09:03 Muhammet pygamber -41: romanyň dowamy | |
4. Bes, siz hemme meýliňizi bir aýalyňyza berip, başgasyny taşlap, nepakasyz, talaksyz, asmandan asylan ýaly edip saklamaň. Gurhan. 4-nji süre. 129-njy aýat. Muhammet pygamber öýde şol oýlara gark bolup oturyşyna, birden kimdir biriniň içeri gelip girenini duýdy. Häzirki döwür diýseň howpludy. Atasy Ebu Lähebiň, tutuş Mekgäniň kethudasy Ebu Jähiliň niýeti-päli düzügli däldi. Olar näçe aýtsaň-diýseň hem, her näçe janyňy çykaryp wagyz etseň hem Belent-Rahmany tanamaýardylar. Keremli Taňrynyň Gurhanyna hemişe dil ýetirýärdiler. Resul Allanyň pygamberligine şek ýetirip, ony -hemişe yzarlap ýördüler. Resul Alla olardan gorkanokdy. Onuň özi her bir pursatda Belent-Taňrynyň penakärligini duýýardy. Aslynda Resul Allada gorkmak duýgusy ýokdy. Ony bir wagt, kalbyny arassalanlarynda ýok edipdiler. Emma ol hem ynsandy. Onda, näme diýseň hem, ynsanlyk duýgulary bardy. Ol şolaryň täsiri bilen hem ýaşaýardy. Beýik Ýaradanyň «sabr eýle» diýip iberýän wahyýlary onuň janynyň melhemidi. Şol habarlar onuň kalbyny köşeşdirýärdi. Oňa güýç-kuwwat berýärdi. Şu mahala çenli ol Mekgede musulman bolan bolmadyk ynsanlar bilen hem, Taýfyň, şu etraplardaky çarwalar bilen hem, ýasribliler bilen hem diňe sözüň güýji bilen söhbetleşip. Ol Gurhan, Alla, yslam ýoly, şerigat, musulmançylyk hakynda gyzgyn jedele hem girmändi. Asla, hiç ýerde, hiç kimiň ýanynda sesinem çykarmandy. Belent-Taňry oňa: «Eý Muhammet (a.s.m.), sen olara wagyz et, olaryň musulmançylygy kabul etmegi, etmezligi bilen işiň bolmasyn!» diýipdi. Beýik-Perwerdigär ýöne: «Eý Muhammet (a.s.m), meniň kapyr diýip depesine uranymy, sen musulman edip bilmersiň» diýýärdi. Ine, şonuň üçin Resul Alla hiç haçan essinden çykyp, adamlary musulmançylyk ýoluna çagyrjak bolanokdy. Ol Taňra, onuň buýrugyna görä bolýardy. Muhammet pygamberiň ýüzüni aşak salyp, misli, daşyndan görseň, indi ýola gelip, Ebu Jähiliň diýenini edäýjek ýaly bolup görünmegi, onuň elinde gylyç parladyp, daşy-daşa urup, gazabyny adamlara görkezjek bolup ýörmezligi Ebu Jähiliň adamlaryny diýseň şat eýleýärdi. Olar Muhammet pygamberiň beýle bolşuny, onuň gowşaklygyndan görýärdiler. Asyl, onuň bu bolşuny aýdanlarynda Ebu Läheb bir sapar: «Duruberiň onuň özem entejik ýola geler» diýip begençli aýdypdy. Çünki, ol bu lellim görünýän adamdan pygamberiň çykmajagyna, onuň halky öz yzyna düşürip başga bir ýola eltjegine ol indi ynanman başlapdy. Ýöne, olaryň gaharynyň gelýän ýeri, ony ýok edibem bilenokdylar. Ine, Ebu Lähebiň gaharynyň gelýänje ýeri, şu ýerdi. «Aýawlyny Alla aýar» diýip, Resul Alla juda aýawly, seresap bolanyny kem görenokdy. Çünki, onuň perwerdigäri, goldawçysy, eýesi Allady. Şonuň üçin oňa gygyryp ýörmek hökman däldi. Hak onuň tarapyndady. Hut, häzir hem ol çalaja çybşylda Gurhanyň mukaddes ruhy bilen ýuwlan nurdan doly ýüzüni işige bakan öwürdi. Onuň röwşenli dideleri işigiň içki agzynda edep agajy kimin uly sabyra gaplanyp oturan Alynyň hoşroý didaryny gördi. – Oglum, Aly! Ady sadyklyk bilen ýerinden turdy. – Bimaza edenim üçin günämi ötüň. Resul Allanyň mübärek jemaly öňküden hem mähribanlaşdy. – Zyýany ýok, oglum! Aly ýaýdanç bilen sözledi. – Ebu Bekir agamyz siziň bilen görüşmek isleýär. Ýanynda-da birki sany adam bar, eger rugsat bolsa. – Rugsat Alladandyr, oglum, gelsinler... Resul Alla Ebu Bekiriň, Hamza pälwanyň salamyny aldy-da, olary oturmak üçin töre çagyrdy. Orta ýazylan saçagyň üstünde üç-dört bölek arpa nany bilen ownujak hurma bardy. Gelenler nygmata el uzatmadylar. Resul Alla olaryň keşbinden juda möhüm geňeş bilen gelendikerini duýdy. – Resul Alla, doganym! – diýip, Ebu Bekir söze başlady. – Eger sözümize hä berseňiz, bir maslahatymyz bar. Resul Alla Ebu Bekiri çaksyz gowy görýärdi, mähriban adam ilkinjileriň biri bolup, musulmançylygy, hiç bir ikirjiňlenmesiz kabul edipdi. Özem häzire çenli-de Taňra-da, Resul Alla-da, Gurhanyň sürelerinede, şerigata-da şirin jany bilen wepaly. Ol öz mal-baýlygy bilen gabaw ýyllary çadyryň astynda oturan bendeleri açlykdan alyp çykan adamlaryň biridi. Ol musulmanlar Efiopiýa gidende-de, bir kerwenlik düýesini şolara berip goýberip bilen adamdy. Şu günler hem ol Resul Allanyň mertebesini saklamak üçin malyny- da, şirin janyny-da gaýgyrjak ynsan däldi. Ýakynlarda Resul Allanyň, haşymylaryň urugyndan çykarylandygy baradaky bolgusyz habar ýaýrapdy. Atasy Ebu Läheb şeýdip Muhammet pygambere, onuň abraýyna, mertebesine şek ýetirerin öýdüpdi. Emma oňa Naufal urugynyň kethudasy al-Mukym kasam içip, howandar bolupdy. Resul Alla bu işde-de Ebu Bekiriň eliniň bardygyny bilýärdi. Şeýle sahy, rehimdar, mähriban, diýseň gurply ynsanyň öz ýanynda bolmagy Resul Allanyň göwnüni şat edýärdi. Ebu Bekiriň bir häsiýetini Resul Alla belläp alypdy. Bu adamyň ýüregi şeýle ýukady. Ol sähelçejik hesreti hem göterip bilenokdy. Derrew gözlerinden däne-däne ýaş seçelendirip başlaýardy. Şu gün hem ol metjitde namaz okalýarka, Resul Allanyň hesretli ýüzüne garap, birhili hamsygyp, gözlerini balkyldadyp otyrdy. Ýöne bu wagt onuň öz ýanyna näme maksat bilen gelenini çen etmäge Resul Allanyň pursady ýokdy. Şonuň üçin ol Ebu Bekire garady-da: – Aýdyň, aýdyň! – diýdi. Ebu Bekir rugsatmydyr diýen manyda Hamza pälwanyň ýüzüne garady. Hamza pälwan dagyň bir bölegi ýaly bolup arkaýyn otyrdy. Onuň ýüzi juda arkaýyndy, gazaplydy. – Eziz Resulum. – diýip, Ebu Bekir söze başlady. – Şu gün metjitde siziň başyňyzy egik gördüm. Siziň mähriban ýüzüňizi soluk gördüm. Onsoň... Resul Allanyň göwnüne getirişi ýaly-da boldy. Ebu Bekir ýene-de hamsygyp başlady. – Goýuň, goýuň. – diýip, Resul Alla ony hoşamaýlady. Emma Hamza pälwan çydap oturyp bilmedi. – Aýt-da! – diýip, sesini gataltdy. – Onsoň, men diýdim. – diýip, Ebu Bekir iki aýasy bilen gözlerini süpürdi. – Men diýdim, Resul Alla näme üçin beýle gussa çümdikä – diýdim. Soň kän oýlandym. Şonda meniň kelläme bir pikir geldi. Eger Resul Alla razy bolsa, gyzym Äşäni şoňa... Bu habara Resul Alla sesini çykarmady. Ol Hatyja ölenden soň bäş çagaly bir garyp aýala – Sewda öýlenipdi. Emma ol bu aýal bilen özüniň gatnaşygyny hiç sazlap bilmeýärdi. Ol aýala är däl-de, çagalaryna ekleýän howandar gerekdi. Ol şeýle howandara ýetipdi. Emma bu güzeran çagalarynyň aladasy, garyplyk bilen halys lagar düşen aýala Muhammet pygamberiň aladalary, onuň köňli, mertebesi, ruhy we pygamberlik aladalary, pynhandan mukaddes duýgulary juda uzakdy. Ol aýal Resul Allanyň ýagdaýyna hiç haçan hem düşünip biljek däldi. Hatyja bolan yhlasy, arassa söýgüsi öçmese, başga birine bolan yssylygy Resul Allanyň özem kabul edip bilmejek ýalydy. Resul Alla häli-şindi Ebu Bekirlere baranda onuň gyzy Äşäni görýärdi. Eýýäm göze görnüp başlan, edenli, görmegeý gyz onda üýtgeşik bir duýgy döredip baranokdy. Onsoň hem Resul Alla kişiniň maşgalasyna del niýet bilen başyny galdyrýan adam däldi. Onuň gözüni çarhlap ýörmäge ýagdaýy hem ýokdy. Şonuň üçin oýlandy. Sebäbi ol mundan ep-esli wagt öň Osman ibn Mazunyň aýaly Hawle hatyn bilen bu barada gürrüňleşipdi. Şonda Hawle hatyn Ebu Bekirde Pygambere bolar ýaly bir maşgalanyň bardygyny aýdypdy. «Eger isleseňiz, men olara sawçy gideýin» diýibem aýdypdy. Emma Resul Alla oňa belli jogap bermändi. Sebäbi ol Äşäniň adaglysynyň bardygyny Hewle hatynyň ýadyna-da salypdy. Ol bu barada häzir hem Ebu Bekire ýatlatdy. – Eý, Atyk, sen gyzyňa ibn Mutim atly bir musulmana adaglap goýanyňy ýadyňdan çykan-ha dälsiň? Ebu Bekir Resul Allanyň sözüni tassyklady. – Elbet-de, meniň gyzymy ibn Mutim bilen adaglanym çyndar. Ýöne, eger Resul Alla razy bolsa, men ibr ibn Mutim bilen ähtimi bozjak... Ebu Bekiriň öňden hem niýeti Resul Alla bilen gaty ýakyn bolmakdy. Emma özüň biri-biriň bilen dost bolanyň bilen seniň köküňi, şahaňy baglanyşdyryp, bir düwne çigýän zadyň bolmasa, ol dostlugyň ygtybarlygyna ynam juda azdy. Şol düwni diňe nika baglanyşdyryp, düwüp bilýärdi. Bu Ebu Bekiriň çyn ynanjydy. Onuň ýetişip oturan gyzynyň bolmazlygy Ebu Bekiriň lapyny juda keç edýärdi. Äşeli mesele onuň umydyny has artdyrypdy. Aýaly Hawla hatynyň gelenini, ol aýalyň Resul Alla bilen aralarynda bolan gürrüňi bulara duýdurmagy, Ebu Bekiriň Resul Alla ýakyn bolmakda öçüşen umydyny alawlaşyrypdy. Iň bir begençli ýeri, Resul Allanyň özem bu maslahata garşy bolup durmady. Ýöne, Resul Allanyň nika meselesinde howlugasy gelenokdy. Ol özüniň Sewdeli meselede hem az-kem howluganyny adypdy. Resul Alla öz agasynyň ýanynda bu meselä garşy däldigini ýaňzytdy. Şondan soň Ebu Bekir gidip ibn Mutim bilen ähtini bozdy. Şeýdibem Ebu Bekiriň gyzy Äşe bilen Muhammet pygamber adaglandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |