09:14 Muhammet pygamber -46: romanyň dowamy | |
4. Ebu Jähil Muhammede bir Taňra namaz okamagy gadagan etdi we butlara bendeçilik etmegi emr etdi, ol edeni hakdyr, eger-de ol pygambere yza bermegini bes etmese, elbetde, biz onuň alyn saçyndan tutarys we jähenneme tarap çekeris. Gurhan. 96-njy süre. 15-nji aýat. Ebu Jähiliň gan guýma gözleri onuň öýüne ýygnanyşan adamlaryň gonjuna gor guýýardy. Ol misli, suwuň daşyna atylyp, janhowluna urunýan balyk ýaly, elden-aýakdan çykyp barýardy. Bu gün musulmanlaryň, garşysyna ugradylar bir ýüz altmyşa golaý adamyň ugran ugry gömük çykansoň, göwnünde beslän niýeti bolmansoň, ol gaharyna häzir näme edip, näme goýýandygyny bilmeýärdi. Onuň öldirmeli diýen adamy häzir hem diri gezip ýördi. Onuň otlanmaly diýen öýleri otlanmandy. Onuň goraglamaly diýen ýoly bilen adamlar Ýasribe bakan arkaýyn geçip durdular. – Näme hekaýat gopdy? Hany, aýdyň. Men size nöker beren bolsam, eliňize ýarag beren bolsam, hakyňyzy töleýän bolsam, başga näme gerek size. Käbede Resul Alla çenelen tygyň atylyp gidendigini ol görüpdi. – Hany, ol, beýleki dokuz kişi. Ol ähli gazabyny nökerbaşylaryň biriniň üstünden dökdi – jogap ber, ýal ýagysy. Hany, kelle, hany?! Nökerbaşy ýaýdanmaçlyk bilen sözledi. – Ertir, serdar, ertir. Bu gün ýer eledik, hiç ýerden tapmadyk. Ol edil, ýere giren ýaly. Ertir şonuň kellesi siziň aýagyňyzyň aşagyna taşlanar. Şu pursatda Ebu Jähiliň gapyguly tasanjyrap içeri girdi. – Hojam, sizi soraýarlar. – Kim ol, ýok diý. Gul egildi-de, sadyklyk görkezdi. Soň başyny galdyrman: – Ebu Bekir, Omar, Hamza pälwan... Ebu Jähil tisginip gitdi. Soň döwre gurap oturan kuraýyş ýaşulularyna garady. – Olara näme gerek? Näme diýmeli? Törde oturan Ebu Läheb ellerini talawlatdy. – Gelmesinler, gelmesinler, belanyň körügi şolardyr. Bar zady bulaşdyrar, olar. Ebu Jähil oňa diýýäňem diýmedi-de öz guluna: – Bar, çagyr. – diýdi. Ebu Bekir bilen Omar çakylyga-da garaşman içeri girdi. Dogrusy, içerde oturar ýaly ýerem ýokdy. – Essalamu aleýkum! – Ebu Bekir içerdäkilere salam berse-de, onuň salamyny alyp, oňa jogap beren hem bolmady. Adamlaryň ählisi boljak gürrüňiň soňuna garaşýan ýalydy. Ebu Bekir aýaguçda oturdy-da, birlaý töweregine göz aýlady. Soň Omara ýer görkezdi. – Hudaýa şükür – diýdi – Mazaly, ähliňiz şu ýerde ekeniňiz. Ebu Läheb oturyp bilmedi. – Şu ýerdediris, onsoňam, biz nirede bolsak hem ile zyýanlygymyz ýokdur. Biziň ata-babalarymyza dönüklik etjek aladamyz ýok. Biz başga nirede bolmalymyşyk. Ebu Bekir Ebu Jähiliň ýüzüne garady. – Biz siziň bilen bir maslahata geldik. – Ol nämäniň maslahaty? – Maslahat bolmaz. – Kowuň bulary. – Dönüklere ölüm bolsun. Kowuň dönükleri. Ebu Bekir olara aýdýarmysyňyz hem diýmedi. – Kuraýyşlar! – diýdi. – Bizi siziň ýanyňyza Muhammet pygamber uly hormat bilen iberdi. Ebu Läheb ýerinden turup, elini Ebu Bekire gazap bilen saglady. – Ol size haçandan bäri Muhammet pygamber bolup ýör. Ol däli-diwana ýalyla... Öz öýünde turýan gykylyk Ebu Jähile ýaramady. – Hany, oturyň! – diýip, däli öküzüňki ýaly gyp-gyzyl gözlerini içeri aýlady. – Diňläň! Içeri suw sepilen ýaly boldy. – Resul Alla aýtdy: «Biziň Allanyň ýoluna düşmekden başga bir aýbymyz ýokdur. Kim bize azar berse, olar şu dünýäde-de, o dünýäde-de Taňrynyň gazabyna duçar bolar. Şol musulmanlaryň özlerem ertir musulman bolar. Şonda şu günki eýlän gabahat işleri üçin utanmaly bolarlar» – diýdi. Ebu Jähil gazap bilen ýerinden turdy, – Bar maslahatyň şolmy? – Duruň! – Ebu Bekir goluny göterdi. – Kuraýyşlar, şeýtan alyna gitmäň. Eger bize azar bermäňizi goýmasaňyz, onda günä siziň boýnuňyzda galar. Bu sözler oturan adamlaryň bagryndan parran geçdi. Olar häzir gylyjyna, hanjaryna ýapyşjaga meňzediler. Emma olar Omaryň dag ýaly göwresine, elleri bilen baljygyndan tutup duran gylyjyna garap,«Aý, ýagyň Omar bolmasyn-la» diýip, demlerini alman oturdylar. Ebu Läheb agzyndan ot-ýalyn öwüsdirip gepledi. – Öläýseňem, her kimiň günäsine galsak hem biz musulman bolmarys. Baryň, şol dereksiz däli-diwana aýdyň, şonuň gana bulaşan kellesini aýagymyň aşagynda görýänçäm, bize köşeşme ýokdur. Ondan soň hem bir etjegim bardyr. Ebu Bekir ahmyr bilen başyny ýaýkady. – Alla size abraý bersin-dä. – Ol Ebu Jähiliň ýüzüne tamakinçilik bilen garady. – Indi siziň jogabyňyz şolmy? Ebu Jähil ähli ýigrenjini ýüzünde jemledi-de, ony dodaklarynyň arasyndan çogduryp goýberdi. – Jogabyňyzy ertir alarsyňyz. Onuň göz öňüne gana bulaşyp ýatan äpet kelle geldi. Ol şondan soň janyna aram gelen ýaly boldyda, ýylgyrdy. – Şol jogap siziň hem, biziň hem ýüregimize sowuk suw sepilen ýaly bolar. Ebu Bekir bularyň it ýylgyryşynyň astynda bir syrly manynyň bardygyny aňdy. Şondan soň onuň ýüregini agyr howsala gaplap aldy. Ol ýolda barýarkalar Omar bilen Hamza pälwana garady-da, içki howsalasyny daşyna çykardy. – Bularyň päli-niýeti düzüg däl. Ertir bir ýaman iş gaýyrmasalar ýagşydyr. Omar ýangynly gürledi. – Wah, olaryň şu günki gaýran işi kiçi-girim däl ahyryn. Şu günki işleri üçinem olary gylyçdan geçirseň-de, içiň sowajak däl. Arman, Resul Alla rugsat berenok-da. Olar Resul Allany gynandyrjak habar alyp barýardylar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |