09:10 Muhammet pygamber -43: romanyň dowamy | |
ON IKINJI BÖLÜM 1. We her kim Belent-Taňryny ýatlamakda gözüni ýumsa, biz bir Şeýtany oňa musallat ederis, bes, şol Şeýtan ol adama ýoldaşdyr. Gurhan. 43-nji süre. 35-nji aýat. We Şeýtan dost bolan adamyny heläkçilik duzagyna salyp, ony har-hor edip taşlaýandyr. Gurhan. 25-nji süre. 29-nji aýat. Muhammet pygamberiň, gözlerine uky gelenokdy. Ömür ötüp barýardy, wagt juda çalt geçýärdi. Edilen iş bolsa juda azdy. Onuň ýadyna soňky wagtlarda gyzy Patmanyň üýtgeşik şerti düşýärdi. «Musulman bendesini, ynsany, Adam ogluny nädip Alla-Tagalanyň dowzah belasyndan halas etmeli!» sowal onuň gözlerine çiş bolup kakylyp, ukusyny bermeýärdi. – Ynsany nädip, Alla-Tagalanyň dowzah belasyndan halas etmeli! Resul Alla Beýik-Perwerdigäriň buýruklaryny doly ýerine ýetirýärdi. Ol «Gurhanyň» sürelerini gorkman janyny orta goýup wagyz edýärdi. Emma musulman bolýan azdy. Indi onuň wezipesi adamlary musulman etmek däldi. Ol adamlara Gurhany wagyz etmelidi. Musulman bolsa-da bolmasa-da, adamlaryň öz işidi. Emma Resul Allanyň özi adamlaryň musulman bolanyny isleýärdi. Olar şeýdip, Hakyň ýoluna düşseler, şirin eşretden serpaý almalydylar. O dünýäde olara Alla-Tagalanyň jennet höziri garaşýardy, adamlar muňa, her näçe janyňy çykaryp, wagyz etseň-de, düşünmek islemeýärdiler. Emma olary raýyndan gaýtarmalydy. Olary dowzah belasynyň girdabyndan alyp, jennetiň ak ýoluna salmalydy. – Eý, Allam, ynsan balasyny seniň raýyňa salmak üçin, olary dowzah belasyndan halas etmek üçin näme etmeli. Olar şeýtanyň raýyna gidip, bu beýik eşretden gapyl galýarlar. Resul Alla bu işlerde, adamlaryň, şeýle doň bagyrlygynda, olaryň ýüreginiň, göwnüniň gaty daşa dönmeginde, gözüniň kör, gulagynyň ker bolmagynda, Hakyň sesini eşitmezliginde şeýtanyň eliniň bardygyny duýup durdy. Şonuň üçin ol şeýtan bilen gepleşmegi müwessa bildi.. ...Işik çalaja açylan ýaly boldy. Resul Alla pessejik ýanyp duran çyranyň peltesini galdyrdy-da, öňüň içine bakan: – Kimsiň? – diýip seslendi. Ol içeri giren arwah-jyndyr öýdüpdi. – Çagyran ekeniňiz, Resul Alla! – Kimsiň? – Men Şeýtan – Iblisdirin! Muhammet pygamber düşeginden turdy-da, özüni raslady. Ol Taif oýunda jülgesinden gelýärkä Nahle oýunda düşlende, jynlaryň sansyz leşgeri onuň ýanyna gelipdi. Şol gelşine ol Mekgä girmägä ätiýaç edip, Hyra dagyna barypdy. Ol ýerdäki gowakda gün batýança garaşypdy. Soň ol Mekgä gelenden soň Belent-Taňrydan wahyý inipdi. Şonda Muhammet pygamberiň ýadyna ýene-de Şeýtan düşüpdi. Onuň näme üçin ýanyna gelmeýänine geň galypdy. Ýogsa, oňa iberilýän aýatlaryň arasynda «Adama sežde etmändigi üçin Belent-Taňrynyň, Şeýtana nälet eýländigini», Şeýtanyň şeriniň şeýle ýamandygyny, Şeýtanyň duzagyna çolaşan adamlaryň öz daşdan ýasanan hudaýlaryna ynanyp, iki Taňrylylyk etjekdigini, olaryň jaýynyň dowzahdygyny syzdyrypdylar. Resul Alla Nahle oýundaky wakadan soň -Şeýtan bilen duşuşmagy ýüregi- ne düwüpdi. Onuň sebäbem, Şeýtan Resul Alla ýalan sözläp bilmeli däldi. Ol oňa rastyny aýtmalydy. Resul Alla Şeýtanyň adamlary nähili ýagdaýda öz toruna çolaýandygyny, kimleri öz girisine salýandygyny, olary näme maksat bilen Hakyň ýolundan azdyrýandygyny onuň öz agzyndan eşitmekçidi. Eger ol Şeýtanyň hilesini aňyp bilse, onda ol öz ymmatyny Şeýtanyň şerinden goramak üçin alaç agtarjakdy. Şeýdibem, musulman bendelerini Şeýtanyň şerinden, ahyr soňunda bolsa Alla-Tagalanyň dowzah belasyndan halas etmekçidi. Resul Alla Şeýtanyň gap-gara suduryny howlukman synlady. Bu kölegesiz, sypatsyz ylhanat, edil Belent-Taňrynyň gargyşyna griftar bolan günündäki ýaly, pisini aşyryp otyrdy. Ol Alla-Tagalanyň pygamberinden çekinip, azajyk titreýärdi. Çünki, Resul Alla kyýamat ahyryna çenli onuň gazaply garşydaşydy. Beýik-Perwerdigäriň bu ylhanady jennetden pisläp kowaly bäri, onuň öz eli-öz ýakasydy. Onuň kylanyna «däl» diýen bolmandy. Şonuň üçin Şeýtan Belent-Taňry Adam aleýhyssalamyň ogly Şis pygambere: «Geljek-de meniň pygamberime, Resulym, dostum Muhammet üçin» diýip nur ibereninden bäri, diňe şol atdan gorkup ýördi. «Onuň ady şeýle gorkunç özi nähilikä?!» diýip, ol Adam ata döwründe-de gagşamakdan ýaňa, özüni saklap bilmändi. Şondan soň hem onuň garaňky guduk ýaly kalbyna giren gorky, bir bölek gap-gara buz bolup, doňup galypdy. Arwah-jynlar bu tentege Resul Allanyň özüni çagyrýandygyny aýdanlarynda, onuň kalbynda daşa öwrülip giden sowuk buz özüniň bardygyny ýene-de bildiripdi. Onuň ynsan köňlüne gurup goýan sansyz duzagy sandyrap, Adamzadyň güni ýene-de bulanyp başlapdy. Mekgede barha artýan gabahatlyk gün-günden möwjäp, indi ýetjek ýerine ýetipdi. Bu ilde ýaşaýan Adamlaryň kalbyndaky sowuklyk, ýitirilen ynsaplar, paýhassyzlyklar öňküden hem beter öwer-de, döwer bolupdy. Şeýtan her näçe gaçalak, sapalak etse-de, ahyr soňunda ganym garşydaşy Resul Allanyň alyna gelmeli bolupdy. «Eý, Allam, bu Resul Alla şeýle bir dogalar okaýar, ol dogalar meni, meniň tutuş neslimi güýlüp taşlaýar. Kowumlarymyň köküni gyryp taşlaýar. Işlerimi, pygyllarymy weýran edýär. Ähli azabymy reýgan boldy...» diýip, Şeýtan iňňildäp, Belent-Ýaradana arz edýärdi. Resul Alla çyranyň peltesini az-kem galdyrdyda, ony ileri süýşürdi. Ol Şeýtanyň suduryny gördi. Garry çal, gözleri sokur, kese, aýagynda alty-ýedi sany tüý bar, özem ot jynyna gaty meňzeş, gözleri petirdäp dur, kellesi piliňki ýaly, her tarapa pyr-pyr öwrülip dur. – Salam Size, eý Muhammet! Salam alanyňkydyr. Meniň saňa ençe sowalym bar. – Resul Alla Şeýtandan sorap başlady. – Iň ýaman görýän adamyň kim? – Sizsiňiz. Sizden başga kim bolsun. – Menden başga kimi ýaman görýärsiňiz? – Ähli baryny Alla ýoluna pida eden takwadar bir ýaş mükmindir. – Ýene kimi ýaman görýärsiň? – Şübheli işlerden uzak we sabyrly bolan alym. – Soňra? – Sabyrly ätiýajyny, ýoksuzlygyny hiç kime bildirmeýän, öz halyndan şikaýat kylmaýan pakyry. – Eýse, onuň sabyrlylygyny nireden bilýäň? – Eý, Muhammet, ol öz ätiýajyny hiç kime aýtmaýar. Eger kimde-kim ätiýajyny birewge yzly-yzyna üç gün aýtsa, Alla ony sabyrlylardan hasaplamaýar. Onuň halyny şikaýat etmezliginden bilýärin. – Soň kimi ýaman görýärsiň? – Şükür edýän baýy. – Sen onuň şükür edýänini ne bilýäň? – Alanyny halal ýoldan alyp, gerekli ýerine sarp edýänini görsem bilýän, ol şükürli baýdyr. Resul Alla: – Hany, aýt, ymmatym namaza duranda, seniň halyň nähili bolýar. Şeýtan: – Muhammet, meni yssytma tutýar. Üşedýärin. Çünki, kim Alla sežde kylsa, bir gez beýgelýär. – Haja gidilende nädýäň? – Aklymdan azaşýaryn. – Gurhan okalanda... – Wah, ol wagt men otda ereýän gurşun ýaly bolýan. – Sadaka berlende nähili? – Ah, onda men byçgy bilen kerçem-kerçem bölünen ýaly bolýaryn. – Näme sebäpden? – Alla Tagala sadaka berýäniň malyna ýagşylyk berýär, halka oňa hormat goýdurýar. Ähli derdi-belalaryny dep eýleýär, onuň sadakasyny kabul eden Alla jähennem bilen onuň arasyna bir perde gerýär. Resul Alla: – Siziňçe, yhlasly gullar kimdir? – Eý, Muhammet, birisi dirhemi, dinary söýýär. Ol Allaga yhlasly däldir. Birisi ony söýmeýär, ol yhlasly. Ol öwünmegi, men-menlik etmegi halamaýar... Şeýtan dowam etdi. – Meniň ýetmiş müň çagam bar. Bularyň her birini başga-başga jaýlarda ýerleşdirdim. Her çagam bilen 70 müň şeýtan bar. Olaryň her birini meşaýyga goýberdim. Ýene bir bölegini garry aýallara ýoldaş edip goýberdim. Ýaşlar bilen aramyzda parhymyz ýok, olar bilen pikirdeş bolaryn. Çagalar bilen bile oýnap-güleris. Şeýtan dowam etdi: – Eý, Muhammet, ýalan mendedir, ilkinji ýalan sözlän mendirin. Kim ýalan sözlese, ol meniň dostum. Kimde-kim ýalan kasam içse, ol meniň söýgülimdir. Adama, Howa ýalandan kasam içiren hem mendirin. Şeýtan: – Namaz hakda aýdaýyn: – Namazyny geçirip okan, onuň namazy kabul bolmaz. Ony namaz okaýarka oýnaýaryn. Resul Alla: – Oturanyňda dostuň kimdir? – Peýda görüji. – Dostuň kim? – Zyna kylyjy. – Ýatanyňda dostuň nim? – Mes-serhoş , arak içiji. – Myhmanyň kim? – Ogry. – Ilçiň kim? – Gözboýagçy. – Gözüň nury näme? – Talak. – Söýgüliň kim? – Juma namazyny taşlanlar. Muhammet pygamber başga tarapdan sowal berip başlady. – Eý, Lagyn, seni näme hapa edýär? Şeýtan: – Din ugrunda göreşýänleriň atlarynyň kişňeýşi. – Göwnüňi näme eredýär? – Toba edenleriň tobasy. – Bagryňy näme dilýär? – Gije-gündiz Alla edilen dilegler. – Ýüzüňi näme bürüşdirýar?. – Gizlin berlen sadaka. – Gözleriňi näme kör edýär? – Gije ýarymynda okalan namaz. – Alladan näme dileýäň? – Adam ogullaryny malyna, çagalaryna şärik ediň diýip, kabul kyldy. – Hammamlary meniň üçin öý edip ber diýdim. Berdi. – Diledim, bazarlary maňa metjit edip berdi. – Ýalbardym, şygyrlary okamak üçin maňa kitap edip berdi. – Aýdym, goşgulary maňa azan edip berdi. – Ýatagan adamlary maňa dost edip ber diýdim, berdi. – Puluny, malyny bisarpa tutýanlary, puluny, malyny haram işlere sowurýanlary maňa dogan edip ber diýdim, berdi. Resul Alla: – Hudaý Tagalanyň sözi bilen subut et. Bolmasa ynanmaryn. Şeýtan: «Çünki, isrip kylyjylar şeýtanyň doganlar bolan kimselerdendir (17. Gurhan. 17. 27)». Men Alladan: «Men adam çagalaryny göreýin olar meni görmesin» diýip diledim. Ol kabul etdi. Şeýtan Resul Allanyň sowallaryna jogap berdi-de, Alla-Tagala alkyş okady. Resul Alla iň soňunda Şeýtana şeýle diýdi. – Eý, Abamurra, seniň toba kylyşyň we Allaga gaýdyşyň mümkinmidir. Jennete girjegiňe kepil bolaýyn. Söz berýärin... Şeýtan äpet, görseň aňyryňy bärik getirýän bişeýkel başyny ýaýkady. – Eý, Resul Alla, meniň işim, ykbalym berlen hökme görädir. Onuň hökümini ýazan galamlar indi gurady. Sizi pygamberleriň hormatlysy kylan, jennet ähliniň hatyby kylan, Sizi halk içinden tapan hem-de halk arasynda afzal eden meni bolsa şakileriň (gara ýüz, bozgak, biçäre) hojasy eden we jähennem ähliniň hatyby eden – Alladyr! We ol bütin nogsan sypatlardan päkdir. Şu aýdanlarym ahyrky we soňky sözümdir. Öňki-soňky, aýan, gizlin älemleriň Rebbisi bolan Alla hamd bolsun. Pygamberimiz Muhamet nebige Alla salat eýlesin. Onuň ymmatyna hem, sahabalaryna hem... Resul Alla Şeýtana ýene birnäçe sowallar berdi. Soňra doly jogap alandan soň oňa rugsat berdi. Soňra agyr oýa batyp oturdy. Birdenem: – Eý, Allam, ynsan balasyny nädip şeýtanyň şerinden, Seniň dowzah atly gazaply girdabyndan halas edip bolarka? – diýip, ýuwaşja pyşyrdady. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |