16:53 Nazar Baga: Han çaparynyñ aýylganç habary | |
• Han çaparynyň aýylganç habary
Aýdym-saz sungaty
Öň ýokarda aýdyşymyz ýaly Jüneýidiň dessi deň gelmäni gaçyp barýardy. Bolşewikler hem ony kowýardylar. Olara azyk, geýim, ýarag, atlaryna ot-iým diýen ýaly zatlar zerurlyk edýärdi. Şoňa görä-de kim diýeli, arabaly, atly her kim bir zatly giderdiler. Muňa hany kowgynçy diýilýärdi. Şol gidenleriň hersi han plan guýyga diýip hersi bir zat aýdyp gelerdiler. Ellidir, ýüzläp bolmasa-da entek sümsük ogry basmaçylar obalara ýeterlikdi. Olar ýol basmak, talamak, ogurlamak ýaly zatlardy. Olaryň düşünip başlanlary gelip ýaraglaryny tabşyrdylar. Obalarda bolşewikler tarapyndan «otrýad», «Samoohran» diýen ýaly zatlar düzülipdi. Olar ili goraýardylar. Indi obada asudalyk gün-günden güýçlenip barýardy. Indi bagada arkaýyndy. Dünýäniň durmuşy gowy tarapa özgerýärdi. Şeýle-de bolsa entek öňki kazy-kelan-emeldar dikmeler, baýdyr ruhanylar ýerindedi. Entek il olara uýýardy. Şoňa göräde wagtlaýynça şolaryň hökümi ýöreýärdi. Ýöne olar bolşewikleriň gözegçiliginde-di. Entek olaryň uly tamasy Jüneýitdedi. Jüneýit bolsa Garagumda medeni zonadan has aňyrda mesgen tutupdy. Gurruk guýa gaçyp, soň çykyp bilmän iki ýana urunýan aždarha meňzeýärdi. Gaharyny kimden çykarjagyny bilmeýärdi. Edil guduzlana meňzeýärdi. Adamlaryň birnäçesi yzyny küýseýärdiler. Sebäbi olaryň köpüsi zora düşüp gaýdypdy. Olar bir hile tapyp yzymyza gidip bolmazmyka diýen netijä geldiler. Gelip hana arz aýtdylar: Biziň bu ýerde ekýän, dikýänimiz ýok, şonuň üçin bala-çagamyzy eklemäge hiç hili mümkinçiligimiz ýok. Bu sözleri eşiden han guduz ýarana döndi. Jüneýit: – Bu ýerdäkiler ýeke sizmi diýip gyzyp başlady. Men näme size daýhançylyk edip bereýinmi? Han kaka ýer tapsak özümizem hekini çykaryp ekjek. Jüneýit han ýene gyzyp başlady. Başgalar nädip gün görýärler? Hanyň görkezýän adamlary ganhor galtamanlardy. Olar hana arka direýärdiler. Ötegçi kerweni idip, kişiniň sürüsini sürýänlerdi. Egerde eýeleri sähelçe gaýtargy beräýse janyny jähennem edýänlerdi. Şeýdibem kişi gany bilen garnyny gäberdip bala-çaga ekleýänlerdi. Jüneýit han bular barada köp oýlandy. Birdenem ýitigini tapana döndi. Hym… Bularyňky ýylgaý oňşuk hem däldir. Bular gitmek üçin hile gözleýändir. Hile sözüni agzady welin Nazar baga ýyldyrym çaltlygynda göz öňüne geldi. Derrewem Nazar bagany aldyrmagy ýüregine düwdi. Indi muňa goýbermäge bir oňaýlyrak adam tapmalydy. Birdenem hangojuk göz öňüne geldi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |