09:11 Muhammet pygamber -44: romanyň dowamy | |
2. Indi sen Kuran bilen wagyz et, eger wagyz peýda berse-de et, we peýda bermese-de et. Gurhan. 87-nji süre. 9-njy aýat. Ebu Bekir, Omar, Hamza, ýene ençeme musulman Käbäniň ýanynda, Resul Allanyň daşyny alyp durdylar. Muhammet pygamber ýap-ýaňy Käbä zyýarat edip, indem, iki rekat zyýarat namazyny okap otyrdy. Onuň daşyndakylar bolsa eziz Resulyň mübärek didaryna garap, buýsanç bilen oňa eýerýärdiler. Daş-töwerek mekgelimisiň, ondan-mundan zyýarata gelenmisiň, adamdan doludy. Olar ady eýýäm obama-oba, kentme-kent ýaýylyp ýene Allanyň pygamberi baradaky gürrüňleri eşidipdiler. Olar «pygamber» diýlende rowaýaty bir ýagdaýy göz öňüne getirýärdiler. Gör, Näçe müň pygamber geçipdir jahandan. Olaryň halklary Allanyň iberen pygamberlerini ykrar etmändir. Oňa uýmandyr. Gaýta, oňa edip bilen ýamanlyklaryny edipdiler. Şonuň üçin Alla-Tagala pygamber iberilen halklaryň ählisini diýen ýaly jezalandyrypdyr. Bu gün bolsa Mekge halkynyň içinde diri pygamber ýaşap ýördi. Dogrusy, kuraýyşlar, Mekgäniň kethudasy Ebu Jähiliň topary, onuň başbozar nökerleri, Ebu Lähebiň ýaranlary: «Ol pygamber däl. Ol «Alla bilen habarlaşýan» diýip, samrap ýören däli-diwanadyr. Onuň Gurhanyň süreleri diýip aýdýan sözleri hem biderek samramadyr. Oňa gören ýeriňizde daş zyňyň. Oňa ynanmaň» diýse-de, adamlaryň köpüsi pygamber diýlip ýörlen adamy görmek üçin alyslardan gelýärdiler. Hamza pälwan şeýle adamlary gördügi tanaýardy. Ýöne şol märekäniň içinde eli daşly, goly gamaly näkesleriň bardygyny hem görüp durdy. Olaryň şol daşy, şol tygy Resul Alla çenelgidi. Resul Alla aýtmyşlaýyn:«Ol adamlaryň köňül aýnasy kirlidi. Ýüreginde daş bardy, gözi, gulagy baglydy...» Şeýde adamlary nähili belanyň üstünden eltseň eltip oturmalydy. Beýle adamlar «ur» diýen öldirmäge taýýardy. Şonuň üçin olar Resul Allany juda berkden-berk goramalydygyna düşünýärdiler. Resul Alla namazyny bolup, ýerinden turdy-da, daş-töweregi tutup duran halaýyga ýüzlendi. – Eziz bendeler! Her bir zadyň öz ýoly bardyr. Jennetiň ýoly din ylmyny öwrenmekdir. Ol şondan soň az-kem sägindi-de, ýene sözläp başlady. – Haýsy bendäge Alla-Tagalanyň belent derejeleri we nygmatlary ýetişse, adamlar tarapyndan oňa berilýän azar we muşakgatlar şonça-da güýçli bolar. Eger ýetirilen muşakgatlary sabyrlylyk bilen çekmese, şol nygmatlaryň we derejeleriň ýok bolmagy mümkin... Ol soňra şeýle diýdi: – Eý, Allanyň bendeleri! Hak-Tagala bendelerinden ähli kynçylyklary aýryp, hemme işleri ýeňil kylar, günälerini bagyşlar. Emma adamlara töhmet atyp, aýyp ýöňkäp, gybat edip ýörenleriň hallaryny teň kylar. Hudaý-Tagala olary heläk edip, eden günäleriniň hem jezasyny görkezer... Ol ýene-de şeýle diýdi: – Siziň ýagşyragyňyz, Kurany öwrenip, ile hem öwredýän bolsa, şol kişidir... Resul Alla şondan soň gollaryny asmana uzadyp, doga okady-da, ondan soň ýuwaşlyk bilen çykalga bakan ugrady. Muhammet pygamber Adamlaryň deňine ýetende, märekäniň içinden biri ylgap çykdy-da, Resul Alla bakan topulyp gaýtdy. Adamlar birhilli aljyraňňylyga düşdi. Resul Allanyň yzyndan howlukman gelýänler Muhammet pygamberi itekläp, öň geçip bilmediler. Öňde bolsa adamlar Muhammet pygamberiň eziz didaryny görjek bolşup, dyknyşyp durdylar. Özüne tarap topulyp gelýän adamy Resul Alla gördi. Ol nur ýagyp duran mübärek ýüzüni göterdi-de, mähribanlyk bilen balkyldaýan nurdan püre-pür didelerini ol adama dikdi. Soňra: «Eý, Allam, şu bendäniň ýüregini päkle. Onuň kalbyna nur çaý. Onuň niýetlerini düzeltmäge, ol bendä hemaýat ber!..» diýip ýetişdi. Ara barha ýakynlaşýardy. Ol näkes elindäki güne lowurdap duran tygyny Resul Allanyň gursagyndan çenäp, atylyp gelýärdi. Ara iki ädim galanda ol adam serreldi-de, ýykyldy, onuň elindäki gama-pyçagy gapdala zyňyldy-da, daşa degip, zyňňyrdap ses etdi. Ol ýykylan adam bolsa şol bady bilen süýrendi-de, gelip Resul Allanyň öňüne ötdi. Soňra ol näkes pygamberiň gukgabyna1 degirdi. Gapdaldan seredeniňde, ol adam Resul Allanyň aýaklaryny ogşap duran ýaly boldy. Emma Muhammet pygamber ol adamy ýatan ýerinden galdyrdy-da, sesini çykarman geçip gitdi. Bu waka Adamlaryň ýüregini süýndüren ýaly boldy. Olar ýerli-ýerden gygyryşyp başladylar. Ebu Bekiriň gözi märekäniň içinde, hyrçyny dişläp duran Ebu Jähile hem-de onuň nökerlerine düşdi. Ol şondan soň ýene-de bir bolmaz iş bolaýmasyn diýen manyda Resul Allanyň edil gapdalyndan ýöräp başlady. – Eziz Resul Alla! – diýip, henizem ýüregi ýerine gelmedik, häli: «Muhammet pygambere hiç zat bolmawersin!» diýip, gorkmakdan ýaňa ýüzi ak tam bolan Ebu Bekir gyryljak sesini howsala bilen çaýkap aýtdy. Ol: «Mundan gün bolmaz» diýmek isledi. Emma başga sözi diline aldy: – Ýasribiň halkynyň, ähli halaýygynyň gözi ýoldamyşyn. Olardan ýene-de gaty köp adam Sizi alyp gitmäge gelipdir. Indi, näme diýseňiz, biz siziň bilendiris. Mekgeli musulmanlaryň, ählisi Siziň bilen gidermen bolup, şaýlaryny tutup otyr. Omar hem Resul Alla bilen egin-be-egin ýöräp gelşine, öz howsalasyny daşyna çykardy, – Resul Alla, ýaňky gören hikmetimiz ýagşylygyň alamaty däl. Ebu Jähiliň ýaranlary ýene-de ot açyp, başlaryndan gum sowrup başladylar. – Näme etmeli? – diýip, olaryň dagyň bölegi ýaly bolup duran merdana başlaryna garady. – Munça adam bolup, Mekgeden çykyp gitsek, il-gün näme diýer? Ata-babalaryň mazary ýatan ýerleri, mukaddes Käbäni taşlap gitsek, musulmanlaryň, abraýyna şek ýetmezmi? Hiç kimden ses çykmady. Resul Allanyň diýýän sözlerinde hiç bir galp, ýalan zat ýokdy. – Gitjek diýýän adamlara-da «howlukmaň» diýiň. Her kim sabyr etsin. Başga ölçeg ýokdur. Muhammet pygamberiň özem, birden Mekgäni taşlap gitse, gynanjakdy. Ýöne, ol hiç kime aýtmasa-da, gidilse-de, wagtlaýyn gidilýändigini duýýardy. – Bolmasa, kuraýyşlar bilen ýene bir sapar geňeş etsek, nähili bolar? – diýip, Ebu Bekir başga bir teklibi orta atdy. Onuň bu teklibi Resul Alla ýarady. – Geňeşiň erbedi bolmaz. Gahar, nebis, tekepbirlik şeýtanyň pişesidir. Biz mal, pul, mülk üçin gymyldamyzok. Biz Alla-Tagalanyň buýrugyny berjaý edýäris. Ol mukadsdes Gurhanda:« Indi sen Kuran bilen wagyz et, eger wagyz peýda berse-de et, we peýda bermese-de et» diýendir. Şuny ähliňiz eşidiň. Şonuň üçin kuraýyşlardan hem, beýlekilerden hem ýüzümiziň utanjy ýokdur. Şol sebäplem, goý, biziň tarapymyzdan olara geňeşe barsynlar. Omar gyzmalygyny etjek boldy. – Wah, Resul Alla, olaryň muzdy gara gylyçdyr-la. Olarmy, Siziň, biziň gepimizi diňlejek. Olary etmelisi belli-le. Resul Alla başyny ýaýkady. – Alladan buýruk ýokdur. Şonuň üçin özüňizi juda sabyrly alyp baryň. Häzir olary öjükdirmäň. Olar hem erte musulman bolarlar, şonda bu günki eden erbet işleri üçin utanmaly bolmasynlar. Birek-biregi aýaň. Birek-biregiň mertebesini belent saklaň. – Resul Alla şol ýerden öýüne gelenden soň, has howsalaly gürrüň aýtdylar. _______________ 1 Gukgap – tagta böleginden ýasalan aýakgap. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |