16:14 Nazar Baga: Wekiliň toýy | |
• Wekiliň toýy
Aýdym-saz sungaty
Entek Jüneýit hanyň Bedirkentde hökümi ýöräp duran wagtydy. Şol döwürde Wekil bir uly toý berdi. Toýuň geňeşinde jar çekildi. Jikge bagşy bilen Nazar baga ýaryşdyryljak. Baýragyna bir jüp öküz goýuljak. Şeýle şerti özi-de emaldar dikmäniň toýy diýseň hemme yňardy. Göýä ýere adam düşelen ýalydy. Bagşylaryň hersini aýry ýerde oturtdylar. Ikisi iki ýerden aýdyma başladylar. Ilki başdan hem Nazarda adam köp ýalydy. Ýary gije ýakynlady. Nazara öňden belet bar bolara çemeli. Bir ullakan çöregiň üstüni kebapdan dolduryp getirdiler. Bagşy kebapdan ýedi-sekiz dogramçany ýarty el ýaly çörek bilen derrew iýdide birki käse çaýy hem owurtlady. Soňra bil guşagyny sähel çekip aýdyma başlady, şeýle bir joşup ugrady. «Hüwjan», «Häzirbegjan», «Gerekdir», «Döwletýar gyrk» ýaly yňdaryma aýdymlardan aýdyp ugrady. Jikge bagşynyň adamlary ahyry azalyp, hemmesi gelip, Nazar baganyň töweregine egrildiler. Soň Jikge bagşynyň özi hem gyjakçysy bilen geldiler. Soňra gelibem berekella Nazarjan diýdi. Nazar bagşy halypa bagşyny meniň ýanyma geçiriň-de öňüne çaý goýuň. Nazaryň özi bolsa, öý ýere suw giden ýaly barha yňdarylyp joşup aýdyp otyr. Namazhonlar daň namazyny okap gelip ýene diňlediler. Bagşynyň berekellasyny ýetirdiler. Soň toý gutaransoň bagşyny myhman ýerine alyp bardylar. Nazar baganyň ýany bilen öz halypasy, Jikge bagşy, Öre şyh dagylary hem alyp bardylar. Hemmesi jem otyrdylar. Bir ýigit gapydan geldi-de salam berdi. Soňra bagşylar! Baýraga berlen öküzi getireýinmi? Nazar baga, getirmäň diýdi. Ýigit: Obaňa eltmelimi? diýdi. Nazar: gerek bolsa özüm sorap alaryn. Eýsem nädeli? Nazar: Men sizden öküz soradymmy? Soňra ýaňky ýigit öküziň puluny getirdi. Bagşy almady. Soň ol ýigit pully ýaglygy halypasynyň öňüne oklap gitdi. Olar gidensoň baga bagşy şeýle diýdi. Zady gerek däl. Sebäbi bulardan bir zat alsaň hökman siňek ýuwutdym hasap edäý. Soň bular seni baýnatmaýarlar. Pul bolsa halypa bagşyda müdimilik galdy. Bular öküzi galla satyp alan däldirler. Gamçy, ýarag ujundan düşen puldandyr diýdi. Moskwa, Petrburga bardym diýen Balkanlylar bar. Olaryň aýtmagyna görä bu dikmeler entek howlukmasyn bularyň hemmesi häli gapanda untyrar diýdi. Ýöne bende biçäre howlugaýýar-da diýdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |