09:01 Muhammet pygamber -40: romanyň dowamy | |
3. We eý Muhammet, biz seni ýöne ýere pygamber edip ibermedik, meger hemme adamlara pygamber halyňda, ýagşy kärleri edýänlere hoş habar bergiji we şerigdan çykýanlary gorkuzgyjy edip iberdik we ýöne bu ýagdaýy adamlaryň köpüsi bilmezler. Gurhan. 34-nji süre. 29-njy aýat. Ýasribden gaty köp adamyň özüni görmek isleýändigini Resul Alla habar berdiler. Resul Alla ol gelenler bilen duşuşdy. – Eziz Resul, essalowmaleýkim. – diýip, Esed b. Zurare oňa iki elini uzatdy. Olar salamlaşdylar. – Biz jemi ýetmiş erkek kişi hem-de iki sany aýal bolup, Käbä zyýarata gaýtdyk. Biziň ýoldaşlarymyzyň bary siziň bilen duşuşmak isleýär. Resul Alla olaryň çakylygyny aldy. Duşuşyk gijäniň ýarynda, öň duşuşylan Akabe jarynyň içinde bolmalydy. Ýöne ol duşuşygy hem, onuň nirede, nähili wagtda bolýandygyny-da hiç kim bilmeli däldi. Resul Alla gijäniň bir wagty heniz musulman bolmadyk agasy Abbas bilen bu ýere geldi. Ýasribden gelenler jem bolup, Resul Allanyň, mübärek didaryny görmek üçin ukularyny haram edip otyrdylar. Ilki Resul Allanyň agasy Abbas sözledi. – Adamlar, eger özüňize ynamyňyz bolmasa, ýa-da çekinseňiz Muhammet pygambere azar bermäň. Bu iş gaty kyn hem-de ynjyk işdir. Eger özüňize ynamyňyz bar bolsa, Resul Allany özüňizi goraýşyňyz ýaly gorajak bolsaňyz, onda meniň gepim ýok... Soň Esed b.Zurare Resul Alladan sorap, söze başlady. – Eziz Resul Alla, tutuş Ýasrib halky siziň mübärek ýoluňyzy tutmagy maksat edinýär. Şu ýerde oturanlarymyzyň ählisi musulman boldy. Indi biziň halkymyz siziň eziz didaryňyzy görmek üçin, sizi Ýasribe çagyrmak üçin bizi ýanyňyza iberdiler. Bu hoş habar Resul Allanyň mähribanlyk bilen balkyldaýan gözlerine ýaş çaýdy. Ol iki elini asmana tutdy. – Eý, Beýik-Perwerdigär, bu hoş habar getiren bendeleriňi jennet sogaby bilen mübärekläweri! – Soň hem begençli dideleri bilen gelen adamlary gujaklady. Bu habara Muhammet pygamberiň egnindäki agyr daşlar dökülip, ýüregini mynçgylap duran ýowuz penje gowşan ýaly boldy. Ol çakylygy kabul etdi. – Elbetde, Alla Tagalanyň islegi şeýledir! Bu habara bu ýere gelen ýasribli musulmanlar çäkiz begendiler. Şondan Soň Esed b. Zurare bu gürrüňi jemledi. – Eziz Resul Alla, biz öň her birimiz özümize han bolup, üstümizden guş uçurman ýören bir halkdyk. Indi bu gün siziň yhlasyňyz bilen Allatagalanyň kalbymyza guýan ynanjyny dilimiz bilen ykrar edip, kalbymyz bilen tassyk edýäris. Nesip bolsa, siz biziň ilimize barsaňyz, janymyz-tenimiz bilen yslam ýoluna gulluk edip, sizi şirin janymyz bilen gorarys. Ganlarymyz ganyň bilen, tenimiz teniň bilendir. Özümizi, çagalarymyzy, aýallarymyzy aýap goraýşymyz ýaly, seni hem gorarys. Eger şu antymyzy bozsak, Allanyň ähdini bozan bagtygara adamlar bolaly!.. Resul Alla bu sözlere ynandy. Ol: – Her meselede meniň ýanymda wekil bolar ýaly, on iki adamy saýlaň– diýdi. Şondan soň on iki adamy wekil saýladylar. Saýlananlaryň dokuzysy hazreç taýpasyndan, üç adam bolsa Ews taýpasyndandy. Bu on ikiniň ikisi aýaldy. Resul Alla şol on iki wekile Esed b. Zurarany ýolbaşçy belledi. Soňra şu ýere gelen Musab b.Umeýri olaryň iline Gurhan mugallymy edip iberdi. Bu ýerdäki gürrüň näçe gizlin bolsa-da, ony kuraýyşlaryň aňandygy belli boldy. Gijäniň bir wagty kimdir biri: – Eý, kuraýyşlar, eşidiň, Muhammet hem-de ata-baba dinlerinden çykan medineliler siziň bilen uruşmak üçin dil birikdirýändir-how! – diýip gaty-gaty gygyrdy. Şondan soň adamlar örüp başladylar. Emma Esed b.Zurara Resul Alla ýüzlendi: – Eziz Resul Alla, sen gam çekme, eger isleseň, biz şu we ýene şunça adam bolup, gylyçlarymyzy parladyp, size azar berýänleriň, üstüne çozup bileris. Emma adam ogluna size kast etdirmeris – diýdi. Emma Resul Alla olary beýle ýola iterip biljek däldi. Ol bu sesiň Munebbin b.Hajjajyň sesidigini tanapdy. Şondan soň ol ýasribli musulmanlary köşeşdirdi. – Ýok, bize heniz beýle işleri etmäge rugsat berlen däldir. Onsoňam, ol ses Akabeniň şeýtanynyň sesi bolmagam ahmaldyr... Resul Alla şondan soň, aýallardan galan erkekler bilen elleşip, hoşlaşdy. Resul Alla gijäniň garaňkylygyna duwlanyp öýüne bakan barýardy.Onuň göwni indi Mekgäniň jebir-sütem berme kemi galmadyk durmuşynda däldi. Onuň umytlary Ýasribiň ak ýollary bilen uçup barýardy. Ol şol buýsançly oýlary bilen öýüne baryp, namazyny okady. Namazlykdan turman hem öz köňlüni agtaryp başlady. ...Muhammet pygamber Mekgeden närazy däldi. Bu ýer onuň dogduk mekanydy. Mähriban ejesi Eminäniň owadan eziz gözlerini ilkinji sapar gören ýerleridi. Bu ýer onuň oglanlygynyň Mekgäniň aýda-ýylda bir sapar çakýan ýyldyrymynyň geçişi ýaly, bolup geçen ýerleridi. Ol eje, kaka mährini görmese-de, atasy Abdyl Mutalybyň, agasy Ebu Talybyň mähribanlygyny gören, ondan ganan ýerleridi. Bu ýerde mukaddes Käbe edil bir Ýeriň göbegi ýaly edip durdy. Ol çagalygyndan şu güne çenli bu mähriban ýere baranda, özüni aýdyp bolmajak rahatlygyň gujagyna atan ýaly bolýardy. Ol bu ýerde Ýaradanyň didaryny görüp bilmese-de, onuň demini eşidýän ýalydy. Şol onuň diriliginiň tenekarydy. Ol indi şol demi duýman ýaşap bilmejegini duýupdy. Ol Mekgeden nadyl däldi. Resul Allanyň gözlerine Hatyjanyň üýtgeşik nurdan ýasalan ýaly näzik, arap kowumlaryna asla meňzemeýän, jennetiň çirksiz päk güli ýaly paşyrdap duran didary geldi. Ol ýaşdy, owadandy. Ylaýta-da mähribanlykdan ýaňa balkyldap duran gözleri eziz Resulyň indi näçe aýdyr ynjalman, iki daşyň arasynda goýlan ýaly, awap duran ýüreginiň ýaralaryna melhem bolup ýapyldy. – Hatyja! Muhammet pygamber bu eziz didaryň alynda elendi. – Kasymyň atasy? – Hatyjanyň çaga bilbiliň ýaňy açylan sesi ýaly, ter owazy goh-galmagally dünýäniň çolaja, çüňkünde eräp gitdi. – Bitakat bolma, näşükür bolma! Resul Alla agyr-agyr ýuwdundy. – Bu dünýäde seniň ýeriň gädik dur. Hatyja-da owadan başyny ýaýkady. – Bu dünýäde-de seniň ýeriň gädik dur? Sen menden razy bolgun. Men seni ogully edip bilen däldirin, däldirin, däldirin... Resul Alla ýuwaşja tisgindi. – Ýok, ýok, men senden müň-de bir gezek razydyryn. Hatyja! Ol bir salym gözlerini ýumup oturdy. Hatyja bilen aşyk-magşuk kimin biri-birini hiç-mahal ynjytman süren döwrany göz öňüne geldi. Bu mähriban aýal onuň kalbynyň iki dünýe zary ýalydy. Resul Alla müşk ysyny halaýardy. Hatyja bilen süren döwrany oňa hiç mahal gaýtalanmajak hoşboý müşküň ysy ýalydy. Ol indi ony undubam, ýadyna düşüribem bilenokdy. – Bu dünýäde seniň ornuňy tutjak ýokdur, Hatyja! Ol agasy Ebu Talyby ýatlady. Aklyň, duýgynyň, adamkärçiligiň janly gaby ýaly bolup, hiç haçan, iň kyn, iň jepaly, juda howply, howsalaly günlerde-de gaşyny çytmadyk, göwne geler ýaly süläniň gabygy ýaly söz aýtmadyk bu adam onuň göwnüne tylla nagyş bolupdy. «Eger sen diri bolan bolsaň, Ebu Läheb meniň başyma beýle günleri salarmydy, agam!», Ol agasynyň öz öňünde dag ýaly bolup dikelen didarynyň hasrat bilen eräp barýanyny gördi. – Mert bolgun, Ahmedim. – Ol onuň sesini eşitdi. Resul Alla Mekgeden nadyl däldi... Ol bu ilde ogullarynyň boýuna guwanypdy. Ol bu ýerde ogully bolupdy. Olary bagryna basyp, neresseje bäbegiň ýaňagyndan gelýän, misli jennetdäki ýaly ysyny ysgapdy. Ol balalaryny bu toprakda däl-de, özüniň kalbynyň töründe jaýlapdy. Indi olary nirä gitse-de, nirede bolsa-da, göterip ýördi. Onuň bu dünýesi ogulsyz bolsa-da, kalby ogulsyz däldi. – Balam, Kasymym, Abdyllam, sen diri gezip ýören bolsaň, meniň goşa ganatym bolardyňyz. Şonda Ebu Läheb ýalylar «ebter» (nesli dowam etmeýän) diýip kemsitmezdi. Şonda hiç kim meniň ganatlarymy gyryp bilmezdi. Bah, meniň köklerim üzüldi, ganatlarym gyryldy, oglum! Resul Alla toba etdi, şükür etdi-de, özüni ele aldy. – Hudaýa şükür! – diýdi. Ol Mekgeden nadyl däldi. Resul Alla Hak bilen didarlaşan gijesini ýatlady. Ol Hakyň owazyny eşidipdi. Indi müň dürli reňke, müň dürli owaza gark bolan, älem ýagşylyklarynyň, iki dünýäniň mukaddeslikleriniň sahawatynyň ähli şirinligi ornan ol nagmalar onuň gulagynda, tutuş dünýäsinde henizem gaýtalanyp duran ýalydy. Ol bu mukaddes nagmalardan bu dünýäde-de, ol dünýäde-de ganyp bilmez.. Şol owaz Resul Allanyň gulagyna ýene-de gelip başlan ýaly boldy. Şol owaz gelende älem-jahan doňup galan ýaly bolýardy. Onsoň şol ajaýyp nagmalar Resul Allanyň süňňüni bogun-bogun sökýärdi-de, ony başga bir juda eşretli, şirin äleme alyp gidýärdi. Ol älem durşuna şol owazdy. Şol şirin nagmalaryň owazyna gark bolan adam oglunyň bu azap-reýgana çümen hapa dünýä gaýdyp dolanasy gelmeýärdi. Ýöne alajy ýokdy. Resul Alla şol owazdan ganyp, soňra tisginip oýananda kalbyna Belent-Taňrynyň basan mukaddeslik möhrüni görýärdi. Olar durşuna dogady. Olar bu dünýäde hiç kimiň aklyna sygmajak, ýüz müň keramaty, syry, gudraty özünde saklaýan aýatlardy. Olar Gurhanyň keremi egsilmejek, mukaddes sürelaridy. Olar Beýik Ýaradanyň demi, paýhasdan eýlenen dürdäne sözidi. Resul Alla Taňrynyň şol Beýik paýhasynyň ähli şirin-şerbetini alan nagmalaryň gelip başlaýşynam, özüniň şonuň älem-jahana degýän şirinligini-de, şol nagmalaryň joşgunly derýasyna ýuwlan mukaddes süreleriň kalbynyň aýnasyna galyp bolşunam duýýardy. Emma bu bolýan zatlary beýan ederden, düşündirerden ol ejizdi. Belent Taňry ynsana şeýle mukaddes owazy, keramatly süreleri beripdir, emma onuň düýbüne ýeter ýaly, beýikligini ölçär ýaly, güýç-kuwwatyny beýan eder ýaly sözi, duýgyny welin bermändir. Resul Alla bir zada gynanýardy. Onuň kalbyna guýulan her bir mukaddes aýatyň älem ýaly düýpsüz, şirinden şeker eşreti bardy. Ol bu taýsyz eşreti duýýardy. Onuň nagmalaryny eşidýärdi, emma dili welin diňe sanlyja sözleriň toplumyny diýýärdi. Ol özüniň duýýan, eşidýän, görýän şol beýik eşretini beýan edýän duýgynyň özünde ýokdugyna gynanýardy. Allatagala oňa Gurhanyň keramatly sürelerini bagş edende, ol her bir süräniň, aýatyň, sözlemiň, sözüň million-million many bilen nagma saçýandygyny duýýardy, görýärdi. Emma süreleriň içindäki şol beýik eşret älemini dili gaýtalanda, şolaryň ählijesi oýnam söze öwrülýärdi. Misli, öň şirin şerbetler akyp duran bolsa, onuň dilinden çykansoň suwy, şiresi süňňüne siňen gabyk ýaly, bir toplum söz bolup galyberýärdi. Ýöne Resul Alla bir zada düşündi, ynsan balasy şol sözleri öz kalbynda ýürek mähri bilen ezip bilse, ol sürelerden, aýatlardan sözlemlerden, sözlerden, seslerden şol beýik, şol älemi tutup duran şirin lezzet, taýsyz eşret ýene-de dökülip başlamalydy. Ol Resul Allanyň özünde şeýde-de bolýardy. Resul Alla Mekge ýurdundan nadyl däldi. Ol bu ýerde Gurhanyň, «Suratul-Engaam» – Haýwanlar süresini alypdy. Bir ýüz altmyş aýatdan ybarat bu süre Beýik Ýaradanyň külli ynsan üçin açan ak ýolunyň aýdyň çelgisidi. «We änne häzä syratyý Mustakyýmen fettebi guwhü (VI.154)». («Be şu surada aýdylan hökümler, takyk meniň dogry ýolumdyr, bes, siz şol ýola düşüň»). – diýip hut Perwerdigäriň özi aýdypdy. Muhammet pygamber şu süräni alanda özüniň näme üçin iberilendigini bildi. «We biz Pygamberi diňe musulmanlara jennet bilen hoş habar bergiji we kapyrlary dowzah bilen gorkuzgyjy edip iberdik, başga hili edip ibermedik (VI.51)». «Belent Taňry pygamberligi haýsy jaýa (kime) goýjagyny ýagşy bilýär (VI.126)». Şu surada ol, misli jennetiň ysyny alan ýaly boldy. Birdenem Beýik- Ýaradanyň dowzahynyň jebirli ody ýüzüni çawlan ýaly boldy. «...Alla-Tagala siziň belent-Terbiýeçiňizdir, Alladan başga tagat etmäge laýyk zat ýokdur, diňe Allanyň özi bardyr (VI.104.)». Muhammet pygamber bu aýatdan haramyň nämedigine, halalyň nämedigine düşündi. Alla-Tagala musulmanlara nämäni halal etdi, nämäni haram etdi, şolara anyk göz ýetirdi. «Kapyrlygy sebäpli dirikä ölen bir adam, biz ony yslam bilen direltdik. (VI.124.)». Resul Alla şu aýaty diline getirende, Mekgäniň halkynyň diri ölidigine gynanýardy. Bu halaýygy yslam bilen eziz Ýaradanyň ölmez-ýitmez ýoly bilen ýazylan ,Gurhanyň demi bilen direldip boljagyna begendi. Ol şondan soň, otursa-tursa, her bir namazynyň yzyndan: « Ýa, eziz Biribar, Mekge halkyny öli halyndan direltmäge hemaýat ber. Ol halky öz gazabyňdan aman sakla. Olar bu wagt gözli kör ahbetin. Olaryň gözüni seniň mukaddes Gurhanyň aýatlaryny melhem edip ýapyp, şonuň bilen açmaga maňa güýç-kuwwat ber. Olaryň köňül aýnasy kirli, garaňky. Ýüreginiň gözleri gömlen. Seniň mukaddes yslam nuruňy olaryň zulmat tümi çeken köňlüne çyrag edip ýakmaga maňa pursat ber...» – diýip Haka nalyş edýärdi. Atasy Abdyl Uzza (Ebu Läheb) onuň ýüzüni zäherli sözler bilen gamçylanda, kemsidiji gepler aýdyp, onuň ýüregini ýaralap, soňam öňki salan ýaralarynyň ýüzüni dyrnaçaklanda diňe şu sözleri gaýtalaýardy. Ol agasynyň dideleriniň kördügi, onuň öz ownujak pälinden özge zady görmeýändigini, ýüreginiň haram baýlygyň ýaman niýetleriň gap-gara düýdünden ýaňa baglanyp galandygyny, gulagyna şeýtanyň bet pyglynyň dykylandygyny görüp, duýup durdy. Ebu Jähil ony köçede barýarka öz toparyna daşladýan çagy ýa-da körpe ogluny ýörite iberip, Resul Alla azar berdirip, onuň üstüne gum sepdirip, oňa her hili hapa sözleri aýtdyrýan wagty, ýa-da özi «men seniň damagyňy tersine çaldyraryn» diýip, dişlerini gyjadyp, üstüne topulýarka, Muhammet pygamber: «Şu adamlara abraý ber, onuň gapyl gözlerini aç, ýüregini ýagtylandyr, eý, Perwerdigär!» diýip Haka ýalbaryp, yzly-yzyna doga okaýardy. Ebu Läheb, Ebu Jähil ikisi: – Sen jadygöý, sen ýalançy kezzap! Sen halkyň ganym duşmany. Seniň Hudaýyň hem ýok. Seniň yslam, musulmançylyk diýýäniň hem ýalan, çypdyrma. Sen tutulyp getirilen rumly gullardan öwrenip, şolara bolar-bolgusyz ýalan gepleri hakyna tutduryp, ýazdyryp, indi onam Käbäniň halkynyň boýnuna dakjak bolýarsyň. – diýip, onuň üstüne töhmet baryny seçýärkä, Resul Alla Gurhanda Alla Tagalanyň: «Eý Muhammet (a.s.m), Müşrükleriň seni ýalançy hasaplaýyşlary ýaly, bulardan öň öten jemagatlar hem öz pygamberlerine «ýalançy» diýipdiler, ahyry olar biziň azabymyzy datdylar (VI. 150.) – diýen sözlerini köňlünde gaýtalap, olara Beýik-Ýaradandan rehim-şepagat dileýärdi. Muhammet bu süreden «Töwrat» iberilen Musany, «Injil» iberilen Isany, «Zebur» iberilen Dawudy, Ybraýym, Ysmaýyl, Lut, Nuh, Salyh, Hut, Şeýs, Hydyr-Ylýas, Eýýup, Ýunus, Ýusup, Ýuşag, Ýakup, Ýahýa ýaly pygamberler bilen, ýagny, özi kimin, müşrüklerden azap iýen pygamberleri tanady. Ol şonda özüniň çeken azaplaryny azapdyr öýdüp, gynanyp oturmaly hem däldigine düşündi. Resul Alla Mekgeden nadyl däldi. Ol bu ilden binesip galmandy. Oňa Belent-Taňry iki ýüz alty aýat bolan «Agraaf» – Göterilen mekan» süresi inende, Muhammet pygamberiň ýüregine üýtgeşik kuwwat gelipdi. Ol bu surada:«Olara jähennemde otdan düşek bardyr we olaryň üstünde hem otdan ýapynja bardyr (U2.43)». diýip, berk tabşyrýardy. Şonda Resul Alla dowzahyň suduryny has anyk görüpdi. Alla-Tagala: «Eý Muhammet (a.s.m), sen kowmuňa, eý ynsanlar, Size Belent-Taňrydan gelen Kurana boýun boluň, diýgin (VI.3.)». diýip berk sargaýşyna haýran galýardy. Diňe adyny iblise aldyranlar onuň diýenini etmediler. Çünki, Adam aleýhyssalamy azdyran, özi bilen ony Belent-Taňrynyň gargyşyna duçar eden Iblis ol müşrükleriň ýeňsesinde durup, elleri bilen olaryň gözüni tutup durdy. Olaryň diňe bir gözüni däl, köňlüni, gulagyny hem batyl saklaýardy. Iblis şol müşrüklere her hili heşelleler kakdyryp, olary günä ýassygy eýleýärdi. Resul Alla Adam aleýhyssalamyň şeýtan zerarly çeken jebri-sütemlerini Gurhanyň şu süresinde duýupdy. Ol Nuh pygamberiň öz kowumlaryndan gören ezýetlerini, öz süňňünden geçiren ýaly boldy. Ahyr soňunda Belent-Taňrynyň gudraty bilen Nuh pygamberiň öz kowumlaryndan dynyşyny bildi. Onuň ýene-de özüne zulum edýän mekgelilere nebsi agyrdy. Bu halk şeýle bir betbagtdy, olar häzir öz aýaklary, öz islegleri bilen sakar dowzaha barýardylar. Olar betbagt bolmajak bolup, öz bagtyndan ýüz öwürýärdiler. Olar özleriniň daşdan ýasalan hudaýlaryna ýaramaz görünmejek bolup, Hudaý-Tagalanyň ýazygyna galýardylar. Olar hor bolmajak bolup, iki dünýe hor galýardylar. Resul Alla şu ýagdaýy Mekge halkyna nädip düşündirsin! Sen kör bende Belent-Taňrynyň ynsan üçin ýanyp-sönüp duran Gününiň, Aýynyň şuglasyny nädip düşündirersiň. Ýogsa, Resul Alla olara Gurhanyň sürelerini wagyz etme kemini goýmaýardy ahyryn. Olar Allanyň, birliginem, Muhammediň onuň Resulydygy baradaky habarlary hem, Taňrynyň dowzah azaby barada-da, Allanyň, jennet buşlygy hakynda-da eşitme kemini goýmadylar. Emma olar görmedik, eşitmedik, duýmadyk bolýardylar. Resul Alla muny olara nädip düşündirse-de, düşündirmelidi. Olary şeýdibem Iblisiň zulmyndan dowzah belasyndan halas etmelidi. Başga ýol ýokdy. Ol ine, şeýle, gözli ker, köňli kir, gulagy ker adamlary Allanyň päk ýoluna salyp, olardan özüne ymmat etmelidi. Resul Alla «Ýunus» süresiniň inişini ýadyna saldy. Şonda ony Mekgeden kowupdylar. Resul Alla toba eýledi. Çünki, heňňamlar aýlanyp, pişeler gaýtalanýardy. Ol bu mukaddes surada, edil kuraýyşlaryň, öz agalarynyň, mekgelileriň bolşy ýaly, Nuh pygamberiň, Salyh pygamberiň, Ybraýym pygamberiň öz ýakynlarynyň olara ikiýüzlilik edişi ýaly, ikiýüzlilik edişlerini gördi. Olar hem Muhammet pygambere edilen zulmuň, töhmediň, haýynçylygyň yzasyny duýupdylar. Belent Taňry şol pygamberleriň täleýini düşündirmek bilen: «Bes, eý Muhammet (a.s.m), saňa şek atan müşrükler diňe özlerinden ozal öten kapyrlara gelen ýaman günüň misline garaşarlar, başga zada garaşmazlar (X.103.)» – diýýärdi. Huwd süresinde Beýik Perwerdigär oňa: «Eý Muhammet aleýhyssalam, sen kowmuň beren yzasyna we biziň çagyryşymyzy halka ýetirmekde bolan kynçylyklarda sabyr et! (XI. 49.)» – diýýärdi. Resul Alla özüne gelip, kalbyna nagyş bolan ölmejek-ýitmejek şol mukaddes aýatlary ýekeme-ýeke ýatlady. Indi şol mukaddes owazlar, hiç mahal ganyp bolmajak eşretli höziri bilen gulagynda ýaňlanyp durdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |