08:23 Obadaş / hekaýa | |
OBADAŞ
Hekaýalar
Seredip otursak indi ondan bäri köp ýyl, gaty köp ýyl geçipdir. Mekdepde rus dilini okadyp giden mugallymlaryň sanam eslä ýetipdir. Olaryň hiç birem Ýewgeniýa Mihaýlowna ýaly oba bilen ysnyşyp bilmedi. Belki, şonuň üçinem adamlar olaryň adyny tiz ýatdan çykarandyr. Ženýa mugallyma hakda weli henizem gürrüň edip ýörler. Owadan ýazylan haty göräýseler häzirem, «edil Ženýa mugallymanyň haty ýaly» diýip öwýänler bar. Zaldan asylgy raspisaniýeni hemişe oňa ýazdyransoňlar, ol direktordanam owadan ýazýamyş diýerdik. Ol Moskwanyň eteginde bir ýerde okuwyny gutaryp, göni biziň obamyza işe gelipdir. Gelende ýaňy göze görnen maşgala ekeni. Ony öňi bilen kolhozyň başlygy Geldi aganyň ýanyna alyp barypdyrlar. Geldi aganyň rus dilini bilşi ýagdaýly bolanson, diňe ýeke sorag beripdir, onuň adyny sorapdyr. Sary saçyny ýeke örüp goýberen çepiksije gyz utanyp durşuna Ýewgeniýa Mihaýlowna diýip ulaldyp oturman, diňe Ženýa diýip jogap beripdir. Geldi aga: «Seniň-ä türkmençä meňzäp duran adyň bar ekeni, gyzym — diýipdir.— Meň-ä dil bilşimem gaty ýagdaýly, onsoň orusçalap ýörmän, saňa Jennet diýiberjek». Şundan soň adygyp gidiberdi. Onuň hakyky adynyň bardygyndan bihabar garrylaryň käbiri geň galyp: «A gyz, orusda-da Jennet atlysy boljak oguşýan» diýýärdi. Henizem ol hakda ýatlananda: «Orus dilini okadýan Jennet mugallyma» diýip söze başlaýardylar. Aýratynam, aýallar onuň ökdelik bilen tamdyra nan ýapyşyny taryp ederdi. Göräýmäge aýdylýan zatlaryň hemmesem golaýda bolup geçen ýaly, ýöne seredip otursaň ondan bäri köp ýyl, gaty köp ýyl geçipdir. Häzir ol elli ýaşa ser uran aýal bolmaly, belki, şol mahalky ýalpyldap duran sary saçlary agarandyr! Öten ýyl raýondan biri ony Orusetiň pylan şäherinde görenmiş, diýen gürrüň oba ýetdi. «Garrapdyr, saçy dagam duw-ak bolanmyş» diýdiler. Gözümiz bilen göräýmesek, ony beýle ýagdaýda göz öňüne getirjek gumanymyz ýok. Gaýta, oňa derek şagalaňly toýy ýatladyk. Ýatlamazça-da bolmady. Jaňlaryny jaňňyrdadyp giden ararabalaryň sany ýigrimi bäşe ýetdi. Atbaşçysam esli bardy. Takyk bilýän ýok weli, şolam otuza golaýlapdyr. At toýnagynyň gübürdisi bilen jaňlaryň sesi henizem köp adamyň gulagyndan gidenok. Atbaşçylaryň arasynda kolhozyň hasapçysy Jepbaram bardy. Garaýagyz, burunlak ýigitdi, özem iki garrynyň ýeke ogly bolmaly. Öýleri mekdebe golaý bolansoň, gaýra çetki klasyň penjiresinden olaryň eşek ýataklaryna çenli görner durardy. «Jepbar bir ýyllap Mary şäherinde okapdyr, onda-da gatnabam däl, ýatyp okapdyr. Hasap-hesip işine-de uçursyz ökdeläp gelipdir — diýip käbir adamlar mahabatlandyryp gürrüň ederdi. — Ýogsa Esen aga-da çota gezek gelende bela ýalydyr weli, şolam kä zady Jepbardan sorap bilýämýş». Şeýle gürrüňlerden soň Esen aga bir sebäp bilen aýryldygy, Jepbaryň buhgalter bolup galjagyna şübhe edýän ýokdy. Jepbar agzalanda, öňi bilen onuň gara ädikli keşbi göz öňümize gelýär. Çal matadan gursaklary jübüli köýnek geýerdi. Hemişe bili galyň kemer bilen mäkäm guşalgydyr. Her gün irden mekdebiň öňündäki takyr meýdançada okuwçylar nyzama duranlarynda, Jepbar gapdaldan geçip giderdi. Howlukman ýörärdi. Ýalpyldaýan ädiginiň jarkyldysyny höwes bilen diňlärdik. Meýdançanyň aňry çetindäki ýapdan ötüp gidende-de, ol ses eşidilip barýandyr. Ýöne Jepbar geçip barýarka, kemteresinden, ýüzüni galdyryp okuwçylara-da seretmezdi. Biz weli näçe diýseň serederdik. Kämahal maşk etdirýän mugallyma-da gulak asman serederdik, özümizem Jepbaryňky ýaly jarkly ädik geýmegi arzuw ederdik. Kämahal biziň ugrumyza mugallymlaram ol geçip gidýänçä seslerini çykarman serederdi. Olaryň arasynda Jennet mugallyma-da bardy. Mekdebiň gapdalyndaky eýwanly jaýda ýaşansoň, her gün nyzama gelerdi. Her günem Jepbary aşaklyk bilen synlap, utançly ýylgyrardy. Jepbaram utanýandyr, ýogsa, kämahal bir ýüzüni galdyryp serederdi ahyry. Şundan soň ol ertir ýoluny üýtgedip, mekdebiň daşy bilen aýlanyp gitse gerek diýerdik weli, ertesi ýene gysby guşanan kemerini çekişdirip, öýlerinden çykardy-da, göni bäri gaýdybererdi. Hezretguly neressäň toýunda Jepbar kolhozyň sakar atyny münüp atbaşçy gitdi. Egni gyrmyzdonly, bilinde-de kemere derek ýüpek guşak bardy, başy tahýalydy. Aýagynda şol jarkly ädigi. Üzeňňide onuň jarkyldaman durşuna haýran galdyk. Şol toýda gyzlar Jennet mugallyma ilkinji sapar türkmen egin-başyny geýdirdi. Şeýle bir saryýagyz owadan gyz boldy. Hemme kişiň gözi şondady. Gök keteniň üstünden gyrmyzdon çabyt geýipdir. Saçynam iki örüp goýberipdir weli, dyzyna ýetip dur. Gupbaly tahýanyň eteginden sallanyşyp duran kümüş şelpeler maňlaýa düşende hakyky bezege öwrüldi. Iňňän dury gök gözler gyzyl çoguň içinde hasam täsirli, mylaýym göründi. Ýylgyryşy dagam edil biziň uly gyzlarymyzyň ýylgyryşy ýaly, asyl ýöne ýüzünde gant eräp barýan ýalydy. Öz biçüwi bolmansoň başyndaky tahýa häli-şindi kellesinden agjak bolup durdy. Şonuň üçinem bir eli bilen gupbadan tutýardy. Şelpeli ýüzükler uzyn ak barmaklara aýratyn bir näziklik berýärdi. Atbaşçy gitjek ýigitler ondan gözüni aýyrmasalar nätjek! Şolaryň içinde diňe Jepbar dogry garap bilmän jylawyny çeýneýän sakar atyň üstünde gara dere batyp otyrdy. Ertesi mugallymamyz öňki eginbaşynda mekdebe geldi. Sary saçyny örüp depesine galdyrypdyr. Ýüzünde bezzat çagalary eýmendirýän hemişeki agraslygy bardy. Ýene nyzama duruldy, ýene-de Jepbar jarkly ädiginiň sesi bileň meýdançany dolduryp, ýüzüni galdyrman geçip gitdi. Ýene Jennet mugallyma oňa aşaklyk bilen garap, utançly ýylgyrdy. Bizem ýylgyryşdyk. Şojagaz pursatda biziň öňümizde duran mugallyma ýene düýnki toýdaky uly gyza öwrülipdi. Soňam uruş turdy. Biz şonda-da ir bilen nyzama durýardyk, ýöne biz näler küýsesegem indi Jepbar ädigini jarkyldadyp deňämizden geçmeýärdi. Mugallymamyzyň ýüzündäki utançly ýylgyrma-da ýat bolup gitdi. Jennet mugallyma uruş ýyllary türkmen dilini gowy öwrendi. Bir gezek arakesmä çykamyzda, biz ony Jepbarlaryn tamdyrynyň başynda gördük. Öňlük tutunyp tamdyra nan ýapýardy. Jepbaryň garry ejesi bolsa, oturan ýerinde ýazgyn hamyra haýallyk bilen dürtgüç urup nan ýasap berýärdi. Biz golaýjak baryp syn etdik. Hernä, gidiň diýen bolmady. Mugallyma repidäniň içine elini sokup, ony ýeňillik bilen galdyrdy. Beýlekn eli bilen bedreden hamyryň ýüzüne suw sepelemelidi. Munam ýatdan çykarmady, ýöne barmaklaryny gereginçe oýnadyp bilmänsoň, damjalar hamyryň hemme ýerine deň düşmedi öýüdýän, ýapmak üçin köp eglendi. Howruň zarbyna ýüzi dym-gyzyl öwüsdi, maňlaýyna inen keltejik saçlar bürüşdiler weli, göwnüme bolmasa, olaryň şatyrdysam gulagyma ilen ýaly bolaýdy. Uruş gutardy. Biz henizem ir bilen şol öňki meýdançada nyzama durýardyk. Mekdebe soňky gelenler bilmese-de, Jepbaryň gara ädiginiň jarkyldysy biziň ýadymyzdady. Ýene ýaz geldi. Biz iň gaýraky klasda okaýardyk. Şol gün biziň barymyz rus dilinden goşgy ýat tutup barmalydyk. Bary-ýogy sekiz setir goşgudy weli, şonam bir hepdeläp ertir okaryn, birigün okaryn bilen iň soňky güne goýdum. Iň soňky günem bahana tapyldy. Ejem gök eşegi mün-de günortana çenli daýyňlara baryp gel diýdi. Düýnki öldüren bag goýnumyzdan dadymlyk äkitmelidim. Ine bir çorbalyk etiň bahanasy bilen soňkuja günem geçdi. Jaň boldy. Klasda ýaýdanyp oturşyma gyssanjyma garrylara öýkünip yrym etdim. Eger şu gün üstümden düşülmese, Sähet işanyň ortanjy ogluna gaýdyp elimi batyrman diýip ant içdim, ýogsa, bir gün öň ýanyndan ol biziň towuk ketegimize sümülip, ýumurtga ogurlajak bolupdyr, hernä mahalynda ejem göräýen ekeni. Jaň kakylanyna esli mahal geçdi, mugallyma ýok. Işi çykyp gelmezligem ähtimal. Şu çyn bolaýsa, antymy yzyna almakçydym. Eger temmi bermesem, ol ertir ýene ogurlyga barar. Eglense-de ahyry geldi. Ýuwaş ýöräp ýerinde oturdy. Biz bilen salamlaşmagam unutdy, žurnalam okamady. Meniň ýaýdanyp oturanymy bilen ýaly, gös-göni ýüzüme garap adymy tutdy. Öňe çykdym. Ilki biraz säginip durdum. Sähel gyssaberilse, daýymlara gidenimi bahana etjekdim. Goşgyň adyny aýdyp ýene sägindim. Yzky partadan iri harplar bilen goşgy setiri ýazylan kagyz ýokary galdy. Itek-çomak zordan iki setirini okadym. Şol bada-da mugallymanyň maňa birjigem üns bermeýänini aňyp, azara galjagam bolmadym. Yzdakylara-da gerek däl diýip, elimi silkip goýberdim. Mugallyma ýerinden turup, penjiräniň öňüne bardy. Daşaryk seredip durşuna klasy ýatdan çykardy. Birden oturanlaryň arasynda hyşy-wyşy gürrüň başlandy. Olaryň alada bilen aýdýan sözleri meňem gulagyma degdi: — Mugallymamyz aglaýar... Men gyzygyp daşary seretdim. Meniň duran ýerimden ähli zat — Jepbarlaryň eşek ýatagyna çenli görünýärdi. Seredip penjirä golaý baranymy özümem bilmändirin. Jepbarlaryň gapysyna aýal-erkek bir topar adam üýşüpdir. Entegem aňyrky öýlerden çykyşyp gelýänler bardy. Olar ýüzüni aşak salyp howlukman ýöreýärdi. Eýýäm gara öý bilen kiçijik kerpiç tamyň aralygyna ýazylan keçä geçip, bäş-alty sany seleň telpekli adam sarsman dyzlarynyň üstünde otyrdy. Aýallar bürenjeklerini çümre bürenip, ugrybir gara öe girýärdi. Bize hiç hili ses eşidilmedi. Ýüzüni görmeseň, mugallymamyz ol adamlaryň dymmagy şertleşen ýaly sarsman oturyşlaryny geň görýändir diýäýmelidi, ýöne onuň dury gözlerinden dökülýän ýaş, biziň barymyza düşnüklidi. Klasyň ähli okuwçylary üç penjiräniň öňüne ýygnanyp, daşary seredýärdi. Mugallyma ahyry klasa tarap öwrüldi. Boş partalary görüp, hiç zat diýmedi. Diňe maňa: — Aýdyp bolduňmy? —diýdi. — Ýok — diýdim. — Geç, otur. Ol maňa baha goýman žurnaly ýapdy. Her kim ýerli-ýerine geçdi. Klasda agyr ümsümlik başlandy. Iň bimaza hasap edilýän dişi gädik Amana çenli gözüni gyrpyldadyp mugallyma seretdigiçe çagalykdan saýlanyp barýan ýaly göründi. Biz ýene meýdança çykdyk, ýöne hiç kimiň şowhun turzup iki ýana ylgasy gelmedi. Uly garažyň aşagynda duranlaryň gürrüňi Jepbar hakda boldy. Öňi bilen onuň jarkly gara ädigini, her gün irden deňämizden geçip gidişini ýatladyk. Ony görmedikler bolsa boýunlaryny süýndürişip, biziň gürrüňimizi diňleýärdi. Näçe diňleselerem, bizçe göz öňüne getirip bilmezler. Biziň weli ählije zat gözümiziň öňünde dur. Her gün irden nyzama durardyk, Jepbar gara ädigini jarkyldadyp geçip giderdi. Mugallymamyz bolsa ony synlap, utançly ýylgyrardy. Şondan soň geçen bolsa bir aý geçendir, mugallymamyz obadan gitdi, gaýdyp gelmedi. Onuň türkmen eginbaşynda aldyran suratyny bir gezek frontda duşanlarynda Jepbar Sylap ýegene görkezipdir diýip obada henizem gürrüň edýärler. Bir göräýmäge bu zatlar ýap-ýaňy bolup geçen ýaly, ýöne ondan bäri köp ýyl, gaty köp ýyl geçipdir... 1970 ý. | |
|
√ Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024 |
√ Aýňalan adam / hekaýa - 28.08.2024 |
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Gün dogup barýarka / hekaýa - 16.12.2024 |
√ Mint / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Gumly gelin / hekaýa - 08.12.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 3 | |||
| |||