripdiler. Olar bu eziz adama aşyk bolan kimin gözlerini aýyrman seredişip otyrdylar. – Resul Alla, sen bize nädip musulman bolmalydygyny öwret. Biziň ilimizden şu ýerde on ikimiz bar, şolaryň altysy musulman, bizem musulman bolmakçy. Biziň şäherimizdäkileriň köpüsem «biz hem musulman bolmak isleýäris» diýip bizden sargyt iberdiler. Şonuň üçin mümkin bolsa, bize bir ussat hem iber. Ol bize şerigatyň, din-yslamyň ýollaryny öwretsin – diýip, öňki sapar musulman bolan, şu toparyň ýolbaşçysy, Esed b. Zurare aýtdy. Emma Resul Alla howlukmady. – Adamlar, sabyr eýläň. Beýik eýämiz ynsany gorkuzyp, aldap, howlukdyryp, galp ýollar bilen musulmançylyga salmaga garşydyr. Beýle etmek juda günä. Allanyň garşy bolan zady biziň üçin haramdyr. Siz köňlüňizi ýagşy päkläň. Niýetiňizi arassalaň. Diňe şonda çyn musulman bolarsyňyz. Bu sözler ýasriblileriň ýüregine melhem boldy. Esed b.Zurare ýene söz aldy. – Eziz Resul Alla, biz siziň öňüňizde ogurlyk etmezlige, Käbede, Mekgede zyna etmezlige, çagalary öldürmezlige, adama ýalan töhmet atmazlyga, hiç zady Taňra deňemezlige, her bir haýyrly işe garşy çykmazlyga biat (kasam) edýäris. Eger, isleseňiz, biz bu karary kagyza ýazybam bileris. Biz indi halal, arassa ýaşarys. Şondan soň olaryň biri bu aýdylan zatlary hata geçirip başlady. Resul Alla bu ýagdaýa begendi. – Mähriban doganlar, sizi Belent-Taňra goýýan mukaddes hormatyňyz üçin mübärekleýärin. Soňra ol üç sapar: «Lä ilahy illallah, Muhammet Resul Allah!» diýip aýtdy. Oturanlaryň ählisi bu sözleri hormat bilen gaýtaladylar. Şondan soň Resul Alla Gurhandan aýatlary okap başlady. Ýasribli hajylar ondan örän hoşal boldular. – Eziz Resul Alla, biz seniň adyňa aşna bolup ýördük. Bu gün bolsa biz arzuwymyza ýetdik. Siziň mübärek didaryňyzy gördük. Munuň özi biziň yhlasymyza Beýik Rahmanyň gymmatly sowgadydyr. Resul Alla ýasribli hajylaryň-musulmanlaryň, ýanyndan juda razy bolup öýüne gaýtdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |