11:37 Nazar Baga: Han çagyrylan toý | |
• Han çagyrylan toý
Aýdym-saz sungaty
Gubadagly Garagoja tiresinden Nury Çeýrek lakamly gurgun adam bardy. Bu adam üç kel diýen ýerde oturan döwründe bir uly toý berdi. Bu toýuň geňeşinde iliň kazy-kelan möhürdar, kethuda emeldar dikmeleri-de çagyryldy. Şonda toýuň haçan boljagy bagşysynyň kimligi maslahatlaşyldy. Iki gün at çapany bardy. Bagşysy Nazar baga. Ine şonda Juma işan bu toýa hanymyza-da aýdaýsak kem bolmaz diýip teklip girizdi. Ol wagtlarda hanyň ady agzalsa milt edip biljek barmy. Toýuň hemme işi bellenildi. Soň jar çekildi. Emeldarlar: Durdy kazy ähli Gubadag, Gara ýylgynyň kazy reýsi. Ata işan öküz tiräň dikmesi. Juma işan orsugçynyň dikmesi, Güýç gara çukanyň dikmesi. Esenmyrat myşşyk uşak tiräň dikmesi. Kömek ýüz başy çowduryň, igdiriň dikmesi. Her dikmäniň garamagynda maýda oba hanlary-da bardy. Bularyň hemmesiniň ur diýseň gözüni çykarjak ýalançy, ýalawaçlary-da bardy. Iliň gününe it uwlaýardy. Sebäbi baýlar beýleki iliň uýanlary-da ýokarky dikmeleriň tarapynda durýar. Ýokarda agzalýan Juma işanyň tutýan maksady şeýledi. Öz geljegine neplidi. Eger şol hanly gep bilen ile özüni Bedirkent galasy bilen gatnaşykly eken diýdirjekdi. Hut hanyň özi bilen dost eken diýdirjekdi. Diýeni bolup hana-da aýdyldy. Netije-de hany ele aljakdy. Şol maksada ýetäýse Durdy kaza dişi päkidi. Özi bilýärdi. Ertir toý diýilen güni kiçi günortana hanyň ogly Eşi eli, altmyş atla baş bolup toýa geldi. Ýöne başga ýere düşürdiler. Muny eşiden Nazar baga olar gelen bolsa Toýuňyzyň atçapanyny goýaýmasaňyz bolmaz diýdi. Juma işan o näme üçin diýdi. At çapsaňyz gan görersiňiz diýdi. Juma işan gygyrdy. Seniň agzyň ýaman ýerden açylypdyr diýdi. Nazar baga-howlukma ertir gan dökülende görersiňiz diýdi. Juma işan: sem bol! Sen gara güjük ýaly jöw-jöwleme gara ýüz diýip gygyryp gamçysyny çommaltdy. Bagşy: Jygaly begiň diýşi ýaly taýagyň iki ujy bardyr. Döwri ýetip wagty gelende size-de bir ujy deger diýende Juma işan otly köýnek geýip gyzyp başlady. Şol wagt Araz Mergen işan otur diýdi. Juma işan eteginden çekilen ýaly özüni ýere goýberdi. Soň Öwez çapyk bagşy dogry aýdýar. Ertir olar aýlawa at goşsa, daşdan gitdi, içden gitdi diýip okyna gynanyp ýerli-ýerden gylyjyna ýapyşsa ber habaryňy. Muňa hemmeler makul diýip seslendi. Soň onda näme etmeli diýen maslahaty orta atdylar. Nätmelisi olardan Nazar baga köp azarlary gördi. Ýagdaýy başyna düşen bilýär. Şonuň üçin olaram meseläni belkäm Nazar çözer diýdiler. Indi hemmäniň ünsi Nazar bagadady. Baga bagşy men diýsem toý toýdur. Toýa hanlar, şalar hem gedaýlar hem çagyrylýandyr. Şonuň ýaly hanyňkylar hem gelipdir, bolupdyr. Kimde-kim toý berse toýuň agramynyň bir tarapyny aga inisi göterýändir. Şoňa göräde Nurynyň aga-inisi Abdylla garagojany çagyryp getiriň derrew Abdyllany getirdiler. Munuň bilen Nazar bagşy hol bir çetde bir zady gepleşdiler. Soň Abdylla han atlylarynyň ýanyna bardy. Soň hanyň ogluna duýdyrdy. Güni üçin hanyň ogluna hany Eşijan atyňyzy bize sürüň diýdi. Hanyň atlylary Abdyllanyň yzyna düşüp öýüne bardylar. Abdylla myhmanlara atdan düşüberiň ine atyňyza ot-iým hol-hoda soýup iýmäge diýip janly görkezdi. Hemmesi tapylar ýöne bişirme ýagdaýy diýende Eşi Abdylla kaka bularyň hemişe kärleri şunuň ýalydyr diýdi. Atlylary gülüşdi. Soňra atlylaryň özleri bişirip iýdiler. Gije myhmanlaryň ýanyna Abdyllada bardy. Az salymdan toýuň eýesi Nuryda geldi. Hemmesi gürrüňleşip otyrdylar. Han atlylary: biz şu gün toý diýip düşünipdiris. Ertir bolsa hökman oba barmaly. Şoňa görä-de bagşy aýdaýsa. Biz hem bagşy kadasyny edäýsek kem bolmazdy diýdiler. Soň bagşa habar badyna häki ýokarda agzalan ýalawaçlaryň bir-iki sanysy bagşyny getirdiler. Bagşylaryň adaty toýlarda aýdym aýtmak bir aýmançanyň ortasynda ot ýakyp, Nazar bagany aýtdyrdylar. Nazar hemişeki äheňinde paýyrdyny berip otyr. Hanyňkylar toýuň düzgünini tutýarlarmy ýa aňyrdan tabşyryk şeýlemi berekella tüwelemäni ýetirip otyrlar. Hanyňkylar wagt bolanda bagşy kadasyny etdiler. Soň bagşyny myhman ýerine äkitdiler. Abdylla bilen Nury ikisi ýaňky ýerde enteklikçe galyp gürrüňleşdiler. Gürrüňe gyzygyşyp dünýäniň aňyrsy agzaldy. Ahyry syrygyp atly gürrüň gozgaldy. Ine şonda Nury Çeýrek şu obada biriniň atyny magtady. Han atlylary ony alarman boldy. Agyz suwardyp mesele çyna ýazdy. Han atlylary aty eýýam öz ýanyna geçirdim hasaplaýardylar. Soň Abdylla garagoja parasatly sözledi. Eşşijan at gerek bolsa özümizde bar alyberiň diýdi. Sebäbi bir satmajak bendäniň atyny siziň üstüňiz bilen satdyryp alsak bizi il näletlär. Hamala diýeli ertirki bir güni iller aýdar Nury çeýrek toýuna hany çagyrypdyr. Hanyň ogly Eşşi 60(altmyş) atly bolup gelipdirler. Olary hem Abdylla garagoja myhman alypdyr. Şonda goňşusynyň satmajak atyny kese zorluk edip han atlylaryna arzanjak alyp beripdir diýerler. Ine şol gürrüň ikimize-de gowy däl diýdi. Bu parasatly sözlere hanyňkylar ör-gökden geldiler. Abdylla kaka: kime at gerek bolsa biz sataly. Biz ony hakykatdanam satylýandyr öýdüpdik. Abdylla ýene-de: Size-de ýamanlyk däl-de gowulyk tabşyrylandyr ahyryn diýdi. Ýerli-ýerden howwa-da howwa boluşyberdiler. Myhmanlar dört öýe bölünişip düşüpdirler. Olar ertir turup çaý-nahardan soň rugsat alyp ýagdan gyl çeken ýaly gitdiler. Toý güni şeýle bir adam gelipdir, ýer gaýyşara gelýär. Wagt bolanda Nazar bagany orta geçirdiler. Bu toýda Juma işan görünmedi. Juma işany aty ýykyp aýagyny agyrdypdyr. Nazar baga ile göz görkezip başlady. Gowy aýtjagy bildirýärdi. Köp garaşdyrmady-da orta perdeden aşak inip başlady. Dikmelere degrip başlady. Bagşyň aýdany ýolawaçlarada ýokmady. Şolar bilmez ýurt gadyryny, Ýurtdan ýurda aşmagynça. Ýagşylaryň gadry bolmaz, Ýamanlara duşmagynça. – diýip özüniň hemişe aýdyp ýören namasy bilen ýokarky gatlagy jaýdar urdy. Magtymgulydan hem duzlama namalar tapyp bütin oturanlary haýran galdyrdy. Dessana çenli ýygyndy aýdymlary aýtdy. Dessan düzgün boýunça gije aýdylýar. Baga bagşy örän joşup aýtdy. Bu ýerde haýsy milleti isleseň bar. Towugyň däne çokuşy ýaly her milletiň aýdymyndan aýdyp ili gülüşdirip otyr. Eşidýän hoş sözüniň hasaby ýokdy. Bagşy barha joşýar. Paýyrdyny berip oturşyna bagşyda märekede gammar bolup, atçapanyň wagtyny duýmadylar. Eýýam wagt bolupdyr. Jarçy çasly sesi bilen gygyryp başlady. Adamlar gozganmady. Içdäki daşdaky atçapjaklar ýaňy ugrap başlady. Toý bolanda ýüwrük atlar, Durmaz ýolanar, ýollanar. Söweş güni goç ýigitler, Geýer şaýlanar, şaýlanar. – diýip gygyrdy welin ýygyn märeke yzyna dolanyp gaýdyberdi. Gara ýylgyn sarsdyryp hökümini ýöredip ýören Durdy kazydy. Şol geldi-de hany baga öçür owazyňy boldy diýdi. Adamlary aýdymyň bilen jadylamaňy bes et. Soň bagşy aýdymyny goýdy-da derini syldy. Mähelle ýer aýlanan ýaly bolup tolkuna meňzäp ugradylar. Wagty gelende atlar çapylyp başlady. Dürli ýerlerden gelen çapgy atlar örän köpdi. Şonuň üçin hanyň oglusyzam gamçylaşma, ýarag çeneşme az bolmady. Ine eger şonda han atlylary bar bolsa nädürli wakalaryň ýüze çykjagy belli däldi. Galmagal barha joşýardy. Ine şunda baganyň aýdýany dogry eken diýdiler. Eger bolan bolsa, näçe bendeler maslygynyň, näçeleri-de aglap durjak ekenler. Nazar baga tüýs Weli eken diýdiler. Bu turan gohlary goýdyrmak üçin bir haýuklara çenli at çapyşygy togtatdylar kimler ýarasyny daňyp kimler ganyny akdyryp ýene başlandy. Ertesi çaknyşyk ondan beter boldy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |