10:39 Nasist milliarderler | |
NASIST MILLIARDERLER
Publisistika
Geçen hepde... Germaniýanyñ Içeri işler ministrliginiñ žurnalisy Ýurgen Elzesseriñ tussag astyna alnyp, onuñ gözegçilik edýän "Compact" žurnalynyñ çykmagyny gadagan eden günlerinde elimde bir kitap bardy... Baýlyk boýunça barlaglar geçiren gollandiýaly žurnalist Dewid de Jongyñ ýazan "Nasist milliarderleri. Germaniýanyñ iñ garañky dinastiýalarynyñ garañky taryhy" kitaby nasistleriñ goldawy bilen kiselerini galñadan senagatçylar baradady... Kimler ýokdy olaryñ arasynda: Içinde Žozef Gebbelsiñ öweý ogly-da bolan "BMW" kompaniýasyny esaslandyryjy Kwandt ýaly maşgalalar, "Allianz" ýaly kompaniýalar... ("Gizlenen elita" kitabymda Gitlere goldaw beren uly kompaniýalarynyñ sanawyny beripdim). Men hemişe aýdyp gelýärin, meniñ aladam könäni gorjamak däl: partiýa gurlanda jübüsinde ýeke teññe puly ýok Gitleriñ German Geringiñ üsti bilen baýlardan nädip pul toplap häkimiýet başyna gelendigini gyzykly maglumatlar bilen gürrüñ beripdim... Siz olaryñ özlerini başga hili görkezýändiklerine seretmäñem, ynanmañam! Ýewropa-amerikan kapitalynyñ nasistleri goldaýandygy ýaşyryn syr däl. Aýdyşym ýaly, geçmişe aslyşyp durjak däl, şu günüñ gürrüñini edeliñ: * * * 2019-njy ýylyñ 8-nji maýy. Gamburgda geçirilen sanly ulgamy ornaşdyrmagyñ meselelerine bagyşlanyp geçirilen konferensiýasynda çykyş eden Sosial-Demokratik partiýanyñ (SPD) çep ganatynyñ agzasy (özüniñ sosialistdigini aýdýan) Kewin Kýunert hususy eýeçilik düşünjesine analiz berdi, deñsizligi we deñ däl girdeji paýlanyşygyny ýazgardy. "BMW"-niñ mysalynda şeýle diýdi: "Kollektiwleşmegi-umumy eýeçiligi ýola goýmazdan kapitalizmiñ hötdesinden gelmek mümkin däl..." Bu sözlere berk jogap işewür gyz Werena Balzenden (1993-nji ýylda doglan) geldi: "Men kapitalist, mundanam diýseñ şat. Men has köp girdeji gazanmak, pul toplamak, ýahta dagy alyp, hasam gowy ýaşasym gelýär..." Konferensiýadaky bu ikitaraplaýyn çekişme Germaniýanyñ ünsüne düşdi! HDS-HSS (Hristian-demokratlar bileleşigi), FDP, AfD partiýalarynyñ wekilleri Kýuneriñ tesizlerini gazaply tankyt etdi. "Gaýyp bolan fantaziýanyñ samsyklaç retro dünýägaraýşy!" "Ýaşyllardan" we Kýuneriñ öz partiýasynyñ käbir gatlaklaryndanam negatiw seslenmeler berildi. SPD-niñ baş sekretary, partiýanyñ häzirki deñdeş başlygy Lars Klingbaýl Kýuneriñ aýdanlarynyñ "SPD-den gelen talap däldigini" aýtdy. Kýuner diñe SPD-niñ çep ganatyndan goldaw aldy. Gazaply tankytlaryñ pikir edip boljak zadyñam çäkleriniñ indi nähili daralandygyny görkezýändigini aýtdy... Munuñ bilenem gutarmady, turpuñ etlije ýeri torbada! Werena Balzen * * * "Bahlsen GmbH & Co." merkezi ştaby Germaniýanyñ Gannower şäherinde ýerleşen süýji-köke ýaly konditer pudagynda 1889-njy ýyldan bäri işläp gelýän nemes maşgala kompaniýasy. Ikinji jahan urşunda diñe Gitlere maliýe goldawyny bermek bilenem çäklenmediler. Polşa, Ukraina ýaly ýurtlardaky uruş konslagerlerinden getirilen 700-den gowrak aýaly işçi deregine işletdiler. Olaryñ häzirki baýlygynda depelerinde taýak oýnadylyp zor bilen işledilen şol zähmetkeş aýallaryñ uly paýy bar... Atasy we kakasynyñ dogany Gitleriñ partiýasyna agza bolan Werena Balzeniñ dik ýokardan garaýan gopbamsy çykyşy SPD-niñ özündenem Kewin Kýunere gelen nägilelikler ýaly nägilelik bildiren bolmady! Diñe birküç sany çepçi neşir Balzeniñ geçmişini ýatlatdy... Kýunere uludan hüjüm eden partiýa Hristian-demokratlar bileleşigi (HDB) boldy. Munda geñ galar ýaly zat ýokdy: Werena hanymyñ kakasy Werner M.Balzen tanymal syýasatçydy we HDB-niñ ykdysadyýet boýunça geñeşiniñ başlygydy! (HDB-niñ maliýe hemaýatkärleriniñ arasynda Kwandt ýaly maşgalalaryñ hem bardygyny aýtmak isleýärin). Içiñiz ýansyn diýen ýaly, Werena Balzen şol eden çykyşynyñ yzysüre kompaniýanyñ adminsyrasiýasynyñ başlyklygyna bellendi. Germaniýada häzir gigant kompaniýalaryñ garañky taryhlary ýatdan çykarylypdyr. Nyşanada "ultrasagçy" diýilýän nasionalist žurnalistler, neşir organlary bar. SPD-li ministriñ buýrugy bilen "ultrasagçy" diýip, NATO-dyr "Gladio" toparlanmasyna garşy göreşen žurnalist Ýurgen Elzesseriñ tussag edilmegine, "Compact" žurnalynyñ ýapylmagyna geñ galmazlyk mümkin däl... SPD-niñ tarapy belli: ol global kapitalyñ oýnawajyna öwrülen sagçy topar. Çepçi žurnalistlere "ultrasagçy" ýarlygyny urup, hakykaty gömýändiris öýdýärler... Dünýädäki bu täze lagerleşmelere türk çepçilerinde doly düşünýän bir barmyka beri? Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 25.07.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |