00:18 Nazar Baga: Azatlyk göreşi | |
• Azatlyk göreşi
Aýdym-saz sungaty
Taryhyň çarhy dyngysyz aýlanyp durdy. Şol döwürlerde Horezmiň merkezi Hywady. Hywa hanlygy özüne şol wagtlarda tabyn bolan ýerlerde: kazy, reýis, möhürdar, kethuda, Aksakgal, gala häkimleri; ýüz başy; on begi ýaly il arasynda emeldar dikmeleri döredipdi. Şol dikmeleriň üsti bilen Hywanyň buýrugy ile ýaýraýardy. Soňra Hywa hany Seýit Isfendiýar bahadur ýok edilensoň kem-kemden buýrugyň ygtyýary Hywa galasyndan Bedirkent galasyna geçdi. Indiki buýruklar ilki gala hekim, kazy reýis, möhürdarlara gowuşardy. Indi buýruk Jüneýit hanyň dilinden çykýardy. Şol buýruklar hem gürrüňsiz ýerine ýetirilýärdi. Indi ezilen halka kömek hossar gerekdi. Ol kömege-de halkyň islegi boýunça bolşewikler geldiler. Horlanan halka hossar çykdylar. Jüneýit han bolsa bu adalatly güýiň garşysyna söweşe girdi. Näçe urunsa-da bu güýçlerden ýagny bolşewiklerden ejiz geldi. Bolşewikleriň hem ýerli halkyň güýji Jüneýit hany hinine bakdyryp kemsiz uwlatdy. Netijede dogduk mekanyny terk edip gitmeli boldy. Sebäbi onuň özünden tä oba hanlaryna çenli bigünä bukalaryň sansyz dökülen ganynyň garşysyna çykdy. Indi han bilen gidibilse eli altyn halka ýetjeklerde bardy. Edil boýnuna tanap düşeklerde bardy. Hyzmata golaý adamlar olara köp gerekdi. Olaryň nämelere geregini aýtsaň sanardan kändi. Gysgasy bütin durmuşda derkardy. Indi bütin halk tolgunýar. Sebäbi olar entek kime ynanjaklaryny bilenokdylar. Hanyň aýlyganç sütemi, hanyň ähli durky halkyň aňyna siňendi. Şonuň üçin islese-islemese-de gidäýse gowy ýaly görünýärdi. Başgalar üçin han barsagelmeze gitsin. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |