09:17 Muhammet pygamber -48: romanyň dowamy | |
6. Belki, kapyrlar seniň Mekgeden Medinä gitjek gijäň seni heläk etmäge (öldürmäge) mekirlik etmek isländirler. Gurhan. 52-nji süre. 42-nji aýat. Muhammet pygamberi ýene-de şol pikir öz gününe goýanokdy. «Eý, Allam, seniň bendeleriňi nädip dowzah belasyndan dyndaryp bolarka? Nädip olaryň köňlüni päkläp, kör gözüni, ker gulagyny açyp, musulmançylygyň aýdyň ýoluna düşürip bolarka? Sen maňa bu kyn işde güýç-kuwwat, hemaýat ber, eziz Taňrym!» Muhammet pygamberde adamlary ýeke-täk Taňrynyň din-şerigatynyň ýoluna salmagyň, şeýdibem olara musulmançylygyň päkize serpaýyny ýapmagyň çyn yhlasy indi oýanyp başlapdy. Resul Alla düşeginden galman namaz okaýardy gijesi-gündizi ýok, Alla-Tagaladan ynsanlara rehmet dileýärdi. Ebu Bekir geldi. Ol gepi uzaldyp oturmady. – Eziz Resul Alla! Indi Mekgede bize orun ýok. Bu kapyrlar Sizi ýok etmek üçin mal-baýlyklaryny orta goýupdyrlar. Olardan ýagşylykdan başga her zada garaşaýmalydyr Şonuň üçin gideliň. Ýasrib iliniň gözi siziň ýoluňyzdadyr – Ebu Bekir hamsykdy. – Haýp, mukaddes Käbe galjak-da!.. Kapyrlara gülki bolup gitmeli boljak-da!.. Resul Alla agyr oýlaryndan açyldy. – Eziz Alla-Tagalanyň hemaýaty bilen Ýasribe bakan ýola düşüň. Gam çekmäň! Alla-Tagala bizlikdir, enşalla, biz Käbesiz galmarys. Olar bu gün bizi gülüp ugratsalar, ertir aglap garşy alarlar... * * * Muhammet pygamber şeýle diýipdir: «Bu dünýäde mysapyr adam ýaly bolgun. Ýa-da geçip barýan ýolagçy hatarynda hereket etgin. Özüňi ölülerden hasap etgin. (Çünki, dünýä seniň asyl Watanyň däldir, asyl Watanyň Ahyrýetdir). Rowaýat: Jebraýyl perişde Resul Allanyň ýanyna geldi. Oňa Kuraýyşlaryň şu gije ony öldürmekçi bolýandygyny, şonuň üçin-de, agşam, ýatýan ýerini üýtgetmegini tabşyrdy. Resul Alla öz ýerinde Alyny ýatyrdy-da, özi başga ýere geçdi. Müşrükleriň iki ýüze golaýy gurat ýaraglanyp, Ebu Jähiliň , Ebu Lähebiň hem-de Umeýýe b.Halefiň ýolbaşçylygynda, daňa golaý Resul Allanyň öýüniň daşyny gabadylar. Muhammet pygamberiň mundan eýýäm habary bardy. Ýöne ol «Ýasin» süresiniň ilkinji sekiz aýatyny okady-da, Ebu Jähiliňsülsadynyň içinden arkaýyn geçip gitdi. Daň, atdy. Ebu Jähiliňnökerleri Resul Allanyň öýüne tarap ýöräp ugradylar. Şol wagt olary Resul Allanyň goňşusy gördi. Ol: – Bu ýerde näme işläp, müňedekleşip ýörsüňiz? – diýip, sorady. – Muhammede garaşýarys! – diýip, müşrükleriň biri aýtdy. – Muhammet siziň üstüňize bir gysym toprak seçip bir wagt geçip gitmedimi. Ynanmasaňyz, üstüňize serediň. Olaryň ýüzi-gözi, üst-başlary dogrudan hem tozandy. Ýöne, olar güpürdeşip içeri girdiler-de, üstüne ýaşyl, giň çäkmeni bürenip ýatanyny görüp, oňa topuldylar. Onuň Alydygyna göz ýetirenlerinden soňam, ählisi haýran galmakdan ýaňa, doňup galdylar. Birinji kitabyň soňy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |