11:06 Nazar Baga: Bagşynyñ hilesi | |
• Bagşynyň hilesi
Aýdym-saz sungaty
Öňkülerini aýtmanymyza-da soň külli Horezmiň ygtyýary Jüneýit hanyň eline geçeňkirläp başlapdy. Özünden tä oba hanlaryna çenli ilaty kemsiz ezdiler. Soňabakan gan dökdürdiler. Haçanda Jüneýit han ýurtdan çykyp gidýänçä eden-etdiliginiň döken ganynyň hetdi-bar hasaby ýokdy. Iň soňunda ýüzügara ilaty parçalap gitdi. «Nähak gan ýerde ýatmaz» ahyrynda taýagyň beýleki ujy özlerine degdi. Birentegi baky barsagelmeze gitdi, beýlekileri bolsa ýurtdan çykyp gitmeli boldular. Entek olaryň ýurtdaky dikmeleri damary çüýräp agaja dönüpdiler. Jüneýit han gaçyp barýarka ýüzugra Nazar bagany hem alyp gitmegi ýüregine düwýär we iki sany atlysyny ýanyna çagyryp: Siz ikiňiz Gubadaga gitmeli Nazar baga diýen bagşyny getirmeli diýip buýruk berdi. Bu atlylar ýolda bir ýatyp Nazar baganyňka bardylar. Nazar bularyň atyny tutup içerik saldy. Çaý-suw berdi we olaryň maksatnamalaryna ýetik boldy. Soňra köp pikirlendi. Nätmeli? Pikirlenmezçe-de däldi. Sebäbi han bagşyny hem özi bilen äkitmekçi eken. Bagşy pikirini jemläp: «Emma jaý ýerinde ýalan ýagşydyra» urdy. Bagşy ýaňky atlylara: Han agaňyz bilen gidenimiz gowy. Ýöne meniň aýalymyň üç günden bäri çagasy bolup bilmän otyr diýip ýalan sözledi. Onsoň hem meni Daşhowuza çagyrdylar. Ýaňy öňünden geçen jaýyňyzda Daşhowuzdan gelen bolşewikler bardy olar dikmeleri iş tabşyrmaga gelipdirler. Ýaňky atlylar Daşhowuz bilen Bolşewigiň adyny eşidensoň ýumlygyberdiler. Şeýdibem Nazar baga güni üçin hile agtardy. Birhowa hanyň atlylaryny ugradyp özi galdy. Soňuny bagtyndan görer-dä. Jüneýdiň atlylary Gubadaglyk beýleki işlerini hem gutaryp hanyň huzuryna bardylar. Han hany getiren bagşyňyz diýdi. Olar hem Nazar bagany bitireni bar ýaly ýamanladylar. Han otly köýnek geýdi. Men ol gara ýüze görkezerin diýip otly köýnek geýdi. Nazar baga bir bada Jüneýdiň buýrugyndan dynsa-da sandygyna howp düşüp ugrady. Hanyň obada galan dikmeleri baga üçin howpludy. Sebäbi olar Nazaryň neberesinden gurt ýasaýmagy mümkin ýalydy. Indi nazar näme etmeli? Nazar ýanynda ýaragly adam saklamasa alajy ýokdy. Şonuň üçin bolşewiklerden Aman ýegenini ýanyna alyp ýördi. Bagşa hiç çykalga ýokdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |