09:15 Muhammet pygamber -47: romanyň dowamy | |
5. Ölüm (dowzah) saňa, eý Ebu Jähil, bes, saňa dertli azap laýykdyr. Gurhan. 75-nji süre. 34-nji aýat. Resul Alla metjitden öýüne gelende, oňa mähelledäki bir musulman bendäniň öýüni otlandyklaryny aýtdylar. – Dört-bäş sany ýaragly adam sizi sorap, iki sapar geldi. Päl-niýeti düzüw adama meňzänok olar. Resul Alla goňşularynyň halyndan habar alyp geldi. Soň jaýynyň kölege tarapyna geçdi-de, agyr oýa batdy. – Eý, Belent-Taňrym, bu ýüregi buz ýaly gara daşa dönen bendeleriň kalbyny nädip düzedip bolarka? Olary seniň, gazabyňdan dowzah odundan nädip dyndaryp bolarka?! Ol şol ýerde irkilenini duýman galdy. Ebu Jähiliň ony yzarlap ýören bir nökeri hem irkilip oturan Resul Allanyň üstünden geldi. Ol nöker bir salym oýlanyp durdy. Onuň göz öňüne Ebu Jähiliň gazaply keşbi geldi. Soňra bolsa özüniň ondan aljak ýüz sany düýesi, beýleki sylag-serpaýlary onuň ýadyna düşdi. Şondan soň hiç zady pikir etmän elindäki ýalaw ýaly ýiti gylyjyny iki eli bilen ýokary göterdi-de Resul Allanyň boýnuna çenledi. Emma gylyjyny aşak indermäge gaýraty çatmady. «Ýatan adama ýarag çenemäýin» diýip, bir salym saklandy. Soňra ol Resul Allany oýarmak isledi. – Muhammet! Muhammet! – diýip, üç sapar pygamberiň adyny tutdy. Resul Alla mähriban gözlerini açdy-da, depesinden gylyç bolup duran gazaply pyýadany gördi. Ýöne gozganmady. – Näme gerek? – Men seni öldürjek, başyňy aljak – diýip, eli gylyçly kişi aýtdy, Resul Alla ýylgyrdy. – Ol bolmaz! – Näme üçin? – Beýik-Taňrydan rugsadyň barmydyr? Meniň janymyň eýesi şoldur. – Ol eli gylyçly pyýadanyň gözlerine garady. Nöker az-kem gowşan gylyjyny dessine depesine galdyrdy. Birden hem ellerindäki gylyjynyň arka tarapyna zyňlyp gidenini duýman galdy. Eglip, gylyjyny almak isledi. Emma gollary ysmady. Ol erbet gorkdy-da, Resul Allanyň aýagyna ýykyldy. – Meniň günämi ötüň. Ötüň meniň günämi. – diýip bagyrdy. – Men musulman boljak. Lä-ilähä illallah, Muhammet Resul Allah!.. Muhammet pygamber Haka müň mertebe şükür eýläp, ýerinden turdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |