09:00 Muhammet pygamber -39: romanyň dowamy | |
2. Ýa Muhammet, millete Taňryny bir we Muhammedi onuň Pygamberi bilip, hemme ýamanlyklardan saklanmagy emr etse-de, Ebu Jähil ony ýoldan gaýtardy. Gurhan. 96-njy süre. 12-nji aýat. Ebu Jähil ýene-de möwç alyp ugrady. Ebu Läheb: «Eger bir çäre görülmese, onda musalmanlaryň älemi özleriniň tarapyna gürrüňsiz geçirýändikleri» hakynda Ebu Jähile arz etdi. Soňra Resul Allanyň araplaryň obalaryna gidip, olary musulmançylyga çagyrýandygyny aýtdy. Özüniň ony bir obadan kowdurşyny gürrüň berip öwündi. Emma ýasriblileriň oňa juda uly howandarlyk edendiklerinem aýtdy. Bu habara bir ölüp bilmedik Ebu Jähil dişlerini jygyrdatdy. Onuň çakgynyň çüýi ýaly, yşnyksyz gözleri hanasyndan çykara geldi. – Men keramatly Uzzadan ant içýärin, şol dereksizi hökman öldürerin. Indi Ebu Lähem Haşymylar urugynyň kethudasy bolupdy. Baý, gurply, sözi bilen degirmen ýöredýän Ebu Jähil bilenem ol iýeni aýra gitmeýän dostdy. Şonuň üçin-de Ebu Lähebiň gözi ýer görenokdy. Mal-mülkden, baýlykdan ýüküni tutan kethuda haşymylar urugynda nämüçindir özüni erkin duýup bilmeýärdi. Onuň esasy ýagysy Muhammet pygamberdi. Ol özüniň, iki agasynyň «şol ýetimçäniň aldawyna» düşenine bir ölüp bilenokdy. Onuň gahary bokurdagyny kesäýjek bolýardy. Onuň tesine, onuň çyn ýagysynyň at-owazasy ilden ile aşyp barýardy. Munuň şeýledigini ýasribli musulmanlaryň oňa goýýan hormatyny eşidende düşünipdi. Içini ýakaýyn diýen ýaly, Şamdan gelen kerwenbaşy hem: – Şamda, Basryda uly-uly söwdagärler biziň garşymyzdan çykyp: «Siz Taňrynyň pygamberi Muhammet aleýhyssalamyň ilindenmisiňiz?» diýip, bizi gadyrdanlyk bilen garşy aldylar. Basranyň adamlary hem: «Hany, diri pygamber hakynda gürrüň berseňizläň!» diýip, üýşüp gelip soradylar– diýip, aýdýardy. Özem, ol ýalan sözlejek adam däl. Ebu Lähebiň Efiopiýa giden kerweniniň kerwenbaşysyny şol ýurduň uly serdarynyň özi myhmançylyga çagyryp:«Täze dörän pygamber barada gürrüň ber» diýenmişin. – Sen näme diýdiň? Kerwenbaşy az-kem sypjyklyk etdi. – Ol bir dereksiz adam. Halk ondan bizar. – diýdim, diýip ýalan sözläpdi. Ebu Läheb ony öwdi. – Hubaldan ant içýän sen dogrusyny aýdypsyň. – diýdi. Ýöne, Ýasribden gelenler has howply habar getiripdiler. – Ýasrib durşuna diýen ýaly musulman bolanmyşyn... Bu habarlar Ebu Lähebi otdan alyp, oda salýardy. Ony diňe bir zat köşeşdirýärdi. Ol hem Mekgäniň häkimi Ebu JähiliňMuhammet pygamberi ýigrenmegidi. Ol adam Muhammet pygamberi abraýdan düşürmek, ýok etmek üçin iň soňky köşekli düýesini bermäge taýýardy. Günleriň birinde, yzarlap ýörenleriň biri Muhammet pygamberiň Käbä garşy geçip barýandygyny habar berdi. Ebu Läheb öz diýenini edýän urugdaşlaryny, kuraýyş ýaşulularynyň birnäçesini ýanyna alyp, Muhammet pygamberiň ýoluny saklap başlady. Muhammet pygamberiň ýüzi aşakdy. Ol Käbä zyýarat edip, indem öýüne tarap gelýärdi. Onuň bu günler bir aljyraňňylyga duçar bolan wagtydy. Mekgedäki ýanamalar, arap çarwalaryndaky şowsuzlyklar, gitmäge ugruň ýoklugy Resul Allanyň başyny garjaşdyrýardy. Ol Hatyja ýogalany bäri ýalňyzdy. Pygamber bolany üçin öýde bolsun, metjitde bolsun, Käbäniň ýanynda bolsun musulmanlar bilen namaz okanda, ol hökman ymam bolmalydy. Allanyň dininde bolsa, aýaly bolmadyk kişiniň ymam bolmaga haky ýokdy. Şol ýagdaýy göz öňüne tutup, ol täzelikde Hebeşistanda adamsynyň kazasy dolan Sewde atly aýaly nikalap alypdy. Sewde Efiopiýa göç eden musulmanlaryň biri Sekran b.Amryň aýalydy. Sekran ilkinjileriň hatarynda musulman bolup, soň Resul Allanyň tabşyrmagy boýunça Hebeşistana gidipdi. Şol ýerde-de agyr kesele duçar bolup, aradan çykypdy. Olaryň bäş sany ýaşajyk çagasy bardy. Zemanyň gyzy Sewde ýaşyna görä gartaň görünýärdi. Ol görmeksizden hem beter garypdy. Efiopiýadan halys tozup, yzyna gelipdi. Indi bolsa öz çagalaryny hem ekläp bilmän aljyrap ýördi. Şol döwürde Osman ibn Mahzumyň gyzy Hawle bu aýala Resul Allanyň sözüni aýtdy. Şeýdibem, ol pygamberiň ikinji aýaly boldy. Hudaýyň pygamberine bäş çagasy bilen durmuşa çykanyna Sewdeniň başy gök direse-de, Resul Alla ondan aýaly hökmünde yssylyk tapyp bilenokdy. Şonuň üçin ol bu sarydiş aýala öýlenenine begenibem, gynanybam baranokdy. Ýöne bir zada, ýetim, birtopar çagaly halalzada aýaly öz ganatynyň astyna alanyna begenýärdi. Ýetimlere hemaýat etmek onuň iň halaýan zadydy. Emma musulman bolan gurply, abraýly, mertebeli kişiler welin onuň özüne aýdyp bilmeseler-de, Resul Allanyň gurply, abraýly, iliň-günüň göwnüniň ýetýän ýerinden maşgala almanyna gynanýardylar. Resul Alla geçjek ugruny üýtgedip durman, alynda üýşüp duran adamlara salam berdi. – Essalamualeýkum werehmetullahy we berekäti... Duranlaryň köpüsi beýle uzak salama gülüşdiler. «Okuny-ýaýyny gezäp», ony masgara edip, aryny almak üçin taýýar bolup duran Ebu Läheb it ýylgyryşyny edip durdy. Resul Alla bu ýerde duranlaryň ýagşylyga durmaýandyklaryny, olaryň rejesiniň geň däldigini aňdy. Sebäbi ol şu toparyň arasynda özüni daş bilen uran, ýüzüne tüýkürip, hapa-hapa sözler bilen masgaralan adamlaryň hem bardygyny gördi. Olar bu sapar hem özüni sylap goýar öýdenokdy. Şonuň üçin ol başynam galdyrman ýoluny dowam etdirdi. – Hany, sen dursan-ow! – diýip, Ebu Läheb oňa habar gatdy. – Men sizden bir zat soraýyn-la. Resul Alla Ebu Lähebiň sesinden tanady-da, sakga durdy. – Aýdyberiň. Ebu Läheb töweregindäkilere «Häzir şuny edişime garaň» diýýän ýaly, gözlerini ýeserlik bilen gypdy. – Aýtsam, Meniň kakam, Seniň ataň Abdyl Mutalyb seniň Allaňy unaman dünýäden ötdi. Resul Alla Ebu Lähebiň ýüzüne müýnsüz garady. – Ol külli älemleriň Allasydyr. Ol diňe bir meniň Allam däldir! Ebu Läheb: «Gör-ä bu akmagy» diýýän ýaly, Resul Alla garap başyny atdy. – Sen gepi kesä çekme-de göniňi aýt. Seniň hudaýyň şol adamy o dünýäde jennete iberermi, dowzaha?! Muhammet bu adamdan adamkärçilikli gepiň çykmajagyny bilýärdi. Onuň niýeti Resul Allanyň mertebesine, Allanyň keremine, musulmana zarba urmakdy. Şeýdibem ony puja çykarmakçydy. Sebäbi bu adamyň atasyna ýowuz jezany dözmejegine öz ýanyndan ynanýardy. Ol Resul Allany şol rehimdarlygynyň üsti bilen onuň boýnuna otly tagan atjak bolýardy. Resul Allanyň ýüzi agraldy. – Kim Belent-Taňryny tanamasa, onuň ýoluny terk etse, onda ol kim bolanda-da, jaýy dowzahdyr! Galanyny Rahmanyň özi biler... Ebu Lähebiň guşy uçdy. – Ah, sen lagnatkerde. Sen meniň kakamyň mukaddes hatyrasyna dil ýetirermisiň! – Ol töweregindäkilere tutunyp, şerraý ses bilen gygyryp başlady. – Eşitdiňizmi, haşamylar. Sizem eşitdiňizmi, eý, kuraýyş ogullary! Özi iýmän iýdireniň, boýnundan düşürmän götereniň abraýyna çirk ýetireni görüň. Aýalymyň kakasy pahyryň: «Ýetim owlak saklasaň, agzyň burnuň ýag eder, ýetim oglan saklasaň, agzyň-burnuň gan eder» diýeni dogry eken. Ol geldi-de, ýuwaşja ýöräp barýan Resul Allanyň egninden ýekegapan ýaly bolup, süsüp goýberdi. – Uruň, ol näletkerdäni, uruň. Öýüni otlaň! – Onuň şerraý sesi töweregi tisgindirip gitdi. Duranlaryň arasynda Resul Alla el uran bolmady. Ýöne barysy birden gülüşdiler. – Bu ýetimçe biziň hudaýlarymyza dil ýetireni bilen oňman, indi biziň ata-babalarymyza hem çirk ýetirip ugrady. Tutuş haşymylaryň köküne çirk ýetirdi... Goh-galmagal yzda galdy. Resul Alla agasy Ebu Lähebiň gykylygyna çagalygyndan bäri beletdi. Onuň igenjinden, ýanamasyndan baryp, çagalygyndan bez-bez bolupdy. Ertesi tutuş Mekge «Muhammet ibn Abdylla in ibn Abdyl Mutalyp haşymylar urugyndan çykarylanmyşyn» diýen gürrüň ýaýrady. Bu ýaramaz habar Muhammet pygamberi örän aljyratdy. Adam Belent- Taňra sygynyp, Onuň keremine bil baglasa-da, ol çig süýt emen-dä. Ony kökünden aýyrjak bolanynda, bir ýerde bar bolan namysy gozganýardy. Resul Alla bu wagt Alla Tagala bilen bitewileşipdi. Ol: «Meniň ýolum Allanyň, ýoly. Meniň wagyz edýän dinim Allanyň dini» diýýärdi. Indi diňe bir Muhammet pygamber Ýaradany duýman Belent-Taňry hem öz resulyny duýýardy. Onuň gaýgysyny, şatlygyny, dogasyny-dilegini görüp, eşdip otyrdy. Ol eziz Resulynyň pamykdan ak ynsabyny, mukaddes kalbyny tutuş ynsanýetiň boluşlaryny ölçeýän adyl terezisine öwrüpdi. Ol şol tereziniň agramyna görä, ynsanyň bolşuna baha kesýärdi. Şonuň üçin eziz Resulyň köňlüne ownuk kineler, gaýgy-gussajyklar özara oňşuksyzlyklaryň kirjagazlary ýomaly däldi. Ýöne, näme diýseň hem, göwnüne näçe almajak bolsa-da, bu habar Resul Allany ynjadypdy. Ýöne bu ýagdaýlara gynanyp oturmaga onuň elem degenokdy. Şeýle-de bolsa, ol indi hiç bir uruga degişli däldi. Onuň ata-babadan gaýdýan kökleri kesilen ýaly bolupdy. Onuň şahalary indi guramalydy. Indi ony bu ýalançy dünýäde ursalar-da, horlasalar-da, sögseler-de, namysy hiç bir uruga ýetjek däldi. Indi onuň namysyny çekişjegi ýokdy. Beýik Ýaradanyň pygamberini şeýle halda ynjytmak, ony ilden çykaryp kowmagy aňladýardy. Bu onuň belent başynyň egilip, mertebesiniň depilendigi hasap edilýärdi. Hakyky namysly-arly urugy bar bolsady, onda ony beýle horluklara miýesser etmeli däldi. Emma onda öňden urug ýok diýen ýalydy. Näme diýseň hem, il-gün arkasy bolup çykdy. – Eý-how, Mekge ilaty! Şu günden beýläk Muhammet ibn Abdylla ibn Abdyl Mutalyba Naufal urugy howandar çykýandyr-la, ha-aw! Kimde-kim Muhammet pygambere dil ýetirse, el göterse, Naufal urugynyň namysyny depeledigidir-le, ho-ow! Kimiň kellesi iki bolsa, barsyn Resul Allanyň ýanyna, barmagyny degirip görsün-le, ho-ow! Käbäniň ýanynda gaýta-gaýta jar çekdiren Naufal urugynyň kethudasy al-Mukymdy. Al-Mukymyň ýanynda ganojak, ýarag-şaýy tutulan, döw kimin batyr ogullary bardy. Onuň beýleki neberelerem gözlerini ýaldyradyşyp, kethudalarynyň sözüni makullap durdylar. Emma Ebu Jähiliňadamlary, Ebu Lähebiň ýaranlary bu habara başam galdyryp barmaýan ýalydylar. Olaryň niýeti Muhammet pygamberi bir çolarak ýerde güpbasdy edip, awlamakdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |