09:13 Muhammet pygamber -45: romanyň dowamy | |
3. Dogrudyr, Ebu Jähil azgynlykda elbetde hetden aşýar. Gurhan. 96-njy süre. 6-njy aýat. Ebu Jähiliň adamlary Mekgäniň içinde pelesaň kakýardylar... Ebu Jähil öten agşam ýene-de kuraýyş ýaşulylaryny ýygna-dy. – Olar Ýasribe gitjekmişin diýen habar bar, adamlar. Eger olar Ýasribe göçüp gitse, dat biziň günümize. – Goý, güm bolup gitsinler. Şolary näçe görmesek, şonça gowy dälmi. – diýip, musulmanlardan ýaňa içi ot bilen ýalyn bolup duran Ebu Läheb aýtdy.– Gaýta, begenmeli ahyryn. Ebu Jähiliň çala gaçan çör ýaly bolup, oýnaklaýan gözleri indi hanasyndan çykaýjak boldy. Ol kiçijik kellesini awunyň üstüne towusjak ýylanyňky ýaly, elendirdi. – Eý, wa-aý, sizem-ä, aňyňyz nirede, aňyňyz. Olar Mekgede ýaşap ýörkäler, biz olaryň başyny galdyrdamyzokdyk. Olar heý, Mekgäni taşlap gidermi? Bararlar Ýasribe, men onsoň olaryň näme iş bitirjegini aýdaýyn. – Näme iş bitirsinler, olar? Ebu Jähil ot alana döndi. – Sen Şama şolaryň üstünden geçersiň, başga nireden geçjek, asmandan uçup geçmejegiň belli. Olar ýekeje kerweniňem aňry-bäri geçirmez, bu bir. Olar Ýasribiň ähli halkyny, töwerekdäki çarwalary aldaşdyryp, öz taraplaryna geçirerler. Dünýäni musulman tutar, bu ikimi? Olar Mekgesiz bolup bilmezler. Bizem, olar gitse, elimizi sowadyp, güzerana gümra bolarys. Olar gün-günden güýjär. Biz bolsa peseleris. Olar ýaraglanarlar, goşun toplarlar. Şeýdibem, bir gije çozup, seniň külüňi çykararlar. Ah, wah, ah, wah... Ol iki eli bilen başyny tutdy. – Olar ýaňy gögerende, köki bilen köwlemedik. Köki bilen... Ebu Lähebiň hem gözleri gyzaryp başlady. – Bah, inimi ýok etmelisi belli, olaryň içinden... – Bah, şol şeýtana sapak bereni öldireniň kesewisi gögerer. Adamlar birden gorsanyp başladylar. Ýaşulularyň biri söz aldy. – Sen, Ebu Jähil, indi niçeme ýyldyr, biziň başymyzy derde goýduň. Kim saňa şolaryň köküni köwleme diýdi. Aýt, şony ýok etmek üçin näçe mal, näçe harç, pul gerek? Sen tutuş Mekgäniň kethudasy. Sen tutuş kuraýyşyň serdary. Sen mal-mülküň, agyr baýlygyň eýesi. «Tüf» diýseň tüýküligiň ýere gaçyramyzok. Gelip-gelip, sen indi bize gep çagaladýaň. Biz senden soramaly welin, sen bizden geňeş soran bolýaň. – Hawa. – diýip, Ebu Läheb hem orta düşdi. – Diňe şony ýok etmeli. Näme serişde gerek bolsa, orta goýmaly. Hiç bir zadymyzy aýamaly däl. Şony bir ýok edip bilsek, ähli musulmanyň dargap, ýok bolup gider. Ebu Jähil ylalaşdy. – Şol jadygöýi ýok etmeli! – Ol sag eliniň başam barmagyny galdyrdy – Bu bir. Ikinjisi, gabat gelen musulmanyň öýüni otlamaly, penjiresini daşlamaly. Gerek bolsa, gaýgyrman öldürmeli. Şeýdibem, olaryň gözüni gorkuzmaly. – Wah, – diýip, ýaşulularyň biri başyny ýaýkady. – Olaryň gorkma kemi galan däldir. Ýöne olar berilýän doga güýçli. – Üçünjisi. – diýip, Ebu Jähil üçünji barmagyny galdyrdy. – Ýasribiň ýoluny petiklemeli. Bu anyk gürrüň oturanlara ýarady. – Onda şeýdeliň. – diýip, aksakallar hem ýerli-ýerden gygyrypdylar. Ebu Jähil oturanlary sesini basdy. – Gulak asyň, ertir on sany batyr, eli güýçli, garadan gaýtmaz adam Mekgä dargasyn. Olar şol jadygöýi nirede görse-de, gabat gelen ýerinde parçalamaly. Hununy özüm töleýän. Men şol bihaýany başy üçin ýüz düýäni orta goýýan. Onuň üstesine, kim öldürse, on düýäni baýrak berjek. Ýene-de elli sany nöker, diňe musulmanlaryň öýüni otlamaly. Olaryň başga zat bilen işi bolmasyn. Ýüz düýeli nöker bolsa, Ýasribiň ýoluna gözegçilik etmeli. Her iş etmeli welin şol ýalançyny Ýasribe goýbermeli däl. Bu gepi oturanlar hem makulladylar. – Ine, munuň bolýar! – diýip, Ebu Läheb minnetdarlyk bilen aýtdy. – Indi iş biter. Olar gijäniň bir wagtyna çenli kimiň tiresinden, kimiň urugyndan näçe adamy bu möhüm işe çekmelidigi barada maslahatlaşdylar. Soňra garadan gaýtmaz ýigitleriň onusyny , atma-at tutup Muhammet pygamberiň janyna kast etmegiň ugruna çykarmagy bellediler. – Erte agşam, meniň öýümde üýşeliň. Soňra şu ýerde näme etmelidigini ýagşy maslahatlaşarys. Hany, indem bir göreýin şol musulman betbagtlaryň düşmeli gününi... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |